Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Haýwanat dünýäsi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 1, 4-madda)
(03.06.2017 ý. № 578-V Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär we ýaşaýan tebigy gurşawynyň şertlerinde onuň aýalyp saklanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
haýwanlar – hereket etmek, taýýar organiki birleşmelerinden iýmitlenmek başarnygyna eýe bolan, organiki dünýäniň ýokary toparlarynyň birini düzýän organizmler (ýönekeýler, gurçuklar, bognaýaklylar, mollýusklar, balyklar, ýerde-suwda ýaşaýanlar, süýrenijiler, guşlar, süýdemdirijiler);
haýwanat dünýäsi – Türkmenistanyň we Hazar deňziniň türkmen böleginiň çäklerinde tebigy erkin ýagdaýda ýaşaýan haýwanlaryň (ýabany haýwanlaryň) bir ýa-da köp görnüşleriniň taryhy taýdan emele gelen osoblaryň jemi;
haýwanat dünýäsiniň obýekti – haýwan gelip çykyşly organizm (ýabany haýwan);
haýwanat dünýäsiniň ýaşaýan gurşawy – haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň tebigy erkin ýagdaýynda ýaşaýan tebigy gurşawy;
haýwanat dünýäsiniň ýaşaýan gurşawyny goramak – haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň tebigy erkin ýagdaýynda durnukly ýaşamak we üznüksiz köpelmek şertlerini aýap saklamaga ýa-da dikeltmäge gönükdirilen iş;
haýwanat dünýäsiniň obýektlerini almak – tebigy erkin ýagdaýynda ýaşaýan ýabany haýwanlary ýaşaýan gurşawyndan almak, awlamak, tutmak;
haýwanat dünýäsiniň obýektlerini almagyň çäklendirilen möçberi – haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden ýörite peýdalanmagy amala aşyrýan, haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanyjylar üçin wagtyň kesgitli döwründe ýabany haýwanlary almagyň bellenilen aňryçäk ýol berilýän möçberi;
haýwanat dünýäsiniň obýektlerini goramak – haýwanat dünýäsini, onuň ýaşaýan gurşawyny we görnüş dürlüligini aýap saklamaga, haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanmaga we üznüksiz köpeltmäge gönükdirilen iş, şeýle hem haýwanat dünýäsiniň obýektlerini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda hukuk bozulmalarynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça çäreleriň toplumy;
haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanmak – obýektleri ýaşaýan gurşawyndan alyp ýa-da alman haýwanat dünýäsinden, onuň peýdaly häsiýetlerinden peýdalanmak;
haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanyjylar – şu Kanuna laýyklykda haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanmak hukugy berlen ýuridik we fiziki şahslar;
haýwanat dünýäsiniň obýektlerini durnukly peýdalanmak – haýwanat dünýäsiniň görnüş dürlüliginiň azalmagyna getirmeýän, onuň üznüksiz köpelmek we häzirki hem-de geljekki nesilleriň isleglerini kanagatlandyrmak ukybyny saklaýan usullar bilen haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanmak;
haýwanat dünýäsiniň obýektlerini emeli taýdan köpeltmek – haýwanat dünýäsiniň obýektlerini erkin däl we (ýa-da) ýarym erkin şertlerinde saklamak we köpeltmek;
haýwanlary çaknyşdyrmak – genetik fondy gowulandyrmak, inbridingiň (ýakyn garyndaşlyk çaknyşdyrmanyň) netijeliligini azaltmak maksady bilen bir görnüşiň dürli populýasiýalarynyň ýa-da ýaýrawlarynyň haýwanlarynyň genetik serişdelerini tebigy we emeli birikdirmek;
zoologiýa toplamasy – haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň läşleriniň, ýumurtgalarynyň, preparatlarynyň we bölekleriniň, şol sanda ylmy, medeni-aň bilim, okuw-terbiýeçilik we estetiki gymmaty bolan haýwanat baglarynyň, sirkleriň, zoologiýa malhanalaryň, akwariumlaryň, terrariumlaryň ýygyndysy;
haýwanat dünýäsiniň döwlet kadastry – ýabany haýwanlaryň geografik ýaýraýşy, olaryň görnüşleriniň mukdar we hil häsiýetnamalary, olaryň goruna ykdysady taýdan baha bermek we peýdalanmak hakyndaky ulgamlaşdyrylan maglumatlaryň jemi, şeýle hem olaryň goragyny we durnukly peýdalanylmagyny üpjün etmek üçin gerek bolan haýwanat dünýäsiniň obýektleri hakyndaky beýleki maglumatlar.
2-nji madda. Haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz
köpeltmek we peýdalanmak hakyndaky
kanunçylyk
1. Haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak hakyndaky kanunçylyk Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2. Oba hojalyk we beýleki öý haýwanlaryny, şeýle hem tebigatdan alnan we erkin däl ýagdaýda saklanýan ýabany haýwanlary goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatdaky gatnaşyklar Türkmenistanyň degişli kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
3. Balyk tutmak we suwuň biologik serişdeleri, şeýle hem aw awlamak we awçylyk hojalygy babatdaky gatnaşyklar Türkmenistanyň degişli kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
4. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda bellenilen kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz
köpeltmek we peýdalanmak babatda
esasy ýörelgeler
Haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda esasy ýörelgeler şu aşakdakylardyr:
1) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek we gözegçilik etmek;
2) haýwanat dünýäsiniň peýdalanylyşyna, üznüksiz köpeldilişine we goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmak boýunça işiň haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanmak boýunça iş bilen utgaşdyrylmagyna ýol bermezlik;
3) haýwanat dünýäsiniň obýektlerini durnukly peýdalanmak;
4) ynsanperwerligiň umumy kabul edilen ýörelgelerine laýyklykda haýwanlara rehimsiz çemeleşilmegine ýol bermeýän usullar bilen haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanmak;
5) şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatlardan başga haýwanat dünýäsinden peýdalanmagyň tölegliligi;
6) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilikden gutulgysyzlygy;
7) haýwanat dünýäsiniň obýektlerini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda wezipeleriň çözülmegine raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagy;
8) haýwanat dünýäsiniň obýektlerini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda maglumatyň elýeterliligi;
9) haýwanat dünýäsiniň obýektlerini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda halkara hyzmatdaşlygy.
4-nji madda. Haýwanat dünýäsine bolan eýeçilik hukugy
1. Türkmenistanyň çäginde tebigy erkinlik ýagdaýynda ýaşaýan haýwanat dünýäsiniň obýektleri döwletiň eýeçiliginde durýar.
