Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Türkmenistanyň milli howpsuzlygy hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 18-nji madda)
(18.06.2016 ý. № 414-V, 08.06.2019 ý. № 149-VI, 05.06.2021 ý. № 386-VI, 16.03.2023 ý. № 541-VI Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun Türkmenistanyň milli howpsuzlygy babatda hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär, şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň mazmunyny we ýörelgelerini, şeýle hem Türkmenistanyň milli howpsuzlygyny üpjün etmegiň maksatlaryny we ugurlaryny kesgitleýär.
I bap. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) milli howpsuzlyk - adamyň we raýatyň, jemgyýetiň we döwletiň ösüşini üpjün edýän milli bähbitleriň hakyky we bolup biljek wehimlerden goraglylygynyň ýagdaýy;
2) milli howpsuzlygy üpjün etmek - Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň subýektleriniň milli bähbitleri hakyky we bolup biljek wehimlerden goramaklyga gönükdirilen işi;
3) milli howpsuzlygy üpjün etmegiň ulgamy - milli howpsuzlyk babatynda döwlet syýasatynyň çäklerinde Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň subýektleri tarapyndan amala aşyrylýan hukuk, guramaçylyk, ykdysady, tehniki we beýleki çäreleriň jemi;
4) milli bähbitler – döwletiň adamyň we raýatyň hukuklarynyň, jemgyýetiň gymmatlyklarynyň we konstitusion gurluşynyň esaslarynyň goragyny üpjün etmek ukybynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan, kanun arkaly ykrar edilen Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki zerurlyklarynyň jemi;
5) milli howpsuzlygyň wehimleri - Türkmenistanyň milli bähbitleriniň amala aşyrylmagyna päsgel berýän ýa-da päsgel berip biljek jemgyýet üçin howply içerki we daşarky ýagdaýlaryň we hadysalaryň jemi;
6) milli howpsuzlygyň obýektleri - adam, onuň jany, hukuklary we azatlyklary, jemgyýet, onuň maddy we ruhy gymmatlyklary, döwlet, onuň konstitusion gurluşy;
7) milli howpsuzlygyň subýektleri - kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetleriniň üsti bilen öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrýan döwlet, şeýle hem milli howpsuzlygy üpjün etmekde döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gatnaşýan Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslary;
8) milli howpsuzlygyň strategiýasy - milli howpsuzlygy üpjün etmekde esasy kynçylyklary, wehimleri, strategik maksatnamalary we maksatlaýyn görkezijileri, ýerine ýetirilmeli wezipeleri we ýetilen maksatlaryň netijelerini özünde jemleýän, şeýle hem Türkmenistanyň bu ugurdaky ösüşini kesgitleýän strategik resminama;
9) maglumat infrastrukturasy - maglumatlary emele getirmegiň, döretmegiň, üýtgetmegiň, işläp taýýarlamagyň, bermegiň, peýdalanmagyň we saklamagyň tehniki serişdeleriniň we ulgamlarynyň jemi;
10) maglumat giňişligi - maglumatyň emele gelmegi, döremegi, üýtgemegi, işlenilip taýýarlanylmagy, berilmegi, peýdalanylmagy, saklanylmagy bilen bagly, maglumat infrastrukturasyna we maglumatyň özüne, şol sanda şahsy we jemgyýetçilik düşünjesine täsir edýän işiň çägi.
2-nji madda. Milli howpsuzlygy üpjün etmegiň hukuk esaslary
1. Türkmenistanyň milli howpsuzlygy üpjün etmek babatda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Milli howpsuzlygy üpjün etmegiň ýörelgeleri
Milli howpsuzlygy üpjün etmegiň ýörelgeleri şular bolup durýar:
1) milli howpsuzlygy üpjün etmek boýunça işler amala aşyrylanda kanunylygyň berjaý edilmegi;
2) adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ileri tutulmagy;
3) milli howpsuzlygy üpjün edýän güýçleriň özara dessin habarlylygy we hereketleriniň sazlaşyklylygy;
4) milli howpsuzlygyň ähli görnüşleriniň bitewiligi, özara gatnaşygy, deňagramlylykda saklanylmagy, ýagdaýyň ösüşine baglylykda olaryň ileri tutulmagynyň dessin üýtgemegi;
5) milli howpsuzlyk üpjün edilende duýduryş-öňüni alyş çäreleriniň ileri tutulmagy;
6) milli howpsuzlyga ýetirilen we ýetirilmegi mümkin bolan zyýanyň möçberine we häsiýetine görä milli howpsuzlygy üpjün etmegiň çäreleriniň barabarlygy we öz wagtyndalygy;
7) adamyň we raýatyň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini deňagramlylykda saklamak, olaryň özara jogapkärçiligi;
8) milli howpsuzlygy goramak bilen bagly hereketleriň ählisiniň durmuşa geçirilişiniň gözegçilikde bolmagy;
9) milli howpsuzlygy üpjün etmek ulgamynyň halkara howpsuzlyk ulgamlary bilen arkalaşykly hereket etmegi;
10) milli howpsuzlygy üpjün etmekde döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklarynyň takyk aýyl-saýyl edilmeginiň anyk kesgitlenilmegi.
4-nji madda. Milli howpsuzlygyň görnüşleri
Milli howpsuzlygyň görnüşleri aşakdakylardan ybaratdyr:
1) jemgyýetçilik howpsuzlygy - jemgyýetiň bitewiliginiň we durnuklylygynyň üpjün edilmegi bilen adamyň janynyň, saglygynyň we abadançylygynyň, jemgyýetiň ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň we durmuş üpjünçilik ulgamynyň hakyky we bolup biljek wehimlerden goraglylyk ýagdaýy;
2) harby howpsuzlyk - adamyň we raýatyň, jemgyýetiň we döwletiň möhüm ähmiýetli bähbitleriniň, harby güýçleri ulanmak ýa-da ony ulanmak meýliniň bolmagy bilen baglanyşykly daşarky we içerki wehimlerden goraglylyk ýagdaýy;
3) syýasy howpsuzlyk - adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilişini, olaryň bähbitleriniň deňagramlylygyny, döwletiň halkara ýagdaýynyň durnuklylygyny, bitewiligini we oňaýlylygyny üpjün edýän konstitusion gurluşynyň esaslarynyň, döwlet edaralarynyň işiniň we döwlet dolandyryşynyň tertibiniň hakyky we bolup biljek wehimlerden goraglylyk ýagdaýy;
4) ykdysady howpsuzlyk - döwletiň durnukly ösmegini we ykdysady taýdan garaşsyz bolmagyny üpjün etmek bilen milli ykdysadyýetiň hakyky we bolup biljek wehimlerden goraglylyk ýagdaýy;
5) maglumat howpsuzlygy - ýurduň durnukly ösüşini we maglumat taýdan garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen Türkmenistanyň maglumat giňişliginiň, şeýle hem maglumat çygrynda adamyň we raýatyň, jemgyýetiň we döwletiň hukuklarynyň we bähbitleriniň hakyky we bolup biljek wehimlerden goraglylyk ýagdaýy;
6) ekologiýa howpsuzlygy - adamyň we raýatyň, jemgyýetiň we döwletiň möhüm ähmiýetli bähbitleriniň we hukuklarynyň, daşky gurşawa adamyň we tebigatyň täsir etmegi netijesinde emele gelýän wehimlerden goraglylyk ýagdaýy.
