Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Weterinariýa işi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 144-nji madda)
(18.06.2016 ý. № 419-V, 05.01.2018 ý. № 685-V, 08.06.2019 ý. № 158-VI, 20.04.2020 ý. № 246-VI, 22.08.2020 ý. № 279-VI, 25.11.2023 ý. № 75-VII, 30.03.2024 ý. № 97-VII Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun weterinariýa işiniň hukuk, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, haýwanlary kesellerden gorap saklamak, bejermek, adamlar hem-de haýwanlar üçin umumy bolan kesellerden ilaty goramak, haýwanlaryň ýokanç keselleriniň daşary ýurtlardan Türkmenistanyň çäklerine aralaşmagyna ýol bermezlik, maldarçylyk we guşçulyk önümleriniň, ot-iýmleriň, ot-iým goşundylarynyň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny düzgünleşdirýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) weterinariýa işi – ýuridik we fiziki şahslaryň haýwanlaryň keselleriniň öňüni almaga we olary bejermäge, gelip çykyşy haýwanlardan bolan oňat hilli hem-de weterinariýa babatda howpsuz önümleriniň öndürilmegine, adamlar hem-de haýwanlar üçin umumy bolan kesellerden ilaty goramaga gönükdirilen işi;
2) weterinariýa resminamalary – haýwanlar, olaryň ýerleşýän ýerleri, olaryň önümleri barada, ýurdumyzda öndürilýän, Türkmenistana getirilýän, onyň çäginden daşyna çykarylýan, Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirilýän gelip çykyşy haýwanlardan bolan weterinariýa gözegçiligine degişli önümleriň hilini tassyklaýan we kepillendirýän, weterinar hünärmenleri tarapyndan bellenilen tertipde kagyz göterijide we (ýa-da) sanly ulgam arkaly berilýän rugsatnamalar, kepilnamalar, netijenamalar, güwänamalar, weterinariýa sertifikatlary;
3) weterinariýa derman serişdeleri – haýwanlaryň keselleriniň öňüni almak, anyklamak we bejermek maksady bilen haýwanlaryň agzalaryndan, mikroorganizmlerden, ösümliklerden şeýle hem himiki usullar bilen alynýan hem-de kesel döredijileri we kesel geçirijileri ýok etmek üçin niýetlenen maddalar;
4) weterinariýa derman serişdelerini, ot-iýmleri, ot-iým goşundylaryny döwlet tarapyndan hasaba almak – weterinariýa derman serişdelerini, ot-iýmleri, ot-iým goşundylaryny olaryň seljermesiniň, synaglarynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy (mundan beýläk – Gulluk) tarapyndan bellenen tertipde Döwlet reýestrine girizmek we olara döwlet tarapyndan hasaba alnandygy barada şahadatnamalary bermek;
5) Döwlet reýestri – Gulluk tarapyndan düzülýän, Türkmenistana getirmek, öndürmek, ýerlemek, ulanmak üçin döwlet tarapyndan hasaba alnan weterinariýa derman serişdeleriniň, ot-iýmleriň we ot-iým goşundylarynyň sanawy;
6) weterinariýa derman serişdelerini, ot-iýmleri, ot-iým goşundylaryny synagdan geçirmek – weterinariýa derman serişdeleriniň, ot-iýmleriň, ot-iým goşundylarynyň hilini barlamak, olaryň häsiýetini, zäherliligini, ýaramlylyk möhletini, netijeliligini, haýwanlaryň bedenine, maldarçylyk önümlerine we daşky gurşawa ýetirýän täsirini kesgitlemek üçin geçirilýän synaglar;
7) weterinariýa-sanitariýa gözegçiligi – ilatyň saglygyny, adamlaryň ýaşaýyş durmuşyny goramak maksady bilen weterinariýa işi hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmalarynyň öňüni almak boýunça gözegçilik;
8) weterinariýa-sanitariýa howpsuzlygy – haýwanlary kesellerden goramak boýunça, azyk önümleriniň hiline we howpsuzlygyna, maldarçylyk we guşçulyk önümlerini öndürýän, gaýtadan işleýän kärhanalaryň işi boýunça, adamlar hem-de haýwanlar üçin umumy bolan kesellerden ilaty goramak boýunça geçirilýän gözegçilik kadalary;
9) weterinariýa çäreleri – haýwanlary kesellerden goramak, keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek, ýok etmek, adamlar hem-de haýwanlar üçin umumy bolan kesellerden ilaty goramak, gelip çykyşy haýwanlardan bolan weterinariýa gözegçilik barlagyna degişli önümleriň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça gönükdirilen çäreleriň toplumy;
10) haýwanlar – hereket etmek, taýýar organiki birleşmelerinden iýmitlenmek başarnygyna eýe bolan, organiki dünýäniň ýokary toparlarynyň birini düzýän organizmler (ýönekeýler, gurçuklar, bognaýaklylar, mollýuskalar, balyklar, ýerde-suwda ýaşaýanlar, süýrenijiler, guşlar, süýdemdirijiler);
11) haýwanlaryň ýokanç kesellerini döredijiler we geçirijiler – wiruslar, bakteriýalar, riketsiýalar, hlamidiýalar, mikoplazmalar, prionlar, ýönekeýjeler, kömelekler, gurçuklar, sakyrtgalar we gan sorujy mör-möjekler;
12) haýwanlaryň aýratyn howply keselleri – adamlar we haýwanlar üçin umumy bolan, haýwanlaryň ölümine sebäp bolýan, daşky gurşawa, ýurduň ykdysadyýetine düýpli zyýan ýetirýän keseller;
13) haýwanlaryň aýratyn howply ýokanç keselleri – sanawy Gulluk tarapyndan kesgitlenilýän, haýwanlaryň arasynda döreýän, keselli haýwanlardan sagdyn haýwanlara we adamlara geçýän howply ýokanç keseller;
14) haýwanlaryň ýokanç däl keselleri – haýwanlara ideg etmekde, iýmitlendirmekde, saklamakda we ulanmakda weterinariýa düzgünleriniň bozulmagy netijesinde ýüze çykýan, haýwanlaryň biri-birine we adamlara geçmeýän keselleri;
15) karantin – ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen hem-de ilatyň, ulag serişdeleriniň, ýükleriň, harytlaryň we haýwanlaryň hereket etmegini çäklendirýän administratiw, weterinariýa çäreleri;
