Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 38-nji madda)

 

(18.12.2013 ý. № 461-IV, 16.08.2014 ý. № 113-V,  18.08.2015 ý. № 280-V, 04.11.2017 ý. № 636-V, 25.11.2017 ý. № 660-V, 09.06.2018 ý. № 41-VI, 01.12.2018 ý. № 103-VI, 22.08.2020 ý. № 274-VI, 13.03.2021 ý. № 342-VI Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen) 

 

Şu Kanun Türkmenistanda döwlet pensiýa ätiýaçlandyryş ulgamyny döretmegiň we onuň hereket etmeginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. 

 

1-nji bap. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Esasy düşünjeler 

1. Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy - raýatlar pensiýa ýaşyna ýetende, maýyplyga uçran, ekleýjisini ýitiren halatlarynda olaryň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen hukuk, ykdysady we guramaçylyk çäreleriniň ulgamy;

2) özbaşdak iş bilen meşgullanýanlar - işgärleri hemişelik esasda hakyna tutmaýan, özbaşdak, bir ýa-da birnäçe işewür hyzmatdaşlar bilen girdeji getirýän iş bilen meşgullanýan şahslar. Şu ýagdaýda ähli işewür hyzmatdaşlar özbaşdak iş bilen meşgullanýan şahslar bolup durýarlar. Işewür hyzmatdaşlar bir maşgalanyň ýa-da bir öý hojalygynyň agzalary bolup ýa-da bolman bilerler;

3) pensiýa gatançlary - hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna, hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna we meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasyna tölenilýän gatançlar;

4) Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujeti- Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň wezipelerini we borçlaryny maliýe taýdan üpjün etmeklige niýetlenen pul serişdelerini emele getirmegiň we harç etmegiň görnüşi. 

2. Şu Kanundaky başga düşünjeler Türkmenistanyň raýat we beýleki kanunçylygynda, şeýle hem şu Kanunyň degişli maddalarynda kesgitlenilen manylarda ulanylýar.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň döwlet pensiýa

                         ätiýaçlandyrmasy babatda kanunçylygy 

1. Türkmenistanyň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy babatda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundakydan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

2-nji bap. DÖWLET PENSİÝA ÄTİÝAÇLANDYRMASY

                 BOÝUNÇA HUKUK GATNAŞYKLARYNA

                 GATNAŞYJYLAR

 

3-nji madda. Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň görnüşleri 

Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyny, hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyny, şeýle hem, fiziki şahsyň Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy bilen meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda baglaşylan şertnamasy esasynda, meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasyny öz içine alýar:

1) hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasy – şu Kanuna laýyklykda ätiýaçlandyrýanlar tarapyndan Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyna hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça tölenilen pensiýa gatançlarynyň hasabyna ätiýaçlandyrylan halat ýüze çykanda ätiýaçlandyrylan şahslaryň pensiýa üpjünçiligine gönükdirilen, döwletiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk çäreleriniň ulgamy;

2) hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasy – şu Kanuna laýyklykda ätiýaçlandyrýanlar tarapyndan Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujetine hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça we hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça tölenilen pensiýa gatançlarynyň hasabyna ätiýaçlandyrylan halat ýüze çykanda - gulluk ýyllary ýa-da zähmetiň aýratyn (zyýanly, aýratyn agyr)  şertleri bolan iş üçin pensiýa ýaşyna ýetende, ätiýaçlandyrylan şahslaryň pensiýa üpjünçiligine gönükdirilen, döwletiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk çäreleriniň ulgamy;

3) meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy– meýletin pensiýa ätiýaçlandyrma şertnamasy boýunça ätiýaçlandyrylan şahslar tarapyndan tölenilýän pensiýa gatançlarynyň hasabyna olary goşmaça pensiýa bilen üpjün etmäge gönükdirilen, döwletiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk çäreleriniň ulgamy.

 

4-nji madda. Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň subýektleri 

Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralary, ätiýaçlandyryjy, ätiýaçlandyrýan we ätiýaçlandyrylan şahs döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň  subýektleri bolup durýarlar.

 

5-nji madda. Ätiýaçlandyryjy

Ätiýaçlandyrylan şahslaryň öňünde Türkmenistanyň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda kanunçylygynda göz öňünde tutulan borçnamalary ýerine ýetirýän Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy we onuň ýerli edaralary döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy ulgamynda ätiýaçlandyryjy bolup durýarlar.

 

6- njy madda. Ätiýaçlandyrýan

1. Şu aşakdakylar hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyrýanlar bolup durýarlar:

1) Türkmenistanda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar, şol sanda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarlyk berlen döwlet edarasy, şeýle hem Türkmenistanda hasaba alnan daşary ýurt döwletleriniň ýuridik şahslarynyň wekilhanalary we şahamçalary;

2) daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalary, konsullyk edaralary, halkara guramalarynyň wekilhanalary – eger-de Türkmenistanyň raýatlary, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar olarda işleýän bolsalar; 

3) ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar-hususy telekeçiler, hünärmenlik hyzmatlaryny etmek boýunca işi amala aşyrýan fiziki şahslar. 

Hünärmenlik hyzmatlary Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda bellenilen garaşsyz hünärmenlik işleriniň görnüşlerini öz içine alýar;

4) hakyna tutma zähmeti ýa-da öý işgärleriniň zähmetini ulanýan iş berijiler-fiziki şahslar, şeýle hem daýhan birleşikler bilen içki hojalyk kärende şertnamasy esasynda oba hojalyk önümlerini öndürýän şahslar, (mundan beýläk–kärendeçiler), şol sanda oba hojalyk önümleri öndürilende hakyna tutma zähmeti ulanýanlar;

5) özbaşdak iş bilen meşgullanýan, girdejisi bolan şahslar, şol sanda Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýerleşýän çeşmelerden we Türkmenistanyň dahylsyzlaryndan girdeji alýan fiziki şahslar.

2. Hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça şu aşakdaky görkezilen ätiýaçlandyrýanlar şol bir wagtyň özünde hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyrýanlar bolup durýarlar:

1) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlaryň edaralary, harby edaralary we içeri işler edaralary;

2) öz garamagynda döwlet we (ýa-da) raýat awiasiýasynyň bölümleri bolan ýuridik şahslar;

3) zähmetiň aýratyn (zyýanly, aýratyn agyr) şertli iş ýerleri bolan ýuridik şahslar.

3. Aýratyn döwürlerde şu Kanunyň 7-nji maddasynyň ikinji böleginiň 7-10-njy bentlerinde görkezilen şahslar üçin Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy ätiýaçlandyrýan bolup durýar.

4. Maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýetçilik guramalarynda, olaryň kärhanalarynda we edaralarynda işleýän şahslar üçin, muňa maýyplyk boýunça pensiýany (döwlet kömek puluny) alýanlar degişli däldir, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarlyk berlen döwlet edarasy ätiýaçlandyrýan bolup durýar.

(6-njy maddanyň üçünji we dördünji böleginiň düzgünleri, eger-de olarda göz öňünde tutulan şahslar üçin ätiýaçlandyrýanlar tarapyndan pensiýa gatançlary tölenilmedik we atly hasaplaryna ýazgy edilmedik bolsa, onda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan öňki döwürler üçin hem ulanylýar – 2018-nji ýylyň 1-nji dekabrynda kabul edilen № 103-VI Türkmenistanyň Kanuny.)

7-nji madda. Ätiýaçlandyrylan şahslar

1. Şu madda laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy bilen gurşalyp alnan raýatlary, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar ätiýaçlandyrylan şahslar bolup durýarlar.

2. Şu aşakdakylar hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna degişlidir:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen kärhanalarda, guramalarda we edaralarda, Türkmenistanda bellige alnan daşary ýurt döwletleriniň ýuridik şahslarynyň wekilhanalarynda we şahamçalarynda işleýän (gulluk edýän) şahslar;

2) Türkmenistanda ýerleşýän daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda, halkara guramalarynyň wekilhanalarynda işleýän Türkmenistanyň raýatlary, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar; 

3) ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar – hususy telekeçiler we olarda işleýän şahslar, hünärmenlik hyzmatlaryny etmek boýunça işi amala aşyrýan fiziki şahslar; 

4) kärendeçiler we olar bilen zähmet gatnaşyklaryna giren şahslar;

5) özbaşdak iş bilen meşgullanýan, girdejisi bolan şahslar, şol sanda Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýerleşýän çeşmelerden we Türkmenistanyň dahylsyzlaryndan girdeji alýan fiziki şahslar;

6) hakyna tutma zähmeti ýa-da öý işgärleriniň zähmetini ulanýan iş berijilerde-fiziki şahslarda işleýän şahslar;

7) çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, şeýle hem ýokary harby okuw mekdeplerinde okaýan  şahslar;

8) I topar maýyplygy bolan adama ýa-da 18 ýaşa çenli maýyplygy bolan çaga seredýän, işlemeýän adamlar (6 ýyldan köp bolmadyk döwürde);

9) Türkmenistanyň daşary ýurtdaky diplomatik wekilhanasynyň, konsullyk edarasynyň, Türkmenistanyň halkara guramasynyň ýanyndaky wekilhanasynyň işgäriniň we oňa deňleşdirilen adamyň aýaly (adamsy) (onuň bilen ýaşaýan, işsiz bolan - 4 ýyldan köp bolmadyk döwürde);

10) çaga seretmek boýunça rugsatda bolýan şahslar (6 ýyldan köp bolmadyk döwürde).