5-nji madda. Türkmenistanyň esasy milli bähbitleri
1. Türkmenistanyň esasy milli bähbitlerine şular girýär:
1) adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek;
2) kanunlary takyk we birmeňzeş berjaý etmek hem-de hukuk tertibini saklamak;
3) ýurtda jemgyýetçilik agzybirligini we syýasy durnuklylygy gorap saklamak;
4) halkyň watansöýüjiligi we agzybirligi;
5) jemgyýetiň maddy we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamak hem-de artdyrmak;
6) saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ulgamlarynyň derejesini we hilini raýatlaryň we jemgyýetiň gowulandyrylan maddy hal-ýagdaýyna bolan islegi bilen deň derejä ýetirmek we saklamak;
7) ýurduň bilim we ylym kuwwatlylygynyň derejesini we hilini, raýatyň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, innowasion we intellektual islegleriniň ösüşi bilen deň derejä ýetirmek we saklamak;
8) Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň, çäk bitewiliginiň, garaşsyzlygynyň we bitaraplygynyň mizemezligi;
9) döwlet institutlarynyň durnukly hereket etmegi we olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak;
10) halkyň eşretli durmuşynyň üpjün edilmegi üçin ykdysady ösüş;
11) ykdysady howpsuzlygy doly derejede üpjün edýän agrosenagat we ýangyç-energetika toplumlarynyň, ulag we önümçilik pudaklarynyň, maliýe ulgamlarynyň subýektleriniň durnukly işlemegi;
12) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň söweşjeň we mobilizasion taýýarlygyny üpjün etmek;
13) Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny doly derejede üpjün edýän harby edaralaryň ýaraglar, harby tehnikalar bilen üpjün edilmegini we häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagyny hem-de ösdürilmegini üpjün etmek;
14) bäsdeşlige ukyply we goragly milli maglumat giňişligini saklamak we ösdürmek;
15) daşky gurşawy gorap saklamak we gowulandyrmak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak;
16) Türkmenistanyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy;
17) Türkmenistanyň halkara abraýyny berkitmäge gönükdirilen syýasy başlangyçlary öňe sürmek;
18) Türkmenistanyň ilatyny we çägini adatdan daşary ýagdaýlarda, parahatçylyk we harby döwürde, harby çaknyşyklarda ýa-da bu çaknyşyklaryň netijesinde ýüze çykýan wehimlerden goramak.
2. Türkmenistanyň milli bähbitleriniň üsti Türkmenistanyň kanunçylygy bilen ýetirilip hem-de strategik we maksatnamalaýyn resminamalary bilen takyklanylyp bilner.
6-njy madda. Milli howpsuzlygyň esasy wehimleri
1. Milli howpsuzlygyň esasy wehimleri şular hasaplanylýar:
1) milli bähbitleriň goraglylyk derejesiniň peselmegine täsir edip biljek ýagdaýlaryň bolmagy, ýagny kanunçylygyň we hukuk tertibiniň derejesiniň peselmegi, şol sanda jenaýatçylygyň guramaçylykly görnüşlerini hem goşmak bilen jenaýatçylygyň ösmegi, döwlet edaralarynyň jenaýatçylykly düzümler, terrorçylykly ýa-da ekstremistik guramalar bilen birikmegi, wezipeli adamlaryň maýa goýumlaryň, ýaragyň we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, korrupsiýa howandarlyk etmekleri;
2) ilatyň demografik ýagdaýynyň we saglygynyň ýaramazlaşmagy, şol sanda çaga dogluşynyň ýiti peselmegi, ölüm derejesiniň artmagy;
3) gözegçiliksiz migrasiýa ýagdaýlary;
4) ýurduň saglygy goraýyş, bilim we intellektual kuwwatlylygynyň derejesiniň we hiliniň peselmegi;
5) halkyň medeni-ruhy mirasynyň ýitirilmegi;
6) milli we dini duşmançylyga, milletara we dinara dawalara, köpçülikleýin bidüzgünçiliklere getirip biljek durmuş we syýasy ýagdaýyň ýitileşmegi;
7) Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny zorlukly üýtgetmäge gönükdirilen, ýurduň garaşsyzlygyna, bitaraplygyna, çäk bitewiligine, eldegrilmesizligine, şeýle hem goralýan şahslaryň howpsuzlygyna kast etmek bilen bagly hereketleriň bolmagy;
8) dürli görnüşdäki terrorçylyk, ekstremizm, separatizm we olaryň ýüze çykmalary;
9) milli howpsuzlyga zyýan ýetirmäge gönükdirilen, daşary ýurtlaryň ýörite gulluklarynyň, şeýle hem guramalaryň we aýry-aýry adamlaryň razwedka-ýykgynçylykly işi;
10) döwlet edaralarynyň işinde bidüzgünçiligiň döredilmegi, olaryň bökdençsiz hereketiniň bozulmagy, ýurduň dolandyryjylyk derejesiniň peselmegi;
11) döwletiň ykdysady howpsuzlygyna zyýan ýetirilmegi, ýurduň innowasion we maýa goýum işjeňliginiň ösüşine päsgel berilmegi, maýa goýumlarynyň we harytlaryň ýurduň çäginden daşyna gözegçiliksiz çykarylmagy;
12) maliýe ulgamynyň durnuklylygynyň peselmegi;
13) önümçiligiň kemelmegi, önümleriň hiliniň, bäsleşige ukyplylygynyň, eksportyň, üstaşyr geçirijiligiň kuwwatynyň, önümleriň we harytlaryň elýeterliliginiň peselmegi, Türkmenistanda öndürilmeýän önümleriň we harytlaryň beýleki döwletlerden getirilmeginiň kemelmegi, olaryň hili pes, möhleti geçen ýa-da könelişip, ulanyşa ýaramsyz görnüşleriniň getirilmegi;
14) ýurduň goranmak ukybynyň, harby taýýarlygyň derejesiniň peselmegi, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň eldegrilmesizligine wehim salynmagy we Türkmenistan babatda güýç ulanmak, oňa garşy çozuş (agressiýa) etmek haýbatynyň atylmagy;
15) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk harbylaşdyrylan düzümleriň döredilmegi;
16) ýurduň maglumat giňişliginiň, şeýle hem milli maglumat çeşmelerine rugsatsyz aralaşylmagyndan goraglylygynyň derejesiniň peselmegi;
17) milli howpsuzlyga zyýan ýetirýän, bilkastlaýyn ýoýulan maglumatlaryň we anyklanmadyk maglumatlaryň ýaýradylmagy bilen jemgyýetçilik aňyna ters täsir edilmegi;
18) ekologiýa ýagdaýynyň, şol sanda agyz suwunyň hiliniň ýiti ýaramazlaşmagy, epidemiýalaryň we epizootiýalaryň, tebigy we tehnogen häsiýetli betbagtçylyklaryň we beýleki adatdan daşary ýagdaýlaryň bolmagy;
19) Türkmenistanyň syýasy abraýyna we ykdysady ýagdaýyna, milli bähbitlerine halkara derejesinde zyýan ýetirilmegi;
20) ýaraglaryň, ok-därileriň, partlaýjy, zäherli we radioaktiw maddalaryň goraglylygynyň, saklanyş düzgünleriniň bozulmagy.
2. Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň wehimleriniň üsti Türkmenistanyň kanunçylygy bilen ýetirilip hem-de strategik we maksatnamalaýyn resminamalar bilen takyklanylyp bilner.
II bap. MILLI HOWPSUZLYGY ÜPJÜN ETMEGIŇ
ULGAMY WE ONUŇ ESASY WEZIPELERI
7-nji madda. Milli howpsuzlygy üpjün etmegiň ulgamy
1. Adamyň we raýatyň, jemgyýetiň we döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen syýasy, hukuk, guramaçylyk, ykdysady, harby we beýleki çäreleri amala aşyrýan güýçler hem-de ony üpjün etmekde özara arkalaşykly hereket edýän beýleki döwlet edaralary we guramalary milli howpsuzlygy üpjün etmek ulgamyny emele getirýär.
2. Türkmenistanyň raýatlary milli howpsuzlygy üpjün etmek babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda göz öňünde tutulan hukuklaryny amala aşyrmak we borçlaryny ýerine ýetirmek arkaly gatnaşýarlar.
8-nji madda. Milli howpsuzlygy üpjün etmek uglamynyň
esasy wezipeleri
Milli howpsuzlygy üpjün etmek ulgamynyň esasy wezipelerine şular girýär:
1) Türkmenistanyň milli bähbitlerini kesgitlemek;
2) milli howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen maksatlary, wezipeleri we esasy ugurlary kesgitlemek;
3) milli howpsuzlygyň wehimlerini ýüze çykarmak, seljermek, baha bermek we çaklamak;
4) milli howpsuzlygyň wehimleriniň öňüni almak we olary zyýansyzlandyrmak boýunça dessin we uzak möhletleýin çäreleriň toplumlaryny işläp taýýarlamak we amala aşyrmak;
5) halkara howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen syýasy başlangyçlary öňe sürmek;
6) milli howpsuzlygy üpjün edýän güýçleri hemişe taýýarlykda saklamak;
7) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda halkara we sebitara howpsuzlygy üpjün etmäge gatnaşmak.
9-njy madda. Milli howpsuzlygy üpjün edýän güýçler
1. Milli howpsuzlygy üpjün edýän güýçlere şular degişlidir:
1) razwedka, kontrrazwedka işini, şeýle hem goralýan şahslaryň we desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen hukuk we guramaçylyk çäreleriniň toplumyny amala aşyrýan ýörite döwlet edaralary;
2) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri, beýleki goşunlary we goşun düzümleri;
3) içeri işler, serhet, gümrük we migrasiýa edaralary, şeýle hem milli howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly wezipeler üstüne ýüklenen beýleki döwlet edaralary.
2. Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen ygtyýarlyklaryna laýyklykda milli howpsuzlygy üpjün etmek döwlet edaralarynyň we döwletiň wezipeli adamlarynyň ählisi üçin hökmanydyr.
3. Milli howpsuzlygy üpjün edýän güýçler we beýleki döwlet edaralary özara arkalaşykly hereket edýärler, Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramak boýunça bilelikdäki çäreleri amala aşyrýarlar we ygtyýarlyklaryna degişli meseleler boýunça birek-birege habar berýärler.
III bap. MILLI HOWPSUZLYGY ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ, DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ, Mejlisiniň, MINISTRLER KABINETINIŇ, KAZYÝETLERIŇ WE BEÝLEKI DÖWLET EDARALARYNYŇ YGTYÝARLYKLARY
10-njy madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Prezidenti:
1) milli howpsuzlygy üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär;
2) ýurduň milli bähbitlerini goramak boýunça döwlet häkimiýetiniň ähli şahalarynyň ylalaşykly işlemegini üpjün edýär;
3) milli howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly meseleler boýunça degişli namalary kabul edýär;
4) Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşini döredýär we oňa ýolbaşçylyk edýär, onuň wezipelerini we ygtyýarlyklaryny kesgitleýär;
5) Türkmenistanyň Milli howpsuzlygynyň strategiýasyny, milli howpsuzlygy üpjün etmek babatda beýleki strategik we maksatnamalaýyn resminamalary tassyklaýar;
6) Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna laýyklykda milli howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly meseleler boýunça beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
11-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ygtyýarlyklary
1. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi döwletiň howpsuzlygyny we goranmagyny, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny, ýuridik şahslaryň kanuny bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmek, kanunçylygy berkitmegiň we hukuk tertibini goramagyň ýörelgelerini kämilleşdirmek, halkara gatnaşyklarynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň sebitde parahatçylygy berkitmekdäki täsirini güýçlendirmek we milli howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly beýleki wezipeleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenen edaradyr.
2. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň işiniň hukuk esaslary we ygtyýarlyklary «Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi hakynda» Türkmenistanyň kanuny bilen kesgitlenýär.
12-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Mejlisi milli howpsuzlygy üpjün etmek boýunça ygtyýarlyklaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna laýyklykda amala aşyrýar.
13-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) Türkmenistanyň Mejlisine milli howpsuzlygy üpjün etmek boýunça kanunlaryň taslamalaryny berýär we kanunlaryň ýerine ýetirilmegini guraýar;
2) milli howpsuzlygy üpjün etmegiň esasy ugurlaryny işläp taýýarlaýar we olaryň amala aşyrylmagyny, şol sanda Milli howpsuzlygyň strategiýasynyň işlenilip taýýarlanylmagyny we durmuşa geçirilmegini guraýar;
3) adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek hem-de goramak, eýeçiligi, jemgyýetçilik tertibini we milli howpsuzlygy goramak boýunça çäreleri amala aşyrýar;
4) ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň milli howpsuzlygy üpjün etmek boýunça işine ýolbaşçylyk edýär;
5) milli howpsuzlyk bilen bagly meseleler boýunça Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, kanunlaryna we Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
14-nji madda. Türkmenistanyň kazyýetleriniň ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň kazyýetleri:
1) fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, şu Kanunyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler;
2) adamyň we raýatyň, jemgyýetiň we döwletiň howpsuzlygyna kast edýän jenaýatlar we hukuk tertibiniň bozulmalary baradaky işler boýunça adyl kazyýetligi amala aşyrýarlar.
15-nji madda. Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklary
1. Türkmenistanyň döwlet edaralary tarapyndan milli howpsuzlygyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ministrler Kabinetiniň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanyň döwlet edaralary ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:
1) tabynlygyndaky edaralaryň we guramalaryň milli howpsuzlygy üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreleri meýilleşdirmek we geçirmek boýunça işine ýolbaşçylyk edýärler;
2) ýokary döwlet edaralaryna milli howpsuzlyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri berýärler;
3) milli howpsuzlyk babatynda Türkmenistanyň kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýärler;
4) Türkmenistanyň milli bähbitleriniň bozulmagyna, milli howpsuzlyga wehim salynmagyna getirýän hereketleri (ýa-da hereketsizligi) üçin wezipeli adamlary, döwlet gullukçylaryny degişli jogapkärçilige çekýärler.
