Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Türkmenistanda mobilizasion taýýarlygy we mobilizasiýa hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1998 ý.¸ № 4¸ 68-nji madda)
(26.03.2011 ý. № 173-IV, 05.06.2021 ý. № 386-VI, 16.03.2023 ý. № 541-VI Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun bitarap Türkmenistanyň goranmagyny guramagyň düzüm bölegi hökmünde mobilizasion taýýarlygynyň we mobilizasiýanyň hukuk esaslaryny kesgitleýär, döwlet häkimiýeti we dolandyryş organlarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş organlarynyň kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň, wezipeli şahslaryň we graždanlaryň mobilizasion çärelerini amala aşyrmakdaky ygtyýarlyklaryny, borçlaryny we jogapkärçiligini belleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1 madda. Umumy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky düşünjeler ulanylýar:
mobilizasion taýýarlygy, munuň özi mobilizasiýa döwründe we harby wagtda döwleti ýaragly çozuşdan goramak hem-de döwletiň ykdysadyýetiniň üznüksiz işini üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň döwlet häkimiýeti we dolandyryş organlarynyň hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş organlarynyň (mundan beýläk - döwlet organlary), kärhanalarynyň, edaralarynyň, guramalarynyň, Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň, ilatynyň hem-de territoriýasynyň öz wagtynda taýýarlygyny özünde jemleýän, parahatçylykly wagtda geçirilýän umumydöwlet çäreleriniň toplumydyr.
mobilizasiýa, munuň özi Türkmenistanyň döwlet organlaryny, kärhanalaryny, edaralaryny, guramalaryny, Ýaragly Güýçlerini we beýleki goşunlaryny, territoriýasyny we ykdysadyýetini (ählumumy mobilizasiýa) ýa-da olaryň haýsydyr bir bölegini (kem-käsleýin mobilizasiýa) harby ýagdaýyň düzgünine geçirmek bilen baglanyşykly umumydöwlet çäreleriniň toplumydyr.
2 madda. Mobilizasion taýýarlygy we mobilizasiýa babatdaky kanunçylyk
Türkmenistanyň mobilizasion taýýarlygy we mobilizasiýa babatdaky Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň harby doktrinasynyň esasy düzgünlerine esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň gaýry normatiw hukuk aktlaryndan ybaratdyr.
3 madda. Mobilizasion taýýarlygynyň we mobilizasiýanyň esasy ýörelgeleri
Mobilizasion taýýarlygynyň we mobilizasiýanyň esasy ýörelgeleri şu aşakdakylardyr:
1) mobilizasion taýýarlygyny geçirmegiň hökmanylygy;
2) bellenilýän çäreleriň öz wagtyndalygy, planlylygy we üpjünçiligi;
3) planlaşdyrylýan çäreleriň guralyşyna we geçirilişine merkezleşdirilen ýolbaşçylyk;
4) pudaklaýyn we territorial çäreleriň komplektliligi we özara ylalaşyklylygy;
5) mobilizasion çäreleriniň guralyşyna we geçirilişine kontrollyk.
