Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw
maddalara baglylykdan ejir çekýän adamlary
bejermek bilen bagly çäreler hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 36-njy madda)
(22.12.2012 ý. № 365-IV, 03.05.2014 ý. № 81-V, 26.03.2016 ý. № 382-V,
15.10.2016 ý. № 459-V, 01.12.2018 ý. № 103-VI, 03.06.2023 ý. № 28-VII Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaça bilen)
1-nji madda. Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw
maddalara baglylykdan ejir çekýän adamyň
bejergi almagynyň umumy düzgünleri
1. Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adam döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň Ýöriteleşdirilen dikeldiş (reabilitasiýa) merkezinde ýa-da içeri işler edaralarynyň Ýörite dikeldiş merkezinde bejergi almalydyr.
2. Alkogoly hyýanatly peýdalanmagy, şonuň ýaly-da neşe serişdelerini, psihotrop, toksiki ýa-da beýleki seri dumanladyjy maddalary yzygiderli ulanmagy bilen baglanyşykda özüni alyp barşy bilen ilatyň we daş-töweregindäkileriň howpsuzlygy, saglygy we ahlagy üçin howp döredýän, kanunçylygy we jemgyýetçilik tertibini bozýan ýa-da maşgalasyny maddy kynçylyklara sezewar edýän, öň ýatymlaýyn bejergi alan arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adam, eger meýletin bejerişden ýüz dönderýän bolsa, etrap ýa-da etrap hukukly şäher kazyýetiniň karary bilen alty aýdan bir ýyla çenli möhlete içeri işler edaralarynyň Ýörite dikeldiş merkezine (mundan beýläk – dikeldiş merkezi) bejergi almak üçin iberilip bilner (mundan beýläk - bejergi almak üçin ibermek).
3. Kämillik ýaşyna ýetmedikler, göwreli aýallar, üç ýaşa çenli çagasy bolan aýallar we elli ýedi ýaşdan uly aýallar, altmyş iki ýaşdan uly erkek adamlar, I we II topar maýyplygy bolan adamlar, hroniki ruhy keselden ejir çekýän ýa-da bejergi almaga päsgel berýän başga baglanyşykly geçýän agyr keseli bolan adamlar bejergi almak üçin iberilmeýär.
2-nji madda. Şu Kanunda peýdalanylýan esasy adalgalar
Şu Kanunda aşakdaky esasy adalgalar peýdalanylýar:
1) arakhorluk – adamyň alkogoly hyýanatly peýdalanmagy netijesinde oňa fiziki we psihiki taýdan baglylygy bilen psihiki we özüni alyp baryş tertibiniň düýpli bozulmagyna getirýän keselleme;
2) neşekeşlik - adamyň neşe serişdelerini ýa-da düzüminde neşe serişdeleri bolan maddalary yzygiderli ulanmagy netijesinde olaryň haýsydyr birine fiziki we psihiki taýdan baglylygy bilen psihiki we özüni alyp baryş tertibiniň düýpli bozulmagyna getirýän keselleme;
3) psihoaktiw maddalar - kabul edilende adamyň psihikasyna özboluşly seri dumanladyjy täsir edip, yzygiderli kabul edilmegi olara baglylygy döredýän tebigy ýa-da sintetiki gelip çykyşy bolan maddalar;
4) dikeldiş merkezi - bejergi almak üçin iberilen adamyň alkogola, neşä we psihotrop, toksiki ýa-da beýleki seri dumanladyjy maddalara baglylygyny ýeňip geçmäge, onda jemgyýete uýgunlaşmagy gaýtadan kemala getirmäge gönükdirilen çäreler toplumyny Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen tertipde amala aşyrmak üçin ýörite döredilen edara.
3-nji madda. Arakhorlukdan, neşekeşlikden we psihoaktiw
maddalara baglylykdan ejir çekmekden bejergi
almagyň we ony alýan adamlara gözegçilik
etmegiň tertibi
Dikeldiş merkezlerinde arakhorlukdan, neşekeşlikden we psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekmekden bejergi almagyň hem-de ony alýan adamlara gözegçilik etmegiň tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýär.
