Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 4, 85-nji madda)
(24.07.2022 ý. № 494-VI, 03.06.2023 ý. № 27-VII Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaça bilen)
Şu Kanun raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almagyň tertibini düzgünleşdirýär we raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almagy amala aşyrýan edaralaryň işiniň guramaçylyk, hukuk esaslaryny kesgitleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry
1. Şu Kanunyň hereketi raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet tarapyndan bellige (mundan beýläk – döwlet belligine) almak bilen bagly gatnaşyklara degişli edilýär we şulary öz içine alýar:
1) raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almagy amala aşyrýan edaralaryň işini we olaryň ygtyýarlyklaryny;
2) raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almagyň tertibini;
3) raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryna üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler girizmegiň, şeýle hem olary dikeltmegiň we ýatyrmagyň tertibini;
4) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alnyşynyň kitaplaryny (mundan beýläk – nama kitaplaryny) ýöretmegiň tertibini;
5) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy bilen bagly meseleler boýunça raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyny döwlet belligine almaga hukugy bolan edaralaryň (mundan beýläk – RÝNÝ edaralary) beýleki döwlet edaralary bilen özara gatnaşyklarynyň tertibini;
6) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alnandygyny ýa-da alynmandygyny tassyklaýan resminamalaryň hem-de raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary bilen bagly gaýry maglumatlaryň berilmeginiň tertibini;
7) Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň bir bitewi döwlet sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň tertibini.
2. Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň raýatlaryna, Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara, şeýle hem Türkmenistanyň RÝNÝ edaralarynda raýat ýagdaýynyň namalary döwlet belligine alnan we Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara degişlidir.
2-nji madda. Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda
Türkmenistanyň kanunçylygy
Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de Türkmenistanyň Raýat kodeksinden, Türkmenistanyň Maşgala kodeksinden, şu Kanundan we raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almagyň tertibini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.
3-nji madda. Raýat ýagdaýynyň namalary
1. Raýat ýagdaýynyň namalary – bu raýatlaryň hukuklarynyň we borçlarynyň ýüze çykmagyna, üýtgemegine ýa-da bes edilmegine täsir edýän, şeýle hem olaryň hukuk ýagdaýyny häsiýetlendirýän, raýatlaryň döwlet belligine alynmaga degişli bolan raýat ýagdaýynyň ýazgylarynyň namalarynda görkezilýän hereketleri ýa-da wakalar we faktlar.
2. Raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almak raýatlaryň emläk we şahsy emläk däl hukuklaryny goramak maksady bilen, şeýle hem döwletiň bähbitlerini üpjün etmek üçin bellenilýär.
3. Şu Kanunda bellenilen tertipde aşakdaky raýat ýagdaýynyň namalary döwlet belligine alynmaga degişlidir:
1) dogluş;
2) nika baglaşylmagy;
3) nikanyň bozulmagy;
4) perzentlige (ogullyga ýa-da gyzlyga) alynmagy;
5) atalygyň anyklanylmagy;
6) familiýanyň, adyň we atasynyň adynyň üýtgedilmegi;
7) ölüm.
4. Raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almagy RÝNÝ edaralary döwletiň adyndan amala aşyrýarlar.
5. Diňe RÝNÝ edaralarynda döwlet belligine alnan raýat ýagdaýynyň namalary hakyky diýlip ykrar edilýär. Türkmenistanda RÝNÝ edaralary döredilmezinden öň, dini däp-dessurlara laýyklykda amala aşyrylan we olaryň tassyklamagynda alnan dogluş, nika baglaşylandygy we bozulandygy, şeýle hem ölüm hakyndaky resminamalar RÝNÝ edaralarynda amala aşyrylan raýat ýagdaýynyň namalaryna deňleşdirilýär we olaryň gaýtadan döwlet belligine alynmagy talap edilmeýär.
4-nji madda. Raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine
almaga bolan hukuk
Ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, şeýle hem şu Kanunda bellenilen halatlarda we çäklerde şular raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almaga bolan hukuga eýedirler:
1) Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň (mundan beýläk – RÝNÝ müdirligi) welaýatlaryň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň, etrapdaky şäherleriň raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň bölümleri (mundan beýläk –RÝNÝ bölümleri)
2) Geňeşler;
3) raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almaga ygtyýarly edilen Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary (mundan beýläk – Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary).
5-nji madda. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň
ýazgysyny amala aşyrmagyň esasy ýörelgeleri
Türkmenistanda raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyny amala aşyrmak boýunça iş kanunylyk, adalatlylyk, garaşsyzlyk we raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyny amala aşyrmagyň syryny saklamak ýörelgelerine esaslanýar.
6-njy madda. Raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine
almagyň aýratynlyklary
1. Raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almak RÝNÝ edaralary tarapyndan degişli raýat ýagdaýynyň namalarynyň degişli ýazgysyny düzmek Raýat ýagdaýynyň namalarynyň bir bitewi döwlet sanawyna girizmek arkaly amala aşyrylýar hem-de onuň esasynda raýat ýagdaýynyň namasynyň döwlet belligine alnandygy hakynda şahadatnama (mundan beýläk – raýat ýagdaýynyň namasynyň şahadatnamasy) berilýär.
2. Raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almak, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almagyň gaýry usullary göz öňünde tutulmadyk bolsa, nama kitaplarynda geçirilýär. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary elektron görnüşinde düzülende onuň elektron görnüşinden kagyz görnüşi çykarylýar we nama kitaplarynda jemlenilýär. RÝNÝ edaralary tarapyndan düzülen raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň sanawynyň elektron görnüşi hem ýöredilýär.
3. Dogluş, nika baglaşylandygy, nikanyň bozulandygy, perzentlige alynmagy, atalygyň anyklanylandygy, familiýanyň, adyň we atasynyň adynyň üýtgedilendigi, ölüm hakynda nama ýazgylaryna girizilmäge degişli maglumatlar şu Kanun bilen kesgitlenilýär.
Raýat ýagdaýynyň belli bir namasynyň döwlet belligine alynmagynyň aýratyn ýagdaýlary bilen baglylykda raýat ýagdaýynyň namasynyň ýazgysyna başga maglumatlar hem girizilip bilner.
4. RÝNÝ edaralarynda raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almak, olaryň esasynda berilýän raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalaryny doldurmak we iş önümçiligi Türkmenistanyň döwlet dilinde alnyp barylýar.
Türkmenistanyň döwlet dilini bilmeýän raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň islegine görä, raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy terjimeçiniň gatnaşmagynda amala aşyrylýar.
5. Sowatsyz, ker ýa-da lal şahsyň raýat ýagdaýynyň namasyny döwlet belligine almak hünärmeniň gatnaşmagynda geçirilýär. Şeýle şahslaryň raýat ýagdaýynyň namasynyň döwlet belligine alynmagy bilen bagly meselelerde, eger bar bolsa, özleriniň möhürçelerini ulanmaga hukuklary bardyr.
6. RÝNÝ edaralarynyň işgärleriniň özi, äri (aýaly), onuň we özüniň ýakyn garyndaşlary (ata-eneleri (şol sanda perzentlige alanlar), çagalary (şol sanda perzentlige alnanlar), agtyklary, atasy we enesi, babasy we mamasy, süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlary) babatda raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almaga hukugy ýokdur. Şeýle halatlarda raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy RÝNÝ edarasynyň başga işgäri ýa-da başga RÝNÝ edarasy tarapyndan geçirilýär. Şunda başga RÝNÝ edarasy raýat ýagdaýynyň namasy döwlet belligine alynýan şahsyň islegi boýunça saýlanyp alynýar.
Birinji tesimde görkezilen halatlarda raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň belli bir RÝNÝ bölüminde döwlet belligine alynmagy göz öňünde tutulan mahaly döwlet belligine alynmagy bilen bagly hereketi RÝNÝ müdirligi tarapyndan başga RÝNÝ bölüminiň üstüne ýüklenilip bilner.
7. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagynyň dogrulygyna we raýat ýagdaýynyň namalarynyň düzülişiniň hiline bolan jogapkärçilik bu ýazgyny düzen işgäriň we degişli RÝNÝ edarasynyň ýolbaşçysynyň üstüne ýüklenilýär.
8. Daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň dogluşyny, ölümini, adynyň, familiýasynyň we atasynyň adynyň üýtgedilendigini, doglan senesi ýa-da ýeri hakynda maglumatlara üýtgetmeleri döwlet belligine alýan RÝNÝ edaralary şol maglumatlary 24 sagadyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna bermäge borçludyrlar.
9. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň, nama kitaplarynyň (nama kitaplarynyň birinji sahypasynyň), raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alnandygy hakynda şahadatnamalaryň blanklarynyň görnüşleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
7-nji madda. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy.
Nama kitaplary
1. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy raýatlaryň şu Kanunda göz öňünde tutulan döwlet belligine alynmaga degişli bolan hereketlerini ýa-da wakalary (faktlary) tassyklaýan resminamadyr.
Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary nama kitaplaryny düzýär. Nama kitaby – döwlet belligine alnan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny özünde jemleýän, raýat ýagdaýynyň namalarynyň her görnüşi boýunça aýratyn ýöredilýän kitapdyr.
2. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyny düzmek raýatyň RÝNÝ edarasyna beren arzasynyň ýa-da raýat ýagdaýynyň namasyny döwlet belligine almak barada habar bermäge borçly edaranyň arzasynyň, döwlet belligine almaga degişli wakalary (faktlary) tassyklaýan resminamalaryň esasynda hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda şahsyýeti tassyklaýan resminamanyň esasynda geçirilýär.
Raýat tarapyndan raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almak üçin zerur bolan resminamalar berlip bilinmedik halatynda, RÝNÝ edarasy şol resminamalary almaga ýardam berýär.
Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almagy şol ýurtda ýerleşýän Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy we konsullyk edarasy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrýarlar.
Daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralary tarapyndan raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy üçin berlen resminamalar, eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde konsullyk taýdan kanunlaşdyrylan hem-de Türkmenistanyň döwlet diline terjime edilen bolmalydyr.
3. Raýat ýagdaýynyň namasynyň ýazgysy birmeňzeş iki sany asyl nusgada bir tertip belgi bilen düzülýär. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary kagyz we elektron görnüşlerinde düzülýär. Kagyz we elektron görnüşindäki raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryndaky maglumatlar gabat gelmedik halatynda, raýat ýagdaýynyň namalarynyň kagyz görnüşindäki ýazgysyndaky maglumatlar ileri tutulýar, tehniki ýalňyşlyklar muňa degişli däldir.
Raýat ýagdaýynyň nama ýazgysy düzülende, onuň hemme sütünlerine ýazgy girizmek üçin doly maglumat bolmadyk ýagdaýynda, sütünlerde kese çyzyk goýulýar. Raýat ýagdaýynyň nama ýazgysynyň esasynda berilýän raýat ýagdaýynyň namasynyň şahadatnamasynyň degişli sütünlerinde hem kese çyzyk goýulýar.
4. RÝNÝ edarasynyň işgäri berilýän arzanyň mazmunynyň anyklygyny we onuň arza berijiniň şahsyýetini tassyklaýan resminama, raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalaryna, arza berijiniň berýän beýleki resminamalaryna laýyklygyny barlamaga borçludyr.
5. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň her bir ýazgysy arza beriji tarapyndan okalmalydyr we oňa ol, nama ýazgysyny ýazan işgär, şeýle hem wezipeli adam tarapyndan gol çekilýär hem-de möhür bilen berkidilýär.
Eger raýat ýagdaýynyň namasynyň ýazgysyna arza beriji gol çekip bilmeýän bolsa, nama ýazgysyny ýazan işgär bu barada degişli bellik edýär.
6. Raýat ýagdaýynyň namasynyň ýazgysy düzülende sözleri öçürip aýyrmaga, goşa dyrnaga almaga, gysgaltmaga we goşmaça sözleri ýazmaga, düzetmäge ýol berilmeýär.
7. Eger raýat ýagdaýynyň anyk namasyny döwlet belligine almagyň aýratynlyklary bilen şertlendirilen bolsa, raýat ýagdaýynyň namasynyň ýazgysyna Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki maglumatlar hem girizilip bilner.
8. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary gullukda peýdalanylýan resminama bolup durýar, olaryň nusgalary (göçürmeleri) raýatlara berilmeýär.
Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň nusgalary (göçürmeleri) kazyýet (kazy), prokuratura, milli howpsuzlyk, içeri işler, adalat, RÝNÝ, migrasiýa edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, Adalatçynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda beýleki döwlet edaralarynyň (wezipeli adamlaryň) ýüztutmalary boýunça berilýär.
9. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň birinji we ikinji nusgalary birwagtda düzülýär. Her bir nama kitabynda senenama ýylynyň çäklerinde bir görnüşli raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary jemlenilýär. Eger bir ýyldaky raýat ýagdaýynyň nama ýazgylary köp bolmasa, birnäçe ýyllaryň nama kitaplaryny birikdirmäge ýol berilýär.
10. Nama kitaplary (nama ýazgylarynyň blanklary) Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň sargydy esasynda çap edilýär we berk hasabatlylyk resminamasy bolup durýar.
Nama kitaplaryny (nama ýazgylarynyň blanklaryny) taýýarlamak we neşir etmek bilen bagly çykdajylar Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.
11. Nama kitaplaryny doldurmagyň, olary saklamagyň we RÝNÝ müdirligine tabşyrmagyň tertibi, RÝNÝ edaralarynda raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine alyş kitaplaryny we beýleki resminamalary saklamagyň möhletleri we olary döwletiň saklamagyna tabşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.
8-nji madda. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň
şahadatnamalary
1. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalary – bu raýat ýagdaýynyň namalary döwlet belligine alnanda düzülen raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy esasynda RÝNÝ edaralary tarapyndan berlen, raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alnandygyny tassyklaýan bellenilen görnüşdäki resminamalardyr.
Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary esasynda dogluş, nika baglaşylandygy, nikanyň bozulandygy, perzentlige alnandygy, atalygyň anyklanylandygy, familiýanyň, adyň we atasynyň adynyň üýtgedilendigi, ölüm hakynda şahadatnamalar berilýär.
2. Ikinji bölegiň birinji tesimi 24.07.2022 ý. № 494-VITürkmenistanyň Kanuny esasynda aýrylan.
Raýat ýagdaýynyň namasynyň şahadatnamasyna degişli maglumatlary girizmek şu Kanuna laýyklykda amala aşyrylýar.
Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alnandygy hakynda şahadatnamalary doldurmagyň tertibi Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.
Raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalarynyň blanklaryny neşir etmegiň, hasaba almagyň, bermegiň we ýok etmegiň tertibi Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.
3. Raýat ýagdaýynyň namasynyň şahadatnamasyna girizilýän maglumatlar raýat ýagdaýynyň namasynyň ýazgysyndaky maglumatlara laýyk gelmelidir. RÝNÝ edarasynyň ýolbaşçysy hem-de raýat ýagdaýynyň namasynyň şahadatnamasyny dolduran RÝNÝ edarasynyň işgäri maglumatlaryň biri-birine laýyk gelýändigini raýat ýagdaýynyň namasynyň şahadatnamasy berilmänkä barlamalydyrlar.
4. Raýat ýagdaýynyň namasynyň şahadatnamasyna RÝNÝ edarasynyň ýolbaşçysy, onuň ýok wagtynda onuň wezipesini ýerine ýetirýän adam tarapyndan gol çekilýär we RÝNÝ edarasynyň möhüri bilen berkidilýär.
RÝNÝ müdirligi tarapyndan gaýtadan raýat ýagdaýynyň namasynyň şahadatnamasy berlen ýagdaýynda görkezilen şahadatnama RÝNÝ müdirliginiň ýolbaşçysy, onuň ýok wagtynda onuň orunbasary tarapyndan gol çekilýär we RÝNÝ müdirliginiň möhüri bilen berkidilýär.
5. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalarynyň hereket ediş möhleti çäklendirilmeýär.
6. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalarynyň blanklary RÝNÝ müdirliginiň sargydy esasynda çap edilýär we berk hasabatlylykdaky resminama bolup durýar. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalarynyň blanklary çaphana usulynda çap edilýär. Her bir blankyň tapgyry we belgisi bolýar.
Raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalaryny taýýarlamak we neşir etmek bilen bagly çykdajylar Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.
9-njy madda. Gaýtadan raýat ýagdaýynyň namasynyň
şahadatnamasy hem-de raýat ýagdaýynyň
namalarynyň döwlet belligine alnandygyny
ýa-da alynmandygyny tassyklaýan beýleki
resminamalar
1. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamasy ýitirilen, zaýalanan, ony ulanmak mümkinçiliginiň bolmadyk beýleki halatlarynda, şol sanda şahadatnamanyň blankynyň, daşynyň (laminasiýasynyň) könelişen, ýazgylary okap bolmaýan, RÝNÝ edarasynyň goýlan möhüriniň görünmeýän we beýleki halatlarda RÝNÝ edaralary (Geňeşlerden başga) ýa-da RÝNÝ müdirligi tarapyndan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy esasynda ýüz tutan şahslaryň arzalary boýunça gaýtadan raýat ýagdaýynyň namasynyň şahadatnamasy berilýär.
2. Gaýtadan berilýän raýat ýagdaýynyň namasynyň şahadatnamasy we beýleki resminamalar raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryna laýyklykda ýazylyp berilýär.
Dolandyryş-çäk birligi üýtgän ýa-da ilatly ýerleriň ady üýtgän ýagdaýynda doglan ýeri, ölen ýeri, şeýle hem nama ýazgysynyň döwlet belligine alnan ýeri barada maglumatlar nama ýazgysynyň döwlet belligine alnan wagtyndaky maglumatlara laýyklykda görkezilýär. Ýerleriň atlary gaýtadan şahadatnamalaryň we beýleki resminamalaryň berilýän güni bar bolan dolandyryş-çäk birligi ýa-da ilatly ýerleriň atlaryna laýyklykda däl-de, degişli nama ýazgysy düzülip, şahadatnamanyň we beýleki resminamalaryň ilkinji gezek berlen güni bar bolan, degişli nama ýazgysy düzülen wagty nama ýazgysynda ýazylan dolandyryş-çäk birligi ýa-da ilatly ýerleriň ady boýunça görkezilýär.
Bu kada gaýtadan raýat ýagdaýynyň namasynyň şahadatnamasyny we beýleki resminamalary bermek barada ýüz tutulan güni nama ýazgysynda görkezilen dolandyryş-çäk birligi barada maglumat ýok bolan halatynda hem ulanylýar.
Şunda şu Kanunyň herekete girizilen gününe çenli gaýtadan berlen şahadatnamalar we beýleki resminamalar öz güýjüni saklaýar, olara üýtgetmeleri girizmek diňe resminamalardaky çaprazlyklary aradan aýyrmak barada ýüz tutýanyň arzasy bolan ýa-da şeýle üýtgetmäni girizmek babatda özi isleg bildiren ýagdaýynda geçirilip bilner.
Pasport ilkinji gezek hem-de gaýtadan berlende pasportdaky doglan ýeri barada maglumat dogluş hakynda şahadatnamada (pasport ilkinji gezek ýa-da gaýtadan berilýän wagtyna çenli doglan ýeri barada maglumat üýtgän bolsa-da) görkezilen atlara laýyklykda ýazylýar.
3. Gaýtadan raýat ýagdaýynyň namasynyň şahadatnamasy şulara berilýär:
1) ozal özi barada raýat ýagdaýynyň namasynyň ýazgysy düzülen şahsa;
2) ölen adamyň garyndaşlaryna, kanun we (ýa-da) wesýetnama boýunça mirasdarlara, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen halatlarynda beýleki gyzyklanýan şahslara;
3) dogluş hakynda nama ýazgysy düzülen adam gaýtadan dogluş hakynda şahadatnamanyň berilýän gününe çenli kämillik ýaşyna ýetmedik bolsa, kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen ýagdaýynda ata-enelere (olaryň ornuny tutýan adamlara), perzentlige alanlara, hossarlara, howandarlara, hossarlyk we howandarlyk hem-de durmuş üpjünçiligi edaralarynyň, şeýle hem çagalar terbiýelenmeginde bolýan mekdebe çenli çagalar edaralarynyň dolandyryş edarasynyň wekiline;
4) nama ýazgysy düzülen şahs saglyk ýagdaýy sebäpli gelip bilmese ýa-da hereket etmäge mümkinçiligi bolmasa, ýa-da psihiki ýarawsyzlygy (dälilik keseli ýa-da akyly kemlik) sebäpli öz hereketleriniň manysyna düşünip bilmeýän ýa-da şol hereketlere erk edip bilmeýän şahs babatda kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilmedik we ol babatda hossar bellenilmedik bolsa we şuňa meňzeş beýleki halatlarda ata-enelere (olaryň ornuny tutýan adamlara), perzentlige alanlara, garyndaşlaryna, hossarlyk we howandarlyk hem-de durmuş üpjünçiligi edaralarynyň, şeýle hem çagalar terbiýelenmeginde bolýan çagalar edaralarynyň dolandyryş edarasynyň ýa-da saglygy goraýyş edarasynyň wekiline;
5) şu madda laýyklykda gaýtadan raýat ýagdaýynyň namasynyň şahadatnamasyny almaga hukugy bolan şahs tarapyndan berlen, notarial taýdan tassyklanylan ynanç haty esasynda beýleki şahslara.
4. Gaýtadan raýat ýagdaýynyň namasynyň şahadatnamasy şu aşakdaky ýagdaýlarda berilmeýär:
1) ata-enelik hukugyndan mahrum edilen ata-enä (olaryň birine) – çaganyň dogluşy hakynda şahadatnama;
2) nikasy bozulan şahslara we nikasy hakyky däl diýlip ykrar edilen şahslara – nika baglaşylandygy hakynda şahadatnama.
Görkezilen şahslaryň arzasy boýunça olara çaganyň dogluşynyň döwlet belligine alnandygyny tassyklaýan ýa-da nikanyň bozulandygy hakynda bellik bilen nika baglaşylandygynyň döwlet belligine alnandygyny tassyklaýan resminama berilýär.
Nikada durmaýan şahsyň arzasy boýunça oňa nika baglaşylandygynyň döwlet belligine alynmandygyny tassyklaýan resminama berilýär.
5. Gaýtadan raýat ýagdaýynyň namasynyň şahadatnamasy raýat ýagdaýynyň namasynyň ýazgysynyň saklanýan ýerindäki RÝNÝ edarasy ýa-da RÝNÝ müdirligi tarapyndan berilýär.
Eger ýüz tutan şahs raýat ýagdaýynyň namasynyň ýazgysynyň saklanýan ýeri boýunça ýaşamaýan bolsa, ol ýaşaýan ýeri boýunça RÝNÝ edarasyna ýüz tutup biler.
6. Raýat ýagdaýynyň namasynyň döwlet belligine alnandygyny ýa-da alynmandygyny tassyklaýan resminamalar hem-de raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary bilen bagly beýleki maglumatlar (mundan beýläk – beýleki resminamalar) raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň saklanýan ýerindäki RÝNÝ edarasy ýa-da RÝNÝ müdirligi tarapyndan ýüz tutan şahsyň arzasy esasynda berilýär. Raýat ýagdaýynyň namasynyň gaýtadan şahadatnamasy we beýleki resminamalar (şol sanda soragnamalar) arzanyň ýa-da soragnamanyň gelip gowşan gününden başlap, üç iş gününiň dowamynda berilýär (iberilýär).
10-njy madda. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň
bir bitewi döwlet sanawy
1. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň bir bitewi döwlet sanawy (mundan beýläk – Bir bitewi döwlet sanawy) şu Kanuna laýyklykda, raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy we RÝNÝ edaralary tarapyndan amala aşyrylan ýuridik ähmiýetli beýleki hereketleriň netijesinde toplanan elektron görnüşinde resmileşdirilen maglumatlaryň ulgamlaşdyrylan toplumydyr.
Bir bitewi döwlet sanawyna Türkmenistanyň çäginden daşarda degişli daşary ýurt döwletleriniň kanunlary esasynda daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralary tarapyndan Türkmenistanyň raýatlary babatda amala aşyrylan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny tassyklaýan resminamalar baradaky maglumatlar goşulyp bilner.
2. Bir bitewi döwlet sanawyny ýöretmek, raýat ýagdaýynyň nama ýazgylaryny düzmek we maglumatlary girizmek Türkmenistanyň döwlet dilinde amala aşyrylýar.
Bir bitewi döwlet sanawynda saklanýan maglumatlary goramak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
3. Bir bitewi döwlet sanawynda düzülen raýat ýagdaýynyň namasynyň her bir ýazgysy Bir bitewi döwlet sanawyna girizilen wagty boýunça Türkmenistanyň çäginde üýtgemeýän we gaýtalanmaýan belgi bilen berkidilýär (identifisirlenilýär).
4. Bir bitewi döwlet sanawynda saklanýan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary, şeýle hem beýleki maglumatlar hemişelik saklanylmaga degişlidir, olaryň ýok edilmegine we alynmagyna ýol berilmeýär. Bir bitewi döwlet sanawynda saklanýan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryna üýtgetmeleriň, goşmaçalaryň ýa-da düzedişleriň girizilen halatynda, öň düzülen raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary saklanyp galýar we üýtgetmeler ilkibaşdaky ýazgylar okap bolar ýaly edilip girizilýär.
5. Bir bitewi döwlet sanawynda saklanýan maglumatlara ygtyýarly adamlar we Bir bitewi döwlet sanawynyň maglumatlaryny işläp taýýarlamagy amala aşyrýan adamlar şol maglumat ulgamynda saklanýan maglumatlary üçünji taraplara bermezlige hem-de olary aýan etmezlige borçludyrlar, muňa Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlar degişli däldir.
Görkezilen maglumatlaryň aýan edilmegi ýa-da bikanun peýdalanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
6. Bir bitewi döwlet sanawynyň programma üpjünçiligini işläp düzmek we döretmek Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar, onuň hereket etmegine gözegçilik etmek RÝNÝ müdirligi tarapyndan amala aşyrylýar.
Bir bitewi döwlet sanawynyň alnyp barylmagy we hereket etmegi RÝNÝ müdirliginde döredilýän Bir bitewi döwlet sanawyny alyp barýan bölüm tarapyndan amala aşyrylýar.
Bir bitewi döwlet sanawyny ýöretmegiň tertibi we Bir bitewi döwlet sanawynda saklanýan maglumatlary bermegiň tertibi Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan bellenilýär.
7. Bir bitewi döwlet sanawynyň, şol sanda onuň programma üpjünçiliginiň döredilmegi, ýöredilmegi we hereket etmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.
11-nji madda. RÝNÝ edaralary tarapyndan resminamalara
şaýatlyk etmek
1. RÝNÝ edaralary raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalarynyň we RÝNÝ edarasynda arhiw resminamasy hökmünde saklanylýan beýleki resminamalaryň ýa-da özüne kabul edip alynýan resminamalaryň (mundan beýläk – resminamalaryň) nusgasyny ýa-da olardan göçürmäni berip we olaryň dogrulygyna resmi şaýatlyk edip biler.
2. Nusga ýa-da göçürme ýazgysynyň soňunda tassyklaýjy ýazgy bilen şaýatlyk edilýär. Tassyklaýjy ýazgyda şular hökman görkezilmelidir:
1) nusgasyna ýa-da göçürmesine şaýatlyk edilýän resminamanyň anyk ady;
2) şaýatlyk edilen nusganyň ýa-da göçürmäniň berilýän resminama laýyklygyny tassyklama;
3) eger resminamanyň asyl nusgasy RÝNÝ edarasy tarapyndan resmileşdirilmedik bolsa, şaýatlyk edilen nusganyň ýa-da göçürmäniň diňe görkezilen edara görkezmek üçin berlendigine salgylanma;
4) resminamalara şaýatlyk edilen ýeri we senesi, RÝNÝ edarasynyň resminamalara şaýatlyk etmäge ygtyýarly işgäriniň goly we möhüriniň basylan yzy.
3. RÝNÝ edarasy tarapyndan resminamanyň nusgasynyň ýa-da ondan göçürmäniň berlendigi we olaryň dogrulygyna resmi şaýatlyk edilendigi bilen bagly hyzmatlar üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tölegler alynýar.
12-nji madda. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet
belligine alynmagy bilen bagly aýan bolan
maglumatlaryň syryny saklamak
1. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy bilen bagly maglumatlaryň syrynyň saklanylmagy kepillendirilýär.
2. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy bilen bagly RÝNÝ edaralarynyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine aýan bolan maglumatlar ýaşyryn maglumatlar bolup, ýaýradylmaga (aýan edilmäge) degişli däldir we olaryň syry saklanylmalydyr.