16-njy madda. Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli
we ýerine ýetiriji edaralarynyň ygtyýarlyklary
Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralarynyň milli howpsuzlygy üpjün etmek boýunça şu ygtyýarlyklary bardyr:
1) degişli dolandyryş-çäk birliklerinde milli howpsuzlygy üpjün etmek boýunça çäreleri görmek we işleri guramak;
2) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenen mobilizasion kuwwatlyklarynyň we ätiýaçlyklarynyň (serişdeleriniň) goralyp saklanylmagyny üpjün etmek.
IV bap. MILLI HOWPSUZLYGY ÜPJÜN ETMEK
17-nji madda. Milli howpsuzlygy üpjün edilende adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillikleri
1. Türkmenistan ýurduň çäginde her bir adamyň we raýatyň howpsuzlygyny milli kanunçylyga we halkara şertnamalaryna laýyklykda üpjün edýär. Türkmenistanyň çäklerinden daşarda Türkmenistanyň raýatlaryna döwletiň goragy we penakärligi kepillendirilýär.
2. Milli howpsuzlyk üpjün edilende adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklendirilmegine diňe kanunlarda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde ýol berilýär.
3. Milli howpsuzlygyň üpjün edilmegi bilen bagly wezipe ygtyýarlyklarynyň çäginden çykylmagyna ýol beren wezipeli adamlar, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige çekilýär.
4. Milli howpsuzlygy üpjün etmäge ýardam berýän adamlara döwlet goldawy, şol sanda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hukuk goraglylygy kepillendirilýär.
18-nji madda. Türkmenistanyň milli howpsuzlygyny
üpjün etmek boýunça çäreler
1. Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, milli howpsuzlygy üpjün etmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine kanun esasynda gatnaşýan döwletiň ähli edaralarynyň we wezipeli adamlarynyň, şeýle hem raýatlaryň we ýuridik şahslaryň ylalaşykly işlemeginiň üpjün edilmeginde we ygtyýarlyklarynyň takyk kesgitlenilmeginde döwlet syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi bilen ýerine ýetirilýär.
2. Türkmenistan özüniň milli howpsuzlygyny ygtyýarynda bolan ähli, şol sanda ykdysady, syýasy, harby, hukuk, ýörite (razwedka, kontrrazwedka) serişdelerini we usullaryny birtaraplaýyn ýa-da halkara şertnamalaryna laýyklykda ulanmak bilen üpjün edýär.
Milli howpsuzlygy üpjün etmek boýunça talaplar şu aşakdaky ýagdaýlarda hökmany nazara alynmalydyr:
1) ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ugurlary we tapgyrlary (döwürleri) strategik taýdan meýilleşdirilende;
2) milli howpsuzlyk barada Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenilip taýýarlanylanda, kabul edilende we ýerine ýetirilende.
3. Milli howpsuzlygy üpjün etmek milli bähbitleriň goraglylygynyň gerekli derejesine ýetmekden we şol derejede saklamakdan ybarat bolýar we aşakda görkezilen ýollar we usullar bilen amala aşyrylýar:
1) milli howpsuzlygy üpjün etmekde döwlet işiniň esasy ugurlaryny kesgitlemek;
2) milli howpsuzlygyň wehimlerini, şeýle hem Türkmenistanyň syýasy başlangyçlarynyň ýurduň çäginden daşarda goldanylmagynyň mümkinçiliklerini ýüze çykarmak we çaklamak;
3) milli howpsuzlygyň wehimleriniň öňüni almak we olary zyýansyzlandyrmak, şol sanda bu wehimleriň döremegine getiren sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak boýunça dessin we uzak möhletleýin çäreleriň toplumyny amala aşyrmak;
4) milli howpsuzlygyň wehimleriniň, oňa kast etmeleriň gös-göni dörän ýagdaýlarynda, şol sanda döwletiň içindäki, serhetara we global häsiýetdäki iň ýokary derejeli we adatdan daşary ýagdaýlarda milli howpsuzlygy üpjün etmegiň güýçlerini we serişdelerini mobilizasiýa etmek;
5) milli bähbitleri goramak, milli howpsuzlyga kast edýän bikanun işiň öňüni almak, hukuk çäklendiriji beýleki çäreleri amala aşyrmak boýunça gaýragoýulmasyz çözgütleri kabul etmek we hereket etmek;
6) milli bähbitlere kast edilmegi bilen bagly ýüze çykan ýagdaýy we netijeleri çäklendirmek we aradan aýyrmak, dikeldiş çäreleriniň toplumyny amala aşyrmak.
4. Milli howpsuzlygy üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen pudagara iş toparlary, geňeşler ýa-da dolandyryş merkezleri döredilip bilner.
Milli howpsuzlygy üpjün etmek boýunça ygtyýarly edaralaryň (güýçleriň) ýolbaşçylary pudagara iş toparlarynyň, geňeşleriň ýa-da dolandyryş merkezleriniň ýolbaşçylary bolup durýarlar.
Pudagara iş toparynyň, geňeşleriň ýa-da dolandyryş merkezleriniň düzümine ygtyýarlyklarynyň çäklerinde milli howpsuzlygy üpjün etmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gatnaşýan döwlet edaralary girizilýär.
19-njy madda. Türkmenistanyň jemgyýetçilik howpsuzlygyny
üpjün etmek
1. Türkmenistanyň jemgyýetçilik howpsuzlygy döwlet edaralarynyň, beýleki edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, wezipeli adamlaryň we raýatlaryň şu aşakdakylara gönükdirlen çözgütleri we hereketleri bilen üpjün edilýär:
1) raýatlaryň şahsy howpsuzlygyny, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň kepillikleriniň berkidilmegine;
2) watansöýüjilige we milletara ylalaşygyna esaslanan döwlet aňyýetiniň emele getirilmegine;
3) Türkmenistanyň halkynyň bitewiliginiň berkidilmegine we jemgyýetde sabyrlylygyň üpjün edilmegine;
4) ilatyň tebigy köpelmeginiň goldanylmagyna we demografik ýagdaýlaryň ýitileşmegine garşy hereket etmek boýunça çäreleriň öz wagtynda geçirilmeginiň üpjün edilmegine;
5) jenaýatçylyga, şol sanda onuň guramaçylykly görnüşlerine, korrupsiýa, terrorçylyga, ekstremizme we beýlekilere garşy göreşiň güýçlendirilmegine;
6) işsizligiň ösmegine we ilatyň durmuş derejesiniň pese düşmegine ýol bermezlige;
7) neşekeşligiň, psihoaktiw maddalara baglylygyň we arakhorlugyň, şeýle hem ilatyň saglygyna we ahlaklylygyna, Türkmenistanyň halkynyň genofondyna howp salýan beýleki durmuş ýagdaýlaryny duýdurmaga;
8) ýurduň intellektual kuwwatynyň peselmegine ýol bermezlige;
9) türkmen jemgyýetiniň taryhy, ruhy, medeni däpleriniň we gymmatlyklarynyň goralyp saklanylmagynyň üpjün edilmegine;
10) bikanun migrasiýa garşy hereket edilmegine.