4-nji madda. Bejergi almak üçin iberilýän adamlara döwlet
kepillikleri
Şu Kanunda göz öňünde tutulan bejergi almak zerurlygyndan gelip çykýan çäklendirmeleri nazara almak bilen dikeldiş merkezinde bejergi alýan adamlara olaryň hukuklary we azatlyklary kepillendirilýär, olar kanunda bellenilen halatlardan başga ýagdaýlarda, özleriniň raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirmekden boşadylyp bilinmez.
5-nji madda. Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw
maddalara baglylykdan ejir çekýän adamy
ýüze çykarmak we barlagdan geçirmek
1. Alkogoldan serhoş ýa-da neşe serişdelerini, psihotrop, toksiki ýa-da beýleki seri dumanladyjy maddalary ulanmagyň netijesinde emele gelen ýagdaýda edilen administratiw hukuk bozulmalar üçin bir ýylyň dowamynda iki ýa-da şondan köp gezek jogapkärçilige çekilen adam içeri işler edaralarynyň delillendirilen karary, şu Kanunyň 1-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilen halatlarda bolsa, zähmetkeşler köpçüliginiň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, içeri işler edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň teklipleri ýa-da onuň maşgala agzalarynyň arzalary esasynda saglygy goraýşyň döwlet ulgamynyň degişli edaralarynda hemmetaraplaýyn lukmançylyk barlagyndan geçirilýär.
2. Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän diýip güman etmäge ýeterlik esas bolan şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adam hemmetaraplaýyn lukmançylyk barlagyndan meýletin geçmekden boýun gaçyrýan bolsa, ol içeri işler edaralarynyň üsti bilen şeýle barlagdan mejbury geçirilmäge degişlidir.
3. Arakhorlukdan, neşekeşlikden we psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamy ýüze çykarmagyň we ony degişli barlagdan geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenýär.
6-njy madda. Adamy arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da
psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän
diýip ykrar etmek
Adamy arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän diýip ykrar etmek baradaky netijenama psihiatr-narkolog lukmanlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň edaralarynda döredilýän topar tarapyndan çykarylýar.
7-nji madda. Bejergi almak üçin ibermek barada duýdurmak
1. Şu Kanunyň 1-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan esaslar bar bolanda bejergi almak üçin dikeldiş merkezine ibermek barada kazyýete teklipnama giriziljekdigi hakynda arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adam içeri işler edaralary tarapyndan alty aýyň dowamynda azyndan iki gezek resmi taýdan duýdurylmalydyr.
2. Içeri işler edaralarynyň görkezilen resmi duýdurmasy babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde şikaýat edilip bilner.
8-nji madda. Resminamalary taýýarlamak we kazyýete
barmagy üpjün etmek
1. Adamy arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän diýip ykrar etmek baradaky lukmançylyk netijenamasy esasynda bejergi almak üçin ibermek barada degişli resminamalary kazyýetde seretmäge taýýarlamak, ibermek we teklipnama girizmek içeri işler edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Bejergi almak üçin dikeldiş merkezine iberilmegi barada özi babatda teklipnama girizilen adam kazyýete meýletin barmakdan boýun gaçyrýan bolsa, ol içeri işler edaralary tarapyndan mejbury getirilmäge degişlidir.
9-njy madda. Bejergi almak üçin ibermek baradaky teklipnama
kazyýetde seretmek
1. Içeri işler edaralarynyň bejergi almak üçin dikeldiş merkezine ibermek baradaky teklipnamasy arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamyň hemişelik ýaşaýan ýerindäki etrap ýa-da etrap hukukly şäher kazyýeti tarapyndan üç gije-gündizden gijä goýulman içeri işler edaralarynyň wekiliniň, özi babatda teklipnama girizilen adamyň we onuň islegi boýunça wekiliniň (adwokatyň) gatnaşmagynda kazynyň ýekeliginde açyk kazyýet mejlisinde seredilýär.
2. Bejergi almak üçin ibermek baradaky teklipnama seredilende bu barada Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksinde bellenilen tertipde kazyýet mejlisiniň teswirnamasy düzülýär.
