Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTAN SOWET SOSIALISTIK RESPUBLIKASYNYŇ
DIL HAKYNDAKY KANUNY
I-2-г
(Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary,
1990 ý., № 10, 109- madda)
Dil halklaryň milli özboluşlylygyny kesgitleýji faktorlaryň hem-de milletiň aýrylmaz alamatlarynyň biridir. Türki dilleriň iň gadymylaryndan biri bolan türkmen dili Türkmenistan SSR-niň asyl ilatynyň hem-de aglaba graždanlarynyň dili bolup, şonuň esasynda ajaýyp medeni baýlyklar, ýazuw ýadygärlikleri döredilendir.
Türkmen dilini ösdürmek, ulanmak hem-de goramak bilen baglanyşykly ähli meseleleri çözmek işi Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň öz ygtyýaryna girýär. Bu Kanun türkmen halkynyň ruhy döredijiliginiň hemme taraplaýyn ösmegine ýardam etmek, onuň döwlet özygtyýarlylygynyň geljegini kepillendirmek maksady bilen, türkmen diline Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň bütin territoriýasynda döwlet dili statusyny berýär. Türkmen diline döwlet dili statusynyň berilmegi türkmen diliniň we medeniýetiniň goralmagyna hem-de hemme taraplaýyn ösdürilmegine esas döredýär.
Türkmenistan SSR-niň Dil hakyndaky kanuny «SSSR halklarynyň dilleri barasyndaky» SSSR Kanunyndaky ýörelgelere laýyk gelýär. Rus dili SSSR-iň resmi dili diýlip ykrar edilýär we milletara gatnaşyk serişdesi hökmünde ulanylýar.
Bu kanun Türkmenistan SSR-niň döwlet dili bolan türkmen diliniň, milletara gatnaşyk serişdesi bolan rus diliniň, respublikada ýaşaýan beýleki halklaryň dilleriniň erkin ösmegini we ulanylmagyny hukuk taýdan kepillendirýär.
Dil hakyndaky Kanun diliň şahsy durmuşda, şahsy pikir alyşmalarda, Ýaragly Güýçleriň edaralarynda, guramalarynda, dini ygtykatlaryň hem-de din däp-dessurlarynyň berjaý edilmeginde ulanylyşyny düzgünleşdirmeýär.
I bap. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Türkmen dili Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň döwlet dilidir.
Türkmenistan SSR-i türkmen diliniň döwlet tarapyndan goralmagyny amala aşyrýar we onuň hemme taraplaýyn ösdürilmegi hem-de onuň döwlet organlarynda, jemgyýetçilik guramalarynda, ykdysadyýetde, halk magaryfynda, medeniýetde, ylymda, tehnikada, hyzmat ediş sferasynda, köpçülikleýin habar berişde (informasiýada) hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki ugurlarynda ýörgünli ulanylmagy barada alada edýär.
Türkmen diline döwlet dili statusynyň berilmegi Türkmenistan SSR-nde ýaşaýan beýleki milletleriň wekilleriniň öz ene dillerinden peýdalanmakdaky konstitusion hukuklaryny kemsitmeýär.
2-nji madda. Türkmenistan SSR-nde döwlet dili hem-de rus dili milletara gatnaşyk dilleridir.
3-nji madda. Türkmenistan SSR-i respublikanyň çäginde ýaşaýan halklaryň dilleriniň erkin ulanylmagy hem-de ösmegi üçin şertleri döredýär. Türkmenistan SSR-i graždanlaryň döwlet dilini öwrenmegini üpjün edýär hem-de milli-rus, rus-milli iki dili we köp dili bilmegi ösdürmek barada alada edýär.
Türkmenistan SSR-i respublikanyň çäginden daşarda ýaşaýan türkmenleriň ruhy, medeni we dil babatdaky isleglerini kanagatlandyrmaga ýardam edýär.
II bap. GRAŽDANLARYŇ DILI SAÝLAP ALMAK
HUKUKLARY WE OLARYŇ KEPILLENDIRILIŞI
4-nji madda. Türkmenistan SSR-nde her bir graždanyň döwlet häkimiýet we dolandyryş organlaryna, döwlet hem-de jemgyýetçilik edaralaryna, guramalaryna, suda, prokuratura ähli meseleler boýunça döwlet dilinde ýüz tutmaga, şikaýat etmäge hem-de şol dilde ýa-da iki tarap üçin hem amatly bolan dilde jogap almaga hukugy bardyr.