4 madda. Mobilizasion taýýarlygy we mobilizasiýa boýunça çäreleriň mazmuny
Mobilizasion taýýarlygy we mobilizasiýa boýunça çäreler şu aşakdakylary öz içine alýar:
1) normatiw hukuk aktlarynyň işlenip taýýarlanylmagyny we kabul edilmegini, şeýle hem mobilizasion taýýarlygy we mobilizasiýa babatynda ylmy-metodik üpjünçiligi;
2) mobilizasiýa döwründe we harby wagtda Türkmenistanyň territoriýasynyň, ykdysadyýetiniň taýýarlanylmagyny, döwlet organlarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň iş şertleriniň kesgitlenmegini;
3) ilatyň, Ýaragly Güýçleriň we beýleki goşunlaryň mobilizasiýa taýýarlygyny;
4) kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň, Ýaragly Güýçleriň we beýleki goşunlaryň mobilizasion planlarynyň işlenip taýýarlanylmagyny;
5) döwlet organlarynda, kärhanalarda, edaralarda, guramalarda harby hasaba alşyň guralmagyny;
6) ätiýaçlykda bolýan graždanlaryň harby wagtda bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin olaryň döwlet organlarynda, kärhanalarda, edaralarda, guramalarda bronlanmagyny;
7) mobilizasiýa yglan edilende Ýaragly Güýçlere we beýleki goşunlara bermek üçin ýa-da olaryň bähbitlerine, şeýle hem Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bähbitlerine peýdalanmak üçin niýetlenen ýörite birikmeleriň taýýarlanylmagyny;
8) mobilizasiýa yglan edilende Ýaragly Güýçlere we beýleki goşunlara bermek ýa-da olaryň bähbitlerine peýdalanmak üçin niýetlenen tehnikanyň taýýarlanylmagyny;
9) döwlet dolandyryş organlarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň ätiýaçlyk punktlarynyň döredilmegini hem-de harby wagtyň şertlerinde olaryň işe taýýarlanylmagyny;
10) mobilizasion ýaýbaňlandyryşy we mobilizasion planlary ýerine ýetirmek boýunça okuwlaryň we türgenleşikleriň geçirilmegini;
11) mobilizasiýa mahalynda Ýaragly Güýçleriň we beýleki goşunlary komplektlemek üçin graždanlaryň harby-hasaba alyş hünärleri boýunça taýýarlanylmagyny;
12) harby wagtda döwletiň, Ýaragly Guýçleriň we beýleki goşunlaryň, ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin zerur bolan harytlary we önümleri öndürmek üçin mobilizasion kuwwatlyklarynyň we obýektleriniň döredilmegini, ösdürilmegini we saklanylmagyny;
13) mobilizasion we peselmeýän döwlet rezerwiniň material gymmatlyklarynyň ätiýaçlyklarynyň döredilmegini, toplanylmagyny, saklanylmagyny we täzelenmegini;
14) Türkmenistanyň mobilizasion taýýarlygynyň ýagdaýyna baha berilmegini;
15) mobilizasiýa organlarynyň işgärleriniň hünärleriniň ýokarlandyrylmagyny;
16) mobilizasiýa döwründe we harby wagtda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işe taýýarlanylmagyny;
17) Ýaragly Güýçleriň we beýleki goşunlaryň mobilizasiýasynyň geçirilmegini;
18) döwlet organlarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň harby wagtyň şertlerindäki iş düzgünine geçirilmegini;
19) mobilizasiýa döwründe we harby wagtda ilaty azyk we azyk däl harytlary bilen normalaşdyryp üpjün etmegiň, ony medisina hyzmaty, aragatnaşyk serişdeleri we transport serişdeleri bilen üpjün etmegiň guralmagyny;
20) mobilizasion taýýarlygynyň we mobilizasiýanyň wezipelerini çözmegiň bähbitleri üçin halkara hyzmatdaşlygyny.
II BAP. MOBILIZASION TAÝÝARLYGY WE MOBILIZASIÝA
BABATYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE
DÖWLET ORGANLARYNYŇ YGTYÝARLYKLARY
5 madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Prezidenti:
1) mobilizasion taýýarlygy we mobilizasiýa babatda işiň esasy ugurlaryny kesgitleýär;
2) mobilizasion taýýarlygynyň we mobilizasiýanyň meseleleri boýunça permanlar, kararlar we buýruklar çykarýar;
3) mobilizasion taýýarlygy we mobilizasion babatynda döwlet organlarynyň özara hereketini we ylalaşykly işlemegini üpjün edýär;
4) Türkmenistanyň mobilizasion taýýarlygynyň ýagdaýy hakynda Ministrler kabinetiniň her ýylky dokladlaryna garaýar;
5) Türkmenistanyň garşysyna agressiýa bolan halatynda ýa-da döwletiň howpsuzlygyna gös-göni daşyndan howp abananda ählumumy ýa-da bölekleýin mobilizasiýa geçirmek hakynda buýruk berýär.».
6) mobilizasiýa döwründe we harby wagtda döwlet organlarynyň¸ kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň iş düzgünini belleýär;
7) mobilizasiýa döwründe we harby wagtda harby gulluga çagyrylyşdan möhleti gaýra süýşürmek hukugyny bermegiň meselelerini çözýär;
8) mobilizasion taýýarlyk hem-de mobilizasiýa babatynda gepleşikler alyp barýar hem-de hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky halkara şertnamalaryna we ylalaşyklaryna gol çekýär;
9) mobilizasion taýýarlygynyň we mobilizasiýanyň meseleleri boýunça döwleti goramak üçin zerur bolan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
6 madda. Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Mejlisi mobilizasion taýýarlygynyň we mobilizasiýanyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrýar.