3. Amala aşyrylan raýat ýagdaýynyň nama ýazgysynyň syrynyň saklanylmagyny üpjün etmek RÝNÝ edarasynda işini bes eden adamlar üçin hem hökmany talapdyr.
13-nji madda. RÝNÝ edaralarynyň hereketlerine ýa-da
olary amala aşyrmakdan ýüz dönderilmegine
şikaýat etmek
1. Şu Kanunda, Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde we raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almak işini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenilen kadalara çapraz gelýän halatlaryň bolmadyk ýagdaýlarynda, raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almakdan ýa-da onuň ýazgylaryna üýtgetme, goşmaça we (ýa-da) düzediş girizmekden ýa-da ony dikeltmekden we (ýa-da) ýatyrmakdan, gaýtadan şahadatnamalary we beýleki resminamalary bermekden ýüz dönderilmegine ýol berilmeýär.
2. Raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almak ýa-da onuň ýazgylaryna üýtgetme, goşmaça we (ýa-da) düzediş girizmek ýa-da ony dikeltmek, we (ýa-da) ýatyrmak, ýa-da gaýtadan şahadatnamalary we beýleki resminamalary bermek üçin RÝNÝ edaralarynyň birnäçesine ýüz tutmaklygyň mümkinçiligi göz öňünde tutulan halatlarynda, ýüz tutulan RÝNÝ edarasy tarapyndan raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almak ýa-da onuň ýazgylaryna üýtgetme, goşmaça we (ýa-da) düzediş girizmek ýa-da ony dikeltmek, we (ýa-da) ýatyrmak, ýa-da gaýtadan şahadatnamalary we beýleki resminamalary bermek üçin ýüz tutulyp bilinýän beýleki RÝNÝ edaralaryna ýüz tutmagyň mümkindigini göz öňünde tutup ýüz döndermek gadagan edilýär.
3. Degişli RÝNÝ edarasynyň ýolbaşçysy şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hereketleri amala aşyrmakdan ýüz dönderilen adamyň (onuň wekiliniň) talaby boýunça, şol adama (onuň wekiline) ýüz dönderilmegiň sebäplerini iki iş gününiň dowamynda ýazmaça görnüşde habar bermäge borçludyr.
4. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hereketleriň amala aşyrylmagyndan ýüz dönderilmegine gyzyklanýan adam tarapyndan RÝNÝ edarasynyň ýokarda durýan edarasyna ýa-da kazyýete şikaýat edilip bilner.
14-nji madda. RÝNÝ edaralarynyň raýat ýagdaýynyň
namalarynyň ýazgylaryny döwlet belligine
almak bilen bagly bolmadyk hereketlerine
şikaýatlar
1. RÝNÝ bölüminiň ýa-da Geňeşiň wezipeli adamynyň raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny döwlet belligine almak bilen bagly bolmadyk hereketlerine edilen şikaýatlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde seredilýär.
2. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamynyň raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny döwlet belligine almak bilen bagly bolmadyk hereketlerine edilen şikaýatlara Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan seredilýär.
15-nji madda. Daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralary
tarapyndan berlen raýat ýagdaýynyň
namalaryny tassyklaýan resminamalarу
Türkmenistanda ykrar etmek
Türkmenistanyň çäginden daşarda degişli daşary ýurt döwletleriniň kanunlary esasynda ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen raýat ýagdaýynyň namalaryny tassyklaýan resminamalar, eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, konsullyk taýdan kanunlaşdyrylan halatynda Türkmenistanda hakyky diýlip ykrar edilýär.
16-njy madda. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet
belligine alynmagy üçin döwlet pajy, ýygymlar
we tölegler
Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy üçin döwlet pajy we ýygymlar, şeýle hem RÝNÝ edaralary we RÝNÝ müdirligi tarapyndan hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda alynýar.
Döwlet pajynyň möçberi, ony almagyň we tölemegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
RÝNÝ edaralary we RÝNÝ müdirligi tarapyndan edilýän hyzmatlar tölegli esasda amala aşyrylýar. Hyzmatlar üçin tölegler RÝNÝ edarasynyň we RÝNÝ müdirliginiň býujetden daşary hasaplaşyk hasabyna geçirilýär we olaryň zerurlyklaryna gönükdirilýär. Görkezilen tölegler merkezleşdirilen býujetden daşary hasaplaşyk hasabyna geçirilip bilner.
RÝNÝ bölümleri, Geňeşler we RÝNÝ müdirligi tarapyndan hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleriň möçberleri, şeýle hem hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleri almagyň tertibi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.
II BAP. RAÝAT ÝAGDAÝYNYŇ NAMALARYNYŇ DÖWLET BELLIGINE ALYNMAGY BABATDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRIŞI, DÖWLET GÖZEGÇILIGI WE
DÖWLET BELLIGINE ALNYŞY
17-nji madda. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet
belligine alynmagy babatda döwlet
düzgünleşdirişini we döwlet gözegçiligini
amala aşyrýan edaralar
1. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Adalat ministrligi raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy babatda döwlet düzgünleşdirişini we döwlet syýasatyny amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.
2. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy babatda döwlet gözegçiligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi, RÝNÝ müdirligi we onuň welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriniň bölümleri hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarly edilen beýleki edaralar tarapyndan amala aşyrylýar.
18-nji madda. Raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine
almak babatda Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;
3) şulary tassyklaýar:
a) Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň edaralary hakynda Düzgünnamany;
b) Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň tertibi hakynda Düzgünnamany;
ç) raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň, nama kitaplarynyň (nama kitaplarynyň birinji sahypasynyň), raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alnandygy hakynda şahadatnamalaryň blanklarynyň görnüşlerini;
d) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy bilen bagly Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryny;
4) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alnandygy üçin döwlet pajynyň (ýygymyň) möçberlerini belleýär;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
19-njy madda. Raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet
belligine almak babatda Türkmenistanyň
Adalat ministrliginiň ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Adalat ministrligi:
1) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
2) RÝNÝ müdirliginiň we onuň garamagyndaky RÝNÝ bölümleriniň işini guraýar, olaryň işine umumy ýolbaşçylygy, utgaşdyrmagy we gözegçiligi amala aşyrýar;
3) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlaýar we olary tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürleýär;
4) ygtyýarlyklarynyň çäklerinde raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;
5) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy bilen bagly arzalaryň, raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alnandygyny ýa-da alynmandygyny tassyklaýan resminamalaryň hem-de raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary bilen bagly beýleki maglumatlaryň görnüşlerini tassyklaýar;
6) RÝNÝ müdirliginiň we onuň garamagyndaky edaralarynyň gurluşuny tassyklaýar;
7) raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almak bilen bagly meseleler boýunça gönüden-göni ýa-da RÝNÝ müdirliginiň we onuň garamagyndaky edaralarynyň üsti bilen Geňeşlere we Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna hukuk we usulyýet kömegini berýär;
8) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy hakynda şahadatnamalaryň blanklarynyň neşir edilmegine gözegçilik edýär;
9) RÝNÝ edaralaryny raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalarynyň blanklary bilen üpjün edilmegine, olaryň hasaba alnyşyna, saklanylyşyna we peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýar;
10) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy bilen bagly meseleler boýunça gollanmalary, usulyýet maslahatlaryny işläp taýýarlaýar we olaryň neşir edilmegine gözegçilik edýär;
11) RÝNÝ müdirliginiň, onuň RÝNÝ bölümleriniň işgärlerini taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy üpjün edýär;
12) RÝNÝ bölümleriniň işgärleriniň hünär derejesini barlamak, işewür sypatlaryny kesgitlemek, hünärine, eýeleýän wezipesine laýyk gelýändigini ýüze çykarmak maksady bilen hünär synagyny geçirýär;
13) RÝNÝ müdirliginiň we onuň garamagyndaky RÝNÝ bölümleriniň işgärlerini düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekýär;
14) RÝNÝ bölümlerini döredýär, üýtgedip guraýar we ýatyrýar;
15) RÝNÝ bölümleriniň möhürleriniň görnüşlerini tassyklaýar;
16) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlyklaryna degişli edilen gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
20-nji madda. Raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet
belligine almak babatda RÝNÝ
müdirliginiň ygtyýarlyklary
RÝNÝ müdirligi:
1) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy we hasaba alynmagy, toplanylmagy we hemişelik saklanylmagy, peýdalanylmagy babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
2) RÝNÝ bölümleriniň işine umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar, olaryň işini utgaşdyrýar we olara gözegçilik edýär, olaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini guraýar;
3) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagynyň şu Kanuna we raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagynyň tertibini kesgitleýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylmagyny hem-de iş önümçiliginiň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün edýär;
4) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Geňeşlere we Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna geňeşdarlyk-usulyýet kömegini berýär;
5) döwlet belligine alnan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň arhiw gaznasyny döredýär we saklaýar hem-de onuň dogry peýdalanylmagyna gözegçiligi amala aşyrýar;
6) Bir bitewi döwlet sanawyny alyp barýar we onuň hereket etmegini amala aşyrýar;
7) RÝNÝ bölümlerinde we Geňeşlerde raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň elektron binýadynyň döredilmegini we bu binýadyň Bir bitewi döwlet sanawyna girizilmegini we ýöredilmegini üpjün edýär hem-de gözegçilikde saklaýar;
8) raýat ýagdaýynyň namalarynyň öz wagtynda döwlet belligine alynmagyna we olar babatda raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamasynyň berilmegine gözegçilik edýär;
9) RÝNÝ bölümleriniň we Geňeşleriň nama kitaplary bilen üpjün edilmegine gözegçilik edýär;
10) bellenilen tertipde raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyna degişli üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler girizýär, raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny ýatyrýar we dikeldýär;
11) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy hakynda şahadatnamalaryň blanklarynyň neşir edilmegini üpjün edýär;
12) RÝNÝ edaralaryny raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalarynyň blanklary bilen üpjün edýär, olaryň hasaba alnyşyna, saklanylyşyna we peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýar;
13) raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini üpjün etmek üçin peýdalanýar;
14) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alnandygy hakyndaky maglumatlary bellenen tertipde ýuridik we fiziki şahslara berýär;
15) raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almak meseleleri bilen bagly Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli toparlaryň işine gatnaşýar;
16) Türkmenistanyň maşgala kanunçylygyny wagyz edýär, raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy bilen bagly meseleler boýunça okuw maslahatlaryny guraýar we geçirýär;
17) raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny döwlet belligine almak bilen bagly meseleler boýunça usulyýet resminamalaryny (gollanmalary we beýleki usulyýet maslahatlaryny) işläp düzýär we neşir edýär;
18) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy bilen bagly ýüztutmalary kabul edýär, olara seredýär hem-de olar boýunça zerur çäreleri görýär;
19) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwlet edaralary bilen özara gatnaşyk saklaýar we arkalaşykly işleýär;
20) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy bilen bagly döwlet paçlarynyň hem-de beýleki tölegleriň kanunçylyga laýyklykda dogry alynmagyna gözegçilik edýär;
21) ýok edilmäge degişli raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalarynyň bellenen tertipde ýok edilmegi üçin degişli işleri geçirýär;
22) familiýany, ady we atasynyň adyny üýtgetmek hakynda netijenamalary tassyklaýar;
23) halkara şertnamalaryna laýyklykda, raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary bilen bagly iberilýän resminamalara seredýär, olaryň öz wagtynda we dogry ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär;
24) RÝNÝ bölümleriniň işgärlerini seçip almak, taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleri guraýar;
25) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda, RÝNÝ bölümleriniň işgärleriniň hünär derejesini barlamak, işewür sypatlaryny kesgitlemek, hünärine, eýeleýän wezipesine laýyk gelýändigini ýüze çykarmak maksady bilen hünär synagyny guraýar;
26) RÝNÝ bölümleriniň möhürçeleriniň, blanklarynyň görnüşlerini tassyklaýar;
27) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlyklaryna degişli edilen gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
21-nji madda. Raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet
belligine almak babatda welaýat, welaýat
hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň RÝNÝ bölümleriniň ygtyýarlyklary
Welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň RÝNÝ bölümleri:
1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine alýarlar we olaryň öz wagtynda döwlet belligine alynmagyny üpjün edýärler;
2) etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň, etrapdaky şäherleriň RÝNÝ bölümleriniň işine ýolbaşçylygy amala aşyrýarlar we olaryň işine gözegçilik edýärler, olaryň işini utgaşdyrýarlar;
3) Geňeşleriň wezipeli adamlaryna raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almak işinde ýardam edýärler;
4) şu Kanuna hem-de raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagynyň tertibini kesgitleýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagyny hem-de iş önümçiliginiň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün edýärler;
5) RÝNÝ bölümlerini we Geňeşleri nama kitaplary hem-de raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalarynyň blanklary bilen öz wagtynda üpjün edýärler;
6) raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalaryny we raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alnandygyny tassyklaýan beýleki resminamalaryň berilmegini üpjün edýärler;
7) raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almak meseleleri bilen bagly Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýarlar;
8) RÝNÝ bölümlerinde raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň elektron binýadyny döredýärler, zerur enjamlar bilen we Bir bitewi döwlet sanawyna goşulmagyny üpjün edýärler;
9) Geňeşlere döwlet belligine alnan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň elektron binýadyny döretmekde we Bir bitewi döwlet sanawyna goşulmagynda ýardam edýärler we gözegçilikde saklaýarlar;
10) raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny bir ülňä getirmek, olaryň hasabyny ýöretmek hem-de nama kitaplaryna jemlemek, olary saklamak üçin talaba laýyk şertleri üpjün edýärler;
11) RÝNÝ bölümleriniň we Geňeşleriň raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagynyň jemleýji görkezijilerini toplamagy, seljermegi, umumylaşdyrmagy amala aşyrýarlar, hasabatlary jemleýärler we olaryň dogry ýöredilişini üpjün edýärler;
12) RÝNÝ bölümleriniň arhiwleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny we saklanylmagyny üpjün edýärler;
13) RÝNÝ bölümlerini maddy-tehniki taýdan üpjün edýärler;
14) RÝNÝ bölümlerini we Geňeşleri nama kitaplarynyň, raýat ýagdaýynyň namalarynyň dogry ýöredilişini gözegçilikde saklaýarlar;
15) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy bilen bagly döwlet paçlarynyň hem-de beýleki tölegleriň dogry alynmagyny üpjün edýärler;
16) Türkmenistanyň maşgala kanunçylygy, raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy bilen bagly meseleler boýunça okuw maslahatlaryny geçirýärler;
17) RÝNÝ bölümleriniň işgärlerini seçip almak, taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça işleri geçirýärler;
18) halkara şertnamalaryna laýyklykda, raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary bilen bagly iberilýän resminamalaryň öz wagtynda we dogry ýerine ýetirilişine gözegçilik edýärler;
19) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy bilen bagly ýüztutmalara seredýärler, RÝNÝ bölümleriniň işgärlerini düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmek meseleleri boýunça teklipleri berýärler;
20) RÝNÝ bölümleriniň işini kämilleşdirmek we ilata medeniýetli hyzmat etmegi üpjün etmek, milli adatlary we däp-dessurlary öwrenmek, ulanmak, gorap saklamak hem-de ýaýratmak boýunça işleri geçirýärler;
21) raýat ýagdaýynyň namalarynyň öz wagtynda döwlet belligine alynmagyny we raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalarynyň berilmegini, şol sanda dogluş we ölüm hakyndaky namalaryň doly hem-de öz wagtynda döwlet belligine alynmagyny üpjün edýärler;
22) RÝNÝ bölümleriniň möhürleriniň, möhürçeleriniň, blanklarynyň öz wagtynda taýýarlanylmagyny, olaryň talabalaýyk bolmagyny üpjün edýärler;
23) RÝNÝ bölümleriniň işiniň guralyşyny gowulandyrmak, ony talabalaýyk edara jaýy, enjamlar, guramaçylyk tehnikasy, milli däp-dessurly nyşanlar bilen üpjün etmek baradaky teklipleri degişli edaralara berýärler;
24) Türkmenistanyň kanunçylygynda özleriniň ygtyýarlyklaryna degişli edilen gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
22-nji madda. RÝNÝ bölümleriniň ygtyýarlyklary
1.RÝNÝ bölümleri öz wezipelerini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň edaralary hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrýarlar we şulary üpjün edýärler:
1) raýat ýagdaýynyň namalaryny öz wagtynda döwlet belligine almagy;
2) raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalaryny resmileşdirmegi we berlen şahadatnamalaryň hasabyny ýöretmegi;
3) özüniň arhiw gaznasyny emele getirmegi we saklamagy;
4) raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň elektron binýadyny döretmegi we ýöretmegi;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda, döwlet belligine alnan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary we olara girizilen üýtgetmeler, goşmaçalar ýa-da düzedişler barada degişli edaralara habar bermegi we hasabatlary ibermegi;
6) öz ygtyýarlyklaryna degişli edilen gaýry wezipeleri ýerine ýetirmegi.
