Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komiteti
Köneürgenç etrabynyň Köneürgenç şäheriniň we Akgala geňeşliginiň çäklerini öz içine alýar.
Baýmyrat Atanaýewiç Babaýew 1963-nji ýylyň 28-nji awgustynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda doguldy. Milleti türkmen.
1970 — 1980-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky 24-nji orta mekdepde okady.
1980 — 1985-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony filolog, türkmen dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
1985-1986-njy ýyllarda Köneürgenç etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işledi.
1986 — 1990-njy ýyllarda komsomolyň Köneürgenç etrap komitetiniň instruktory, bölüm müdiriniň orunbasary, bölüm müdiri wezipelerinde işledi. 1990-1991-nji ýyllarda Köneürgenç etrap ýerine ýetiriji komitetiniň umumy bölüminiň müdiri, 1991 — 1995-nji ýyllar aralygynda Köneürgenç etrap bilim bölüminiň müdiriniň orunbasary bolup işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň I, II, III, IV, V, VI, VII çagyrylyşlarynyň deputaty.
1995 — 2007-nji ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim we medeniýet baradaky komitetiniň agzasy bolup işledi. 2007 — 2009-njy ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim we medeniýet baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işledi. 2009 — 2014-nji ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim we medeniýet baradaky komitetiniň agzasy bolup işledi. 2014-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy bolup işleýär.
1996-njy ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2001-nji ýylda «Gaýrat» medaly, 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2014-nji ýylda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly, 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Türkmenistanyň ussat mugallymy» nyşany bilen, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglanyldy. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
Maşgalaly, dört çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.