Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komiteti
Türkmenbaşy şäheriniň merkezi ýaşaýyş toplumlaryny öz içine alýar.
Eziz Nyýazgurbanowiç Matdyýew 1993-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Esenguly şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
2000 — 2010-njy ýyllarda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 6-njy orta mekdepde okady.
2010-2011-nji ýyllarda «Türkmenbaşy» myhmanhanasynyň azyk we içgiler bölüminde işledi.
2011 — 2013-nji ýyllarda «Kerwen» sagaldyş merkeziniň myhmanlary kabul ediş bölüminiň administratory wezipesinde işledi.
2013 — 2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda okap, ony inžener-gämi sürüji hünäri boýunça tamamlady.
2018-2019-njy ýyllarda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Ätiýaçlykdaky ekipaž agzalary toparynyň kapitanynyň 2-nji kömekçisi wezipesinde işledi.
2019-2020-nji ýyllarda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň «Rowaç» ýokary tizlikli ýolagçy gatnadýan gämisiniň matrosy, soňra şol jemgyýetiň Ýahtalara hyzmat ediş bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji wezipelerinde işledi.
2020-2021-nji ýyllarda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Deňizde ýüzüşiň howpsuzlygy bölüminiň wagtlaýyn halypa kapitany, soňra halypa kapitany wezipesinde işledi.
2021-2023-nji ýyllarda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Tehniki bölüminiň baş hünärmeni, başlygy wezipesinde işledi.
2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri «Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Gämi gurluşyk we abatlaýyş toplumynyň başlygy wezipesinde işleýär.
2022-2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwynyň diňleýjisi.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.