16) epizootiýa – haýsy-da bolsa bir ýokanç keseliň haýwanlaryň arasynda giňden ýaýramagy;
17) epizootiýa gory – aýratyn howply ýokanç keselleriň garşysyna ulanylýan biologik serişdeleriň, zyýansyzlandyryjylaryň ätiýaçlyk gorlary;
18) weterinar gözegçilik barlagyna degişli haýwanlar we maldarçylyk önümleri – gylýallar, eşekler, düýeler, iri we ownuk şahly mallar, doňuzlar, itler we pişikler, haýwanat bagyndaky, sirkdäki janly-jandarlar, akwariumlarda ýaşaýan jandarlar, öý we aw guşlary, balyklar, leňňeçler, mollýuskalar we beýleki suwda ýaşaýan jandarlar, guş ýumurtgalary, köpeltmek üçin niýetlenen balyk işbilleri, bal arylary, ýüpek gurçuklary we olaryň liçinkalary, süýrenijiler we beýleki jandarlar, hem-de mör-möjekler, haýwanlaryň tohumlary (dölleri), zigotalary we embrionlary;
19) weterinariýa gözegçiligine degişli kärhanalar – eýeçiliginiň görnüşine garamazdan weterinariýa derman serişdelerini we ot-iýmleri, ot-iým goşundylaryny öndürýän kärhanalar, weterinariýa dermanhanalary, et, guş etini, süýt, ýumurtga, balyk, ary balyny öndürýän, gaýtadan işleýän kärhanalar, mal soýulýan meýdançalar, guş soýulýan sehler, ýag zawodlary, deri, guşlaryň ýelegini, sütükli haýwanlaryň derilerini eýleýän, derilerini gaýtadan işleýän kärhanalar, mallardan we guşlardan öndürilýän önümleri ýerlemek bilen meşgullanýan söwda nokatlary, maldarçylyk we guşçulyk hojalyklary, haýwanat baglary, sirk we beýleki haýwanlaryň saklanylýan ýeri;
20) keseliň ojagy – haýwanlaryň aýratyn howply ýokanç keselleri bilen keselläp ölen ýa-da keselli haýwanlaryň soýulýan ýeri;
21) mal mazarlygy – howply ýokanç kesellerden ölen haýwanlary ýakyp ýoklamak (gömmek) üçin ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan ýörite bölünip berlen ýer;
22) zonallaşdyrmak – sagdyn haýwanlary keseliň howp salmaýan ýerinde ýerleşdirmek;
23) kompartmentalizasiýa – halkara söwda gatnaşyklary üçin ýurduň içinde belli bir kesgitlenen çäkde sagdyn haýwanlary ýerleşdirmek, haýwanlary, maldarçylyk önümlerini daşary ýurtlara çykarmaga ygtyýar bermek.
24) ulag serişdelerini zyýansyzlandyryş geçelgesi (dezbarýer)– ulag serişdeleriniň hereket edýän böleklerini (tekerler) zyýansyzlandyrmak üçin niýetlenen tehniki gurluş;
25) zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa desgasy – ulag serişdelerini zyýansyzlandyrmak, şeýle hem kesel dörediji mikroblary we wiruslary ýok etmek üçin ýöriteleşdirilen abzallar bilen enjamlaşdyrylan desga.
2-nji madda. Weterinariýa işi hakynda Türkmenistanyň
kanunçylygy
Weterinariýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de weterinariýa işini amala aşyrmak bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
3-nji madda. Weterinariýa işiniň esasy ýörelgeleri
Weterinariýa işiniň esasy ýörelgeleri şulardan ybaratdyr:
1) adamlar hem-de haýwanlar üçin umumy bolan kesellerden ilaty goramak;
2) weterinariýa gözegçilik barlagyna degişli maldarçylyk önümleriniň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek;
3) weterinariýa-sanitariýa gözegçiligini amala aşyrýan edaralaryň çözgütleriniň ähli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, kärhanalar, häkimlikler we geňeşlikler, haýwanlary saklaýan ýuridik we fiziki şahslar üçin hökmanylygy;
4) weterinariýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň hem-de bu çygyrdaky bellenilen düzgünleriň we kadalaryň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini üpjün etmek;
5) weterinariýa işi babatda halkara hyzmatdaşlygy;
6) halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny berjaý etmek.
4-nji madda. Gullugyň we onuň ýerli edaralarynyň
wezipeleri
Gullugyň we onuň ýerli edaralarynyň wezipeleri şulardan ybaratdyr:
1) döwlet syýasatynyň weterinariýa işi babatda ýörelgelerini kesgitlemek;
2) weterinariýa işini guramak we döwlet weterinariýa gözegçiligini amala aşyrmak;
3) weterinariýa işi babatda ylmyň gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak;
4) maldarçylyk önümlerini ulaglaryň ähli görnüşleri bilen daşalan mahalynda ýeke-täk döwlet weterinariýa gözegçiligini guramak;
5) satuwa çykarylýan maldarçylyk önümlerine zerur bolan weterinariýa resminamalaryny bermek, maldarçylyk önümlerini gaýtadan işleýän we söwdasy bilen meşgullanýan jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda, şöhlat sehlerinde taýýarlanylýan önümleriň hiline, saklanylyşyna gözegçilik barlagyny alyp barmak;
6) haýwanlaryň ýokanç we köpçülikleýin ýokanç däl keselleriniň öňüni almak we olary ýok etmek;
7) adamlar hem-de haýwanlar üçin umumy bolan kesellerden ilaty goramak;
8) haýwanlaryň ýokanç kesellerini döredijileriň we geçirijileriň daşary ýurt döwletlerinden Türkmenistanyň çägine aralaşmagynyň öňüni almak;
9) haýwanlaryň kesellerini anyklamak, şeýle hem maldarçylykda we guşçulykda ulanylýan weterinariýa derman serişdeleriniň, ot-iýmleriň, ot-iým goşundylarynyň we suwyň hiline baha bermek maksady bilen barlaglary geçirmek;
10) weterinariýa işi bilen meşgullanýan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, weterinariýa gulluklarynyň, şeýle hem weterinariýa hünärmenleriniň–telekeçileriň işine gözegçilik etmek, nazaryýeti, usulyýeti we amaly taýdan kömek bermegi amala aşyrmak;
11) aýratyn howply kesellerden haýwanlary goramagyň döwlet maksatnamalarynyň taýýarlanylmagyna we ýerine ýetirilmegine gatnaşmak;
