Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Türkmenistanyň milli howpsuzlyk edaralary
hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 34-nji madda)
(20.10.2018 ý. № 82-VI, 14.03.2020 ý. № 234-VI, 22.08.2020 ý. № 268-VI, 03.06.2023 ý. № 28-VII Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun Türkmenistanyň milli howpsuzlyk edaralarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk esaslaryny we ýörelgelerini, olaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär, şeýle hem milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärlerini hukuk we durmuş taýdan goramagyň kepilliklerini belleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Türkmenistanyň milli howpsuzlyk edaralary
Türkmenistanyň milli howpsuzlyk edaralary (mundan beýläk - milli howpsuzlyk edaralary) Türkmenistanyň Prezidentiniň tabynlygyndaky, ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda, ygtyýarlyklarynyň çäginde şahsyýetiň we jemgyýetiň howpsuzlygyny üpjün etmäge, döwletiň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny, çäk bütewiligini, ykdysady, ylmy-tehniki we goranmak kuwwatyny gorap saklamaga gönükdirilen wezipeleri çözmäge niýetlenen ýörite döwlet edarasydyr.
2-nji madda. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işiniň
hukuk esaslary
1. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işiniň guralyşy we tertibi, şeýle hem ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we milli howpsuzlyk edaralarynyň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.
2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Milli howpsuzlyk edaralarynyň esasy wezipeleri
1. Milli howpsuzlyk edaralarynyň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:
1) şahsyýetiň, јemgyýetiň we döwletiň howpsuzlygyny üpјün etmek boýunça döwlet syýasatyny işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge gatnaşmak;
2) milli howpsuzlyk bilen bagly meseleler boýunça Türkmenistanyň Prezidentini, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetini zerur maglumatlar bilen üpjün etmek;
3) milli bähbitleri we howpsuzlygy gorap saklamak maksady bilen razwedka işini alyp barmak;
4) milli howpsuzlyga zyýan ýetirmek maksady bilen geçirilýän razwedka we şeýle häsiýetli beýleki hereketleri ýüze çykarmak, duýdurmak we öňüni almak bilen bagly kontrrazwedka işini alyp barmak;
5) konstitusion gurluşy zorluk bilen üýtgetmäge we çäk bütewiligi bozmaga gönükdirilen terrorçylykly we beýleki ýykgynçylykly hereketleri ýüze çykarmak, duýdurmak we öňüni almak;
6) kanun arkaly ygtyýarlygyna degişli edilen işler boýunça hukuk bozulmalaryny we jenaýatlary ýüze çykarmak, üstüni açmak we derňemek, olaryň önüni almak;
7) döwlet syrlarynyň goralyp saklanylmagyny üpјün etmek;
8) Türkmenistanyň Prezidentini döwletara hökümet aragatnaşygy bilen üpјün etmek;
9) Türkmenistanyň döwlet edaralarynda, Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we harby edaralarda şifrlenen aragatnaşygy gurnamak we gözegçilik etmek.
2. Türkmenistanyň kanunlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalary bilen milli howpsuzlyk edaralarynyň üstüne şu maddanyň birinji böleginde görkezilenlerden başga wezipeler hem ýüklenilip bilner.
4-nji madda. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işiniň
esasy ýörelgeleri
Milli howpsuzlyk edaralarynyň işi kanunylyk, adamyň we raýatyň kanun öňündäki deňligi, ynsanperwerlik, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamak we goraglylygyny üpjün etmek, merkezleşdirilen dolandyryş, gizlinlik tärlerini ulanmak, işiň aýan hem-de aýan däl usullaryny we serişdelerini utgaşdyryp alyp barmak ýörelgelerine esaslanýar.
5-nji madda. Milli howpsuzlyk edaralarynyň halkara
hyzmatdaşlygy
Milli howpsuzlyk edaralarynyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi Türkmenistanyň Prezidenti bilen ylalaşmak arkaly ygtyýarlyklarynyň çäklerinde daşary ýurt döwletleriniň ýörite gulluklary, degişli edaralary, şonuň ýaly-da halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri çözmäge gatnaşýar.
6-njy madda. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işinde
adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de
azatlyklarynyň berjaý edilmegi
1. Milli howpsuzlyk edaralaryüstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirenlerinde adamyň we raýatyň haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigine ýa-da hiç partiýa degişli däldigine garamazdan adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligini, döwlet tarapyndan kepillendirilen hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň goralmagyny üpjün edýärler.
2. Adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklendirilmegine diňe kanunlarda göz öňünde tutulan esaslarda we tertipde ýol berilýär.
Adamyň we raýatyň özleriniň hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklendirilmegi boýunça düşündiriş ýa-da maglumat almaga, barlag ýa-da derňew hereketleri tamamlanandan soň, barlagyň ýa-da derňewiň netijesi baradaky maglumatlar bilen tanyşmaga hukugy bardyr.
3. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulanlardan başga halatlarda adamyň we raýatyň şahsy durmuşyna degişli we onuň namysyny, mertebesini kemsidýän ýa-da onuň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine zyýan ýetirip biljek maglumatlaryň aýan edilmegine ýol berilmeýär.
4. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň hereketleri bilen özüniň hukuklary, azatlyklary we kanuny bähbitleri kemsidilen diýip hasap edýän adam bu barada Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde şikaýat etmäge hukuklydyr.
7-nji madda. Döwlet edaralarynyň, edaralaryň, kärhanalaryň,
guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we
raýatlaryň milli howpsuzlygy üpjün etmek işine
gatnaşmagy
1. Milli howpsuzlyk edaralary öz üstüne ýüklenen wezipeleri döwlet edaralary, beýleki edaralar, kärhanalar, guramalar, jemgyýetçilik birleşikleri we raýatlar bilen arkalaşykly ýerine ýetirýärler.
2. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri milli howpsuzlyk bilen bagly wezipeleri çözmek maksady bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, kärhanalara, edaralara we guramalara işe iberilip bilner.
3. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalar, edaralar, guramalar, jemgyýetçilik birleşikleri we wezipeli adamlar ygtyýarlyklarynyň çäklerinde we bellenilen tertipde milli howpsuzlyk edaralarynyň milli howpsuzlygy üpjün etmek boýunça alyp barýan işine ýardam etmäge borçludyrlar.
4. Milli howpsuzlygy goramaga ýardam etmek Türkmenistanyň her bir raýatynyň watançylyk borjudyr.
5. Milli howpsuzlyk edaralary raýatlaryň beren maglumatynyň we kömeginiň gizlinligini üpjün edýärler. Milli howpsuzlyk edaralaryna ýardam edenligi üçin raýatlar we olaryň maşgala agzalary babatda bikanun edilen hereket (hereketsizlik) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär.
6. Milli howpsuzlyk edaralary bilen gizlin hyzmatdaşlyk edýän (eden) taraplar (adamlar), şeýle hem razwedka we kontrrazwedka işini, dessin-agtaryş çärelerini guramak, olary amala aşyrmagyň tärleri, usullary, ýollary we serişdeleri baradaky maglumatlar döwlet syry bolup durýar.