5-nji madda. Döwlet häkimiýet we dolandyryş organlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem hukuk goraýyş organlarynyň, saglygy saklaýyş, magaryf edaralarynyň, medeniýet, söwda, hyzmat ediş gullugynyň, transport, sosial üpjünçilik, ýaşaýyş jaý-kommunal hojalygynyň öz gulluk borçlary boýunça dürli milletden bolan graždanlar bilen iş salyşmaly bolýan işgärleri öz wezipelerini ýerine ýetirmegi üçin ýeterlik möçberde döwlet dilini hem-de rus dilini bilmäge borçludyrlar.
Milli toparlaryň kowçum ýaşaýan raýonlarynda bolsa şol işgärler ýerli ilatyň ene dilini hem şol möçberde bilmelidirler.
Bu madda 1996-njy ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli güýje girizilýär.
Şol hünärleriň atlary, işgärleriň her bir toparynyň dil bilmek möçberi Türkmenistan SSR Ministrler Soweti tarapyndan tassyklanan tertibe laýyklykda kesgitlenilýär.
Türkmenistan SSR Ministrler Soweti bu baradaky tekliplerini 1991-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli taýýarlaýar.
III bap. DÖWLET HÄKIMIÝET WE DOLANDYRYŞ
ORGANLARYNYŇ JEMGYÝETÇILIK GURAMALARYNYŇ
HEM-DE KÄRHANALARYŇ IŞINDE DILIŇ ULANYLYŞY
6-njy madda. Türkmenistan SSR-nde döwlet häkimiýet we dolandyryş organlarynda, jemgyýetçilik guramalarynda iş dolandyryş döwlet dilinde alnyp barylýar. Döwlet häkimiýet we dolandyryş organlarynyň aktlary döwlet dilinde kabul edilýär, döwlet dilinde hem rus dilinde çap edilýär.
Gurultaýlar, sessiýalar, konferensiýalar, plenumlar, mejlisler, ýygnaklar, maslahatlar döwlet dilinde geçirilýär. Döwlet dilini bilmeýänler üçin rus diline ýa-da mümkinçilik bolanda beýleki bir dile terjime etmek işi ýola goýulýar. Çykyş edýänler islän dilinde geplemäge haklydyr. Bu çäreleriň dokumentleri hem-de kararlary döwlet dilinde ýazylýar.
Türkmenistan SSR-nde geçirilýän halkara, bütinsoýuz hem-de respublikanara çäreleriň alnyp baryljak dilini, şeýle hem terjime etmek tertibini olaryň öz guramaçylyk komiteti kesgitleýär.
Beýleki millete degişli ilatyň köplük edýän ýerindäki ýerli döwlet häkimiýet we dolandyryş organlary, jemgyýetçilik guramalary döwlet dili bilen bir hatarda öz ene dilini hem ulanyp bilerler.
Bu madda 1999-njy ýylyň 1-nji iýulyna çenli güýje girizilýär.
7-nji madda. Türkmenistan SSR-niň çäginde ýerleşýän kärhanalarda, edaralarda we guramalarda iş dolandyryş döwlet dilinde alnyp barylýar.
Işgärleriniň köplügi döwlet dilini bilmeýän kärhanalarda, edaralarda hem-de guramalarda iş dolandyryş rus dilinde ýa-da köplügiň dili bolan beýleki bir dilde ýöredilip bilner. Şol bir wagtda türkmen dilini öwrenmäge hem-de iş dolandyryşy kem-kemden döwlet diline geçirmäge maddy hem-de beýleki şertler döredilýär.
Bu madda 1998-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli güýje girizilýär.
8-nji madda. Türkmenistan SSR-niň kärhanalarynda, edaralarynda, guramalarynda, ministrliklerinde, respublikan wedomstwolarynda, jemgyýetçilik guramalarynda hem-de olaryň sistemasyndaky organlarda hasap-statistika we maliýe dokumentlerini düzmek işi döwlet dilinde hem-de rus dilinde alnyp barylýar, respublikanyň çäginden daşary ibermäge niýetlenilen hasabat hem-de maliýe dokumentlerini düzmek işi rus dilinde ýöredilýär.
9-njy madda. Türkmenistan SSR-niň döwlet häkimiýet we dolandyryş organlary, kärhanalary, edaralary, guramalary SSR Soýuzynyň organlary bilen gatnaşygy rus dilinde alyp barýarlar, beýleki respublikalar bilen hat alşylanda bolsa taraplar üçin amatly bolan dil ulanylýar.
