Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Daýhan birleşikleri hakynda
1995-nji ýylyň 15-nji iýuny
(rejelenen görnüşi 2007-nji ýylyň 30-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary¸ 2007 ý., № 1, 38-nji madda)
(03.05.2014 ý. № 85-V, 23.05.2015 ý. № 238-V, 03.06.2017 ý. № 578-V, 02.03.2019 № 131-VI, 13.11.2021 № 431-VI Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun daýhan birleşiklerini döretmegiň we olaryň işiniň ykdysady, hukuk hem-de durmuş esaslaryny kesgitleýär.
I bap. Umumy düzgünlEr
1-nji madda. Daýhan birleşigi
Daýhan birleşigi – munuň özi oba hojalyk önümçiligini guramak we alyp barmak üçin döredilýän, gatyşyk (birleşen) eýeçilige esaslanýan ýuridik şahsdyr.
2-nji madda. Daýhan birleşiginiň wezipeleri
Daýhan birleşiginiň esasy wezipeleri şu aşakdakylardan ybaratdyr:
- oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we ýerlemek;
- öz emläginiň we ygtyýarlyklarynyň çäklerinde oba hojalyk önümçiligini netijeli guramak;
- oba hojalyk önümleriniň esasy görnüşleri boýunça şertnamalaýyn borçnamalary ýerine ýetirmek;
- özüne berkidilen ýerleri we beýleki tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak esasynda giňeldilen üznüksiz önümçiligi alyp barmak;
- öz önümçilik we maddy-tehniki binýadyny ösdürmek hem-de pugtalandyrmak, oba hojalyk önümçiligine ylmy-tehniki ilerlemäniň, öňde baryjy tejribäniň we iň täze tehnologiýalaryň gazananlaryny ornaşdyrmak, oba hojalyk çig malyny saklamak we gaýtadan işlemek boýunça işe girizilýän desgalary netijeli peýdalanmak hem-de onuň esasynda taýýar önümi öndürmek;
- oba hojalygynda önümçilik we zähmet bileleşmesini, oba hojalyk-senagat goşulyşmasyny ösdürmäge ýardam edýän guramaçylyk-ykdysady çäreleri durmuşa geçirmek;
- obada ýerli çig maly we önümçiligiň galyndylaryny gaýtadan işleýän kärhanalaryň, sehleriň ulgamyny ösdürmek, ýyladyşhanalary we oba ilatyna hyzmat etmek boýunça beýleki birleşmeleri gurmak arkaly täze iş orunlaryny döretmek;
- oba ilatynyň zähmet we durmuş şertlerini gowulandyrmak.
3-nji madda. Daýhan birleşigine agzalyk
1. Birleşigiň önümçilik işine gös-göni gatnaşýan, 18 ýaşy dolan raýatlar ýaşaýan ýerine garamazdan, daýhan birleşiginiň agzasy bolup bilerler.
2. Daýhan birleşigine agzalyk meýletindir. Daýhan birleşigine agzalyk berlen arzanyň esasynda ýüze çykýar.
3. Daýhan birleşigiň agzalary ýanaşyk ýerleşen ekin meýdanlarynda ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekin dolanyşygyny girizmek we ähli agrotehniki çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, kärendeçileriň toparlaryna meýletin birleşip bilerler.
4-nji madda. Daýhan birleşigi hakynda kanunçylyk
Daýhan birleşigini döretmek we onuň işi bilen baglanyşykly gatnaşyklar şu Kanun, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan, şu meseleler baradaky düzgünleri jemleýän daýhan birleşiginiň mysaly Tertipnamasy, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
II bap. Daýhan birlEşiginiň hojalyk işiniň Esaslary
5-nji madda. Işiň ykdysady esasy
1. Daýhan birleşiginiň işiniň ykdysady esasy şu aşakdakylardan ybaratdyr:
- döwlet tarapyndan peýdalanylmaga berilýän ýer, esasy gaznalar we beýleki emläk;
- pul serişdeleri we beýleki maliýe aktiwleri;
- hojalyk işiniň netijesinde öndürilen önüm;
- alnan girdejiler;
- kanunda gadagan edilmedik esaslarda edinilen beýleki maddy gymmatlyklar.