7 madda. Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ministrler kabineti:
1) mobilizasion taýýarlygy we mobilizasiýa babatda ýeke-täk döwlet syýasatynyň geçirilmegini üpjün edýär;
2) mobilizasion taýýarlygy we mobilizasiýa babatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça merkezi we ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlarynyň ygtyýarlyklaryny kesgitleýär, olaryň işine ýolbaşçylyk edýär;
3) mobilizasion planlarynyň işlenip taýýarlanylmagyny we ýerine ýetirilmegini guraýar;
4) mobilizasion tabşyryklarynyň (zakazlarynyň) ýerine ýetirilmegine kärhanalar, edaralar, guramalar tarapyndan şertnamalar baglaşmagyň tertibini belleýär;
5) mobilizasion taýýarlygy we mobilizasiýa boýunça çäreleri maliýeleşdirmegiň çeşmelerini we tertibini kesgitleýär;
6) mobilizasion taýýarlygy üçin döwlet býujetinden assignowaniýeler hakynda we mobilizasion taýýarlygy boýunça işleri ýerine ýetirýän kärhanalara, edaralara, guramalara ýeňillikler bermek hakynda teklipleri düzýär;
7) mobilizasion taýýarlygy we mobilizasiýa babatynda kanunçylyk we gaýry normatiw hukuk aktlarynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny guraýar;
8) mobilizasiýa döwründe we harby wagtda ätiýaçda bolýan graždanlary bronlamagyň tertibini belleýär, bronlamak boýunça işleriň geçirilmegini guraýar;
9) mobilizasion taýýarlygy we mobilizasiýa babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda bar bolan borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini guraýar;
10) mobilizasion taýýarlygy we mobilizasiýa babatynda hökümetara gepleşiklerini alyp barýar;
11) mobilizasion taýýarlygyny we mobilizasiýanyň ylmy-metodik we habar taýdan upjün edilmegini guraýar;
12) mobilizasion organlarynyň işgärleriniň hünärleriniň ýokarlandyrylmagyny guraýar;
13) mobilizasion taýýarlygyny guraýar hem-de oňa gözegçiligi amala aşyrýar, Türkmenistanyň mobilizasion taýýarlygynyň derejesine baha berýär hem-de her ýyl bu hakda Türkmenistanyň Prezidentine doklad edýär;
14) mobilizasiýa yglan edilende Ýaragly Güýçleri we beýleki goşunlary harby ýagdaýyň düzgünine geçirmek boýunça çäreleriň ýerine ýetirilmegini we olaryň, geçirilmegine gözegçilik edilmegini guraýar;
15) mobilizasiýa yglan edilende bellenilen tertipde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň harby wagtyň şertlerindäki işe geçirilmegini guraýar;
16) mobilizasion ýaýbaňlandyryş we Mobilizasion planlaryny ýerine ýetirmek boýunça okuwlaryň we türgenleşikleriň geçirilmegini guraýar;
17) döwlet we mobilizasion ätiýaçlyklarynda material gymmatlyklaryny döretmegiň, toplamagyň, saklamagyň täzelemegiň we peýdalanmagyň tertibini kesgitleýär, olaryň ýagdaýyna gözegçilik edýär;
18) mobilizasion taýýarlygy we mobilizasiýa babatynda Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan onuň ygtyýaryna degişli edilen gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
8 madda. Türkmenistanyň ministrlikleriniň we döwlet dolandyrylyşynyň gaýry merkezi organlarynyň ygtyýarlyklary
Ministrlikler we döwlet dolandyrylyşynyň gaýry merkezi organlary:
1) döwlet dolandyrylyşynyň degişli çygrynda mobilizasion taýýarlygyny we mobilizasiýany guraýarlar we üpjün edýärler, şeýle hem mobilizasion organlarynyň işgärlerine olaryň üstüne ýüklenen borçlaryň olar tarapyndan ýerine ýetirilmegi üçin zerur şertleri döredýärler;
2) wedomstwo tabynlygyndaky kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň mobilizasion uraýarlar we ýolbaşçylyk edýärler, mobilizasion tabşyryklary we çäreleri ýerine ýetirmegiň zerur şertlerini kesgitleýärler;
3) döwlet dolandyrylyşynyň degişli çygrynyň mobilizasion planlaryny işläp taýýarlaýarlar;
4) döwlet dolandyrylyşynyň merkezi organlary hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli organlary bilen bilelikde mobilizasion planlaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän çäreleri geçirýärler;
5) mobilizasion taýýarlygyny we mobilizasiýany üpjün etmek maksady bilen önüm ibermek, işleri geçirmek, hyzmatlary bitirmek üçin şertnamalar (kontraktlar) baglaşýarlar;
6) mobilizasion ätiýaçlygynyň döredilmegine, toplanylmagyna, saklanylmagyna we täzelenmegine gatnaşýarlar;
7) ministrlikleriň we döwlet dolandyrylyşynyň gaýry merkezi organlarynyň sistemasynda mobilizasion organlaryny döredýärler;
