Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Ekstremizme garşy hereket etmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 18-madda)
Şu Kanun adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini, Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny we çäk bitewiligini goramak, jemgyýetiň we döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ekstremizme garşy hereket etmegiň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin şu esasy düşünjeler ulanylýar:
1) ekstremizm – bu fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň, şeýle hem olaryň birleşikleriniň (eger-de başgaça görkezilmedik bolsa, mundan beýläk – gurama) aşakdakylara gönükdirilen işidir:
konstitusion gurluşy zorlukly üýtgetmäge we çäk bitewiligi bozmaga;
döwlet häkimiýetini zorlukly basyp almaga, bikanun harbylaşdyrylan birleşikleri döretmäge;
terrorçylygy we gaýry terrorçylykly işi açyk aklamaga;
durmuş, milli, etniki, teniniň reňki boýunça ýa-da dini duşmançylygy ýa-da agzalalygy döretmäge, milli mertebäni kemsitmäge;
adamyň dine garaýşy, durmuş, milli, etniki ýa-da teniniň reňki boýunça degişliliginiň alamatlary boýunça onuň aýratyn ýa-da doly bahaly däldigini wagyz etmäge;
zorluk ulanmak, derbi-dagynyklyk etmek, otlamak, emlägi ýok etmek, ok atýan ýaragy, partlaýjy maddalary ýa-da ýaryjy serişdeleri ulanmak, şeýle hem häkimiýet wekiline ýaragly garşylyk görkezmek bilen utgaşdyrylýan köpçülikleýin bidüzgünçilikleri guramaga we etmäge;
adamyň we raýatyň haýsy millete degişlidigi, teniniň reňki, jynsy, gelip çykyşy, emläk hem wezipe ýagdaýy, ýaşaýan ýeri, dili, dine garaýşy, syýasy ygtykady, haýsy partiýa degişlidigi ýa-da hiç partiýa degişli däldigi bilen baglanyşykda onuň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini bozmaga ýa-da çäklendirmäge;
zorluk ulanmak, aldaw, haýbat atmak, galplaşdyrmak ýoly bilen raýatyň saýlaw we sala salşyklara gatnaşmaga bolan hukuklarynyň erkin amala aşyrylmagyna päsgel bermäge ýa-da ses bermegiň gizlinligini bozmaga, şonuň ýaly-da saýlawçylara bermit bermäge ýa-da ony bermäge gatnaşmaga;
zorluk ulanmak ýa-da ony ulanmak haýbatyny atmak bilen utgaşdyrylýan döwlet edaralarynyň, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň, saýlaw toparlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, dini ýa-da gaýry guramalaryň kanuny işine päsgel bermäge;
jenaýaty syýasy, durmuş taýdan, milli, teniniň reňki boýunça ýa-da dini ýigrençden ýa-da duşmançylykdan ýa-da beýleki adamlaryň kanuny hereketleri üçin ar almak, şeýle hem başga bir jenaýaty ýaşyrmak ýa-da onuň edilmegini aňsatlaşdyrmak maksady bilen etmäge;
milletçilik taglymyny wagyz etmäge, şeýle hem ekstremistik guramalaryň nyşanlaryny açyk görkezmäge;
şu bentde görkezilen etmişleriň edilmegine açyk çagyryşlara ýa-da görnetin ekstremistik materiallary köpçülikleýin ýaýratmaga, şonuň ýaly-da olary köpçülikleýin ýaýratmak üçin taýýarlamaga ýa-da saklamaga;
döwlet wezipesini eýeleýän adamy öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirýän döwründe şu bentde görkezilen we jenaýat bolup durýan etmişleri edenligi barada görnetin ýalan günäkärlemäge;
şu bentde görkezilen etmişleriň guralmagyna we taýýarlanmagyna, şeýle hem olaryň edilmegine meçew bermäge;
şu bentde görkezilen etmişleriň maliýeleşdirilmegine ýa-da olaryň guralmagyna, taýýarlanmagyna we edilmegine gaýry, şol sanda okuw we maddy-enjamlaýyn kömegini, aragatnaşygyň telefon we gaýry görnüşlerini bermek ýa-da maglumatlaýyn hyzmatlary etmek arkaly ýardam etmäge.
