Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meselelerini 

çözmegiň tertibi hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 34-nji madda)

 

(23.05.2015 ý. № 227-V, 12.01.2016 ý. № 332-V, 30.11.2019 ý. № 216-VI, 13.03.2021 ý. № 350-VI, 16.03.2023 ý. № 541-VI, 03.06.2023 ý. № 37-VII Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

1-nji madda. Umumy düzgünler

 

1. Türkmenistanyň çägi welaýatlara, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherlere, etraplara, etrap hukukly şäherlere, etrapdaky şäherlere, şäherçelere, geňeşliklere we obalara bölünýär. Bir ýa-da birnäçe obanyň çägi geňeşligi emele getirýär.

2. Welaýatlary, etraplary, şäherdäki etraplary, geňeşlikleri döretmek we ýatyrmak, ilatly ýerleri şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň derejesine degişli etmek, olaryň adyny üýtgetmek, dolandyryş-çäk bölünişiginiň beýleki meselelerini çözmek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Dolandyryş-çäk birlikleriniň adynyň dakylmagy, adynyň hem-de çäginiň üýtgedilmegi umumydöwlet bähbitleri, geografik, taryhy, milli, tebigy we beýleki ýerli şertler, şeýle hem ilatyň pikiri nazara alnyp amala aşyrylýar.

 

2-nji madda. Ilatly ýerler 

 

1. Türkmenistanyň ilatly ýerleri şäher we oba ilatly ýerlerine bölünýär.

2. Şäher ilatly ýerlerine şäherler we şäherçeler, oba ilatly ýerlerine obalar degişlidir.

3. Şäherler derejesi boýunça welaýat, etrap hukukly we etrapdaky şäherlere bölünýär.

 

 

 

21-nji madda. Dolandyryş-çäk birlikleriniň hukuk ýagdaýy

1. Dolandyryş-çäk birlikleri degişli hukuk ýagdaýyna eýedir. Welaýat, etrap, şäher, şäherçe, geňeşlik we oba dolandyryş-çäk birliklerine bellenilýän hukuk ýagdaýdyr.

2. Ýurdy ösdürmegiň uzak möhletleýin geljeginiň ähmiýeti we ulag, senagat, söwda, hyzmatlar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, gurluşyk ulgamlaryny ösdürmek, halkara derejesinde çäreleri geçirmek mümkinçilikleri, şeýle hem amala aşyrylýan taslamalaryň wajyplygy nazara alnyp, käbir şäherlere döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenilip bilner.

 

3-nji madda. Welaýatlaryň, etraplaryň, şäherdäki etraplaryň, geňeşlikleriň çäklerini hem-de welaýatlaryň, etraplaryň, geňeşlikleriň edara ediş merkezlerini bellemek

 

Welaýat döredilende onuň çäkleri, edara ediş merkezi we düzümine girýän etraplaryň, şäherleriň sanawy, etrap döredilende onuň çäkleri, edara ediş merkezi we düzümine girýän şäherleriň, şäherçeleriň, geňeşlikleriň sanawy, şäherde etrap döredilende onuň çäkleri, geňeşlik döredilende onuň çäkleri, edara ediş merkezi we düzümine girýän obalaryň sanawy bellenýär.

 

4-nji madda. Ilatly ýerleri şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň derejesine degişli etmek

 

1. Welaýat hukukly şäheriň derejesine ilat sany 500 müň  adamdan geçýän hem-de Türkmenistandaky ykdysady, syýasy we medeni merkezleriň biri bolan şäher degişli edilip bilner.

2. Etrap hukukly şäheriň derejesine ilat sany 30 müň adamdan geçýän hem-de welaýatdaky ykdysady, medeni we edara ediş merkezleriň biri bolan şäher degişli edilip bilner.

Käbir ýagdaýlarda, etrap hukukly şäheriň derejesine  senagat, durmuş-medeni we dolandyryş taýdan möhüm ähmiýetli, ykdysady hem durmuş ösüşiniň depgini we ilat sanynyň artyşy ýokary, ilat sany 30 müň adamdan az bolan etrapdaky şäher, şäherçe hem degişli edilip bilner.

3. Etrapdaky şäheriň derejesine, ilat sany 8 müň adamdan geçýän, senagat kärhanalary, gurluşyk we gatnaw guramalary, jemagat hojalygy, ýerli ýaşaýyş jaý gaznasy, durmuş-medeni edaralarynyň ulgamy, söwda hem durmuş hyzmatlarynyň kärhanalary bolan şäherçe degişli edilip bilner.

Käbir ýagdaýlarda etrapdaky şäheriň derejesine ykdysady ösüşiniň depgini we ilat sanynyň artyşy ýokary, ilat sany 8 müň adamdan az bolan şäherçe hem degişli edilip bilner.

4. Şäherçe derejesine, ilat sany 2 müň adamdan geçýän, çägi belli derejede rejeleşdirilen we abadanlaşdyrylan, öz çäginde senagat kärhanalary, gurluşyk we gatnaw guramalary, demir ýol bekedi, gidrotehniki desgalary, şypahanalary we beýleki ýatymlaýyn sagaldyş edaralary bolan oba degişli edilip bilner.