2. Görnetin şu aşakdaky ýagdaýlara getirmäge ukyply çözgütleriň kabul edilmegine we hekeretleriň amala aşyrylmagyna ýol berilmeýär:
1) Türkmenistanyň halkynyň bitewiliginiň bozulmagyna we milletara, dini, tire-taýpa gatnaşyklarynyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna;
2) jemgyýetçilik raýdaşlygynyň, agzybirligiň bozulmagyna;
3) adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň esassyz çäklendirilmegine;
4) jemgyýetçilik birleşikleriniň, dini guramalaryň we toparlaryň döwletiň işine, şeýle hem döwletiň jemgyýetçilik birleşikleriniň, dini guramalaryň we toparlaryň işine bikanun gatyşmagyna;
5) jenaýatçylygyň we hukuk tertibiniň bozulmalarynyň ösmegine;
6) bilim berilmeginiň we lukmançylyk üpjünçiliginiň derejesiniň we hiliniň peselmegine;
7) miras bolup galan taryhy-medeni desgalarynyň ýitirilmegine.
3. Jemgyýetiň saglygyna hakyky howp döredýän we karantin şertlerinde saklamaga degişli howply we ýokanç keselli daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana girmegine ýol berilmeýär.
Türkmenistanyň çäginde bolýan, jemgyýetiň saglygyna howp döredýän ýokanç keselleri bolan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara kadalaryna laýyklykda ýurduň çäginden çykarylmaga degişlidirler.
20-nji madda. Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny
üpjün etmek
1. Türkmenistanyň harby howpsuzlygy şular bilen üpjün edilýär:
1) döwletiň goranmak ukybynyň zerur derejede saklanylmagy;
2) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň söweşjeň taýynlykda saklanylmagy;
3) ýurduň ykdysadyýetiniň mobilizasion taýýarlygynyň netijeli ulgamlarynyň we ilatyň mobilizasiýa taýýarlygynyň döredilmegi;
4) dünýäde we sebitde harby howpsuzlygyň üpjün edilmegini gazanmak, özara ynamy güýçlendirmek, harby howpuň derejesini peseltmek maksady bilen ýadro ýaragsyzlandyrmagyň başlangyçlaryny goldamak boýunça halkara howpsuzlyk düzümleri bilen hyzmatdaşlyk edilmegi;
5) raýat goranyşynyň ilaty we ýurduň çägini goramak taýýarlygynda bolmagynyň gazanylmagy;
6) Türkmenistanyň Döwlet serhediniň ygtybarly goraglylygynyň üpjün edilmegi;
7) Türkmenistanyň Döwlet serhedinde Türkmenistanyň milli bähbitleriniň gorap saklamak barada syýasy, hukuk, ykdysady, harby, dessin, guramaçylyk, tehniki, ekologiki, sanitariýa we beýleki çäreleriň durmuşa geçirilmegi.
2. Döwletiň edaralarynyň we wezipeli adamlarynyň, eýeçiligiň görnüşine garamazdan edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, şeýle hem raýatlaryň ählisi şulara ýardam bermäge borçludyrlar:
1) Türkmenistanyň goranmak ukybyny berkitmäge;
2) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň söweşjeň taýýarlyk derejesinde saklanylmagyna we ýokarlandyrylmagyna;
3) mobilizasion kuwwatlylygynyň goralyp saklanylmagyna we mobilizasiýanyň ätiýaçlyk ulgamynyň kämilleşdirilmegine.
3. Türkmenistanyň goranmak ukybyna, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň söweşjeň taýynlygyna zyýan ýetirip biljek çözgütleriň kabul edilmegi we hereketleriň edilmegi gadagan edilýär.
4. Türkmenistanyň milli howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen şulara ýol berilmeýär:
1) Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň harby bazalarynyň ýerleşdirilmegine;
2) daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň goşun düzümleriniň, ýaraglarynyň we harby tehnikalarynyň Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirilmegine.
5. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri, beýleki goşunlary we goşun düzümleri milli howpsuzlygy üpjün etmäge Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna laýyklykda çekilýär.
21-nji madda. Türkmenistanyň syýasy howpsuzlygyny
üpjün etmek
1. Türkmenistanyň syýasy howpsuzlygy döwlet edaralarynyň, edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň, wezipeli adamlaryň we raýatlaryň şu aşakdakylara gönükdirilen çözgütleri we hereketleri bilen üpjün edilýär:
1) konstitusion gurluşyň esaslaryny, döwletiň özygtyýarlylygyny we çäk bitewiligini kanuna garşy gelýän kast etmelerden goramaga;
2) syýasy çözgütler kabul edilende Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň we bitaraplygynyň goralyp saklanylmagyna;
3) döwlet edaralarynyň işiniň we döwlet dolandyrylyşynyň tertibiniň kämilleşdirilmegine;
4) döwlet institutlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge;
5) jemgyýetiň syýasy medeniýetiniň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna.
2. Raýatlaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň şu aşakda görkezilen hereketleri milli howpsuzlygyň bozulmagyna gönükdirilen diýlip hasaplanylýar we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär:
1) Türkmenistanyň döwlet gurluşyna, bitewiligine, eldegrilmesizligine we onuň çäk bitewiligine kast edýän, konstitusion gurluşyny agdarmak ýa-da zorlukly üýtgetmek, şol sanda terrorçylyga, ekstremizme, separatizme we beýleki hereketlere çagyryşlary etmek;
2) häkimiýeti basyp almak;
3) Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunçylygyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň edaralarynyň ýa-da saýlanan (bellenilen) wezipeli adamlarynyň ygtyýarlyklarynyň zorlukly bes edilmegi ýa-da işlerine päsgel berilmegi;
4) hereket edýän dini aýratynlyklaryň we dürli dini garaýyşlaryň syýasy, ekstremistik we terrorçylyk maksatlary bilen peýdalanylmagy.
3. Döwlet institutlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň aýratyn borjy we olaryň gulluk işiniň esasy wezipelerinin biri bolup duryar.
Türkmenistanyň döwlet gullukçylary öz işlerinde umumydöwlet bähbitlerini goldanmaga borçludyrlar. Döwlet gullukçylaryna döwlet häkimiýetiniň abraýyna şübhe döremegine getirýän, wezipe ygtyýarlyklaryny gullukdan daşary bähbitleri üçin ulanmak bilen bagly çözgütleri kabul etmek we hereketleri etmek gadagandyr.
4. Döwlet şulara gönükdirlen çäreleri kabul edýär:
1) döwlet gullugynyň abraýyny we derejesini ýokarlandyrmaga;
2) döwlet gullugyna bellenilen talaplara laýyk gelmeýän adamlaryň kabul edilmegine ýol bermeýän guramaçylyk-hukuk usullary kemala getirmäge.
5. Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň bitewi, ýeke-täk ulgamynyň we ýeke-täk hukuk ulgamynyň emele gelmegi we bökdençsiz işlemegi bilen bagly bähbitlere gapma-garşy gelýän çözgütleriň kabul edilmegine we hereketleriň edilmegine ýol berilmeýär.
6. Türkmenistana garşy ýykgynçylykly işi, hereketi amala aşyrýan, Türkmenistanyň özygtyýarlylygyna, çäk bitewiligine, halkyň agzybirligine, jemgyýetçilik raýdaşlygyna we ýurduň syýasy durnuklylygyna garşy açyk çykyş edýän, kazyýet tarapyndan aýratyn agyr jenaýat üçin iş kesilen, residiwde, howply residiwde we aýratyn howply residiwde bilkastlaýyn jenaýaty amala aşyran diýlip hasap edilen ýa-da terrorçylykly, ekstremistik, döwlete garşy ýa-da gaýry jenaýatçylykly guramalaryň agzasy ýa-da olara dahyly bolan, şeýle hem terrorçylykly işi, hereketleri üçin iş kesilen, halkara guramalary tarapyndan terrorçylaryň sanawyna goşulan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmegine ýol berilmeýär.