8) mobilizasion taýýarlygy we mobilizasiýa babatynda Türkmenistanyň kanunlarynyň we gaýry normatiw hukuk aktlarynyň berjaý edilmegini üpjün edýärler;
9) mobilizasiýa yglan edilende ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary bilen bilelikde wedomstwo tabynlygyndaky kärhanalary, edaralary, guramalary harby wagtyň şertlerindäki iş düzgünine geçirmek boýunça çäreler geçirýärler;
10) döwlet dolandyrylyşynyň merkezi organlarynda, olaryň wedomstwo tabynlygynda durýan kärhanalarynda, edaralarynda we guramalarynda işleýän graždanlaryň parahatçylykly wagtda mobilizasiýa döwri we harby wagt üçin harby hasaba alnyşyny we bronlanmagyny guraýarlar;
11) mobilizasion taýýarlygy we mobilizasiýa sistemasyny kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Ministrler kabinetine teklipler girizýärler;
12) döwlet dolandyrylyşynyň degişli çygrynyň mobilizasion organlarynyň işgärleriniň hünärleriniň ýokarlandyrylmagyny guraýarlar.
9 madda. Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlarynyň we ýerli öz-özüni dolandyryş organlarynyň ygtyýarlyklary
Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary we ýerli öz-özüni dolandyryş organlary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:
1) mobilizasion taýýarlygyny we mobilizasiýany guraýarlar hem-de degişli administratiw-territorial birlikleriň çäklerinde mobilizasion taýýarlygynyň ýagdaýy üçin jogapkärçilik çekýärler;
2) mobilizasion organlaryny döredýärler hem-de olaryň üstüne ýüklenen borçlaryň olar tarapyndan ýerine ýetirilmegi üçin zerur şertleri üpjün edýärler;
3) degişli administratiw-territorial birlikleriň çäklerinde mobilizasion planlaryny işläp taýýarlaýarlar, mobilizasion taýýarlygy boýunça çäreleri geçirýärler;
4) döwlet dolandyrylyşynyň merkezi organlary bilen bilelikde mobilizasion planlaryny ýerine ýetirmäge ykdysadyýeti taýýarlamak boýunça çäreleri geçirýärler;
5) mobilizasiýa döwründe we harby wagtda ilaty azyk we azyk däl harytlary bilen normalaşdyryp üpjün etmek, oňa medisina hyzmatyny etmek, aragatnaşyk serişdeleri hem-de transport serişdeleri bilen üljün etmek boýunça çäreleri işläp taýýarlaýarlar;
6) mobilizasion taýýarlygy we mobilizasiýa döwründe degişli administratiw-territorial birlikleriň mobilizasion taýýarlygynyň bähbitleri üçin önümleriň iberilmegine, işleri geçirmäge, hyzmatlary bitirmäge şertnamalar (kontraktlar) baglaşýarlar;
7) parahatçylykly döwürde we mobilizasiýa yglan edilende harby komissariatlara olaryň mobilizasion işine ýardam edýärler;
8) degişli administratiw-territorial birligiň territoriýasynda ýerleşen kärhanalar, edaralar, guramalar hakyndaky maglumatlary harby komissariatlara berýärler;
9) mobilizasiýa döwründe we harby wagtda ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlarynda, ýerli öz-özüni dolandyryş organlarynda, olaryň wedomstwo tabynlygynda durýan kärhanalarynda¸ edaralarynda, guramalarynda işleýän graždanlaryň harby hasaba alnyşyny we bronlanmagyny guraýarlar;
10) mobilizasiýa yglan edilen mahalynda degişli administratiw-territorial birlikleriň çäklerinde döwlet organlarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň ykdysadyýetini harby wagtyň şertlerindäki iş düzgünine geçirmek boýunça çäreleri geçirýärler;
11) degişli administratiw-territorial birlikleriň çäklerinde mobilizasiýa boýunça harby gulluga çagyrylmaga degişli graždanlara öz wagtynda habar berilmegini we gelmegini, toplaýyş punktlaryna ýa-da harby bölümlere tehnikanyň iberilmegini guraýarlar we üpjün edýärler, mobilizasiýanyň planlaryna laýyklykda ýer uçastoklaryny, jaýlary, desgalary, kommunikasiýalary, transport we beýleki material serişdeleri goranyşyň hajatlary üçin berýärler;
12) mobilizasion taýýarlygynyň we mobilizasiýanyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň kanunlarynyň we beýleki normatiw hukuk aktlarynyň berjaý edilmegini we ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler;
13) mobilizasion taýýarlygynyň we mobilizasiýanyň sistemalaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleri ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýokarda durýan organlaryna we döwlet dolandyrylyşynyň merkezi organlaryna girizýärler.