3. Şu maddanyň ikinji böleginiň 7-10-njy bentlerinde görkezilen esaslar boýunça bir şahs üçin pensiýa ätiýaçlandyrma döwrüniň umumy dowamlylygy 10 ýyldan köp bolmaly däldir. 

4. Şu aşakda görkezilen şahslar bir wagtyň özünde hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna we hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna degişlidir:

1) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň harby gullukçylary; 

2) içeri işler edaralarynyň hatarçylar, seržantlar we ofiserler düzüminiň işgärleri;

3) döwlet we raýat awiasiýasynyň uçuş we uçuş-synag düzüminiň işgärleri, paraşýutçylary, uçarüsti dolandyryjylary we uçarbeletleri;

4) doly iş gününiň dowamynda zähmetiň aýratyn (zyýanly, aýratyn agyr) şertleri bolan işlerde işleýän şahslar.

5. Şu maddanyň ikinji böleginiň 3-6-njy bentlerinde görkezilen şahslar, olara şular bellenilen halatynda hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşmagyny bes edýärler:

1) ýaşy boýunça pensiýa;

2) gulluk ýyllary boýunça pensiýa;

3) hünär pensiýasy;

4) maýyplyk boýunça pensiýa ýa-da döwlet kömek puly, eger-de olar möhletsiz maýyplygy bolan adam diýlip ykrar edilen bolsalar;

5) döwlet durmuş kömek puly.

51. Maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýetçilik guramalarynda, olaryň kärhanalarynda we edaralarynda işleýän şahslar maýyplyk boýunça pensiýa ýa-da döwlet kömek puly alýan bolsalar, olar hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşmagyny bes edýärler. (2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky № 342-VI Türkmenistanyň Kanunynyň III bölegine laýyklykda 51 bölegiň düzgüni, eger-de onda göz öňünde tutulan şahslar üçin ätiýaçlandyrýanlar tarapyndan pensiýa gatançlary tölenilmedik we atly hasaplaryna ýazgy edilmedik bolsa, onda görkezilen Kanunyň herekete girizilmezinden öňki döwürler üçin hem ulanylýar.)

6. Şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen şahslar meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça hem ätiýaçlandyrylyp bilerler.

 

8-nji madda. Ätiýaçlandyrma töwekgelçiligi we

                         ätiýäçlandyrma halaty

1. Ätiýaçlandyrma halatynyň ýüze çykmagy bilen ätiýaçlandyrylan  şahsyň zähmet hakyny ýa-da girdejileriniň beýleki çeşmelerini ýitirmegi şu Kanunyň maksatlary üçin ätiýaçlandyrma töwekgelçiligi bolup durýar. 

2. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen pensiýa ýaşyna ýetilmegi, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen ýagdaýlarda maýyplygy bolan adam diýlip ykrar edilmegi, ekleýjiniň ýitirilmegi, şu Kanunyň maksatlary üçin ätiýaçlandyrylan halat  hasap edilýär.

 

9-njy madda. Ätiýaçlandyrýanlary hasaba almak we

                          hasapdan aýyrmak

1. Şu Kanunyň 6-njy maddasynyň birinji böleginiň 1-4-nji bentlerinde görkezilen ätiýaçlandyrýanlar – salgyt edarasynda hasaba duran ýeri boýunça,  şu Kanunyň 6-njy maddasynyň birinji böleginiň   5-nji bendinde görkezilen ätiýaçlandyrýanlar – ýazgyda duran ýeri boýunça pensiýa gatançlaryny töleýji hökmünde Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň edarasynda hasaba alynmaga degişlidirler.

2. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy pensiýa gatançlaryny töleýjileriň-ätiýaçlandyrýanlaryň döwlet sanawyny ýöredýär we bu sanawy saklaýjy bolup durýar.

3. Ätiýaçlandyrýanlary hasaba almak we olary hasapdan  aýyrmak Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşyp Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň tassyklan tertibine laýyklykda amala aşyrylýar.

 

10-njy madda.  Banklaryň Türkmenistanyň Pensiýa

gaznasynyň ýerli edaralaryna maglumat

bermek bilen baglanyşykly borjy

Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän banklar şu Kanunyň 6-njy maddasynyň birinji böleginde görkezilen ýuridik we fiziki şahslara hasaplaşyk hasabyny açandyklary ýa-da ýapandyklary barada, şeýle hasabyň açylan ýa-da ýapylan gününiň ertesi gününden gijä galman Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň bankyň ýerleşýän ýerindäki  edarasyna habar bermäge borçludyrlar. 

 

3-nji bap. DÖWLET PENSIÝA ÄTIÝAÇLANDYRMASY

                 BABATDA DÖWLET DOLANDYRYŞY

                 

11-nji madda. Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy babatda

                          döwlet dolandyryşyny amala aşyrýan edaralar

1. Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy babatda döwlet dolandyryşyny Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralary amala aşyrýar. 

2. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýanyndaky Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy (mundan beýläk - Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy) we olaryň ýerli edaralary döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralary bolup durýarlar.

3. Şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen ygtyýarlyk berlen döwlet edaralary döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça hukuk gatnaşyklarynda Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde hereket edýärler.

 

12-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 

                          döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy babatda

                          ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy babatda:

1) döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär;

2) döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär;

3) döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň meseleleri boýunça başga çözgütleri kabul edýär.

 

13-nji madda. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş

                          taýdan goramak ministrliginiň döwlet pensiýa

                          ätiýaçlandyrmasy babatda ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy babatda:

1) döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;

2) döwlet maksatnamalarynyň taslmalaryny işläp düzýär we olary tassyklatmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýär;

3) Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň işine gözegçilik edýär;

4) kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp düzmeklige gatnaşýar;

5) pensiýa gatançlarynyň möçberleri barada teklipleri taýýarlamaga gatnaşýar;

6) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde başga wezipeleri amala aşyrýar.

 

14-nji madda. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň döwlet

                          pensiýa ätiýaçlandyrmasy babatda hukuklary,

                          borçlary we jogapkärçiligi

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy babatda hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy hakyndaky Düzgünnamada  kesgitlenilýär.

 

4-nji bap. DÖWLET PENSIÝA

                 ÄTIÝAÇLANDYRMASYNYŇ

                 SUBÝEKTLERINIŇ HUKUKLARY WE

                 BORÇLARY

 

15-nji madda. Ätiýaçlandyrýanyň döwlet pensiýa

                          ätiýaçlandyrmasy babatda hukuklary we

                          borçlary 

1. Ätiýaçlandyrýanyň şulara hukugy bardyr:

1) ätiýaçlandyryjydan ätiýaçlandyran şahslarynyň peýdasyna tölenen pensiýa gatançlary baradaky maglumaty we pensiýa ätiýaçlandyrmasy barada başga maglumaty muzdsuz almaga;

2) Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyna döwlet pensiýa ätiýaçlandyrma ulgamyny kämilleşdirmek hakynda teklipleri bermäge;

3) şu Kanunyň 17-nji maddasyna laýyklykda pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda şertnamalary baglaşmaga;

4) pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça kanuny bähbitleriň we hukuklaryň goralmagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryja we kazyýete ýüz tutmaga.

2. Ätiýaçlandyrýan şu aşakdakylara borçludyr:

1) pensiýa gatançlaryny töleýji hökmünde Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynda hökmany hasaba durmaga;

2) pensiýa gatançlaryny Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujetine öz wagtynda we doly möçberde tölemäge we şol bir wagtda ätiýaçlandyrylan şahslar we olaryň pensiýa gatançlarynyň möçberi barada  atma-at maglumaty Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasyna bermäge, hasaplanylan we tölenilen pensiýa gatançlarynyň hasabyny ýöretmäge; 

3) hasaba duran ýeri boýunça Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasyna ätiýaçlandyran şahslarynyň atly pensiýa hasabyny ýöretmek we pensiýa bellemek üçin zerur bolan resminamalary bermäge;

4) Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň we beýleki ygtyýarlyk berlen döwlet edaralarynyň gözegçilik tertibinde ýüze çykaran, Türkmenistanyň pensiýa ätiýaçlandyrmasy babatda kanunçylygynyň bozulmalaryny bellenilen möhletlerde aradan aýyrmaga, maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini öz wagtynda we doly möçberde tölemäge; 

5) ätiýaçlandyrylan şahsyň ýüztutmasy boýunça tölenen pensiýa gatançlary baradaky oňa degişli maglumaty muzdsuz bermäge;

6) hasaba duran ýeri boýunça Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň edarasyna şu aşakdakylary habar bermäge:

a) özüniň ýatyrylandygy (üýtgedilip gurulandygy) barada bellenilen tertipde çözgüdiň kabul edilendigi barada - çözgüdiň kabul edilen gününden başlap üç iş gününiň dowamynda;

b) esaslandyryjy resminamalarynyň we hasaba alyş belgileriniň (rekwizitleriniň) üýtgedilendigi barada - üýtgetmeler girizilen gününden başlap bäş iş gününiň dowamynda. 

21. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy şu Kanunyň 7-nji maddasynyň ikinji böleginiň 7-10-njy bentlerinde görkezilen şahslar üçin ätiýaçlandyrýan hökmünde ätiýaçlandyrma halaty ýüze çykan mahalynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan kesgitlenen tertipde pensiýa gatançlary barada ätiýaçlandyrylan şahslaryň atly hasabyna ýazgy etmäge borçludyr.

(15-nji maddanyň bir belgili ikinji böleginiň düzgünleri, eger-de olarda göz öňünde tutulan şahslar üçin ätiýaçlandyrýanlar tarapyndan pensiýa gatançlary tölenilmedik we atly hasaplaryna ýazgy edilmedik bolsa, onda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan öňki döwürler üçin hem ulanylýar – 2018-nji ýylyň 1-nji dekabrynda kabul edilen № 103-VI Türkmenistanyň Kanuny.)

3. Ätiýaçlandyrýanlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga hukuklary edinip we başga borçlary çekip bilerler. 

 

16-njy madda. Ätiýaçlandyrylan şahslaryň hukuklary we

                          borçlary 

1. Ätiýaçlandyrylan şahslaryň şulara hukugy bardyr:

1) ätiýaçlandyrýandan pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlarynyň hasaplanylyşy we tölenilişi barada maglumat almaga;

2) ätiýaçlandyrylan halat ýüze çykanda pensiýa üpjünçiligine;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda toplaýyş pensiýa usuly boýunça pensiýa toplamalaryny almaga; 

4) özüniň pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça hukuklaryny goramak üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde kazyýete ýüz tutmaga.

2. Ätiýaçlandyrylan şahslar şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) şahsy maglumatlary üýtgän halatynda bu barada ätiýaçlandyrýana we (ýa-da) ätiýaçlandyryja habar bermäge;

2) ätiýaçlandyryjy bilen baglaşan pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda şertnamada göz öňünde tutulan şertleri berjaý etmäge.

 

17-nji madda. Pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda şertnama

1. Hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda şertnama şu Kanunyň 6-njy maddasynyň birinji böleginiň 3-nji bendinde görkezilen ätiýaçlandyrýanlar (muňa ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar-hususy telekeçiler girmeýär) we 5-nji bendinde görkezilen ätiýaçlandyrýanlar bilen Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň arasynda  ýazmaça görnüşde baglaşylýar. 

2. Meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda şertnama fiziki şahs bilen Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň arasynda ýazmaça görnüşde baglaşylýar. 

3. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan şertnamalary baglaşmazdan öň ätiýaçlandyrylýan şahsy we ätiýaçlandyrýany pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň şertleri bilen tanyşdyrmaga borçludyr. 

4. Pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda şertnamalaryň görnüşi Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy tarapyndan bellenilýär.

 

18-nji madda. Pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda

       şertnamanyň mazmuny

1. Pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda şertnamada şu aşakdakylar görkezilýär:

1) Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň ady, onuň ýerleşýän ýeri (ýuridik salgysy), bank belgileri (rekwizitleri);

2) ätiýaçlandyrýanyň-fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady, pasportynyň (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň) maglumatlary, hemişelik ýaşaýan ýeriniň salgysy;

3) pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň görnüşi;

4) ätiýaçlandyrylan halat;

5) ätiýaçlandyrylýan şahsyň iş ýeri (meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy üçin);

6) ätiýaçlandyrylýan şahsyň şertnamasynyň kodlaşdyrylan belgisi (atly pensiýa hasabynyň kodlaşdyrylan belgisi);

7) pensiýa gatanjynyň möçberi, ony tölemegiň tertibi we möhleti;

8) taraplaryň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi;

9) şertnamanyň hereket edýän möhleti;

10) şertnama üýtgetmeleri girizmegiň, şertnamany ýatyrmagyň tertibi.

2. Şertnamada Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga şertler hem göz öňünde tutulyp bilner.

 

5-nji bap. PENSIÝA GATANÇLARYNY HASAPLAMAK

                 ÜÇIN BINÝAT. PENSIÝA GATANÇLARYNY

                 HASAPLAMAK WE TÖLEMEK

 

19-njy madda. Pensiýa gatançlaryny hasaplamak üçin binýat

1. Şular hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlaryny hasaplamak üçin binýat bolup durýar:

1) şu Kanunyň 7-nji maddasynyň ikinji böleginiň 1-nji, 2-nji bentlerinde görkezilen şahslar, şeýle hem 3-nji bendinde görkezilen hususy telekeçilerde işleýän şahslar üçin - işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin zähmet şertnamalary we raýat-hukuk häsiýetli şertnamalar (hususy telekeçilere tölenilýän hak muňa degişli däldir), harby gullugy geçmek barada borçnama esasynda,awtorlyk, ygtyýarnama şertnamalary boýunça we zähmet gatnaşyklaryna giren şahsy taraplara tölenilýän zähmet, diňleýji  hem-de beýleki haklar (pul we önüm görnüşinde), şol sanda:

- peýdalanylmadyk rugsadynyň dolunan öwez puly;

- Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda işe ýerleşilýän döwür üçin saklanyp galynýan ortaça zähmet haky;

- esasy iş bilen utgaşdyrma boýunça zähmet haky;

2) şu Kanunyň 7-nji maddasynyň ikinji böleginiň 3-nji bendinde görkezilen ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar-hususy telekeçiler (olarda işleýän şahslar muňa degişli däldir) we hünärmenlik hyzmatlaryny etmek boýunça işi amala aşyrýan fiziki şahslar, 4-nji bendinde görkezilen kärendeçiler bilen zähmet gatnaşyklaryna giren şahslar, 5-nji bendinde görkezilen özbaşdak iş bilen meşgullanýan, girdejisi bolan şahslar, 6-njy bendinde görkezilen hakyna tutma zähmeti ýa-da öý işgärleriniň zähmetini ulanýan iş berijilerde-fiziki şahslarda işleýän şahslar, şeýle hem aýratyn  döwürlerde - 7-10-njy bentlerinde görkezilen fiziki şahslar üçin - Türkmenistan boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet haky;

3) şu Kanunyň 7-nji maddasynyň ikinji böleginiň 4-nji bendinde görkezilen kärendeçiler üçin – arassa girdeji. Şonda pensiýa gatançlarynyň hasaplanylmagy üçin kabul edilýän arassa girdejiniň iň ýokary möçberi Türkmenistan boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet hakynyň alty essesinden ýokary bolmaly däldir. 

2. Hünär pensiýasyna hukuk berýän işlerde (gulluklarda) işleýän (gulluk edýän) şahslaryň zähmet haky, şol sanda peýdalanylmadyk rugsadynyň dolunan öwez puly hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlarynyň hasaplanylmagy üçin binýat bolup durýar.

3. Şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendinde görkezilen tölegler meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlarynyň hasaplanylmagy üçin binýat bolup durýar.

4. Pensiýa gatançlaryny hasaplamak üçin binýada şu aşakdakylar goşulmaýar:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tölenilýän döwlet kömek puly;

2)  Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ölçegleriň çäklerinde öwezini doluş tölegleri:

a) zähmet borçlaryny ýerine ýetirende işgäriň ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagy;

b) ýaşaýyş jaýlarynyň we jemagat hyzmatlarynyň, iýmitiň we azyk önümleriniň, ýangyjyň mugt berilmegi ýa-da degişli möçberde pul bilen öweziniň dolunmagy;

ç) önüm görnüşinde berlen maddy kömek ýa-da onuň degişli möçberde pul görnüşinde öweziniň dolunmagy;

d) okuw-türgenleşik işi we sport ýaryşlaryna gatnaşmak üçin türgenleriň hem-de bedenterbiýe-sport guramalarynyň işgärleriniň alýan iýmitiniň, sport esbaplarynyň, enjamlarynyň, sport hem-de dabaraly ýöriş üçin eginbaşlarynyň bahasynyň tölenilmegi;

e) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda işden çykylanda berilýän kömek puly;

ä) gulluk saparlary boýunça çykdajylar, meýdan şertlerinde işlenendigi üçin hak, haçanda iş wahta usulynda amala aşyrylýan bolsa gündelik harjynyň ýerine berilýän tölegler, iş göçme we (ýa-da) gatnaw häsiyetli bolsa tarif stawkasyna (wezipe aýlyk hakyna) goşulýan goşmaça tölegiň möçberi;

f) başga ýere işe geçirilmegi, kabul edilmegi ýa-da iberilmegi bilen baglanyşykly çykdajylaryň öweziniň dolunmagy we beýleki öwezini doluş tölegleri;

g) tebigy betbagtçylyklaryň ýa-da başga adatdan daşary ýagdaýlaryň ýetiren maddy zyýanynyň ýa-da ömre we saglyga ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagy;

h) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýan ömri we saglygy hökmany (döwlet) ätiýaçlandyrmak boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberi; 

i) işgärleriň aýry-aýry toparlaryna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berilýän gatnaw boýunça ýeňillikleriň bahasy;

3) Türkmenistanyň döwlet sylaglary we hormatly atlary üçin zähmet hakyna goşmaça tölegler;

4) birwagtlaýyn pul sylaglary, baýraklar;

5) iş berijiler tarapyndan birwagtlaýyn berilýän maddy kömegiň möçberi; 

6) aradan çykan işgäriň maşgala agzalaryna ýa-da işgäriň maşgala agzasynyň (agzalarynyň) aradan çykmagy bilen baglanyşykly oňa tölenilýän tölegler;

7) işgärlere tölegsiz ýa-da belli bir bölegi tölegli berilýän we hemişelik şahsy peýdalanmagy üçin özünde galýan bir ülňüli lybaslaryň we eginbaşlaryň bahasy;

8) zähmet we (ýa-da) köpçülikleýin şertnamasynda göz öňünde tutulmadyk hem-de zähmet üçin töleg bolup durmaýan höweslendiriş häsiýetli birwagtlaýyn tölegler (şol sanda önüm görnüşindäki). 