2) ekstremistik hereketler – şu maddanyň 1-nji bendinde görkezilen hereketleriň gös-göni durmuşa geçirilmegi, şol sanda şeýle hereketleriň edilmegine açyk çagyryşlar, ekstremistik guramalaryň nyşanlarynyň wagyz edilmegi we açyk görkezilmegi;
3) ekstremistik hereketleriň guralmagy – ekstremistik hereketlere ýolbaşçylyk edilmegi, ekstremizmiň maliýeleşdirilmegi, ekstremizmiň amala aşyrylmagy üçin adamlaryň yrylmagy, serişdeleriň we gurallaryň taýýarlanylmagy we edinilmegi, şeýle hem şertleriň döredilmegine gönükdirilen beýleki hereketler;
4) ekstremizme garşy hereket etmek – döwlet we beýleki edaralaryň adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini, konstitusion gurluşy we çäk bitewiligi, jemgyýetiň we döwletiň howpsuzlygyny ekstremizmden goramaga, ekstremizmi duýdurmaga, ýüze çykarmaga, onuň öňüni almaga we netijelerini ýok etmäge, şeýle hem ekstremizmiň amala aşyrylmagyna ýardam eden sebäpleri we şertleri ýüze çykarmaga we aradan aýyrmaga gönükdirilen işidir;
5) ekstremistik gurama – ekstremizmi amala aşyrýan we kazyýet tarapyndan ekstremistik diýlip ykrar edilen ýuridik şahs, fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň birleşigi;
6) ekstremistik materiallar – islendik göterijilerde ýaýratmak üçin niýetlenen, ekstremistik hereketleri etmäge çagyrýan ýa-da olaryň amala aşyrylmagynyň zerurlygyny esaslandyrýan ýa-da aklaýan resminamalar ýa-da gaýry maglumatlar.
2-nji madda. Ekstremizme garşy hereket etmek boýunça
işiň hukuk esasy
1. Ekstremizme garşy hereket etmek boýunça işiň hukuk esasyny Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary we halkara şertnamalary düzýär.
2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Ekstremizme garşy hereket etmegiň
esasy ýörelgeleri
Ekstremizme garşy hereket etmek şu ýörelgelere esaslanýar:
1) kanunylyk;
2) aýanlyk;
3) adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini, şonuň ýaly-da ýuridik şahslaryň kanuny bähbitlerini ykrar etmek, berjaý etmek we goramak,
4) ekstremizme garşy hereket etmegiň aýan we aýan däl usullaryny utgaşdyrmak;
5) milli howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň ileri tutulmagy;
6) ekstremizmiň duýdurylmagyna gönükdirilen çäreleriň ileri tutulmagy;
7) ekstremizme garşy hereket etmekde döwletiň jemgyýetçilik birleşikleri, dini ýa-da gaýry guramalar, raýatlar bilen hyzmatdaşlygy;
8) ekstremistik hereketleriň edilenligi üçin jezanyň gutulgysyzlygy.
4-nji madda. Ekstremizme garşy hereket etmegiň
esasy ugurlary
1. Ekstremizme garşy hereket etmek şu esasy ugurlar boýunça amala aşyrylýar:
1) ekstremizmi duýdurmaga, şol sanda ekstremistik hereketleriň edilmegine ýardam eden sebäpleri we şertleri ýüze çykarmaga we aradan aýyrmaga gönükdirilen çäreleri kabul etmek;
2) jemgyýetçilik birleşikleriniň, dini ýa-da gaýry guramalaryň, şeýle hem raýatlaryň ekstremistik hereketlerini ýüze çykarmak, duýdurmak we onuň öňüni almak.