III BAP. MOBILIZASION TAÝÝARLYGY WE MOBILIZASIÝA BABATYNDA KÄRHANALARYŇ, EDARALARYŇ, GURAMALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ WE GRAŽDANLARYŇ BORÇLARY
10 madda. Kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň ýolbaşçylarynyň borçlary
Eýeçiligiň formasyna we wedomstwo tabynlygyna garamazdan, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň ýolbaşçylary:
1) mobilizasiýa döwründe we harby wagtda kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň mobilizasion taýýarlygynyň ýagdaýy, mobilizasion taýýarlygynyň bähbitleri üçin baglaşylan şertnamalaryň (kontraktlaryň) hem-de zakazlaryň (tabşyryklaryň) ýerine ýetirilmegi üçin personal jogapkärçilik çekýärler;
2) mobilizasiýa döwründe we harby wagtda zakazlary (tabşyryklary) ýerine ýetirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen önümçiligiň taýýarlanylmagyny amala aşyrýarlar;
3) önümi ibermek üçin şertnamalara (kontraktlara) laýyklykda mobilizasion zakazlarynyň (tabşyryklarynyň) ýerine ýetirilmegini, mobilizasion taýýarlygynyň we mobilizasiýanyň bähbitleri üçin işleriň geçirilmegini, hyzmatlaryň bitirilmegini üpjün edýärler;
4) moblizasiýa yglan edilende mobilizasion planlaryna laýyklykda önümçilikleri harby wagtyň şertlerindäki iş düzgünine geçirmek boýunça çäreleri geçirýärler;
5) ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli organlarynyň hem-de ýerli öz-özuňi dolandyryş organlarynyň mobilizasion planlaryna laýyklykda harby komissariatlaryň talaplaryny ýerine ýetirýärler, şol kärhana, edara, gurama bilen zähmet gatnaşyklarynda durýan we mobilizasiýa boýunça çagyryşa degişli graždanlaryň harby hasaba alnyşyny guraýarlar, öz wagtynda habar berilmegini hem-de olaryň toplanyş punktlaryna ýa-da harby bölümlere, şeýle hem parahatçylykly wagtda okuw-türgenleşik okuwlaryna gelmegini üpjün edýärler;
6) toplanyş punktlaryna ýa-da harby bölümlere niýetlenen tehnikanyň iberilmegini üpjüp edýärler, Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenýän tertipde soňra harajatlaryň öwezini dolmak bilen mobilizasiýa planlaryna laýyklykda ýer uçastoklaryny, jaýlary, desgalary, kommunikasiýalary, ulag we beýleki material serişdeleri goranyşyň hajatlary üçin berýärler;
7) mobilizasiýa döwründe we harby wagtda ätiýaçlykda bolýan we şu kärhana, edara, gurama bilen zähmet gatnaşyklarynda durýan graždanlary bronlamak boýunça işleriň ýerine ýetirilmegini guraýarlar;
8) mobilizasion taýýarlygy boýunça wezipeleri ýerine ýetirmek üçin degişli podrazdeleniýeleri ýa-da aýry-aýry işgärleri saklaýarlar, üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin olara zerur şertleri döredýärler.