Türkmenistanyň çäginde bolýan we şeýle açyk çykyşlary edýän daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň kanunlaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda ýurduň çäklerinden daşyna çykarylmaga ýa-da beýleki jogapkärçilige çekilmäge degişlidir.
22-nji madda. Türkmenistanyň ykdysady howpsuzlygyny
üpjün etmek
1. Türkmenistanyň ykdysady howpsuzlygy şulary öz içine alýar:
1) döwletiň bitewiligini, garaşsyzlygyny we durnukly ösüşini üpjün etmäge ukyply maliýe, bank ulgamlarynyň hakyky we bolup biljek wehimlerden goraglylyk ýagdaýyny göz öňünde tutýan maliýe howpsuzlygyny;
2) ilatyň sarp edijiligini kanagatlandyrýan we demografik ösüşi üçin ýeterlikli bolan ýokary hilli we howpsuz azyk harytlarynyň elýeterliligini üpjün edip biljek döwletiň ykdysadyýetiniň, şol sanda agrosenagat toplumynyň goraglylyk ýagdaýyny göz öňünde tutýan azyk howpsuzlygyny;
3) jemgyýet we döwlet energoçeşmelerine zerurlygyny kanagatlandyrmak üçin energetiki garaşsyzlygyny, energogeçirijileriň howpsuzlygyny we olaryň durnukly ösüşini üpjün edip biljek, döwletiň ykdysadyýetiniň ýangyç-energetika we nebit-gaz toplumlarynyň hakyky we bolup biljek wehimlerden goraglylyk ýagdaýyny göz öňünde tutýan energiýa howpsuzlygyny;
4) ykdysadyýetiň we ilatyň awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary bilen daşaýyşlara we olar bilen bagly hyzmatlara, ulag infrastrukturalarynyň döredilmegine we ösdürilmegine, şeýle hem bäsleşige ukyply üstaşyr geçirijilik kuwwatynyň durnukly ösüşine bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin şertleri döretmegi üpjün edip biljek döwlet ykdysadyýetiniň hakyky we bolup biljek wehimlerden goraglylyk ýagdaýyny göz öňünde tutýan ulag howpsuzlygyny.
2. Ykdysady howpsuzlyk döwlet edaralarynyň, edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň, wezipeli adamlaryň we raýatlaryň şu aşakdakylara gönükdirilen çözgütleri we hereketleri bilen üpjün edilýär:
1) milli ykdysadyýetiň, şol sanda onuň senagat-innowasiýasyny düzýän böleginiň ösüşiniň durnuklylygyny we dowamlylygyny üpjün etmek;
2) Türkmenistanyň maliýe, azyk, ulag we energetika babatda garaşsyzlygyny üpjün etmek;
3) dünýäniň ykdysady ulgamyndan Türkmenistanyň ykdysady üzňeligine ýol bermezlik;
4) ykdysady çözgütler kabul edilende Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we bitaraplygyny gorap saklanmak we milli bähbitleriň berjaý edilmegini üpjün etmek;
5) ykdysadyýeti mundan beýläk hem diwersifikasiýalaşdyrmak, ýurduň ykdysadyýetiniň esasy çeşmelerini, serişde we energiýa esaslaryny gorap saklamak we pugtalandyrmak;
6) Türkmenistanyň geosyýasy gurşawynda ýüze çykýan ýaramaz ýagdaýlaryň täsir etmegi bilen baglanyşykly döwletiň ykdysadyýetiniň gowşaklyk derejesini peseltmek boýunça çäreleri görmek;
7) milli we halkara maliýe institutlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy üpjün etmek, içerki we daşarky karz serişdeleriniň hem-de maýa goýum mümkinçilikleriniň ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine gönükdirilmegini ileri tutmak;
8) býujet serişdeleriniň we döwlet serişdeleriniň, ätiýaçlyklarynyň ýerliksiz peýdalanylmagyna ýol bermezlik;
9) Türkmenistanyň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň deňargamlygynyň bozulmagyna ýol bermezlik;
10) ýurduň ykdysadyýetinde bäsleşigi höweslendirmek we ýekemenlik etmegi çäklendirmek şertlerinde içerki öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň önümçiliginiň paýyny artdyrmak;
11) Türkmenistanda öndürilýän, getirilýän we satylýan harytlaryň we hyzmatlaryň olaryň hiliniň we howpsuzlygynyň derejesiniň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplara laýyk gelmegini, fiziki we ykdysady elýeterligini üpjün etmek;
12) ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak;
13) içerki we daşarky ýaramaz ýagdaýlaryň täsir etmegine garamazdan azyk harytlarynyň döwlet serişdeleriniň döredilmeginiň, täzelenilmeginiň we köpelmeginiň ileri tutulmagyny üpjün etmek;
14) ykdysady howpsuzlygy üpjün etmek meselelerinde telekeçileriň jemgyýetçilik birleşikleriniň, şereketleriniň, assosiasiýalarynyň ähmiýetini ýokarlandyrmak;
15) Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegine we onuň ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam edýän toplumlaryň işiniň durnuklylygyny, dowamlylygyny we netijeliligini üpjün etmek;
16) ykdysadyýetiň ýagdaýy barada we daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarda maglumatlaryň elýeterliligini we açyklygyny üpjün etmek.
3. Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramak, şol sanda senagat kuwwatlylygyny gorap saklamak we berkitmek maksady bilen daşary ýurt maýadarlaryna berilen kepillikleri berjaý edip, döwlet daşary ýurt guramalarynyň, daşary ýurt gatnaşygy bolan guramalaryň eýeçiliginde ýa-da dolandyryşynda bolan Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň obýektleriniň ýagdaýyna we peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýar.
4. Türkmenistanyň strategik baýlyklaryny peýdalanmak boýunça şertnamalar baglaşylanda (üýtgedilende), şeýle şertnamalar ýerine ýetirilende we olaryň ýerine ýetirlişine gözegçilik edilende, şeýle hem döwlet edaralary tarapyndan ýerasty baýlyklaryň peýdalanylmagy üçin rugsatnamalary bermek ýa-da bermekden ýüz döndermek baradaky çözgüt çykarylanda we ýerasty baýlyklary peýdalanmaga hukugy bolan ýuridik şahslaryň paýynyň (paýnamalarynyň bukjasynyň) aýrybaşgalanmagy barada rugsatnamalar berlende ýa-da olary bermekden ýüz dönderilende milli howpsuzlygy üpjün etmek boýunça talaplar hökmany nazara alynmalydyr.
5. Zähmet, maliýe we beýleki serişdeleriň, milli puluň ýurduň çägindäki dolanyşygyny öz içine alýan maliýe-bank ulgamynyň, bitewi energetika we kommunikasiýa ulgamlarynyň erkin hereket etmegi сäklerinde amala aşyrylýan Türkmenistanyň bazar giňişliginiň döremeginiň we bökdençsiz işlemeginiň bähbitlerine garşy gelýän çözgütleriň kabul edilmegine we hereketleriň amala aşyrylmagyna ýol berilmeýär.