Türkmenistan haýwanat dünýäsiniň obýektleri babatda özbaşdak hukuklara eýelik edýär we Hazar deňziniň türkmen bölegindäki tabynlygy Türkmenistanyň kanunçylygynda, şeýle hem halkara hukugynyň kadalary bilen kesgitlenýän tertipde amala aşyrýar.
2. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, bellenilen tertipde ýaşaýan gurşawyndan alnan haýwanat dünýäsiniň obýektleri ýuridik we fiziki şahslaryň eýeçiligi bolup biler.
Şeýle haýwanlara eýelik etmek, peýdalanmak we ygtyýar etmek boýunça gatnaşyklar şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
5-nji madda. Haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz
köpeltmek we peýdalanmak babatdaky
gatnaşyklaryň subýektleri
Haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatdaky gatnaşyklaryň subýektleri ýuridik we fiziki şahslardyr.
II BAP. HAÝWANAT DÜNÝÄSINI GORAMAK,
ÜZNÜKSIZ KÖPELTMEK WE PEÝDALANMAK
BABATDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRIŞI
6-njy madda. Haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz
köpeltmek we peýdalanmak babatdaky
döwlet düzgünleşdirişini amala aşyrýan edaralary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda döwlet düzgünleşdirişini amala aşyrýan edaralardyr.
7-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz
köpeltmek we peýdalanmak babatdaky
ygtyýarlygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýeke-täk döwlet syýasatynyň geçirilmegini üpjün edýär;
2) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;
3) haýwanat dünýäsine eýelik etmek, peýdalanmak we ygtyýar etmek hukuklaryny amala aşyrýar;
4) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasyny kesgitleýär;
5) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň işine ýolbaşçylyk edýär;
6) haýwanat dünýäsiniň döwlet monitoringini we döwlet kadastryny ýöretmegiň tertibini belleýär;
7) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda döwlet standartlaryny, düzgünlerini, çäklendirilen möçberlerini we kadalaşdyrmalaryny belleýär;
8) haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanmak üçin ygtyýarnamalary bermegiň tertibini tassyklaýar;
9) haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanmak üçin çäklendirmeleri we gadagan etmeleri bellemegiň kadalaryny tassyklaýar;
10) zoologiýa toplamalaryny döretmegiň we döwlet tarapyndan hasaba almagyň kadalaryny tassyklaýar;
11) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;
12) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýaryna girýän beýleki meseleleri çözýär.
8-nji madda. Haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz
köpeltmek we peýdalanmak babatdaky
ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly
edarasynyň ygtyýarlygy
Haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy:
1) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
2) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak hem-de onuň ýaşaýan gurşawyny aýap saklamak boýunça döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär;
3) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak boýunça edara tabynlygyndaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;
4) haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň goralyşyna, üznüksiz köpeldilişine we peýdalanylyşyna, şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen haýwanlaryň seýrek duşýan we ýitip gitmek howpy astynda durýan haýwanat dünýäsiniň görnüşlerini goramak boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;
5) haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň döwlet monitoringini we döwlet kadastryny ýöredýär;
6) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak böleginde hojalyk obýektlerini we önümçiliklerini gurmak we durkuny täzelemek üçin taslamadan öňki we taslama resminamasynyň döwlet ekologik seljermesini geçirýär;
7) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda kadalaşdyrmalary işläp taýýarlaýar;
8) Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň (haýwanat dünýäsi böleginde) ýöredilmegini üpjün edýär;
9) ygtyýarly döwlet edaralary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen ylalaşyp, haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden ol ýa-da beýleki görnüşlerini Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizmek we ondan çykarmak hakynda çözgütler kabul edýär we olary goramagyň tertibini we çärelerini kesgitleýär;
10) haýwanlaryň seýrek duşýan we ýitip gitmek howpy astynda durýan derejesine degişli görnüşlerini hasaba alyp, haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanmak üçin bellenilen möçberini kesgitleýär;
11) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda, şol sanda aýratyn goralýan tebigy ýerlerde ylmy barlaglaryň geçirilmegini guraýar;
12) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde haýwanat dünýäsiniň obýektlerini, olaryň böleklerini we ondan öndürilen önümlerini, şol sanda seýrek duşýan we ýitip gitmek howpy astynda durýan haýwanlaryň derejesine degişli edilen görnüşlerini getirmegiň we äkitmegiň tertibini kesgitleýär we rugsatnamalary berýär;
13) Türkmenistanyň kanunçylygyny bozmak bilen haýwanat dünýäsine ýetirilen zyýany kesgitlemek boýunça usulyýeti işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;
14) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda administratiw-hukuk bozulmalary hakyndaky işlere garaýar;
15) haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanmaga bolan çäklendirmeleri we gadagan etmeleri girizýär;
16) haýwanlaryň seýrek duşýan we ýitip gitmek howpy astynda durýan görnüşlerini olary mundan beýläk ýaşaýan tebigy gurşawyna goýbermek bilen emeli taýdan köpeltmek boýunça işi guraýar;
17) awçylyk hojalygyny alyp barmak hukugyny berýär;
18) aw awlamak we balyk tutmak möwsüminiň möhletlerini, ýabany haýwanlaryň görnüşleriniň sanawyny, aw awlamagyň möçberini we aw edilýän ýerleri kesgitleýär;
19) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ilatyň ekologik terbiýesiniň we biliminiň wagyz edilmegini üpjün edýär;
20) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;
21) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýaryna girýän beýleki meseleleri çözýär.
9-njy madda. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi
dolandyryş edaralarynyň haýwanat dünýäsini
goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak
babatdaky ygtyýarlygy
Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:
1) degişli çäklerde haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler;
2) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam edýärler;
3) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda edara tabynlygyndaky edaralaryň we guramalaryň işini utgaşdyrýarlar;
4) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda jemgyýetçilik birleşikleriniň işine ýardam edýärler;
5) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak boýunça ilatyň ekologik terbiýesini we bilimlerini wagyz edýärler;
6) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýaryna girýän beýleki meseleleri çözýärler.
III BAP. RAÝATLARYŇ WE JEMGYÝETÇILIK
BIRLEŞIKLERINIŇ HAÝWANAT DÜNÝÄSINI
GORAMAGA, ÜZNÜKSIZ KÖPELTMÄGE WE
PEÝDALANMAGA GATNAŞMAGY
10-njy madda. Raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň
haýwanat dünýäsini goramaga, üznüksiz
köpeltmäge we peýdalanmaga gatnaşmagy
1. Raýatlar we jemgyýetçilik birleşikleri haýwanat dünýäsini goramaga, üznüksiz köpeltmäge we peýdalanmaga, olaryň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine degip geçýän, haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak bilen baglanyşykly döwlet çözgütleriniň taýýarlanylmagyna gatnaşmak hukugyna eýedirler.
2. Döwlet edaralary haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda öz ygtyýarlyklaryny amala aşyranlarynda raýatlaryň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň tekliplerini we maslahatlaryny nazara alýarlar.
3. Haýwanat dünýäsini goramaga, üznüksiz köpeltmäge we peýdalanmaga, haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak bilen baglanyşykly döwlet çözgütleriniň taýýarlanylmagyna raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagynyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.
11-nji madda. Haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz
köpeltmek we peýdalanmak babatda
raýatlaryň hem-de jemgyýetçilik
birleşikleriniň hukuklary we borçlary
1. Şu Kanunyň 10-njy maddasynyň 1-nji we 2-nji böleklerinde görkezilen düzgünler durmuşa geçirilende raýatlar we jemgyýetçilik birleşikleri şu aşakdaky hukuklara eýedirler:
1) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak boýunça döwlet edaralarynyň çäreleriniň amala aşyrylmagyna gatnaşmak;
2) haýwanat dünýäsini we onuň ýaşaýan gurşawyny goramak boýunça çäreleri geçirmek;
3) haýwanlara rehimsiz çemeleşilmegine ýol bermeýän, ynsanperwerligiň degişli umumy ýörelgeleri, usullary bilen haýwanat dünýäsinden peýdalanmak;
4) döwlet edaralaryndan haýwanat dünýäsi hakyndaky maglumaty almak, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berilmäge we ýaýradylmaga degişli bolmadyk maglumat muňa degişli däldir;
5) jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmak;
6) haýwanat dünýäsini goramak we rejeli peýdalanmak boýunça işiň görnüşlerini we usullaryny kämilleşdirmek boýunça bellenilen tertipde teklipler girizmek;
7) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak boýunça jemgyýetçilik birleşiklerini döretmek;
8) haýwanat dünýäsini goramak we rejeli peýdalanmak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň özlerine mälim bolan düzgün bozulmalary hakynda habar bermek.
2. Türkmenistanyň raýatlary şu aşakdakylara borçludyrlar:
1) haýwanat dünýäsini aýap saklamaga we goramaga;
2) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmäge;
3) haýwanat dünýäsini goramaga, üznüksiz köpeltmäge we peýdalanmaga gözegçilik edýän edaralaryň wezipeli adamlarynyň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmäge;
4) haýwanat dünýäsine we onuň ýaşaýan gurşawyna ýetirilen zyýanyň öwezini öz wagtynda dolmaga.
IV BAP. HAÝWANAT DÜNÝÄSINIŇ OBÝEKTLERINI
GORAMAK
12-nji madda. Haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň
goragyny üpjün etmek
Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini goramak haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda döwlet dolandyryşyň ygtyýarly edarasy tarapyndan, şeýle hem haýwanat dünýäsini peýdalanmak bilen baglanyşykly bolmadyk, ýöne haýwanat dünýäsiniň obýektlerine we (ýa-da) olaryň ýaşaýan gurşawyna ýaramaz täsir edýän ýa-da olar üçin howp döredýän hojalyk we beýleki işi amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.
13-nji madda. Haýwanat dünýäsiniň goragyny üpjün etmegiň
guramaçylyk-hukuk çäreleri
Haýwanat dünýäsini goramak aşakdaky guramaçylyk-hukuk çäreleriň esasynda üpjün edilýär:
1) ýabany haýwanlaryň tebigy toparlarynyň bütewiligini aýap saklamak;
2) tebigy erkin ýagdaýynda ýaşaýan haýwanlaryň görnüş dürlüligini aýap saklamak;
3) haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanmaga bolan çäklendirmeleri we gadagan etmeleri kesgitlemek;
4) haýwanat dünýäsiniň obýektlerini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda kadalary kesgitlemek;
5) haýwanat dünýäsiniň obýektlerini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda kadalaşdyrmak;
6) haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden özbaşdak peýdalanmakdan we peýdalanmagyň bellenilen tertibiniň beýleki bozulmalaryndan goramak;
7) ýabany haýwanlaryň ýaşaýan gurşawyny, köpelmek şertlerini we migrasiýa ýollaryny goramak;
8) önümçilik işleri amala aşyrylanda haýwanlaryň ölmeginiň öňüni almak;
9) aýratyn goralýan tebigy ýerleri döretmek;
10) haýwanat dünýäsiniň obýektlerini soňra tebigata goýbermek bilen emeli taýdan köpeltmek;
11) haýwanlaryň zoologiýa toplamalary we özbaşdak äkidilmegi üçin alynmagyny çäklendirmek;
12) haýwanlar kesellänlerinde, tebigy betbagtçylyklarda ýok bolmak howpy mahalynda we beýleki sebäpleriň netijesinde olara kömek bermek;
13) haýwanat dünýäsiniň obýektlerini goramak boýunça çäreleriň esaslandyrylmagyna gönükdirilen ylmy-barlaglary guramak;
14) raýatlary haýwanat dünýäsine ynsanperwer gatnaşygy ruhunda terbiýelemek;
15) köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde haýwanat dünýäsiniň obýektlerini goramak we durnukly peýdalanmak taglymatlaryny wagyz etmek;
16) ýabany haýwanlaryň aýry-aýry görnüşleriniň sanyny düzgünleşdirmek;
17) meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işleriň amala aşyrylmagy boýunça haýwanat dünýäsiniň obýektlerine ýaramaz täsir edip biljek ýagdaýynda, taslama çözgütleriniň döwlet ekologik seljermesini geçirmek;
18) Türkmenistanyň haýwanat dünýäsiniň obýektlerini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda haýwanat dünýäsiniň obýektlerini goramak boýunça beýleki çäreleri amala aşyrmak we beýleki talaplary bildirmek.
14-nji madda. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini goramak,
üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak
babatda kadalaşdyrmak
1. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda kadalaşdyrmak ýabany haýwanlaryň iň amatly sanyny üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýar.
2. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda kadalaşdyrmak ýabany haýwanlary tebigatdan almak kadalaryny we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki talaplary bellemek arkaly üpjün edilýär.
3. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini almagyň kadalary obýektleriň monitoringiniň, hasaba almagyň, haýwanat dünýäsiniň gorlaryna baha bermegiň we olary peýdalanmagyň, şeýle hem ylmy barlaglaryň netijeleriniň maglumatlary esasynda haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilýär.
15-nji madda. Ilatly ýerler, şeýle hem kärhanalar, desgalar we
beýleki obýektler ýerleşdirilende, taslama
düzülende we gurlanda haýwanlaryň ýaşaýan
gurşawyny we köpelýän şertlerini goramak
Ilatly ýerler, şeýle hem kärhanalar, desgalar we beýleki obýektler ýerleşdirilende, taslama düzülende we gurlanda, bar bolan we täze tehnologik işler kämilleşdirilende we ornaşdyrylanda, tarp ýerler, kenarýaka we tokaý agaç nahallary bolan ýerler hojalyk dolanyşygyna girizilende, ýerleriň meliorasiýasynda, tokaýlardan peýdalanylanda, geologiýa-gözleg işleri geçirilende, peýdaly baýlyklar gazylyp alnanda, oba hojalyk mallarynyň bakylýan we sürülýän ýerleri kesgitlenende, syýahatçylyk ugurlary işlenip taýýarlananda we ilatyň köpçülikleýin dynç alyş ýerleri guralanda haýwanlaryň ýaşaýan gurşawyny we köpelýän şertlerini aýap saklamak boýunça çäreler göz öňünde tutulmalydyr we amala aşyrylmalydyr.
16-njy madda. Haýwanlaryň migrasiýa ýollarynyň aýalyp
saklanylmagyny üpjün etmek
Demir ýol, gara ýol, turba geçiriji we beýleki ulag magistrallary, elektrik geçiriji we aragatnaşyk ulgamlary, şeýle hem kanallar, zeýkeşler, bentler we beýleki gidrotehniki desgalar ýerleşdirilende, taslama düzülende we gurlanda haýwanlaryň migrasiýa ýollarynyň aýalyp saklanylmagyny üpjün edýän çäreler işlenip taýýarlanylmalydyr we amala aşyrylmalydyr.
17-nji madda. Önümçilik işleri amala aşyrylanda we
ulag serişdeleri ulanylanda haýwanlaryň
ölmeginiň öňüni almak
Önümçilik işleri amala aşyrylanda we ulag serişdeleri ulanylanda haýwanlaryň ölmeginiň öňüni almak boýunça degişli çäreler görülýär.
Haýwanlaryň ölmeginiň öňüni almak boýunça bellenilen çäreleri amala aşyrmazdan önümçiligiň materiallaryny we galyndylaryny saklamak, gury oty ormak we ýakmak, tokaýy köwlemek, işbil taşlaýyş we üznüksiz köpelmäniň ähmiýeti bolan derýalaryň hanalaryny, howdanlary hem-de olaryň meýdançalaryny işläp bejermek gadagandyr.
18-nji madda. Aýratyn goralýan tebigy ýerlerde haýwanat
dünýäsini goramak
Aýratyn goralýan tebigy ýerlerde haýwanat dünýäsini goramagyň we peýdalanmagyň tertibi "Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna we haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda bellenilýär.
19-njy madda. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini
emeli taýdan köpeltmek
1. Üznüksiz köpelmegi tebigy şertlerde mümkin bolmadyk haýwanlaryň seýrek duşýan we ýitip gitmek howpy astynda durýan görnüşlerini aýap saklamak maksady bilen haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtýarly edarasy olary emeli ýol bilen, şol sanda haýwanat baglaryny ýöriteleşdirmek we malhanalary guramak arkaly olaryň köpelmegine zerur şertleri döretmek üçin çäreler görmäge borçludyr.
2. Ýabany haýwanlary erksiz saklamaga we olary emeli köpeltmäge diňe haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň rugsady esasynda ýol berilýär.
20-nji madda. Haýwanlaryň seýrek duşýan we ýitip gitmek
howpy astynda durýan görnüşlerini goramak
1. Haýwanlaryň seýrek duşýan we ýitip gitmek howpy astynda durýan görnüşlerini aýap saklamak we olary goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak boýunça zerur çäreleri üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabynda haýwanlaryň seýrek duşýan we ýitip gitmek howpy astynda durýan görnüşleriniň (kiçi görnüşleriniň we populýasiýalarynyň) ýagdaýy we olary goramak boýunça çäreler hakyndaky maglumatlar saklanýar.
2. Haýwanlaryň seýrek duşýan we ýitip gitmek howpy astynda durýan görnüşleriniň ýok bolup gitmegine we sanynyň azalmagyna we ýaşaýan gurşawynyň bozulmagyna getirip biljek hereketler gadagan edilýär.
3. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen görnüşlerine degişli haýwanlary ýaşaýan gurşawyndan almaga we tebigy gurşawyna gaýtarmaga aýratyn halatlarda haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan berilýän rugsatlar boýunça ýol berilýär.
21-nji madda. Pestisidler, ösümlikleri goramak serişdeleri,
olaryň ösüşiniň stimulýatorlary, mineral
dökünler we beýleki serişdeler ulanylanda,
saklanylanda we daşalanda haýwanat dünýäsini
we onuň ýaşaýan gurşawyny goramak
1. Haýwanlaryň ölmeginiň we olaryň ýaşaýan gurşawynyň ýaramazlaşmagynyň öňüni almak maksady bilen ýuridik we fiziki şahslar pestisidleri, ösümlikleri goramak serişdelerini, olaryň ösüşiniň stimulýatorlaryny, mineral dökünleri we beýleki serişdeleri daşamak, saklamak we ulanmak kadalaryny berjaý etmäge borçludyrlar.
Täze serişdeler döredilende haýwanlaryň we olaryň ýaşaýan gurşawyny üpjün edýän tebigy gurşawda olaryň ýol berilýän aňryçäk konsentrasiýalarynyň kadalaşdyrmalary işlenip taýýarlanylmalydyr we tassyklanylmalydyr.
2. Pestisidleri, ösümlikleri goramak serişdelerini, olaryň ösüşiniň stimulýatorlaryny, mineral dökünleri we beýleki serişdeleri ulanmagyň, saklamagyň we daşamagyň kadalary, şeýle hem görkezilen serişdeleriň sanawy haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşylmaga degişlidir.
22-nji madda. Ýabany haýwanlaryň göçürilmegi,
uýgunlaşdyrylmagy we çaknyşdyrylmagy
1. Ýabany haýwanlaryň täze ýaşaýan ýerlerine göçürilmegine, döwletiň faunasy üçin ýabany haýwanlaryň täze görnüşleriniň uýgunlaşdyrylmagyna, şeýle hem ylmy-barlag we hojalyk maksatlary üçin ýabany haýwanlary çaknyşdyrmak boýunça çärelere haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň rugsady boýunça ýol berilýär.
