Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Daşary ýurt konsessiýalary hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Daşary ýurt konsessiýalary hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1993 ý., № 9-10, 54-madda)

 

(23.09.1994 ý. № 968-XII we 26.03.2016 ý. № 386-V; 04.11.2017 ý. № 636-V Türkmenistanyň Kanunlary  esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanda daşary ýurt konsessiýalaryny döretmegiň hem-de olaryň bu ýerde iş alyp barmagynyň guramaçylyk, ykdysady hem hukuk şertlerini kesgitleýär.

 

I bölüm.

UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. «Daşary ýurt konsessiýasy» diýen düşünje.

 

Konsessiýa - munuň özi daşary ýurtlaryň ýuridiki ýa-da fiziki taraplaryna Türkmenistanyň çaginde hojalyk işiniň belli bir görnüşini alyp barmaga döwletiň ygtyýar bermegidir.

Konsessiýa daşary ýurtlaryň ýuridiki ýa-da fiziki tarapyna - konsessionere dowletiň ýer böleklerini, tebigy baýlyklary, kärhanalary we gaýry emlägi şertnama esasynda möhletli, muzdly ulanmaga tabşyrmagyny aňladýar.

 

2-nji madda. Daşary ýurt konsessiýalarynyň kanun arkaly düzgünleşdirilmegi

 

1. Konsessiýa baradaky ylalaşyklardan gelip çykýan hukuk gatnaşyklary şu Kanun arkaly hem-de Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalary arkaly düzgunleşdirilýär.

2. Türkmenistanyň kanunlarynda haýsy çägiň, döwlet eýeçiligine degişli haýsy obýektleriň, kärhanalaryň, emlägiň haýsy gornüşleriniň konsessiýa berilmeginiň çäklendirilýändigi ýa-da olary bermek bolmaýandygy kesgitlenýär.

3. Eger Türkmenistanyň baglaşýan halkara şertnamasynda bellenen kadalar şu Kanundakydan başga hili bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Konsessiýa işiniň esasy ýörelgeleri.

 

Türkmenistanda konsessiýa işi aşakdaky ýörelgeler:

-Türkmenistanyň hojalyk wezipeleriniň çözülmegine, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine, ykdysadyýetiň düzüminde geljegi oňyn özgerişleriň bolmagyna hem-de iňňän täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ýardam etmegi;

- tebigy baýlyklaryň ýerlikli peýdalanylmagyna, ekologiýa we sanitariýa-gigiýena howpsuzlygynyn üpjün edilmegi;

- Türkmenistanda bellenen kadalary talaplara laýyk gelýän önüm öndürilmeginiň üpjün edilmegi;

- konsessiýa iş alnyp barylýan çäklerde durmuş wezipleriň çozülmegine gatnaşmagy;

- konsessiýa bermek hakyndaky şertnamada göz önünde tutulan wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň häkimiýet we dolandyryş edaralary tarapyndan konsessionerlere ýardam edilmegi esasynda amala aşyrylýar.

 

4-nji madda. Konsessiýa bermegiň şertleri

 

1. Konsessiýa bäsdeşlik esasynda berilýär. Bäsdeşligi geçirmegiň şertlerini hem tertibini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti kesgitleýär. Obýektler konsessiýa berlende aýanlyk ýagdaýy üpjün edilýär.

2. Konsessiýa şertnamalaýyn, möhletleýin we muzdly häsiýete eýedir.

3. Konsessiýa taslamalary we maksatnamalary, olaryň tehniki-ykdysady hem maliýe taýdan esaslandyrylyş resminamalary hökman döwlet seljermesinden geçirilmelidir, şol sanda hem ekologiýa we sanitariýa-gigiýena talaplarynyň berjaý edilmegi jähtinden hem geçirilmelidir.

Konsessiýa ylalaşygyna gatnaşýanlaryň isleseler goşmaça seljerme geçirmäge-de haky bardyr.

 

5-nji madda. Konsessiýa işiniň obýektleri.

 

1.Tebigy baýlyklary agtaryp tapmak, işläp taýynlamak, gazyp çykarmak ýa-da ulanmak, başga hili hojalyk işini alyp barmak hukugy konsessionere Türkmenistanyň kanunlary esasynda gadagan edilmedik işleriň ähli ugurlary hem gornüşleri boýunça berilýär.

Konsessiýa işiniň obýektleri şu aşakdakylardyr:

- ýer bölekleri hem çäkler - şolarda ýerleşen tebigy baýlyklar bilen bilelikde;

- akwatoriýalar hem-de şolarda ýerleşen tebigy baýlyklar;

- tebigy baýlyklaryň aýry-aýry ýataklary;

- tebigy baýlyklary agtaryp tapmak, işläp taýynlamak, gazyp çykarmak üçin niýetlenen senagat obýektleri;

-beýleki obýektler.