12) haýwanlaryň aýratyn howply ýokanç keselleri ýüze çykan ýagdaýynda karantin ýa-da aýry-aýry karantin çäklendirmelerini girizmek we mallaryň daşalmagyny (sürülmegini), şeýle hem maldarçylyk önümleriniň daşalmagyny gadagan etmek;
121) soýulmaga degişli haýwanlaryň ýa-da maldarçylyk önümleriniň ýok edilmegini amala aşyrmak;
13) epizootiýa ýagdaýyna baha bermek, maldarçylyk we guşçulyk bilen meşgul bolýan ýuridik we fiziki şahslara haýwanlaryň ýokanç keselleriň öňüni alyş çärelerini öz wagtynda geçirmek barada hökmany bolan görkezmeleri bermek;
14) haýwanlaryň ýokanç we ýokanç däl keselleriniň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça weterinariýa-sanitariýa taýdan öňüni alyş we göreş çärelerini amala aşyrmak, zerur halatlarda epizootiýalary ýok etmek boýunça ekspedisiýalary guramak we epizootiýa goruny döretmek;
15) ýöriteleşdirilen maldarçylyk we guşçulyk hojalyklarynda hem-de ilatly ýerlerde ölen haýwanlaryň maslyklaryny ýok etmek üçin degişli edaralar we kärhanalar tarapyndan krematoriýalaryň gurulmagy üçin ýerleriň bölünip berilmegini ýola goýmak;
16) Türkmenistana daşary ýurtlardan weterinariýa gözegçiligine degişli ýükleriň getirilmegine, çykarylmagyna, Türkmenistanyň çäklerinden üstaşyr geçirilmegine, şeýle hem weterinariýa gözegçiligine degişli weterinariýa derman serişdelerine, ot-iýmlere, ot-iým goşundylaryna we beýleki ýüklere barlaghanalarda seljerme arkaly gözegçiligi amala aşyrmak;
17) weterinariýa işi babatda halkara hyzmatdaşlygy boýunça işleri guramak we olara gatnaşmak.
II BAP. WETERINARIÝA IŞI BABATDA DÖWLET
DÜZGÜNLEŞDIRMESI
5-nji madda. Weterinariýa işi babatda döwlet
düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar
Weterinariýa işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi (mundan beýläk – ygtyýarlandyrylan edara), Gulluk, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
weterinariýa işi babatda ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) weterinariýa işi babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan degişli kärhanalaryň we guramalaryň weterinariýa babatdaky işini düzgünleşdirmegi amala aşyrýar;
3) weterinariýa işi babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;
4) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna degişli beýleki wezipeleri amala aşyrýar.
61-njy madda. Ygtyýarlandyrylan edaranyň weterinariýa işi
babatda ygtyýarlyklary
Ygtyýarlandyrylan edara:
1) weterinariýa işi babatda döwlet syýasatyny amala aşyrýar;
2) adamlar hem-de haýwanlar üçin umumy bolan aýratyn howply ýokanç keseller bilen kesellän haýwanlardan alnan, gelip çykyşy haýwanlardan bolan önümleri ýok etmegiň, zyýansyzlandyrmagyň kadalaryny tassyklaýar;
3) gelip çykyşy haýwanlardan bolan önümleriň howpsuzlygyny we hilini üpjün etmegiň düzgünlerini we kadalaryny tassyklaýar;
4) waksinalary, anyklaýyş serişdelerini hasapdan aýyrmagyň tertibini tassyklaýar;
5) weterinariýa işi babatda kadalaşdyryjy-tehniki resminamalary (weterinariýa-sanitariýa kadalary, düzgünleri, gözükdirijileri, gollanmalary) tassyklaýar;
6) weterinariýa hünärmenleriniň nyşanynyň nusgasyny tassyklaýar;
7) bellenilen kadalara laýyklykda Gullugyň gurluşyny we düzüm sanawyny tassyklaýar;
8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda weterinariýa işi babatda ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrýar;
9) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde weterinariýa işi babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;
10) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna degişli beýleki meseleleri çözýär.
7-nji madda. Gullugyň ygtyýarlyklary
1. Gulluk:
1) gelip çykyşy haýwanlardan bolan önümler, balygyň, piläniň we düzümine haýwanlardan önýän önümler goşulan konditer önümleriniň öndürilişine, gaýtadan işlenilişine, saklanylyşyna weterinariýa talaplaryna laýyklykda gözegçilik barlagyny, şeýle hem haýwanlaryň keselleriniň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça, keselleriň ykdysady taýdan ýetirýän ýitgilerini azaltmak çärelerini amala aşyrýar;
2) ulaglaryň ähli görnüşleri bilen weterinariýa-sanitariýa gözegçiligine degişli önümler daşalan mahalynda, ýeke-täk döwlet weterinariýa gözegçiligini amala aşyrýar;
3) bazarlara satuwa çykarylýan maldarçylyk önümlerine zerur bolan weterinariýa resminamalaryny berýär, maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek we satmak bilen meşgullanýan jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda önümleriň hiline, saklanylyşyna gözegçilik barlagyny alyp barýar we bellenen tertipde weterinariýa resminamalarynyň alynmagyny üpjün edýär;
4) haýwanlaryň ýokanç we köpçülikleýin ýokanç däl keselleriniň öňüni almak we olary ýok etmek işini amala aşyrýar;
5) haýwanlaryň ýokanç kesellerini döredijileriň we geçirijileriň daşary ýurtlardan Türkmenistanyň çägine aralaşmagynyň öňüni almak çärelerini geçirýär;
6) adamlar hem-de haýwanlar üçin umumy bolan kesellerden ilatyň saglygyny goramak çärelerini amala aşyrýar;
7) weterinariýa işi babatynda halkara hyzmatdaşlygy boýunça geçirilýän işleri guraýar we olara gatnaşýar;
8) weterinariýa babatynda ylmy barlaglaryň esasy ugurlaryny kesgitleýär;
9) adamlar hem-de haýwanlar üçin umumy bolan aýratyn howply ýokanç keseller bilen kesellän mallardan alnan önümleri ýok etmegiň, zyýansyzlandyrmagyň kadalaryny işläp taýýarlaýar we ygtyýarlandyrylan edara tassyklamak üçin berýär;
