Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ykdysady meseleler baradaky komiteti
Ruhubelent etrabynyň Ruhubelent şäherçesiniň, Aşyk Aýdyň, Diýarbekir, Ruhnama, Tünüderýa, Şagadam, Zähmet, Ýomut Durdyýew adyndaky, Geňeş, Şabende adyndaky geňeşlikleriniň hem-de Akdepe etrabynyň Altyn toprak geňeşliginiň Göwender, Keneges, Agar, Garaşsyzlyk obalarynyň we Sapyş Çerkezow adyndaky, Üçkepderi geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Rasul Kamilowiç Sadullaýew 1981-nji ýylyň 31-nji awgustynda Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky şäherçesinde doguldy. Milleti özbek.
1988 — 1998-nji ýyllarda Şabat etrabyndaky 58-nji orta mekdepde okady.
1998 — 2002-nji ýyllarda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda okap, ony ykdysatçy hünäri boýunça tamamlady.
2002 — 2005-nji ýyllarda Daşoguz welaýaty boýunça döwlet salgyt gullugynyň ýuridiki taraplary barlag bölüminiň I derejeli hünärmeni, döwlet salgyt inspektory wezipelerinde işledi.
2005 — 2010-njy ýyllarda Daşoguz welaýaty boýunça döwlet salgyt gullugynyň salgyt gulluklarynyň işine gözegçilik etmek bölüminiň döwlet salgyt inspektory, uly döwlet salgyt inspektory wezipelerinde işledi.
2010 — 2013-nji ýyllarda Daşoguz welaýaty boýunça döwlet salgyt gullugynyň içerki gözegçiligi we salgyt monitoringi bölüminiň uly döwlet salgyt inspektory wezipesinde işledi.
2013 — 2017-nji ýyllarda Daşoguz welaýaty boýunça döwlet salgyt gullugynyň içerki gözegçilik bölüminiň uly döwlet salgyt inspektory wezipesinde işledi.
2017-2025-nji ýyllarda Daşoguz welaýat salgyt bölüminiň içerki gözegçiligi bölümçesiniň uly salgyt inspektory, baş salgyt inspektory bolup işledi.
2025-nji ýylyň mart aýyndan bäri Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VI, VII çagyrylyşynyň deputaty. Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, bäş çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.