5. Pensiýa gatançlaryny hasaplamak üçin binýat kesgitlenilende:

1) önüm görnüşindäki geçirilen tölegler olar tölenilen senesinde döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän nyrhlardan ugur alnyp kesgitlenilen pul ekwiwalentinde hasaba alynýar, şeýle nyrhlar bolmadyk halatynda - bazar bahalaryndan ugur alynýar;

2) ätiýaçlandyrylan şahsyň şol bir wagtda telekeçilik işinden, hünärmenlik hyzmatlaryny ýerine ýetirmekden, oba hojalyk önümini öndürmekden goşmaça girdejileri bar bolsa, onda onuň girdejileriniň bir görnüşi şu bentde görkezilen girdejileriň yzygiderliligine laýyklykda hasaba alynmaga degişlidir.

 

20-nji madda. Pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa

                        gatançlarynyň hasaplanylmagy üçin möçberler

1. Hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlaryny hasaplamak we tölemek üçin şu aşakdaky möçberler bellenilýär:

1) şu Kanunyň 19-njy maddasynyň birinji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda pensiýa gatançlaryny hasaplamak üçin kesgitlenilen binýadyň 20 göterimi: 

a) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslara (şol sanda daýhan birleşiklerine – wezipe sanawyna laýyklykda olarda işleýän şahslar babatda), Türkmenistanda hasaba alnan daşary ýurt ýuridik şahslarynyň wekilhanalaryna we şahamçalaryna - olarda işleýän her bir fiziki şahs üçin; 

b) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarlyk berlen döwlet edarasy üçin – maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýetçilik guramalarynda, olaryň kärhanalarynda we edaralarynda işleýän her bir fiziki şahs üçin, muňa maýyplyk boýunça döwlet kömek puluny (pensiýany) alýanlar degişli däldir;

ç) daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryna, konsullyk edaralaryna we halkara guramalarynyň wekilhanalaryna - olarda işleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatrlarynyň we raýatlygy bolmadyk şahslaryň hataryndan bolan her bir fiziki şahs üçin; 

d) ýuridik şahsy döretmezden hususy telekeçilere - olarda işleýän her bir fiziki şahs üçin;

2) ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara-hususy telekeçilere, hünärmenlik hyzmatlaryny etmek boýunça işi amala aşyrýan fiziki şahslara – özleri üçin, ätiýaçlandyrylan şahs hökmünde hasaba duran gününden başlap, hasapdan aýrylan gününe çenli, girdejisine garamazdan, hasabat döwrüniň her aýy üçin Türkmenistan boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet hakynyň 10 göteriminden az bolmadyk möçberde;

3) şu Kanunyň 7-nji maddasynyň ikinji böleginiň 4-nji bendinde görkezilen kärendeçilere – özleri üçin, hasabat döwri üçin arassa girdejisiniň 10 göteriminden az bolmadyk möçberde. Şonda pensiýa gatançlarynyň hasaplanylmagy üçin kabul edilýän arassa girdejisiniň möçberi şu Kanunyň 19-njy maddasynyň birinji böleginiň 3-nji bendinde bellenilen pensiýa gatançlarynyň hasaplanylmagy üçin kabul edilýän arassa girdejiniň iň ýokary möçberinden ýokary bolmaly däldir;

4) Türkmenistan boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet hakynyň 10 göterimi:

а) şu Kanunyň 7-nji maddasynyň ikinji böleginiň 4-nji bendinde görkezilen kärendeçilere - olar bilen zähmet gatnaşyklaryna giren her bir fiziki şahs üçin;

b) özbaşdak iş bilen meşgullanmakdan girdejisi bolan, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy bilen pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda şertnamany baglaşan ätiýäçlandyrylan şahs hökmünde hasaba alnan şahslara hasabat döwründen başlap ‒ özleri üçin;

ç) hakyna tutma zähmeti ýa-da öý işgärleriniň zähmetini ulanýan iş berijilere-fiziki şahslara - olarda işleýän her bir şahs üçin;

d) Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy üçin - şu Kanunyň 7-nji maddasynyň ikinji böleginiň 7-10-njy bentlerinde görkezilen şahslar üçin - aýratyn döwürlerde. (20-nji maddanyň birinji böleginiň 4-nji bendiniň «d» kiçi bendiniň düzgünleri, eger-de olarda göz öňünde tutulan şahslar üçin ätiýaçlandyrýanlar tarapyndan pensiýa gatançlary tölenilmedik we atly hasaplaryna ýazgy edilmedik bolsa, onda  2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan öňki döwürler üçin hem ulanylýar – 2018-nji ýylyň 1-nji dekabrynda kabul edilen № 103-VI Türkmenistanyň Kanuny.)

2. Şu Kanunyň 6-njy maddasynyň ikinji böleginde görkezilen ätiýaçlandyrýanlara, şu Kanunyň 19-njy maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda hasaplanylan binýadyň 3,5 göterimi möçberinde hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna goşmaça pensiýa gatanjy bellenilýär. 

3. Aýratyn halatlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen, ätiýaçlandyrýanlaryň aýry-aýry toparlaryna, şu Kanun bilen bellenilen möçberi boýunça hasaplanylýan pensiýa gatançlar bilen olaryň kemeldilen möçber boýunça hasaplanylan möçberiniň aratapawudynyň öwezini dolmagyň çeşmelerini kesgitlemek bilen, pensiýa gatançlaryny hasaplamak üçin kemeldilen möçberler bellenilip bilner. 

4. Meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlary   zähmet hakynyň (girdejiniň) iki göteriminden az bolmadyk möçberde bellenilýär. 

 

21-nji madda. Pensiýa gatançlarynyň beýannamasy 

1. Pensiýa gatançlarynyň beýannamasy ätiýaçlandyrýan tarapyndan hasabat döwri üçin Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasyna berilýän, pensiýa gatançlaryny hasaplamak we tölemek üçin hasabatlylygynyň görnüşi bolup durýar. 

2. Şu Kanunyň 6-njy maddasynyň birinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde görkezilen ätiýaçlandyrýanlara, şeýle hem ätiýaçlandyrýanlara-ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara-hususy telekeçilere olarda işleýän şahslar üçin hasabat döwri bir senenama aýy bolup durýar.

Bu döwür üçin beýannama hasabat aýyndan soňky aýyň 20-sinden gijä galman berilýär.

3-nji bölek 13.03.2021 ý. № 342-VI Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren. (Görkezilen Kanunyň IV bölegine laýyklykda şu kada 2020-nji ýylyň 22-nji awgustynda kabul edilen «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 3, 47-nji madda) II böleginiň ikinji tesiminde görkezilen döwürden başlap ulanylýar.)

4. Şu Kanunyň 6-njy maddasynyň birinji böleginiň 4-nji bendinde görkezilen ätiýaçlandyrýanlar – kärendeçiler üçin hasabat döwri ýylda bir gezekden az bolmazlyk bilen oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möwsümine laýyklykdaky döwür bolup durýar.

Bu döwür üçin beýannama hasabat döwrüniň soňundaky ikinji aýyň 15-inden gijä galman berilýär.

5. Pensiýa gatanjynyň beýannamasynyň görnüşi we ony doldurmagyň tertibi Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşmak arkaly tassyklanylýar.

 

22-nji madda. Pensiýa gatançlarynyň hasaplanylmagy

Pensiýa gatançlarynyň möçberleri ätiýaçlandyrýan tarapyndan şu Kanunyň 20-nji we 21-nji maddalarynda bellenilen degişlilikde pensiýa gatançlarynyň binýadyndan we möçberlerinden ugur alnyp özbaşdak hasaplanylýar.

 

23-nji madda. Pensiýa gatançlaryny tölemek 

1. Şu Kanunyň 6-njy maddasynda görkezilen ätiýaçlandyrýanlar pensiýa gatançlaryny töleýjiler bolup durýarlar.

2. Şu Kanunyň 6-njy maddasynyň birinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde görkezilen ätiýaçlandyrýanlar, şeýle hem ätiýaçlandyrýanlar-ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar – hususy telekeçiler olarda işleýän şahslar üçin, ätiýaçlandyrylan şahslaryň sanawy we olaryň pensiýa gatançlarynyň möçberleri baradaky maglumaty Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasyna bermek bilen, şol bir wagtda ätiýaçlandyrylan şahslar üçin pensiýa gatançlarynyň umumy möçberini töleýärler.

3. Şu Kanunyň 6-njy maddasynyň birinji böleginiň 1-nji we             2-nji bentlerinde görkezilen ätiýaçlandyrýanlar, şeýle hem ätiýaçlandyrýanlar-ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar-hususy telekeçiler, olarda işleýän şahslar üçin pensiýa gatançlaryny her aýda zähmet haklaryny tölemek üçin bankdan nagt pul serişdelerini alan gününden ýa-da zähmet haklaryny raýatlaryň bankdaky hasabyna geçiren gününden gijä galman geçirmäge borçludyrlar. 