10-njy madda. Bejergi almak üçin ibermek barada teklipnama
kazyýetde seretmegiň tertibi
1. Kazy resminamalary yglan etmek bilen bejergi almak üçin dikeldiş merkezine ibermek barada özi babatda teklipnama girizilen adamy tanyşdyrýar we oňa kaza, kazyýet mejlisiniň kätibine, terjimeçä ynanmazlyk bildirmek, işe goşmaça resminamalary goşmak ýa-da talap edip almak barada haýyşnama bildirmek hukuklaryny düşündirýär. Ynanmazlyk we haýyşnama bildirmek barada, şeýle hem teklipnama seretmek bilen baglanyşykly şu Kanunda göz öňünde tutulmadyk beýleki meseleler Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine laýyklykda çözülýär.
2. Kazy işe gatnaşýan adamlaryň düşündirişlerini diňleýär we iş boýunça ýeterlik subutnama toplanan we bejergä ibermäge esas bar diýip hasap etse, arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamy dikeldiş merkezine bejergi almak üçin ibermek barada karar çykarýar. Kazyýet mejlisinde iş boýunça goşmaça barlaglar we resminamalar bilen düzedip bolmajak kemçilikler ýüze çykarylsa, kazy karar bilen iş boýunça önümçiligi bes edýär.
Kararyň göçürilen nusgasy içeri işler edarasyna, bejergi almak üçin ibermek barada özi babatda teklipnama girizilen adama, prokurora, şeýle hem işe gatnaşan wekile (adwokata) iberilýär.
3. Kazy zerur hasaplan halatynda işe seredilende jemgyýetçilik birleşikleriniň, zähmetkeşler köpçüliginiň hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekillerini, şeýle hem bejergi almak üçin dikeldiş merkezine iberilýän adamyň maşgala agzalaryny ýa-da ýakyn garyndaşlaryny gatnaşdyrýar.
4. Şu Kanunyň 6-njy maddasynda bellenilen tertipde çykarylan netijenama laýyklykda bejergi almak üçin ibermek barada özi babatda karar çykarylan adama zerur bolan saglygy goraýyş kömegini bermek üçin ol kazyýetiň karary kanuny güýje girýänçä saglygy goraýyş edaralarynyň degişli bölümlerine ýerleşdirilip bilner. Şunda saglygy goraýyş edarasynda bolnan wagt dikeldiş merkezinde bejergi almak möhletine goşulýar.
101-nji madda. Kararyň mazmuny
1. Karar giriş, beýan ediş-delillendiriş we karara geliş böleklerinden ybaratdyr.
2. Kararyň giriş böleginde kararyň çykarylan wagty we ýeri; karar çykaran kazyýetiň ady, kazynyň, kazyýet mejlisiniň kätibiniň familiýasy, ady we atasynyň ady; bejergi almak üçin dikeldiş merkezine ibermek barada teklipnama girizen içeri işler edarasynyň ady; özi babatda şeýle teklipnama girizilen adamyň familiýasy, ady, atasynyň ady we onuň şahsyýetine degişli ähmiýeti bolan beýleki maglumatlar görkezilýär.
3. Kararyň beýan ediş-delillendiriş böleginde teklipnamanyň mazmuny, oňa seredilende anyklanan ýagdaýlaryň beýany; dikeldiş merkezine bejergi almak üçin ibermek ýa-da iş boýunça önümçiligi bes etmek üçin esas bolan kanunyň maddalary görkezilýär.
4. Kararyň karara geliş böleginde işe seretmegiň netijesi boýunça arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamyň belli bir möhlete dikeldiş merkezine bejergi almak üçin iberilýänligi ýa-da iş boýunça önümçiligiň bes edilýänligi, karara şikaýat etmegiň möhleti we tertibi görkezilýär.
11-nji madda. Kazyýetiň kararyna şikaýat etmek ýa-da
teklipnama getirmek
1. Bejergi almak üçin ibermek barada kazyýetiň karary yglan edilen gününden on günüň dowamynda bu karar özi babatda karar çykarylan adam, onuň wekili (adwokaty) tarapyndan ikinji basgançakly kazyýete nägilelik tertibinde şikaýat edilip ýa-da prokuror tarapyndan teklipnama getirilip bilner.
2. Kazyýetiň kararyna şikaýat edilen ýa-da teklipnama getirilen bolsa, ony çykaran kazyýet karara şikaýat etmek ýa-da teklipnama getirmek üçin bellenilen möhlet geçen gününden soň üç gije-gündiziň dowamynda iş toplumyna gowşan şikaýat ýa-da teklipnama bilen bilelikde ikinji basgançakly kazyýete iberýär we işiň nägilelik tertibinde serediljek güni barada gatnaşanlara habar berýär.
3. Nägilelik tertibinde şikaýat edilmegi ýa-da prokuror tarapyndan teklipnama getirilmegi kazyýetiň kararynyň ýerine ýetirilmegini togtadýar.
12-nji madda. Bejergi almak üçin ibermek baradaky karara
nägilelik we gözegçilik tertibinde seretmek
1. Welaýat ýa-da welaýat hukukly ýa-da döwlet ähmiýetli şäher kazyýeti bejergi almak üçin ibermek barada etrap ýa-da etrap hukukly şäher kazyýeti tarapyndan çykarylan karara nägilelik tertibinde edilen şikaýata ýa-da getirilen teklipnama kazynyň ýekeliginde seredýär.
2. Bejergi almak üçin ibermek baradaky karara nägilelik tertibinde edilen şikaýata ýa-da getirilen teklipnama seredende kazy:
1) şikaýaty eden adamyň ygtyýarlygyny barlaýar hem-de şikaýatyň ýa-da teklipnamanyň mazmunyny seljerýär;
2) bar bolan we goşmaça berlen materiallaryň esasynda kabul edilen kararyň kanunylygyny we esaslylygyny barlaýar;
3) iş boýunça gatnaşýanlaryň düşündirişlerini we prokuroryň netijesini diňleýär.
3. Bejergi almak üçin ibermek barada etrap ýa-da etrap hukukly şäher kazyýeti tarapyndan çykarylan karara gözegçilik tertibinde edilen şikaýata ýa-da getirilen teklipnama welaýat ýa-da welaýat hukukly ýa-da döwlet ähmiýetli şäher kazyýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy ýa-da onuň orunbasary tarapyndan seredilýär.
4. Bejergi almak üçin ibermek barada etrap ýa-da etrap hukukly şäher kazyýeti tarapyndan çykarylan karara nägilelik we gözegçilik tertibinde seretmegiň netijeleri boýunça karary üýtgetmän galdyrmak, üýtgetmek ýa-da ýatyrmak barada karar kabul edilip bilner. Şunda bejergi almak üçin iberilen adamyň ýagdaýynyň ýaramazlaşdyrylmagyna ýol berilmeýär.
13-nji madda. Bejergi almak üçin ibermek baradaky karary
ýerine ýetirmek
1. Bejergi almak üçin dikeldiş merkezine ibermek barada kazyýetiň karary kanuny güýje giren gününden beýläk üç gije-gündizden gijä goýulman ýerine ýetirmek üçin degişli içeri işler edaralaryna iberilýär.
2. Bejergi almak üçin dikeldiş merkezinde bolmakdan boýun gaçyrýan adama kazyýetiň karary içeri işler edaralary tarapyndan mejbury ýerine ýetirdilýär.
3. Dikeldiş merkeziniň administrasiýasy karary ýerine ýetirmäge girişendigi, bejergi almak üçin iberilen adamyň bolýan ýeri we onuň boşandygy barada karary çykaran kazyýete, şeýle hem bejergi almak üçin iberilen adamyň ýakyn garyndaşlarynyň birine ýa-da onuň saýlamagy boýunça başga adama ýazmaça habar berýär.
14-nji madda. Dikeldiş merkezinde bejergi almak möhletini
hasaplamak
1. Dikeldiş merkezine bejergi almak üçin iberilen adamyň onda bolmagynyň möhleti ol adamyň bu edara gelen gününden başlap hasaplanýar.
