Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komiteti
Balkanabat şäheriniň 6, 13, 14-nji kiçi etrapçalaryny, Jebel şäherçesini, Mollagara şypahanasyna degişli ähli ýaşaýyş jaýlaryny, Karýer, Saganly-1, Saganly-2, Nebitçi ýaşaýyş jaý toplumlaryny, 162, 193, 197-nji ýaşaýyş toplumlaryny, Hazar şäherçesiniň Garagöl obasyny, Gök-Baýyr ýaşaýyş jaý toplumyny hem-de Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesiniň we Akguýy geňeşliginiň Akguýy, Ybyk, Irikli obalarynyň çäklerini öz içine alýar.
Ýazpolat Nurpolatdowiç Keriýew 1986-njy ýylyň 24-nji martynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1994 — 2002-nji ýyllarda Balkanabat şäherindäki 9-njy orta mekdepde okady.
2002-2003-nji ýyllarda Balkanabat şäherindäki «Abat» hususy kärhanasynda ussanyň kömekçisi, 2003-2004-nji ýyllarda Balkan welaýat narkologiýa hassahanasynda ammarçy we elektromontýor bolup işledi.
2004 — 2009-njy ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony biolog, biologiýa mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
2009-2010-njy ýyllarda harby gullukda boldy.
2010 — 2012-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 1-nji orta mekdepde biologiýa mugallymy bolup işledi.
2012-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary bolup işledi.
2012 — 2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy wezipesinde işledi.
2019 — 2022-nji ýyllarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi.
2022-nji ýylyň sentýabr aýyndan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VI, VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
2016-njy ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.