Türkmenistan SSR-i daşary ýurt döwletleri bilen aragatnaşyk edende, taraplar üçin amatly bolan dil peýdalanylýar.
10-njy madda. Türkmenistan SSR-ndäki kärhanalaryň, edaralaryň hem-de guramalaryň wezipeli adamlary döwlet dilini öz gulluk wezipelerini ýerine ýetirer ýaly möçberde bilmäge borçludyrlar. Şol wezipeli adamlar graždanlaryň arza-şikaýatlaryna döwlet dilinde, rus dilinde ýa-da iki tarap üçin hem amatly bolan beýleki bir dilde jogap bermelidirler.
Bu madda 1995-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli guýje girizilýär.
11-nji madda. Türkmenistan SSR-niň döwlet häkimiýet we dolandyryş organlary, edaralary, kärhanalary hem-de guramalary tarapyndan graždanlara berilýän resmi dokumentler döwlet dilinde ýa rus dilinde, ýa-da iki dilde berilýär.
Graždanlara ýaşaýan, işleýän ýerlerinden berlip, olaryň jemgyýetçilik guramalarynyň çlenidigini tassyklaýan, graždan ýagdaýy aktlaryna we başgalara guwä geçýän resmi dokumentler döwlet dilinde hem-de rus dilinde doldurylýar.
12-nji madda. Türkmenistan SSR-niň çäginde poçta-telegraf habarlary graždanyň ýa-da iberijiniň (edaranyň, kärhananyň ýa-da guramanyň) islegine görä döwlet dilinde ýa-da rus dilinde kabul edilýär.
Bu madda 1993-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli güýje girizilýär.
IV bap. ADYL SUD HEM-DE HUKUK GORAÝYŞ ORGAN-
LARYNYŇ, ARBITRAŽYŇ, NOTARIATYŇ, AKLAWÇYLAR
EDARASYNYŇ IŞINDE WE GRAŽDAN ÝAGDAÝY AKT-
LARYNYŇ ÝAZGYSYNDA DILIŇ ULANYLYŞY
13-nji madda. Türkmenistan SSR Konstitusiýasyna laýyklykda, Türkmenistan SSR-nde sud işini ýöretmek döwlet dilinde ýa-da şol ýeriň esasy ilatynyň dilinde alnyp barylýar.
Bu işe gatnaşyp, sud işiniň alnyp barylýan dilini bilmeýän adama kanun boýunça bellenilen tertipde dilmajyň hyzmatyndan peýdalanyp, öz ene dilinde beýannama aýtmaga, görkeziş bermäge, sudda çykyş etmäge, öz haýyşyny mälim etmäge hukuk berilýär.
Derňew hem-de sud dokumentleri, bu işe gatnaşýanlara kanunda bellenilen tertipde, olaryň bilýän dillerine terjime edilen görnüşde gowşurylýar ýa-da olar dilmaç arkaly tanyşdyrylýar.
14-nji madda. Türkmenistan SSR-nde administratiw hukuk tertibiniň bozulmagy hakyndaky işlere döwlet dilinde, zerur ýagdaýlarda rus dilinde hem seredilýär. Administratiw jogapkärçilige çekilen adamlar hem-de şol işe gatnaşýan beýleki adamlar öz ene dillerinden peýdalanmaga haklydyrlar, eger olar administratiw iş ýöretmegiň alnyp barylýan dilini bilmeýän bolsa, dilmajyň hyzmatyndan peýdalanyp bilerler.
Administratiw hukuk tertibiniň bozulmagy hakyndaky işleriň protokoly hem-de şol adamy administratiw jogapkärçilige çekmek baradaky karar döwlet dilinde, ýa-da işe haýsy dilde garalan bolsa, şol dilde taýýarlanylýar. Administratiw jogapkärçilige çekilýän adam döwlet dilini bilmeýän halatynda oňa protokolyň hem-de kararyň mazmuny rus diline ýa-da başga bir amatly dile terjime edilip berilýär.
15-nji madda. Türkmenistan SSR-nde döwlet arbitražynyň organlary edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň we kooperatiwleriň arasynda ýüze çykan hojalyk dawalaryna döwlet dilinde ýa-da rus dilinde garaýar. Şonda prosessual dokumentler olaryň garalan dilinde taýýarlanylýar.