4. Ätiýaçlandyrýanlar-ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar-hususy telekeçiler özleri üçin, ätiýaçlandyrýanlar-hünärmenlik hyzmatlaryny etmek boýunça işi amala aşyrýan fiziki şahslar, şu Kanunyň 6-njy maddasynyň birinji böleginiň     4-nji we 5-nji bentlerinde görkezilen ätiýaçlandyrýanlar, muňa kärendeçiler degişli däldir, pensiýa gatançlaryny hasaplaşyk döwrüniň soňundan gelýän ikinji aýyň 15-inden gijä galman töleýärler. 

Şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen ätiýaçlandyrýanlar üçin her ýylyň 1-nji ýanwaryndan 30-njy iýuny we 1-nji iýulyndan 31-nji dekabry aralykdaky döwür hasaplaşyk döwri bolup durýar.

41. Şu Kanunyň 6-njy maddasynyň birinji böleginiň 4-nji bendinde görkezilen ätiýaçlandyrýanlaryň - kärendeçileriň pensiýa gatançlary daýhan birleşikler tarapyndan Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasyna beýannamany bermek bilen, bir wagtda tölenilýär.

5. Ätiýaçlandyrýanlar pensiýa gatançlaryny banklaryň üsti bilen milli pulda töleýärler:

1) şu Kanunyň 6-njy maddasynyň birinji böleginiň 1-3-nji bentlerinde görkezilenler (Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarlyk berlen döwlet edarasy muňa degişli däldir) - özleriniň hasabyna; 

2) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarlyk berlen döwlet edarasy – şu Kanunyň 6-njy maddasynyň dördünji böleginde görkezilen şahslar üçin - Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna;

3) şu Kanunyň 6-njy maddasynyň birinji böleginiň 4-nji bendinde görkezilenler  - öz serişdeleriniň hasabyna. Şunda kärendeçiler pensiýa gatançlaryny degişli daýhan birleşikleriniň üsti bilen töleýärler;

4) şu Kanunyň 6-njy maddasynyň birinji böleginiň 5-nji bendinde görkezilenler - öz girdejileriniň hasabyna.

6. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy şu Kanunyň 6-njy maddasynyň üçünji böleginde görkezilen şahslar üçin ätiýaçlandyrma halaty ýüze çykan mahalynda ätiýaçlandyrylan şahslaryň atly hasabyna Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan kesgitlenen tertipde pensiýa gatançlary barada ýazgy edýär.

(23-nji maddanyň altynjy böleginiň düzgünleri, eger-de olarda göz öňünde tutulan şahslar üçin ätiýaçlandyrýanlar tarapyndan pensiýa gatançlary tölenilmedik we atly hasaplaryna ýazgy edilmedik bolsa, onda  2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan öňki döwürler üçin hem ulanylýar – 2018-nji ýylyň 1-nji dekabrynda kabul edilen № 103-VI Türkmenistanyň Kanuny.)

 

24-nji madda. Ýuridik şahs ýatyrylan mahalynda pensiýa 

                         gatançlarynyň tölenilmegi

1. Ýatyrylýan ýuridik şahsyň-ätiýaçlandyrýanyň pensiýa gatançlaryny tölemek borjy onuň pul serişdeleriniň, şol sanda oňa degişli emlägi ýerlemekden alnan serişdeleriň hasabyna ýatyryjy topar tarapyndan ýerine ýetirilýär.

2. Eger ýatyrylýan ýuridik şahsyň, şol sanda emlägini ýerlemekden soň hem pul serişdeleri pensiýa gatançlaryny tölemek üçin ýeterlik bolmasa, eger Türkmenistanyň kanunçylygyna ýa-da esaslandyryjy resminamalara laýyklykda olar onuň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekýän bolsalar, galan bergi şol ýuridik şahsyň esaslandyryjylary (gatnaşyjylary) tarapyndan üzülmelidir. 

3. Esaslandyryjylar (gatnaşyjylar) tarapyndan ýatyrylýan ýuridik şahs babatynda borçnamalary ýerine ýetirilenden soň galýan bergi üzüljegine umyt bolmadyk bergi diýlip ykrar edilýär.

4. Ýatyrylýan ýuridik şahsyň pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça borjy ýatyrmak işi başlanandan soň iki aýdan gijä galman ýerine ýetirilýär. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy ýeterlik esaslar bolanda, görkezilen möhleti bir aýdan köp bolmadyk möhlete uzaltmaga haklydyr.

5. Şu madda maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri babatynda hem ulanylýar.

 

25-nji madda. Ýuridik şahs üýtgedilip guralan mahalynda

                         pensiýa gatançlarynyň tölenilmegi

1. Üýtgedilip guralmaga degişli ýuridik şahsdan-ätiýaçlandyrýandan işgärleriň pensiýa ätiýaçlandyrmasyna alynmaga degişli pensiýa gatançlaryny tölemek onuň hukuk oruntutarynyň üstüne ýüklenilýär.

2. Ýuridik şahsyň guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgän mahalynda şeýle üýtgedip guramak geçirilende döreýän ýuridik şahs onuň pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hukuk oruntutary diýlip ykrar edilýär.

3. Birnäçe ýuridik şahslar goşulanda olaryň pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hukuk oruntutary diýlip şeýle goşulma geçirilende döreýän ýuridik şahs ykrar edilýär.

4. Ýuridik şahsyň biri beýleki bir ýuridik şahsa goşulan halatynda olaryň pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hukuk oruntutary diýlip olaryň birikdirilen ýuridik şahsy ykrar edilýär.

5. Ýuridik şahs bölünende pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça onuň hukuk oruntutarlary diýlip şeýle bölünme geçirilende döreýän ýuridik şahslar ykrar edilýär.

6. Şu madda maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri babatynda hem ulanylýar.

 

26-njy madda. Fiziki şahs-iş beriji aradan çykan halatynda

                            pensiýa gatançlary, maliýe jerimeleri we   puşmana tölegleri boýunça bergileriň tölenilmegi

1. Fiziki şahs-iş beriji aradan çykan halatynda onda işleýän fiziki şahslar üçin pensiýa gatançlary boýunça bergi mirasdüşerine (mirasdüşerlerine) ýüklenilýär we ol emläk alnan gününden başlap alty aýyň dowamynda tölenilmelidir. 

2. Eger-de aradan çykan fiziki şahsyň-iş berijiniň birnäçe mirasdüşeri bar bolsa, onda olar miras galdyranyň pensiýa gatançlary boýunça bergisini özleriniň miras paýynyň proporsional möçberinde töleýärler.

3. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy pensiýa gatançlary boýunça bergisi bolan fiziki şahsyň-iş berijiniň aradan çykandygy barada habary alanda, bäş senenama gününiň dowamynda miras işi açylan ýerindäki notarial edarasyna aradan çykanyň mirasdüşerine (mirasdüşerlerine) bergini üzmek boýunça talapnama bildirilýändigi barada habar bermäge borçludyr. 

4. Miras işi açylan ýerindäki notarial edarasy, mirasdüşere (mirasdüşerlere), miras galdyryjynyň pensiýa gatançlary boýunça bergisiniň bardygy we mirasdüşeriň (mirasdüşerleriň) ony tölemek boýunça borjy barada habar bermäge borçludyr.

5. Mirasdüşer (mirasdüşerler) bolmadyk ýagdaýynda, ýa-da mirasdüşer (mirasdüşerler) aradan çykan fiziki şahsyň-iş berijiniň mirasyny kabul etmegi ret edende, onuň pensiýa gatançlary boýunça bergisiniň üzülmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tutulyp galynmagy mümkin bolan oňa degişli emlägiň hasabyna amala aşyrylýar. 

Şunda emlägi ýerlemekden alnan girdeji Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan algydarlaryň talaplaryny kanagatlandyrmagyň nobatlylygyna laýyklykda, pensiýa gatançlary boýunça berginiň üzülmegine ýetmedik ýagdaýynda, berginiň görkezilen emlägiň bahasyndan artyk bölegi üzüljegine umyt bolmadyk bergi diýlip ykrar edilýär. 

6. Aradan çykan fiziki şahsyň-iş berijiniň özi üçin pensiýa gatançlary, maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergisi fiziki şahsyň-iş berijiniň ölüm hakynda şahadatnamasy esasynda üzüljegine umyt bolmadyk bergi diýlip ykrar edilýär.

7. Fiziki şahs-iş beriji aradan çykan halatynda, işgärler üçin maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergisi fiziki şahsyň-iş berijiniň ölüm hakynda şahadatnamasy esasynda üzüljegine umyt bolmadyk bergi diýlip ykrar edilýär.

8. Aradan çykan fiziki şahsyň-iş berijiniň mirasdüşeri (mirasdüşerleri) bolmadyk ýa-da mirasdüşeri (mirasdüşerleri) onuň mirasyny kabul etmekden ýüz dönderen halatynda, şol bir wagtda fiziki şahsyň-iş berijiniň emlägi bolmadyk ýagdaýynda onuň işgärler üçin pensiýa gatançlary boýunça bergisi fiziki şahsyň-iş berijiniň ölüm hakynda şahadatnamasy esasynda üzüljegine umyt bolmadyk bergi diýlip ykrar edilýär.