2. Döwlet tarapyndan daýhan birleşigine berlen ýer, esasy gaznalar we beýleki emläk degişlilikde peýdalanmak we hojalygy ýöretmek hukugynda oňa degişlidir hem-de olar bölünmäge degişli däldir.
3. Daýhan birleşiginiň öz serişdeleriniň hasabyna edinen maddy gymmatlyklary, alan girdejileri, şeýle hem birleşigiň ygtyýarynda galýan önüm onuň eýeçiligine degişlidir.
6-njy madda. Işiň maliýe esasy we karz gatnaşyklary
1. Daýhan birleşiginiň maliýe serişdeleri kärendeçileriň we beýleki önüm öndürijileriň hem-de ýerden peýdalanyjylaryň girdejilerinden Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän möçberlerde geçirimleriň, şeýle hem öz işiniň ähli görnüşlerinden, karzlaryndan, ssudalaryndan we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki gelip gowuşýan ähli girdejileriň hasabyna döredilýär.
2. Daýhan birleşigi özüne degişli maliýe serişdelerini özbaşdak peýdalanýar we hasaplaşyklar boýunça borçnamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.
3. Daýhan birleşigi giňeldilen üznüksiz önümçiligi maliýe taýdan üpjün etmäge niýetläp öz girdejileriniň hasabyna ýörite maksatly önümçiligi ösdüriş, durmuşy ösüş we ätiýaçlyk gaznalaryny döretmäge haklydyr.
4. Salgytlary, şeýle hem beýleki hökmany tölegleri tölemek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
5. Daýhan birleşigi özüniň durmuşy ösüş, ätiýaçlyk gaznalaryndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kesgitlän tertibinde geňeşligiň çägindäki obalarda durmuş-jemagat maksatly desgalaryň gurluşygyny we abatlanylmagyny maliýeleşdirmäge niýetlenen serişdeleri degişli Geňeşiň hasabyna bölüp berip biler.
7-nji madda. Nyrhlar we nyrhyň emele gelmegi
1. Daýhan birleşiginiň öndüren önümi bazar we döwlet satyn alyş nyrhlary boýunça ýerlenilýär.
2. Döwlet satyn alyş nyrhlary we şol nyrhlar boýunça ýerlenilýän önümleriň görnüşleriniň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
3. Kärendeçi şertnamalaýyn we beýleki borçnamalaryny ýerine ýetirenden soň öz ygtyýarynda galýan önümleri erkin bazar bahalary bilen özbaşdak ýerläp biler.
8-nji madda. Daýhan birleşiginiň hojalyk işini guramak
1. Daýhan birleşigi öz işiniň ugruny özbaşdak saýlaýar we ony öz ösüşiniň geljegini hasaba almak bilen esasy oba hojalyk önümini öndürmek we satyn almak üçin şertnamalaýyn borçnamalara laýyklykda meýilleşdirýär.
2. Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary şertnamalaýyn borçnamalary ýerine ýetirmek üçin daýhan birleşikleriniň tehniki hyzmatlar, dökünler, suw serişdeleri, beýleki zerur serişdeler bilen bellenilen tertipde tölegli esasda üpjün edilmegini guraýarlar.
3. Daýhan birleşigini suw, tohum, dökün, himikatlar, ýerleri işläp bejermek we hasyly ýygnamak işlerini tehnika bilen üpjün etmekde hyzmat edýän guramalar şertnamalaýyn borçnamalaryň öz wagtynda we doly möçberde ýerine ýetirmedik halatynda, şonuň ýaly-da daýhan birleşikleri hem hyzmat edýän guramalaryň işine bökdençlik döreden halatynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýärler.
