Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 1, 17-nji madda)
(08.06.2019 ý. № 153-VI Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun daşary ýurt maýa goýujylaryň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň Türkmenistanyň çägindäki işiniň hukuk esaslaryny kesgitleýär we Türkmenistanda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge hem-de netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir.
I bap. Umumy düzgünler
1-nji madda. Şu Kanunda peýdalanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler peýdalanylýar:
1) daşary ýurt maýa goýumlary - daşary ýurt maýa goýujysyna degişli raýat hukuklarynyň obýektleri, şol sanda pul serişdeleri, gymmatly kagyzlar, beýleki emläk, pulda bahasy kesgitlenen emläk hukuklary, intellektual işiň netijeleri üçin aýratyn hukuklar (intellektual eýeçilik), şeýle hem hyzmatlar we maglumatlar görnüşinde Türkmenistanyň çägindäki telekeçilik işiniň obýektine daşary ýurt maýasyny goýmak;
2) daşary ýurt maýa goýujylary:
- daşary ýurt edara görnüşindäki tarap, onuň Türkmenistandaky şahamçasyny we wekilhanasyny goşup;
- halkara guramasy;
- daşary ýurt döwleti;
- daşary ýurt şahsy tarap, şeýle hem maýa goýumyň amala aşyrylýan pursadynda daşary ýurt döwletiniň çäginde hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk şahs;
- Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hemişelik ýaşaýan ýeri bolan Türkmenistanyň raýaty;
3) daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhana – Türkmenistanyň kanunçylygynda beilenilen tertipde Türkmenistanyň çäginde döredilen kärhana, ol daşary ýurt maýa goýujysyna doly ýa-da Türkmenistanyň edara görnüşindäki we şahsy taraplary bilen paýly gatnaşyk esasynda degişlidir;
4) göni daşary ýurt maýa goýumlary - Türkmenistanyň çäginde döredilen ýa-da täze döredilýän kärhananyň maýalyk gorunda paýnamalaryň (paýyň, goýumyň) azyndan 10 göterimine daşary ýurt maýa goýujysy tarapyndan eýelik edilmegi, edinilmegi; Türkmenistanyň çäginde döredilýän daşary ýurt edara görnüşindäki tarapyň şahamçasynyň esasy gaznalaryna maýa goýmak;
5) maýa goýum taslamasy - döwlet standartlaryna (kadalaryna) laýyklykda işlenip taýýarlanylan taslama-smeta resminamalaryny öz içine alýan maýa goýumlaryny amala aşyrmagyň ykdysady maksada laýyklygynyň, möçberiniň we möhletleriniň esaslandyrylmasy, şeýle hem maýa goýumlaryny amala aşyrmak boýunça iş ýüzündäki hereketleriň beýany (täjirçilik meýilnamasy). Ileri tutulýan maýa goýum taslamasy – durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararynyň esasynda amala aşyrylýan maýa goýum taslamasy;
6) maýa goýum taslamasynyň özüni ödemeli möhleti - göni daşary ýurt maýa goýumyny peýdalanmak bilen maýa goýum taslamasynyň maliýeleşdirilmäge başlanan gününden başlap, ulanyş serişde geçirmeleri bolan sap girdejiniň toplanan möçberi bilen daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhananyň, daşary ýurt edara görnüşindäki tarapyň şahamçasynyň maýa goýum harajatlarynyň möçberiniň arasyndaky tapawudyň onyň ähmiýete eýe bolan gününe çenli möhlet;
7) maýa goýumy gaýtadan goýmak - daşary ýurt maýa goýujysynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhananyň daşary ýurt maýa goýumlaryndan alan peýdasynyň (girdejisiniň) Türkmenistanyň çäginde telekeçilik işiniň obýektlerine maýa goýumlaryny goýmak;
8) erkin ykdysady zona - erkin telekeçiligiň ykdysady zonasy, milli syýahatçylyk zonasy, şeýle hem erkin ykdysady zonalaryň beýleki görnüşleri, olaryň döredilmeginiň, işlemeginiň we ýatyrylmagynyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýär.
2-nji madda. Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.