2. RÝNÝ bölümleri dogluşyň, nikanyň baglaşylmagynyň, nikanyň bozulmagynyň, perzentlige alynmagynyň, atalygyň anyklanylmagynyň, familiýanyň, adyň we atasynyň adynyň üýtgedilmeginiň, ölümiň döwlet belligine alynmagyny geçirýärler. Şeýle hem olar gaýtadan şahadatnamalary we güwänamalary berýärler, raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyna üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler girizýärler, raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyny dikeldýärler, we (ýa-da) ýatyrýarlar, nama kitaplaryny saklaýarlar, raýat ýagdaýynyň namalary döwlet belligine alnan adamlaryň elipbiý tertibinde sanawyny ýöredýärler.
23-nji madda. Raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine
almak babatda Türkmenistanyň diplomatik
wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň
ygtyýarlyklary
1. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almak babatda öz üstlerine ýüklenen wezipelerini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň edaralary hakynda Düzgünnama we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrýarlar we şulary üpjün edýärler:
1) raýat ýagdaýynyň namalaryny öz wagtynda döwlet belligine almagy;
2) raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalaryny resmileşdirmegi we berlen şahadatnamalaryň hasabyny ýöretmegi;
3) özleriniň arhiw gaznalaryny emele getirmegi we saklamagy;
4) raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň elektron binýadyny döretmegi we ýöretmegi;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda, döwlet belligine alnan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary we olara girizilen üýtgetmeler, goşmaçalar ýa-da düzedişler barada degişli edaralara habar bermegi we hasabatlary ibermegi;
6) özleriniň ygtyýarlyklaryna degişli edilen gaýry wezipeleri ýerine ýetirmegi.
2. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň dogluşyny, nikasynyň baglaşylmagyny, nikasynyň bozulmagyny, perzentlige alynmagyny, atalygyň anyklanylmagyny, familiýasynyň, adynyň we atasynyň adynyň üýtgedilmegini, ölümini döwlet belligine almagy geçirýärler, gaýtadan şahadatnamalary we güwänamalary bermegi amala aşyrýarlar.
Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary Türkmenistanyň raýatlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň RÝNÝ edaralarynda raýat ýagdaýynyň namalary döwlet belligine alnan we Türkmenistanyň çäginden daşarda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyna üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa- da) düzedişler girizmek hakynda, şeýle hem raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyny dikeltmek we (ýa-da) ýatyrmak hakynda, gaýtadan şahadatnamalary we güwänamalary bermek barada haýyşnamalaryny kabul edýärler.
24-nji madda. Raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine
almak babatda Geňeşleriň ygtyýarlyklary
1. Geňeşler raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny döwlet belligine almak babatda öz wezipelerini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň edaralary hakynda Düzgünnama we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrýarlar we şulary üpjün edýärler:
1) raýat ýagdaýynyň namalaryny öz wagtynda döwlet belligine almagy;
2) raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalaryny resmileşdirmegi we berlen şahadatnamalaryň hasabyny ýöretmegi;
3) özleriniň arhiw gaznalaryny emele getirmegi we saklamagy;
4) raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň elektron binýadyny döretmegi we ýöretmegi;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda döwlet belligine alnan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary we olara girizilen üýtgetmeler, goşmaçalar ýa-da düzedişler barada degişli edaralara habar bermegi we hasabatlary ibermegi;
6) özleriniň ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki wezipeleri ýerine ýetirmegi.
2. Geňeşler dogluşyň, nika baglaşylmagynyň, nikanyň bozulmagynyň, atalygyň anyklanylmagynyň, ölümiň döwlet belligine alynmagyny geçirýärler, şeýle hem güwänamalary berýärler.
25-nji madda. RÝNÝ bölümleriniň müdirleri we beýleki
işgärleri
1. RÝNÝ bölüminiň müdiri wezipesine ýokary ýuridik bilimi bolan, döwlet dilini bilýän we hünäri boýunça azyndan iki ýyl iş döwri bolan Türkmenistanyň raýatlary bellenilip bilner. Işe kabul etmek üçin dalaşgärleri seçip almak olaryň şahsy we işjeňlik sypatlaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Olaryň hukuklary, borçlary we iş şertleri Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenýär.
2. Öz-özünden aýrylmadyk ýa-da aýrylmadyk iş kesilenlik aýyby bolan, şeýle hem bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adamlar, şeýle hem RÝNÝ bölüminde işi amala aşyranlarynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagyna ýol berendigi sebäpli wezipesinden boşadylan adamlar RÝNÝ bölümine işe kabul edilip bilinmez.
3. RÝNÝ bölüminiň işgärleri Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda, hünär synagyndan geçmäge borçludyrlar.
4. RÝNÝ bölüminiň müdiri raýat ýagdaýynyň namalarynyň doly we öz wagtynda döwlet belligine alynmagy üçin, şeýle hem bölümiň işi üçin jogapkärçilik çekýär.
III BAP. DOGLUŞY DÖWLET BELLIGINE ALMAK
26-njy madda. Dogluşy döwlet belligine almak üçin esaslar
1. Türkmenistanda doglan her bir çaganyň dogluşy döwlet belligine alynmalydyr we dogluş hakynda şahadatnama berilmelidir.
2. Dogluşy döwlet belligine almak üçin şular esas bolup durýar:
1) çaganyň dogluşy hakynda dogluşyň bolup geçen saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen, bellenilen görnüşdäki resminama;
2) çaga saglygy goraýyş edarasyndan daşarda doglanda lukmançylyk kömegini beren işgäriň işleýän ýa-da çaganyň ejesiniň çaga doglandan soň ýüz tutan saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen, çaganyň doglandygy hakynda resminama;
3) çaga saglygy goraýyş edarasyndan daşarda doglanda (lukmançylyk kömegi berilmezden) çaganyň doglan wagty ýanynda bolan adamyň arzasy;
4) çaganyň saglygy goraýyş edarasynda doglanda goýlup gidilendigi hakynda saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen, bellenilen görnüşdäki ykrarnama hem-de şu bölegiň 1-nji bendinde gör- kezilen resminama;
5) çaganyň saglygy goraýyş edarasyndan daşarda doglanda taşlanyp gidilen halatynda çaganyň taşlanyp gidilendigi hakynda saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen bellenilen görnüşdäki ykrarnama hem-de tapylan (taşlanylan) çaganyň ýaşyny we jynsyny tassyklaýan, saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen resminama;
6) çaganyň tapylandygy (taşlanylandygy) hakynda degişli içeri işler edarasy ýa-da hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan berlen, çaganyň tapylan wagty, ýeri we çaganyň haýsy ýagdaýlarda tapylandygy görkezilen resminama hem-de tapylan (taşlanylan) çaganyň ýaşyny we jynsyny tassyklaýan, saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen resminama;
7) çaga saglygy goraýyş edarasynda doglanda onuň ejesiniň pasporty (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasy) bolmadyk ýagdaýynda, çaganyň ejesi barada maglumatlaryň onuň sözünden ýazylandygy barada saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen, bellenilen görnüşdäki ykrarnama hem-de şu çaganyň dogluşy hakynda dogluşyň bolup geçen saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen, çaganyň ejesiniň suraty ýelmenen bellenilen görnüşdäki resminama;
8) ulag serişdesiniň ýolbaşçysy tarapyndan iki sany şaýadyň ýa-da ol ýerde lukman ýa-da feldşer bar bolsa, olaryň gatnaşmaklarynda düzülen, çaganyň dogluşy hakynda ykrarnama;
9) ekspedisiýanyň ýolbaşçysy tarapyndan düzülen ykrarnama;
10) ata-enesi (ýanýoldaşsyz ene (ata) Türkmenistanyň raýaty bolup durýan bolsa (ýa-da kämillik ýaşyna ýeteniň özi Türkmenistanyň raýaty bolan halatynda), Türkmenistanyň çäginden daşarda doglan çaganyň doglan daşary ýurt döwletiniň raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almaga ygtyýarly edilen edaralary tarapyndan berlen dogluş hakynda şahadatnamasy (umumy tertipde döwlet belligine alynýar);
11) çaganyň doglandygyny tassyklaýan beýleki subutnamalar (resminamalar) dogluşy döwlet belligine almak üçin esas bolup biler.
3. Şu maddanyň ikinji böleginiň 7-nji bendinde görkezilen halatda, haçanda saglygy goraýyş edarasynda doglan çaganyň ejesiniň pasporty (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasy) bolmadyk ýagdaýynda, çaga saglygy goraýyş edarasynda doglanda gatnaşan işgärleriň gatnaşmaklarynda ykrarnama düzülýär we saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysynyň goly we edaranyň möhüri bilen berkidilýär. Çaganyň dogluşy hakynda dogluşyň bolup geçen saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen, bellenilen görnüşdäki resminamada çaganyň ejesi barada maglumatlar çaganyň ejesiniň sözünden ýazylýar. Şunda nädogry maglumatlary beren halatynda, onuň getirip biljek netijesi barada çaganyň ejesine gol çekdirilip duýdurylýar. Saglygy goraýyş edarasyndan berilýän resminama çaganyň ejesiniň suraty ýelmenilýär we suratyň gyrasy möhür bilen berkidilýär. Çaganyň ejesiniň suraty saglygy goraýyş edarasynda saklanylýan näsagyň kesel taryhyna hem ýelmenilýär we suratyň gyrasy möhür bilen berkidilýär.
4. Dogluşy döwlet belligine almak üçin şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan esaslar bolmadyk halatynda, dogluşy döwlet belligine almak çaganyň dogluşynyň faktyny takyklamak hakynda kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdiniň esasynda geçirilýär.
27-nji madda. Dogluşyň döwlet belligine alynýan ýeri
1. Dogluş çaganyň hakykatda doglan ýerindäki ýa-da onuň ata-enesiniň (olaryň biriniň) ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edarasy tarapyndan ýüz tutulan güni döwlet belligine alynýar.
Dogluş hakynda nama ýazgysynda çaganyň hakyky doglan ýeri görkezilýär.
Çaganyň ata-enesiniň (olaryň biriniň) ýaşaýan ýeri boýunça ýazgysynyň ýokdugy ýa-da olaryň bolýan ýerinde bellige (hasaba) alynmandygy çaganyň dogluşyny döwlet belligine almakdan ýüz döndermek üçin esas bolup bilmez. Şu ýagdaýda çaganyň dogluşyny döwlet belligine almak çaganyň doglan ýerinde ýa-da onuň ata-enesiniň (olaryň biriniň) ýaşaýan (bolýan) ýerinde geçirilýär.
2. Tapylan (taşlanylan), goýlup gidilen çaganyň dogluşyny döwlet belligine almak çaganyň tapylan (taşlanylan), goýlup gidilen ýerindäki RÝNÝ edarasy tarapyndan geçirilýär.
Bu ýagdaýda dogluş hakynda nama ýazgysynda çaganyň doglan ýeri diýlip, dogluşyň döwlet belligine alnan ýeri görkezilýär.
3. Deňiz (derýa) gämileriniň ýüzüşde, howa gämileriniň uçuşda we otlularyň barýan ýolunda ýa-da aralykdaky duralgada doglan çaganyň dogluşy onuň ata-enesiniň (olaryň biriniň) ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edarasy ýa-da ulag serişdesiniň barýan ýolunyň ugrunda ýa-da aralykdaky duralga ýakyn ýerleşýän RÝNÝ edarasy tarapyndan döwlet belligine alynýar.
Bu ýagdaýda dogluş hakynda nama ýazgysynda çaganyň doglan ýeri diýlip, dogluşyň döwlet belligine alnan ýeri görkezilýär.
4. Ekspedisiýada, ylmy stansiýada doglan çaganyň dogluşyny döwlet belligine almak onuň ata-enesiniň (olaryň biriniň) ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edarasy ýa-da çaganyň hakykatda doglan ýerine iň ýakyn ýer boýunça RÝNÝ edarasy tarapyndan döwlet belligine alynýar.