2. Raýatlaryň hem döwletiň kanun arkaly goralýan hukuklaryna hem bähbitlerine zyýan ýetirýän, şeýle hem ekologiýa, sanitariýa-gigiýena, radiasiýa hem-de ýangyn-partlaýyş howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk gelmeýän konsessiýa işi gadagandyr.

 

6-njy madda. Konsessiýa işiniň subýektleri.

 

1. Özüniň ygtyýarly edilen häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň üsti bilen hereket edýän Türkmenistan döwleti hem-de daşary ýurtlaryň ýuridik we fiziki taraplary, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň (konsessionerleriň) gös-göni özleri konsessiýa ylalaşygynyň (şertnamasynyň) subýektleri hasaplanýar.

2. Baş potratçy bolup durýan konsessioneriň konsessiýa şertnamasyna görä işleri ýerine ýetirmek üçin kömekçi potratçylary çekmäge haky bardyr. Kömekçi potratçylar bilen baglaşylan ylalaşyklar konsessiýa şertnamasynda görkezilen şertlere ters gelmeli däldir.

 

II bölüm.

KONSESSIÝA KÄRHANALARYNY DÖRETMEK WE

OLARYŇ IŞLEÝŞI

 

7-nji madda. Konsessiýa bermegiň tertibi

 

1. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti pudaklar boýunça, çäkler hem obýektler boýunça alnyp barylmaly konsessiýa işiniň ileri tutulýan ugurlaryny tassyklaýar.

2. Konsessiýa berilmegiň baradaky ýüz tutma hem-de onuň ýanyna goşulýan resminamalar: arza berijiniň hünär taýýarlygy, tehnologiki we tehniki mümkinçilikleri hakyndaky resminamalar hem-de arza berijiniň bank tarapyndan tassyk edilen kepilleri, şeýle hem tehniki-ykdysady esaslandyrmalar we döwlet seljermesiniň netijeleri, konsessiýa obýektiniň ýerleşýän çagindäki welaýatyň ýerine ýetiriji häkimiýet edarasynyň haýyşnamasy döwlet emlägi baradaky edara iberýlýär.

3. Döwlet emlägi baradaky edara özüne berlen resminamalary hem-de bäsdeşlik netijesinde saýlanyp alnan ýüz tutmalary barlap bolandan soň, konsessiýa şertnamasyny baglaşýar.

4. Haýsy obýektler baradaky konsessiýa şertnamalary ýokary ýerine ýetiriji we serenjam beriji edara hökmünde Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan hökman tassyklanmaly bolsa, ol şol obýektleri kesgitleýär.

5. Konsessiýa şertnamalary gol çekilenden hem tassyklanandan soň on günüň içinde konsessiýa obýektiniň ýerleşýän ýerindäki ýerine ýetiriji häkimiýet edarasynda bellige alynýar. Konsessiýa kärhanasyny bellige alan edara döwlet sanawyna girizmek üçin onuň bellige alnanlygyny on günüň içinde salgyt edarasyna we ygtyýarly edara habar edýär.

6. Konsessiýa şertnamasy kärhanalaryň we guramalaryň ýeke-täk döwlet sanawyny saklaýjy tarapyndan döwlet belligine alnanlygy hakyndaky şahadatnamanyň alnan pursatyndan güýje girýär.

 

8-nji madda. Konsessiýa şertnamasynyň mazmuny

 

Konsessiýa şertnamasynda aşakdakylar beýan edilýär:

şertnamanyň subýektleri;

konsessiýanyň obýektleri hem maksady;

konsessiýanyň berilýän çäginiň serhetleri;

konsessiýa berilýän emlägiň sanawy hem gymmaty;

taraplaryň hukuklary hem borçlary;

töleg tölemegiň şertleri;

taýýar önümi içerki hem daşarky bazarlarda ýerlemegiň tertibi;

çig maly, materiallary, düzüji-gurnaýjy onümleri import boýunça almagyň tertibi;

gümrük şertleri;

ätiýaçlandyrmagyň tertibi;