2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda bellenen kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Daşary ýurt maýa goýumlaryny amala aşyrmagyň görnüşleri
Daşary ýurt maýa goýumlary şu aşakdaky görnüşlerde amala aşyrylýar:
1) Türkmenistanyň edara görnüşindäki we şahsy taraplary bilen bilelikde kärhanalara paýly gatnaşmak;
2) daşary ýurt maýa goýujylaryna doly degişli kärhanalary, daşary ýurt edara görnüşindäki taraplaryň şahamçalaryny döretmek ýa-da hereket edýän kärhanalary eýeçilige almak;
3) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen raýat dolanyşygynda çäklendirilenden başga gozgalýan we gozgalmaýan emlägi edinmek;
4) daşary ýurt karzlaryny we ssudalary bermek;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen emläk we emläk däl hukuklary edinmek.
II bap. Daşary ýurt maýa goýumlary babatynda döwlet syýasaty we ony durmuşa geçirmegiň täri
4-nji madda. Daşary ýurt maýa goýumlary babatynda dowlet syýasaty
Daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, maýa goýujylaryň Türkmenistanyň çägindäki işine ýardam etmek boýunça döwlet syýasatyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti hem-de onuň ygtyýarly eden döwlet edarasy (mundan beýläk - ygtyýarly edara) tarapyndan amala aşyrylýar.
5-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti öz ygtyýarlygynyň çäklerinde:
1) halkara maýa goýum hyzmatdaşlygy çygrynda döwlet syýasatyny
işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär;
2) daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirilmegini üpjün edýär;
3) daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek maksada laýyk bolan ileri tutulýan obýektleri, pudaklary we çäkleri kesgitleýär, şeýle hem ileri tutulýan maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek hakynda karar kabul edýär;
4) daşary ýurt maýa goýujylar, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar tarapyndan ileri tutulýan maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly maýa goýum ylalaşyklarynyň taýýarlanylyşyna we baglaşylyşyna gözegçilik edýär;
5) Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça beýleki wezipeleri amala aşyrýar.
6-njy madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlyklary
Ygtyýarly edara:
1) döwlet syýasatyny amala aşyrmak, Türkmenistanyň ykdysadyýetine göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegini höweslendirmek boýunça çäreleri işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär;
2) daşary ýurt maýa goýumlary babatynda işi utgaşdyrýar, döwletiň we täjirçiligiň hyzmatdaşlygynyň netijeli tärlerini döredýär, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen daşary ýurt maýa goýujylarynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň arasyndaky bilelikdäki hereketi üpjün edýär;
3) döwletiň paýly gatnaşmagynda, şol sanda daşary ýurt karzlaryny we grantlaryny peýdalanmagyň esasynda durmuşa geçirilýänleri goşup, daşary ýurt maýa goýumlary bolan maýa goýum taslamalaryny taýýarlamagyň we durmuşa geçirmegiň barşy hakynda maglumatlar bankyny döredýär we alyp barýar;
4) daşary ýurt maýa goýumlary bolan maýa goýum taslamalarynyň seljermeleriniň geçirilmegini guraýar, şeýle hem olaryň bellige alynmagyny geçirýär;
5) potensial daşary ýurt maýa goýujylaryna marketing-maglumat we konsalting häsiýetli hyzmatlary berýär, şeýle hem olara zerur amaly kömegi edýär;
6) daşary ýurt maýa goýujysy, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhana tarapyndan maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär;
7) halkara maliýe institutlarynyň we pul beriji ýurtlaryň serişdelerini çekmegiň monitoringini geçirýär; halkara maýa bazarlaryny öwrenýär we daşary ýurt maýa goýumlaryny mundan beýläk-de çekmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar;
8) maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak we maýa goýum işine ýardam etmek, maýa goýum töwekgelçiliklerini we edara ediş päsgelçiliklerini azaltmak baradaky teklipleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýär;
9) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, halkara hyzmatdaşlygy boýunça çäreleri geçirmäge, öňde baryjy daşary ýurt tejribesini öwrenmäge we peýdalanmaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirýär;
10) döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan daşary ýurt maýa goýumlary babatynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;
11) daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, Türkmenistanda daşary ýurt maýa goýujylaryny goldamaga we goramaga gönükdirilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.