4. Daýhan birleşigi ýeri, maly we beýleki serişdeleri birleşigiň agzalaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan şertlerde we tertipde kärendesine bermäge haklydyr.
5. Daýhan birleşiginiň şahsy we edara görnüşli taraplar bilen hojalyk-önümçilik gatnaşyklary şertnamalaýyn esasda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
6. Daýhan birleşiginiň batyp galmagy diýlip ykrar edilmeginiň ýa-da yglan edilmeginiň esaslary "Bergidarlaryň batyp galmagy hakynda" Türkmenistanyň Kanuny tarapyndan kesgitlenilýär.
7. Daýhan birleşikleri umumy maksatlara ýetmek üçin öz islegleri boýunça beýleki kärhanalaryň işine paýly esasda gatnaşyp bilerler, şunda daýhan birleşikleri edara görnüşli tarapyň hukuklaryny we borçlaryny saklaýarlar.
81-nji madda. Daýhan birleşiginiň emlägi
1. Daýhan birleşiginiň esasy gaznalary we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik girdejilerden we beýleki çeşmelerden emele gelýän başga emläkleri bolup biler.
2. Daýhan birleşiginiň emlägini dolandyrmak onuň Tertipnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.
3. Döwlet eýeçiliginiň hasabyna döredilen daýhan birleşiginiň esasy gaznalary we beýleki emläkleri döwlet tarapyndan peýdalanylmaga berilýär we olary hususylaşdyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
4. Eýeçiligiň döwlete degişli bolmadyk görnüşleriniň esasynda döredilen daýhan birleşiginiň esasy gaznalaryna we beýleki emläklerine eýelik etmek, peýdalanmak we ygtyýar etmek daýhan birleşigiň Tertipnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.
5. Oba hojalyk maksatly ýerler daýhan birleşigine döwlet tarapyndan hemişelik peýdalanmaga berlip bilner.
9-njy madda. Daýhan birleşiginiň ýerleşýän geňeşliginiň çäginde ýaşaýan raýatlara şahsy kömekçi hojalygyny ýöretmek üçin mellek ýerlerini bermek
1. Daýhan birleşiginiň agzalarynyň maşgalalaryna, şeýle hem işi şu geňeşligiň çäginde ýaşaýan ilata hyzmat etmek bilen baglanyşykly mugallymlaryň, lukmanlaryň we beýleki hünärmenleriň maşgalalaryna, oba ýerlerinde ýaşaýan pensionerleriň we maýyplaryň maşgalalaryna şahsy kömekçi hojalygyny ýöretmek üçin ömürlik miras geçip biljek mellek ýerleri berilýär.
2. Mellek ýerlerini bermegiň we oňa eýelik etmäge bolan hukukdan mahrum etmegiň tertibi we şertleri, şeýle hem olaryň möçberleri Türkmenistanyň ýer kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
III bap. Daýhan birlEşiginiň işiniň
guramaçylyk-hukuk esaslary
10-njy madda. Daýhan birleşigini döretmek we onuň
işini bes etmek
1. Daýhan birleşigi etrap, şäher häkiminiň teklipnamasy esasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, welaýat häkiminiň karary bilen döredilýär. Daýhan birleşigi döredilende oňa at dakylýar.
2. Daýhan birleşiginiň işini bes etmek, üýtgedip guramak, adyny üýtgetmek şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar.
11-nji madda. Daýhan birleşigini bellige almak
1. Daýhan birleşigini bellige almak welaýat häkiminiň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
2. Daýhan birleşigi onuň döwlet tarapyndan bellige alnanlygy hakyndaky şahadatnamany alan pursadyndan başlap döredilen diýlip hasap edilýär we edara görnüşli tarapyň hukuk derejesine eýe bolýar.
