Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Kada-kanunçylyk baradaky komiteti
Halaç etrabynyň Oguzhan, Pelwert, Güýçbirleşik, Esenmeňli, Halaç geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Baýram Jomartowiç Ilow 1989-njy ýylyň 30-njy martynda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Çohpetde şäherçesinde doguldy. Milleti türkmen.
1996 — 2001-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky 7-nji orta mekdepde, 2001 — 2006-njy ýyllarda Kerki etrabyndaky türkmen-türk mekdebinde okady.
2006-2007-nji ýyllarda Halaç etrabynyň «Çohpetde» daýhan birleşiginde kärendeçi bolup işledi.
2007 — 2012-nji ýyllarda Halkara türkmen-türk uniwersitetinde okap, ony taryhçy, taryh mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
2012-2013-nji ýyllarda Halaç etrabyndaky 7-nji orta mekdepde, 2013 — 2020-nji ýyllarda Halaç etrabyndaky 29-njy orta mekdepde taryh mugallymy bolup işledi.
2020-nji ýyldan bäri «Döwletli-Döwran» hojalyk jemgyýetiniň iş dolandyryjy kätibi wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, dört çagasy bar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.