10) gelip çykşy haýwanlardan bolan önümleriň howpsuzlygyny we hilini üpjün etmegiň düzgünlerini we kadalaryny işläp düzýär we ygtyýarlandyrylan edara tassyklamak üçin berýär;
11) ulaglaryň ähli görnüşleri bilen daşalanda, welaýatyň, etrabyň çäkleri boýunça sürüp äkidilen mahalynda hasaba alnan, saýlanylan, belgilenen haýwanlaryň hereketine gözegçiligi amala aşyrýar;
12) waksinalary, anyklaýyş serişdelerini hasapdan aýyrmagyň tertibini işläp taýýarlaýar we ygtyýarlandyrylan edara tassyklamak üçin berýär;
13) weterinariýa işi babatda kadalaşdyryjy-tehniki resminamalary (weterinariýa-sanitariýa kadalary, düzgünleri, gözükdirijileri, gollanmalary) işläp taýýarlaýar we ygtyýarlandyrylan edara tassyklamak üçin berýär;
14) weterinariýa hünärmenleriniň nyşanynyň nusgasyny taýýarlaýar we ygtyýarlandyrylan edara tassyklamak üçin berýär;
15) bellenilen kadalara laýyklykda Gullugyň gurluş we düzüm sanawyny işläp düzýär;
16) weterinariýa - sanitariýa düzgünlerini ygtyýarlandyrylan edara tassyklamak üçin berýär;
17) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda weterinariýa işi babatda ygtyýarlylandyrmak üçin resminamalary taýýarlaýar;
18) weterinariýa derman serişdeleriniň, ot-iýmleriň, ot-iým goşundylarynyň döwlet tarapyndan hasaba alynmagyny amala aşyrýar we Döwlet reýestrini ýöredýär;
181) weterinariýa işi babatda sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we olary ulanmak arkaly maglumat üpjünçiligini amala aşyrýar;
19) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna degişli beýleki meseleleri çözýär.
2. Gulluk öz üstüne ýüklenen wezipeleri gös-göni ýa-da welaýatlardaky, etraplardaky we şäherlerdäki Döwlet weterinariýa gulluklarynyň (mundan beýläk – ýerli edaralar) üsti bilen amala aşyrýar.
8-nji madda. Weterinariýa işi babatda ýerine ýetiriji
häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş
edaralarynyň ygtyýarlyklary
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary özleriniň garamagyndaky çäklerde:
1) Gulluga we onuň ýerli edaralaryna öz wezipelerini ýerine ýetirmekleri üçin şertleri döredýärler;
2) eýeleri tarapyndan haýwanlary saklamagyň, idetmegiň, iýmitlendirmegiň weterinariýa-sanitariýa talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik barlagyny amala aşyrýarlar we epizootiýa garşy çäreleriň geçirilmegine ýardam edýärler;
3) adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda haýwanlaryň aýratyn howply ýokanç kesellerini anyklamaga, önüni almaga, ýok etmäge gönükdirilen epizootiýa garşy çäreleriň geçirilmeginde Gullugа we onuň ýerli edaralaryna ýardam edýärler;
4) ýylda bir gezek haýwanlaryň görnüşleri boýunça hasaba alnyşyny geçirýärler;
5) aýratyn howply ýokanç kesellerden ölen haýwanlary ýakmak we gömmek üçin ýörite ýerleri bölüp berýärler, şeýle hem weterinariýa-sanitariýa kadalarynyň talaplaryna laýyklykda mal mazarlyklarynyň gurluşygyny üpjün edýärler;
51) daşary ýurtlardan weterinariýa gözegçiligine degişli bolan mallaryň we maldarçylyk önümleriniň getirilýän döwründe dürli sebäplere görä mallaryň ölmegi we (ýa-da) maldarçylyk önümleriniň ulanmaga ýaramsyz ýagdaýa gelmegi netijesinde olaryň ýakylmagy we (ýa-da) gömülmegi üçin bellenilen tertipde ýer böleklerini bölüp berýärler hem-de zerur şertleri döredýärler;
6) ilatly ýerleri mallary soýmak üçin meýdançalar bilen bellenen talaplara laýyklykda üpjün edýärler;
7) mal mazarlyklarynyň weterinariýa-sanitariýa kadalarynа laýyklykda saklanylyşyna gözegçilik barlagyny amala aşyrýarlar;
8) ilatly ýerlerde eýesiz itleriň, pişikleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreleri amala aşyrýarlar;
9) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýärler.
III BAP. WETERINARIÝA IŞI BABATDA
MALIÝELEŞDIRMEK
9-njy madda. Gullugy we onuň ýerli edaralaryny
hem-de olaryň weterinariýa işi babatda
çärelerini maliýeleşdirmek
1. Gullugyň we onuň ýerli edaralarynyň işiniň maliýeleşdirilişi we maddy-tehniki taýdan üpjünçiligi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň, edilen weterinariýa hyzmatlaryndan alnan serişdeleriň, haýwanlara ulanylýan derman serişdelerini ýerlemekden alnan girdejileriň hem-de Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik beýleki serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
2. Gulluga degişli weterinariýa binalaryny gurmak, düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek, enjamlary, ulag serişdelerini, waksinalary, dezinfeksiýa, dezinseksiýa işleri üçin ýuwujy serişdeleri, barlaghanada ulanylýan anyklaýyş serişdelerini satyn almak Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
3. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan haýwanlaryň karantin we aýratyn howply kesellerini anyklamaga, önüni almaga, ýok etmäge gönükdirilen epizootiýa garşy çäreleri maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
Adatdan daşary ýagdaýlar ýa-da zerurlyk ýüze çykan halatynda haýwanlaryň aýratyn howply kesellerini anyklamaga, olaryň öňüni almaga, ýok etmäge gönükdirilen epizootiýa garşy çäreleri geçirmek üçin zerur bolan waksinalary, dezinfeksiýa, dezinseksiýa işleri üçin ýuwujy serişdeleri, barlaghana üçin anyklaýyş serişdeleri satyn almak we weterinariýa çärelerini geçirmek Gullugyň öz serişdeleriniň (býujetden daşary serişdeler we (ýa-da) daşary ýurt pulundaky serişdeler) hasabyna amala aşyrylyp bilner.