Käbir ýagdaýlarda şäherçe derejesine durmuş-ykdysady ösüşiniň depgini we ilat sanynyň artyşy ýokary, ilat sany 2 müň adamdan az bolan oba, ýaşaýyş jaý toplumy hem degişli edilip bilner.

5. Ilat sany 50 adamdan az bolmadyk, syýrgyn tutup, bir ýere çugdamlanan gurluşy bolan oturymly ilatly ýere oba derejesi berilýär. 

6. Ilatly ýerler şäher, şäherçe we oba derejelerine degişli edilende olaryň araçäkleri bellenilýär.

 

5-nji madda. Dolandyryş-çäk düzümlerine, ilatly ýerlere we olaryň düzüm böleklerine at dakmak we olaryň adyny üýtgetmek

 

1. Welaýatlaryň, etraplaryň, şäherdäki etraplaryň, geňeşlikleriň ady, olar döredilen wagty dakylýar; şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň ady olara şol derejeler berlen wagty dakylýar.

2. Etrapdaky şaheriň, şäherçäniň, obanyň ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, şaýollarynyň, köçeleriniň, meýdançalarynyň, seýilgähleriniň we gaýry düzüm bölekleriniň ady – degişlilikdäki Geňeş tarapyndan, welaýat ýa-da etrap hukukly şäherde degişli halk maslahatynyň teklibi boýunça häkim tarapyndan dakylýar hem-de üýtgedilýär.

3. Dolandyryş-çäk düzümleriniň we ilatly ýerleriň taryhy atlarynyň üýtgedilmegine ýol berilmeýär.

Taryhy ady bolmadyk, şeýle hem täze döredilen dolandyryş-çäk düzümlerine we ilatly ýerlere, ilatyň pikirini nazara almak bilen, taryhy şahsyň, döwletiň rowaçlanmagyna, ykdysadyýetiň, ylmyň, medeniýetiň, sungatyň gülläp ösmegine aýratyn uly goşant goşan döwlet we jemgyýetçilik işgäriniň ady dakylyp bilner.

4. Ady üýtgetmek bilen baglanyşykly çykdajylar degişli býujetiň hasabyna  amala aşyrylýar.

5. Welaýatlara, etraplara, şäherlere, şäherdäki etraplara at dakylanda, olaryň ady üýtgedilende - Türkmenistanda, şäherçelere, geňeşliklere - welaýatda, obalara bolsa, etrapda öň bar bolan adyň dakylmagyna ýol berilmeýär.

6. Çäginde poçta-telegraf gullugynyň edaralary, aeroportlar, deňiz portlary ýa-da demir ýol beketleri bolan ilatly ýerleriň ady üýtgedilende, ol barada degişli ministrlige, pudaklaýyn dolandyryş edarasyna öňünden habar edilip, soňra amala aşyrylýar.

7. Dolandyryş-çäk birlikleriniň atlary beýleki dillerde türkmen diliniň transkripsiýasyna laýyklykda ýazylýar.

 

         6-7-nji maddalar - 23.05.2015 ý. № 227-V Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

 

6-njy madda. Dolandyryş-çäk düzümlerini we ilatly ýerleri bellige almak we olaryň hasabyny ýöretmek 

 

1. Syýrgyn tutup, bir ýere çugdamlanan gurluşly we oturymly ilatynyň sany 50 adamdan az bolmadyk ilatly ýerler döwlet tarapyndan bellige we hasaba alynmaga degişlidir.

2. Dolandyryş-çäk düzümleriniň we ilatly ýerleriň döwlet tarapyndan hasaba, täze döredilenleriniň bellige alnyşy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarly edilen edara tarapyndan amala aşyrylýar. Dolandyryş-çäk düzümleriniň we ilatly ýerleriň hasabyny degişlilikde welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher häkimlikleri ýöredýärler.

3. Wagtlaýyn ähmiýete eýe bolup, ilatynyň ýaşaýyşy hem wagtlaýyn häsiýetli bolan ýa-da hojalygyň haýsydyr bir pudagynyň ulgamyndaky (demir ýol gullugynyň jaýlary, tokaýçylaryň, suw çelgilerine esewan bolýanlaryň – bakençileriň öýleri, meýdan düşelgeleri, uly bolmadyk meteostansiýalar we ş. m.) gulluk maksatly obýektler bolan kiçeňräk ýaşaýyş jaý syýrgynlary, şonuň ýaly-da ýekebara hojalyklar ýa-da ilatynyň sany 50 adamdan az bolan ýaşaýyş jaý syýrgynlary özbaşdak ilatly ýer bolup bilmeýär we olar degişli Geňeş tarapyndan özleriniň dolandyryş ýa-da çäk taýdan gatnaşykda bolýan ilatly ýerleriniň düzüminde sanawa girizilýär we özbaşyna ilatly ýer hökmünde bellige we hasaba alynmaýar. 

4. Ýaşaýjylary hemişelik göçüp giden ilatly ýerler hasapdan çykarylmaga degişlidirler. Şonuň ýaly-da şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň çägine goşulan ýa-da başga ilatly ýerler bilen birikdirilen ilatly ýerler hem hasapdan çykarylýar.

 

 

Türkmenistanyň                                                     Gurbanguly

    Prezidenti                                                      Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2009-njy ýylyň 18-nji apreli.

№ 33-IV