Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komiteti
Balkanabat şäheriniň 88, 89, 94, 97, 99, 102, 102a, 103, 103a, 104, 105, 106, 106a, 107, 108, 109, 110, 111, 112, 113, 113a, 114, 115, 117, 118, 119, 120, 121, 122, 123, 124, 125, 125a, 126, 127, 128, 129, 130, 131, 132, 133, 133a, 136, 136a, 137, 138, 139, 140, 141, 141a, 143, 144, 145, 146, 148, 149, 150, 151, 154, 155, 156, 157, 158, 159, 160, 161, 168, 184, 185, 189, 190, 191, 192, 204, 205, 205a, 205b, 206, 206a, 207, 224-nji ýaşaýyş toplumlaryny we Gurluşykçylar, Mollanepes, Mätäji, Balkan, Ärsarybaba, Kemine, Gubkin köçelerindäki, Garaşsyzlyk şaýolundaky, Baleýşem demir ýol bekedindäki ähli ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alýar.
Meňli Abalakowna Diwanowa 1984-nji ýylyň 6-njy iýulynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1991 — 2000-nji ýyllarda Balkanabat şäherindäki Rejep Toýjanow adyndaky 16-njy orta mekdepde okady.
2002 — 2004-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň kätibi wezipesinde işledi.
2004 — 2009-njy ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony hukuk öwreniş hünäri boýunça tamamlady.
2009-2010-njy ýyllarda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň prokurorynyň kömekçisi wezipesinde tälim alyjy, prokuroryň kömekçisi wezipelerinde işledi.
2010-2011-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň prokuraturasynyň kazyýetiň kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik bölüminiň raýat işleri boýunça kazyýetiň kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik bölümçesiniň uly prokurory, 2011-2012-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň prokurorynyň işgärler boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2012-2013-nji ýyllarda Balkan welaýat prokuraturasynyň umumy bölüminiň arza-şikaýatlara garamak we raýatlary kabul etmek boýunça uly prokurory wezipelerinde işledi.
2013-2014-nji ýyllarda Balkanabat şäheriniň prokurorynyň kömekçisi, 2014 — 2018-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň prokuraturasynyň guramaçylyk işi, ýerine ýetirilişe gözegçilik we hasaplaýyş (seljeriş) bölüminiň prokurorynyň uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, bölümiň başlygy wezipelerinde işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VI, VII çagyrylyşynyň deputaty.
2018-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işleýär.
Maşgalaly.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.