16-njy madda. Türkmenistan SSR-niň döwlet notarial kontoralarynda hem-de halk deputatlarynyň raýon, şäher, posýolok, oba Sowetleriniň ispolnitel komitetlerinde notarial iş döwlet dilinde ýöredilýär, ýöne dokumentler taraplar üçin amatly bolan dilde taýýarlanylýar.
17-nji madda. Türkmenistan SSR-nde graždan ýagdaýy aktlarynyň ýazgysyny geçirýän organlarda iş dolandyryş döwlet dilinde alnyp barylýar.
Graždan ýagdaýy aktlarynyň ýazgysyny geçirýän organlar tarapyndan berilýän dokumentler döwlet we rus dillerinde doldurylýar.
Bu madda 1995-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli güýje girizilýär.
18-nji madda. Türkmenistan SSR-niň graždanlaryna kanunda göz öňünde tutulýan ýuridik kömekleriň ähli görnüşleri döwlet dilinde hem-de rus dilinde, milli toparlaryň kowçum ýaşaýan ýerlerinde bolsa ýerli ilatyň ene dilinde hem berilýär.
V bap. MAGARYF, YLYM WE MEDENIÝET PUDAKLARYNDA
DILIŇ ULANYLYŞY
19-njy madda. Türkmenistan SSR-i ähli graždanlaryň mekdebe çenli terbiýäni, okuwy, orta hem ýokary bilimi döwlet dilinde we rus dilinde almagyny üpjün edýär. Milli toparlaryň kowçum ýaşaýan ýerlerinde mekdebe çenli terbiýäni, okuwy hem-de orta bilimi ene dillerinde ýa-da olaryň saýlamagy bilen döwlet dilinde ýa-da rus dilinde almak üpjün edilýär.
Çagalaryň döwlet dilini hem-de beýleki ene dillerini öwrenmegini gazanmak ata-eneleriň borjudyr.
20-nji madda. Türkmenistan SSR-i respublikanyň çäginde ýaşaýan graždanlara umumy bilim berýän mekdeplerde, professional-tehniki uçilişşelerde, ýörite orta hem-de ýokary okuw jaýlarynda, şeýle hem okatmagyň başga formalary arkaly türkmen we rus dillerini öwretmegi üpjün edýär.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, okuw jaýlarynyň ýolbaşçylary, pedagoglar hem-de terbiýeçiler okatmagyň we terbiýelemegiň şol edarada kabul edilen dilini bilmäge borçludyrlar.
Bu madda 1996-njy ýylyň 1-nji iýulyna çenli güýje girizilýär.
21-nji madda. Türkmenistan SSR-niň professional-tehniki uçilişşelerinde, ýörite orta hem-de ýokary okuw jaýlarynda okatmak, olaryň nirä degişlidigine garamazdan, döwlet dilinde alnyp barylýar.
Professional-tehniki uçilişşelerde, ýörite orta hem-de ýokary okuw jaýlarynda zerur bolan halatlarda rus dilinde okadylýan toparlar döredilýär.
Beýleki dillerde spesialist taýýarlamak meselesi respublikanyň hajatlaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
Bu madda 1998-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli guýje girizilýär.
22-nji madda. Ýörite orta hem-de ýokary okuw jaýlaryna girilýän mahalynda şol okuw jaýlarynyň nirä degişlidigine garamazdan, türkmen mekdeplerini tamamlanlar türkmen dilinden we edebiýatyndan, rus mekdeplerini tamamlanlar rus dilinden we edebiýatyndan giriş ekzamenini tabşyrýarlar, başga dillerde okadylýan mekdepleri tamamlanlar bolsa öz isleglerine görä türkmen ýa-da rus dilinden we edebiýatyndan giriş ekzamenini tabşyrýarlar.
Abituriýentleriň ýörite orta hem-de ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin beýleki sapaklar boýunça tabşyrmaly giriş ekzamenleriniň dili hem şol tertipde bellenilýär.
23-nji madda. Türkmen dilinden beýleki dillerde okadylýan umumy bilim berýän orta mekdeplerde, professional-tehniki uçilişşeleriň ýörite orta hem-de ýokary okuw jaýlarynyň rus dilinde okadylýan toparlarynda olaryň nirä degişlidigine garamazdan, türkmen dili öwrenilýär. Türkmenistan SSR-niň şol okuw jaýlaryny tamamlaýanlar türkmen dili boýunça döwlet ekzamenini tabşyrýarlar.