7-nji madda. Maýa goýum taslamalaryny seljermek we bellige almak
1. Daşary ýurt maýa goýumlary bolan maýa goýum taslamasy hökmany döwlet seljerilmesine, şol sanda seýsmiki durnuklylyk, ýangyn-partlama howpsuzlyk, ekologik we sanitariýa-arassaçylyk talaplarynyň kadalaryny berjaý etmek babatynda seljerilmäge degişlidir.
2. Daşary ýurt maýa goýumlary bolan maýa goýum taslamalaryny seljermek we bellige almak, şeýle hem daşary ýurt maýa goýumlaryny amala aşyrmagyň beýleki görnüşlerini hasaba almak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär.
III bap. Daşary ýurt maýa goýujylarynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň işiniň hukuk düzgüni
8-nji madda. Daşary ýurt maýa goýujylarynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň işiniň hukuk düzgüni
1. Daşary ýurt maýa goýujylaryna, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalara milli hukuk düzgüni berilýär. Milli hukuk düzgüni diýlip, daşary ýurt maýa goýujylarynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň işiniň we maýa goýumlaryndan alnan girdejini peýdalanmagyň milli maýa goýujylaryna berlen maýa goýumlardan alnan girdejini peýdalanmagyň we işiň hukuk düzgüninden pes amatly bolup bilmejekdigine düşünilýär.
2. Erkin ykdysady zonanyň çäginde işini amala aşyrýan daşary ýurt maýa goýujylaryna, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalara amatly hukuk düzgüni berilýär. Amatly hukuk düzgüni diýlip, daşary ýurt maýa goýujylarynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň we maýa goýumlaryndan alnan girdejini peýdalanmagyň işiniň hukuk düzgünine we islendik üçünji döwletiň maýa goýumlaryna berlen, maýa goýumlaryndan alnan girdejini peýdalanylmagyň hukuk düzgüninden pes bolmadyk amatly bolmagyna düşünilýär.
3. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, daşary ýurt maýa goýujylary döredýän kärhanasynyň maýasynyň möçberini, düzümini we gurluşyny saýlamakda erkindirler.
4. Maýa goýum işiniň çäklendirilýän ýa-da gadagan edilýän işiň görnüşleri we (ýa-da) çäkleri, şeýle hem daşary ýurt maýa goýujylary üçin beýleki çäklendirmeler diňe Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň esaslaryny goramak, goranmak ukyplylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen gerek bolan derejede Türkmenistanyň kanunlary bilen bellenilip bilner.
5. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynyň üýtgemegi daşary ýurt maýa goýujylaryň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň işiniň hukuk düzgünini ýaramazlaşdyrýan gadaganlyklara we çäklendirmelere getirse, onda daşary ýurt maýa goýumlarynyň bellige alnan pursadynda hereket eden Türkmenistanyň kanunçylygy olar babatda on ýylyň içinde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararynyň esasynda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirýän daşary ýurt edara görnüşindäki taraplaryň kärhanalary, daşary ýurt edara görnüşindäki taraplaryň şahamçalary üçin bolsa ol bellige alnan mahalynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde mälim edilen maýa goýum taslamasynyň özüni ödeýjilik döwrüniň içinde ulanylýar.
Şu bölümiň düzgünleri Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna hem degişlidir.
Şu bölümiň düzgünleri konstitusion gurluşyň esaslaryny goramak, döwletiň goranmak ukybyny we howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylygy üýtgedilen mahalynda ulanylmaýar.
6. Türkmenistanyň hojalygy ýörediji subýektleri üçin öz çäginde maýa goýmagyň hukuk düzgünini çäklendirýän döwletiň daşary ýurt maýa goýumlary babatynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kybapdaş çäklendirmeler bellenilip bilner.
9-njy madda. Gümrük ýeňillikleri
1. Türkmenistana getirilýän emläk gümrük pajyny almakdan boşadylýar:
1) daşary ýurt maýa goýujysynyň mälim eden sanawyna laýyklykda daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhananyň maýalyk goruna, daşary ýurt edara görnüşindäki tarapyň şahamçasynyň esasy gaznalaryna goýum hökmünde;
2) maýa goýumlary hökmünde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlaryna laýyklykda baglaşylan halkara şertnamalarynyň we kontraktlaryň esasynda daşary ýurt maýa goýujylary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar tarapyndan.