8-nji madda. Milli howpsuzlyk edaralarynyň harby we
hukuk goraýjy edaralar bilen arkalaşykly işlemegi
Milli howpsuzlyk edaralary hukuk bozulmalaryny we jenaýatlary ýüze çykarmak, üstüni açmak, derňemek, duýdurmak we öňüni almak, şeýle hem ygtyýarlygyna degişli beýleki meseleleri çözmek üçin dessin-agtaryş, anyklaýyş we derňew hereketlerini geçirmekde harby we hukuk goraýjy edaralar bilen arkalaşykly hereket edýärler.
II BAP. MILLI HOWPSUZLYK EDARALARYNYŇ
ULGAMY
9-njy madda. Milli howpsuzlyk edaralarynyñ ulgamy
1. Milli howpsuzlyk edaralarynyň bütewi ulgamy Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginden, welaýatlardaky, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherlerdäki, etraplardaky, etrap hukukly şäherlerdäki edaralaryndan (mundan beýläk - ýerlerdäki edaralary), harby kontrrazwedka, ýörite dessin-söweşjeň bölünmelerinden, goşunlardan, bilim edaralaryndan hem-de beýleki düzüm birliklerden ybaratdyr.
2. Milli howpsuzlyk edaralarynyň ulgamyna girýän edaralary we beýleki düzüm birliklerini döretmek, olary üýtgedip gurmak we ýatyrmak Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministriniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar.
3. Milli howpsuzlyk edaralarynda syýasy partiýalaryň, şeýle hem syýasy maksat tutýan jemgyýetçilik birleşikleriniň guramaçylyk düzümleriniň döredilmegi we olaryň iş alyp barmagy gadagan edilýär.
10-njy madda. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi
1. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi Türkmenistanyň howpsuzlygynyň üpјün edilmegine gönükdirlen wezipeleri ýerine ýetirýän bütewi ulgamy özünde јemleýän ýörite döwlet edarasydyr.
2. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi hakyndaky düzgünnama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.
11-nji madda. Milli howpsuzlyk edaralarynyň ulgamyna
ýolbaşçylyk etmek
1. Milli howpsuzlyk edaralarynyň ulgamyna ýolbaşçylygy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri amala aşyrýar.
2. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministriniň orunbasarlary, welaýatlardaky, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherlerdäki edaralaryň müdirleri, şeýle hem Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň rektory we prorektorlary Türkmensitanyň Milli howpsuzlyk ministriniň teklibi bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.
3. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi milli howpsuzlygy üpjün etmegiň umumy döwlet maksatnamalaryny taýýarlamaga gatnaşýar, milli howpsuzlyk edaralarynyň işini guraýar we ygtyýarlyklarynyň çäklerinde olaryň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryјy hukuk namalary çykarýar.
12-nјi madda. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň
ýerlerdäki edaralary
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerlerdäki edaralary milli howpsuzlyk edaralarynyň üstüne ýüklenen wezipeleriň ýerlerde ýerine ýetirmeginiň üpјün edilmegi üçin döredilýär we olar öz işini Türkmenistanyň kanunçylygy we Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň kadalaşdyryјy hukuk namalary esasynda alyp barýarlar.
13-nji madda. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň
harby kontrrazwedka bölünmeleri
Harby kontrrazwedka bölünmeleri Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň düzüm birligi bolup, ýurduň Ýaragly Güýçlerinde, serhet we içerki goşunlarynda, şeýle hem kanun boýunça harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki döwlet edaralarynda we goşun düzümlerinde Türkmenistanyň kanunçylygy we Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň kadalaşdyryjy hukuk namalary esasynda öz üstüne ýüklenen wezipeleriň çözülmegini üpjün edýärler.
14-nјi madda. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň
ýörite dessin-söweşjeň bölünmeleri
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýörite dessin-söweşjeň bölünmeleri terrorçylykly, şeýle hem şahsyýete, јemgyýete we döwlete garşy edilýän beýleki aýratyn agyr јenaýatçylykly hereketleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek üçin döredilýär.
15-nјi madda. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň
goşunlary
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň goşunlary parahatçylyk we harby döwürlerde milli howpsuzlyk edaralarynyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmäge niýetlenendir.
16-nјy madda. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň
ýokary okuw mekdebi
1. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk instituty Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýörite ýokary okuw mekdebi bolup, milli howpsuzlyk edaralary we Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugy üçin ýokary hünärli harby hünärmenleri taýýarlaýan okuw merkezidir.
2. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk instituty hakyndaky düzgünnama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.
III BAP. MILLI HOWPSUZLYK EDARALARYNYŇ
YGTYÝARLYKLARY
17-nji madda. Milli howpsuzlyk edaralarynyň borçlary
1. Türkmenistanyň howpsuzlygynyň üpјün edilmegine gönükdirilen wezipeleriň ýerine ýetirilmegi üçin ygtyýarlyklarynyň çäklerinde we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde milli howpsuzlyk edaralary şulara borçludyrlar:
1) Türkmenistanyň Prezidentine we onuň tabşyrygy boýunça degişli döwlet häkimiýet edaralaryna ýurduň milli howpsuzlygynyň ýagdaýy barada maglumat bermek;
2) milli howpsuzlyk edaralarynyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen razwedka we kontrrazwedka işini alyp barmak;
3) Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny zorluk bilen üýtgetmäge we çäk bütewiligini bozmaga gönükdirilen terrorçylykly we beýleki ýykgynçylykly hereketleri ýüze çykarmak, duýdurmak we öňüni almak boýunça işleri alyp barmak;
4) kanun arkaly ygtyýarlygyna degişli edilen işler boýunça hukuk bozulmalaryny we jenaýatlary ýüze çykarmak, öňüni almak, üstüni açmak, derňemek we şol hukuk bozulmalaryny we јenaýatlary eden adamlaryň hasabyny ýöretmek;
5) beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde ýurduň çäginde bikanun syýasy partiýalaryň ýa-da dini guramalaryň, ýaragly toparlaryň, şeýle hem guramaçylykly jenaýatçylykly toparlaryň döremeginiň we hereket etmeginiň öňüni almak we olaryň daşary ýurtlardan maliýeleşdirilmegine garşy çäreleri geçirmek;
6) döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, harby we hukuk goraýjy edaralarda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan edaralarda, kärhanalarda we guramalarda, jemgyýetçilik birleşiklerinde daşary ýurt ýörite gulluklarynyň we guramalarynyň, şeýle hem aýratyn şahslaryň Türkmenistanyň milli howpsuzlygyna kast etmäge gönükdirilen razwedka hem-de şol häsiýetli beýleki hereketlerinden goramak we duýdurmak maksady bilen kontrrazwedka we dessin-agtaryş işiniň guralmagyny üpjün etmek;
7) Türkmenistanyň Prezidentiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça dessin işi alyp barmak bilen bagly çärelere gatnaşmak;
8) köpçülikleýin döwlet we jemgyýetçilik-syýasy çäreler geçirilende beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde milli howpsuzlygy üpjün etmek;
9) Türkmenistanyň Prezidentiniň görkezmesine laýyklykda, beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde, daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary, şeýle hem halkara guramalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanda bolanda olaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge gatnaşmak;
10) döwlet syrlarynyň, aragatnaşygyň ýörite görnüşleriniň we şifrleme işiniň howpsuzlygyny üpјün etmek baradaky çäreleri işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge gatnaşmak, döwlet edaralarynda, şol sanda harby we hukuk goraýjy edaralarda döwlet syrlarynyň goralyp saklanylyşyna gözegçilik etmek we döwlet syrlary bilen iş salyşmaga ygtyýar bermek;
11) döwlet we beýleki gulluklarda işleýän we wezipelere hödürlenýän raýatlar babatda ýörite barlaglary geçirmek;
12) Türkmenistanyň daşary yurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we beýleki edaralarynyň, hem-de Türkmenistanyň daşary yurt döwletlerinde bolýan raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky çäreleri durmuşa geçirmek;
13) döwletiň beýleki ygtyýarly edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň çägindäki daşary ýurt wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri geçirmek;
14) milli howpsuzlygyň bähbitlerine täsir edýän meseleler barada degişli döwlet häkimiýet edaralaryny habarly etmek;
15) Türkmenistanda maglumatlary goraýjy kriptografiki (şifrleýji) serişdeleri, ýörite tehniki enjamlary döretmek, öndürmek, bejermek, ýerlemek, olaryň eksport, import edilmegi we bu ugurlarda hyzmat edilmegi bilen bagly işleriň amala aşyrylmagynyň, dessin-agtaryş çärelerini geçirmek üçin niýetlenen ýörite tehniki enjamlary, şeýle hem olary öndürmek üçin zerur bolan serişdeleri we gurallary eksport, import etmegiň, ýerlemegiň we ulanmagyň tertibiniň kadalaşdyrylmagyny üpjün etmek;
151) Türkmenistanyň çäginde maglumatlary goraýjy kriptografiki (şifrleýji) serişdeleri, ýörite tehniki enjamlary, maglumatlary goramak üçin niýetlenen serişdeleri, önümleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde sertifikatlaşdyrmak boýunça işini amala aşyrmak;
16) maglumat-telekommunikasiýa ulgamynda şifrlenen, gizlinleşdirilen we beýleki aragatnaşygyň ýörite görnüşlerinde kriptografiki, inžener-tehniki howpsuzlygyň guralyşyna we işleýşine, Türkmenistanyň çäginde we onuň daşary yurt döwletlerindäki edaralarynda şifrlenen maglumatlar ulanylanda gizlinlik derejesiniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak, şeýle hem aýratyn möhüm desgalarda tehniki ugurlar boýunça maglumatlaryň ýaýramazlygynyň goralyşynyň üpjün edilişine gözegçilik etmek;
17) Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary yurtlara gitmeginiň, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmeginiň we ondan gitmeginiň, şeýle hem olaryň ýurduň çäginde bolmagynyň tertibi bilen baglanyşykly, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň raýatlygy hakyndaky hem-de bosgunlyk derejesiniň berilmegi bilen bagly meseleleriň çözülmegine gatnaşmak;
18) serhet we gümrük düzgünlerini üpjün etmek baradaky çäreleri işläp taýýarlamaga we olary çözmäge, döwlet serhediniň dessin taýdan penalanylmagyny üpјün etmäge gatnaşmak;
19) Türkmenistanyň senagat-ykdysady toplumynyň, ulaglarynyň we aragatnaşygynyň, köp ilatly ýerleriň ýaşaýyş üçin zerur desgalarynyň, döwlet, harby we beýleki strategik desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly çäreleri işläp taýýarlamaga we amala aşyrmaga gatnaşmak;
20) Türkmenistanyň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmek işine gatnaşmak;
21) ykdysadyýetiň pudaklarynyň, şeýle hem harby edaralaryň we bölümleriň desgalarynda adatdan daşary hadysalaryň, ekologiýa heläkçilikleriniň, epidemiýalaryň, epizootiýalaryň bolmagyny duýdurmak hem-de olaryň öňüni almak baradaky çäreleri işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge gatnaşmak;
22) harby gullukçylaryň we ýörite ýükleriň, ykdysadyýetde we beýleki pudaklarda ulanylýan partlaýjy, zäherleýji we beýleki howply maddalaryň uly möçberde daşalmagy bilen bagly howpsuzlyk çärelerini işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde gatnaşmak;
23) adatdan daşary ýagdaýy kadalaşdyrmak bilen bagly çärelere gatnaşmak;
24) milli howpsuzlyk edaralarynyň mobilizasion taýýarlygyny üpjün etmek we şeýle ýagdaýy saklamak;
25) milli howpsuzlygy üpjün etmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirmek üçin maglumat toplaýyş we seljeriş işini alyp barmak, ýurtdaky syýasy we dessin ýagdaýa täsir edip biljek meseleleri öwrenmek we çaklamak işini geçirmek;
26) milli howpsuzlyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny ösdürmegiň meýilnamasyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek;
27) işgärleriň ýörite taýýarlygyny, milli howpsuzlyk edaralarynyň öz howpsuzlygyny, şol sanda döwlet syry bolup durýan maglumatlara tehniki taýdan aralaşylmagyna ýol berilmezligini üpjün etmegiň çärelerini işläp taýýarlamak we amala aşyrmak.
2. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda milli howpsuzlyk edaralary ygtyýarlyklaryna degişli beýleki meseleleri hem çözýär.