Türkmen dilinde okadylýan umumy bilim berýän orta mekdeplerde, professional-tehniki uçilişşelerde, ýörite orta hem-de ýokary okuw jaýlarynda olaryň nirä degişlidigine garamazdan, rus dili öwrenilýär, Türkmenistan SSR-niň şol okuw jaýlaryny tamamlaýanlar rus dili boýunça döwlet ekzamenini tabşyrýarlar.
Bu madda 1996-njy ýylyň 1-nji iýulyna çenli güýje girizilýär.
24-nji madda. Türkmenistan SSR-i ylymda türkmen we rus dilleriniň deň hukukly ulanylmagyny kepillendirýär. Ylmy işleri ýazmakda hem-de ýöriteleşdirilen sowetiň mümkinçiligine görä dissertasiýa ýazmak we goramak işinde islendik dili - türkmen, rus ýa-da beýleki bir dili saýlap almak hukugy üpjün edilýär.
Dissertasiýa goramak bilen baglanyşykly dokumentleriň golýazmadan başgasy SSSR Ministrler Sowetiniň ýanyndaky Ýokary attestasiýa komissiýasyna rus dilinde iberilýär.
25-nji madda. Türkmenistan SSR-i türkmen halkynyň we beýleki halklaryň taryhyna, medeniýetine degişli ýazuw ýadygärliklerini gorap saklamak, olaryň üstüni ýetirmek hem-de ulanmak barada hemme taraplaýyn alada edýär.
26-njy madda. Türkmenistan SSR-i arap hatynyň esasyndaky köneden gelýän türkmen ýazuwynyň öwrenilmegine hemaýat edýär. Munuň üçin bu ýazuwyň okuw jaýlarynda öwrenilmegini guraýar, bu ugurda degişli ylmy-pedagogik kadrlary taýýarlaýar hem-de zerur bolan maddy-tehniki bazany döredýär.
27-nji madda. Türkmenistan SSR-i döwlet dilinde kinofilmleriň, telefilmleriň, wideofilmleriň hem-de beýleki eserleriň döredilmegini, soňra olaryň rus diline hem-de başga dillere terjime edilmegini üpjün edýär, şeýle hem şonuň ýaly eserleriň başga dillerden türkmen diline geçirilmegine goldaw berýär.
VI bap. ÝER-ÝURT ATLARYNDA, ADAM ATLARYNDA WE
INFORMASIÝADA DILIŇ ULANYLYŞY
28-nji madda. Türkmenistan SSR-ndäki oblastlaryň, raýonlaryň, şäherleriň, obalaryň, posýoloklaryň, taryhy ýerleriň, köçeleriň, meýdanlaryň, ýadygärlikleriň hem-de gaýry territorial obýektleriň döwlet dilinde ýeke-täk ady bolmalydyr. Olary rus diline hem-de beýleki dillere terjime etmezden, praktiki transkripsiýada we milli dilde eşidilişine laýyklykda ýazmaly.
Rusça ýa-da beýleki dillerde atlandyrylan köçeleriň ýa-da beýleki obýektleriň atlary, kada hökmünde, türkmen diline terjime edilmän, olaryň atlandyrylan dilinde, ýöne türkmen diliniň ýazuw kadalaryna laýyklykda ýazylýar.
Türkmenistan SSR-i geografik obýektleriň öňden gelýän taryhy atlaryny goramagy üpjün edýär, täze atlary dakmagy jemgyýetçiligiň gözegçiligine berýär, aýratyn zerurlyk bolmasa, şäherleriň, obalaryň, taryhy we tebigy mirasyň atlaryny üýtgetmegi hem-de täzeden atlandyrmagy gadagan edýär.
29-njy madda. Has atlary we etnonimleri (halklaryň, tire-taýpalaryň atlary) ýazmakda milli edebi dilleriň orfografiýa kadalary saklanylýar. Olary başga dillerde aňlatmak şol dilleriň edebi normalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
Türkmenistan SSR-niň graždanlarynyň öz atlaryny (familiýalaryny we atalarynyň atlaryny) öz islän gönüşinde almaga haky bardyr.
30-njy madda. Edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň we olaryň degişli bölümleriniň atlary döwlet dilinde ýazylýar hem-de rus dilinde gaýtalanýar, zerur ýagdaýda bolsa beýleki dillerde-de gaýtalanýar.