Şu maddanyň 2-nji bendinde görkezilen emläk degişli şertnama bilen bellenilen maýa goýum taslamasynyň özüni ödeýjilik möhletiniň içinde gümrük pajyny almakdan boşadylýar.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen emläk aýrybaşgalanan mahalynda ol Türkmenistana getirilenden soň üç ýylyň içinde olaryň töleginiň bökdelmegi üçin hasaplanan puşmana puluny goşmak bilen gümrük paçlarynyň pul möçberlerini tutup almak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
3. Şu maddanyň birinji böleginiň ikinji bendinde görkezilen emlägiň gümrük resmileşdirilmegi üçin gümrük ýygymlary alynmaýar.
10-njy madda. Daşary ýurt maýa goýumlaryny salgyt taýdan düzgünleşdirmek
Daşary ýurt maýa goýujylaryna, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalara salgyt ýeňillikleriniň berilmegini goşmak bilen olara salgyt salmak Salgytlar hakynda Türkmenistanyň Bitewi kanuny tarapyndan bellenilýär.
11-nji madda. Daşary ýurt maýa goýumlaryny höweslendirmegiň beýleki çäreleri
1. Daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar, daşary ýurt edara görnüşindäki taraplaryň şahamçalary öz öndüren önümini (işlerini, hyzmatlaryny) ygtyýarnamasyz eksport etmek we öz hajatlary üçin önümini (işleri, hyzmatlary) import etmek hukugyna eýedirler.
2. Erkin ykdysady zonanyň çäginde işini amala aşyrýan daşary ýurt maýa goýujylary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar maýa goýum taslamalarynyň özüni ödeýjilik möhletine baglylykda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýer böleklerini kärendesine almak hukugyna eýedirler.
3. Maýa goýum taslamalaryny, şeýle hem erkin ykdysady zonada obýektleri gurýan we ulanýan daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalary, daşary ýurt edara görnüşindäki taraplaryň şahamçalaryny we wekilhanalaryny bellige almak bellige alyş ýygymlaryny almazdan geçirilýär.
4. Erkin ykdysady zonanyň çäginde işini amala aşyrýan daşary ýurt maýa goýujylary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar şu aşakdakylardan boşadylýarlar:
1) konsullyk we bellige alyş ýygymlaryny tölemekden;
2) şertnamalaryň bellige alnandygy üçin birža ýygymlaryny tölemekden;
3) ygtyýarnamanyň berilmegi we onuň gaýtadan resmileşdirilmegi üçin döwlet pajyny tölemekden;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde we şertlerde ýer bölekleri üçin kärende töleginden;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen býujetden daşary gaznalara peýdadan serişde geçirmelerden.
5. Daşary ýurt maýa goýujylar, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar, şeýle hem erkin ykdysady zonanyň çäginde obýektleri gurmak we ulanmak boýunça işi amala aşyrýan olaryň potratçylary we kömekçi potratçylary tarapyndan Türkmenistana getirilýän enjamlaryň we materiallaryň güwälendirmesi güwänama hyzmatlary üçin töleg almazdan geçirilýär.
6. Daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar, daşary ýurt edara görnüşindäki taraplaryň şahamçalary bahalary döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän önümlerden (işlerden, hyzmatlardan) başga, öz öndürýän önümlerini (işlerini, hyzmatlaryny) ýerlemegiň şertlerini özbaşdak kesgitleýärler.
7. Durnukly ykdysady ösüşi, ýurduň ykdysadyýetiniň progressiw gurluş üýtgetmelerini, eksport mümkinçiliginiň pugtalandyrylmagyny we artdyrylmagyny, şeýle hem ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän ileri tutulýan maýa goýum taslamalary konsessiýa şertnamalary boýunça Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň bähbitlerine Türkmenistanyň kanunçylygy bilen daşary ýurt maýa goýujylary we daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar üçin beýleki ýeňillikler bellenilip bilner.