2. Ýabany haýwanlaryň göçürilmegini, uýgunlaşdyrylmagyny we çaknyşdyrylmagyny özbaşdak geçirmek gadagandyr.
3. Haýwanlaryň seýrek duşýan we ýitip gitmek howpy astynda durýan görnüşleriniň göçürilmegine haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň teklibiniň esasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi boýunça ýol berilýär.
23-nji madda. Ýabany haýwanlaryň aýry-aýry görnüşleriniň
sanyny düzgünleşdirmek
1. Ilatyň saglygyny goramak, oba hojalyk we öý haýwanlarynyň kesellemeginiň öňüni almak we Türkmenistanyň ykdysadyýetine zyýan ýetirilmegine ýol bermezlik maksady bilen ýabany haýwanlaryň aýry-aýry görnüşleriniň sanyny düzgünleşdirmek boýunça çäreler geçirilýär.
2. Sany düzgünleşdirilmäge degişli ýabany haýwanlaryň görnüşleri we olaryň sanyny düzgünleşdirmek boýunça çäreleri geçirmegiň tertibi ylmy guramalaryň maslahatlarynyň esasynda hem-de ýer we suw serişdeleriniň goragyny amala aşyrýan, muňa ygtyýarly edilen döwlet dolandyryş edaralary bilen ylalaşylyp, haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.
V BAP. HAÝWANAT DÜNÝÄSINIŇ OBÝEKTLERINDEN
PEÝDALANMAK
24-nji madda. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini
peýdalanyjylar
Ýuridik we fiziki şahslar haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanyjylar bolup bilerler.
25-nji madda. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden
peýdalanmak
1. Haýwanat dünýäsiniň obýektleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda peýdalanylmaga berilýär.
2. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanmak umumy we ýörite peýdalanmak tertibinde amala aşyrylýar.
3. Umumy peýdalanmaga ýaşaýan gurşawyndan almazdan haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden, şeýle hem olaryň peýdaly häsiýetlerinden peýdalanmak degişlidir.
4. Ýörite peýdalanmaga ýaşaýan gurşawyndan almak bilen haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden we olaryň ýaşaýyş önümlerinden peýdalanmak degişlidir.
5. Türkmenistanyň çäginde haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
26-njy madda. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden
peýdalanmagyň görnüşleri
1. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan talaplar berjaý edilende haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanmagyň şu aşakdaky görnüşlerine ýol berilýär:
1) aw awlamak;
2) balyk we suwda ýaşaýan oňurgasyzlary hem-de deňiz süýdemdirijilerini tutmak;
3) aw awlamagyň we balyk tutmagyň obýektlerine degişli bolmadyk ýabany haýwanlary peýdalanmak;
4) ýabany haýwanlary hojalyk, ylmy, medeni aň-bilim, terbiýeçilik, dynç alyş-sagaldyş we estetiki maksatlar üçin peýdalanmak;
5) ýabany haýwanlary ýaşaýyş işjeňliginiň önümlerini almak maksady bilen peýdalanmak.
Türkmenistanyň kanunçylygy bilen haýwanat dünýäsinden peýdalanmagyň beýleki görnüşleri hem göz öňünde tutulyp bilner.
2. Ýabany haýwanlary olaryň ýaşaýan gurşawyndan ygtyýarnamasyz we rugsatnamasyz almak gadagandyr.
27-nji madda. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini
peýdalanmaga rugsat bermek
1. Höwesjeň (sport) ýa-da käri aw awlamakdan başga, peýdalanmagyň aýry-aýry görnüşleri boýunça ýuridik ýa-da fiziki şahslar tarapyndan haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanmak, diňe olarda bu obýektleri peýdalanmak üçin rugsatnamalar bolanda, Türkmenistanyň ygtyýarlylandyrmak hakynda kanunçylygynda bellenilen ýagdaýlarda bolsa, degişli ygtyýarnama bolanda amala aşyrylyp bilner.
2. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanmagyň rugsatnamalar esasynda amala aşyrylýan görnüşleriniň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
3. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanmak üçin rugsatnama ýuridik we fiziki şahslara haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan berilýär.
Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanmak üçin rugsatnamada şu maglumatlar görkezilýär:
1) haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanmagyň görnüşleri hakynda;
2) haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň rugsat berilýän görnüşlerini peýdalanmagyň ýol berilýän çägi hakynda;
3) bu rugsatnamanyň esasynda peýdalanylmagy mümkin bolan haýwanat dünýäsiniň obýektleri ýa-da olaryň görnüşleri hakynda;
4) haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanmagyň çäklendirilen möçberi hakynda;
5) haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanmagyň möhletleri hakynda;
6) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga maglumatlar.
4. Höwesjeň (sport) ýa-da aw awlamak käri amala aşyrylanda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde haýwanat dünýäsiniň obýektlerini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan berilýän bir gezeklik tölegli rugsatnama haýwanat dünýäsiniň kesgitli görnüşlerinden peýdalanmaga bolan hukuk bolup hyzmat edýär.
Bir gezeklik tölegli rugsatnama – aw awlamagyň ýerini we möhletini görkezmek bilen haýwanat dünýäsiniň obýektine degişli görnüşiň bir osobyň ýaşaýan tebigy gurşawyndan bir gezek almak üçin ýörite rugsatnamadyr.
5. Umumy peýdalanylýan haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanmak rugsatnamalar ýa-da ygtyýarnamalar bolmazdan amala aşyrylýar.
6.Haýwanat dünýäsiniň aýry-aýry obýektlerini aýap saklamak we goramak maksady bilen rugsatnamada ýuridik we fiziki şahslar üçin berjaý edilmegi hökmany bolan çäklendirmeler we haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanmagyň beýleki şertleri bellenilip bilner.
28-nji madda. Haýwanat dünýäsinden peýdalanmagyň
möhletleri
1. Haýwanat dünýäsinden ýörite peýdalanmak hemişelik ýa-da wagtlaýyn bolup biler.
Hemişelik diýlip, öňünden bellenen möhlet bolmazdan haýwanat dünýäsinden peýdalanmak ykrar edilýär.
Haýwanat dünýäsinden wagtlaýyn peýdalanmagyň möhletleri degişli şertnama we ygtyýarnama bilen bellenilýär.