4. Haýwanlaryň ýokanç däl, gan sorujy-parazitar we gelmintoz-gurçuk keselleriniň garşysyna zerur öňüni alyş, bejeriş çärelerini geçirmek üçin, Gullugyň öz serişdeleriniň hasabyna satyn alnan waksinalar, dezinfeksiýa, dezinseksiýa işleri üçin ýuwujy serişdeler, barlaghana üçin anyklaýyş serişdeleri we weterinariýa derman serişdeleri ulanylyp bilner. Şol serişdeler we edilen hyzmatlar üçin tölegler weterinariýa gözegçiligine degişli mallaryň we maldarçylyk önümleriniň eýeleriniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
41. Hiç kimiň eýeçiligine degişli bolmadyk ýabany haýwanlar we guşlar, suwda ýaşaýan janly-jandarlar hem-de ýabanylaşan haýwanlar üçin ulanylýan waksinalar, dezinfeksiýa, dezinseksiýa işleri üçin ýuwujy serişdeler, barlaghana üçin anyklaýyş serişdeleri Gulluk tarapyndan muzdsuz üpjün edilýär we weterinariýa hyzmatlary tölegsiz amala aşyrylýar.
5. Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerinde Gulluk tarapyndan weterinariýa derman serişdeleri bilen üpjün edilýän ulag serişdelerini zyýansyzlandyryş geçelgelerinde awtoulag serişdeleriniň zyýansyzlandyrylandygy üçin tölegler Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen ýeke-täk möçberlere laýyklykda amala aşyrylýar, edilen beýleki weterinariýa hyzmatlary üçin tölegler degişli ministrlikler bilen ylalaşylyp, weterinariýa hyzmatlary üçin tassyklanylan nyrhnamalar esasynda amala aşyrylýar.
10-njy madda. Weterinariýa işini ygtyýarlylandyrmak
1. Weterinariýa işini ygtyýarlylandyrmak «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we şu Kanuna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanda weterinariýa işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
11-nji madda. Haýwanlary ätiýaçlandyrmak
Ýuridik we fiziki şahslar özlerine degişli haýwanlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda meýletin ätiýaçlandyryp bilerler.
IV BAP. WETERINARIÝA IŞI BABATDA DÖWLET
GÖZEGÇILIGI
12-nji madda. Döwlet weterinariýa gözegçiligi
1. Döwlet weterinariýa gözegçiligi – munuň özi, Gullugyň we onuň ýerli edaralarynyň Türkmenistanyň weterinariýa işi barada kanunçylygynyň bozulmalarynyň önüni almaga, ýokanç kesellerden saplamaga, ýokanç keselleriň ýaýradylmagynyň önüni almaga hem-de weterinariýa gözegçilik barlagyna degişli önümleriň weterinariýa babatda howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen işidir.
2. Weterinariýa gözegçiligine degişli bolan önümleriň daşalmagyna döwlet weterinariýa gözegçilik barlagyny guramak we geçirmek, Türkmenistanyň Baş döwlet weterinariýa gözegçisiniň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň döwlet weterinariýa gözegçileriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki we ulagdaky döwlet weterinariýa gözegçileriniň üstüne ýüklenilýär.
3. Döwlet weterinariýa-sanitariýa gözegçiligi Gullugyň degişli hünärmenleriň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda amala aşyrylýar.
4. Gullugyň ýolbaşçysy şol bir wagtda Türkmenistanyň Baş döwlet weterinariýa gözegçisi bolup durýar.
5. Döwlet weterinariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan wezipeli adamlar öz işinde garaşsyzdyrlar.
6. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary döwlet weterinariýa gözegçilerine öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän mahalynda zerur bolan kömegi bermäge borçludyr.
13-nji madda. Türkmenistanyň Baş döwlet weterinariýa
gözegçisiniň, welaýatlaryň, etraplaryň we
şäherleriň döwlet weterinariýa gözegçileriniň
hukuklary
Türkmenistanyň Baş döwlet weterinariýa gözegçisiniň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň döwlet weterinariýa gözegçileriniň şu aşakdakylara hukuklary bardyr:
1) Türkmenistanyň weterinariýa işi babatdaky kanunçylygynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik geçirmek maksady bilen ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalaryň, edaralaryň maldarçylyk we guşçulyk hojalyklaryna, maldarçylyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryna päsgelçiliksiz barmaga;
2) ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we telekeçilik işlerini alyp barýan hususy kärhanalaryň wezipeli adamlaryndan we raýatlardan zerur bolan weterinariýa çärelerini geçirmegi talap etmäge, şeýle hem olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik barlagyny amala aşyrmaga;
3) epizootiýa görkezijileri boýunça haýwanlarda anyklaýyş barlaglaryny we olarda öňüni alyş sanjym işlerini geçirmek barada çözgütleri kabul etmäge;
4) adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan mahalynda weterinariýa seljermesiniň netijenamasy boýunça, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan döredilen iş toparynyň çykaran netijenamasy esasynda weterinariýa gözegçiligine degişli önümleri weterinariýa-sanitariýa talaplaryna laýyklykda ýok etmäge, zyýansyzlandyrmaga we hasapdan aýyrmaga;
5) haýwanlaryň ýokanç we ýokanç däl keselleriniň ýaýramagynyň önüni almak, ojaklaryny ýok etmek maksady bilen aýry-aýry sebitlerde karantin girizmäge;
6) ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan Türkmenistanyň weterinariýa işi babatyndaky kanunçylygynyň bozulan halatlarynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda olaryň işini togtatmaga we jerime salmaga;
7) haýwanlaryň aýratyn howply keselleriniň ojaklary ýok edilen mahalynda, keselli haýwanlary sag haýwanlardan aýry ýerde saklamak, weterinariýa gözegçiligine degişli önümleri zyýansyzlandyrmak hakyndaky çäreleriň berjaý edilmegini talap etmäge;
8) özleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän mahalynda, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýeňilliklerden we höweslendirmelerden peýdalanmaga.
14-nji madda. Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň we eýeçiliginiň görnüşine
garamazdan ýuridik şahslaryň weterinariýa
gulluklary
1. Haýwanlary saklaýan ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýuridik şahslar Gulluk bilen ylalaşylmagy boýunça, öz serişdeleriniň hasabyna pudaklaýyn weterinariýa gulluklaryny döretmäge hukuklary bardyr.
2. Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýuridik şahslar tarapyndan döredilen weterinariýa gulluklary, ýerleşýän ýeri boýunça ýerli edaralar bilen, özleriniň iş meýilnamalaryny ylalaşmaga, ýerine ýetirilen işler barada hasabat bermäge borçludyrlar.
3. Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýuridik şahslar tarapyndan döredilen weterinariýa gulluklarynyň, ýokanç däl kesellerden haram ölen we mejbury soýlan haýwanlaryň keselini anyklamaga hukugy bardyr.
15-nji madda. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň we eýeçiliginiň görnüşine
garamazdan ýuridik şahslaryň weterinariýa
gözegçiligi
1. Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýuridik şahslaryň weterinariýa gulluklarynyň hünärmenleri öz hojalyklarynda haýwanlaryň saklanyşyna, maldarçylyk we guşçulyk önümleriniň öndürilişine weterinariýa gözegçiligini amala aşyrýarlar.
2. Weterinariýa çäreleriniň meýilnamalary Gulluk bilen ylalaşylýar we ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan tassyklanylýar.
3. Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýuridik şahslaryň weterinariýa gulluklarynyň hünärmenleri şu aşakdaky hukuklara eýedir:
1) hojalyklaryň ýolbaşçylaryna, haýwanlaryň eýelerine, haýwanlary saklamak, ösdürmek, daşamak, weterinariýa gözegçiligine degişli önümleri ýerlemek boýunça, weterinariýa kadalaryny berjaý edilşine görkezmeleri bermäge;
2) ýokanç kesel bilen kesellän haýwanlaryň hojalyga (ferma) getirilmegini we ondan çykarylmagyny hem-de hojalygyň içindäki hereketlerini gadagan etmäge;
3) haýwanlaryň kesellemeginiň hem-de ölmeginiň sebäpleri barada netijenama bermäge;
4) maldarçylyk we guşçulyk önümlerine bellenilen tertipde weterinariýa resminamalaryny bermäge.
16-njy madda. Weterinariýa gözegçiligine degişli desgalary
taslamalaşdyrmak we gurmak
Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, weterinariýa gözegçiligine degişli önümleri öndürmek, gaýtadan işlemek we saklamak üçin gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary taýýarlananda we desgalar gurlanda weterinariýa-sanitariýanyň talaplary nazara alynmalydyr we bu işleriň amala aşyrylmagyna Gullugyň netijenamasy bar bolan ýagdaýynda ygtyýar berilmelidir.
V BAP. HAÝWANLARYŇ EÝELERINIŇ HUKUKLARY
WE BORÇLARY
17-nji madda. Haýwanlaryň eýeleriniň hukuklary we
borçlary
1. Haýwanlaryň eýeleriniň şu aşakdakylara hukuklary bardyr:
1) haýwanlara, maldarçylyk önümlerine geçirilen ýörite barlaglaryň netijeleri barada hem-de haýwanlaryň saklanýan ýerleriniň epizootiýa ýagdaýy hakynda ýerli edaralardan maglumat almaga;
2) ýerli edaralaryň we hususy weterinariýa hünärmenleriniň kanuny talaplara gabat gelmeýän hereketlerini we görkezmelerini degişli guramalara şikaýat etmäge;
3) ýurdumyzda döwlet tarapyndan hasaba alnan ýokanç kesellere garşy ulanylýan waksinalary, zyýansyzlandyryjy derman serişdelerini (dezinfeksiýa, dezinseksiýa, deratizasiýa serişdeleri, pestisidleri), ot-iýmleri, ot-iým goşundylaryny Gullugyň ygtyýar bermegi bilen Türkmenistanyň çägine getirmäge.
2. Haýwanlaryň eýeleri şu aşakdakylara borçludyr:
1) weterinariýa hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi üçin ýerli edaralar bilen şertnamalary baglaşmaga;
2) degişli karantin we beýleki weterinariýa çärelerini geçirmek boýunça ýerli edaralaryň ähli görkezmelerini ýerine ýetirmäge;
3) ýokary hilli maldarçylyk önümleriniň öndürilmegini üpjün etmek maksady bilen weterinariýa-sanitariýanyň talaplaryny yzygiderli berjaý etmäge;
4) haýwanlaryň ýokanç keseller bilen keselländigine şübhe dörän halatlary barada haýal etmän ýerli edara habar bermäge;
5) özlerine degişli haýwanlarda ýokanç kesellere garşy weterinariýa öňüni alyş çärelerini öz wagtynda geçirmäge.
3. Öňüni alyş çäreleriniň öz wagtynda geçirilmän haýwanlaryň arasynda ýokanç keselleriň döremegine ýol berlen halatynda, haýwanlaryň eýeleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýerli edaralaryň netijenamasy esasynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige çekilip bilner.
18-nji madda. Haýwanlaryň ýokanç keselleriniň beýleki
döwletleriň çäklerinden getirilmeginden
Türkmenistanyň çäklerini goramak
1. Weterinar gözegçilik barlagyna degişli haýwanlaryň we maldarçylyk önümleriniň Türkmenistanyň çägine getirilmegine weterinariýa babatda halkara talaplary, Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň kadalary, şeýle hem zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň talaplary berjaý edilen ýagdaýynda ygtyýar berilýär.
2. Daşary ýurt döwletlerinden haýwanlaryň ýokanç keselleriniň Türkmenistanyň çägine aralaşmagynyň öňüni almak baradaky çäreleri amala aşyrmak üçin, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerinde weterinariýa gözegçilik nokatlary döredilýär. Weterinariýa gözegçiligine degişli ýükleriň diňe weterinariýa gözegçilik nokatlarynyň üsti bilen Türkmenistanyň çägine getirilmegine ygtyýar berilýär.
3. Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerinden geçýän adamlaryň el goşlarynyň barlanylmagy, getirilýän haýwanlaryň kliniki barlaglardan geçirilmegi hökmanydyr.
4. Türkmenistanyň çägine girýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän awtoulag, motoulag serişdeleri we özi ýöreýän ulag serişdeleri (traktorlar, oba hojalyk maşynlary we beýleki degişli ulag serişdeleri) ulag serişdelerini zyýansyzlandyryş geçelgesinden hökmany geçirilmelidir.
5. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda Türkmenistanyň çäginden daşyna çykýan awtoulag, motoulag serişdeleri we özi ýöreýän ulag serişdeleri olary kabul ediji ýurduň talabyna laýyklykda, ulag serişdelerini zyýansyzlandyryş geçelgesinden geçirilmelidirler, şeýle hem olar Türkmenistanyň çägine giren, onuň çäginden daşyna çykan we üstaşyr geçen ýagdaýlarynda Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerinde gurnalan zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa desgalarynda zyýansyzlandyrylmalydyrlar.
19-njy madda. Karantin girizilmegiň şertleri
1. Türkmenistanyň çägine daşary ýurtlardan haýwanlar getirilende we ýurdumyzyň çägindäki haýwanlarda ýokanç keselleri dörän ýagdaýynda onyň ýaýraýyş we zyýan ýetiriş derejesine görä weterinariýa gullugynyň ýüz tutmasy esasynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan ýerlerde karantin ýa-da aýry-aýry karantin çäklendirmeleri girizilýär.
2. Ýokanç keseller dörän ýagdaýynda aýratyn ýerlerde karantin ýagdaýynyň girizilmegi üçin haýwanlaryň ýokanç keseliniň anyklanandygy barada Gullugyň barlaghanasy tarapyndan berlen resminama bolmalydyr.
3. Ýokanç keseller dörän ýagdaýynda Gullugyň barlaghanasynyň resminamasy esasynda, Gullugyň başlygy karantin girizilendigi barada degişli edaralara habar bermelidir.
4. Etraplaryň we şäherleriň çäklerinde haýwanlaryň arasynda ýokanç keselleriň dörändigi barada adatdan daşary ýagdaýy girizmek üçin etrap ýa-da şäher häkimi tarapyndan Karar çykarylmalydyr. Kararda döwlet tarapyndan hasaba alnan ýokanç keseli ýok etmek barada döredilen topar tarapyndan edilmeli işiň meýilnamasy tassyklanylmalydyr.
5. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan karantin ýa-da aýry-aýry karantin çäklendirmeleri girizilen hojalyklarda ýokanç keseller bilen kesellän haýwanlaryň öldürilmegine, ýok edilmegine hem-de maldarçylyk önümleriniň aýrylmagyna ygtyýar berilýär.
6. Karantin girizilen ýerlerde wagtlaýyn gözegçilik nokatlary döredilmelidir. Ilatly ýerlerde (welaýatyň, şäheriň, etrabyň, hojalygyň, fermanyň çäklerindäki), weterinariýa gözegçiligine degişli haýwanlaryň we ondan öndürilýän önümleriň daşalmagy gadagan edilmäge we mal we guş bazarlarynyň işi togtadylmaga degişlidir.
7. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan hojalykda haýwanlaryň ýokanç keseliniň ýaýramagyndan saplanandygy barada Gullugyň we keseli ýok etmek baradaky toparyň çykaran netijenamasy esasynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň karary bilen karantin çäklendirmeleri aýrylýar.
VI BAP. WETERINARIÝA DERMAN SERIŞDELERINIŇ
TAÝÝARLANYLYŞY, SAKLANYLYŞY WE
ULANYLYŞY
20-nji madda. Haýwanlary kesellerden gorap saklamak üçin
weterinariýada ulanylýan serişdeler
1. Haýwanlaryň kesellerini anyklamak, keselleriň öňüni almak, bejermek üçin ulanylýan weterinariýa derman serişdeleri, şeýle-de bejermegiň adaty bolmadyk halk usullary hem-de haýwanlary kesellerden gorap saklamagyň beýleki serişdeleri degişli barlaglardan geçirilmegiň esasynda anyk netijä gelnenden soň, daşary ýurtlardan Türkmenistana getirmäge, ýurdumyzda öndürmäge, önümçilige ornaşdyrmaga, ýerlemäge, ulanmaga we saklamaga Gullugyň rugsatnamasy bolan ýagdaýynda ygtyýar berilýär.
2. Aşakda görkezilenlerden başga halatlarda diňe döwlet tarapyndan hasaba alnan weterinariýa derman serişdelerinden peýdalanmaga ygtyýar berilýär:
1) weterinariýada ulanylýan derman serişdelerini döwlet tarapyndan hasaba almak üçin nusgalary getirilende;
2) ýerlemek hukugy bolmazdan weterinar derman serişdelerini sergilerde, ýarmarkalarda, maslahatlarda görkezmek üçin;
3) ýuridik we fiziki şahslaryň öz serişdeleriniň hasabyna jemgyýetçilik mallaryny we hususy şahslara degişli bolan mallary bejermek, keselleriniň öňüni almak maksatlary üçin;
4) haýwanat bagynda anyk haýwanlary bejermek üçin;
5) ýokanç keselleriň garşysyna göreşmek, Gullugyň talap etmegi boýunça ýokanç keselleriň ojaklarynda göreş çärelerini geçirmek, haýwanlary bejermek, adatdan daşary ýagdaýlaryň ýetiren zyýanlaryny ýok etmek üçin.
3. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary bilen döredilen maldarçylyk we guşçulyk hojalyklaryna haýwanlaryň ýokanç däl kesellerini bejermek, olaryň keselleriniň öňüni almak, maldarçylyk önümleriniň mukdaryny ýokarlandyrmak üçin ulanylýan derman serişdelerini, şeýle hem haýwanlary emeli usulda tohumlandyrmak üçin we düwünçekleriň transplantasiýasynda ulanylýan serişdeleri, antiseptikleri, dezinfektantlary, ýuwujy serişdeleri, deratizasiýa üçin weterinariýa derman serişdelerini, olara ygtyýarnama almazdan Türkmenistanyň çägine getirmäge rugsat edilýär.
4. Ýokanç kesellere garşy ulanylýan waksinalar, zyýansyzlandyryjy derman serişdeleri (dezinfeksiýa, dezinseksiýa, deratizasiýa serişdeleri, pestisidleri) epizootiýa ýagdaýlarynyň hasabyna görä kesgitlenen hasaplamalar boýunça (ýylyň meýilnamasy) ýurdumyzyň çägine Gulluk tarapyndan hem-de onuň bir gezeklik rugsatnamasy esasynda haýwanlaryň eýeleri tarapyndan getirilip bilner.
21-nji madda. Weterinariýa gözegçiligine degişli önümleriň
eksporty we importy
1. Döwlet weterinariýa gözegçiligine degişli önümleriň eksporty we importy Gullugyň rugsat bermegi bilen amala aşyrylýar.
