Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Graždanlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny bozýan döwlet organlarynyň¸ jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli öz-özüňi dolandyryş organlarynyň we wezipeli adamlaryň hereketlerini suda şikaýat etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Graždanlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny bozýan döwlet organlarynyň¸ jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli 

öz-özüňi dolandyryş organlarynyň we wezipeli 

adamlaryň hereketlerini suda şikaýat etmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1998 ý.¸ № 1¸ 2 -madda)

 

Şu Kanun graždanlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny bozýan döwlet organlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli öz-özüňi dolandyryş organlarynyň we wezipeli adamlarynyň hereketlerine ýa-da kararlaryna graždanlar tarapyndan suda şikaýat etmekleriniň hukuk esaslaryny, şeýle hem görkezilen şikaýatlara sud tarapyndan garamagyň tertibini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda kesgitleýär.

 

1 madda. Graždanlaryň şikaýat bilen suda ýüz tutmaga bolan hukugy

 

Döwlet organlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli öz-özüňi bolandyryş organlarynyň ýa-da wezipeli adamlaryň hereketleri ýa-da kararlary bilen konstitusion hukuklary we azatlyklary bozulan ýa-da çäklendirilen her bir graždanin suda şikaýat bilen ýüz tutmaga haklydyr.

Daşary ýurtly graždanlar ýa-da graždanlygy bolmadyk adamlar, eger Türkmenistanyň kanunçylygy ýa-da halkara şertnamalary arkaly başgaça kesgitlenmese, şu Kanun tarapyndan bellenilen tertipde suda şikaýat bilen ýüz tutmak hukugyndan peýdalanýarlar.

 

2 madda. Suda şikaýat edilip bilinjek hereketler ýa-da kararlar

 

Döwlet organlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň¸ ýerli öz-özüňi dolandyryş organlarynyň ýa-da wezipeli adamlaryň kollegial ýa-da özbaşyna eden hereketlerine ýa-da kararlaryna, eger şeýle hereketleriň ýa-da kararlaryň netijesinde aşakdakylara ýol berlen bolsa, graždanlar tarapyndan suda şikaýat edilip bilner:

- adamyň we graždaniniň Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýa-da kanunlary arkaly bellenilen hukuklary we azatlyklary bozulsa;

- adamyň we graždaniniň  konstitusion hukuklary we azatlyklary çäklendirilse ýa-da olaryň amala aşyrmagy üçin päsgelçilikler döredilse;

- graždaniniň üstüne haýsydyr  bir  borç bikanun ýüklense.

 

3 madda. Şikaýaty bermegiň tertibi

 

Adamyň we graždaniniň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny bozýan hereketlere ýa-da kararlara ol ýokarda durýan organa, ýokarda durýan wezipeli adama, prokurora ýa-da gös-göni suda şikaýat bilen ýüz tutmaga haklydyr.

Şikaýat konstitusion hukuklary ýa-da azatlyklary bozulan graždanin ýa-da onuň wekili tarapyndan berlip bilner.

Graždaniniň islegine görä şikaýat onuň ýaşaýan ýerindäki suda ýa-da organyň ýerleşýän ýerindäki ýa-da hereketlerine ýa-da kararlaryna şikaýat edilýän wezipeli adamyň işleýän ýerindäki suda berilýär.

 

4 madda. Suda şikaýat bilen ýüz tutmagyň möhletleri

 

Suda şikaýat bilen ýüz tutmak üçin aşakdaky möhletler bellenilýär:

graždanine öz hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulandygy hakynda mälim bolan günden başlap bir ýyl;

ýokarda durýan organyň ýa-da wezipeli adamyň şikaýaty kanagatlandyrmakdan ýüz öwrendigi hakyndaky ýazmaça habary graždaniniň alan gününden başlap üç aý;

eger graždaniň tarapyndan şikaýat berlenden soň oňa ýazmaça jogap almasa, şikaýata garamak üçin bellenilen möhletiň geçen gününden başlap üç aý.