6. Türkmenistanyň ykdysadyýetine, senagat-innowasion ösüşine we oňa maýa goýumlaryň gelmegine päsgel berýän, ýurduň çäginden daşary maýa goýumlarynyň we harytlaryň gözegçiliksiz çykarylmagyna ýardam edýän, harytlaryň we hyzmatlaryň bahalarynyň esassyz ýokarlandyrylmagyna getirýän, ilatyň jany we saglygy üçin howply harytlaryň we hyzmatlaryň içerki bazara getirilmegine ýardam edýän, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň we ykdysadyýetiň obýektleriniň milli howpsuzlyga zyýan ýetirilip hojalyk subýektlerine berilmegine ýardam edýän çözgütleriň kabul edilmegi we hereketleriň amala aşyrylmagy gadagan edilýär we bellenilen jogapkärçilige eltýär.
7. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ykdysady howpsuzlygyň ýagdaýy ýaramazlaşanda harytlaryň eksportyna we importyna wagtlaýyn gadaganlyk we çäklendirme girizmäge haklydyr.
23-nji madda. Türkmenistanyň maglumat howpsuzlygyny
üpjün etmek
1. Türkmenistanyň maglumat howpsuzlygy döwlet edaralarynyň, edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň, wezipeli adamlaryň we raýatlaryň şu aşakdakylara gönükdirilen çözgütleri we hereketleri bilen üpjün edilýär:
1) Türkmenistanyň maglumat taýdan garaşsyzlygyny üpjün etmek;
2) beýleki döwletler, guramalar we aýry-aýry adamlar tarapyndan maglumat babatda basyşyň we gabawyň öňüni almak;
3) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we milli howpsuzlygy üpjün edýän güýçleriniň maglumat üzňeligine ýol bermezlik;
4) Türkmenistanyň milli howpsuzlygyny gorap saklamak maksady bilen aragatnaşyk ulgamlarynyň, şol sanda tebigy we tehnogen häsiýetdäki adatdan daşary ýagdaýlarda, beýleki adatdan daşary ýagdaýlarda hem-de aýratyn döwürlerde bökdençsiz we durnukly işlemegini üpjün etmek;
5) döwlet syrlaryny we kanun tarapyndan goralýan beýleki syrlary düzýän maglumatlaryň aýan bolmagyny we ýitirilmegini ýüze çykarmak, duýdurmak, öňüni almak we soňuna çykmak;
6) milli howpsuzlyga zyýan ýetirýän, bilkastlaýyn ýoýulan we anyklanmadyk maglumatlaryň ýaýradylmagy bilen jemgyýetçilik aňyna ters täsir edilmegine ýol bermezlik;
7) döwlet tarapyndan kabul edilýän çözgütleriň işlenilip taýýarlanylmagynda we kabul edilmeginde gizlinlikde milli howpsuzlyga zyýan ýetirýän maglumat taýdan täsir etmeleriň usullaryny ýüze çykarmak we olarda bidüzgünçilik döretmek;
8) düzüminde döwlet, täjirçilik we kanun tarapyndan goralýan beýleki syrlary bolan maglumatlar aýlanýan maglumat serişdeleriniň, maglumat ulgamlarynyň we aragatnaşyk infrastrukturasynyň netijeli gorag ulgamyny saklamak we ösdürmek.
2. Milli bähbitleri goramak we Türkmenistanyň maglumat üzňeligine ýol bermezlik maksady bilen döwlet edaralary maýa goýujylara berilýän kepillikleriň berjaý edilmegi bilen bir hatarda magistral aragatnaşyk liniýalaryny dolandyrmagy we peýdalanmagy amala aşyrýan guramalaryň, şeýle hem daşary ýurt gatnaşykly aragatnaşyk ulgamlary dolandyrmagynda ýa-da eýeçiliginde bolan guramalaryň işine Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen tertipde gözegçiligi amala aşyrýarlar.
3. Fiziki we ýuridik şahslar aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak, peýdalanmak we ösdürmek meseleleri boýunça çözgütler kabul edenlerinde aragatnaşyk babatynda ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenen milli howpsuzlygyň berjaý edilmeginiň talaplaryny gollanmaga borçludyrlar.
Terrorçylyga garşy operasiýalar geçirilende we köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň öňüni alnanda dessin dolandyryş merkeziniň başlygynyň çözgüdi boýunça aragatnaşyk ulgamlarynyň eýelerine we operatorlaryna fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslara aragatnaşyk hyzmatlaryny etmegi togtatmak we (ýa-da) aragatnaşygyň ulgamlarynyň hem-de serişdeleriniň peýdalanylmagyny çäklendirmek, şeýle hem aragatnaşyk ulgamlarynyň we serişdeleriniň işleýiş tertibiniň üýtgedilmegi barada ýerine ýetirilmegi hökmany bolan görkezmeler berlip bilner.
4. Türkmenistanyň maglumat giňişliginiň döremegi we bökdençsiz işlemegi, ýurduň dünýä aragatnaşyk we maglumat ulgamyna girmegi, maglumat serişdeleriniň, maglumat ulgamlarynyň we aragatnaşyk infrastrukturasynyň goraglylyk derejesiniň üpjün edilmegi we ýokarlandyrylmagy bilen bagly milli bähbitlere garşy gelýän çözgütleriň kabul edilmegine we hereketleriň amala aşyrylmagyna ýol berilmeýär.
5. Türkmenistanyň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen şu aşakdakylar gadagan edilýär:
1) milli howpsuzlyga ters täsir edip biljek çaphana önümleriniň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň önümleriniň Türkmenistanyň çäginde ýaýradylmagy;
2) döwlet syrlarynyň we kanun tarapyndan goralýan beýleki syrlaryň aýan edilmegi;
3) aragatnaşyk we maglumat babatynda ygtyýarly edaranyň razylygy bolmazdan daşary ýurt fiziki we ýuridik şahslar, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlar tarapyndan Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň eýesiniň ýa-da bu çygyrda işi amala aşyrýan ýuridik şahslaryň paýnamalaryna (gatançlaryna, paýlaryna) gös-göni ýa-da gytaklaýyn eýelik edilmegi, peýdalanylmagy, dolandyrylmagy ýa-da ýolbaşçylyk edilmegi;
4) esasy aragatnaşyk ugurlarynyň daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar we daşary ýurt ýuridik şahslar tarapyndan dolandyrylmagy ýa-da peýdalanylmagy;
5) Türkmenistanyň çäginiň daşynda dolandyryş merkezi bolan aragatnaşyk ulgamlarynyň ýurduň çäginde döredilmegi we işledilmegi;
6) aragatnaşyk we maglumat babatynda ygtyýarly edaranyň razylygy bolmazdan fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan özbaşdak ýa-da adamlar toparlarynyň düzüminde şäherara ýa-da halkara aragatnaşygyň operatory hökmünde aragatnaşygyň ugurlaryna eýelik edýän we aragatnaşygyň ugurlaryny dolandyrmak we peýdalanmak boýunça işi amala aşyrýan guramalaryň ses berilýän paýnamalarynyň, şeýle hem gatançlarynyň, paýlarynyň eýeçilige satyn alynmagy ýa-da başga ýagdaýlarda alynmagy;
7) aragatnaşyk we maglumat babatynda ygtyýarly edaranyň razylygy bolmazdan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar we daşary ýurt ýuridik şahslar tarapyndan telekommunikasiýa çygrynda işi şäherara ýa-da halkara aragatnaşygyň operatory hökmünde amala aşyrýan, ýerüsti aragatnaşyk ugurlaryna (kabel, şol sanda optiki-süýmli, radiorele) eýelik edýän ýuridik şahslaryň ses berilýän paýnamalaryna, şeýle hem gatançlaryna, paýlaryna gös-göni ýa-da gytaklaýyn eýelik edilmegi, peýdalanylmagy, dolandyrylmagy ýa-da ýolbaşçylyk edilmegi;
8) dessin-agtaryş çärelerini üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyk gelmeýän aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi;
9) Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň esaslaryna, jemgyýetiň ahlak durnuklylygyna, milletara we dinara agzybirligine zyýan ýetirýän maglumatlaryň ýaýradylmagy, şeýle hem ekstremizmiň dürli ýüze çykmalarynyň, terrorçylygyň wagyz edilmegi üçin aragatnaşyk ulgamynyň we maglumat giňişliginiň peýdalanylmagy.