2. Jemgyýetçilik birleşikleriniň, dini ýa-da gaýry guramalaryň, şeýle hem raýatlaryň ekstremistik hereketlerini ýüze çykarmak, duýdurmak we onuň öňüni almak borjy Türkmenistanyň milli howpsuzlyk we içeri işler edaralarynyň üstüne ýüklenilýär.
5-nji madda. Ekstremizme garşy hereket etmek çygrynda
halkara hyzmatdaşlygy
Türkmenistan halkara şertnamalaryna laýyklykda ekstremizme garşy hereket etmek çygrynda daşary yurt döwletleri, olaryň hukuk goraýjy, howpsuzlyk edaralary we ýörite gulluklary, şeýle hem ekstremizme garşy göreşi amala aşyrýan halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.
II BAP. EKSTREMIZME GARŞY HEREKET
ETMEK BOÝUNÇA IŞI AMALA AŞYRÝAN EDARALAR
6-njy madda. Ekstremizme garşy hereket etmek boýunça
döwlet edaralary
1. Ekstremizme garşy hereket etmek boýunça işe umumy ýolbaşçylygy Türkmenistanyň Prezidenti, şeýle hem ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabineti amala aşyrýar.
2. Ekstremizme garşy hereket etmegi ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şu döwlet edaralary amala aşyrýarlar:
1) milli howpsuzlyk edaralary;
2) içeri işler edaralary;
3) prokuratura edaralary.
3. Milli howpsuzlyk edaralary, içeri işler edaralary ekstremizme garşy hereket etmek çygrynda ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ekstremistik hereketleriň edilmegine ýardam edýän sebäpleri we şertleri ýüze çykarmaga we aradan aýyrmaga gönükdirilen çäreleri görýärler, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jenaýat yzarlaýşyny we gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
4. Prokuratura edaralary ekstremizme garşy hereket etmek çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmalarynyň hakyky ýagdaýlaryny ýüze çykaranlarynda, şonuň ýaly-da şeýle hakyky ýagdaýlaryň bardygyna şaýatlyk edýän maglumatlary ekstremizme garşy hereket etmegi amala aşyrýan döwlet edaralaryndan, gaýry guramalardan we raýatlardan alanlarynda tabşyryknama çykarýarlar ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jenaýat yzarlaýşyny we gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
7-nji madda. Ekstremizme garşy hereket etmek çygrynda
beýleki döwlet edaralarynyň we gaýry
edaralaryň ygtyýarlyklary
Şu Kanunyň 6-njy maddasynda görkezilmedik döwlet edaralary we gaýry edaralar ekstremistik hereketleriň edilmegine ýardam edýän sebäpleri we şertleri ýüze çykarmaga we aradan aýyrmaga gönükdirilen çäreleri görýärler, ekstremizmi ýüze çykarmaga we onuň öňüni almaga gatnaşýarlar, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygy bilen berlen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ekstremizme garşy hereket etmegi amala aşyrýan döwlet edaralaryna ýardam edýärler.
8-nji madda. Ekstremizme garşy hereket etmek çygrynda
döwlet edaralarynyň we beýleki edaralaryň
işiniň utgaşdyrylmagy
Ekstremizme garşy hereket etmek çygrynda döwlet edaralarynyň we beýleki edaralaryň işini utgaşdyrmak Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi tarapyndan amala aşyrylýar.
III BAP. EKSTREMIZME GARŞY HEREKET
ETMEK ÇÄRELERI
9-njy madda. Tabşyryknama
1. Ekstremistik diýip ykrar etmek üçin ýeterlik esas bolmadyk işinde şu Kanunyň 1-nji maddasynyň 1-nji bendinde görkezilen hereketler ýüze çykarylan halatynda ýuridik şahsa ýüze çykarylan hukuk bozulmalary aradan aýyrmak barada talap bilen tabşyryknama çykarylýar.