12-nji madda. Telekeçilik işine başlamak we bes etmek
Daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanany, daşary ýurt edara görnüşindäki tarapyň şahamçasyny we wekilhanasyny döretmek, döwlet tarapyndan bellige almak, şeýle hem ýatyrmak, daşary ýurt şahsy tarapyň we hususy telekeçi hökmünde raýatlygy bolmadyk şahsyň işini döwlet tarapyndan bellige almak we bes etmek Türkmenistanyň kanımçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
13-nji madda. Zähmet-hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek
1. Daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhananyň, daşary ýurt edara görnüşindäki tarapyň şahamçasynyň we olaryň işgärleriniň, şol sanda Türkmenistanyň raýatlary bolup durmaýan işgärleriň arasyndaky zähmet hukuk gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
2. Daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhananyň, daşary ýurt edara görnüşindäki tarapyň şahamçasynyň Türkmenistanyň raýatlary bolup durmaýan işgärleri tarapyndan hukuga laýyk alnan iş haky, hak-heşdegi we beýleki pul möçberleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň çäklerinden daşary geçirilip bilner.
14-nji madda. Durmuş ätiýaçlandyrmasy we durmuş üpjünçiligi
Daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar, daşary ýurt edara görnüşindäki taraplaryň şahamçalary:
1) Türkmenistanyň raýatlary bolup durýan öz işgärleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna ätiýaçlandyryş gatançlarynyň serişde geçirmelerini geçirýärler;
2) daşary ýurt şahsy tarap ýa-da raýatlygy bolmadyk şahs bolup durýan işgär üçin durmuş ätiýaçlandyrmasy we durmuş üpjünçiligi boýunça tölegleri onuň raýatlygynyň ýa-da hemişelik ýaşaýan döwletiniň degişli gaznalaryna geçirmäge haklydyrlar.
15-nji madda. Daşary ýurt maýa goýumlarynyň ätiýaçlandyrmasy
Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, daşary ýurt maýa goýujylarynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň emlägini we töwekgelçiliklerini ätiýaçlandyrmak olaryň islegi boýunça amala aşyrylýar.
16-njy madda. Daşary ýurt maýa goýujylary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar tarapyndan sap ýürekli bäsleşigiň berjaý edilmegi
Daşary ýurt maýa goýujylary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar ynsapsyz bäsleşige, şol sanda Türkmenistanyň çäginde ýokary islegden peýdalanýan haýsydyr bir harydy öndürmek üçin kärhanany döretmek, soňra bolsa daşary ýurtda gelip çykan şu zeýilli harydy bazara ilerletmek maksady bilen onuň işini bes etmek, şeýle hem Türkmenistandaky beýleki hojalygy ýörediji subýektleriň hukuklaryny çäklendirýän harydyň bahalary hakynda ýa-da ony ýerlemek bazarlaryny paýlamak hakynda ylalaşyk baglaşmak arkaly ýaramaz bäsleşige ýol bermezlige borçludyrlar.
17-nji madda. Hasaba alyş we hasabatlylyk
Türkmenistanyň çägindäki daşary ýurt maýalary bolan kärhanalaryň, daşary ýurt edara görnüşindäki taraplaryň şahamçalarynyň we wekilhanalarynyň hasapçylyk, statistik hasaba alşy we hasabatlylygy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde alnyp barylýar.
18-nji madda. Daşary ýurt maýa goýumlaryna baha bermek
Daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhananyň maýalyk goruna we daşary ýurt edara görnüşindäki tarapyň şahamçasynyň esasy gaznalaryna goýumlara baha bermek, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň milli pulunda geçirilýär.
IV bap. Daşary ýurt maýa goýumlaryny goramagyň döwlet kepillendirmeleri
19-njy madda. Daşary ýurt maýa goýujylarynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň işiniň hukuk goragynyň kepillendirmeleri
1. Türkmenistanyň çägindäki daşary ýurt maýa goýujylaryna, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalara, şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hukuklarynyň we bähbitleriniň goragy kepillendirilýär.
2. Ilkibaşda Türkmenistanyň çägine resminama görnüşinde ýa-da elektron göterijilerde ýazgylar görnüşinde daşary ýurt maýa goýumlary hökmünde emlägi we maglumaty getiren we ony bellige aldyran daşary ýurt maýa goýujylary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar görkezilen emlägi we maglumaty Türkmenistanyň çäklerinden daşyna päsgelçiliksiz çykarmak (möçberini bellemezden, ygtyýarnama almazdan we daşary söwda işini nyrhsyz düzgünleşdirmegiň beýleki çärelerini olar üçin ulanmazdan) hukugyna eýedirler.
3. Daşary ýurt maýa goýujylary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt maýa goýumlary bolan maýa goýum taslamasynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhananyň bellige alnan gününden başlap şu Kanunda bellenen hukuk goragyna, kepillendirmelerine we ýeňilliklerine eýe bolýarlar.