31-nji madda. Kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň resmi möhürleriniň, ştamplarynyň ýazgylary döwlet dilinde düzülýär hem-de rus dilinde gaýtalanýar.
Blanklaryň, dürli atlaryň, bildirişleriň, resmi reklamalaryň, nyrhnamalaryň (preýskurantlaryň), bahalyklaryň hem-de gaýry tanyşdyryjy ýazgylaryň teksti döwlet dilinde berilýär we rus dilinde, milli toparlaryň kowçum ýaşaýan ýerlerinde bolsa olaryň ene dilinde-de gaýtalanýar.
32-nji madda. Respublikan kärhanalaryň öndürýän önümleri döwlet dilinde ýazylan ýarlyklar, haryt gözükdirijileri (instruksiýalar) bilen üpjün edilýär. Olaryň rus diline, zerur ýagdaýda bolsa başga dile terjimesi berilýär.
Türkmenistan SSR-nde öndürilen senagat hem-de azyk harytlarynyň ýarlyklarynda, görkezgiçlerinde we olary ulanmagyň gözükdirijilerinde (instruksiýalarynda) döwlet hem-de rus dillerinde, zerur halatynda harydy alyjynyň dilinde-de degişli maglumatlar bolmalydyr.
33-nji madda. Maglumat beriş ýazgylary şeýle ýerleşdirilýär: döwlet dilindäki ýazgylar çepde ýa-da ýokarda, rus dilindäki ýazgylar sagda ýa-da aşakda getirilýär, olar deň möçberli harplar bilen ýazylýar. Dilden berilýän maglumatlar, bildirişler, reklamalar ilki döwlet dilinde, soňra rus ýa-da beýleki dilde aýdylýar.
VII bap. DILLERIŇ HUKUK TAÝDAN GORALYŞY
34-nji madda. Türkmen diliniň kanun boýunça Türkmenistan SSR-nin döwlet dili diýlip ykrar edilmegi respublikanyň döwlet we milli bähbitlerine laýyk gelýär hem-de ýokary döwlet häkimiýet we dolandyryş organlaryny döwlet dilini goramak we ösdürmek barada hukuk, sosial-ykdysady we medeni aň-bilim häsiýetli zerur çäreleri görmäge borçly edýär. Döwlet dilini hukuk taýdan goramak işi Türkmenistan SSR-niň kanunlary bilen üpjün edilýär.
Döwlet diliniň ulanylýan ähli ugurlarynda türkmen edebi diliniň normalary berjaý edilýär.
Türkmenistan SSR-nde döwlet dili bilen bir hatarda rus dili hem-de respublikanyň çäginde ýaşaýan beýleki milli toparlaryň dilleride hukuk taýdan goralýar hem-de olaryň goralmagy we ösdürilmegi üçin zerur şertler döredilýär.
35-nji madda. Bilim we terbiýe meselelerinde, döwlet hem-de jemgyýetçilik organlaryna, suda hem-de beýleki hukuk goraýyş organlaryna ýüz tutulanda graždanlaryň dili saýlap almak hukugynyň bozulmagyna, graždanlaryň dil babatda kemsidilmegine, olara dil alamatlary boýunça bikanun artykmaçlyklaryň berilmegine, şeýle hem Türkmenistan SSR-niň Dil hakyndaky kanunynyň gaýry bozulmalaryna ýol berilmeli däldir.
36-njy madda. Türkmenistan SSR Ministrler Soweti, halk deputatlarynyň ýerli Sowetleri, olaryň prezidiumlary we ýerine ýetiriji hem-de serenjam beriji organlary, ministrlikler, döwlet komitetleri, wedomstwolar, respublikanyň çägindäki kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň ýolbaşçylary olaryň nirä garaşlydygyna garamazdan, şu Kanunyň talaplarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler.
Bu Kanuny durmuşa geçirmek baradaky çäreleri amala aşyrmak işi Türkmenistan SSR Ministrler Sowetiniň üstüne ýüklenilýär. Bu Kanunyň ýerine ýetirilişine kontrollyk etmek işi Türkmenistan SSR Ýokary Soweti hem-de onuň komitetleri tarapyndan amala aşyrylýar.
Türkmenistan SSR Ýokary
Sowetiniň Başlygy S. NYÝAZOW
Aşgabat şäheri
1990-njy ýyl, 24-nji maý
№ 202 - ХII