Bu ýagdaýda dogluş hakynda nama ýazgysynda çaganyň doglan ýeri diýlip, dogluşyň döwlet belligine alnan ýeri görkezilýär.
28-nji madda. Dogluşy döwlet belligine almak hakynda arza
1. Dogluşy döwlet belligine almak hakynda arza (mundan beýläk – dogluş hakynda arza) çaganyň ata-enesi (olaryň biri) tarapyndan berilýär.
2. Çaganyň ata-enesiniň (olaryň biriniň) çaganyň doglandygy barada arzany bermäge mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda, arza çaganyň garyndaşlary (çaganyň ata-enesiniň biriniň garyndaşy) ýa-da çaganyň ata-enesi (olaryň biri) tarapyndan ygtyýarly edilen şahs, goňşulary, çaganyň doglan ýa-da ata-enesiniň ýaşaýan ýeri boýunça saglygy goraýyş edarasynyň administrasiýasy ýa-da hossarlyk we howandarlyk edaralary ýa-da beýleki adamlar tarapyndan berlip bilner.
3. Dogluş hakynda arza çaganyň doglan gününden bir aýdan gijä galman berilmelidir.
Çaga öli doglan halatynda çaganyň doglan gününden üç iş gününden gijä galman arza berilýär. Şu halatda çaganyň öli doglan saglygy goraýyş edarasynyň ýa-da çaga saglygy goraýyş edarasyndan daşarda öli doglan halatynda, ejesiniň ýaşaýan ýerindäki saglygy goraýyş edarasynyň ýa-da lukmançylyk kömegini beren işgäriň işleýän ýa-da çaganyň ejesiniň çaga doglandan soň ýüz tutan saglygy goraýyş edarasynyň administrasiýasy üç iş gününden gijä galman RÝNÝ edarasyna habar bermelidir. Dogluş hakynda arza görkezilen möhletler geçenden soň berlende, RÝNÝ edaralarynyň ony kabul etmekden ýüz döndermegine ýol berilmeýär.
4. Dogluş hakynda arza bilen bilelikde çaganyň doglandygyny tassyklaýan resminama berilmelidir, çaganyň ata-enesiniň (olaryň biriniň) şahsyýetini tassyklaýan pasporty (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasy), dogluş hakynda nama ýazgysynda kakasy barada maglumaty ýazmak üçin esas bolan resminamalar görkezilmelidir.
Dogluş hakynda arza başga şahs tarapyndan berlende şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen resminamalardan başga-da, arza berýän şahsyň pasporty (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasy), ygtyýarly şahs tarapyndan berlende pasporty (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasy) we onuň ygtyýarlyklaryny tassyklaýan resminama hem görkezilmelidir.
5. Çaganyň ejesiniň pasporty (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasy) bolmadyk halatynda, çaganyň dogluşyny döwlet belligine almak şu Kanunyň 26-njy maddasynda we Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 68-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen esaslar boýunça, şeýle esaslar bolmadyk halatynda çaganyň dogluşynyň faktyny takyklamak hakynda kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi boýunça geçirilýär.
6. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, surrogat enelik hakynda şertnamasy bolan är-aýalyň (olaryň biriniň) arzasy boýunça dogluş döwlet belligine alynýan bolsa, çaganyň dogluşynyň döwlet belligine alynmagy üçin esas bolan resminama bilen bilelikde surrogat enelik hakynda şertnamanyň nusgasy berilmelidir.
7. Çaganyň dogluşyny döwlet belligine almak şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen şahslaryň islegine görä we arzasynyň esasynda dabaraly ýagdaýda geçirilýär.
29-njy madda. Dogluş hakynda nama ýazgysyna ata-ene
barada maglumatlary girizmek
1. Öz aralarynda nikada durýan ata-ene olaryň biriniň arzasy boýunça dogluş hakynda nama ýazgysynda ata-ene hökmünde ýazylýar.
Çaganyň ejesi barada maglumat şu Kanunyň 26-njy maddasynda bellenilen resminamalaryň we ejesiniň pasportynyň (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň) esasynda, çaganyň kakasy barada maglumat nika baglaşylandygy hakynda şahadatnamanyň we kakasynyň pasportynyň (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamanyň) esasynda girizilýär.
2. Eger çaganyň ejesi nikada durmaýan bolsa we nikanyň bozulan, nika hakyky däl diýlip ykrar edilen pursadyndan ýa-da çaganyň ejesiniň äriniň ölen pursadyndan başlap, üç ýüz günüň dowamynda çaga dogulsa, eger şu maddanyň üçünji bölegine laýyklykda başga zat subut edilmese, çaganyň ejesiniň öňki (ýa-da ölen) äri çaganyň kakasy diýlip hasap edilýär, çaganyň ejesi barada maglumat şu maddanyň birinji böleginde kesgitlenen tertibe laýyklykda, çaganyň kakasy barada maglumat – nikanyň bozulandygy, äriniň ölümi hakynda şahadatnamanyň ýa-da nikanyň bes edilendiginiň faktyny we wagtyny tassyklaýan beýleki resminamanyň esasynda girizilýär.
Eger çaganyň ejesi nikanyň bozulan, nika hakyky däl diýlip ykrar edilen pursadyndan ýa-da äriniň ölen pursadyndan başlap, üç ýüz günüň dowamynda nika baglaşsa, çaganyň kakasy hökmünde çaganyň ejesiniň nikada durýan äri görkezilýär. Şu halatda atalygyň anyklanylandygy hakynda nama ýazgysy düzülmeýär. Şunda çaganyň ejesi bilen öňki äriniň arasynda atalyk babatda jedel bolanda atalyk babatda jedel kazyýet tarapyndan çözülýär.
3. Çaganyň ejesi äriniň (öňki äriniň) çaganyň kakasy däldigi barada ýazmaça görnüşde mälim eden halatynda, çaga babatda atalyk çaganyň ejesiniň we onuň hakyky kakasynyň arzasy esasynda, Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 69-njy maddasyna laýyklykda anyklanylýar. Şunda onuň haýyşy diňe bu hakda çaganyň ejesiniň we onuň äriniň (öňki äriniň) çaganyň kakasy däldigi barada ýazmaça arzasy ýa-da onuň äriniň (öňki äriniň) ölen diýlip yglan edilen ýa-da nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilendigi hakynda kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi bolan ýagdaýynda kanagatlandyrylyp bilner. Äri (öňki äri) şeýle arzany bermekden ýüz dönderende, şeýle hem çaganyň ejesi bilen onuň äriniň (öňki äriniň) arasynda atalyk babatda jedel bolanda atalyk babatda jedel kazyýet tarapyndan çözülýär.
Çaganyň kakasy däldigi barada ýazmaça arzany almak üçin çaganyň ejesiniň äriniň (öňki äriniň) bolýan ýa-da ýaşaýan ýerini anyklamak mümkin bolmadyk halatynda, atalygynyň anyklanylmagyny isleýän adamyň arzasynyň ýanyna çaganyň ýaşaýan ýeri boýunça içeri işler edarasynyň çaganyň ejesiniň äriniň (öňki äriniň) bolýan ýa-da ýaşaýan ýerini anyklamagyň mümkin bolmaýandygy barada ýa-da bilim edarasynyň wekiliniň gatnaşmagynda düzülen hossarlyk we howandarlyk edarasynyň ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň çaganyň terbiýesine gatnaşmaýan ejesiniň äriniň (öňki äriniň) bolýan ýa-da ýaşaýan ýerini anyklamagyň mümkin bolmaýandygy barada kepilnamasy, ýa-da RÝNÝ edarasy tarapyndan soragnama esasynda migrasiýa gullugyndan alnan, çaganyň ejesiniň äriniň (öňki äriniň) Türkmenistanyň çäginden gidip, yzyna gelmändigini tassyklaýan resminama, ýa-da çaganyň ejesiniň äriniň (öňki äriniň) bolýan ýa-da ýaşaýan ýerini anyklamagyň mümkin bolmaýandygyny tassyklaýan beýleki subutnamalar goşulýar.
Çaganyň ejesiniň görkezilen kepilnamalary (resminamalary) almaga mümkinçiligi bolmadyk halatynda, RÝNÝ edarasy oňa görkezilen kepilnamalary (resminamalary) almakda ýardam bermelidir.
4. Eger ata-ene öz aralarynda nikada durmaýan bolsalar, çaganyň ejesi barada maglumat şu maddanyň birinji böleginde bellenilen tertibe laýyklykda girizilýär.
Şu ýagdaýda çaganyň kakasy barada maglumat aşakdakylaryň esasynda girizilýär:
1) atalygyň anyklanylandygy hakynda nama ýazgysynyň;
2) eger atalyk anyklanylmadyk bolsa, çaganyň ejesiniň ýazmaça arzasynyň. Şu ýagdaýda çaganyň kakasynyň familiýasy ejesiniň familiýasy, kakasynyň ady we atasynyň ady ejesiniň ýazmaça görkezmesi esasynda, milleti we raýatlygy – ejesiniň milleti we raýatlygy boýunça girizilýär. Çaganyň kakasy barada girizilen maglumatlar atalygy anyklamak hakynda meseläni çözmek üçin päsgelçilik bolup bilmez. Ejesiniň islegi boýunça dogluş hakynda nama ýazgysyna çaganyň kakasy barada maglumat girizilmän bilner.
5. Kömekçi önelge tehnologiýalaryny ulanmaga (şol sanda surrogat enelige) razylyk beren nikada durýan şahslaryň şol tehnologiýalary ulanmagyň netijesinde çagasy doglan halatynda, dogluş hakynda nama ýazgysynda şol çaganyň ata-enesi hökmünde şol şahslar ýazylýar.
30-njy madda. Dogluş döwlet belligine alnаnda çaganyň
familiýasyny, adyny we atasynyň adyny
ýazmagyň tertibi
1. Dogluş döwlet belligine alnanda dogluş hakynda nama ýazgysynda çaganyň familiýasy onuň ata-enesiniň familiýasy boýunça ýazylýar. Ata-enesiniň familiýalary dürli bolan ýagdaýynda ata-enäniň ylalaşmagy boýunça çaganyň familiýasy kakasynyň ýa-da ejesiniň familiýasy boýunça ýazylýar.
Ata-enäniň islegi boýunça çaganyň familiýasy çaganyň kakasynyň, ýa-da atasynyň, ýa-da babasynyň ady boýunça ýazylyp bilner.
2. Dogluş döwlet belligine alnanda dogluş hakynda nama ýazgysynda çaganyň ady ata-enesiniň ylalaşmagy boýunça ýazylýar.
3. Ata-enäniň arasynda ylalaşyk bolmadyk ýagdaýynda, dogluş hakynda nama ýazgysynda çaganyň ady we (ýa-da) onuň familiýasy (ata-enäniň familiýalary aýry bolanda) hossarlyk we howandarlyk edarasynyň görkezmesi esasynda ýazylýar.
4. Dogluş döwlet belligine alnanda dogluş hakynda nama ýazgysynda çaganyň atasynyň ady kakasynyň ady boýunça ýazylýar. Şu Kanunyň 29-njy maddasynyň dördünji böleginiň 2-nji bendinde göz öňünde tutulan halatda bolsa – dogluş hakynda nama ýazgysynda çaganyň kakasy diýlip görkezilen adamyň ady boýunça ýazylýar.
Çaganyň kakasy bilen nikada durmaýan ejesiniň islegi boýunça dogluş hakynda nama ýazgysynda çaganyň kakasy barada maglumat girizilmedik ýagdaýynda çaganyň atasynyň ady ejesiniň görkezmesi boýunça ýazylyp bilner.
31-nji madda. Tapylan (taşlanylan) çaganyň dogluşyny döwlet
belligine almak
1. Çagany tapan (taşlanylan çagany tapan) adam haýal etmän bu hakda içeri işler edarasyna ýa-da çaganyň tapylan ýerindäki hossarlyk we howandarlyk edarasyna mälim etmäge borçludyr.
2. Içeri işler edarasy, hossarlyk we howandarlyk edarasy ýa-da saglygy goraýyş edarasy (lukmançylyk edarasy), çaganyň ýerleşdirilen terbiýeçilik edarasy ýa-da durmuş taýdan hyzmat ediş edarasy ata-enesi nämälim bolan, tapylan (taşlanylan) çaganyň dogluşynyň döwlet belligine alynmagy üçin çaganyň tapylan gününden başlap, ýedi senenama gününden gijä galman ýüz tutmaga borçludyr.
Tapylan (taşlanylan) çaganyň dogluşyny döwlet belligine almak hakynda arza bilen bir wagtda şular berilmelidir:
1) çaganyň tapylandygy (taşlanylandygy) hakynda degişli içeri işler edarasy ýa-da hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan berlen, çaganyň tapylan wagty, ýeri we çaganyň haýsy ýagdaýlarda tapylandygy görkezilen resminama;
2) tapylan (taşlanylan) çaganyň ýaşyny we jynsyny tassyklaýan saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen resminama.
3. Tapylan (taşlanylan) çaganyň familiýasy, ady we atasynyň ady, doglan wagty hakynda maglumatlar şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen edaralaryň görkezmesi boýunça şeýle çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna girizilýär. Şunda şeýle çaganyň dogluşy döwlet belligine alnanda onuň ata-enesi hakynda maglumatlar çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna girizilmeýär. Çaganyň dogluşy şu tertipde döwlet belligine alnyp, onuň dogluş hakynda nama ýazgysynda ata-enesi hakynda maglumatlar ýok bolsa, çaganyň milleti çaga pasport berlende, onuň islegi boýunça kesgitlenilýär.
32-nji madda. Pasportyny (ýa-da onuň ornuny tutýan
resminamany) görkezmedik ejesi
tarapyndan çaganyň doglan ýa-da çaga
doglandan soň ejesiniň ýüz tutan saglygy goraýyş
edarasynda goýlup gidilen çaganyň dogluşyny
döwlet belligine almak
1. Pasportyny (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasyny) görkezmedik ejesi tarapyndan çaganyň doglan ýa-da çaga doglandan soň ejesiniň ýüz tutan saglygy goraýyş edarasynda goýlup gidilen çaganyň dogluşyny döwlet belligine almak saglygy goraýyş edarasynyň ýa-da çaganyň bolýan edarasynyň administrasiýasynyň, ýa-da hossarlyk we howandarlyk edarasynyň çaganyň dogluşyny döwlet belligine almak hakynda arzasynyň esasynda, çagany ejesiniň goýup giden gününden başlap, ýedi senenama gününden gijä galman geçirilýär. Bu möhletiň geçirilmegi bilen ýüz tutulan bolsa, RÝNÝ edarasynyň raýat ýagdaýynyň nama ýazgysyny döwlet belligine almakdan ýüz döndermäge hukugy ýokdur.