3. Milli howpsuzlyk edaralarynyň aýry-aýry wezipelerini, borçlaryny we beýleki meselelerini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
18-nji madda. Milli howpsuzlyk edaralarynyň hukuklary
1. Milli howpsuzlyk edaralarynyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ygtyýarlyklarynyň çäklerinde we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şulara hukugy bardyr:
1) aýry-aýry adamlaryň kömegini peýdalanmaga, şol sanda gizlin hyzmatdaşlyk etmäge;
2) razwedka we kontrrazwedka işi amala aşyrylanda ýörite usullary we serişdeleri ulanmaga;
3) maksatlary we hereketleri döwletiň howpsuzlygyna zyýan ýetirmäge, çäginiň bütewiligini, döwlet özygtyýarlylygyny bozmaga, konstitusion gurluşyny zorluk bilen üýtgetmäge gönükdirilen daşary ýurt ýörite gulluklaryna we guramalaryna, jenaýatçylykly toparlaryna aralaşmagy amala aşyrmaga;
4) kanun arkaly ygtyýarlygyna degişli edilen işler boýunça hukuk bozulmalaryny wejenaýatlary ýüze çykarmak, önüni almak, üstüni açmak, şeýle hem şol hukuk bozulmalarynyň we jenaýatlaryň edilmegine ýol bermezlik maksady bilen dessin-agtaryş işlerini, anyklaýyş we derňew hereketlerini geçirmekde tehniki serişdeleri ulanmaga;
5) terrorçylygyň, şeýle hem şahsyýete, јemgyýete we döwlete garşy gönükdirilen јenaýatçylykly hereketleriň öňüni almak üçin ýörite çäreleri, dessin-söweşjeň işi amala aşyrmaga, olaryň amala aşyrylmagy üçin ýörite usullary we serişdeleri ulanmaga;
6) Türkmenistanyň howa giňişliginde, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň howa giňişliginde howa ulaglaryny (dik uçarlarlary) peýdalanmak bilen degişli çäreleri geçirmäge;
7) görnüşine garamazdan poçta üsti bilen iberilýän zatlara, hat-habarlara we aragatnaşygyň peýdalanylýan görnüşlerine prokuroryň ygtyýar bermegi bilen gözegçilik etmäge;
8) edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň, goşun düzümleriniň gulluk jaýlaryny, şeýle hem raýatlaryň ýaşaýyş jaýlaryny şertnama esasynda peýdalanmaga;
9) döwlet we beýleki edaralaryň hem-de adamlaryň hyzmatyndan şertnama esasynda peýdalanmaga;
10) gulluk zerurlygy bilen baglanyşykly kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň çägine we jaýyna gulluk şahsyýetnamasyny görkezmek bilen päsgelçiliksiz girmäge, olaryň resminamalary we maglumatlary bilen tanyşmaga, beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde degişli barlaglary geçirmäge;
11) degişli meseleler bilen baglanyşykda wezipeli adamlary we raýatlary çagyrmaga, olardan dilden we ýazmaça düşündiriş almaga, şeýle hem zerur bolan resminamalaryň berilmegini talap etmäge;
12) çakylyk boýunça gelmekden boýun gaçyrýan adamlaryň içeri işler edaralarynyň üsti bilen mejbury getirilmegine;
13) milli howpsuzlygy üpjün etmek baradaky çärelere içeri işler edaralarynyň, içerki goşunlaryň, beýleki ýöriteleşdirilen goşun bölümleriniň, hukuk goraýјy we harby edaralaryň güýçlerini hem-de serişdelerini çekmäge;
14) jenaýaty edendir diýip güman etmäge esas bolanda raýatlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryny, şeýle hem gözegçilik edilmegi talap edilýän kadalaryň berjaý edilişini anyklamak üçin zerur bolan beýleki resminamalary we zatlary barlamaga;
15) administratiw hukuk bozulmasyny eden, jenaýat etmekde güman edilýän adamlary tutup saklamaga, resminamalaryny barlamaga, ýanyny dökmäge, ulag serişdelerini gözden geçirmäge, gerekli zatlary we resminamalary almaga;
16) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalara, edaralara, guramalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, gaýragoýulmasyz halatlarda bolsa, raýatlara degişli aragatnaşyk serişdelerini gulluk maksatlary üçin muzdsuz peýdalanmaga;
17) jenaýatyň öňüni almak, jenaýaty eden ýa-da jenaýat edendir diýip güman edilýän adamy yzarlamak we tutup saklamak, lukmançylyk kömeginiň gyssagly berilmegine mätäç raýatlary kesel bejeriş edaralaryna eltmek, şeýle hem hadysanyň ýa-da tebigy betbagtçylygyň bolan ýerine gitmek maksady bilen eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalara, edaralara, guramalara, jemgyýetçilik birleşiklerine ýa-da raýatlara degişli ulag serişdelerini (daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalarynyň diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we beýleki edaralarynyň ulag serişdeleri muňa girmeýär) peýdalanmaga, şunda ulag serişdeleriniň eýelerine ýetirilen zyýanyň öwezi olaryň eýeleriniň talap etmegi boýunça dolunýar;
18) gaýra goýulmagy adamyň janynyň we saglygynyň howp astynda goýulmagyna ýa-da milli howpsuzlyga zyýan ýetirilmegine getirýän bolsa, jenaýatlaryň öňüni almak, jenaýat edendir diýip güman edilýän adamy yzarlamak maksady bilen eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň, adamlaryň eýeçiliginiñ çägine we jaýlaryna girmäge, şunda adamlaryň ýaşaýyş we beýleki jaýlaryna girilendigi barada prokurora habar berilýär;
19) kanun arkaly ygtyýarlygyna degişli edilen işler boýunça hukuk bozulmalaryny we jenaýatlary duýdurmak we öňüni almak üçin duýduryş-düşündiriş çärelerini, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden peýdalanmak bilen amala aşyrmaga;
20) hukuk tertibine garşy gelýän hereketleri etmegiň ýol berilmesizdigi hakynda adamlara we raýatlara resmi duýduryş bermäge, şunda adamlara we raýatlara resmi duýduryş berlendigi barada bellenilen tertipde prokurora habar berilýär;
21) administratiw hukuk bozulmalary baradaky işler boýunça önümçiligi amala aşyrmaga;
22) daşary ýurt döwletleriniň ýörite gulluklary, hukuk goraýjy we harby edaralary, şeýle hem halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary amala aşyrmaga;
23) döwlet syrlaryny gorap saklamagyň, aragatnaşygyň ýörite görnüşleriniň we maglumatlary kriptografiki goramak (şifrleme) boýunça işiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin degişli çäreleri geçirmäge, ýüze çykarylan kemçilikleri düzetmek hakynda teklipnama bermäge;
24) döwlet syry bolup durýan maglumatlar ulanylanda bellenilen kadalar bozulýan halatynda, bu işi togtatmaga;
25) ýapyk dessin we şifrleýji aragatnaşyk serişdelerini edinmäge hem-de peýdalanmaga;
26) kanun arkaly ygtyýarlygyna degişli edilen işler boýunça jenaýaty edendir diýip güman edilýän adamlaryň yzarlanmagy, tussaglykdan gaçan adamlaryň gözlenmegi, terrorçylykly hereketleriň we köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň öňüniň alynmagy bilen bagly aýry-aýry ýer bölekleriniň, aýratyn desgalaryň daşyny gabamak işini amala aşyrmaga;
27) adamyň janyny, saglygyny we emlägini gorap saklamak, gaýragoýulmasyz derňew hereketleriniň, dessin agtaryş we terrorçylyga garşy göreş çäreleriniň geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen aýratyn ýerlerde we desgalarda adamlaryň, ulag, aragatnaşyk we beýleki serişdeleriň hereketini wagtlaýyn çäklendirmäge ýa-da gadagan etmäge;
28) milli howpsuzlyga zyýan ýetirilmegine, kanun arkaly ygtyýarlygyna degişli edilen işler boýunça hukuk bozulmalarynyň wejenaýatlaryň edilmegine ýol açan sebäpleri, şertleri we kanun bozulmalary aradan aýyrmak boýunça çäreleri görmek hakynda eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalara, edaralara, guramalara, şeýle hem jemgyýetçilik birleşiklerine we olaryň wezipeli adamlaryna ýerine ýetirmek üçin hökmany bolan teklipnamalary bermäge;
29) döwletiň we jemgyýetiň howpsuzlygyna zyýan ýetirýän daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmeginiň, onda bolmagynyň, Türkmenistanyň çäklerinden üstaşyr geçmeginiň çäklendirilmegi we olaryň çykarylmagy baradaky meseleleriň çözülmegine gatnaşmaga;
30) degişli dessin, anyklaýyş, derňew maglumatlarynyň we beýleki maglumatlaryň goralyp saklanmagyny üpjün etmäge, olaryň hasabyny ýöretmegiň, saklamagyň, peýdalanmagyň tertibini kesgitlemäge;
31) milli howpsuzlyk edaralary tarapyndan tutulyp saklanylanlary, tussag edilenleri, aýratyn halatlarda bolsa, beýleki ygtyýarly edaralar tarapyndan tutulyp saklanylanlary, tussag edilenleri, şeýle hem kazyýetde işi seredilýän tussaglary we azatlykdan mahrum etmek jeza çäresi bellenilen iş kesilenleri milli howpsuzlyk edaralarynyň derňew gabawhanasyna özara ylalaşyk esasynda ýerleşdirmäge we saklamaga;
32) milli howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zerur maglumatlary eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalardan, edaralardan, guramalardan, wezipeli we beýleki adamlardan muzdsuz almaga, milli howpsuzlyk edaralaryna gelip gowuşýan maglumatlary we iş toplumlaryny barlamak üçin ýüze çykýan meseleleri bilermenler seljermesinden geçirmek we aýdyňlaşdyrmak üçin hünärmenleri çekmäge;
33) kriminalistik we beýleki bilermenler seljermelerini, barlaglary geçirmäge;
34) hususy howpsuzlygyny üpjün etmäge, şol sanda milli howpsuzlyk edaralary tarapyndan goralýan we döwlet syry bolup durýan maglumatlara bikanun gatyşylmagynyň we tehniki serişdeleri ulanmak arkaly aralaşylmagynyň öňüni almak boýunça çäreleri amala aşyrmaga;
35) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalara, edaralara we guramalara gulluk hem-de täjirçilik syryny gorap saklamak baradaky çäreleri işläp taýýarlamakda ýardam bermäge;
36) Türkmenistanyň kanunçylygynda, şu Kanunda we Ýaragly Güýçleriniň tertipnamalarynda göz öňünde tutulan halatlarda fiziki güýji ulanmaga, şeýle hem söweşјeň we dessin-gulluk wezipeleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenen ýaraglary hem-de ýörite serişdeleri edinmäge, saklamaga, götermäge we ulanmaga;
37) zerur bolan kärhanalary, edaralary, guramalary we bölümleri döretmäge, olaryň işini üpjün etmäge;
38) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalaryň,edaralaryň, guramalaryň, şol sanda olaryň daşary ýurt döwletlerindäki wekilhanalarynyň wezipelerini penalanmak hökmünde peýdalanmaga;
39) milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň şahsyýetiniň, bölüminiň, jaýlarynyň we ulag serişdeleriniň degişliliginiň ýaşyrynlygyny üpjün etmek maksady bilen ministrlikleriň, edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň resminamalaryny we beýleki serişdelerini ulanmaga we peýdalanmaga;
40) milli howpsuzlyk edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleriň çözülmegini üpjün etmek maksady bilen dessin çykdajylary amala aşyrmaga;
41) milli howpsuzlygy üpjün etmekde bitiren hyzmatlary üçin işgärlerini we beýleki adamlary höweslendirmäge, şol sanda döwlet sylaglary bilen sylaglamaga hödürlemäge.
2. Milli howpsuzlyk edaralaryna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga hukuklar hem berlip bilner.
IV BAP. MILLI HOWPSUZLYK EDARALARYNYŇ
FIZIKI GÜÝJI, ÝÖRITE SERIŞDELERI WE OK
ATÝAN WE BEÝLEKI ÝARAGY ULANMAGY
19-njy madda. Fiziki güýji, ýörite serişdeleri, ok atýan we
beýleki ýaragy ulanmagyň maksady, çäkleri we
umumy tertibi
1. Milli howpsuzlyk edaralarynyň üstüne ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirmekleri üçin milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärlerine şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryјy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde fiziki güýji, ýörite serişdeleri, şeýle hem sowuk we el bilen atylýan (tabel) söweşјeň ýaragy (mundan beýläk - ýarag) ulanmaga hukuk berilýär.
2. Fiziki güýç, ýörite serişdeler we ýarag milli howpsuzlyga wehim salýan jemgyýetçilik howply etmişi togtatmak, yzyna serpikdirmek, ýok etmek ýa-da ony amala aşyran adamy tutup saklamak maksady bilen hukuk tertibiniň bozulmagynyň häsiýetini, düzgün bozujynyň şahsyýetini, anyk ýagdaýy nazara almak bilen ulanylýar.
3. Fiziki güýç, ýörite serişdeler we ýarag ulanylmazyndan öň duýduryş berilmelidir.
4. Duýdansyz ýa-da ýaragly, şeýle hem söweş tehnikasy, ulag we uçuş gurallary, deňiz we derýa gämileri peýdalanylyp hüjüm edilende ýa-da çozulanda, ulagly, hereket edýän ulag serişdelerinden ýa-da ýaragly tussag astyndan gaçylanda, şonuň ýaly-da girewe alnanlary, basylyp alnan goralýan desgalary, ýörite ýükleri boşatmak üçin fiziki güýç, ýörite serişdeler, ýarag öňünden duýdurylmazdan ulanylyp bilner.
5. Fiziki güýji, ýörite serişdeleri, ýaragy ulanmagyň netijesinde adamyň ýaralanandygy ýa-da ölendigi hakynda milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri gaýra goýmazdan prokurora habar bermäge borçludyrlar.
6. Fiziki güýjüň, ýörite serişdeleriň we ýaragyň şu Kanunyň talaplarynyň bozulyp ulanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
20-nji madda. Fiziki güýji ulanmak
Jenaýatlaryň, adminstratiw hukuk bozulmalarynyň, jemgyýet üçin howply beýleki etmişleriň öňüni almak, olary amala aşyran adamlary tutup saklamak, özüni goramak, şonuň ýaly-da kanuna garşy gelýän hereketleri bes etdirmek we olardan üstün çykmak üçin, eger bu fiziki güýji ulanmazdan başga usul bilen mümkin bolmasa, milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan çäklerde ony, şol sanda göreşiň söweş usullaryny ulanmaga hukugy bardyr.
21-nji madda. Ýörite serişdeleri ulanmak
1. El gandallary, rezin taýaklar, göz ýaşardyjy serişdeler, ünsi sowujy yşykly-sesli enjamlar, jaýlary açmak, ulaglary mejbury duruzmak üçin abzallar, päsgelçilikleri aradan aýyrmak üçin serişdeler, ýörite reňkleýji serişdeler, suw pürküjileri, gulluk itleri we atlary, şeýle hem bronlanan tehnikalar hem-de beýleki ýörite we ulag (şol sanda howa, suw ulag) serişdeleri milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri tarapyndan aşakdaky maksatlar üçin ulanylýar:
1) adamlara, milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärlerine, jemgyýetçilik tertibini goramak hem-de jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça gulluk we jemgyýetçilik borçlaryny ýerine ýetirýän beýleki adamlara, goralýan şahslara garşy çozuşlary yzyna serpikdirmek;
2) girewe alnanlary boşatmak, ýaragly jenaýatçylary zyýansyzlandyrmak;
3) milli howpsuzlygyň, jemgyýetçilik tertibiniň aýratyn adamlar tarapyndan we toparlaýyn bozulmagynyň, köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň öňüni almak;
4) raýatlara, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalara, edaralara we guramalara degişli ýer meýdançalaryna, jaýlara, öýlere, otaglara, desgalara, ulag serişdelerine garşy çozuşlary yzyna serpikdirmek, şeýle hem olaryň basylyp alynmagynyň öňüni almak, olary basyp almakdan boşatmak;
5) milli howpsuzlygy üpjün etmek we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirýän milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň ýa-da beýleki adamlaryň kanuny talabyna boýun bolmaýan, garşylyk görkezýän ýa-da olaryň kanuny hereketine bilkastlaýyn päsgel berýän hukuk tertibini bozujylary tutup saklamak we olary degişli edara getirmek, tutulyp saklananlary, administratiw taýdan tussag edilenleri saklawly alyp gitmek, goramak, olaryň gaçmagy ýa-da töweregindäkilere ýa-da özüne zyýan ýetirmäge synanyşýandyklary barada güman etmäge ýeterlik esaslar bolan adamlary köşeşdirmek, şeýle hem milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärlerine borçlaryny ýerine ýetirmäge bilkastlaýyn päsgel berip biler diýip çak etmäge esas bolan adamlar babatda olaryň bikanun hereketini çäklendirmek.