2. Tabşyryknama prokuror tarapyndan ekstremizme garşy hereket etmegi amala aşyrýan döwlet edaralarynyň materiallary esasynda çykarylýar we onuň çykarylan gününden soň bir günden gijä goýmazdan, ýuridik şahsyň ýolbaşçysyna, ýolbaşçy edarasynyň gaýry wezipeli adamsynaberilýär ýa-da poçta arkaly ugradylýar.
3. Tabşyryknamada onuň çykarylmagynyň esaslary görkezilýär, ýol berlen düzgün bozulmalar sanalyp geçilýärwe olaryň aradan aýrylmagy üçin möhlet bellenýär.
4. Tabşyryknamanyň çykarylmagy üçin esas bolan düzgün bozulmalaryň aradan aýrylanlygy barada tabşyryknamany çykaran prokurora ýazmaça görnüşde habar berilmelidir we düzgün bozulmalaryň tabşyryknamada bellenilen möhletde aradan aýrylandygyny tassyklaýan resminamalar görkezilmelidir.
5. Tabşyryknama bilen ylalaşylmadyk halatynda oňa Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýokarda durýan prokurora ýa-da kazyýete şikaýat edilip bilner. Şikaýat edilmegi tabşyryknamanyň ýerine ýetirilmegini togtatmaýar.
10-njy madda. Resmi duýduryş
1. Guramalaryň wezipeli adamlarynyň, fiziki şahslaryň edýän işlerinde şu Kanunyň 1-nji maddasynyň 1-nji bendinde görkezilen hereketler bar bolanda we degişli jenaýatyň alamatlary bolmasa, olara resmi duýduryş yglan edilýär.
2. Resmi duýduryş ekstremizme garşy hereket etmegi amala aşyrýan döwlet edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamy tarapyndan onuň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde berilýär.
3. Resmi duýduryş bilen ylalaşmasa, ol yglan edilen şahsyň ekstremizme garşy hereket etmegi amala aşyrýan degişli döwlet edarasynyň ýokarda durýan wezipeli adamyna ýa-da kazyýete şikaýat etmäge hukugy bardyr.
11-nji madda. Guramanyň işini togtatmak
1. Guramanyň (muňa fiziki şahslar girmeýär) işi onuň işinde şu Kanunyň 1-nji maddasynyň 1-nji bendinde görkezilen hereketleriň barlygy barada şaýatlyk edýän hakyky ýagdaýlar ýüze çykarylan halatynda Türkmenistanyň Baş prokurorynyň karary bilen togtadylýar. Şeýle karary çykarmak bilen birlikde Türkmenistanyň Baş prokurory tarapyndan Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine bu guramany ekstremistik diýip ykrar etmek, Türkmenistanyň çäginde onuň işini gadagan etmek, Türkmenistanyň çäginde bellige alnan şeýle guramany ýatyrmak ýa-da Türkmenistanyň çäginde ýerleşen bu daşary ýurt ýa-da halkara guramasynyň wekilhanasynyň işini bes etmek barada arza berilýär.
2. Guramanyň işini togtatmak barada karar çykarylan gününden soň bir günden gijä goýmazdan guramanyň ýolbaşçysyna, ýolbaşçy edarasynyň gaýry wezipeli adamyna berilýär ýa-da poçta boýunça iberilýär.
3. Işi togtadylan gurama şular gadagan edilýär:
1) ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çärelerini guramak we geçirmek;
2) bank hasaplaryny ulanmak, muňa Türkmenistanyň Döwlet býujetine, döwlet maksatlaýyn býujet däl gaznalara, raýatlar bilen raýat-hukuk we zähmet şertnamalary boýunça, şeýle hem onuň hereketleri bilen ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak bilen bagly tölegler girmeýär.
4. Işi togtadylan gurama bu guramany ekstremistik diýip ykrar etmekden ýüz döndermek hakynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň çözgüdiniň kanuny güýje giren gününden öz işini dikeldýär.
12-nji madda. Türkmenistanyň çäginde bellige alnan guramany
ekstremistik diýip ykrar etmek, onuň işini
gadagan etmek we ony ýatyrmak
1. Türkmenistanyň çäginde bellige alnan guramany ekstremistik diýip ykrar etmek, onuň Türkmenistanyň çäginde işini gadagan etmek we şeýle guramany ýatyrmak Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň çözgüdi esasynda amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanyň çäginde bellige alnan guramany ekstremistik diýip ykrar etmek, onuň Türkmenistanyň çäginde işini gadagan etmek we şeýle guramany ýatyrmak barada arza Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine Türkmenistanyň Baş prokurory tarapyndan berilýär.
3. Türkmenistanyň çäginde bellige alnan guramany ekstremistik diýip ykrar etmek, onuň Türkmenistanyň çäginde işini gadagan etmek we şeýle guramany ýatyrmak barada Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan çözgüt kabul edilen halatynda, algydarlaryň (olaryň ekstremistik hereketlere gatnaşygy ýok bolan şertinde) talaplary kanagatlandyrylandan soň gurama degişli bolan galan emläk muzdsuz alynýar.
13-nji madda. Daşary ýurt we halkara ekstremistik
guramalaryň işini Türkmenistanyň çäginde
gadagan etmek
1. Şu Kanuna ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda ekstremistik diýlip ykrar edilen daşary ýurt we halkara ekstremistik guramalaryň işi Türkmenistanyň çäginde gadagan edilýär.
2. Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt we halkara ekstremistik guramalaryň işini gadagan etmek şulara eltýär:
1) bu guramalaryň Türkmenistanyň çäginde ýerleşen wekilhanalarynyň işiniň bes edilmegine;
2) bu guramalaryň wekilleri hökmünde daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanda bolmagynyň gadagan edilmegine;
3) bu guramalaryň Türkmenistanyň çäginde islendik işi amala aşyrmagynyň gadagan edilmegine;
4) bu guramalaryň adyndan islendik maglumat önümleriniň Türkmenistanyň çäginde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan we başga usullar boýunça ýaýradylmagynyň gadagan edilmegine;
5) bu guramalaryň köpçülikleýin çäreleri guramagynyň we geçirmeginiň, şonuň ýaly-da köpçülikleýin çärelere raýatlaryň şeýle guramalaryň wekilleri hökmünde gatnaşmagynyň gadagan edilmegine;
6) bu guramalaryň Türkmenistanyň çäginde wekilhanalaryny açmagynyň, şeýle hem bu guramanyň başga guramalary döretmeginiň ýa-da onuň olary döretmäge gatnaşmagynyň gadagan edilmegine.
3. Türkmenistanyň çäginden daşarda bellige alnan daşary ýurt we halkara guramasyny ekstremistik diýip ykrar etmek, onuň işini Türkmenistanyň çäginde gadagan etmek, şeýle daşary ýurt we halkara guramasynyň Türkmenistanyň çäginde ýerleşen wekilhanalarynyň işini bes etmek barada çözgüt Türkmenistanyň Baş prokurorynyň arzasy esasynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan kabul edilýär.
4. Türkmenistanyň çäginden daşarda bellige alnan daşary ýurt we halkara guramasyny ekstremistik diýip ykrar etmek, Türkmenistanyň çäginde onuň işini gadagan etmek, şeýle daşary ýurt we halkara guramasynyň Türkmenistanyň çäginde ýerleşen wekilhanasynyň işini bes etmek barada Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan çözgüt kabul edilen halatynda,bu gurama degişli bolan emläk we algydarlaryň (olaryň ekstremistik hereketlere gatnaşygy ýok bolan şertinde) talaplary kanagatlandyrylandan soň bu daşary ýurt ýa-da halkara guramasynyň Türkmenistanyň çäginde ýerleşen galan emlägi muzdsuz alynýar.
5. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň çäginden daşarda bellige alnan daşary ýurt we halkara guramasyny ekstremistik diýip ykrar etmek, onuň Türkmenistanyň çäginde işini gadagan etmek, şeýle daşary ýurt we halkara guramasynyň Türkmenistanyň çäginde ýerleşen wekilhanasynyň işini bes etmek barada Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň çözgüdiniň nusgasyny alan gününden on günüň dowamynda bu barada diplomatik ýollar arkaly gadagan edilmeginiň sebäplerini we gadagan edilmegi bilen bagly netijeleri görkezmek bilen degişli daşary ýurt döwletini, halkara guramasyny habardar edýär.
14-nji madda. Ekstremistik materiallaryň çap edilmegine we ýaýradylmagyna garşy hereket etmek
1. Ekstremistik materiallaryň çap edilmegi we ýaýradylmagy, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen gadagan edilýär.
2. Ekstremistik hereketlere çagyryşlary özünde jemleýän, şeýle hereketleri wagyz edýän maglumat önümi ekstremizme garşy hereket etmegi amala aşyrýan döwlet edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary tarapyndan alynýar ýa-da ol milli howpsuzlyk edaralary, içeri işler edaralary, prokuror ýa-da kazy tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gozgamasyz edilýär.
3. Maglumat önümi onuň işlenip taýýarlanan we ýaýradylýan (ýaýradylan) ýeri ýa-da ony işläp taýýarlan we ýaýradýan (ýaýradan) fiziki şahsyň ýaşaýan ýeri ýa-da ol maglumat önüminiň ýüze çykarylan ýeri boýunça ekstremizme garşy hereket etmegi amala aşyrýan döwlet edarasynyň arzasy esasynda kazyýetiň çözgüdi boýunça ekstremistik material diýlip ykrar edilýär.
4. Maglumat önümini ekstremistik material diýip ykrar etmek barada kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi onuň ýok edilmegine esas bolup durýar.
5. Maglumat önümini ekstremistik material diýip ykrar etmek barada kazyýetiň çözgüdine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şikaýat edilip bilner.
6. Maglumat önümini ekstremistik material diýip ykrar etmek barada kazyýetiň çözgüdi maglumat önümini ekstremistik materiallaryň sanawyna girizmek üçin berilýär we bu sanaw köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap etmäge degişlidir. Ekstremistik materiallaryň sanawyna girizilen maglumat önüminiň mazmuny aýan edilmäge degişli däldir. Ekstremistik materiallaryň sanawyny ýöretmek, şeýle hem ony köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap etmek Türkmenistanyň Ministriýer Kabineti tarapyndan kesgitlenýän tertipde amala aşyrylýar.
15-nji madda. Köpçülikleýin çäreler geçirilende ekstremistik hereketleriň edilmegine ýol bermezlik
1. Köpçülikleýin çäreler geçirilende ekstremistik hereketleriň edilmegine ýol berilmeýär.
2. Köpçülikleýin çäreleriň guramaçylary köpçülikleýin çäreleri guramak we geçirmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilmegi, ekstremistik hereketleriň edilmegine ýol berilmezligi, şeýle hem olaryň wagtynda öňüniň alynmagy üçin jogapkärçilik çekýärler. Görkezilen jogapkärçilik hakynda köpçülikleýin çäreleriň guramaçylary olar geçirilmezinden öň Türkmenistanyň içeri işler edaralary tarapyndan ýazmaça görnüşde duýdurylýar.
3. Köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän döwründe oňa gatnaşyjylar tarapyndan şu Kanunyň 1-nji maddasynyň 1-nji bendinde görkezilen hereketleriň edilýänligi ýüze çykarylanda ýa-da ekstremizme garşy hereket etmegi amala aşyrýan döwlet edarasynyň ygtyýarly wezipeli adamlarynyň talap etmegi boýunça köpçülikleýin çäreleriň guramaçylary bu hereketleriň öňüni almak boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmäge borçludyrlar. Görkezilen çäreleriň görülmedik halatynda köpçülikleýin çäre Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde bes edilýär.