2. Daşary ýurtlardan Türkmenistana getirilýän ýa-da onyň çäginden çykarylýan weterinariýa gözegçiligine degişli önümler Gullugyň akkreditirlenen ýa-da hünär synagy geçirilen barlaghanasynda degişli barlaglardan geçirilmelidir.
3. Weterinariýa gözegçiligine degişli önümleriň importy üçin rugsatnama bermeklik haryt getirijiniň ýüz tutan gününden başlap 30 günüň dowamynda amala aşyrylmalydyr.
4. Weterinariýa gözegçiligine degişli önümleriň eksporty üçin rugsatnama bermeklik, haryt iberijiniň ýüz tutan gününden başlap 15 günüň dowamynda amala aşyrylmalydyr.
5. Tohumlyk önümleriň (tohum mal, onuň tohumy (döli) we düwünçegi, inkubasion ýumurtgalar, işbil, liçinkalar, balary paketleri) Türkmenistana getirilmegine rugsat Gullugyň we tohum maldarçylygy babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynyň bilelikdäki çözgüdi esasynda berilýär.
6. Türkmenistana getirilýän we onyň çäginden çykarylýan haýwanlar 30 günüň dowamynda karantinde saklanylmaga degişlidir.
7. Gulluk Türkmenistanyň çäginden çykarylýan haýwanlarda ýokanç keselleriň ýokdugyna, maldarçylyk önümleriniň howpsuzlygyna kepil geçmelidir.
8. Türkmenistanyň çäklerinde ýokanç keseller dörän halatynda, halkara epizootiýa guramasynyň talaplaryna laýyklykda, keseliň ýaýrap gitmezligi hem-de maldarçylyk önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, käbir zolaklarda zonallaşdyrmak we kompartmentalizasiýa girizilýär hem-de haýwanlary, mallardan we guşlardan öndürilýän önümleri daşary ýurtlara çykarmaga ygtyýar berilýär.
9. Haýwanlardan öndürilýän genetiki taýdan modifisirlenen önümleriniň importy gadagandyr.
22-nji madda. Ot-iýmlere, ot-iým goşundylaryna bildirilýän
talaplar
1. Degişli barlaglar geçirilenden soňra döwlet tarapyndan hasaba alnandygy barada şahadatnama berlen ot-iýmleri, ot-iým goşundylaryny daşary ýurtlardan Türkmenistana getirmek, ýurdumyzda öndürmek, önümçilige ornaşdyrmak, ýerlemek, ulanmak we saklamak Gullugyň rugsatnamasy boýunça amala aşyrylýar.
2. Şu görkezilenlerden başga halatlarda diňe döwlet tarapyndan hasaba alnan ot-iýmleri, ot-iým goşundylaryny peýdalanmaga ygtyýar berilýär:
1) ot-iýmleriň, ot-iým goşundylarynyň döwlet tarapyndan hasaba almak üçin nusgalary getirilende;
2) ot-iýmler we ot-iým goşundylary ýerlemek hukugy berilmezden sergilerde, ýarmarkalarda, maslahatlarda görkezmek üçin getirilende.
3. Haýwanlaryň ösüşini çaltlandyrýan we önümliligini artdyrýan biologik gurplandyryjylary, garmonlary we beýleki himiki serişdeleri ygtyýar edilýän möçberlerde ulanmaga rugsat berilýär.
Haýwanlaryň ösüşini çaltlandyrýan we önümliligini artdyrýan biologik gurplandyryjylary, garmonlary we beýleki himiki serişdeleri ulanmagyň möçberleri ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan kesgitlenilýär.
23-nji madda. Epizootiýa garşy adatdan daşary topar
Kärhanalara, edaralara, guramalara we raýatlara degişli haýwanlaryň ýokanç we ýokanç däl köpçülikleýin keselleriniň ýaýramagynyň önüni almak we olaryň ojaklaryny ýok etmek boýunça işlere dessin ýolbaşçylyk etmek hem-de şol işleri utgaşdyrmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan, özleri barada tassyk edilen düzgünnama laýyklykda hereket edýän epizootiýa garşy adatdan daşary toparlar bellenilen tertipde döredilýär.
VII BAP. WETERINARIÝA IŞINIŇ YLMY ÜPJÜNÇILIGI
WE WETERINARIÝA HÜNÄRMENLERINIŇ
TAÝÝARLANYLYŞY
24-nji madda. Weterinariýa işiniň ylmy üpjünçiligi
1. Weterinariýa işi bilen meşgullanmaga, ýuridik we fiziki şahs hökmünde bellenilen tertipde bellige alnan we şol işi amala aşyrmaga hukuk berýän orta hünär we ýokary hünär bilimi bolan weterinariýa hünärmenlerine rugsat berilýär.
2. Türkmenistanda weterinariýa işiniň ylmy üpjünçiligi bu ugurda ylmy iş alyp barýan ylmy edaralarda we ýokary okuw mekdeplerinde amala aşyrylýar.
25-nji madda.Weterinar hünärmenleriň taýýarlanylyşy
Türkmenistanda weterinar hünärmenleriniň taýýarlanylmagy orta hünär we ýokary hünär okuw mekdeplerinde, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrýan we olary gaýtadan taýýarlaýan edaralarda amala aşyrylýar.
VIII BAP. WETERINARIÝA IŞI BABATDA
TÜRKMENISTANYŇ HALKARA
HYZMATDAŞLYGY
26-njy madda. Weterinariýa işi babatda halkara
hyzmatdaşlygy
Türkmenistan weterinariýa işi babatda halkara we sebitara hyzmatdaşlygyny Gullugyň üsti bilen amala aşyrýar.
IХ BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
27-nji madda. Weterinariýa işi baradaky Türkmenistanyň
kanunçylygynyň bozulandygy üçin
jogapkärçilik
Weterinariýa işi hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde jogapkärçilige eltýär.
28-nji madda. Jedelleri çözmek
Türkmenistanda weterinariýa işi amala aşyrylanda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
29-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. Şu aşakdakylary öz güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:
1) 1996-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky «Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1996 ý., № 1–2, 8-nji madda);
2) 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ХIХ bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 33-nji madda).
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2014-nji ýylyň 8-nji noýabry.
№ 143-V.