Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komiteti
Saýat etrabynyň Saýat şäheriniň, Suwçyoba şäherçesiniň, Mülk, Täzelikçi Çowdur, Çekiç, Topurkak geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Çemen Jumamyrat gyzy Akyýewa 1992-nji ýylyň 23-nji martynda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Garabekewül şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1999 — 2009-njy ýyllarda Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 59-njy orta mekdepde okady.
2009 — 2014-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony syýasaty öwreniş hünäri boýunça tamamlady.
2014-2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň esasy hünärmeni wezipesinde işledi. 2015 — 2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy wezipesinde işledi.
2020-2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy wezipesinde işledi.
2023-nji ýylyň 25-nji aprelinden bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işleýär.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.