2. Pasportyny (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasyny) görkezmedik ejesi tarapyndan çaganyň doglan ýa-da çaga doglandan soň ejesiniň ýüz tutan saglygy goraýyş edarasynda goýlup gidilen çaganyň dogluşyny döwlet belligine almak hakynda arza bilen bir wagtda şular berilmelidir:
1) şu Kanunyň 26-njy maddasynyň ikinji böleginiň 1-nji, 2-nji ýa-da 7-nji bentlerinde görkezilen resminamalar;
2) çaganyň bolýan (bolan) saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen, çaganyň goýlup gidilendigi hakynda bellenilen görnüşdäki ykrarnama ýa-da saglygy goraýyş edarasynda doglan çaganyň ejesiniň pasporty (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasy) bolmadyk ýagdaýynda çaganyň ejesi barada maglumatlaryň onuň sözünden ýazylandygy barada saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen bellenilen görnüşdäki ykrarnama.
3. Ejesi tarapyndan goýlup gidilen çaganyň familiýasy, ady we atasynyň ady hakyndaky maglumatlar şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň hödürlemegi boýunça çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna girizilýär. Şunda şeýle çaganyň dogluşy döwlet belligine alnanda onuň ata-enesi hakynda maglumatlar çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna girizilmeýär. Çaganyň dogluşy şu tertipde döwlet belligine alnyp, onuň dogluş hakynda nama ýazgysynda ata-enesi hakynda maglumatlar ýok bolsa, çaganyň milleti oňa pasport berlende onuň islegi boýunça kesgitlenilýär.
33-nji madda. Öli doglan ýa-da ömrüniň birinji hepdesinde
ölen çaganyň dogluşyny döwlet belligine almak
1. Öli doglan çaganyň dogluşynyň döwlet belligine alynmagy saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berilýän bellenilen görnüşdäki perinatal ölümi hakynda resminama esasynda geçirilýär.
2. Öli doglan çaga dogluş hakynda şahadatnama resmileşdirilmeýär. Ata-enäniň (olaryň biriniň) haýyşy boýunça, öli doglan çaganyň dogluşynyň döwlet belligine alnandygynyň faktyny tassyklaýan güwänama berilýär.
3. Öli doglan çaganyň ölümi döwlet belligine alynmaýar.
4. Çaga doglup, ömrüniň birinji hepdesinde ölen ýagdaýynda, onuň dogluşy we ölümi döwlet belligine alynýar.
5. Ömrüniň birinji hepdesinde ölen çaganyň dogluşynyň we ölüminiň döwlet belligine alynmagy saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berilýän bellenilen görnüşdäki dogluş we perinatal ölümi hakynda resminamalar esasynda geçirilýär.
6. Dogluş we ölüm hakynda nama ýazgylarynyň esasynda diňe ölüm hakynda şahadatnama berilýär. Ömrüniň birinji hepdesinde ölen çaganyň dogluşynyň döwlet belligine alnandygynyň faktyny tassyklaýan güwänama ata-enäniň (olaryň biriniň) haýyşy boýunça berilýär.
7. Öli doglan çaganyň, ömrüniň birinji hepdesinde ölen çaganyň doglan ýa-da olaryň ölen saglygy goraýyş edarasynyň arzasy boýunça ýa-da gatnawly saglygy goraýyş (lukmançylyk) edarasynyň lukmany öli çaganyň dogulmagyny ýa-da çaganyň ömrüniň birinji hepdesinde ölümini bellige alan ýagdaýynda, şol edaranyň ýolbaşçysynyň arzasy boýunça üç iş gününiň dowamynda RÝNÝ edarasynda döwlet belligine alynmalydyr. Eger şeýle arza bilen zerur resminamalary beren ata-ene ýa-da beýleki şahslar ýüz tutan bolsa, RÝNÝ edarasynyň raýat ýagdaýynyň nama ýazgysyny döwlet belligine almakdan ýüz döndermäge hukugy ýokdur. Bu möhletiň geçirilmegi bilen ýüz tutulan bolsa, RÝNÝ edarasynyň raýat ýagdaýynyň nama ýazgysyny döwlet belligine almakdan ýüz döndermäge hukugy ýokdur.
34-nji madda. Bir ýaşdan on alty ýaşa çenli çaganyň dogluşyny
döwlet belligine almak
1. Şu Kanunyň 26-njy maddasynda görkezilen çaganyň dogluşyny tassyklaýan bellenen görnüşdäki resminama we oňa gözegçilik eden saglygy goraýyş edarasynyň bellenen görnüşdäki resminamasy bolan ýagdaýynda, bir ýaşdan on alty ýaşa çenli çaganyň dogluşy ata-enäniň (olaryň biriniň) ýa-da beýleki şahslaryň ýazmaça arzalary boýunça çaganyň hemişelik ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edarasy tarapyndan döwlet belligine alynýar. Eger hemişelik ýaşaýan ýeri bolmasa, köplenç ýaşaýan ýeri boýunça döwlet belligine alynýar.
2. On alty ýaşa ýeten çaganyň dogluşy kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi esasynda döwlet belligine alynýar.
35-nji madda. Dogluş hakynda nama ýazgysynyň mazmuny
1. Dogluş hakynda nama ýazgysyna şu maglumatlar girizilýär:
1) nama ýazgysyny döwlet belligine alan edaranyň ady, nama ýazgysynyň düzülen wagty we belgisi;
2) çaganyň familiýasy, ady, atasynyň ady, jynsy, doglan wagty, doglan ýeri, doglan çagalaryň sany (bir, ekiz we ondan köp), diri doglan, öli doglan çaga, çaganyň doglan wagtyndaky agramy, boýy, ejäniň näçenji çagasynyň doglandygy, çaganyň dogluşyny tassyklaýan resminama barada maglumat;
3) kakasy we ejesi hakynda maglumatlar: familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan wagty, doglan ýeri, raýatlygy, milleti, hemişelik ýaşaýan ýeri, nirede we kim bolup işleýänligi, bilimi barada maglumat, pasportynyň maglumaty;
4) kakasy hakynda maglumat girizmek üçin esas bolan resminama barada maglumat: nika baglaşylandygy hakynda şahadatnama (nika baglaşylandygy hakynda nama ýazgysy), atalygyň anyklanylandygy hakynda şahadatnama (atalygyň anyklanylandygy hakynda nama ýazgysy), ejesiniň görkezmesi, kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi;
5) ýüz tutan şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady we pasportynyň (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamanyň) maglumatlary, ýaşaýan ýeri, goly (ýa-da dogluşy döwlet belligine almak üçin ýüz tutulan edaranyň ady we hukuk salgysy);
6) berlen şahadatnamanyň tapgyry we belgisi, berlen wagty;
7) gaýtadan berlen şahadatnamanyň tapgyry we belgisi, berlen wagty, sebäbi;
8) üýtgetme, goşmaça we (ýa-da) düzediş girizmäge bolan esas barada maglumat;
9) beýleki zerur maglumatlar;
10) nama ýazgysyny düzen işgäriň familiýasy, ady, atasynyň ady, goly;
11) RÝNÝ edarasynyň ýolbaşçysynyň familiýasy, ady, atasynyň ady, goly we RÝNÝ edarasynyň möhüri.
2. Ekiz we şondan köp çaga doglan halatynda şol bir wagtda olaryň her birine aýratyn dogluş hakynda nama ýazgysy düzülýär.
3. Çaga öli doglan halatynda dogluş hakynda nama ýazgysyna onuň ady we atasynyň ady girizilmeýär.
36-njy madda. Dogluş hakynda şahadatnama
1) çaganyň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan wagty, doglan ýeri;
2) dogluş hakynda nama ýazgysynyň düzülen wagty we tertip belgisi;
3) ata-enäniň (olaryň biriniň) familiýasy, ady, atasynyň ady, milleti (eger pasportynda görkezilen bolsa), raýatlygy;
4) nama ýazgysynyň döwlet belligine alnan ýeri (RÝNÝ edarasynyň ady we ýerleşýän ýeri);
5) şahadatnamanyň berlen wagty;
6) RÝNÝ edarasynyň ýolbaşçysynyň adynyň we atasynyň adynyň baş harplary, familiýasy, goly we RÝNÝ edarasynyň möhüri;
7) şahadatnamanyň tapgyry we belgisi.
Dogluş hakynda şahadatnama dogluş hakynda nama ýazgysy esasynda ýazylyp berilýär.
2. Dogluş hakynda şahadatnama çaganyň dogluşyny, onuň ata-enesiniň atalygyny we eneligini tassyklaýan ýeke-täk resminama bolup durýar.
3. RÝNÝ edarasy dogluşy döwlet belligine almak hakyndaky arzany kabul eden wagty haýal etmän arza berijä dogluş hakynda şahadatnamany resmileşdirip bermäge borçludyr.
37-nji madda. Çaganyň dogluşynyň döwlet belligine
alynmagyny üpjün etmek
1. Her bir doglan çaganyň dogluşynyň öz wagtynda döwlet belligine alynmagyny üpjün etmek üçin, çaganyň doglan saglygy goraýyş edarasy hem-de doglan çaganyň (onuň ata-enesiniň) ýaşaýan ýeri boýunça saglygy goraýyş edarasy her aýda doglan çagalar barada maglumatlary RÝNÝ edarasyna ibermäge borçludyr.
RÝNÝ edarasy saglygy goraýyş edaralarynyň beren maglumatlary esasynda döwlet belligine alnan nama ýazgylaryna seljerme geçirip, döwlet belligine alynmadyk çagalar barada çaganyň doglan saglygy goraýyş edarasyna hem-de doglan çaganyň (onuň ata-enesiniň) ýaşaýan ýeri boýunça saglygy goraýyş edarasyna habarnama iberýär.
Habarnama iberilen saglygy goraýyş edarasy döwlet belligine alynmadyk çagany döwlet belligine almak üçin degişli işleri geçirmäge borçludyr.
2. Dogluşy döwlet belligine alynmadyk çagalaryň, şol sanda uly ýaşly (ýedi ýaşdan soň) çagalaryň we uly adamlaryň (kämillik ýaşyna ýetenleriň) dogluşynyň döwlet belligine alynmagy üçin hossarlyk we howandarlyk edarasy RÝNÝ edarasy, migrasiýa gullugynyň, içeri işler, saglygy goraýyş, bilim we kazyýet edaralary bilen degişli işleri geçirmäge borçludyr.
RÝNÝ edaralary tarapyndan döwlet belligine alnan dogluş hakynda nama ýazgylary barada, şol sanda şu bölegiň birinji tesiminde sanalyp geçilenleriň dogluş hakynda nama ýazgylary barada her aýda Türkmenistanyň Adalat ministrligine hasabat berilýär.
IV BAP. Nikanyň baglaşylmagyny DÖWLET BELLIGINE ALMAK
38-nji madda. Nikanyň baglaşylmagyny döwlet belligine almak
üçin esas
Nika baglaşmaga isleg bildirýän şahslaryň nika baglaşmak hakynda arzasy nikanyň baglaşylmagyny döwlet belligine almak üçin esas bolup durýar.
39-njy madda. Nikanyň baglaşylmagynyň döwlet belligine
alynýan ýeri
Nika baglaşylmagy nika baglaşmak isleýänleriň biriniň ýaşaýan ýerindäki ýa-da olaryň ata-eneleriniň ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edarasy tarapyndan döwlet belligine alynýar.
Eger nika çagyryş boýunça harby gullukçy, tussag edilen ýa-da jeza çäresini çekýän şahs bilen baglaşylýan bolsa, nika baglaşylmagy olaryň bolýan edaralarynyň ýerleşýän ýerindäki RÝNÝ bölümi tarapyndan döwlet belligine alynýar.
Nika baglaşmak isleýänler saglygy ýa-da başga esasly sebäplere görä ýaşaýan ýerindäki (ýa-da ata-eneleriniň ýaşaýan ýerindäki) RÝNÝ bölümine gelip bilmedik ýagdaýynda, nika baglaşylmagy olaryň hakyky bolýan ýerindäki ýa-da saglygy goraýyş ýa-da beýleki edaranyň ýerleşýän ýerindäki RÝNÝ bölümi tarapyndan döwlet belligine alnyp bilner.
Şu ýagdaýda nika baglaşmak isleýänleriň RÝNÝ edarasyna gelip bilmeýändigini tassyklaýan resminama görkezilmelidir.
40-njy madda. Nika baglaşmak hakynda arza
1. Nika baglaşmak hakynda arza nika baglaşmak isleýänler tarapyndan ýazmaça görnüşde berilýär.
2. Nika baglaşmak hakynda arzada nika baglaşýanlaryň nika ýaşyna ýetmegi, nika baglaşmagyň özara razylygynyň erkinligi hem-de Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 20-nji maddasynda görkezilen nika baglaşylmagyna ýol bermeýän ýagdaýlaryň ýokdugy görkezilmelidir.
3. Nika baglaşmak hakynda arzada şeýle hem şu aşakdaky maglumatlar görkezilýär:
1) nika baglaşýanlaryň her biriniň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan wagty, doglan ýeri, nikanyň baglaşylmagynyň döwlet belligine alynjak gününe çenli dolýan ýaşy, raýatlygy, milleti, bilimi, ýaşaýan ýeri;
2) nika baglaşýanlaryň maşgala ýagdaýy barada maglumat (nikada durmadyk, nikasy bozulan, dul, nikasy hakyky däl diýlip ykrar edilen), öň nikada duran bolsa – bu barada maglumat, nika baglaşýanlaryň umumy kämillik ýaşyna ýetmedik çagalarynyň sany barada maglumat;
3) nika baglaşýan şahslaryň saýlaýan familiýalary;
4) nika baglaşýanlaryň pasportlarynyň (ýa-da olaryň ornuny tutýan resminamalaryň) maglumatlary.