4. Daşary ýurt maýa goýujylary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar daşary ýurt maýa goýumlaryndan alnan girdejini gaýtadan maliýeleşdirmegi amala aşyranlarynda şu Kanunda bellenen hukuk goragyndan, kepillendirmelerden we ýeňilliklerden doly möçberde peýdalanýarlar.
5. Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýan hojalyk işine gatyşmaga haky ýokdur.
Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary daşary ýurt maýa goýujylary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmalarynyň faktlaryny ýüze çykaranlarynda öz ygtyýarlarynyň çäklerinde diňe anyk düzgün bozulmagyny düzetmek bilen göni baglanyşykly çäreleri görmäge haklydyrlar we düzgün bozmagyň faktyny daşary ýurt maýa goýujylaryň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň kanuny işine gatyşmak, togtatmak ýa-da çäklendirmek üçin esas hökmünde peýdalanmaga haky ýokdur.
6. Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň şu Kanuna ters gelýän, daşary ýurt maýa goýujylarynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň hukuklaryny bozýan namalary hakyky däl diýlip hasap edilýär, olara esaslanan hereketler bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bikanun diýlip hasap edilýär.
20-nji madda. Rugsatnama düzgünini we Türkmenistanyň çäginde bolmagy üpjün etmegiň kepillendirmeleri
1. Daşary ýurt şahsy taraplar we raýatlygy bolmadyk şahslar, şeýle hem daşary ýurt maýa goýujylary bolup durýan daşary ýurt edara görnüşindäki taraplaryň, halkara guramalarynyň we daşary ýurt döwletleriniň wekilleri, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalarda, daşary ýurt şahsy tarapyň şahamçalarynda we wekilhanalarynda işleýän daşary ýurt döwletleriniň raýatlary we maýa goýum işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly Türkmenistanda bolýan olaryň maşgala agzalary şu aşakdaky hukuklara eýedirler:
1) bir ýyldan az bolmadyk möhlet bilen köp gezekli rugsatnamalary almak;
2) Türkmenistanyň bütin çägi boýunça ondan-oňa erkin gitmek, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bolmagyň şertleri we tertibi bellenilýän ýerler muňa degişli däldir.
Erkin ykdysady zonanyň çäginde obýektleriň gurulýan we ulanylýan döwri üçin Türkmenistana işe gelýän daşary ýurt maýa goýujylary bolup durýan daşary ýurt şahsy taraplaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara, şeýle hem olaryň wekillerine, daşary ýurt edara görnüşindäki taraplaryň, halkara guramalarynyň we daşary ýurt döwletleriniň wekillerine, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalarda, daşary ýurt edara görnüşindäki tarapyň şahamçalarynda we wekilhanalarynda işleýän daşary ýurt döwletleriniň raýatlaryna giriş rugsatnamalary we rugsatlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanan çaltlandyrylan tertipde berilýär.
2. Daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalara doly eýelik edýän, daşary ýurt maýa goýujylary bolup durýan daşary ýurt şahsy taraplary we raýatlygy bolmadyk şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde Türkmenistanda hemişelik ýaşamak ýerine bolan hukuga eýedirler.
21-nji madda. Girdejileri we peýdany Türkmenistanyň çäginde peýdalanmagyň we Türkmenistanyň çäklerinden daşyna geçirmegiň kepillendirmeleri
1. Daşary ýurt maýa goýujylary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar Türkmenistanyň çägindäki banklarda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda milli we daşary ýurt pulundaky bank hasaplaryny açmak hukugyna eýedirler.