Mobilizasion taýýarlygynyň ýa-da mobilizasiýanyň bähbitleri üçin önümiň iberilmegine, işleriň geçirilmegine, hyzmatlaryň bitirilmegine degişli şertnamalara (kontraktlara) laýyklykda mobilizasion tabşyryklaryny (zakazlaryny) ýerine ýetirýän kärhanalar, edaralar, guramalar mobilizasiýa planlaryny işläp taýýarlaýarlar.
Eger önümçiligiň mobilizasion ýaýbaňlandyryşyny nazara almak bilen kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň mümkinçilikleri bu tabşyryklary (zakazlary) ýerine ýetirmäge mümkinçilik berse, döwletiň goranyşynyň we howpsuzlygynyň bähbitleri üçin mobilizasion tabşyryklaryny (zakazlaryny) ýerine ýetirmekden olaryň ýüz öwürmäge haky ýokdur.
Kärhanalar, edaralar, guramalar Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde mobilizasion çärelerini işläp taýýarlamak we amala aşyrmak üçin zerur habary bermäge borçludyrlar
11 madda. Graždanlaryň borçlary
Türkmenistanyň graždanlary döwletiň mobilizasion taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen aşakdakylara borçludyrlar:
1) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde ýaşaýan ýeri boýunça harby -hasaba alşa durmaga;
2) mobilizasiýa döwründe we harby wagtda özüniň harby gulluga degişlidigini kesgitlemek üçin çagyryş boýunça harby komissariatlara barmaga;
3) olaryň alan mobilizasion tabşyryklarynda, çagyryş hatlarynda we harby komissariatlaryň buýruklarynda beýan edilen talaplary ýerine ýetirmäge;
4) Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenýän tertipde soňra olaryň çeken ýitgilerini döwlet tarapyndan deň bahaly tölemek bilen harby wagtda goranyşyň hajatlary üçin ýer uçastoklaryny, jaýlary, desgalary, transport serişdelerini we olaryň eýeçiliginde durýan beýleki emlägi kanunçylyga laýyklykda bermäge.
Türkmenistanyň graždanlary mobilizasiýa döwründe we harby wagtda döwletiň goranmagyny we howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen işleri ýerine ýetirmäge çekilýärler, şeýle hem bellenilen tertipde ýörite birikmelere kabul edilýärler.
IV BAP. MOBILIZASION TAÝÝARLYGYNYŇ WE
MOBILIZASIÝANYŇ GURAMAÇYLYK WE
MALIÝE ESASLARY
12 madda. Mobilizasion taýýarlygynyň we mobilizasiýanyň guralyşy we tertibi
Türkmenistanyň döwlet organlarynyň, kärhanalarynyň, edaralarynyň, guramalarynyň, Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň, ilatynyň we territoriýasynyň mobilizasion taýýarlygynyň we mobilizasiýanyň guralyşy we tertibi şu Kanun we beýleki normatiw hukuk aktlary bilen kesgitlenilýär.
13 madda. Mobilizasion organlary
Mobilizasion tabşyryklary bolan döwlet organlarynyň apparatynda, kärhanalarda, edaralarda, guramalarda mobilizasion taýýarlygy boýunça parahatçylykly wagtda çäreleri guramak, sazlamak we olaryň geçirilişine gözegçilik etmek mobilizasion organlarynyň (podrazdeleniýeleriň ýa-da aýry-aýry işgärleriň) üstüne ýüklenýär.
Mobilizasion organlarynyň (podrazdeleniýeleriň ýa-da aýry-aýry işgärleriň) strukturasy we ştatlary mobilizasion tabşyryklarynyň ýa-da mobilizasion işi boýunça wezipeleriň häsiýetinden we möçberinden ugur alnyp kesgitlenýär.
Mobilizasion organlary (podrazdeleniýeleri ýa-da aýry-aýry işgärler) gös-göni döwlet organynyň, kärhananyň, edaranyň, guramanyň ýolbaşçysyna tabyn bolýar.
Mobilizasion organlary hakyndaky Düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
Mobilizasion organlaryny (podrazdeleniýeleri ýa-da aýry-aýry işgärleri) maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
14 madda. Harby-transport borjy
Mobilizasiýa döwründe we harby wagtda Ýaragly Güýçleri we beýleki goşunlary transport serişdeleri bilen üpjün etmek üçin Türkmenistanyň territoriýasynda harby-transport borjy bellenilýär.