2. Toparlaýyn çozulýan ýa-da ýaragly garşylyk görkezilýän, şeýle hem raýatlaryň janyna howp salynýan halatlaryndan başga ýagdaýlarda göwrelilik alamatlary mese-mälim bolan aýallar, kämillik ýaşyna ýetmedikler we maýyplygyň alamatlary aç-açan bildirýän adamlar babatda ýörite serişdeleri ulanmak gadagandyr.
22-nji madda. Ýaragyň ulanylyşy we peýdalanylyşy
1. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagtlary şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda görkezilen esaslarda we tertipde ýaragy saklamaga, götermäge we ulanmaga hukuklary bardyr.
2. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri aýratyn ýagdaýlarda ygtyýarlygynyň çäginde aňrybaş çäre hökmünde şu maksatlar üçin ýaragy ulanmaga hukuklydyr:
1) adamlaryň, şol sanda goralýan şahslaryň janyna we saglygyna howp salýan çozuşlardan olary goramak, şeýle hem girewine alnanlary boşatmak;
2) milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärlerine, milli howpsuzlygy, hukuk tertibini goramak we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça gulluk borçlaryny ýa-da jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirýän beýleki adamlara garşy toparlaýyn ýa-da ýaragly, şeýle hem olaryň janyna ýa-da saglygyna howp salýan beýleki çozuşy yzyna serpikdirmek;
3) raýatlaryň ýaşaýyş jaýlaryna, ýörite goralýan desgalara, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň jaýlaryna edilen toparlaýyn ýa-da ýaragly çozuşy yzyna serpikdirmek;
4) ýaragly garşylyk görkezýän ýa-da agyr jenaýat eden ýerinde üstünden barlan ýa-da tussag astyndan gaçyp barýan adamy, şeýle hem ýaragy tabşyrmak hakyndaky kanuny talaby ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýan ýaragly adamy tutup saklamak ýa-da ýaragsyzlandyrmak;
5) derňew gabawhanasynda derbi-dagynlyklar, ýykan-ýumranlyklar, otlamalar, öldürmeler, girewe almalar we beýleki bikanun hereketler bilen utgaşýan köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň öňüni almak;
6) otlamalar, derbi-dagynlyklar we ok atýan ýaragy eýelemäge synanyşyklar bilen utgaşýan jemgyýetçilik howply hereketleriň öňüni almak;
7) tussaglykda saklanýanlara toparlaýyn ýa-da ýaragly çozuşlary yzyna serpikdirmek.
3. Ok atýan ýaragyň ulanylmagyndan ozal ony ulanmak niýetiniň bardygy hakynda duýduryş berilmelidir.
4. Şu Kanunyň 19-njy maddasynyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan halatlarda, şeýle hem jenaýat eden adamlar ýaragsyzlandyrylanda, ýaragyň ulanylmagy barada duýduryş bermek mümkinçiligini aradan aýyrýan beýleki adatdan daşary we howply ýagdaýlarda ýarag öňünden duýdurylmazdan ulanylyp bilner.
5. Eger ýüze çykan ýagdaý ok atýan ýaragy ulanmak mümkinçiligini aradan aýyrmaýar diýlip hasap etse, onda milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň ony taýýar etmäge hukugy bardyr.
6. Adamyň janyna howp salýan ýaragly çozuş edilen ýa-da garşylyk görkezilen, şonuň ýaly-da ýarag ulanmak ýa-da topar bolup çozmak bilen ulag serişdeleriniň eýelenen halatlaryndan başga ýagdaýlarda, eger başga usullar we serişdeler bilen olaryň hereketlerini saklap ýa-da serpikdirip bolmasa, aýallar, kämillik ýaşyna ýetmedikler we maýyplygyň alamatlary aç-açan bildirýän adamlar babatda ýarag ulanmak gadagandyr.
7. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň ýaragy şu aşakdaky halatlarda peýdalanmaga hukugy bardyr:
1) adamlaryň we goralýan şahslaryň jany we saglygy üçin hakyky howp döredýän hem-de milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň, şeýle hem wezipe borçlaryny ýerine ýetirýän beýleki adamlaryň ulag serişdesini saklamak barada birnäçe gezek düşnükli beýan eden kanuny talabyndan bilkastlaýyn boýun gaçyrýan sürüjiniň ulag serişdesini saklamak;
2) raýatlaryň, goralýan şahslaryň janyna we saglygyna howp salýan haýwany zyýansyzlandyrmak;
3) ýaragy ulanmak meýli, howp hakynda duýdurmak ýa-da kömege çagyrmak.
8. Ýarag ulanylanda we peýdalanylanda milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri töweregindäki raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, ejir çekenlere gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek, şeýle hem olaryň garyndaşlaryna ýa-da kanuny wekillerine habar bermek üçin zerur çäreleri görmäge borçludyr.
9. Ok atýan ýaragyň ulanylan ýa-da peýdalanylan şu Kanunda görkezilen her bir halaty hakynda milli howpsuzlyk edaralarynyň degişli ýolbaşçylarynyň adyna dykgatnama ýazylýar we prokurora haýal etmän habar berilýär.
V BAP. MILLI HOWPSUZLYK EDARALARYNYŇ
IŞGÄRLERINIŇ HUKUK ÝAGDAÝY WE
DURMUŞ TAÝDAN GORAGLYLYGY
23-nji madda. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri
1. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri şu Kanunda göz öňünde tutulan wezipeleri çözmek işini amala aşyrýan harby gullukçylardan we harby gullukda durmaýan işgärlerden ybaratdyr.
2. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärlerine, olaryň şahsyýetini we wezipesini tassyklaýan bellenilen nusgadaky şahsyýetnama berilýär.
3. Milli howpsuzlyk edaralarynyň ulgamynda harby gullugy geçýän raýatlar milli howpsuzlyk edaralarynyň harby gullukçylary bolup durýarlar we olar Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylary bilen deňleşdirilýär.
4. Milli howpsuzlyk edaralarynyň harby gullukçylary harby gullugy, şu Kanun arkaly kesgitlenen borçlaryny ýerine ýetirmekleriniň şertleri we aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň harby gullugy geçmegi hakyndaky kanunlaryna we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda geçýärler.
5. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň umumy sanyny Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministriniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti kesgitleýär.
6. Milli howpsuzlyk edaralarynda gulluk etmek üçin öz şahsy, ahlak we iş sypatlary, bilim derejesi hem-de saglyk ýagdaýy boýunça milli howpsuzlyk edaralarynyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyply Türkmenistanyň raýatlary meýletin esasda kabul edilýär.
7. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň Zähmet kodeksi, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda», «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň kanunlary, şu Kanun, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby Tertipnamalary we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
24-nji madda. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň
hukuk ýagdaýy
1. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri gulluk borçlaryny ýerine ýetirende eldegrilmesizdir we döwletiň aýratyn goragynda durýar. Kanun arkaly gös-göni ygtyýarly edilen edaralardan ýa-da wezipeli adamlardan başga hiç kimiň milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň gulluk işine gatyşmaga hukugy ýokdur.
2. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri ýörite tabşyryklary ýerine ýetirýän döwründe syýasy, ahlak, emläk taýdan, şahsy we beýleki yzarlamalardan gorag bilen üpjün edilýär.
3. Gulluk borçlaryny ýerine ýetirenlerinde milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň kanuny talaplarynyň wezipeli adamlar we raýatlar tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmanydyr.
4. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegine päsgel berilmegi, olaryň namysyna we mertebesine degilmegi, gulluk işini ýerine ýetirmekleri bilen baglanyşykly olara haýbat atylmagy, garşylyk görkezilmegi, zorluk ulanylmagy ýa-da olaryň janyna, saglygyna we emlägine kast edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär.
5. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň, ýakyn garyndaşlarynyň janyny, saglygyny, namysyny we mertebesini, emlägini jenaýatçylykly kast etmelerden we kanuna garşy gelýän beýleki hereketlerden goramak Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly kepillendirilýär.
6. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri gulluk borçlaryny ýerine ýetirende şäher, şäherýaka, ýerli gatnawlardaky jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerinden (taksiden başga) tölegsiz peýdalanýar.
7. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri gulluk iş saparynyň we zähmet rugsadynyň şahadatnamasy boýunça ulaglaryň ähli görnüşlerinde gatnamak üçin ýolagçy peteklerini nobatsyz almaga, şeýle hem myhmanhanada ilkinji nobatda ýerleşmäge bolan hukukdan peýdalanýar.
8. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgäri tarapyndan administratiw hukuk bozulmasy edilen halatynda onuň ýanynyň dökülmegi, ulanýan zatlarynyň we ulagynyň barlanylmagy gadagandyr we aýratyn halatlarda diňe prokuroryň razyçylygy bilen milli howpsuzlyk edarasynyň wekiliniň gatnaşmagynda ýol berlip bilner.
9. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärlerine mugallymçylyk, ylmy we döredijilik işlerinden başga hak tölenilýän iş bilen meşgullanmak gadagan edilýär.
10. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri syýasy partiýalaryň we syýasy maksat tutýan beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň agzalary bolup bilmezler, olaryň wezipe we gulluk artykmaçlyklaryny haýsydyr bir syýasy partiýanyň bähbitlerine peýdalanmaga hukugy ýokdur.
25-nji madda. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň
durmuş taýdan goraglylygy
1. Döwlet milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýär.
2. Milli howpsuzlyk edaralarynyň harby gullukçylarynyň durmuş taýdan goraglylygy we gulluk şertleri şu Kanun, «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
3. Milli howpsuzlyk edaralarynyň harby gullukçylary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hem-de hökmany döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy bilen üpjün edilmelidir.
4. Milli howpsuzlyk edaralarynyň harby gullukçylarynyň gulluk ýa-da jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly özüniň we maşgala agzalarynyň çeken zyýanynyň öwezi döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna doly möçberde tölenilýär.
5. Milli howpsuzlyk edaralarynyň harby gullukçylaryna Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylary üçin kanunda bellenilen hukuklar we ýeňillikler berilýär hem-de olar pul görnüşindäki hak-heşdek, azyk we goş-golam bilen üpjün edilýär.
6. Milli howpsuzlyk edaralaryna gulluga kabul edilen raýatlara aýratyn jaý ýa-da öý görnüşindäki ýaşaýyş jaýy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň belleýän ýeňillikli şertlerinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, kärhanalar, edaralar we guramalar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kadalara laýyklykda berilýär.
Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gulluk borçlaryny dowam etdirmek üçin başga ýere geçirilen milli howpsuzlyk edaralarynyň harby gullukçylary gulluk ýa-da beýleki ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilýänçä, olaryň wagtlaýyn ýaşamagy bilen bagly, şol sanda myhmanhanada ýaşandygy üçin eden çykdajylarynyň öwezi dolunýar.
7. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri, şeýle hem milli howpsuzlyk edaralarynyň aradan çykan işgäriniň maşgala agzalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde başga ýaşaýyş jaýy berilmezden gulluk ýaşaýyş jaýlaryndan göçürilmäge degişli däldir.
8. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgäri wezipe borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolsa, ýaşaýyş jaýyny almaga bolan hukuk merhumyň maşgalasynda saklanyp galýar. Şunda ýaşaýyş jaýy milli howpsuzlyk edaralarynyň işgäriniň wepat bolan gününden beýläk alty aýyň dowamynda berilmelidir.
9. Ýaşaýyş jaý gaznasynyň eýeçiliginiň görnüşine we degişliligine garamazdan milli howpsuzlyk edaralarynyň işgäri hem-de onuň bilen bile ýaşaýan maşgala agzalary eýeleýän ýaşaýyş jaý meýdany we durmuş hyzmatlary (jemagat, elektrik energiýasy, suw, gaz we beýlekiler) boýunça tölegleri tölemekde elli göterim möçberinde ýeňillikden peýdalanýarlar.
10. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak we bagçylyk üçin ýer bölegini nobatsyz almaga hukugy bardyr.
11. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň her ýylky esasy rugsady döwründe Türkmenistanyň islendik künjegine bir gezek gidip-gelmek üçin ulaglaryň ähli görnüşinden (taksiden başga) tölegsiz peýdalanmaga hukugy bardyr.
12. Milli howpsuzlyk edaralarynyň dessin-derňew we ýolbaşçy işgärleriniň arzasy boýunça olar öý telefonlary bilen haýal edilmän üpjün edilýärler.
13. Milli howpsuzlyk edaralarynyň harby gullukçylarynyň şu Kanun arkaly kesgitlenen borçlaryny ýerine ýetirmekleriniň şertleri we aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, olaryň azyk we goş-golam üpjünçiliginiň ýerine olaryň bahasynyň çäginde öwez puly tölenilýär.
14. Hususy ulaglaryny gulluk maksatlary üçin peýdalanýan milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärlerine bellenilen möçberde öwez puly tölenilýär.
15. Milli howpsuzlyk edaralarynyň harby gullukçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň (harby gullukda durmaýan işgärleriniň milli howpsuzlyk edaralarynda işlän döwri) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we şertlerde milli howpsuzlyk edaralarynyň lukmançylyk bölümleriniň hyzmatyndan peýdalanmaga hukugy bardyr.