12-nji madda. Daýhan birleşigini dolandyrmagyň esaslary
1. Daýhan birleşigi şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryna we daýhan birleşiginiň Tertipnamasyna laýyklykda dolandyrylýar.
2. Daýhan birleşigini dolandyryjylar şu aşakdakylardyr:
- daýhan birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagy;
- daýhan birleşiginiň Topary;
- daýhan birleşiginiň başlygy.
3. Daýhan birleşigini dolandyryjylaryň hukuklary we borçlary şu Kanun, Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalary we daýhan birleşiginiň Tertipnamasy bilen kesgitlenilýär.
4. Oba hojalyk önümçiliginiň görnüşleri we ugurlary boýunça ýörüteleşdirilen daýhan birleşiklerini dolandyrmak we olaryň hojalyk işini guramak Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanan düzgünlere laýyklykda amala aşyrylýar.
13-nji madda. Daýhan birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagy
1. Daýhan birleşiginiň ýokary dolandyryjysy daýhan birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagydyr. Daýhan birleşigi onuň agzalarynyň ýyllyk we nobatdan daşary umumy ýygnaklaryny geçirýär.
2. Daýhan birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagyna onuň agzalarynyň üçden iki bölegi gatnaşýan bolsa, onda umumy ýygnak doly ygtyýarly hasap edilýär we onuň kararlary açyk ýa-da gizlin ses bermek arkaly, sesleriň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär.
3. Daýhan birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagyny çagyrmagyň we geçirmegiň tertibi daýhan birleşiginiň Tertipnamasyna laýyklykda kesgitlenýär.
4. Daýhan birleşiginiň agzalarynyň ýyllyk umumy ýygnagy daýhan birleşiginiň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan möhletde, ýöne daýhan birleşiginiň maliýe ýyly gutarandan soň üç aýdan gijä goýman geçirilmelidir.
5. Daýhan birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnaklarynyň ygtyýarlyklaryna şular degişlidir:
- Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan daýhan birleşiginiň mysaly Tertipnamasynyň esasynda daýhan birleşiginiň Tertipnamasyny tassyklamak hem-de oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek;
- daýhan birleşigini üýtgedip guramak, ýatyrmak barada etrap we welaýat häkimlerine teklipleri bermek;
- daýhan birleşiginiň Toparynyň düzüminiň sanyny kesgitlemek, onuň agzalaryny saýlamak we olaryň ygtyýarlyklaryny möhletinden öň ýatyrmak;
- daýhan birleşiginiň başlygyny we onuň orunbasarlaryny wesipä saýlamak we wezipesinden boşatmak;
- daýhan birleşiginiň diwanynyň wezipe sanawyny we diwanyny saklamak üçin çykdajylaryny tassyklamak;
- daýhan birleşiginiň ýyllyk maliýe netijelerini ara alyp maslahatlaşmak we girdejini ulanmagyň ugurlaryny kesgitlemek;
- daýhan birleşiginiň Maýalyk gorunyň möçberini artdyrmak ýa-da kemeltmek;
- daýhan birleşiginiň ýörite maksatly önümçiligi ösdüriş, durmuşy ösüş we ätiýaçlyk gaznalaryny döretmek, olara serişde göýbermek we ol serişdeleri peýdalanmak meselelerine garamak hem tassyklamak;
- başga guramalara we birleşiklere paýly esasda gatnaşmak meselesine garamak we tassyklamak;
- şu Kanunda we daýhan birleşiginiň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan beýleki meseleleri çözmek.
14-nji madda. Daýhan birleşiginiň Topary
1. Daýhan birleşiginiň Topary önümçilik we beýleki meseleleri çözmek maksady bilen, daýhan birleşiginiň umumy ýygnagy tarapyndan daýhan birleşiginiň agzalaryndan saýlanylýar. Topara daýhan birleşiginiň başlygy ýolbaşçylyk edýär. Daýhan birleşiginiň Toparynyň maslahatyna onuň agzalarynyň üçden iki bölegi gatnaşan ýagdaýynda, ol doly ygtyýarly hasap edilýär. Onuň çözgütleri maslahata gatnaşan agzalarynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär.