6. Paýnamalara (gatançlara, paýlara) eýelik edilmegi ýa-da aragatnaşyk çygrynda milli howpsuzlygy üpjün etmek boýunça hereketleri amala aşyrýan guramalaryň işlerine gatnaşylmagy bilen bagly beýleki çäklendirmeler Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly kesgitlenilýär.
24-nji madda. Türkmenistanyň ekologiýa howpsuzlygyny
üpjün etmek
1. Türkmenistanyň ekologiýa howpsuzlygy döwlet edaralarynyň, edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň, wezipeli adamlaryň we raýatlaryň şu aşakdakylara gönükdirlen çözgütleri we hereketleri bilen üpjün edilýär:
1) tebigy baýlyklary gorap saklamak, rejeli peýdalanmak we täzeden dikeltmek;
2) daşky gurşawa we ýurduň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine zyýanly täsir edýän ýagdaýlaryň howplulyk derejesini peseltmek;
3) önümçilik güýçleriniň ösüşiniň we ýerleşdirilişiniň ekologik-ykdysady deňagramlylygyny üpjün etmek;
4) Türkmenistanyň daşky gurşawyna we ilatynyň saglygyna ýaramaz täsirleri aradan aýyrmak;
5) kanunçylygy, ykdysadyýeti we jemgyýeti ekologiýanyň talaplarynyň berjaý edilmegine gönükdirmek;
6) jemgyýetçilik aňynda ekologiýa medeniýetini emele getirmek, ekologiýa ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek;
7) daşky gurşawy goramak meseleleri çözülende jemgyýetçiligiň hemmetaraplaýyn gatnaşmagyny üpjün etmek;
8) tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň howpuny peseltmek we olaryň netijelerini ýeňilleşdirmek;
9) halkara hyzmatdaşlygynda aragatnaşygy ýola goýmak we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny berjaý etmek.
2. Türkmenistanyň ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglylykda ygtyýarly döwlet edaralarynyň, guramalaryň, wezipeli adamlaryň borçlary aşakdakylardan ybaratdyr:
1) daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we goramak;
2) Türkmenistanyň ekologiýa kanunçylygynyň talaplaryny we kadalaryny gyşarnyksyz berjaý etmek;
3) ýurduň çäginiň radioaktiw, himiýa taýdan hapalanmagynyň, bakteriologiýa taýdan zäherlenmesiniň öňüni almak;
4) ekologiýa taýdan howply tehnologiýalaryň, tehnikalaryň we enjamlaryň ýeke-täk sanawyna girizilen tehnologiýalary, tehnikalary we enjamlary Türkmenistanyň çägine getirmäge we ulanmaga ýol bermezlik;
5) hojalyk we beýleki işiň ýaramaz ekologik netijelerini aradan aýyrmak;
6) daşky gurşawa we adamyň saglygyna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak;
7) tebigy we tehnogen häsiýetdäki adatdan daşary ýagdaýlardan duýdurmak we olaryň netijelerini ýok etmek boýunça, raýat goranyşynyň bu ýagdaýlara garşy durmaga ukyply bolan häzirki zaman serişdeler bilen üpjünçiligini nazara almak bilen tebigy we tehnogen häsiýetdäki adatdan daşary ýagdaýlaryň howplarynyň abanýan şertlerinde we ýüze çykan ýagdaýynda edilmeli hereketleri ilata öwretmek boýunça dolandyryş edaralarynyň we güýçleriniň hereketlerini hökmany taýýarlykda saklamak;
8) çak edilýän we ýüze çykýan tebigy we tehnogen häsiýetdäki adatdan daşary ýagdaýlaryň, olaryň öňüni almak we aradan aýyrmak boýunça görülen çäreleriň aýan häsiýete eýe bolmagyny we bu ýagdaýlar bilen ilatyň, guramalaryň habarly bolmagyny üpjün etmek;
9) raýat goranyşynyň güýçleriniň we serişdeleriniň tebigy we tehnogen häsiýetdäki adatdan daşary ýagdaýlara dessin täsir etmäge, halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işleri geçirmäge hemişe taýýarlygyny üpjün etmek.
25-nji madda. Halkara howpsuzlygynyň üpjün edilmegine Türkmenistanyň gatnaşmagy
1. Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň halkara howpsuzlygyň düzüm bölegi bolup durýandygyny göz öňünde tutup, şeýle hem milli howpsuzlygyň halkara kepilliklerini almak maksady bilen Türkmenistan halkara (global, sebitara) howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gatnaşýar.
2. Halkara howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça iş şulary göz öňünde tutýar:
1) global dünýä hukuk tertibini emele getirmek meselelerinde Türkmenistanyň ornuny berkitmegi;
2) Türkmenistanyň geosyýasy gurşawynda köpçülikleýin howpsuzlygyň netijeli ulgamyny emele getirmegi we berkitmegi;
3) Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň bähbitlerine laýyk gelýän işleri amala aşyrýan halkara guramalarynyň işine hem-de halkara maslahatlaryna, duşuşyklara we beýleki çärelerine gatnaşmagy;
4) zerur bolan ýagdaýynda milli howpsuzlygy üpjün etmäge degişli meseleleri goňşy döwletler bilen bilelikde çözmegi;
5) Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň bähbitlerine laýyk gelýän halkara şertnamalaryny baglaşmagy.
V bap. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
26-njy madda. Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň
üpjün edilmegi barada işiň maliýeleşdirilmegi
Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça iş Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.
27-nji madda. Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň
üpjün edilmegine gözegçilik
Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gözegçilik Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi tarapyndan amala aşyrylýar.
28-nji madda. Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň
üpjün edilmegi çygrynda kanunçylygyň
bozulmagy üçin jogapkärçilik
Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň üpjün edilmegi çygrynda kanunçylygyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
29-njy madda. Şu Kanunyň Türkmenistanyň beýleki
kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen gatnaşygy
Şu Kanun Türkmenistanyň milli howpsuzlygyny üpjün etmegiň aýry-aýry ugurlaryny we usullaryny kesgitleýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň işlenip taýýarlanylmagynda we kabul edilmeginde esas bolup durýar.
30-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2013-nji ýylyň 4-nji maýy.
№ 388-IV.