 

27-nji madda. Nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby

                           bolmadyk fiziki şahsyň ýerine pensiýa gatançlary, maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergileriň tölenilmegi

                          

1. Kazyýet tarapyndan nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen fiziki şahsyň ýerine - onuň işgärleri üçin pensiýa gatançlaryny tölemek borjy, nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby bolmadyk şahsyň emlägine ygtyýarlyk etmäge ygtyýarlyk berlen  şahs tarapyndan şol emlägiň hasabyna ýerine ýetirilýär.  

Şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen pensiýa gatançlarynyň tölenilmedik pul möçberi nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen şahsyň emlägine ygtyýarlyk etmäge ygtyýarlyk berlen şahsyň ygtyýarlyk möhletiniň başlan gününden üç aýdan gijä galman tölenilmelidir.

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy fiziki şahsyň nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilendigi baradaky habary alan gününden başlap bäş gün möhletde şol fiziki şahsyň emlägine ygtyýarlyk etmäge ygtyýarlyk berlen şahsa, şeýle şahsyň pensiýa gatançlary boýunça bergileriniň bardygy hakynda habar bermäge borçludyr.

2. Nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen fiziki şahsyň - işgärleri üçin pensiýa gatançlary boýunça bergilerini üzmäge şol fiziki şahsyň emlägi ýeterlik bolmadyk halatynda, onuň pensiýa gatançlary boýunça borçlarynyň görkezilen emlägiň bahasyndan artyk bölegi üzüljegine umyt bolmadyk bergi diýlip ykrar edilýär.

21. Kazyýet tarapyndan nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen fiziki şahsyň-özi üçin pensiýa gatançlary, maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri, şeýle hem onuň işgärleri üçin maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri kazyýetiň fiziki şahsy nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar etmek hakynda kanuny güýjüne giren çözgüdi esasynda üzüljegine umyt bolmadyk bergi diýlip ykrar edilýär.

3. Kazyýet Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň ýazmaça ýüz tutmasy esasynda fiziki şahsy nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýip ykrar etmek hakynda kabul eden çözgüdi boýunça oňa habar berýär. 

 

28-nji madda. Üzüljegine umyt bolmadyk diýlip ykrar edilen

                           pensiýa gatançlary boýunça berginiň öweziniň 

                          dolunmagy

1. Şu Kanuna laýyklykda ätiýaçlandyrylan şahslar üçin ätiýaçlandyrýanyň pensiýa gatançlary boýunça üzüljegine umyt bolmadyk diýlip ykrar edilen bergisiniň öwezini dolmak Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna onuň Müdiriýetiniň çözgüdi esasynda amala aşyrylýar.

2. Şu Kanunyň 24-nji, 26-njy, 27-nji maddalaryna laýyklykda ätiýaçlandyrýanyň maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça üzüljegine umyt bolmadyk diýlip ykrar edilen bergisi Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň Müdirýetiniň çözgüdi boýunça hasapdan öçürilmäge degişlidir.

3. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy tarapyndan nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby bolmadyk fiziki şahsyň pensiýa gatançlary boýunça üzülen bergisi, fiziki şahsyň şeýle ykrar edilendigini ýatyrmak barada bellenilen tertipde çözgüt kabul edilende, şeýle çözgüt kabul edilen gününden başlap dikeldilýär.

 

6-njy bap. PENSIÝA ÄTIÝANÇLANDYRMASY BOÝUNÇA   BORÇLARYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGINI ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA ÇÄRELER

 

29-njy madda. Pensiýa ätiýançlandyrmasy boýunça borçlaryň  ýerine ýetirilmegini üpjün etmek 

1. Pensiýa ätiýançlandyrmasy boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmegi şu aşakdaky çäreler bilen üpjün edilýär:

1) bankda akseptsiz töleg talapnamasynyň goýulmagy;

2) bankdaky hasaplar boýunça amallaryň togtadylmagy;

3) soňundan emlägiň hasabyna töletdirmek üçin, şeýle emläge ygtyýarlyk etmek hukugynyň gadagan edilmegi;

4) puşmana töleginiň salynmagy.

2. Görkezilen çäreler (puşmana töleglerinden başgasy) salnan maliýe jerimelerini we hasaplanyp ýazylan puşmana töleglerini tölemegi üpjün etmekde ulanylyp bilner.

 

30-njy madda. Bankda akseptsiz töleg talapnamasyny goýmak

Eger ätiýaçlandyrýan tölenilmäge degişli pensiýa gatançlaryny, maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini bellenilen möhletde tölemeýän bolsa, bankda akseptsiz töleg talapnamalarynyň goýulmagy arkaly pensiýa gatançlarynyň, maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň tutulyp alynmagy amala aşyrylýar.

Töleg talapnamalary Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy tarapyndan pensiýa gatançlaryny, maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini tölemek borjuny ýerine ýetirmegiň bellenilen möhletleri tamamlanandan soň, ätiýaçlandyrýanyň hasaplarynyň açylan bankynda goýulýar.

 

31-nji madda. Bankdaky hasaplar boýunça amallaryň

      togtadylmagy

1. Bankdaky hasaplar boýunça amallary togtatmak ätiýaçlandyrýanyň onuň bankdaky hasaplarynda duran ýa-da şol hasaplara gelip gowuşýan pul serişdelerinden peýdalanmak hukugyny, şeýle hem ol ýa-da beýleki bankda täze hasap açmak hukugyny çäklendirýän çäre bolup durýar.

Görkezilen çäklendirme şulara degişli däldir:

1) Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenilmäge degişli salgytlaryň, maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň tölenilmegine; 

2) Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyna tölenilmäge degişli pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlarynyň, maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň tölenilmegine;

3) şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen borçlaryň ýerine ýetirilmegine.

2. Ätiýaçlandyrýanyň bankdaky hasabynda özüniň ähli borçnamalaryny ýerine ýetirmäge pul serişdeleri ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlarynyň, maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyna tölenilmegi, onuň şu aşakdaky borçnamalaryndan başga hemme borçnamalardan öň ýerine ýetirilýär:

1) ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyndan, alimentiň tölenilmeginden;

2) zähmet borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly zähmet şertnamasy boýunça we raýat-hukuk häsiýetli beýleki şertnamalar boýunça işleýän şahslara işden çykylanda berilýän kömek pulunyň we zähmet hakynyň tölenilmeginden; 

3) döwlet kömek pullarynyň tölenilmeginden.

3. Bankdaky hasaplar boýunça amallary togtatmak baradaky çözgüt Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň ýolbaşçysy (onuň orunbasary) tarapyndan şu halatlarda kabul edilýär:

1) ätiýaçlandyrýan tarapyndan pensiýa gatançlarynyň beýannamasy onuň berilmeginiň bellenilen möhleti tamamlanandan soň on senenama gününiň dowamynda berilmese, şeýle hem ony bermekden boýun gaçyrylanda;

2) ätiýaçlandyrýan tarapyndan Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň işgärlerine resminamalar esasynda barlag geçirmeklerine garşylyk görkezilende, şol sanda resminamalaýyn barlag geçirmek üçin zerur bolan resminamalar berilmese;

3) ätiýaçlandyrýan Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynda pensiýa gatançlaryny töleýji hökmünde hasaba durmasa.

Bankdaky hasaplar boýunça amallary togtatmak baradaky çözgüt ätiýaçlandyrýana kabul edilen çözgüt barada habar berilmegi bilen bir wagtda iberilýär. 

4. Ätiýaçlandyrýanyň bankdaky hasaplary boýunça amallaryny togtatmak bank tarapyndan Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň çözgüdiniň gowşurylan gününiň yzyndan gelýän günden gijä galman ýerine ýetirilmäge degişlidir we bu çözgüt ýatyrylýança ýa-da çözgütde bildirilen talaplar doly möçberde ýerine ýetirilýänçä hereket edýär. 

 

32-nji madda. Ätiýaçlandyrýanyň emläge ygtyýarlyk etmek

       hukugyny gadagan etmek

1. Ätiýaçlandyrýanyň emläginiň hasabyna pensiýa gatançlary, maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergileri töletdirmek üçin Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy, şol wagtda emlägiň kimde saklanylýandygyna garamazdan, ätiýaçlandyrýanyň emläge ygtyýarlyk etmek hukugyny gadagan etmäge haklydyr.

2. Ätiýaçlandyrýanyň emläge ygtyýarlyk etmek hukugyny gadagan etmek Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň karary bilen resmileşdirilýär.

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň ätiýaçlandyrýanyň emläge ygtyýarlyk etmek hukugyny gadagan etmek baradaky karary pensiýa gatançlary, maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergileri tölemek üçin bellenilen günden başlap bir aýyň dowamynda çykarylýar we ol aşakdakylary öz içine almalydyr:

1) Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň karar çykaran ýerli edarasynyň ady we onuň wezipeli adamynyň ady, atasynyň ady, familiýasy;

2) kararyň kabul edilen senesi we belgisi;

3) emlägiň hasabyna pensiýa gatançlary, maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergileri töletmek çäresi görlen ätiýaçlandyrýanyň ady (ady, atasynyň ady, familiýasy) we salgysy;

4) şu Kanunyň 30-njy maddasynda bellenilen tertipde töletdirilen pul möçberini hasaba almak bilen, ätiýaçlandyrýanyň emläginiň hasabyna tölemäge degişli pensiýa gatançlarynyň, maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň möçberi;

5) emlägiň sanaw ýazgysyny geçirmek hakynda çözgüt;

6) kararyň güýje girýän senesi.