2. Toparyň ygtyýarlyklary:
- daýhan birleşiginiň işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek;
- daýhan birleşiginiň alyp barýan işine gözegçiligi amala aşyrmak;
- daýhan birleşigi tarapyndan şu Kanunyň, Türkmenistanyň ýer we suw hakyndaky kanunçylygynyň, "Daýhan hojalygy hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň we beýleki kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek;
- daýhan birleşigine agzalyga kabul etmek barada raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak we olary agzalyga kabul etmek barada çözgüt çykarmak;
- ýeriň we malyň kärendä berilmegi boýunça oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen şertnamalaryň baglaşylmagy we ýatyrylmagy barada çözgüt çykarmak;
- daýhan birleşiginiň agzalarynyň ýyllyk we nobatdan daşary umumy ýygnaklaryny çagyrmak;
- daýhan birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagynyň gün tertibini işläp düzmek we ony geçirmegiň möhletini kesgitlemek;
- gündelik we geljekki möhüm meseleleri ara alyp masalahatlaşmak we daýhan birleşiginiň başlygy tarapyndan kabul edilýän buýruklaryň giň aýanlygyny üpjün etmek;
- daýhan birleşiginde önümçiligi we zähmeti guramagyň görnüşlerini, zähmete hak tölemegiň tertibini kesgitlemek barada çözgüt çykarmak;
- daýhan birleşiginiň agzalaryna, daýhan birleşiginiň çäginde zähmet çekýän beýleki raýatlara çekýän zähmetleri bilen baglanyşykly sylaglary we kömekleri bermek barada çözgüt çykarmak;
- şu Kanunda we daýhan birleşiginiň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan beýleki meselelere seretmek.
15-nji madda. Daýhan birleşiginiň başlygy
1. Daýhan birleşiginiň başlygy daýhan birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagynda onuň agzalarynyň arasyndan etrap häkiminiň teklipnanasyny göz öňünde tutmak bilen saýlanylýar. Daýhan birleşiginiň başlygyny wezipesinden boşatmak hem şol tertipde amala aşyrylýar.
2. Daýhan birleşiginiň başlygy:
- daýhan birleşiginde oba hojalyk we beýleki önümçilikleri guramagy üpjün edýär;
- ekin meýdanlaryna, malynyň sanyna laýyklykda her bir kärendeçiniň we beýleki ýerden peýdalanyjylaryň, maldarlaryň öndürmeli önümleriniň möçberini kesgitleýär we olar bilen şertnamalar baglaşýar hem-de olaryň ýerine ýetirilmegini guraýar;
- daýhan birleşigi boýunça oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin degişli taýýarlaýjy we hyzmat ediji edara görnüşli we şahsy taraplar bilen şertnamalar baglaşýar hem-de olaryň ýerine ýetirilmegini guraýar;
- daýhan birleşiginiň Toparynyň çözgütleriniň ýerine ýetirilmegini guraýar;
- Toparyň çözgüdi esasynda önüm öndürijilere ýerleri, mallary kärendesine bermek hakynda, kärendeçileriň ýerden, maldan eýeçiliksiz peýdalanan, şertnamalaýyn borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirmedik we kanuna garşy beýleki hereketlere ýol beren halatlarynda olary ýerden, maldan peýdalanmak hukuklaryndan mahrum etmek hakynda buýruk çykarýar;
- daýhan birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagynda maliýe-hojalyk ýylynyň jemleri barada ýylda bir gezek hasabat berýär;
- Toparyň çözgüdi esasynda daýhan birleşiginde önümçiligi we zähmeti guramagyň görnüşlerini, zähmete hak tölemegiň tertibini kesgitleýär;
- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daýhan birleşiginiň işgärlerini wezipä belleýär we wezipeden boşadýar, olaryň wezipe borçlaryny kesgitleýär;
- Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen hasabatlaryň degişli edaralara berilmegini üpjün edýär;
- daýhan birleşiginiň çäginde kanunçylygy, tertip-düzgüni berjaý etmek, önümçiligi guramak we ösdürmek, daýhanlaryň maddy-hal ýagdaýyny gowulandyrmak, durmuş goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen, ýerine ýetirilmegi hökmany bolan buýruklary çykarýar;
- daýhan birleşiginiň öňünde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi üçin şahsy jogapkärçilik çekýär;
- şu Kanunda we daýhan birleşiginiň Tertipnamasynda kesgitlenen beýleki ygtyýarlyklary ýerine ýetirýär.