şertnamanyň güýjüniň möhleti, şertnamany üýtgetmegiň, uzaltmagyň, ýatyrmagyň tertibi;

daşky gurşawy goramak we dikeltmek baradaky talaplar, taryh, medeniýet ýadygärliklerini, tebigy landşaftlary, haýwanat hem osümlik dünýäsini aman saklamagyň hem-de goramagyň şertleri;

konsessiýa işiniň dowamynda ýüze çykan täze maglumaty, şol sanda hem geologiýa-gözleg işleriniň netijelerini konsessioneriň konsessiýa beren edara bermek baradaky borçlary;

işçi güýjüni hakyna tutmagyň şertleri;

jedelleri çözmegiň tertibi, şertnamanyň bozulmagy üçin taraplaryň jogapkärçiligi;

işe goýulýan maýa goýumynyň iň pes möçberi;

konsessiýanyň önüminiň içerki we daşarky bazarlar üçin nyrhlarynyň derejesi;

şertnamanyň möhleti gutarandan soň hem-de beýleki halatlarda konsessiýa obýektlerini yzyna gaýtarmagyň tertibi hem şertleri;

taraplaryň maliýe kepillendirmeleri, olaryň ýuridik salgylary hem-de bank rekwizitleri (talap edilýän resminamalary);

adatdan daşary we öňüni alyp bolmajak hadysalar bolanda, onuň ýuridiki, ykdysady hem-de guramaçylyk netijeleri;

konsessiýa şertnamasynyň ýerine ýetirilişini barlamagyň we oňa gözegçilik etmegiň tertibi hem-de şertleri;

ylalaşýan taraplar üçin beýleki möhüm pursatlar.

 

9-nji madda. Konsessiýa tölegleri we salgytlary.

 

Daşary ýurtlaryň ýuridiki we fiziki taraplarynyň tölegleri hem salgytlary tölemeginiň tertibi hem-de olaryň möçberi Türkmenistanyň ulanylyp gelinýän kanunlary esasynda kesgitlenilýär.

 

10-nji madda. Konsessiýa şertnamasynyň möhleti

 

1. Konsessiýa şertnamasy 5 ýyldan 40 ýyla çenli möhlet bilen baglaşylýar.

Aýratyn-halatlarda şertnama 5 ýyla çenli hem baglyşylyp bilner. Şertnamada bellenen möhlet gutarandan soň ol taraplaryň ylalaşmagy esasynda täzeden dikeldilip bilner. Konsessiýa şertnamasy täze möhlete dikeldilende onuň şertleri üýtgedilip bilner.

2. Şertnamanyň möhleti gutarandan soň konsessiýa obýektleri şol konsessiýany beren döwlet edarasyna gaýtarylyp berilýär.

 

11-nji madda. Konsessiýa şertnamasynyň şertlerini üýtgetmek we ony ýatyrmak

 

1. Konsessiýa şertnamasynyň şertleriniň üýtgedilmegine ýa-da onuň möhletinden öň ýatyrylmagyna taraplaryň ylalaşmagy esasynda ýa-da kazyýet tertibinde ýol berilýär.

2. Konsessiýany ýatyrmak işi şertnamada bellenen tertipde ýa-da taraplaryň ylalaşmagy esasynda geçirilýär, taraplar ylalaşmadyk wagtynda ýa-da konsessiýa kärhanasy batyp galan mahalynda bolsa - kazyýet tarapyndan çözülýär.

3. Konsessiýanyň ýatyrylandygyny bellige almak işi konsessiýa şertnamasyny öň haýsy edara bellige alan bolsa, şol edara tarapyndan hem amala aşyrylýar.

4. Konsessiýa eýeçiligiň we hojalygy ýöretmegiň ähli görnüşlerindäki kärhanalary hem-de guramalary bellige alýan ýeke-täk döwlet edarasynyň düzüminden aýrylan pursatyndan ýatyryldy diýlip hasap edilýär.

 

12-nji madda. Konsessiýa hukuklaryny miras almak

 

Konsessiýa hukuklaryny miras almak işi Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda geçirilýär.

 

13-nji madda. Ätiýaçlandyryş

 

1. Konsessiýa kärhanasynyň töwekgellikleri konsessioner bilen konsessiýany beren tarapyň özara ylalaşmagy esasynda ätiýaçlandyrylýar.

2. Konsessiýa kärhanalarynda işleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, daşary ýurt raýatlarynyňky bolsa, şu kärhanalar bilen baglaşylan zähmet şertnamalaryna laýyklykda düzgünleşdirilýär, şunda tölegler olaryň hemişelik ýaşaýan ýurtlaryndaky degişli gaznalaryna geçirilýär.