2. Esasly sebäpler bolmazdan dikeldiş merkezinde bolunmadyk wagt bejergi almagyň möhletine goşulmaýar.
3. Dikeldiş merkezinde bolmagyň düzgünini we bejergi almagyň şertlerini berjaý etmeýän, esasly sebäpler bolmazdan bir gije-gündizden artyk möhlete ýa-da bir gije-gündizden az möhlete, ýöne üç aýyň dowamynda gaýtadan, bejergi alýan ýerinde bolmadyk, şonuň ýaly-da rugsatdan öz wagtynda dolanyp gelmedik adamyň bejergi almak üçin bellenilen möhleti dikeldiş merkeziniň administrasiýasynyň delillendirilen teklibi boýunça bu edaranyň ýerleşýän ýerindäki kazyýet tarapyndan şu Kanunda bellenilen tertipde seredilip uzaldylyp bilner, ýöne bu üç aýdan artyk bolmaly däldir.
4. Azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çekýän arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan bejergi bellenilen adam jeza möhletini doldurandan soň, jezany ýerine ýetirýän edaranyň administrasiýasynyň şeýle zerurlyk baradaky lukmançylyk netijenamasy esasynda berlen teklibi boýunça bu edaranyň ýerleşýän ýerindäki kazyýet tarapyndan şu Kanunda bellenilen tertipde seredilip bejergi alynmadyk möhlete dikeldiş merkezine bejergi almak üçin iberilip bilner.
15-nji madda. Dikeldiş merkezinde bejergi almakdan boşatmak
1. Dikeldiş merkezinde bejergi almak möhletiniň dolmagy ondan boşatmaga esas bolup durýar.
2. Dikeldiş merkezinde bolmagyň düzgüni we bejergi almagyň şertleri berjaý edilende we bellenilen bejergi almak möhletiniň ýarysyndan az bolmadyk bölegi geçeninden soň, dikeldiş merkeziniň administrasiýasynyň lukmançylyk toparynyň netijenamasyna esaslanýan teklibi boýunça bejergi almak möhleti bu edaranyň ýerleşýän ýerindäki kazyýet tarapyndan şu Kanunda bellenilen tertipde seredilip gysgaldylyp bilner ýa-da dikeldiş merkezinde bejergi alýan adam ondan boşadylyp bilner.
3. Dikeldiş merkezinde bejergi alýan adamda hroniki ruhy keseliň ýa-da onuň bejergi almagyna päsgel berýän başga baglanyşykly geçýän agyr keseliň alamatlary ýüze çykarylan ýa-da onuň şu Kanunda bellenilen ýaşynyň dolan halatlarynda ol şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan tertipde bejergi almakdan möhletinden öň boşadylýar.
16-njy madda. Bejergi alýan adamlaryň aýlyk zähmet hakyndan
tutumlary tutmak
Dikeldiş merkezinde bejergi alýan döwri zähmete çekilen adamlaryň aýlyk zähmet hakyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tutumlar tutulýar.
17-nji madda. Dikeldiş merkezini maliýeleşdirmek
1. Bejergi alýan adamlary dikeldiş merkezinde saklamak üçin edilýän çykdajylar (egin-eşik, iýmit, ýorgan-düşekler, derman serişdeleri we ş.m.) döwlet tarapyndan üpjün edilýär.
2. Dikeldiş merkezine hemaýatkärlik kömegini bermegiň tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýär.
18-nji madda. Bejergi alan adamy zähmet we durmuş taýdan
ýerleşdirmek
Dikeldiş merkezinde bejergi alyp, ondan gaýdyp gelen adamyň zähmet we durmuş taýdan ýerleşdirilmegi onuň hemişelik ýaşaýan ýerindäki ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
19-njy madda. Arakhorlukdan, neşekeşlikden we psihoaktiw
maddalara baglylykdan ejir çekmekden bejergi
alan adama gözegçilik etmek
Dikeldiş merkezinden, düzediş ýa-da terbiýeleýiş edaralaryndan boşadylan arakhorlukdan, neşekeşlikden we psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekmekden bejergi alan adam hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen möhletiň dowamynda gözegçilikde durýar.
20-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2012-nji ýylyň 31-nji marty.
№ 285-IV.