2. Haýwanat dünýäsinden umumy peýdalanmak möhletler bellenilmezden amala aşyrylýar.
29-njy madda. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden
peýdalanmak üçin çäklendirmeleri we
gadagan etmeleri bellemek
1. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini aýap saklamak we üznüksiz köpeltmek maksady bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan belli bir çäkde ýa-da belli bir möhletlerde haýwanat dünýäsinden peýdalanmagyň aýry-aýry görnüşleriniň peýdalanylmagyna bolan çäklendirmä ýol berilýär ýa-da doly gadagan edilýär.
2. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda haýwanat dünýäsiniň obýektlerini goramagyň bähbitlerinde ýerden peýdalanyjylaryň, tokaýdan peýdalanyjylaryň, suwdan peýdalanyjylaryň we ýerasty baýlyklaryndan peýdalanyjylaryň hukuklary hem çäklendirilip bilner.
30-njy madda. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini
peýdalanyjylaryň hukuklary we borçlary
1. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanyjylar şu aşakdaky hukuklara eýedirler:
1) alnan haýwanat dünýäsiniň obýektlerine we olardan alnan önüme bolan eýeçilik;
2) haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanmagyň rugsat berlen görnüşlerini amala aşyrmagyň barşynda alnan önümiň gaýtadan işlenilmegini hasaba alyp, kömekçi hojalygyny alyp barmak;
3) haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden alnan iýmiti we önümi öndürmek hem-de ýerlemek;
4) ýuridik we fiziki şahslaryň öz bikanun hereketleri bilen haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň ýaşaýan gurşawynyň ýaramazlaşmagyna we ýok bolup gitmegine getiren hereketleri bilen ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak boýunça hak isleglerini Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde mälim etmek.
2. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanmagyň görnüşine garamazdan peýdalanyjylar şu aşakdakylara borçludyrlar:
1) haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanmagyň bellenilen kadalaryny, möçberlerini we möhletlerini berjaý etmäge;
2) tebigy bileleşikleriň bitewiliginiň bozulmagyna ýol bermeýän we ilatyň, daşky tebigy gurşawyň howpsuzlygyny we peýdalanylmaga berilmedik haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň aýalyp saklanylmagyny üpjün edýän usullar bilen haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanmaga;
3) haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň ýaşaýan gurşawynyň bozulmagyna ýol bermezlige;
4) haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň sanynyň hasaba alynmagyny we olaryň ýaşaýan gurşawynyň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleri geçirmäge;
5) haýwanat dünýäsiniň üznüksiz köpeldilmegine gönükdirilen zerur toplumlaýyn çäreleri geçirmäge;
6) haýwanat dünýäsiniň goralyşyna, üznüksiz köpeldilişine we peýdalanylyşyna gözegçilik edýän döwlet we beýleki edaralara hemmetaraplaýyn kömek bermäge;
7) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki talaplary ýerine ýetirmäge.
31-nji madda. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini
peýdalanyjylaryň hukuklarynyň
goralmagy we kepillikleri
1. Döwlet edaralary, wezipeli adamlar we guramalar tarapyndan haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanyjylaryň işine gatyşmak gadagandyr.
2. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanyjylaryň bozulan hukuklary Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde dikeldilmäge degişlidir.
3. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanyjylaryň hukuklaryny bozmak bilen ýetirilen ýitgileriň (şol sanda duşdan geçirilen peýdany goşup) doly möçberde öwezi dolunmaga degişlidir.
32-nji madda. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden
peýdalanmak hukuklaryny bes etmegiň esaslary
Haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanmak hukugy şu aşakdaky halatlarda bes edilmäge degişlidir:
1) haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanmak zerurlygy bes edilende ýa-da peýdalanmakdan meýletin boýun gaçyrylanda;
2) haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanmagyň bellenilen möhleti gutaranda;
3) haýwanlary goramak maksady bilen ýa-da döwletiň hajatlary üçin haýwanat dünýäsiniň obýektiniň haýsydyr bir görnüşini peýdalanmakdan almak zerur bolanda;
4) haýwanat dünýäsinden peýdalanyjynyň işi bes edilende;
5) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplary yzygiderli bozulanda;
6) haýwanat dünýäsinden ýörite peýdalanmaga bolan rugsatlardan mahrum edilende.
33-nji madda. Aw awlamak
Aw awlamak we awçylylyk hojalygy babatdaky gatnaşyklar "Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakynda" Türkmenistanyň Kanuny we oňa laýyklykda kabul edilýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
34-nji madda. Balyk tutmak we suwuň biologik
serişdelerini gorap saklamak
Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak babatdaky gatnaşyklar "Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda" Türkmenistanyň Kanuny bilen düzgünleşdirilýär.
35-nji madda. Aw awlamak we balyk tutmak obýektlerine
degişli bolmadyk haýwanat dünýäsiniň
obýektlerinden peýdalanmak
1. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanyjylara aw awlamak we balyk tutmak obýektlerine degişli bolmadyk haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanmaga rugsat berilýär.
2. Peýdalanylmagy diňe rugsatlar boýunça amala aşyrylýan, aw awlamak we balyk tutmak obýektlerine degişli bolmadyk haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň sanawy we peýdalanylmagy gadagan edilen haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň sanawy haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýar.
36-njy madda. Ýylanlary tutmak
1. Türkmenistanyň çäginde ýylanlaryň ähli görnüşlerini tutmak diňe haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan berilýän rugsatlar boýunça geçirilýär.
2. Türkmenistanyň çäginde ýylanlary özbaşdak tutmak gadagandyr, ilatly ýerler we olaryň töwereginde bellenen degişli zolaklar, ilatyň köpçülikleýin dynç alýan ýerleri we şypahana zolaklary muňa degişli däldir.
3. Şu maddanyň 2-nji böleginde ýatlanylan ilatly ýerler we töweregindäki zolaklar ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan bellenilýär.
37-nji madda. Haýwanat dünýäsinden hojalyk, ylmy, medeni
aň-bilim, terbiýeçilik, dynç alyş-sagaldyş we
estetiki maksatlarda peýdalanmak
1. Ýabany haýwanlary tebigy gurşawdan almazdan syn etmegiň, belgilemegiň, surata düşürmegiň dürli görnüşleri we barlagyň beýleki usullary arkaly haýwanat dünýäsinden hojalyk, ylmy, medeni aň-bilim, terbiýeçilik, dynç alyş-sagaldyş we estetiki maksatlarda peýdalanmaga, eger bu usullar ýabany haýwanlara we olaryň ýaşaýan gurşawyna zyýan ýetirmese we haýwanat dünýäsinden beýleki peýdalanyjylaryň hukuklaryny bozmasa, rugsatsyz we mugt ýol berilýär, şeýle peýdalanmagyň gadagan edilen halatlary muňa degişli däldir.