2. Daşary ýurt maýa goýujylary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde salgytlar we beýleki hökmany tölegler tölenenden soň Türkmenistanyň çäginde girdejileri we peýdany erkin peýdalanmak, şol sanda Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän maksatlara gaýtadan maýa goýmak üçin, şeýle hem özüniň öň amala aşyran maýa goýumlary bilen baglanyşykly daşary ýurt pulundaky girdejilerini, peýdasyny we beýleki kanuny alnan pul möçberlerini Türkmenistanyň çäklerinden daşyna päsgelçiliksiz geçirmek hukugyna eýedirler, şol sanda:
1) daşary ýurt maý goýumlaryndan peýda, diwidendler, göterimler we beýleki girdejiler görnüşinde alnan girdejiler;
2) daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhananyň ýa-da daşary ýurt kärhanasynyň şahamçasynyň şertnamalar we gaýry geleşikler boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin pul möçberlerini;
3) daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanany ýatyrmak bilen ýa-da maýa goýlan emlägi, emläk hukuklaryny we intellektual işiň netijeleri üçin aýratyn hukuklary aýrybaşgalamak bilen baglanyşykly daşary ýurt maýa goýujysy tarapyndan alnan pul möçberleri;
4) şu Kanunyň 26-njy maddasynda göz öňünde tutulan öwezini dolmalary.
3. Pul serişdelerini başga pula öwürmek, şeýle hem Türkmenistana we Türkmenistandan daşyna daşary ýurt maýa goýumlary bilen baglanyşykly daşary ýurt pulundaky pul geçirimleri daşary ýurt maýa goýujylary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
22-nji madda. Daşary ýurt maýa goýujylarynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň hukuklarynyň we borçlarynyň başga tarapa geçmeginiň kepillendirmeleri
1. Daşary ýurt maýa goýujylary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar şertnama boýunça öz hukuklaryny we borçlaryny bermäge, şol sanda talaplary geçirmäge we Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda başga tarapa bergini geçirmäge haklydyrlar.
2. Eger daşary ýurt döwleti ýa-da onuň ygtyýarly eden döwlet edarasy daşary ýurt maýa goýujylarynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň özleriniň Türkmenistanyň çäginde amala aşyrýan maýa goýumlary babatynda daşary ýurt maýa goýujysynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhananyň peýdasyna berlen kepillendirme (ätiýaçlandyryş şertnamasy) boýunça töleg geçirseler we bu daşary ýurt döwletine ýa-da onuň ygtyýarly eden döwlet edarasyna görkezilen maýa goýumlary üçin daşary ýurt maýa goýujylarynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň hukuklary geçse (talaplar berilse), onda Türkmenistan görkezilen daşary ýurt döwletiniň we Türkmenistanyň gatnaşyjylar bolup durýan halkara şertnamasyna laýyklykda hukuklaryň şeýle geçmeginiň (talaplaryň berilmeginiň) kanuna laýyklygyny ykrar edýär.
23-nji madda. Intellektual eýeçilik hukuklaryny goramagyň kepillendirmeleri
Daşary ýurt maýa goýujylarynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň intellektual eýeçilik hukuklaryny amala aşyrmak we olaryň goragy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üpjün edilýär.
24-nji madda. Daşary ýurt maýa goýujylarynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň maglumata elýeterliliginiň kepillendirmeleri
1. Daşary ýurt maýa goýujylary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde maglumata bolan elýeterlilik hukugyna eýedirler.
2. Daşary ýurt maýa goýujylarynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň bähbitlerine haýsydyr bir görnüşde täsir edýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary olara elýeter bolmalydyr, Türkmenistanyň kanunçylygynda gös-göni göz öňünde tutulan halatlarda bolsa çap edilmelidir.
25-nji madda. Maýa goýum işini bes etmek bilen baglanyşykly daşary ýurt maýa goýumlaryny gaýtarmagyň kepillendirmeleri
1. Daşary ýurt maýa goýujylary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar Türkmenistanda maýa goýum işini bes etmek hukugyna eýedirler.
Maýa goýum işi bes edilenden soň daşary ýurt maýa goýujylary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar daşary ýurt maýa goýumlaryny amala aşyrmagyň netijesinde alnan öz aktiwleriniň pul ýa-da natural görnüşde Türkmenistan we beýleki kreditorlar babatda daşary ýurt maýa goýujylarynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegi üçin zyýan ýetirmezden erkin yzyna gaýtarmak hukugyna eýedirler.
2. Daşary ýurt maýa goýujylarynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň serişdelerini yzyna gaýtarmak Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen halatlarda kazyýetiň çözgüdiniň esasynda togtadylyp bilner.