16. Milli howpsuzlygy üpjun etmek boýunça çärelere çekilen raýatlaryň maýyp ýa-da wepat bolan halatlarynda olara we olaryň maşgala agzalaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary üçin göz öňünde tutulan hukuklar we ýeňillikler, şol sanda pensiýa, döwlet kömek pullaryny almak we beýlekiler degişli edilýär. Ejir çekeniň maşgalasyna we onuň eklenjinde durýanlara Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenen möçberde we tertipde döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna birwagtlaýyn pul kömegi berilýär.
17. Milli howpsuzlyk edaralaryna harby gulluga girip, ilkinji harby wezipä bellenen, şeýle hem ilkinji gezek nika baglaşýan harby gullukçylaryň hojalyk hajatlary üçin Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň serişdeleriniň hasabyna olaryň alýan pul hak-heşdeginiň bäşisi möçberinde üç ýyla çenli möhlete göterimsiz karz pul almaga haky bardyr.
18. Milli howpsuzlyk edaralarynda harby gullugy dowam etdirmek üçin başga ýere geçirilen harby gullukçynyň aýaly (äri) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan işe ýerleşdirilýär. Aýratyn halatlarda harby gullukçynyň aýalynyň (äriniň) mejbury işlemedik döwri onuň umumy iş döwrüne goşulýar.
19. Milli howpsuzlyk edaralarynyň harby gullukda durmaýan işgärlerini durmuş taýdan goramak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
20. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärlerine Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan goşmaça ýeňillikler hem-de şu Kanunda göz öňünde tutulmadyk durmuş taýdan gorag çäreleri bellenilip bilner.
26-njy madda. Milli howpsuzlyk edaralarynyň harby gullukdan
boşadylan işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygy
1. Harby gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetendigi, bellenilen tertipde gelnen lukmançylyk güwä geçmesine görä, harby gulluga ýaramsyzlygy, guramaçylyk-düzüm çäreleri, şeýle hem olara deňleşdirilen beýleki esaslar bilen baglanyşykda milli howpsuzlyk edaralarynda harby gullukdan boşadylan harby gullukçylara (eger olaryň harby gullukda bolan umumy möhleti 15 ýyla ýetýän we şondan aňry geçýän bolsa) we olaryň maşgala agzalaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary üçin göz öňünde tutulan hukuklar we ýeňillikler saklanylyp galýar.
2. Harby gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetmegi bilen milli howpsuzlyk edaralaryndan harby gullukdan boşadylan harby gullukçylara aýlyk pul üpjünçiliginiň iki essesi möçberinde, harby lukmançylyk (lukmançylyk) topary tarapyndan harby gulluga ýaramly däl diýlip ykrar edilmegi netijesinde, guramaçylyk-wezipe sanawynyň çäreleri, şeýle hem olara deňleşdirilen beýleki esaslar bilen baglanyşykda milli howpsuzlyk edaralaryndan harby gullukdan boşadylan harby gullukçylara bolsa, aýlyk pul üpjünçiliginiň bäş essesi möçberinde bir wagtlaýyn kömek puly berilýär.
3. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň milli howpsuzlyk edaralarynda işländikleri bilen baglanyşykly olaryň janyna, saglygyna we emlägine kast edilen halatlarda, olara şu Kanunda göz öňünde tutulan kepillikler berilýär.
VI BAP. MILLI HOWPSUZLYK EDARALARYNY
MALIÝELEŞDIRMEK WE MADDY-TEHNIKI
TAÝDAN ÜPJÜN ETMEK
27-nji madda. Milli howpsuzlyk edaralaryny maliýeleşdirmek,
maddy-tehniki taýdan üpjün etmek
1. Milli howpsuzlyk edaralary döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik serişdeler milli howpsuzlyk edaralarynyň işini maliýeleşdirmegiň çeşmeleri bolup biler.
2. Milli howpsuzlyk edaralaryny maddy-tehniki taýdan üpjün etmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
3. Milli howpsuzlyk edaralarynyň şertnama esasynda edýän hyzmatlary üçin alynýan maliýe serişdeleri milli howpsuzlyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny ösdürmek, medeni-durmuş çärelerini geçirmek, işgärleri maddy taýdan höweslendirmek, olaryň gulluk, hojalyk we durmuş şertlerini gowulandyrmak hem-de beýleki talaplaryny kanagatlandyrmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde peýdalanylyp bilner.
4. Demir ýol, suw we howa ulaglarynda, beýleki möhüm ykdysady we goranmak desgalarynda howpsuzlygy üpjün etmäge gatnaşýan milli howpsuzlyk edaralarynyň bölünmeleri degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, kärhanalar, edaralar we guramalar tarapyndan we olaryň hasabyna enjamlaşdyrylan, şol sanda aragatnaşyk serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan edara jaýlary bilen tölegsiz esaslarda üpjün edilýär. Olaryň ulanylmagy we saklanylmagy bilen bagly harajatlar şol ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň hasabyna amala aşyrylýar.
5. Türkmenistanyň milli howpsuzlyk edaralarynyň harby kontrrazwedka bölünmeleriniň işiniň maddy-tehniki we beýleki üpjünçiligi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, serhet gullugynyň, harby düzümleriň (bölümleriň), şeýle hem kanun esasynda harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar:
1) harby tehnikalar we umumy maksatly tehnikalar, ulag serişdeleri, sarp edilýän serişdeler bilen Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan kesgitlenen düzümde we möçberde;
2) üpjünçiligiň egin-eşik we başga görnüşleri, saglygy goraýyş hyzmatlary, harby kontrrazwedka bölünmeleriniň işgärleri üçin gulluk we ýaşaýyş jaýlary, goralýan we açyk agaratnaşygyň ähli görnüşleri bilen degişli harby edaralaryň hasabyna üpjün edilýär.
6. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary öz býujetleriniň serişdeleriniň hasabyna milli howpsuzlyk edaralaryna tölegsiz esasda goşmaça ýeňillikleri berip bilerler.
7. Milli howpsuzlyk edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde maliýe-hojalyk işiniň hasabyny alyp barýarlar, buhgalteriýa hasabatyny amala aşyrýarlar we statistiki hasabaty berýärler.
VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
28-nji madda. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işine gözegçilik
Milli howpsuzlyk edaralarynyň işine Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gözegçilik edilýär.
29-njy madda. Milli howpsuzlyk edaralary tarapyndan
kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik
1. Milli howpsuzlyk edaralaryndа kanunlaryň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Baş prokurory we onuň tabynlygyndaky prokurorlar tarapyndan gözegçilik edilýär.
2. Milli howpsuzlyk edaralary bilen gizlin hyzmatdaşlyk edýän (eden) taraplar (adamlar) baradaky, şeýle hem razwedka we kontrrazwedka işini, dessin-agtaryş çärelerini guramak, olary amala aşyrmagyň tärleri, usullary, ýollary we serişdeleri baradaky maglumatlar prokuror gözegçiliginiň mazmunyna girmeýär.
30-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. 1993-nji ýylyň 12-nji aprelinde kabul edilen «Türkmenistanyň milli howpsuzlyk organlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1993 ý., № 4, 32-nji madda), oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen ähli soňraky kanunlary ýa-da olaryň degişli böleklerini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2012-nji ýylyň 31-nji marty.
№ 283-IV.