2. Tebigy gurşawdan almak bilen haýwanat dünýäsinden hojalyk, ylmy, medeni aň-bilim, terbiýeçilik, dynç alyş-sagaldyş we estetiki maksatlarda peýdalanmak şu Kanunyň 27–29-njy we 42-nji maddalarynda bellenilen şertlerde we tertipde amala aşyrylýar.
38-nji madda. Haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň
ýaşaýşynyň peýdaly häsiýetlerini we
önümlerini peýdalanmak
1. Haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň ýaşaýşynyň peýdaly häsiýetlerini we önümlerini peýdalanmaga, olary tebigy gurşawyndan almazdan we olaryň ýaşaýan gurşawyny bozmazdan, aýry-aýry halatlarda bolsa – almak bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan berilýän rugsatlar boýunça ýol berilýär.
2. Haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň ýaşaýşynyň önümlerini almak maksady bilen olardan peýdalanmagyň kadalary haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilýär.
39-njy madda. Aýratyn goralýan tebigy ýerlerde ýaşaýan
haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden
peýdalanmak
1. Aýratyn goralýan tebigy ýerlerde ýaşaýan haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanmak bilen baglanyşykly iş derhal dolandyrmagynda aýratyn goralýan tebigy ýerlerde bolýan döwlet edarasy bilen ylalaşylyp, "Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna, şu Kanuna, haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak hakyndaky Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Aýratyn goralýan tebigy ýerlerde haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden umumy we ýörite peýdalanmak, şeýle hem haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanmak bilen baglanyşykly iş hem-de ýabany haýwanlaryň ýaýramagyny we sanyny düzgünleşdirmek amala aşyrylyp bilner. Şeýle iş döwlet tebigy goraghanalarda, milli tebigy seýilgähleriň pugta gorag zolagynda (goraghana zolagynda), döwlet biosfera goraghanalarynyň goraghana düzgünli zolagynda (ýadrosynda), döwlet tebigy çäkli goraghanalarynda we beýleki aýratyn goralýan tebigy ýerlerde "Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda çäklendirilip ýa-da gadagan edilip bilner.
40-njy madda. Zoologiýa toplamalaryny döretmek we
üstüni ýetirmek
1. Haýwanlary olaryň ýaşaýan gurşawyndan almak arkaly zoologiýa toplamalaryny (haýwanat baglarynyň, sirkleriň, malhanalaryň, akwariumlaryň, terrariumlaryň janly toplamalaryny, şeýle hem haýwanlaryň läşleriniň, preparatlarynyň we bölekleriniň ýygyndylaryny) döretmäge we üstüni ýetirmäge haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan berilýän rugsatlar boýunça ýol berilýär.
2. Zoologiýa toplamalary, şol sanda zoologiýa ylym we bilim beriji edaralarynyň, muzeýleriň ylmy toplamalary, şeýle hem eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ylmy, medeni, okuw-terbiýeçilik we estetiki gymmaty bolan aýry-aýry ajaýyp toplama eksponatlary döwlet tarapyndan hasaba alynmaga degişlidir.
3. Şeýle toplamalaryň eýeleri bolup durýan ýuridik we fiziki şahslar haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýan zoologiýa toplamalaryny saklamagyň, hasaba almagyň we peýdalanmagyň kadalaryny berjaý etmäge borçludyrlar.
41-nji madda. Haýwanat dünýäsini goramagy, üznüksiz
köpeltmegi we peýdalanmagy ykdysady
taýdan höweslendirmek
1. Haýwanat dünýäsini goramagy, üznüksiz köpeltmegi we peýdalanmagy ykdysady taýdan höweslendirmek çäreleri haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanyjylaryň haýwanat dünýäsini aýap saklamaga we üznüksiz köpelmäge bolan gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
2. Haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we aýap saklamak boýunça çäreleri ykdysady taýdan höweslendirmek (ýeňillikler, artykmaçlyklar we döwlet goldawyny bermek) bilen baglanyşykly çäreleri maliýeleşdirmegiň çeşmeleri we amala aşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi bilen bellenilýär.
42-nji madda. Haýwanat dünýäsinden peýdalanylandygy
üçin tölegler
1. Umumy peýdalanylýandan başga haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanmak töleglidir.
2. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanylandygy üçin tölegler şu aşakdakylary öz içine alýar:
1) haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanylandygy üçin tölegleri;
2) haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň Türkmenistana getirilmegi ýa-da Türkmenistandan äkidilmegi üçin tölegleri;
3) haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanylýandygy üçin ygtýarnamalaryň we rugsatnamalaryň tölegleri;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tölegleriň beýleki görnüşleri.
3. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanylandygy üçin tölegleriň möçberi, olary almagyň tertibi we şertleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
4. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanylandygy üçin tölegleriň girizilmegi haýwanat dünýäsiniň obýektlerini we olaryň ýaşaýan gurşawyny goramak boýunça çäreleri ýerine ýetirmekden peýdalanyjylary boşatmaýar.
VI BAP. HAÝWANAT DÜNÝÄSINIŇ DÖWLET
MONITORINGI WE DÖWLET KADASTRY
43-nji madda. Haýwanat dünýäsiniň döwlet monitoringi
1. Haýwanat dünýäsiniň döwlet monitoringi – munuň özi haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň ýaýramagyna, sanyna, ýagdaýyna, olaryň ýaşaýan gurşawynyň gurluşyna, hiline we meýdanyna yzygiderli syn etmeleriň ulgamydyr.
2. Haýwanat dünýäsiniň döwlet monitoringi şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen ölçegleri ýüze çykarmak, olaryň üýtgemelerine baha bermek, görnüş dürlüligini aýap saklamak, üznüksiz köpeltmek, haýwanat dünýäsiniň amatly ýagdaýyny we olaryň ylmy taýdan esaslandyrylyp peýdalanylmagyny üpjün etmek üçin ýaramaz ýagdaýlaryň we hadysalaryň öňüni almak we düzetmek maksady bilen geçirilýär.
3. Haýwanat dünýäsiniň döwlet monitoringini ýöretmegiň mazmuny, guralyşy, dolandyrylyşy, maliýeleşdirilişi, maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde amala aşyrylýar.