26-njy madda. Emläk muzduny töläp mejbur alnan mahalynda öwezini dolmalaryň kepillendirmeleri
1. Tebigy betbagtçylyklary, awariýalary, epidemiýalary, epizootiýalary we olaryň netijelerini goşmak bilen adatdan daşary häsiýete eýe bolan ýagdaýlary ýeňip geçmek maksady bilen daşary ýurt maýa goýujylarynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň emläginiň muzduny töläp mejbury alynmagyna diňe kanunda göz öňünde tutulan halatlarda rekwizisiýa görnüşinde ýol berilýär.
2. Rekwizisiýanyň geçirilen ýagdaýlarynyň hereketi togtadylan mahalynda daşary ýurt maýa goýujylary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar saklanyp galan emlägiň gymmatyny aşaklatmazdan gelen ýitgileri tutup almak bilen rekwizirlenen emläk üçin öz alan öwezini dolmagyň möçberlerini gaýtarmak şerti bilen saklanyp galan emlägiň gaýtarylmagyny talap etmäge haklydyrlar.
3. Daşary ýurt maýa goýujylarynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärahanalaryň emlägi rekwizisiýa edilen mahalynda öwezini dolmalar:
1) gaýra goýmazdan daşary ýurt pulunda geçirilmelidir we maýa goýujynyň islegi boýunça daşary ýurda geçirilýär;
2) rekwizisiýa hakynda kararyň kabul edilen pursadynda maýa goýumlarynyň bazar gymmatyna laýyk gelmelidir.
4. Rekwizirlenýän emläge we onuň gymmatyny aşaklatmakdan gelýän ýitgilere baha bermek, Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenýän tertipde ygtyýarly edara ýa-da garaşsyz baha kesiji tarapyndan geçirilýär.
5. Emlägiň rekwizisiýasynyň kanunylygy, emläk rekwizisiýa edilen mahalynda ýitgileriň öwezini dolmak hakyndaky jedelleri çözmek şu Kanunyň 29-njy maddasynda göz öňünde tutulan tertipde geçirilýär.
V bap. Daşary ýurt maýa goýumlary hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik. Jedelleri çözmek
27-nji madda. Daşary ýurt maýa goýumlary hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik
1. Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň Türkmenistanyň daşary ýurt maýa goýumlary hakyndaky kanunçylygyny bozýan wezipeli adamlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
2. Daşary ýurt maýa goýujylary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar Türkmenistanyň çäginde maýa goýum işini amala aşyranlarynda Türkmenistanyň kanunçylygyny, şeýle hem maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý etmelidirler.
Türkmenistanyň kanunçylygy we şertnamalaýyn borçnamalar bozulan mahalynda daşary ýurt maýa goýujylary we daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar Türkmenistanyň kanunçylygyna we baglaşylan şertnamanyň şertlerine laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
3. Çekilen serişdeleri, emläk hukuklaryny goşmak bilen daşary ýurt maýa goýujylarynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň emlägi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde olar tarapyndan borçnamalary üpjün etmegiň serişdeleri hökmünde peýdalanylyp bilner.
4. Daşary ýurt edara görnüşindäki tarap özüniň Türkmenistanyň çäginde döreden şahamçasynyň we wekilhanasynyň işi üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde jogapkärçilik çekýär.
28-nji madda. Daşary ýurt maýa goýumlary boýunça Türkmenistanyň jogapkärçiligi
Türkmenistan daşary ýurt maýa goýujylarynyň, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalaryň borçnamalary boýunça jogap bermeýär, bu borçnamalaryň döwlet tarapyndan kepillendirilen halatlary muňa degişli däldir.
29-njy madda. Jedelleri çözmek
Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt maýa goýumlaryny amala aşyrmak bilen baglanyşykly ýüze çykýan jedeller, gepleşikler ýa-da Türkmenistanyň Araçy kazyýetinde garamak arkaly ýa-da taraplaryň ylalaşygy boýunça bitarap kazyýetinde çözülýär.
VI bap. Jemleýji düzgünler
30-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun onuň resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. Şu Kanunyň güýje giren gününden başlap 1992-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 19-ynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanda daşary ýurt inwestisiýalary hakynda» Türkmenistanyň kanunyny, oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen ähli soňraky kanunlary ýa-da olaryň degişli bölümlerini güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
3. Şu Kanuna ters gelýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanunyň güýje giren gününden başlap bir aýyň içinde şu Kanuna laýyk getirilmäge degişlidir.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri
2008-nji ýylyň 3-nji marty
№ 184-III