Harby-transport borjy döwlet organlaryna, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalara, edaralara, guramalara, şol sanda transport serişdeleriniň işini üpjün edýän guramalara¸ şeýle hem transport serişdelerine eýelik edýän graždanlara degişlidir.
Transport serişdeleriniň eýeleriniň harby-transport borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly olaryň çeken ýitgileriniň we harajatlarynyň öwezini dolmak Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenen tertipde amala aşyrylýar.
Harby-transport borçlaryny ýerine ýetirmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
15 madda. Mobilizasion taýýarlygyny we mobilizasiýany maliýeleşdirmek
Mobilizasion taýýarlygyny we mobilizasiýany maliýeleşdirmek merkezleşdirilen we ýerli býujetlerden goýberilýän serişdeleriň şeýle hem kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
Merkezleşdirilen býujetden maliýeleşdirmeklik mobilizasion taýýarlygy boýunça işlere degişlidir, olaryň ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet dolandyrylyşynyň merkezi organlary tarapyndan geçirilýär.
Ýerli býujetlerden maliýeleşdirmeklik ýerli ähmiýetli mobilizasion taýýarlygy boýunça işlere degişlidir.
Kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmeklik mobilizasion taýýarlygy boýunça işlere degişlidir, bu işler kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň işlemeginiň durnuklylygyny we mobilizasion taýýarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen olaryň öz inisiatiwasy boýunça geçirilýär.
Mobilizasiýa boýunça çäreleri maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenýän tertipde amala aşyrylýar.
16 madda. Mobilizasion taýýarlygy boýunça işleri ýerine ýetirýän kärhanalara, edaralara, guramalara ýeňillikler
Mobilizasion taýýarlygy boýunça işleri ýerine ýetirýän kärhanalara, edaralara, guramalara Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ykdysady¸ salgyt, maliýe taýdan we beýleki ýeňillikler berilýär.
V BAP. MOBILIZASIÝA DÖWRÜNDE WE HARBY WAGTDA GRAŽDANLARY BRONLAMAK. MOBILIZASIÝA BOÝUNÇA WE HARBY WAGTDA GRAŽDANLARY HARBY GULLUGA ÇAGYRMAK
17 madda. Mobilizasiýa döwründe we harby wagtda graždanlary bronlamak
Türkmenistanyň ätiýaçlykda bolýan graždanlaryny bronlamak mobilizasiýa döwründe we harby wagtda döwlet organlarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň üznüksiz işini üpjün etmek maksady bilen geçirilýär.
Mobilizasiýa döwründe we harby wagtda graždanlaryň döwlet organlaryna, kärhanalara, edaralara, guramalara bronlanmagyny guramak, onuň tertibi we şertleri şu Kanuna we beýleki normatiw hukuk aktlaryna laýyklykda kesgitlenýär.
Döwlet organlaryna, kärhanalara, edaralara, guramalara bronlanan Türkmenistanyň graždanlary mobilizasiýa boýunça harby gulluga çagyrylyşdan we harby wagtda berlen möhleti gaýra süýşürmegiň hereket edýän wagtynda soňraky çagyrylyşlardan boşadylýar.
18 madda. Mobilizasiýa boýunça we harby wagtda graždanlary harby gulluga çagyrmak
Mobilizasiýa boýunça we harby wagtda graždanlary harby gulluga çagyrmak Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanynyň esasynda geçirilýär.
Mobilizasiýa boýunça we harby wagtda graždanlary harby gulluga çagyrmagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenýär.
VI BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
19 madda. Mobilizasion taýýarlygyny we mobilizasiýany guramagyň we geçirmegiň düzgüni
Mobilizasion taýýarlygy we mobilizasiýa babatynda habary goramak boýunça çäreleri guramak we işleri geçirmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
20 madda. Mobilizasion taýýarlygy we mobilizasiýa hakyndaky kanunçylygyň bozulmagy üçin jogapkärçilik
Ýuridiki we fiziki şahslar Türkmenistanyň mobilizasion taýýarlygy we mobilizasion hakyndaky kanunçylygy bozan halatynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
Türkmenistanyň Saparmyrat
Prezidenti Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1998-nji ýylyň 10-njy dekabry
№ 329-1