3. Daýhan birleşiginiň başlygy degişli häkimiň, Geňeşiň we Arçynyň ygtyýarlyklaryna degişli meseleler boýunça olara hasabat berijidir.
16-njy madda. Daýhan birleşikleriniň döwlet häkimiýet edaralary we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen özara gatnaşyklary
1. Daýhan birleşikleri öz işinde özbaşdakdyr.
2. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ygtyýar berilmedik bolsa, döwlet edaralary we wezipeli adamlar tarapyndan daýhan birleşiginiň işine gatyşylmagyna ýol berilmeýär.
3. Welaýatlaryň we etraplaryň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde oba ýerlerinde önümçilik we durmuş infrastrukturasynyň ösdürilmegine, meliorasiýanyň, ýol gurluşygynyň, maddy-tehniki üpjünçiliginiň meseleleriniň çözülmegine, ýerleriň peýdalanylyşynyň netijeliligini, mallara ideg edilişini we daýhan birleşiginiň önümçilik mümkinçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen beýleki çäreleri amala aşyrmaga ýardam edýärler.
4. Daýhan birleşikleriniň hojalyk işlerine usuly kömek we maslahat bermek, ýolbaşçy işgärleri we hünärmenleri taýýarlamakda hem-de hünärini ýokarlandyrmakda olara ýardam etmek, birleşikleriň maddy-tehniki üpjünçiligini guramak, ylmyň gazananlarynyň we häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda önümçiligi ösdürmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamak degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we ylmy edaralar tarapyndan amala aşyrylýar.
5. Degişli geňeşligiň çäginde ýerleşýän daýhan hojalyklary, mülkdarlar we ýeri döwletden uzak möhletli kärendä alyp işleýän ýekebara oba hojalyk önümlerini öndürijiler daýhan birleşigi bilen şertnamalaýyn esasda önümçilik bileleşmesine doly möçberde gatnaşyp bilerler.
161-njy madda. Daýhan birleşikleri tarapyndan
suwdan peýdalanylmagy
1. Daýhan birleşikleriniň oba hojalyk hajatlary üçin suw üpjünçiligi olar tarapyndan döwlet suw hojalyk guramalary bilen baglaşylan şertnamalar esasynda amala aşyrylýar.
2. Daýhan birleşiklerine oba hojalyk hajatlary üçin suwaryş suwy Türkmenistanyň suw kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde suw çeşmeleriniň suwlulygyny hasaba almak bilen we suwy sarp etmegiň çäklendirilen möçberlerine laýyklykda berilýär.
3. Içerki hojalyk suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamlary hem-de olarda ýerleşen gidrotehniki desgalar Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen tertipde daýhan birleşiklerine eýelik etmäge, peýdalanmaga ýa-da eýeçilige berlip bilner.
4. Daýhan birleşikleri içerki hojalyk suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamlarynyň, suw hojalyk desgalarynyň we gurluşlaryň ýagdaýyna we ulanylyşyna, şeýle hem degişli kärendeçileri we beýleki suwdan peýdalanyjylary suw serişdeleri bilen üpjün etmek üçin jogapkärçilik çekýärler.