4. Köpçülikleýin çärelere gatnaşýanlaryň ýanlarynda ýaragyň, şeýle hem raýatlaryň saglygyna ýa-da fiziki we ýuridik şahslara maddy zyýan ýetirmek üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen närseleriň bolmagy gadagan edilýär.
5. Köpçülikleýin çäreler geçirilende olara gatnaşmaga ekstremistik guramalaryň çekilmegine, gatnaşdyrylmagyna, olaryň nyşanlarynyň peýdalanylmagyna, şeýle hem ekstremistik materiallaryň ýaýradylmagyna ýol berilmeýär.
6. Şu maddanyň bäşinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlar ýüze çykarylan halatynda köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi gadagan edilýär, onuň guramaçylary bolsa Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça jogapkärçilige degişlidirler.
16-njy madda. Ekstremistik hereketleri edenligi üçin
Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt
raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň
jogapkärliçigi
1. Ekstremistik hereketleri edenligi üçin Türkmenistanyň raýatlary, daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jenaýat, administratiw we gaýry jogapkärçilige çekilýärler.
2. Ekstremistik hereketleri etmäge gatnaşan adama Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde kazyýetiň çözgüdi esasyndadöwlet gullugyna, borçnama boýunça harby gulluga, hukuk goraýjy edaralarda gulluk etmäge, şeýle hem döwlet bilim ulgamynda işlemäge we gorag işi bilen meşgullanmaga bolan elýeterlilik çäklendirlip bilner.
3. Jemgyýetçilik birleşiginiň, dini ýa-da gaýry guramanyň (muňa fiziki şahslar girmeýär) ýolbaşçysy ýa-da ýolbaşçy edarasynyň agzasy öz şahsy pikiridigini görkezmezden ekstremistik hereketleri etmäge çagyrýan açyk beýannama edýän bolsa, şu halatda, şonuň ýaly-da şeýle adam babatda ekstremistik ugra gönükdirilen jenaýat üçin kazyýetiň hökümi kanuny güýje giren halatynda, görkezilen beýannama edilen gününden bäş günüň dowamynda degişli jemgyýetçilik birleşigi, dini ýa-da gaýry gurama şeýle adamyň aýdanlary ýa-da hereketleri bilen özüniň ylalaşmaýanlygy barada açyk beýannama etmäge borçlydyr. Eger degişli jemgyýetçilik birleşigi, dini ýa-da gaýry gurama şeýle açyk beýannama etmese, muňa olaryň işinde ekstremizmiň alamatlarynyň barlygyna subutnama hökmünde garalyp bilner.
4. Jemgyýetçilige niýetlenen we şu Kanunyň 1-nji maddasynyň 1-nji bendinde görkezilen hereketleriň alamatlaryny özünde saklaýan çap, audio-, audiowizual we gaýry eserleriň awtory ekstremistik hereketleri eden adam diýlip ykrar edilýär we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýär.
17-nji madda. Ekstremistik hereketleriň öňüni almak
Ekstremistik hereketlere garşy durmak maksady bilen döwlet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ileri tutulýan tertipde ekstremistik hereketleri duýdurmaga gönükdirilen öňüni alyş, şol sanda terbiýeçilik, wagyz etmek çärelerini amala aşyrýarlar.
IV BAP. EKSTREMIZME GARŞY HEREKET ETMEK ÇYGRYNDAKY IŞE GÖZEGÇILIK
18-nji madda. Ekstremizme garşy hereket etmegi amala aşyrýan döwlet edaralarynyň işine gözegçilik
Ekstremizme garşy hereket etmegi amala aşyrýan döwlet edaralarynyň işine gözegçiligi Türkmenistanyň Prezidenti, şeýle hem ygtyýarlyklarynyň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabineti amala aşyrýar.
19-njy madda. Ekstremizme garşy hereket etmek çygrynda
kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik
Ekstremizme garşy hereket etmek çygrynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar amala aşyrýarlar.
V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜN
20-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun 2015-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2015-nji ýylyň 28-nji fewraly.
№ 184-V.