44-nji madda. Haýwanat dünýäsiniň döwlet kadastryny
ýöretmek
1. Haýwanat dünýäsini goramagy, üznüksiz köpeltmegi we peýdalanmagy üpjün etmek maksady bilen haýwanat dünýäsiniň döwlet kadastry ýöredilýär, ol haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň geografik taýdan ýaýraýşy, olaryň sany, olaryň ýaşaýan ýerleriniň häsiýetnamasy, hojalyk taýdan peýdalanylyşy hakyndaky maglumatlaryň we beýleki maglumatlaryň jemini özünde saklaýar.
2. Haýwanat dünýäsiniň döwlet kadastryny ýöretmek haýwanat dünýäsini peýdalanyjylar tarapyndan ýeke-täk usulyýetler boýunça berilýän, haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýan maglumatlaryň esasynda amala aşyrylýar.
3. Haýwanat dünýäsiniň döwlet kadastryny ýöretmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde amala aşyrylýar.
VII BAP. HAÝWANAT DÜNÝÄSINIŇ OBÝEKTLERINI
GORAMAK, ÜZNÜKSIZ KÖPELTMEK WE
PEÝDALANMAK BABATDA GÖZEGÇILIK
45-nji madda. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini goramak,
üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda
döwlet gözegçiligi
1. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda döwlet gözegçiliginiň wezipesi haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň Türkmenistanyň ähli ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan berjaý edilmegini üpjün etmekden ybaratdyr.
2. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda döwlet gözegçiliginiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
46-njy madda. Haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz
köpeltmek we peýdalanmak babatda döwlet
gözegçiligini guramak
1. Haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda döwlet gözegçiligi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda döwlet gözegçiligi haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýüze çykarmak we aradan aýyrmak arkaly amala aşyrylýar.
3. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen edaralar haýwanat dünýäsinden peýdalanmagyň bellenilen tertibiniň berjaý edilişine döwlet gözegçiliginiň amala aşyrylmagyna gatnaşmak üçin beýleki gyzyklanýan döwlet edaralaryny we jemgyýetçilik birleşiklerini bellenilen tertipde çekip bilerler.
47-nji madda. Haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz
köpeltmek we peýdalanmak babatda döwlet
dolandyryşynyň ygtyýarly edarasynyň wezipeli
adamlarynyň hukuklary
1. Haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak boýunça gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wezipeli adamlar şu aşakdaky hukuklara eýedirler:
1) ýuridik we fiziki şahslaryň haýwanat dünýäsinden peýdalanmaga, aýratyn goralýan tebigy ýerlerde (suw giňişliginde) bolmaga rugsat berýän resminamalary, şeýle hem ok atýan ýaragy saklamaga we götermäge içeri işler edaralarynyň beren rugsatlaryny barlamak;
2) haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygyny bozujylary saklamak, olaryň amala aşyran hukuk bozulmalary hakynda teswirnamalar düzmek we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda administratiw jogapkärçilige çekmek;
3) zatlary gözden geçirmek, ulag serişdelerini saklamak we gözden geçirmek, ýaragy we haýwanat dünýäsiniň obýektlerini we olardan alnan önümleri almagyň beýleki gurallaryny, şol sanda onuň daşalýan wagtynda, ammara ýerleşdirilýän, gaýtadan işlenýän we ýerlenilýän ýerlerinde barlamak;
4) düzgün bozujylardan haýwanat dünýäsiniň bikanun alnan obýektlerini we olardan alnan önümi, ýaragy we haýwanat dünýäsiniň obýektlerini almagyň beýleki gurallaryny, şeýle hem almagy bellenilen tertipde resmileşdirmek bilen degişli resminamalary almak.
2. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adamlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gulluk ýaragyny saklamaga, götermäge we ulanmaga rugsat berilýär.
Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adamlar tarapyndan gulluk ýaragyny saklamagyň, götermegiň we ulanmagyň kadalary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.
3. Haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň öz ygtyýarynyň çäklerinde tassyklanylýan kadalary we gollanmalary ähli ýuridik we fiziki şahslaryň ýerine ýetirmegi üçin hökmanydyr.
48-nji madda. Haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz
köpeltmek we peýdalanmak boýunça
edaralaryň işgärlerini ätiýaçlandyrmak
Sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň işgärleri hökmany ätiýaçlandyrylmaga degişlidirler we şikes ýeten halatynda, olaryň garyndaşlary bolsa – görkezilen wezipeli adamlar aradan çykan mahalynda bellenilen tertipde zyýanyň öweziniň dolunmagyna bolan hukuga eýedirler.
49-njy madda. Haýwanat dünýäsiniň goralyşyna, üznüksiz
köpeldilişine we peýdalanylyşyna edara
gözegçiligi
Haýwanat dünýäsiniň goralyşyna, üznüksiz köpeldilişine we peýdalanylyşyna edara gözegçiligi ygtyýarynda haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanýan kärhanalar, edaralar we guramalar bolan ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
50-nji madda. Haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz
köpeltmek we peýdalanmak babatda
jemgyýetçilik gözegçiligi
Haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda jemgyýetçilik gözegçiligi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan amala aşyrylýar.
VIII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
51-nji madda. Haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz
köpeltmek we peýdalanmak hakynda
Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy
üçin jogapkärçilik
Haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagynda günäkär adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
52-nji madda. Haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz
köpeltmek we peýdalanmak babatda
Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy
netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak
1. Ýuridik we fiziki şahslar haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy bilen ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga borçludyrlar.
2. Günäsi sebäpli ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak bilen baglanyşykly kärhana ýetirilen çykdajylar üçin hem wezipeli adamlar we beýleki işgärler bellenilen tertipde maddy jogapkärçilik çekýärler.
53-nji madda. Haýwanat dünýäsini goramagyň, üznüksiz
köpeltmegiň we peýdalanmagyň meseleleri
boýunça jedelleri çözmek
Haýwanat dünýäsini goramagyň, üznüksiz köpeltmegiň we peýdalanmagyň meseleleri boýunça jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
54-nji madda. Haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz
köpeltmek we peýdalanmak babatda
halkara hyzmatdaşlygy
Haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
55-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun onuň resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. Şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:
1997-nji ýylyň 12-nji iýunyndaky "Haýwanat dünýäsini goramak we rejeli peýdalanmak hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1997 ý., № 2, 17-nji madda);
1999-njy ýylyň 30-njy aprelindäki "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň II bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1999 ý., № 1, 10-njy madda);
2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň XXVI bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 33-nji madda).
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2013-nji ýylyň 2-nji marty.
№ 375-IV.