4. Nika baglaşýanlar nika baglaşmak hakynda arza gol çekýärler we onuň düzülen wagtyny görkezýärler.
5. Nika baglaşmak hakynda arza bilen bir wagtda şular görkezilýär:
1) nika baglaşýanlaryň her biriniň pasporty (ýa-da onuň ornuny tutýan resminama);
2) eger öň nikada duran bolsa, nikasynyň bes edilendigini tassyklaýan resminama;
3) eger nika baglaşýanlar (olaryň biri) kämillik ýaşyna ýetmedik bolsa, nika ýaşynyň peseldilendigi barada hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan berlen resminama;
4) nikada durmaýandygyny tassyklaýan resminama (güwänama, pasportynyň nusgasy, beýleki subut edýän resminama).
6. Nika baglaşýanlaryň biriniň nika baglaşmak hakynda arzany bermek üçin RÝNÝ edarasyna gelmäge mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibe laýyklykda resmileşdirilen nika baglaşmak hakynda arza nika baglaşýanlaryň biri tarapyndan RÝNÝ edarasyna berlip bilner.
41-nji madda. Nikanyň baglaşylmagyny döwlet belligine
almagyň tertibi
1. Nikanyň baglaşylmagyny döwlet belligine almak Türkmenistanyň Maşgala kodeksine laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Nikanyň baglaşylmagyny döwlet belligine almak RÝNÝ edarasyna nika baglaşmak hakynda arzanyň berlen gününden bir aý geçenden soň geçirilýär.
Nika baglaşmak isleýänleriň islegi boýunça nikanyň baglaşylmagyny döwlet belligine almagyň bellenilen möhletini üýtgetmäge hukugy bardyr. RÝNÝ edarasynyň nikanyň baglaşylmagyny döwlet belligine almagyň bellenilen möhletini üýtgetmekden ýüz döndermegine ýol berilmeýär.
Nika baglaşmak isleýänleriň arzasynyň esasynda şu bölekde görkezilen möhlet Türkmenistanyň Maşgala kodeksine laýyklykda üýtgedilip bilner.
3. Nikanyň baglaşylmagyny döwlet belligine almak nika baglaşýanlaryň özleriniň gatnaşmaklarynda geçirilýär.
4. Nika baglaşýanlaryň islegi boýunça nikanyň baglaşylmagyny döwlet belligine almak dabaraly ýagdaýda RÝNÝ edarasynda hem, RÝNÝ edarasynyň ýerleşýän ýeriniň daşynda hem geçirilip bilner.
5. Eger nika baglaşýanlar (olaryň biri) agyr kesel ýa-da başga esasly sebäplere görä RÝNÝ edarasyna gelip bilmese, nikanyň baglaşylmagyny döwlet belligine almak nika baglaşýanlaryň gatnaşmaklarynda öýde, saglygy goraýyş ýa-da başga edarada geçirilip bilner.
6. Tussag astyndaky ýa-da azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde jeza çäresini çekýän şahs bilen nikanyň baglaşylmagyny döwlet belligine almak RÝNÝ edarasy tarapyndan degişli edaranyň başlygy tarapyndan bellenilen jaýda geçirilýär.
7. Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 20-nji maddasynda görkezilen nikanyň baglaşylmagyna ýol bermeýän ýagdaýlar bolan halatynda, nikanyň baglaşylmagyny döwlet belligine almak geçirilip bilinmez.
8. RÝNÝ edarasynda nika baglaşylmagyna ýol bermeýän ýagdaýlaryň bardygyny tassyklaýan subutnamalar bolan ýagdaýynda, nikanyň baglaşylmagyny döwlet belligine almakdan ýüz dönderilýär.
42-nji madda. Nikanyň baglaşylmagy döwlet belligine alnanda
är-aýalyň familiýalaryny ýazmagyň tertibi
1. Nikanyň baglaşylmagy döwlet belligine alnanda nika baglaşylandygy hakynda nama ýazgysynda är-aýalyň saýlamagy boýunça umumy familiýa hökmünde olardan biriniň familiýasy ýa-da är-aýalyň her biriniň nika baglaşylmagyndan öňki göterýän familiýasy ýazylýar.
2. Är-aýalyň familiýalarynyň birleşdirilmegine ýol berilmeýär.
43-nji madda. Nika baglaşylandygy hakynda nama ýazgysynyň
mazmuny
1. Nika baglaşylandygy hakynda nama ýazgysyna şu maglumatlar girizilýär:
1) nama ýazgysyny döwlet belligine alan edaranyň ady, nama ýazgysynyň düzülen wagty we belgisi;
2) nika baglaşýanlaryň (erkek, aýal ) her biriniň nika baglaşmazdan öňki we nika baglaşylandan soňky familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan wagty, nikanyň baglaşylmagynyň döwlet belligine alnan gününe çenli dolan ýaşy, doglan ýeri;
3) raýatlygy, milleti, nirede we kim bolup işleýänligi, bilimi, maşgala ýagdaýy (dul, nikada durmadyk, nikasy bozulan), umumy çagalary hakynda maglumatlar (familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan wagty), hemişelik ýaşaýan ýeri, eger hemişelik ýaşaýan ýeri bolmasa – köplenç ýaşaýan ýeri, pasportyň (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamanyň) maglumatlary, nika baglaşýanlaryň nikadan öňki familiýalary we gollary;
4) berlen şahadatnamanyň tapgyry we belgisi, berlen wagty;
5) gaýtadan berlen şahadatnamanyň tapgyry we belgisi, berlen wagty, sebäbi;
6) üýtgetme, goşmaça we (ýa-da) düzediş girizmäge bolan esas barada maglumat;
7) beýleki zerur maglumatlar;
8) nama ýazgysyny düzen işgäriň familiýasy, ady, atasynyň ady, goly;
9) RÝNÝ edarasynyň ýolbaşçysynyň familiýasy, ady, atasynyň ady, goly we RÝNÝ edarasynyň möhüri.
2. Nika bozulan ýa-da nika hakyky däl diýlip ykrar edilen halatynda, nika baglaşylandygy hakynda nama ýazgysyna nikanyň bozulandygy ýa-da nikanyň hakyky däl diýlip ykrar edilendigi barada maglumatlar girizilýär. Şeýle maglumatlar nikanyň bozulandygy ýa-da nikanyň hakyky däl diýlip ykrar edilendigi hakynda kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdiniň esasynda ýa-da nika RÝNÝ edarasy tarapyndan bozulanda nikanyň bozulandygy hakynda nama ýazgysynyň esasynda girizilýär.
Är-aýalyň (olaryň biriniň) ýaşaýan ýeri boýunça nikanyň bozulandygyny döwlet belligine alan RÝNÝ edarasy bu barada nikanyň baglaşylmagyny döwlet belligine alan RÝNÝ edarasyna on senenama gününiň dowamynda habar bermäge borçludyr.
Türkmenistanyň raýatynyň nikasynyň bozulmagy Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary tarapyndan döwlet belligine alnanda, diplomatik wekilhanasy ýa-da konsullyk edarasy nikanyň bozulmagynyň döwlet belligine alnandygy barada nika baglaşylandygy hakynda nama ýazgysynyň birinji nusgasynyň saklanýan ýeri bolan RÝNÝ edarasyna nikanyň bozulmagynyň döwlet belligine alnan gününden başlap, togsan senenama gününiň dowamynda habar bermäge borçludyr.
44-nji madda. Nika baglaşylandygy hakynda şahadatnama
1. Nika baglaşylandygy hakynda şahadatnamada şu maglumatlar görkezilýär:
1) nika baglaşan şahslaryň familiýasy (nika baglaşylmagyndan öňki), ady, atasynyň ady, doglan wagty, doglan ýeri, milleti (eger pasportynda görkezilen bolsa), raýatlygy;
2) nikanyň baglaşylan wagty;
3) nika baglaşylandygy hakynda nama ýazgysynyň düzülen wagty we tertip belgisi;
4) nika baglaşylandan soňky göterjek familiýalary (äriniň, aýalynyň);
5) nama ýazgysynyň döwlet belligine alnan ýeri (RÝNÝ edarasynyň ady we ýerleşýän ýeri);
6) şahadatnamanyň berlen wagty;
7) RÝNÝ edarasynyň ýolbaşçysynyň adynyň we atasynyň adynyň baş harplary, familiýasy, goly we RÝNÝ edarasynyň möhüri;
8) şahadatnamanyň tapgyry we belgisi.
Nika baglaşylandygy hakynda şahadatnama nika baglaşylandygy hakynda nama ýazgysynyň esasynda ýazylyp berilýär.
2. Nika baglaşylandygy hakynda şahadatnama nika baglaşanlara nika baglaşylandygynyň döwlet belligine alnan güni berilýär.
3. Nika baglaşylandygy hakynda şahadatnama berlende nika baglaşan adamlaryň pasportynyň (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamanyň) bellikler üçin niýetlenilen sahypasynda nika baglaşylandygynyň döwlet belligine alnandygy barada bellik edilýär.
45-nji madda. Nika baglaşylandygy hakynda nama ýazgysyny
togtatmak
Eger nika baglaşylandygy hakynda nama ýazgysy ýazylýança, nika baglaşylandygynyň döwlet belligine alynmagyna ýol berilmeýän ýagdaýlaryň bardygy barada arzanyň gelip gowşan ýagdaýynda, RÝNÝ edarasynyň ýolbaşçysy nama ýazgysynyň ýazylmagyny togtatmaga we arza berijiden degişli resmi subutnamalaryň bellenilen möhletde getirilmegini talap etmäge borçludyr. Nama ýazgysynyň ýazylmagyny togtatmagyň möhleti ýol berilmeýän ýagdaýlaryň bardygy barada arzanyň gelip gowşan gününden başlap, bir aýdan köp bolmaly däldir.
V BAP. Nikanyň bozulmagyny DÖWLET BELLIGINE ALMAK
46-njy madda. Nikanyň bozulmagyny döwlet belligine almak
üçin esaslar
Nikanyň bozulmagyny döwlet belligine almak üçin esaslar:
1) kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten umumy çagalarynyň bolmadyk hem-de är-aýalyň bilelikde edinen emlägini bölmek hakynda, zähmete ukypsyz mätäç bolan ärini (aýalyny) ekläp-saklamak üçin serişdeleri tölemek hakynda jedeliň bolmadyk ýagdaýynda, är-aýalyň özara razylygy boýunça nikany bozmak hakynda bilelikdäki arzasy;
2) eger-de är-aýalyň beýlekisi kazyýet tarapyndan nam-nyşansyz giden, kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen ýa-da kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi boýunça azyndan üç ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmeklige iş kesilen bolsa, är-aýalyň biri tarapyndan nikany bozmak hakynda berlen arza hem-de kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi;
3) är-aýalyň biri tarapyndan nikany bozmak hakynda berlen arza we nikanyň bozulandygy hakynda kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi.
47-nji madda. Nikanyň bozulmagynyň döwlet belligine
alynýan ýeri
Nikanyň bozulmagyny döwlet belligine almak är-aýalyň (olaryň biriniň) ýaşaýan ýerindäki ýa-da çözgüdi çykaran kazyýetiň ýerleşýän ýerindäki RÝNÝ edarasy tarapyndan geçirilýär.
48-nji madda. Är-aýalyň özara razylygy boýunça nikanyň
bozulmagyny döwlet belligine almak
1. Är-aýalyň özara razylygy boýunça nikanyň bozulmagy, olaryň kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten umumy çagalarynyň bolmadyk we är-aýalyň bilelikde edinen emlägini bölmek hakynda, zähmete ukypsyz mätäç bolan ärini (aýalyny) ekläp-saklamak üçin serişdeleri tölemek hakynda jedeliň bolmadyk ýagdaýynda, är-aýalyň bilelikdäki arzasynyň esasynda RÝNÝ edarasy tarapyndan arza berlen gününden iki aý geçenden soň geçirilýär.
2. Nikasyny bozmak isleýän är-aýal nikany bozmak hakynda bilelikdäki arzany ýazmaça görnüşde RÝNÝ edarasyna berýär.
Eger şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan bilelikdäki arzany bermek üçin är-aýalyň biriniň RÝNÝ edarasyna gelmäge mümkinçiligi bolmasa, äriniň (aýalynyň) nikany bozmak hakynda erk-islegi aýratyn arza bilen resmileşdirilip bilner. Şu halatda RÝNÝ edarasyna gelmäge mümkinçiligi bolmadyk äriniň (aýalynyň) arzadaky golunyň hakykydygy notarial tertipde tassyklanan bolmalydyr.
Eger är-aýalyň nikany bozmak hakynda erk-islegi aýratyn arza bilen resmileşdirilen bolsa, şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan iki aýlyk möhlet nikany bozmak hakynda ikinji (soňky) arzanyň RÝNÝ edarasyna berlen gününden başlap hasaplanýar.
3. Nikany bozmak hakynda bilelikdäki arzada är-aýal nikany bozmak üçin özara razylygyny, kämillik ýaşyna ýetmedik umumy çagalarynyň, biri-birine emläk we beýleki dawasynyň ýokdugyny tassyklamalydyrlar.
4. Nikany bozmak hakynda bilelikdäki arzada şeýle hem şu aşakdaky maglumatlar görkezilýär:
1) är-aýalyň her biriniň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan wagty, nikanyň bozulmagy üçin ýüz tutan gününe çenli doly ýaşy, doglan ýeri, raýatlygy, milleti, bilimi, birinji ýa-da gaýtadan nikasy, ýaşaýan ýeri, nikasyny bozýan adamlaryň pasportlary (onuň ornuny tutýan resminamalary) barada maglumatlar;
2) nika baglaşylandygy hakyndaky nama ýazgysy barada maglumat;
3) nikanyň bozulmagynyň sebäbi;
4) nika bozulandan soň är-aýalyň her biriniň saýlan familiýasy, nikasyny bozmak isleýän adamlaryň gollary, arzanyň berlen senesi;
5) arzany kabul eden işgäriň wezipesi, goly, adynyň, atasynyň adynyň baş harplary we familiýasy.
5. Nikanyň bozulmagy, şeýle hem onuň döwlet belligine alynmagy Türkmenistanyň Maşgala kodeksine laýyklykda, är-aýalyň ikisiniň ýa-da olaryň biriniň gatnaşmagynda, nikany bozmak hakynda arzanyň berlen gününden iki aý geçenden soň geçirilýär.
Esasly sebäpler bolan ýagdaýynda, şeýle hem Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 25-nji maddasynyň sekizinji böleginde göz öňünde tutulan halatynda möhlet üç aýa çenli uzaldylýar.
