Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ
KANUNY
Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini
gorap saklamak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 2, 41-nji madda)
(03.06.2017 ý. № 578-V, 05.06.2021 ý. № 391-VI Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak babatdaky işiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
suwuň biologik serişdeleri (mundan beýläk – suwuň bioserişdeleri) – balyklar, suwda ýaşaýan oňurgasyzlar, suwda ýaşaýan süýdemdirijiler, suwotylary, tebigy erkinlik ýagdaýynda bolýan beýleki suw haýwanlary we ösümlikleri;
balyklaryň anadrom görnüşleri – süýji suwda köpelýän, soňra semremegi üçin deňze gidýän we işbil taşlamak üçin öz köpelýän ýerine gaýdyp gelýän balyklaryň görnüşleri;
suwuň bioserişdelerini gorap saklamak – bioserişdeleri ýa-da suwuň bioserişdeleriniň iň ýokary durnukly awlanmagyny (tutulmagyny) üpjün edip boljak derejesine çenli olary dikeltmegi goldamak we suwuň bioserişdelerini öwrenmek, goramak, üznüksiz köpeltmek, rejeli peýdalanmak we olaryň ýaşaýan gurşawyny goramak boýunça çäreleriň ylmy maglumatlary esasynda amala aşyrmak arkaly, olaryň biologik dürlüligini gorap saklamak;
suwuň bioserişdelerini awlamak (tutmak) – suwuň bioserişdelerini olaryň ýaşaýan gurşawyndan almak;
balyk tutmak – balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda suwuň bioserişdelerini awlamak (tutmak) boýunça iş;
senagat taýdan balyk tutmak – awlanan önümleri we suwuň bioserişdeleriniň gaýtadan işlenen önümlerini kabul etmek, gaýtadan işlemek, gaýtadan ýüklemek, daşamak we saklamak boýunça ýörite serişdeleri peýdalanmak bilen suwuň bioserişdelerini awlamak (tutmak) boýunça iş;
kenarýaka balyk tutmak – gaýtadan işlemek we/ýa-da satmak üçin suwuň bioserişdelerini awlamak, awlanan suwuň bioserişdelerini ter ýa-da sowadylan halda tutmak (awlamak) we eltmek maksady bolup durýan, Türkmenistanyň çäginiň kenarýaka böleginde balyk tutmak;
höwesjeň maksatly balyk tutmak – hususy sarp ediş niýeti bilen suwuň bioserişdelerini tutmak maksady bilen balyk tutmak;
sport maksatly balyk tutmak – sport çärelerini geçirmekde suwuň bioserişdelerini tutmak (almak) maksady bilen balyk tutmak;
kenarýaka gorag zolagy – suwuň bioserişdelerini gorap saklamak maksady bilen peýdalanylýan we olarda hojalyk işiniň çäklendirilen düzgüni bellenilýän suw desgasynyň kenarýaka çägi;
suwuň bioserişdelerini tutmaga rugsat edilýän umumy möçber – balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalaryndan suwuň bioserişdeleriniň anyk görnüşleriniň ýylda awlanjak (tutuljak) ylmy taýdan esaslandyrylan ululygy;
suwuň bioserişdelerini awlamagyň (tutmagyň) paýy – suwuň bioserişdelerini tutmaga rugsat edilýän umumy möçberiň bir bölegi;
suwuň bioserişdelerini awlamaga (tutmaga) rugsatnama – suwuň bioserişdeleriniň kesgitlenen möçberini awlamaga (tutmaga) bolan hukugy tassyklaýan resminama;
balyk tutulýan gämiler – balyk tutmagy amala aşyrmak, şol sanda suwuň bioserişdeleriniň awlanan we olaryň gaýtadan işlenen önümlerini kabul etmek, gaýtadan işlemek, gaýtadan ýüklemek, daşamak, saklamak üçin peýdalanylýan gämiler;
kömekçi gämiler – balyk tutulýan gämileriň ýany bilen ýöreýän we olary ýangyç, suw, azyk, gaplar we beýleki materiallar bilen üpjün etmek üçin peýdalanylýan ýöriteleşdirilen gämiler. Kömekçi gämiler höküminde balyk tutulýan gämiler hem peýdalanylyp bilner;
balykçylyk – suwuň bioserişdelerini artdyrmaga we üznüksiz köpeltmäge gönükdirilen biologik, biotehniki, tehnologik hem-de guramaçylyk çäreleriň ulgamy;
akwakultura – balyklary köpeltmek, uýgunlaşdyrmak we ösdürip ýetişdirmek boýunça balyk ösdürilip ýetişdirilýän hojalyklary we balyk fermalary; kiçi ustrisalary, midileri, langustlary, krewetkalary we kiçi balyklary öndürmek; täjirçilik we hojalyk maksatlarynda suwotulary we beýleki iýilýän deňiz ösümliklerini ösdürip ýetişdirmek işi;
balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalary – suwuň bioserişdeleriniň iýmit binýadyny döredýän we olaryň gorlaryny üznüksiz köpeltmek üçin peýdalanylýan ýa-da peýdalanylyp bilinjek gelip çykyşy tebigy ýa-da emeli bolan deňiz suwlary, suw akymlary hem-de howdanlar;
1-nji maddanyň ýigriminji tesimi güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen - 05.06.2021 ý. № 391-VI Türkmenistanyň Kanuny.
balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerler – balyk tutmagyň görnüşleri üçin niýetlenilen balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynyň suw giňişlikleri ýa-da olaryň bir böleginden we gury ýeriň kenarýaka zolaklaryndan ybarat bolup durýan ýerler;
balyk goraýyş zolagy – balyk hojalyk ähmiýetli suw desgasynyň suw giňişligine galtaşýan we hojalyk hem-de beýleki işi amala aşyrmagyň aýratyn düzgünleriniň bellenilýän ýeri;
balyk hojalyk goraghana zolagy – suwuň bioserişdelerini goramak we balykçylygy ösdürmek üçin şertleri döretmek maksady bilen hojalyk hem-de beýleki işleriň aýratyn düzgünlerini kesgitleýän balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalary ýa-da olara galtaşýan çäk bilen bir bölegi;
suw desgalarynyň balyk hojalyk kadastry – balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalary, olaryň suw düzgüni, suwuň bioserişdeleriniň gorlary, bu gorlary peýdalanmak we olaryň peýdalanyjylary hakyndaky maglumatlaryň jemi;
balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalaryň balyk hojalyk meliorasiýasy – suwuň bioserişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak üçin şertleri döretmek maksady bilen balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynyň gidrologik, gidrogeohimiki, ekologik ýagdaýynyň görkezijilerini gowulandyrmak boýunça çäreler;
suwuň bioserişdeleriniň uýgunlaşdyrylmagy – balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalaryna bu suw desgalarda öň ýaşamadyk suwuň bioserişdelerini ýa-da öz ähmiýetini ýitiren suwuň bioserişdeleriniň gymmatly görnüşlerini göçürip getirmek we olaryň durnukly populýasiýalaryny döretmek boýunça iş;
suwuň bioserişdeleriniň balyk hojalyk monitoringi – suwuň bioserişdeleriniň ýaýramagyna, sanyna, fiziki ýagdaýyna, şeýle hem olaryň ýaşaýyş gurşawynyň gurluşyna, hiline we meýdanyna yzygiderli gözegçilik etmek ulgamy.
2-nji madda. Balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak hakynda kanunçylyk
1. Balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.
2. Eger balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak babatda Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň esasy ýörelgeleri
Balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy şu aşakdaky ýörelgelere esaslanýar:
1) suwuň bioserişdeleriniň üznüksiz köpeldilişine, peýdalanylyşyna we goralyşyna döwlet gözegçiligine;
2) balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynyň rejeli peýdalanylyşyny dolandyrmaklyga;
3) suwuň bioserişdeleriniň ýaşaýan gurşawyny goramaklyga;
4) suwuň bioserişdelerini paýlar boýunça peýdalanmaklyga;
5) suwuň bioserişdeleriniň döwlet monitoringine;
6) suwuň bioserişdelerini döwlet tarapyndan hasaba almaklyga;
7) seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astyndaky suwuň bioserişdelerini goramaklyga.
4-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry
Şu Kanunyň hereketi aşakdakylara degişlidir:
1) Türkmenistanyň balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalaryna;
2) Türkmenistanyň balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda balyk tutmaklygy amala aşyrýan balyk tutulýan gämilere;
3) eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň astynda ýüzýän we Türkmenistanyň portlaryna ýazylan, Türkmenistanyň çäginiň daşynda ýerleşýän balyk tutulýan zolakda we umumy suw giňişliginde balyk tutmaklygy amala aşyrýan balyk tutulýan gämilere;
4) balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak maksatlary üçin peýdalanylýan balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalary bilen ýanaşyk ýerlere.
II BAP. BALYK TUTMAK WE SUWUŇ BIOSERIŞDELERINI GORAP SAKLAMAK BABATDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI
5-nji madda. Döwlet düzgünleşdiriş edaralary
1. Balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak babatda döwlet düzgünleşdirmesini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak babatda ygtyýarlylandyrylan döwlet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrýarlar.
2. Balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak babatda ygtyýarlylandyrylan döwlet edaralaryna şu aşakdakylar degişlidir:
balyk hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy;
suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy.
6-njy madda. Balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny geçirýär;
balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak babatda döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;
balyk hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasynyň we suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasynyň balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak babatda işlerini utgaşdyrýar hem-de gözegçilik edýär;
balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak boýunça umumydöwlet we döwletara ähmiýetli çäreleri maliýeleşdirmegiň we maddy-tehniki taýdan üpjün etmegiň çeşmelerini kesgitleýär;
suw desgalaryna döwlet balyk hojalyk monitoringini we balyk hojalyk kadastryny geçirmekligi girizmegiň ýeke-täk tertibini kesgitleýär;
ygtyýarlylandyrylan döwlet edaralarynyň, beýleki hojalygy ýorediji subýektleriň balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak babatda işleriniň düzgünleşdirmesine gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;
balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;
Türkmenistanyň kanunçylygy bilen öz ygtyýarlylygyna degişli edilen balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak babatda beýleki meseleleri düzgünleşdirýär.
7-nji madda. Balyk hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasynyň ygtyýarlylygy
Balyk hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy:
balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
suwuň bioserişdelerini rejeli peýdalanmak, gorap saklamak we üznüksiz köpeltmek boýunça döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär;
balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak babatda döwlet dolandyryşyny amala aşyrýar;
balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda senagat taýdan balyk tutmak we beýleki suw haýwanlaryny awlamak üçin paýlary kesgitleýär;
öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edýär;
Türkmenistanyň kanunçylygy bilen öz ygtyýaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär.
8-nji madda. Suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasynyň ygtyýarlylygy
Suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy:
suwuň bioserişdeleriniň goragyny, şeýle hem balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda balyk tutmagyň we suwuň bioserişdelerini goramagyň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýar;
balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda balyk tutmagyň we suwuň bioserişdelerini goramagyň düzgünleriniň berjaý edilmänligi üçin wezipeli adamlara we raýatlara Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde administratiw temmileri ulanýar;
balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynyň we balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerleriň suwuň bioserişdelerini peýdalanyjylara bölünip berilmegi üçin suw hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça, olaryň sanawyny işläp taýýarlaýar hem-de ony balyk hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasyna tassyklamaga berýär;
öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak babatda kadalaşdyryjy hukuk namalary işläp taýýarlaýar we balyk hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasynyň garamagyna berýär;
balyk we suw haýwanlarynyň gorlaryny köpeltmek, olary emeli usulda köpeltmek we uýgunlaşdyrmak, balyk hojalyk meliorasiýasy we suw howdanlaryna balyk goýbermek boýunça işleri guraýar;
balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynyň hasabyny ýöredýär we olaryň ulanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýar;
balyk hojalygyny alyp barmagyň we köl harytlyk hem-de beýleki medeni balyk hojalyklaryny döretmegiň şertleri hakynda suwuň bioserişdelerini peýdalanyjylar we beýleki balyk taýýarlaýjy kärhanalar hem-de guramalar bilen şertnamalar baglaşýar;
höwesjeň, sport maksatly balyk tutmagy we medeni balyk hojalyklaryny guramak üçin suw howdanlaryny ýa-da suw howdanlarynyň ýerlerini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitleýär;
geçirilen ylmy-barlag işleriniň esasynda suwuň bioserişdelerini tutmaga rugsat edilýän umumy möçberini kesgitleýär;
suwuň bioserişdeleriniň gorlarynyň goragyny we üznüksiz köpelmegini üpjün etmek maksady bilen balyk hojalyk ähmiýetli suw desgasynda we kenarýaka gorag zolagynda öz işlerini amala aşyrýan kärhanalaryň we beýleki hojalygy ýörediji subýektleriň gurluşyk, durkuny täzelemek, tehniki taýdan enjamlaşdyrmak boýunça taslamalarynyň balyk hojalyk seljermesini geçirýär;
balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda partlama, seýsmiki gözleg, düýbüni çuňlaşdyryş we gurluşyk işlerini geçirmek üçin rugsatnamalary berýär hem-de geçiriljek işleriň netijesinde balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalaryndan çykaryljak topragyň döküljek ýerlerini ylalaşýar, şeýle hem degişli rugsatnamalary bolmazdan amala aşyrylýan işleri togtadýar;
suwuň desgalarynyň balyk hojalyk kadastryny alyp barmaklygy amala aşyrýar;
Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslarynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen ähli kiçi göwrümli gämileriniň (harby gämilerden başga) hasaba alynmagyny, hasabynyň ýöredilmegini, olaryň tehniki gözegçiligini, şeýle hem ulanylmagy bilen baglanyşykly beýleki işleri amala aşyrýar;
suwuň bioserişdelerinden peýdalanylandygy üçin tölegleri almagyň tertibini işläp taýýarlaýar we olaryň möçberini kesgitleýär hem-de balyk hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasyna tassyklamaga berýär;
suwuň bioserişdelerini goramak babatda jemgyýetçilik guramalarynyň işini utgaşdyrýar;
suwuň bioserişdelerini goramak we rejeli peýdalanmak boýunça ilat arasynda bilimleri ündemegi amala aşyrýar;
Türkmenistanyň kanunçylygy bilen öz ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär.
9-njy madda. Balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary:
degişli çäklerde suwuň bioserişdelerini gorap saklamak we goramak babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler;
suwuň bioserişdelerini goramak boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine we ýerli maksatnamalary işläp düzmäge ýardam edýärler;
degişli çäklerde eýeçiliginiň görnüşlerine hem-de pudaga degişliligine garamazdan suwuň bioserişdelerini gorap saklamak we goramak babatda hojalygy ýörediji subýektleriň işlerini utgaşdyrýarlar we oňa gözegçilik edýärler;
suwuň bioserişdelerini goramak we rejeli peýdalanmak boýunça ilata ekologik terbiýe bermegi we bilimleri ündemegi amala aşyrýarlar.
10-njy madda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen - 05.06.2021 ý. № 391-VI Türkmenistanyň Kanuny.
III BAP. SUWUŇ BIOSERIŞDELERINI GORAP SAKLAMAK WE OLARYŇ ÝAŞAÝAN GURŞAWYNY GORAMAK
11-nji madda. Suwuň bioserişdeleriniň ýaşaýan gurşawyny goramaga bolan talaplar
1. Suwuň bioserişdeleriniň ýaşaýan gurşawyna zyýanly täsir edip biljek taslamalaşdyrmak, ýerleşdirmek, gurmak, durkuny täzelemek we kärhanalary, enjamlary hem-de beýleki desgalary peýdalanmak bilen meşgullanýan ýuridik we fiziki şahslar, şeýle hem balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda we kenarýaka zolaklarynda (ýerlerinde) işleri amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar suwuň bioserişdelerini goramak, artdyrmak, ýerini üýtgetmek we gyşlatmak üçin amatly şertleri döretmäge, olaryň ýaşaýan gurşawyna eldegrilmesizligini we nesilleriniň köpelmegini üpjün etmäge borçludyrlar.
2. Balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda suwdan peýdalanyjylaryň hukuklary Türkmenistanyň Suw kodeksine laýyklykda çäklendirilip bilner.
12-nji madda. Balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalaryny hapalanmakdan, hapadan dolmakdan we ýalpaklanmakdan goramak
1. Balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda gidrotehniki we beýleki gurluşlar ulanylanda suwuň bioserişdeleriniň goragy we olaryň üznüksiz köpelmegi üçin şertleri üpjün edýän çäreler öz wagtynda amala aşyrylmalydyr.
2. Balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalaryny goramak maksady bilen Türkmenistanyň Suw kodeksine laýyklykda şu aşakdakylar gadagan edilýär:
derýalarda, akabalarda we kanallarda böwetleri we germewleri özbaşdak gurnamak;
niýetlenilmedik ýerlerde mallary suwa düşürmek, öý guşlaryny gezdirmek;
balyk gorlaryna we olaryň üznüksiz köpelmegine ýaramaz täsir edýän gaýry işleri amala aşyrmak.
3. Peýdalanmagynda balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalary ýa-da balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerleri bolan ýuridik we fiziki şahslar degişlilikde suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy hem-de suw hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça, suw desgalarynyň ýagdaýynyň we balyk gorlaryny üznüksiz köpeltmegiň şertleriniň gowulanmagyny üpjün edýän balykçylyk we melioratiw-tehniki çäreleri geçirmäge, şeýle hem balyklary we beýleki suw haýwanlaryny awlamak (tutmak) üçin kesgitlenilen ýerleriň kenarýaka zolaklaryny göwnejaý sanitariýa ýagdaýynda saklamaga borçludyrlar.
4. Balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalaryny hapalanmakdan, hapadan dolmakdan we ýalpaklanmakdan goramak hem-de olaryň uzak möhletli, netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň suw kanunçylygyna laýyklykda döwlet suw hojalyk guramalary tarapyndan suwuň bioserişdeleriniň goragynyň üpjün edilmegi bilen, şol desgalarda abatlaýyş-ulanyş, durky täzeleniş we gurluşyk işleri geçirilip bilner.
13-nji madda. Balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalaryna zyýanly täsirleriň rugsat edilýän möçberi
1. Balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalaryna zyýanly täsirleriň rugsat edilýän moçberi suw desgalarynyň ekoulgamynyň üýtgemegine uzak wagtlap öz täsirini ýetirmeýän antropogen täsirleriň rugsat edilýän möçberi we bu desgalara ýa-da olaryň suw ýygnanýan ýerine akýan ýa-da gelip düşýän zyýanly maddalaryň rugsat edilýän mukdary esasynda kesgitlenilýär.
2. Balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalaryna hapalaýjy maddalaryň dökülmeginiň kadalary balyk hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy tarapyndan daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy bilen ylalaşmak boýunça işlenilip taýýarlanylýar.
14-nji madda. Suwuň bioserişdelerini emeli usulda üznüksiz köpeltmek
Balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda suwuň bioserişdelerini emeli usulda üznüksiz köpeltmek suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy bilen baglaşylýan şertnamalar boýunça amala aşyrylýar.
15-nji madda. Suwuň bioserişdelerini uýgunlaşdyrmak
Suwuň bioserişdelerini uýgunlaşdyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmagyň tertibi balyk hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.
16-njy madda. Balyk goraýyş zolaklary
1. Suwuň bioserişdeleriniň gymmatly görnüşini gorap saklamak üçin möhüm ähmiýeti bolan balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalary ýa-da olaryň suw giňişligine galtaşýan ýerleri balyk goraýyş zolaklary diýlip yglan edilip bilner.
2. Suwuň bioserişdeleriniň üznüksiz köpelmegi üçin şertleri saklamak maksatlarynda balyk goraýyş zolaklaryň çäklerinde hojalyk we beýleki işleriň çäklendirmeleri girizilýär.
3. Balyk goraýyş zolaklaryny bellemegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
17-nji madda. Balyk hojalyk goraghana zolaklary
1. Balyk hojalyk goraghana zolaklarynda hojalyk we beýleki işler hemişelik ýa-da wagtlaýyn dolulygyna ýa-da bölekleýin gadagan edilip bilner.
2. Balyk hojalyk goraghana zolaklaryny döretmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
18-nji madda. Suwuň bioserişdeleriniň ýagdaýyna täsir edýän hojalyk we beýleki desgalary ýerleşdirmek, taslamalaşdyrmak, gurmak, durkuny täzelemek we ulanmaga bermek
1. Hojalyk we beýleki desgalar ýerleşdirilende, taslamalaşdyrylanda, gurlanda, durky täzelenende we ulanylmaga berlende, şeýle hem täze tehnologik prosessler ornaşdyrylanda suwuň bioserişdeleriniň ýagdaýyna we olaryň ýaşaýan gurşawyna olaryň edýän täsirleri hasaba alynmalydyr.
2. Täze hojalyk we beýleki desgalary ýerleşdirmek, taslamalaşdyrmak, gurmak, hereket edýänleriniň durkuny täzelemek we olary täzeden enjamlaşdyrmak suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy bilen ylalaşylyp amala aşyrylýar.
3. Hojalyk we beýleki desgalar ýerleşdirilende, taslamalaşdyrylanda, gurlanda, durky täzelenende, şeýle hem täze tehnologik prosessler ornaşdyrylanda suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy taslama resminamalara onuň netijeleri döwlet ekologiýa seljermesiniň netijenamasynda beýan edilýän balyk hojalyk seljermesini geçirýär.
4. Suw desgalarynyň ýagdaýyna täsir edýän hojalyk we beýleki desgalaryň ulanylmaga girizilmegi baradaky döwlet toparynyň düzümine suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasynyň wekili girizilýär.
5. Balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda hojalyk we beýleki desgalar gurlanda, olaryň durky täzelenende we giňeldilende, beýleki hojalyk we beýleki işler geçirilende balyk gorlaryna ýetirilýän zyýana baha bermeklik, suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan hem-de daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy, suw hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy we gurluşyk, jemagat hojalygy, awtomobil ýollary we ýol işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy bilen ylalaşylandan soňra, balyk hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy tarapyndan tassyklanylan usulyýete laýyklykda amala aşyrylýar.
19-njy madda. Taslama resminamalarynyň balyk hojalyk seljermesi
1. Taslama resminamalarynyň balyk hojalyk seljermesi, balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynyň ýagdaýyna täsir etmäge ukyply kärhanalary, desgalary we beýleki obýektleri, şeýle hem wagtlaýyn binalary gurmagyň we durkuny täzelemegiň taslamalarynyň kadalara, tehniki şertlere we talaplara laýyklygyny kesgitlemek maksady bilen alnyp barylýar.
2. Balyk hojalyk seljermesi balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda amala aşyrylýan şu aşakdaky taslamalar üçin hökmanydyr:
suwuň ýagdaýyna ýaramaz täsir etmäge ukuply senagat, gidrotehniki, nebiti gaýtadan işleýän, himiki we nebithimiýa desgalaryny, agajy gaýtadan işleýän we gaýyşy işläp bejerýän kärhanalaryny suwuň gorag zolaklarynda we kenarýaka zolaklarynda gurmak we olaryň durkuny täzelemek;
ýerasty baýlyklary gazyp almak, geologiýa-gözleg, partlaýyş, burawlaýyş, düýbüni çuňlaşdyryjy işleri alyp barmak, ýerasty desgalaryny gurmak;
tebigy gazy, nebit önümlerini we himiýa önümlerini daşamak üçin kabelleri çekmek, suwasty turba geçirijilerini we terminallary gurmak;
dermanlyk serişdeleri, pestisidleri, gerbisidleri, mineral dökünleri we awuly himiki maddalary öndürmek, saklamak, peýdalanmak, zyýansyzlandyrmak we ýok etmek;
senagat, durmuş, jemagat suw goýberijilerini, suw howdanlaryny, lagym ulgamynyň enjamlaryny, turba geçirijilerini, meliorasiýa we suwaryş ulgamlaryny gurmak we gurnamak;
wagtlaýyn desgalary gurmak;
degişli ýerine ýetiriji häkimiýet edarasy tarapyndan kesgitlenýän beýleki desgalaryň gurluşygy we durkuny täzelemek.
IV BAP. SUWUŇ BIOSERIŞDELERINIŇ DÖWLET BALYK HOJALYK MONITORINGI. SUW DESGALARYNYŇ BALYK HOJALYK KADASTRY
20-nji madda. Suwuň bioserişdeleriniň döwlet balyk hojalyk monitoringi
1. Suwuň bioserişdeleriniň döwlet balyk hojalyk monitoringi balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda bolup geçýän üýtgemeleri öz wagtynda ýüze çykarmak we olara baha bermek, bu üýtgemeleriň zyýanly täsirleriniň ösüşini çaklamak hem-de olaryň öňüni almak, amala aşyrylýan balyk goraýyş çäreleriň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen geçirilýär.
2. Suwuň bioserişdeleriniň döwlet balyk hojalyk monitoringi daşky gurşawyň döwlet monitoring ulgamynyň düzüm bölegidir.
3. Suwuň bioserişdeleriniň döwlet balyk hojalyk monitoringi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen tertipde suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy tarapyndan geçirilýär.
21-nji madda. Suw desgalarynyň balyk hojalyk kadastry
Suw desgalarynyň balyk hojalyk kadastry suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy tarapyndan işlenip taýýarlanan we daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy bilen ylalaşylan, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan ýeke-täk usulyýet boýunça alnyp barylýar.
V BAP. SUWUŇ BIOSERIŞDELERINI GORAMAGY WE REJELI PEÝDALANMAGY YKDYSADY TAÝDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK
22-nji madda. Suwuň bioserişdelerini goramagy we rejeli peýdalanmagy ykdysady taýdan duzgünleşdirmegiň wezipeleri
Suwuň bioserişdelerini goramagy we rejeli peýdalanmagy ykdysady taýdan duzgünleşdirmegiň wezipelerine şu aşakdakylar girýär:
suwuň bioserişdelerini peýdalanyjylaryň arasynda suwuň bioserişdelerini goramak we peýdalanmak babatda ykdysady gatnaşyklary bellemek we düzgünleşdirmek;
suwuň bioserişdelerini peýdalanmak üçin töleg ulgamyny döretmek;
suwuň bioserişdeleriniň goragynyň, olaryň üznüksiz köpelmeginiň we rejeli peýdalanylmagynyň durnukly ykdysady esasyny döretmek;
suwuň bioserişdelerini goramak we rejeli peýdalanmak babatda döwlet bähbitleriniň ykdysady goragy.
23-nji madda. Suwuň bioserişdeleriniň goralmagyny we rejeli peýdalanylmagyny ykdysady taýdan duzgünleşdirmek
Suwuň bioserişdeleriniň goralmagyny we rejeli peýdalanylmagyny ykdysady taýdan düzgünleşdirmek şu aşakdakylary göz öňünde tutýar:
suwuň bioserişdelerini peýdalanmak üçin tölegleriň ykdysady taýdan esaslandyrylan ulgamyny;
suwuň bioserişdelerini goramak we rejeli peýdalanmak hakyndaky kanunçylygyň bozulmagy üçin jerimeleriň, talaplaryň we tölegleriň ykdysady taýdan esaslandyrylan ulgamyny;
ygtyýarlylandyrylan döwlet edaralaryna berlen suwuň bioserişdelerini we olaryň önümlerini bikanun awlamagyň gurallaryny hem-de muzdsuz alnan gurallary ýerlemekden alynýan serişdeleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde maksada laýyk peýdalanmagy;
suwuň bioserişdelerini gorap saklamagyň we rejeli peýdalanmagyň ykdysady taýdan höweslendirmeleri;
ýuridik we fiziki şahslaryň meýletin gatançlary;
Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen tertipde düzgünleşdirmegiň beýleki ykdysady usullary.
24-nji madda. Suwuň bioserişdelerini peýdalanmak üçin tölegler
Suwuň bioserişdelerini peýdalanmak üçin tölegler, olaryň aňryçäk möçberleri we tölegiň tertibi su Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda bellenilýär.
Suwuň bioserişdelerini peýdalanmak üçin tölegleriň geçirilmegi peýdalanyjylary suwuň bioserişdeleriniň desgalaryny we olaryň ýaşaýan gurşawlaryny goramak boýunça çäreleri ýerine ýetirmekden, şeýle hem olara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmakdan boşatmaýar.
25-nji madda. Suwuň bioserişdelerini rejeli peýdalanmak, üznüksiz köpeltmek we gorap saklamak boýunça çäreleri amala aşyrýan suwuň bioserişdelerini peýdalanyjylary höweslendirmek
Suwuň bioserişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy, üznüksiz köpeldilmegi we gorap saklanylmagy boýunça umumy peýdaly çäreleriň amala aşyrylmagyny höweslendirýän suwuň bioserişdelerini peýdalanyjylary höweslendirmek çäreleri balyk hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy tarapyndan bellenilýar.
VI BAP. SUWUŇ BIOSERIŞDELERINE BOLAN HUKUKLAR WE OLARYŇ PEÝDALANYJYLARY
26-njy madda. Suwuň bioserişdelerine eýeçilik hukugy we olardan peýdalanmak hukugy
1. Suwuň bioserişdeleri döwletiň aýratyn eýeçiligine degişli bolup durýar.
2. Suwuň bioserişdelerinden peýdalanylmak hukugy suwuň bioserişdelerini awlamaga (tutmaga) bolan rugsatnamanyň, balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerden peýdalanmagyň şertnamasy esasynda we şu Kanun bilen göz öňünde tutulan beýleki esaslar boýunça ýüze çykýar.
27-nji madda. Gatnaşyklaryň obýektleri we suwuň bioserişdelerinden peýdalanyjylar
1. Balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak babatdaky degişli obýektler suwuň bioserişdeleri we olaryň ýaşaýyş gurşawy bolup durýarlar.
2. Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslary suwuň bioserişdelerini peýdalanjylar bolup durýarlar.
3. Ylmy-barlag işleriniň geçirilen halatynda suwuň bioserişdelerini peýdalanyjylar bolup, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň degişli rugsatnamasy bolan daşary ýurtly ýuridik we fiziki şahslar çykyş edip bilerler.
28-nji madda. Suwuň bioserişdelerinden peýdalanyjylaryň hukuklary
1. Suwuň bioserişdelerini peýdalanyjylar şu aşakdaky hukuklara eýedirler:
balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýeri ulanmak sertnamasynda göz öňünde tutulan maksatlara laýyklykda hojalygy özbaşdak dolandyrmaga;
awlanan (tutulan) suwuň bioserişdelerine we olary ýerlemekden alnan girdejä Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda eýeçilik etmäge;
suwuň tutulan bioserişdeleriniň we olary tutmak üçin ulanylan gurallaryň bikanun elden alnan halatynda ýitginiň öweziniň dolunmagyna;
Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki hukuklara.
2. Suwuň bioserişdelerini peýdalanyjylaryň hukuklary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen goralýar.
Suwuň bioserişdelerini peýdalanyjylaryň hukuklarynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen tertipde dikeldilmäge degişlidir.
29-njy madda. Suwuň bioserişdelerinden peýdalanyjylaryň borçlary
Suwuň bioserişdelerini peýdalanyjylar şu aşakdakylara borçludyrlar:
suwuň bioserişdelerini rejeli peýdalanmaga;
suwuň bioserişdeleriniň goragyny amala aşyrmaga;
suw howdanlarynyň ýagdaýlarynyň we balyk gorlarynyň üznüksiz köpeldilmeginiň gowulanmagyny üpjün edýän balykçylyk we melioratiw-tehniki çäreleri geçirmäge;
kenarýaka zolaklaryny we balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerleri zerur bolan sanitariýa ýagdaýynda saklamaga;
balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerleriň ýagdaýlary we olaryň peýdalanylyşy barada degişli döwlet edaralaryna olar tarapyndan kesgitlenen maglumatlary öz wagtynda bermäge;
beýleki suwuň bioserişdelerini peýdalanyjylaryň hukuklaryny bozmazlyga;
olaryň berliş maksatlaryna we şertlerine laýyklykda suwuň bioserişdelerinden peýdalanmaga;
suwuň bioserişdelerinden peýdalanylanlygy üçin tölegleri öz wagtynda tölemäge;
Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine barlagy amala aşyrýan döwlet gözegçilerini we ýörite ygtyýarlylandyrylan döwlet edaralarynyň wekillerini balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerlere päsgelçiliksiz goýbermäge;
suwuň bioserişdelerini peýdalanmak we gorap saklamak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.
30-njy madda. Suwuň bioserişdelerinden peýdalanmak hukugyny çäklendirmek
Suwuň bioserişdelerinden peýdalanmak hukugy Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda çäklendirilip bilner.
Suwuň bioserişdelerinden peýdalanmak hukuklaryny çäklendirmegiň tertibi suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.
31-nji madda. Suwuň bioserişdelerinden peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi
Suwuň bioserişdelerinden peýdalanmak hukugy şu aşakdaky ýagdaýlarda bes edilýär:
suwuň bioserişdelerini awlamak (tutmak) üçin rugsatnamada ýa-da balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerden peýdalanmagyň şertnamasynda göz öňünde tutulan suwuň bioserişdelerinden peýdalanmagyň möhletleriniň tamamlanmagy boýunça;
suwuň bioserişdelerinden peýdalanyjy bilen suwuň bioserişdelerinden peýdalanmak hukugyny beren ýuridik şahsyň arasyndaky ylalaşyk boýunça;
suwuň bioserişdelerinden peýdalanyjy ony peýdalanmakdan ýüz dönderende;
suwuň bioserişdelerini peýdalanmaga hukuk berlen ýuridik şahs ýatyrylanda ýa-da fiziki şahs aradan çykan ýagdaýynda;
balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalaryny döwletiň hajatlary üçin peýdalanmak zerurlygy ýüze çykanda;
kazyýetiň çözgüdi boýunça;
Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.
32-nji madda. Suwuň bioserişdelerine bolan hukuklaryň goragy
Suwuň bioserişdelerine bolan hukuklary goramak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýär.
VII BAP. BALYK TUTMAK
33-nji madda. Balyk tutmagyň obýektleri
Suwuň bioserişdeleriniň görnüşleri bolup durýan balyk tutmagyň obýektleriniň sanawy balyk hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy tarapyndan daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy we suw hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça işlenilip taýýarlanylýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
34-nji madda. Balyk tutmagyň görnüşleri
1. Ýuridik we fiziki şahslar balyk tutmagyň aşakdaky görnüşlerini amala aşyryp bilerler:
1) senagat taýdan balyk tutmak;
11) kenarýaka balyk tutmak;
2) ylmy-barlag we gözegçilik maksatlary bilen balyk tutmak;
3) okuw we medeni aň-bilim maksatlary bilen balyk tutmak;
4) balykçylyk, üznüksiz köpeltmek we suwuň bioserişdelerini uýgunlaşdyrmak maksady bilen balyk tutmak;
5) höwesjeň we sport maksatly balyk tutmak.
2. Balyk tutmak, daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy we suw hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça, balyk hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy we suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy tarapyndan bilelikde işlenilip taýýarlanylýan, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan balyk tutmagyň we suwuň biologik serişdelerini goramagyň Düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar.
35-nji madda. Balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerler
1. Balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerler senagat taýdan balyk tutmagy, akwakulturalary amala aşyrmak, şeýle hem höwesjeň we sport maksatly balyk tutmagy guramak üçin suw desgasynyň kesgitlenen serhetlerinde döredilýär.
2. Balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerler şu maddanyň birinji böleginde görkezilen maksatlaryň birinde ýa-da birnäçesinde peýdalanylyp bilner.
3. Balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerleriň sanawy suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy tarapyndan ýöredilýär.
4. Balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerlerden peýdalanylyşyna we ulanylyşyna gözegçilik suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy tarapyndan şu Kanuna, şeýle hem Türkmenistanyň suw hem-de ýer hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
36-njy madda. Senagat taýdan balyk tutmak
1. Balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda senagat taýdan balyk tutmak ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanyň garamagynda durmaýan suwlarda senagat taýdan balyk tutmak Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda kesgitlenen suwuň bioserişdelerini awlamagyň (tutmagyň) paýlarynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
3. Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslary tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň astynda ýüzýän balyk tutulýan gämilerde açyk deňizde senagat taýdan balyk tutmagy amala aşyrmak Türkmenistanyň balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak babatdaky halkara şertnamalary bilen göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda çäklendirilmeýär.
37-nji madda. Kenarýaka balyk tutmak
1. Kenarýaka balyk tutmak balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerleri bermek bilen ýa-da ony bermezden, balyk tutýan gämilerini peýdalanmak bilen ýa-da peýdalanmazdan Türkmenistanda hasaba alnan ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Kenarýaka balyk tutmagy amala aşyrmak üçin balyk tutýan gämileriň görnüşleri, suwuň bioserişdelerini awlamagyň (tutmagyň) gurallary we usullary suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy tarapyndan balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerler boýunça kesgitlenilýär.
38-nji madda. Ylmy-barlag we gözegçilik maksatlary bilen balyk tutmak
1. Ylmy-barlag we gözegçilik maksatlary bilen balyk tutmak suwuň bioserişdelerini we olaryň ýaşaýan gurşawyny öwrenmek, suwuň bioserişdeleriniň döwlet balyk hojalyk monitoringini geçirmek, balyk tutmak üçin täze ýerleri kesgitlemek we suwuň bioserişdeleriniň gorlaryny agtarmak, tutmaga rugsat edilýän umumy möçberini kesgitlemek, suwuň bioserişdelerini gorap saklamak boýunça çäreleri işläp taýýarlamak üçin amala aşyrylýar.
2. Ylmy-barlag we gözegçilik maksatlary bilen balyk tutmak suwuň bioserişdeleriniň serişde barlaglarynyň we döwlet balyk hojalyk monitoringiniň, şeýle hem ylmy maksatnamalaryň, taslamalaryň we temalaryň her ýylky meýilnamalary esasynda amala aşyrylýar.
3. Ylmy-barlag we gözegçilik maksatlary bilen balyk tutmaga rugsatnama daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy, suw hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylýan we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan tertipde berilýär.
39-njy madda. Okuw we medeni aň-bilim maksatlary bilen balyk tutmak
Okuw we medeni aň-bilim maksatlary bilen balyk tutmak ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän we daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy, suw hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy bilen ylalaşylandan soňra, balyk hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy tarapyndan tassyklanylýan tertibe laýyklykda amala aşyrylýar.
40-njy madda.Balykçylyk, suwuň bioserişdelerini üznüksiz köpeltmek we uýgunlaşdyrmak maksatlary bilen balyk tutmak
Balykçylyk, suwuň bioserişdelerini üznüksiz köpeltmek we uýgunlaşdyrmak maksatlary bilen balyk tutmak suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy tarapyndan bellenilýän tertipde ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.
41-nji madda. Höwesjeň we sport maksatly balyk tutmak
1. Höwesjeň we sport maksatly balyk tutmagy guramak üçin berlen balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda we/ýa-da balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerlerde höwesjeň we sport maksatly balyk tutmaklyk suwuň bioserişdelerini awlamak (tutmak) üçin rugsatnamalaryň esasynda amala aşyrylýar.
2. Hususy sarp etmek üçin höwesjeň we sport maksatly suwuň bioserişdelerini tutmak suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy tarapyndan bellenilýän tertipde fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.
3. Suwuň bioserişdelerini awlamak (tutmak) üçin rugsatnamalaryň esasynda höwesjeň we sport maksatly balyk tutulan halatynda amala aşyrylýan suwuň bioserişdelerini awlamagyň (tutmagyň) sanawy suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.
42-nji madda. Balyk tutmaga bolan çäklendirmeler
Suwuň bioserişdelerini gorap saklamagy üpjün etmek we olary rejeli peýdalanmak maksady bilen balyk tutmagyň aşakdaky çäklendirmeleri bellenilip bilner:
1) balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerleriň bellenilen çäklerinde we suwuň bioserişdeleriniň aýry-aýry görnüşlerine degişli balykçylygy gadagan etmek;
2) awlanýan (tutulýan) suwuň bioserişdeleriniň iň az möçberi we agramy;
3) suwuň bioserişdelerini awlamagyň (tutmagyň) usullary;
4) suwuň bioserişdelerini awlamaga (tutmaga) rugsat berilýän gurallaryň görnüşleri, balyk tutulýan torlaryň gözeneginiň ölçegi we gurallarynyň gurluşy;
5) suwuň bioserişdelerini awlamak (tutmak) üçin rugsatnamada (tutmaga rugsat edilen) görkezilen suwuň bioserişdelerini awlamak (tutmak) bilen birwagtda awlamaga (tutmaga) rugsat berilýän suwuň bioserişdeleriniň möçberi we düzümi;
6) balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerleri suwuň bioserişdelerini awlamagyň (tutmagyň) gurallary, görnüşleri we ölçegleri boýunça tapawutlanýan gämileriň toparlarynyň arasynda paýlamak;
7) suwuň bioserişdelerini awlamagyň (tutmagyň) gurallary, görnüşleri we möçberleri bilen tapawutlanýan gämileriň toparlary üçin balyk tutmagyň döwürleri;
8) balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerleriň bir meýdançasynda birwagtda senagat taýdan balyk tutmagy amala aşyryp biljek gämileriň sany we görnüşleri;
9) balyk tutýan bir gämi üçin suwuň bioserişdelerini awlamagyň (tutmagyň) iň ýokary möçberi;
10) senagat taýdan balyk tutmagy amala aşyrmak üçin balyk tutýan gämileriň deňze çykýan wagty;
11) balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarda balyk tutulýan döwürler;
12) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenen balyk tutmagyň beýleki çäklendirmeleri.
43-nji madda. Seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astyndaky suwuň bioserişdeleriniň görnüşleriniň awlanylyşyny (tutulyşyny) gadagan etmek
1. Türkmenistanyň Gyzyl Kitabyna girizilen seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astyndaky suwuň bioserişdeleriniň görnüşlerini awlamak (tutmak) gadagandyr.
2. Aýratyn ýagdaýlarda, seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astyndaky suwuň bioserişdelerini ylmy-barlag we gözegçilik maksatlar bilen awlamak (tutmak) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýol berilýär.
431-nji madda. Bikanun balyk tutmak we suwuň
bioserişdelerini awlamak (tutmak)
1. Şu hereketler bikanun balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini awlamak (tutmak) diýlip hasap edilýär:
1) suwuň bioserişdelerini awlamagyň (tutmagyň) gadagan edilen ýerlerinde balyk tutmak;
2) balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda balyk tutulýan möwsüme girmeýän başga wagtda balyk tutmak;
3) awlanylmagy (tutulmagy) gadagan edilen, şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl Kitabyna girizilen, seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astynda duran suwuň bioserişdeleriniň görnüşlerini awlamak (tutmak);
4) suwuň bioserişdeleri awlananda (tutulanda) zyýanly howply himiki we zäherleýji maddalary, partlaýjy maddalary, ok atýan ýaraglary, elektrik toguny ýa-da köpçülikleýin gyrşyň beýleki usullaryny ulanmak;
5) bir çeňňek guraly üçin bäşden köp gaňyrçak (krýuçok) ulanmak;
6) suwuň bioserişdelerini awlamagyň (tutmagyň) gadagan edilen beýleki usullaryny ulanmak.