Karara Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň ýolbaşçysy (onuň orunbasary) tarapyndan gol çekilýär we möhür bilen tassyklanylýar.

3. Emläge ygtyýarlyk etmäge hukugyň gadagan edilmegi yzygiderlilikde şu aşakdakylara geçirilýär: 

a) nagt pul serişdelerine;

b) önümçilik däl maksatly emläge;

ç) taýýar önümlere (harytlara), şeýle hem önümçilikde peýdalanylmaýan we (ýa-da) gös-göni önümçilikde ulanmak üçin niýetlenilmedik başga maddy gymmatlyklara;

d) gös-göni önümçilikde peýdalanmak üçin niýetlenen çig mala we materiallara, şeýle hem enjamlara, jaýlara, desgalara we beýleki esasy serişdelere;

e) emläge eýelik etmek hukugynyň başga şahslara geçmezlik şerti bilen, olara eýelik etmek, ulanmak ýa-da ygtyýarlyk etmek üçin berlen emläge;

ä) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda töletdirmek çäresini ulanyp bolmaýan emläkden başga emläge. 

Ylalaşyk boýunça lizinge berlen emläge, şol ylalaşygyň möhleti tamamlanýança ygtyýarlyk etmek gadagan edilmeýär.

4. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy tarapyndan kazyýete hak isleýiş arzasy berilýänçä ätiýaçlandyrýan tarapyndan pensiýa gatançlary, maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça borçlar ýerine ýetirilende ätiýaçlandyrýanyň emläge ygtyýarlyk etmek hukugyny gadagan edýän karar Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň şeýle karary kabul eden ýerli edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan ýatyrylýar.

5. Emlägiň sanaw ýazgysyny geçirmek, şeýle ýazgynyň geçirilendigi baradaky ykrarnamany düzmek, sanaw ýazgysy geçirilen emlägi saklamak we ony ýerlemek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

33-nji madda. Emlägiň hasabyna pensiýa gatançlary, maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergileri töletdirmek barada kazyýete hak isleýiş

       arzasyny bermek

1. Ätiýaçlandyrýanyň emläginiň hasabyna pensiýa gatançlary, maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergileri  töletdirip almak barada hak isleýiş arzasy Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda  bellenilen tertipde kazyýete berilýär. 

2. Ätiýaçlandyrýanyň emläginiň hasabyna pensiýa gatançlary, maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergileri töletdirip almak baradaky hak isleýiş  arzasy ätiýaçlandyrýanyň emläge ygtyýarlyk etmek hukugyny gadagan edýän karar kabul edilenden soň alty aýyň dowamynda kazyýete berlip bilner. 

3. Ätiýaçlandyrýanyň emläginiň hasabyna pensiýa gatançlary, maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergileri töletdirip almak baradaky hak isleýiş arzasynyň ýanyna Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň ätiýaçlandyrýanyň emläge ygtyýarlyk etmek hukugyny gadagan edýän karary, töletdirilýän emlägiň sanaw ýazgysynyň geçirilendigi barada ykrarnama we hak isleýiş  arzasyna seretmek üçin talap edilýän beýleki resminamalar goşulýar.

 

34-nji madda. Puşmana tölegleri

1. Ätiýaçlandyrýan tarapyndan pensiýa gatançlaryny tölemegiň bellenilen möhleti bozulan  ýagdaýynda, oňa puşmana tölegi salynýar.

Puşmana tölegleri olary salmak hakyndaky talabyň ýüze çykan ýylyndan öňki bäş ýyldan köp bolmadyk döwür aralygynda ulanylýar.

Ätiýaçlandyrýanyň pensiýa gatançlaryny tölemek borjy, bankyň günäsi bilen öz wagtynda ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda puşmana tölegi banka salynýar. 

2. Şu aşakdaky ýagdaýlarda pensiýa gatançlary öz wagtynda tölenilmedik halatynda puşmana tölegler salynmaýar:

1) pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan ygtyýarlyk berlen döwlet edarasy tarapyndan pensiýa gatançlarynyň möçberi ýalňyş hasaplanylanda;

2) pensiýa ätiýaçlandyrmasyna çykdajylar Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna maliýeleşdirilende;

3) fiziki şahslar pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa ätiýaçlandyrma şertnamasy esasynda gatnaşanlarynda;

4) kärendeçiler tarapyndan özleri üçin pensiýa gatançlary tölenilende.

3. Tölenilen gününi hem goşmak bilen, pensiýa gatançlarynyň töleg möhletleriniň gijikdirilip geçirilen her bir senenama güni üçin puşmana tölegi olaryň bellenilen möhletde tölenilmedik böleginiň 0,03 göterimi möçberinde salynýar. 

Pensiýa gatançlary nagt däl görnüşde tölenilende ätiýaçlandyrýanyň töleg tabşyrygynyň ýa-da Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň töleg talapnamasynyň ýerine ýetirilmegi üçin banklara bellenilen möhlet tölegiň gijikdirilen möhletine  goşulmaýar. 

Dördünji bölek güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen – 22.08.2020 ý. № 274-VI Türkmenistanyň Kanuny.

5. Ätiýaçlandyrýan tarapyndan goşmaçalar we üýtgetmeler girizilen pensiýa gatançlary boýunça beýannama tabşyrylanda ýa-da öň tabşyrylmadyk beýannama tabşyrylanda hasaplanyp ýazylan puşmana tölegler gaýtadan hasaplanylýar.

6. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy geljek aýyň 5-ne çenli, ätiýaçlandyrýany geçen aý üçin hasaplanylan puşmana tölegleriniň möçberleri barada her aýda habarly edýär.

Puşmana tölegleri ätiýaçlandyrýan tarapyndan oňa habarnama berlen pursatyndan on senenama gününiň dowamynda tölenilýär.

Puşmana tölegleri pensiýa gatançlary we maliýe jerimeleri tölenilenden soň geçirilýär.

7. Pensiýa gatançlarynyň hasaplanylan möçberiniň takyklanylmagy öň hasaplanylyp ýazylan puşmana tölegleriniň möçberiniň üýtgemegine getirýär.

 

7-nji bap. PENSIÝA ÄTIÝAÇLANDYRYŞ SERIŞDELERI.

                  PENSIÝA GATANÇLARYNY HASABA ALMAK

                 

35-nji madda. Pensiýa ätiýaçlandyryş serişdeleri

1. Hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna we hökmany hünär pensiýa ätiýäçlandyrmasyna pensiýa gatançlary Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujetine tölenilýär we döwletiň serişdeleri bolup durýar.

2. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujetiniň serişdeleriniň maksatlaýyn wezipesi bardyr we ätiýaçlandyrma halaty ýüze çykan mahalynda ätiýaçlandyrylan şahslaryň pensiýa üpjünçiligine, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ätiýaçlyklarynyň emele getirilmegine, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ilaty durmuş taýdan goramak bilen baglanyşykly beýleki maksatlara we pensiýa ulgamyny dolandyrmak boýunça çykdajylaryň maliýeleşdirilmegine gönükdirilýär.

3. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ätiýaçlyk serişdeleri pensiýa ulgamynyň maliýe durnuklylygyny üpjün etmek üçin ulanylýar. 

4. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujetiniň serişdeleri  Türkmenistanyň ygtyýarly bankynda açylan hasaplarda saklanylýar.

 

36-njy madda. Pensiýa gatançlarynyň hasaby

1. Şertli-toplaýyş pensiýa usuly we toplaýyş pensiýa usuly boýunça pensiýa gatançlarynyň hasaby ätiýaçlandyrylan şahslaryň atly pensiýa hasaplarynda ýöredilýär (şahsylaşdyrylan hasaba alyş).

2. Ätiýaçlandyrylan şahslaryň pensiýa gatançlarynyň we pensiýa maýasynyň şahsylaşdyrylan hasaba alşy Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň tassyklaýan tertibinde ýöredilýär. 

3. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy onuň ýerli edaralarynyň maglumatlary esasynda ätiýaçlandyrylan şahslaryň pensiýa gatançlary we pensiýa maýasy barada maglumatlaryň Türkmenistan boýunça umumy elektron binýadyny döredýär.

 

37-nji madda. Pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň kitapçasy

1. Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyrylan  şahslara Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edaralary tarapyndan pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň kitapçasy muzdsyz berilýär. Pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň kitapçasynyň görnüşi Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň Müdirýeti tarapyndan tassyklanylýar.

2. Ätiýaçlandyrylan şahsyň ýüztutmasy esasynda, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy onuň pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň kitapçasynda şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça we toplaýyş pensiýa usuly boýunça pensiýa maýasynyň möçberi barada ýazgy geçirýär, şeýle hem talap edilen döwür üçin onuň atly pensiýa hasabyndan göçürmäni berýär.

3. Ätiýaçlandyrylan şahs ätiýaçlandyrýandan we ätiýaçlandyryjydan, ätiýaçlandyrýan tarapyndan tölenilen we ätiýaçlandyryjy tarapyndan onuň atly pensiýa hasabyna ýazylan pensiýa gatançlarynyň möçberi barada maglumatlary deňeşdirmegi talap etmäge haklydyr.

 

8-nji bap. MALIÝE JERIMELERI

 

38-nji madda. Şu babyň ulanylýan çygry 

Şu babyň düzgünleri şu Kanunyň 6-njy maddasynyň birinji böleginiň 1-nji bendinde görkezilen ätiýaçlandyrýanlar, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar-hususy telekeçiler we banklar babatda ulanylýar.

 

39-njy madda. Maliýe jerimeleriniň ulanylmagy

1. Şu Kanunda bellenilen jogapkärçilik göz öňünde tutulýan, pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň subýektiniň hukuga garşy, günäli hereketi pensiýa ätiýaçlandyrmasy çygrynda hukuk bozulmasy bolup durýar. 

2. Pensiýa ätiýaçlandyrmasy çygrynda hukuk bozulmasy Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy we onuň ýerli edaralary tarapyndan şu Kanunyň 40-43-nji maddalarynda bellenilen maliýe jerimeleriniň salynmagyna getirýär.

3. Salnan maliýe jerimeleri Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujetine karar gowşurylan pursatyndan başlap bäş iş gününiň dowamynda tölenilýär.

Salnan maliýe jerimeleri pensiýa gatançlary geçirilenden soň tölenilýär.

4. Pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça hukuk gatnaşyklaryndaky  ygtýarly edaralar tarapyndan, olaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde bikanun hereketleriniň (hereketsizlikleriň), ýazmaça görkezmeleriniň, çözgütleriniň we düşündirişleriniň netijesinde ýol berlen hukuk bozulmalary maliýe jerimeleriniň salynmagyna getirmeýär.

5. Pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan ygtyýarlyk berlen edara tarapyndan pensiýa gatançlarynyň möçberi ýalňyş hasaplanmagynyň netijesinde ätiýaçlandyrýan tarapyndan pensiýa gatançlary tölenmedik halatynda maliýe jerimeleri ulanylmaýar. 

6. Maliýe jerimeleri býujet edaralaryna, şeýle hem kärendeçiler üçin pensiýa gatançlary hasaplanylýan, tölenilýän we beýannama berilýän böleginde daýhan birleşiklerine ulanylmaýar. 

7. Maliýe jerimesi pensiýa ätiýaçlandyrmasy babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan  maliýe jerimelerini ulanmak barada çözgüt çykarylan ýylyndan öňki bäş ýyldan köp bolmadyk döwür aralygynda goýberilen düzgün bozulmalar üçin salnyp bilner. 

8. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň çözgüdi bilen maliýe jerimeleri salnan pensiýa gatançlarynyň möçberine şikaýat edilen mahalynda, ätiýaçlandyrýan tarapyndan olary tölemek borjy, maliýe jerimeleriniň jedel edilmeýän möçberi babatynda ýerine ýetirilmelidir. Maliýe jerimeleriniň jedelli möçberi Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli edarasynda ýa-da kazyýetde şikaýata seredilýän döwründe tölenilmeýär, emma bu möhlet jerimäniň pensiýa gatançlarynyň möçberine salnan gününden başlap, alty aýdan köp bolmaly däldir.

9. Pensiýa gatançlarynyň tölenilmäge degişli möçberiniň takyklanylmagy şol möçber babatynda öň salnan maliýe jerimeleriniň  üýtgemegine getirýär.

 

40-njy madda. Pensiýa gatançlarynyň möçberiniň

                           kemeldilendigi üçin maliýe jerimeleri

1. Pensiýa gatançlaryny hasaplamak üçin binýadyň azaldylmagy we beýleki bikanun hereketleriň netijesinde tölenilmäge degişli pensiýa gatançlarynyň möçberiniň kemeldilmegi Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujetine tölenilmedik kemeldilen pul möçberiniň 40 göterimi möçberinde ätiýaçlandyrýana maliýe jerimesiniň salynmagyna getirýär.

2. Pensiýa gatançlarynyň beýannamasyny bermek üçin bellenilen möhletiň soňky gününiň yzyndan gelýän günden başlap, pensiýa gatançlarynyň möçberiniň kemeldilmegi diýlip hasap edilýär.

 

41-nji madda. Ätiýaçlandyrýan tarapyndan emläge ygtyýarlyk

                          etmek hukugynyň gadagan edilmeginiň

                          bozulandygy üçin maliýe jerimeleri

Ätiýaçlandyrýan tarapyndan pensiýa gatançlary töletdirilmeli emläge ygtyýarlyk etmek hukugynyň gadagan edilmeginiň bozulmagy ätiýaçlandyrýana şol emlägiň hakyky bazar bahasynyň 50 göterimi möçberinde maliýe jerimeleriniň salynmagyna getirýär.

 

42-nji madda. Bankda hasap açylandygy barada habar

       bermek borjunyň ýerine ýetirilmändigi üçin

       maliýe jerimeleri

Bank tarapyndan şu Kanunyň 6-njy maddasynda görkezilen fiziki we ýuridik (onuň aýrybaşgalanan düzüm birliklerine) şahslara hasap açylandygy barada Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasyna habar bermek borjunyň ýerine ýetirilmezligi, banka şol hasaplara düşen ähli pul serişdeleriniň 10 göterimi möçberinde maliýe jerimeleriniň salynmagyna getirýär. 

 

43-nji madda. Bank tarapyndan Türkmenistanyň 

         Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň

         ätiýaçlandyrýanyň hasaplary boýunça

         amallary togtatmak hem-de akseptsiz töleg

         talapnamasyny goýmak baradaky çözgüdiniň

         ýerine ýetirilmändigi üçin maliýe jerimeleri

1. Şu Kanunyň 6-njy maddasynda görkezilen fiziki we ýuridik şahslaryň (olaryň aýrybaşgalanan düzüm birlikleriniň) hasaplary boýunça amallary togtatmak, akseptsiz töleg talapnamasyny goýmak barada Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň çözgüdini bozmak bilen, bank tarapyndan olaryň hasaplary boýunça çykdajy amallarynyň geçirilmegi, şol hasaplardan hasapdan öçürilen ähli pul serişdeleriniň 10 göterimi möçberinde banka maliýe jerimeleriniň salynmagyna getirýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde bellenilenler zähmet hakyny tölemek üçin berilýän bank karzlary bilen bagly amallara degişli däldir.

 

44-nji madda. Maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini

                          tölemegiň möhletleriniň üýtgedilmegi

1. Maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini tölemegiň bellenilen möhletiniň has giç möhlete geçirilmegi olaryň tölenilmeli möhletleriniň üýtgedilmegi diýlip hasap edilýär.

2. Maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini tölemegiň möhletlerini üýtgetmek maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň tölenilmäge degişli möçberleriniň ählisini ýa-da olaryň bir bölegini tölemegiň möhletlerini yza süýşürmek ýa-da tölegleri möhletlere bölüp tölemek görnüşinde, berginiň möçberini degişlilikde birwagtda ýa-da tapgyrlara bölüp tölemek bilen amala aşyrylýar.

Мaliýe jerimelerini we puşmana töleglerini tölemegiň möhletini üýtgetmek baradaky çözgüt Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy tarapyndan bir ýyla çenli yza süýşürmek ýa-da möhletlere bölüp tölemek görnüşinde kabul edilýär.

 

9-njy bap. TÜRKMENISTANYŇ PENSIÝA GAZNASYNYŇ

                            ÇÖZGÜTLERINE, ONUŇ WEZIPELI

                            ADAMLARYNYŇ WE IŞGÄRLERINIŇ

                            HEREKETLERINE ŞIKAÝAT ETMEK 

 

45-nji madda. Şikaýat etmegiň we oňa garamagyň tertibi

1. Ätiýaçlandyrýan, ätiýaçlandyrylan şahs Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň, onuň ýerli edaralarynyň çözgüdine, şeýle hem olaryň wezipeli adamynyň we işgäriniň özi babatynda eden hereketlerine şikaýat etmäge haklydyr. 

2. Ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan şahs tarapyndan Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň çözgüdine we onuň wezipeli adamlarynyň hereketlerine ýokary gurama ýa-da kazyýete şikaýat edilýär.

3. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň işgäriniň hereketlerine şikaýat onuň ýolbaşçysyna edilýär. 

4. Şikaýat boýunça çözgüde onuň alnan gününden başlap bir aýyň dowamynda ýokary gurama täzeden şikaýat edilip bilner. 

5. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň edarasynyň çözgüdine we onuň wezipeli adamlarynyň hereketlerine kazyýete şikaýat bildirmek  Türkmenistanyň  kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

10-njy bap. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

46-njy madda. Hak isleýiş wagt möhleti 

Hak isleýiş wagt möhleti pensiýa gatançlarynyň tölenilmeginiň talap edilmegine degişli däldir. 

 

47-nji madda. Şu Kanunyň ýerine ýetirilşine gözegçilik

Şu Kanunyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi ygtyýarly döwlet edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, şeýle hem Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan bellenen tertibe laýyklykda amala aşyrýarlar.

 

48-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

 

49-njy madda. Geçiş düzgünleri

Ätiýaçlandyrylan şahslaryň 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli iş (gulluk) döwri şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça ätiýaçlandyrylan döwür hasap edilýär.

 

50-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

Şu Kanun 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                   Gurbanguly

    Prezidenti                                                    Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2012-nji ýylyň 31-nji marty.

№ 287-IV.