Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komiteti
Balkanabat şäheriniň Oglanly şäherçesini, 5-6-njy kiçi etrapçalaryny, 199, 200, 201, 208, 209, 210, 211, 212, 213, 213a, 214, 225, 232, 233-nji ýaşaýyş toplumlaryny, Arlan ýaşaýyş jaý toplumyny, degişli harby bölümleri öz içine alýar.
Guwanç Amanmämmedowiç Çendirow 1988-nji ýylyň 12-nji awgustynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň Gyzylarbat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1995 — 2002-nji ýyllarda Gyzylarbat etrabyndaky 4-nji orta mekdepde, 2002 — 2004-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebinde okady.
2008 — 2014-nji ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň Raýat awiasiýasy döwlet uniwersitetinde okap, ony ulagda daşamalary guramak we dolandyrmak hünäri boýunça tamamlady.
2017 — 2019-njy ýyllarda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Marketing bölüminiň baş hünärmeni bolup işledi.
2019-njy ýylyň iýun — sentýabr aýlarynda portuň Marketing bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, başlygy wezipelerinde işledi.
2019-njy ýylyň sentýabr aýyndan bäri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.