 

14-nji madda. Buhgalterçilik hasaba alnyşy, maliýe we 

        statistik hasabatlylyk

Konsessiýa kärhanalarynyň buhgalterçilik hasaba alnyşy, maliýe we statistik hasabatlylygy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

III. bölüm.

KONSESSIÝA GATNAŞYKLARYNYŇ DÜZGÜNLEŞDIRILIŞI

 

15-nji madda. Konsessiýa beren döwlet edarasynyň hukuklary

 

Türkmenistanyň konsessiýa beren döwlet edarasynyň aşakdakylara haky bardyr:

konsessiýanyň gazanan peýdasyndan özüne paý berilmegine;

konsessnýanyň önümini satyn almaga;

konsessiýa şertnamasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge;

konsessionere ugurdaş tebigy baýlyklary peýdalanmaga we ulanmaga hukuk bermäge. Ugurdaş tebigy baýlyklar hökmünde ulanylmaga degişli bolmadyk gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň sanawyny Türkmenistanyn Ministrler Kabineti belleýär.

 

16-njy madda. Konsessiýa beren döwlet edarasynyň borçlary.

 

Konsessiýa beren döwlet edarasy aşakdakylara borçludyr:

- konsessiýa şertnamasynyň ähli şertlerini berjaý etmäge;

- konsessionere konsessiýa zatlaryny ulanmak hem peýdalanmak barada aýratyn hukuk bermäge;

- onümçilik we täjirçilik işi barada konsessionerden alnan maglumatlary onuň razylygy bolmasa, çap etmezlige hem-de üçünji bir adama aýtmazlyga;

- konsessioneriň razylygy bolmasa, konsessiýa şertnamasyndaky şertleriň üýtgedilmegine ýol bermejekdigini kepillendirmäge;

- şertnama öz başlangyjy bilen möhletinden öň ýatyrylan wagtynda, edilen harajatlaryň öwezini konsessionere tölemäge;

- şertnamanyň bozulmagyna ýol berilmegi netijesinde (şunda konsessioner günäkär däl bolsa) konsessionere ýetirilen zyýanyň öwezini tölemäge;

- önümiň hem-de pul girdejisiniň şertleşilen paýyny daşary ýurda äkitmek, ýagny konsessiýa şertnamasynda göz öňünde tutulan ýa-da degişli ylalaşyklar arkaly goşmaça resmileşdirilen şertlerinde äkitmek hukugyny kepillendirmäge.

 

17-nji madda. Konsessioneriň hukuklary

 

Konsessioneriň şu aşakdakylara haky bardyr:

- konsessiýa şertnamasynyň şertlerinde hojalyk işi bilen meşgullanmaga;

- Türkmenistanyň kärhanalary üçin bellenen şertlerde ýer böleklerinden, suwdan, energiýadan, kommunikasiýalardan peýdalanmaga, konsessiýa şertnamasy boýunça peýdalanýan çaginde jaýlary, desgalary, baralga ýollaryny, gara ýollaryny, telegraf we telefon aragatnaşyk liniýalaryny gurmaga;

- Türkmenistanyň ulanylyp gelinýän kanunlaryna laýyklykda şahamçalar, wekilhanalar, bölümler we edara jaýlary açmaga;

- Türkmenistanyň zähmet hakyndaky kanunlaryny berjaý etmek arkaly Türkmenistanyň raýatlarynyň arasyndan zerur mukdarda işçi-gullukçylary, şeýle hem beýleki döwletlerin raýatlaryny hakyna tutmaga;

- öz işçilerini hem-de önümçilik işini üpjün etmek üçin abzallary, enjamlary, ýörite geýimleri we azyk önümlerini (olary konsessiýanyň çäklerinden daşarda satmak ýa-da peýdalanmak hukugy berilmezden) getirmäge;

- konsorsiumlary döretmäge;

-Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň kanuna ters gelýän hereketleri barada kazyýete şikaýat etmäge.

 

18-nji madda. Konsessioneriň borçlary

 

Konsessiýa şertnamasynda bellenen ähli şertleri berjaý etmäge hem-de öz işini Türkmenistanyň kanunlaryna pugta laýyk edip gurmaga konsessioner borçludyr.

 

19-nji madda. Jedellere garamagyň tertibi

 

Konsessionerleriň işi bilen baglanyşykly meseleler boýunça Türkmenistanyň döwlet edaralary, kärhanalary, jemgyýetçilik guramalary, beýleki ýuridik taraplary we raýatlary bilen olaryň arasynda hem-de konsessionerleriň öz aralarynda dörän jedeller halkara şertnamasynda başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň kazyýetlerinde garalmaga degişlidir.

 

20-nji madda. Taraplaryň jogapkärçiligi

 

Konsessiýa şertnamasyny baglaşan taraplar şertnamanyň ýerine ýetirilmänligii üçin Türkmenistanyň kanunlarynda bellenen we konsessiýa şertnamasynda göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekiýärler.

 

 

Türkmenistanyň                                           Saparmyrat

   Prezidenti                                                    Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri 

1993-nji ýyl, 1-nji  oktýabr

№ 859 - XII