Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmenistan 1991-nji ýylda ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, halkara giňişliginde özbaşdak döwlet hökmünde ykrar edildi. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy Türkmen döwletiniň syýasy gurluşyny kesgitledi, ony demokratik, hukuk we dünýewi döwlet diýip yglan etdi.
1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edildi.
Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň we ikinji gezek 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 döwletiň goldamagynda hem-de üçünji gezek «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň 21-nji martynda kabul eden «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Kararnamalarynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edildi. Ýurdumyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny özüniň Konstitusiýasynda beýan eden ýeke-täk döwletdir.
Gelip çykyşy boýunça «ykrar edilen», görnüşi boýunça «hemişelik», manysy boýunça «oňyn» häsiýete eýe bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen, taryhy Kararnama bilen berkidilen halkara hukuk ýagdaýydyr.
Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam bermek ýörelgelerine eýerýär.
2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynyň çäklerinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Bu resminamada Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, netijeli gatnaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly hem-de hoşniýetli gatnaşyklary berkitmegiň täsirli guralyna öwrülendigi tassyklanylýar.
2007-nji ýylda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda ilkinji gezek çykyş edende, Milletler Bileleşigine Türkmenistanyň syýasatynyň esasy ugurlaryny, geljekki mümkinçiliklerini beýan etdi. Öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarly Bitarap ýurdumyz tutuş sebitiň we dünýäniň parahatçylyk döredijilik merkezi hökmünde ykrar edildi.
2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň esas goýujy başlangyçlary bilen, sebitiň ýurtlarynyň ählisi, soňra Milletler Bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanylmagy netijesinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ştab-kwartirasy Aşgabatda dabaraly ýagdaýda açyldy.
Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi häzirki döwürde zerur bolan öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny ulanmak arkaly sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerine geçmäge gönükdirilen teklipleri öňe sürýär.
Türkmenistanda zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, gender syýasatyna aýratyn üns berilýär. Bu ugurda daşary ýurtlar hem-de halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogyna 2022-nji ýylda Türkmenistanyň başlylyk etmeginiň çäklerinde köpsanly we dürli görnüşdäki çäreler geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy BMG-niň gender deňligi babatda «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, sebitleýin meseleler boýunça zenanlaryň arasynda maslahatlaşmalary geçirmekde, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda, döwletleriň we halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Zenanlaryň Dialogynyň maslahatlarynyň geçirilmeginiň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy, onuň görnüşleriniň we netijeliliginiň artmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu barada aýdylanda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, 2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň Dialogy geçirildi we onuň jemleri esasynda kabul edilen Jarnama BMG-niň resminamasy hökmünde bu gurama agza döwletleriň arasynda ýaýradyldy.
Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) bir palatadan ybarat bolan kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr. Mejlis Konstitusiýany, kanunlary we kararlary kabul edýär. Türkmenistanyň Mejlisi 125 deputatdan ybaratdyr. Mejlisde 8 sany komitet hereket edýär.
Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň we daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen halkara gatnaşyklarynyň dürli ugurlarynyň hukuk esaslaryny kesgitleýän şu aşakdaky kanunlar hereket edýär, ýagny:
- Türkmenistanyň Konstitusiýasy;
- «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny;
- «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny;
- «Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny;
- «Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny;
- «Döwlet protokoly hakynda» Türkmenistanyň Kanuny;
- «Migrasiýa gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny;
- «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny;
- «Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän döwlet eýeçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny;
-«Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny;
- «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanuny;
- «Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny;
- «Türkmenistanyň raýatlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny;
- «Diplomatik gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny;
- «Diplomatik derejeler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny;
- «Adatdan daşary ýagdaýda halkara ynsanperwer kömegi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny;
- «Konsullyk gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny;
- «Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny;
- Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordenini döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny;
- «Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny;
- «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny.
Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisi dünýä döwletleriniň parlamentleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn uly ähmiýet berýär. Häzirki döwürde Mejlisde dünýä döwletleriniň Parlamentleri bilen ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň 51-si hereket edýär.
Türkmenistanyň Mejlisi 2014-nji ýyldan bäri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň agzasydyr. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri bu parlament guramasynyň mejlislerine we geçirýän çärelerine yzygiderli gatnaşýarlar. Şu geçen döwürde Türkmenistanyň Mejlisi ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde birnäçe çäreleri geçirdi. 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisi ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde Aşgabat şäherinde «ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly Merkezi Aziýa sebitleýin maslahaty geçirdi. 2024-nji ýylda bolsa Aşgabat şäherinde «ÝHHG-niň çäginde Parlament diplomatiýasy: Dialog – abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly bilelikdäki maslahatlar geçirildi.
2023-nji ýylda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Ýaş parlamentariler toruna Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili agzalyga bellenildi.
Türkmenistanyň Mejlisi 2017-nji ýyldan bäri Parlamentara Bileleşigiň (IPU) agzasydyr. Mejlis Parlamentara Bileleşigiň durnukly ösüşi üpjün etmekde dünýäniň parlamentarileriniň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen çärelerine işjeň gatnaşýar. Parlamentara Bileleşigi kanun çykaryjylyk işinde dürli ýurtlaryň parlamentarileriniň tejribe alyşmaklary, döwrüň umumadamzat bähbitlerinden gelip çykýan möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaklary üçin giň meýdança bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň Mejlisi Ýewropa Bileleşiginiň Parlamenti bilen ikitaraplaýyn dialogyň çäklerinde duşuşyklary geçirýär. Häzirki döwre çenli Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň parlament agzalarynyň gatnaşmagynda «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi: Parlament dialogy» görnüşdäki duşuşyklaryň 8-si geçirildi.
2020-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi ýurdumyzyň ynsanperwer daşary syýasatyny hem-de türkmen Bitaraplyk ýörelgesini dünýä giňişliginde dabaralandyrdy. Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygy 2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Aşgabatda geçirildi. Häzirki wagtda Bitaraplygyň dostlary toparynyň düzümine döwletleriň 20-den gowragy agza bolup durýar.
Täze taryhy döwürde Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da ýokarlandyrmak, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllyk ýubileýi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl ‒ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän «Türkmenistan ‒ parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi.
Türkmenistan dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek babatda beýik başlangyçlary öňe sürüp, ony iş ýüzünde durmuşa geçirýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Bitarap Türkmenistan», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan ‒ Bitaraplygyň mekany» atly kitaplary bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren «Dialog ‒ parahatçylygyň kepili» diýen beýik taglymatyndan, ylmy filosofiýasyndan ugur alyp, halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar.