Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komiteti
Akdepe etrabynyň Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky şäherçesiniň, Agöýli, Pagtaçylyk geňeşlikleriniň, Altyn toprak geňeşliginiň Dörmen obasynyň, Sazanda, Täze zaman geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Aýnabat Gaýypowna Toýlyýewa 1971-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täzeýol geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1978 — 1988-nji ýyllarda Köneürgenç etrabyndaky 38-nji orta mekdepde okady.
1988-nji ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna okuwa girdi we şol ýerden Ukraina döwletiniň Çerkassy şäherindäki mugallymçylyk institutyna okuwa iberildi hem-de ony 1993-nji ýylda milli mekdeplerde rus dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
1993 — 1998-nji ýyllar aralygynda Köneürgenç etrabyndaky 38-nji orta mekdepde rus dili we edebiýaty mugallymy bolup işledi.
1998 — 2001-nji ýyllar aralygynda Köneürgenç etrabyndaky 38-nji orta mekdepde pedagog-psiholog bolup işledi.
2001-nji ýyldan häzirki wagta çenli Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň müdiri bolup işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, bir çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.