Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanyň Ýokary hojalyk suduny ýapmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý. № 2¸ 23-nji madda)
Türkmenistanyň sud ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen we 1999 ýylyň 29 dekabrynda Türkmenistanyň Halk maslahaty tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda:
1.Türkmenistanyň Yokary hojalyk suduny ýapmaly.
2. Şulary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:
«Türkmenistanyň Hojalyk sudlary hakynda» 1991 ýylyň 12 noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary 1991 ý., № 16, 167 madda):
«Türkmenistanyň Hojalyk sudlary hakyndaky» Túrkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» 1991 ýylyň 15 aprelindäki Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1999 ý., № 1,16 madda).
Türkmenistanyň Saparmyrat
Prezidenti Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
2000-nji ýylyň 14-nji fewraly
№ 15-II