Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komiteti
Köneürgenç etrabynyň Bereket şäherçesiniň, Akderýa, Pagtaçy, Ezberköl, Täzegüýç, Täzeýol, Hakykat geňeşlikleriniň hem-de Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Nazly Gylyjow adyndaky, Görelde geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Jumamyrat Paltabaýewiç Şäherow 1975-nji ýylyň 9-njy maýynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Akderýa geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1983 — 1991-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 64-nji orta mekdepde we 1991 — 1993-nji ýyllarda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 92-nji orta mekdepde okady.
1994 — 1998-nji ýyllarda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okap, ony başlangyç bilimiň pedagogikasy we metodikasy mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
1998 — 2008-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 87-nji orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup işledi.
2008 — 2012-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabyndaky 5-nji orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup işledi.
2012 — 2014-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 64-nji orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup işledi.
2014-nji ýyldan bäri Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap bilim bölüminiň hünärmen-okuw düzgünleri, terbiýeçilik işi we mekdebe çenli terbiýe boýunça usulyýetçisi wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, dört çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.