2. Bikanun balyk tutmagyň netijesinde awlanan (tutulan) suwuň bioserişdeleri we önümleri hem-de olar awlananda (tutulanda) ulanylan gurallar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde muzdsuz ýa tölegli alnyp ýa-da alynman bilner.
44-nji madda. Suwuň bioserişdeleriniň tutmaga rugsat edilýän umumy möçberleri
1. Suwuň bioserişdeleriniň tutmaga rugsat edilýän umumy möçberleri her bir balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalary üçin kesgitlenilýär.
2. Suwuň bioserişdeleriniň tutmaga rugsat edilýän umumy möçberleri suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär we balyk hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy tarapyndan tassyklanylýar.
3. Suwuň bioserişdelerini tutmaga rugsat edilýän umumy möçberde senagat taýdan balyk tutmak amala aşyrylýan we/ýa-da bar bolan hakyky suwuň bioserişdeleriniň arasyndaky tapawudyna we suwuň bioserişdelerini tutmaga rugsat edilýän umumy kesgitlenen möçberiň mukdarynasuwuň bioserişdeleriniň döwlet balyk hojalyk monitoringiniň geçirilýän döwründe üýtgetmeler girizilip bilner.
45-nji madda. Suwuň bioserişdelerini awlamagyň (tutmagyň) paýlary
1. Balyk hojalykähmiýetli suw desgalarynda suwuň bioserişdelerini tutmaga rugsat edilýän umumy möçberleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistana berlen suwuň bioserişdelerini awlamagyň (tutmagyň) paýlarynyň esasyndabalyk hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylandyrylan edarasy tarapyndan her ýylda paýlaryň şu aşakdaky görnüşleri kesgitlenilýär:
1) balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda senagat taýdan balyk tutulyşyny amala aşyrmak üçin suwuň bioserişdelerini awlamagyň (tutmagyň) paýlary;
2) ylmy-barlag we gözegçilik maksatlary bilen balyk tutmagy amala aşyrmak üçin suwuň bioserişdelerini awlamagyň (tutmagyň) paýlary (ylmy paýlar);
3) okuw we medeni aň-bilim maksatlary bilen balyk tutmagy amala aşyrmak üçin suwuň bioserişdelerini awlamagyň (tutmagyň) paýlary;
4) balykçylyk, suwuň bioserişdelerini üznüksiz köpeltmek we uýgunlaşdyrmak maksatlary bilen balyk tutmagy amala aşyrmak üçin suwuň bioserişdelerini awlamagyň (tutmagyň) paýlary;
5) höwesjeň we sport maksatly balyk tutmagy guramak üçin suwuň bioserişdelerini awlamagyň (tutmagyň) paýlary.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen suwuň bioserişdelerini awlamagyň (tutmagyň) paýlaryny bölmegiň we täzeden bölmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
46-njy madda. Senagat taýdan balyk tutmagy amala aşyrmak üçin suwuň bioserişdelerini awlamagyň (tutmagyň) paýlarynyň umumy möçberiniň bölegini elden almak we bir adamdan beýleki adama geçirmek
1. Şu Kanuna laýyklykda suwuň bioserişdelerini peýdalanmagyň hukugy ýatyrylan halatynda senagat taýdan balyk tutmagy amala aşyrmak üçin suwuň bioserişdelerini awlamagyň (tutmagyň) paýlarynyň umumy möçberinden bölekleri almak suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Senagat taýdan balyk tutmagy alyp barmak üçin suwuň bioserişdelerini awlamagyň (tutmagyň) paýlarynyň umumy möçberinden bölekleriň bir adamdan beýleki adama geçirilmegi suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy bilen ylalaşyk boýunça olaryň arasynda baglaşylan şertnama esasynda amala aşyrylýar.
Görkezilen şertnamany baglaşmagyň we hasaba almagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.
VIII BAP. SUWUŇ BIOSERIŞDELERINI AWLAMAK (TUTMAK) ÜÇIN RUGSATNAMA WE balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerlerden PEÝDALANMAGYŇ ŞERTNAMASY
47-nji madda. Suwuň bioserişdelerini awlamak (tutmak) üçin rugsatnama
1. Suwuň bioserişdelerini awlamak (tutmak) üçin rugsatnama balyk tutmagyň ähli görnüşleri amala aşyrylanda suwuň bioserişdeleriniň ýaşaýan gurşawyndan olary almaga bolan hukugy tassyklaýar.
2. Suwuň bioserişdelerini awlamak (tutmak) üçin rugsatnama suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy tarapyndan berilýär.
48-nji madda. Balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerlerden peýdalanmagyň şertnamasy we şertleri
1. Suwuň bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerden peýdalanmagyň şertnamasyna laýyklykda balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerleri ýuridik ýa-da fiziki şahslara berýär.
2. Balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerden peýdalanmagyň şertnamasynda şu aşakdakylar görkezilýär:
balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýeriň ady, meýdany, serhetleri;
balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerden peýdalanyjy hakynda maglumatlar;
balyk hojalyk işleriniň rugsat berlen görnüşleri;
balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerden peýdalanmagyň möhleti;
suwuň bioserişdelerinden peýdalanmagyň tertibi;
suwuň bioserişdelerini we olaryň ýaşaýan gurşawyny gorap saklamagyň talaplary;
balyk tutmak üçin kesgitlenilen ýerden peýdalanylandygy üçin tölegiň jemi, şeýle hem tölegi geçirmegiň tertibi, şertleri we möhletleri;
Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da taraplaryň ylalaşygynda göz öňünde tutulan beýleki şertler.
IX BAP. BALYK TUTMAK WE SUWUŇ BIOSERIŞDELERINI GORAP SAKLAMAK BABATDA JEDELLERI ÇÖZMEK WE HUKUK BOZULMALARY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK
49-njy madda. Balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak babatda hukuk bozulmalary üçin jogapkärçilik
Balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak babatda hukuk bozulmalaryna ýol beren şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
50-nji madda. Suwuň bioserişdelerine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak
Suwuň bioserişdelerine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar.
51-nji madda. Balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak babatda jedelleri çözmegiň tertibi
Balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak babatda jedeller kazyýet tertibinde çözülýär.
X BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜN
52-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2011-nji ýylyň 21-nji maýy.
№ 197-IV.