Şikaýaty bermegiň esasly sebäp boýunça goýberilen möhleti sud tarapyndan dikeldilip bilner.

 

5 madda. Şikaýat boýunça suduň hereketleri

 

Bellenilen tertipde berlen şikaýat garalmaga degişlidir. Şikaýaty kabul etmekden ýüz öwürmek gadagandyr. Şikaýata garamak üçin kabul eden sud:

degişli organlardan ýa-da wezipeli adamlardan zerur materiallary talap edýär;

graždaniniň ýa-da onuň wekiliniň haýyşy boýunça ýa-ça öz inisiatiwasy boýunça şikaýata düýp manysy boýunça garalmagyna çenli şikaýat edilýän hereketiň ýa-da kararyň ýerine ýetirilmegini togtatmak hakyndaky meseläni çözýär.

 

6 madda. Sud tarapyndan şikaýata garamagyň tertibi

 

Döwlet organlarynyň, kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş organlarynyň ýa-da wezipeli adamlaryň hereketlerine we kararlaryna graždaniniň şikaýatlaryna graždan sud işini ýöredişiň kadalary boýunça on gün möhletde sudýa tarapyndan özbaşyna garalýar.

 

7 madda. Suduň şikaýat boýunça çözgüdi

 

Sud şikaýata garamagyň netijeleri boýunça  çözgüt çykarýar.

Şikaýatyň esaslylygyny belläp, sud şikaýat edilýän hereketi ýa-da karary bikanun diýip ykrar edýär¸ graždaniniň talabyny kanagatlandyrmaga, onuň bozulan konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny dikeltmäge, graždaniniň öz hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmagyny çäklendirýän ýa-da päsgel berýän ýagdaýlary ýok etmäge borçly edýär.

Eger sud şikaýat edilýän hereketi ýa-da karary kanuny, graždaniniň hukuklaryny we azatlyklaryny bozmaýan we çäklendirmeýän, olaryň amala aşyrylmagyna päsgelçilik döretmeýän diýip hasap etse, ol şikaýaty kanagatlandyrmakdan ýüz öwürýär.

Graždaniniň şikaýatyny kanagatlandyrmakdan suduň ýüz öwürmegi şikaýat edilýän hereketiň ýa-da kararyň ýerine ýetirilmegini togtatmak hakyndaky kararyň ýatyrylmagyna eltýär.

Graždaniniň şikaýaty boýunça suduň çözgüdine ýokarda durýan suda kanunçylykda bellenen tertipde şikaýat edilip bilner.

 

8 madda. Suduň şikaýat boýunça çözgüdiniň ýerine ýetirilmegi

 

Suduň kanuny güýje giren çözgüdi döwlet organlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli öz-özüňi dolandyryş organlarynyň, wezipeli adamlaryň, graždanlaryň ählisi üçin hökmanydyr we ýerine ýetirilmäge degişlidir.

Suduň çözgüdi hereketlerine we kararlaryna şikaýat edilen organa ýa-da wezipeli adama, şeýle hem şikaýaty beren graždanine çözgüt kanuny güýje girenden soň on günden gijä galman iberilýär.

 

9 madda. Şikaýata garamak bilen baglanyşykly sud harajatlarynyň öwezini dolmak

 

Eger sud organlaryň ýa-da wezipeli adamlaryň hereketleriniň ýa-da kararlarynyň bikanundygyny bellese, graždaniniň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmagyny bozýar, çäklendirýär ýa-da päsgel berýär diýip bellese, şikaýata garamak bilen baglanyşykly sud harajatlary şol organyň ýa-da wezipeli adamyň üstüne ýüklenilýär.

Eger sud şikaýaty kanagatlandyrmakdan ýüz öwürmek hakynda çözgüt çykarsa, şikaýata garamak bilen baglanyşykly sud harajatlary graždaniniň üstüne ýüklenip bilinmez.

 

 

Türkmenistanyň                                       Saparmyrat

 Prezidenti                                                 Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri

1998-nji ýylyň 6-njy fewraly 

№ 270a - 1