5. Daýhan birleşiginiň kärendeçiler toparlarynyň daýhan birleşiginiň başlygy bilen olaryň ýolbaşçylarynyň ylalaşmaklary esasynda ýuridik şahsy döretmezden, suwdan peýdalanyjylaryň toparlaryny döretmäge hukuklary bardyr.
6. Daýhan birleşikleriniň içerki hojalyk suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamlarynyň bölekleri hem-de olarda ýerleşen gidrotehniki desgalar suwdan peýdalanyjylaryň toparlaryna özara baglaşylan şertnamalar esasynda peýdalanmaga berlip bilner. Suwdan peýdalanyjylaryň toparlary özlerine peýdalanmaga berlen içerki hojalyk suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamlarynyň hem-de olarda ýerleşen gidrotehniki desgalaryň işjeň ýagdaýda saklanylmagyna we ulanylmagyna jogapkärçilik çekýärler.
7. Döwlet suw hojalyk guramalary daýhan birleşikleriniň ýüz tutmasy esasynda, olara içerki hojalyk suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamlaryny hem-de olarda ýerleşen gidrotehniki desgalary, tehniki enjamlary işjeň ýagdaýda saklamakda we ulanmakda daýhan birleşikleriniň serişdeleriniň hasabyna tehniki kömekleri berýärler.
8. Daýhan birleşikleri suw serişdeleriniň netijeli we tygşytly peýdalanylmagyny üpjün etmek boýunça degişli işleri geçirýärler.
IV bap. Daýhan birlEşigini durmuş taýdan
ösdürmEgiň esaslary
17-nji madda. Daýhan birleşiginde zähmeti guramak
1. Daýhan birleşigi zähmeti we önümçiligi guramagyň görnüşlerini özbaşdak belleýär.
2. Daýhan birleşigini dolandyryjylar bilen onuň agzalarynyň zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet hakyndaky kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
3. Daýhan birleşigi öz agzalarynyň zähmetine hak tölemegiň görnüşlerini we tertibini olar bilen baglaşylan zähmet şertnamalaryna laýyklykda kesgitleýär.
18-nji madda. Daýhan birleşiginde durmuş üpjünçiligi
1. Daýhan birleşigi öz agzalaryna zähmet we durmuş şertlerini, durmuş we saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşyny, durmuş üpjünçiligini döretmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda alada edýär.
2. Daýhan birleşigi öz agzalary üçin goşmaça zähmet we durmuş ýeňilliklerini özbaşdak, öz serişdeleriniň hasabyna belläp biler.
3. Daýhan birleşiginiň çäginde hemişelik ýaşaýan, ýöne onuň agzalary bolup durmaýan raýatlar daýhan birleşiginiň agzalary bilen deň hatarda durmuş çygrynyň desgalaryndan peýdalanýarlar.
19-njy madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň daýhan birleşiginiň durmuş işine gatnaşmagy
Welaýatlaryň we etraplaryň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary daýhan birleşikleri bilen bilelikde oba ýerinde medeni-aň-bilim, bejeriş-sagaldyş, sport we durmuş çygrynyň beýleki desgalarynyň ulgamyny ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirýärler.
V bap. JEmlEýji düzgünlEr
20-nji madda. Daýhan birleşiginiň jogapkärçiligi
1. Daýhan birleşigi şertnamalaýyn, karz, hasaplaşyk, salgyt we beýleki borçnamalaryň bozulmagy üçin özüne degişli emlägi bilen jogapkärçilik çekýär.
2. Ýerden we beýleki tebigy baýlyklardan rejesiz peýdalanylyp, daşky gurşawyň hapalanylyp ýetirilen zyýan üçin, şonuň ýaly-da beýleki kadalaryň bozulmagy üçin daýhan birleşigi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhammedow
Mary şäheri.
2007-nji ýylyň 30-njy marty.
№ 113-III.