49-njy madda. Är-aýalyň biriniň arzasy boýunça nikanyň
bozulmagyny döwlet belligine almagyň tertibi
1. Är-aýalyň biriniň arzasy boýunça nikanyň bozulmagy (nikanyň bozulmagyny döwlet belligine almak), är-aýalyň kämillik ýaşyna ýetmedik we kämillik ýaşyna ýeten zähmete ukypsyz umumy çagalarynyň bolmagyna garamazdan, RÝNÝ edarasy tarapyndan geçirilýär, eger är-aýalyň beýlekisi:
1) kazyýet tarapyndan nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen bolsa;
2) kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen bolsa;
3) jenaýat edendigi üçin azyndan üç ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmeklige iş kesilen bolsa.
2. Är-aýalyň biriniň arzasy boýunça nikanyň bozulmagy we nikanyň bozulmagyny döwlet belligine almak, eger är-aýalyň beýlekisi jenaýat edendigi üçin azyndan üç ýyl möhlete azatlykdan mahrum etmeklige iş kesilen bolsa – nikany bozmak hakynda arza berlen gününden iki aý geçenden soň, eger kazyýet tarapyndan nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen bolsa – bir aý geçenden soň arza beren äriniň (aýalynyň) gatnaşmagynda geçirilýär.
Eger jenaýat edendigi üçin azyndan üç ýyl möhlete azatlykdan mahrum etmeklige iş kesilen äri (aýaly) tarapyndan şu bölegiň birinji tesiminde bellenilen möhletden gijä galman özünde çagalar hakynda, bilelikdäki emlägi bölmek hakynda, zähmete ukypsyz mätäç bolan ärini (aýalyny) ekläp-saklamak üçin serişdeleri tölemek hakynda jedeliň bardygy barada habar gelip gowuşsa, RÝNÝ edarasy nikany bozmakdan ýüz dönderýär. Galan halatlarda, şol sanda iş kesileniň nikanyň bozulmagyna garşydygyna garamazdan, RÝNÝ edarasy tarapyndan nika bozulýar.
3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlarda nikanyň bozulmagy nikasyny bozmak isleýän är-aýalyň biriniň nikany bozmak hakynda ýazmaça görnüşdäki arzasynyň esasynda geçirilýär.
4. Nikany bozmak hakynda arzada şu aşakdaky maglumatlar görkezilýär:
1) nikasyny bozmak isleýän är-aýalyň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan wagty, doglan ýeri, nikanyň bozulmagy üçin ýüz tutan gününe çenli doly ýaşy, raýatlygy, milleti, birinji ýa-da gaýtadan baglaşan nikasy, eger kämillik ýaşyna ýetmedik umumy çagalary bar bolsa, olaryň sany, ýaşaýan ýeri, nikasyny bozýan adamyň pasporty (onuň ornuny tutýan resminamasy) barada maglumatlar;
2) nika baglaşylandygy hakyndaky nama ýazgysy barada maglumat;
3) nikanyň bozulmagyna esas barada maglumat;
4) nikanyň bozulmagynyň sebäbi;
5) nika bozulandan soň är-aýalyň her biriniň saýlan familiýasy (arzany doldurýan adam babatda görkezilýär);
6) nikany bozmak hakynda arza goşulýan resminamalar barada maglumat;
7) kämillik ukyby ýok äriniň (aýalynyň) hossarynyň ýa-da nam-nyşansyz giden äriniň (aýalynyň) emlägini dolandyrýanyň familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, ýa-da iş kesilen äriniň (aýalynyň) familiýasy, ady, atasynyň ady, jeza çäresini çekýän düzediş edarasynyň ýerleşýän ýeri barada maglumat;
8) nikasyny bozmak isleýän adamyň goly, arzany beren senesi;
9) arzany kabul eden işgäriň wezipesi, goly, adynyň, atasynyň adynyň baş harplary we familiýasy.
Nikany bozmak hakynda arza bilen bir wagtda ärini (aýalyny) nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýip ykrar etmek hakynda kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdiniň nusgasy ýa-da är-aýalyň beýlekisine azyndan üç ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmeklige iş kesilendigi barada kazyýetiň kanuny güýje giren höküminiň nusgasy berilýär.
50-nji madda. Nikany bozmak hakynda kazyýetiň kanuny
güýje giren çözgüdi esasynda nikanyň
bozulandygyny döwlet belligine almagyň tertibi
1. Nikany bozmak hakynda kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi esasynda nikanyň bozulandygyny döwlet belligine almak kazyýetiň çözgüdi boýunça är-aýalyň (olaryň biriniň) ýa-da kämillik ukyby ýok äriniň (aýalynyň) hossarynyň nikanyň bozulandygyny döwlet belligine almak hakynda ýazmaça görnüşdäki arzasynyň esasynda är-aýalyň (olaryň biriniň) ýaşaýan ýeri ýa-da çözgüdi çykaran kazyýetiň ýerleşýän ýeri boýunça RÝNÝ edarasy tarapyndan geçirilýär.
Nikanyň bozulandygyny döwlet belligine almak hakynda arza bilen bir wagtda nikany bozmak hakynda kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdiniň nusgasy ýa-da göçürmesi we är-aýalyň pasportlary (pasporty) (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamalar (resminama) berilmelidir.
Nikanyň bozulandygyny döwlet belligine almak hakynda arzada görkezilmäge degişli bolan maglumatlardan başga-da nikanyň bozulmagynyň sebäbi görkezilmelidir.
Nikanyň bozulandygyny döwlet belligine almak diňe bir RÝNÝ edarasynda geçirilýär.
2. Nikanyň bozulandygyny döwlet belligine almak hakynda arzany bermäge we onuň esasynda şahadatnamany almaga notarial tertipde tassyklanan resminamanyň esasynda başga şahslar ygtyýarly edilip bilner.
3. RÝNÝ edarasynda nikanyň bozulandygy döwlet belligine alnan gününden nika bes edilen hasaplanylýar.
51-nji madda. Nika bozulandan soň är-aýalyň familiýalarynyň
saklanyp galynmagy ýa-da üýtgedilmegi
Nika baglaşylanda öz familiýasyny üýtgeden äriniň (aýalynyň) nika baglaşmazdan öňki göteren familiýasyny ýa-da nika baglaşylanda alan familiýasyny saýlap almaga hukugy bardyr.
Eger äri (aýaly) nika baglaşmazdan öňki familiýasyny saýlan ýagdaýynda, ol nikasyny bozan wagtynda bu barada mälim etmelidir.
52-nji madda. Nikanyň bozulandygy hakynda nama
ýazgysynyň mazmuny
Nikanyň bozulandygy hakynda nama ýazgysyna şu maglumatlar girizilýär:
1) nama ýazgysyny döwlet belligine alan edaranyň ady, nama ýazgysynyň düzülen wagty we belgisi;
2) nikasyny bozýan är-aýalyň her biriniň nikasyny bozmazyndan öňki göterýän familiýasy, ady, atasynyň ady we nikasyny bozandan soňky göterjek familiýasy (eger familiýasyny üýtgedýän äri ýa-da aýaly bu barada arzada görkezen bolsa, nama ýazgysynda görkezilýär);
3) doglan wagty (nikanyň bozulandygynyň döwlet belligine alnan gününe çenli doly ýaşy), doglan ýeri, raýatlygy, milleti, hemişelik ýaşaýan ýeri, nirede we kim bolup işleýänligi, bilimi, çagalary barada maglumat (kämillik ýaşyna ýetmedik umumy çagalary bar bolsa, olaryň sany), birinji ýa-da gaýtadan baglaşylan nikalary barada maglumat;
4) bozulýan nikanyň baglaşylan ýeri we nama ýazgysynyň düzülen wagty we ýeri;
5) nikanyň bozulandygyny döwlet belligine almak üçin esas bolan resminama barada maglumat;
6) nikasyny bozýanlaryň her biriniň nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnamany alandygy barada maglumat;
7) döwlet pajynyň tölenilendigi barada maglumat;
8) nikasyny bozýanlaryň pasportlarynyň (ýa-da olaryň ornuny tutýan resminamalarynyň) maglumaty;
9) nikasyny bozýanlaryň gollary;
10) berlen şahadatnamanyň tapgyry we belgisi, berlen wagty;
11) gaýtadan berlen şahadatnamanyň tapgyry we belgisi, berlen wagty, sebäbi;
12) üýtgetme, goşmaça we (ýa-da) düzediş girizmäge bolan esas barada maglumat;
13) beýleki zerur maglumatlar;
14) nama ýazgysyny düzen işgäriň familiýasy, ady, atasynyň ady, goly;
15) RÝNÝ edarasynyň ýolbaşçysynyň familiýasy, ady, atasynyň ady, goly we RÝNÝ edarasynyň möhüri.
53-nji madda. Nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnama
1. Nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnamada şu maglumatlar görkezilýär:
1) öz aralarynda nikasyny bozan adamlaryň familiýasy, ady, atasynyň ady;
2) nikanyň bozulandygy hakynda nama ýazgysynyň düzülen wagty we tertip belgisi;
3) nika bozulandan soňky familiýasy;
4) nama ýazgysynyň döwlet belligine alnan ýeri (RÝNÝ edarasynyň ady we ýerleşýän ýeri);
5) nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnama berlen şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady;
6) şahadatnamanyň berlen wagty;
7) RÝNÝ edarasynyň ýolbaşçysynyň adynyň we atasynyň adynyň baş harplary, familiýasy, goly we RÝNÝ edarasynyň möhüri;
8) şahadatnamanyň tapgyry we belgisi.
Nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnama nikanyň bozulandygy hakynda nama ýazgysynyň esasynda ýazylyp berilýär.
2. Nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnama nikanyň bozulandygynyň döwlet belligine alnan güni berilýär.
3. Nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnama nikanyň bozulandygy döwlet belligine alnandan soň RÝNÝ edarasy tarapyndan öz aralarynda nikasyny bozan adamlaryň her birine berilýär.
4. Nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnama berlende nikasyny bozan adamlaryň pasportynyň (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamanyň) bellikler üçin niýetlenilen sahypasynda nikasynyň bozulandygynyň döwlet belligine alnandygy barada bellenilen tertibe laýyklykda bellik edilýär.
54-nji madda. Nikanyň bozulandygynyň döwlet belligine
alnandygy barada habar bermek
1. Nikanyň bozulandygy är-aýalyň (olaryň biriniň) ýaşaýan ýeri boýunça RÝNÝ edarasy tarapyndan döwlet belligine alnanda bu barada şu Kanunyň 43-nji maddasynyň ikinji böleginiň ikinji tesiminde görkezilen möhletde nika baglaşylandygyny döwlet belligine alan RÝNÝ edarasyna habar berilýär.
2. Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan Türkmenistanyň raýatynyň nikasynyň bozulandygy döwlet belligine alnanda, Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy ýa-da konsullyk edarasy tarapyndan bu barada şu Kanunyň 43-nji maddasynyň ikinji böleginiň üçünji tesiminde görkezilen möhletde nika baglaşylandygyny döwlet belligine alan RÝNÝ edarasyna habar berilmelidir.
3. Nika baglaşylandygyny döwlet belligine alan RÝNÝ edarasy nikanyň bozulandygynyň döwlet belligine alnandygy barada habaryň gelip gowşan güni nika baglaşylandygy hakyndaky nama ýazgysynda nikanyň bozulandygynyň döwlet belligine alnandygy barada bellik edip, on senenama gününiň dowamynda RÝNÝ müdirligine bu barada habar bermäge borçludyr.
VI BAP. ÇAGANYŇ PERZENTLIGE ALYNMAGYNY DÖWLET BELLIGINE ALMAK
55-nji madda. Çaganyň perzentlige alynmagyny döwlet
belligine almak üçin esaslar
Çaganyň perzentlige alynmagyny döwlet belligine almak üçin häkimiň çagany perzentlige almak hakynda karary ýa-da kämillik ýaşyna ýeten çagalar babatda kazyýetiň perzentlige almak hakyndaky kanuny güýje giren çözgüdi esas bolup durýar.
56-njy madda. Çaganyň perzentlige alynmagynyň döwlet
belligine alynýan ýeri
Çaganyň perzentlige alynmagyny döwlet belligine almak häkimiň kararynyň ýa-da kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdiniň çykarylan ýerindäki RÝNÝ edarasy tarapyndan geçirilýär.
57-nji madda. Çaganyň perzentlige alynmagynyň döwlet
belligine alynmagy barada arza
1. Çagany perzentlige alan adam (adamlar), çagany perzentlige almak hakynda häkimiň kararyny ýa-da kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdini hem ýanyna goşmak bilen, degişli RÝNÝ edarasyna çaganyň perzentlige alynmagynyň döwlet belligine alynmagy barada ýazmaça görnüşde arza berýär.
Arzada şu aşakdaky maglumatlar görkezilýär:
1) çaga barada perzentlige alynmazdan öňki maglumatlar: jynsy, familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan wagty, doglan ýeri, dogluş hakynda nama ýazgysy barada maglumatlar;
2) çaga barada perzentlige alnandan soňky maglumatlar: familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan wagty, doglan ýeri;
3) perzentlige alýan adamlar hakynda maglumatlar: familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan wagty, doglan ýeri, raýatlygy, milleti, ýaşaýan ýeri, pasportlarynyň (ýa-da olaryň ornuny tutýan resminamalaryň) maglumatlary;
4) nika baglaşylandygy hakyndaky nama ýazgysy, perzentlige alynmagy döwlet belligine almak üçin esas bolan karar ýa-da çözgüt barada, perzentlige alanlary çaganyň ata-enesi hökmünde girizmek barada, arza bilen ýüz tutan barada maglumatlar;
5) perzentlige alynmagynyň döwlet belligine alynmagy barada arza bilen ýüz tutan adam barada maglumatlar, onuň goly, arzany beren senesi;
6) arzany kabul eden işgäriň wezipesi, goly, adynyň, atasynyň adynyň baş harplary we familiýasy.
2. Çaganyň perzentlige alynmagyny döwlet belligine almak notarial tertipde tassyklanan ynanç haty esasynda geçirilip bilner. Wekiliň ygtyýarlyklary ynanç hatynda göz öňünde tutulan bolmalydyr.
58-nji madda. Perzentlige alynmagy hakynda nama
ýazgysynyň mazmuny
1. Perzentlige alynmagy hakynda nama ýazgysyna şu maglumatlar girizilýär:
1) nama ýazgysyny döwlet belligine alan edaranyň ady, nama ýazgysynyň düzülen wagty we belgisi;
2) çaganyň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan wagty, doglan ýeri, dogluş hakynda nama ýazgysynyň düzülen wagty we belgisi, perzentlige alnandan soňky familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan wagty, doglan ýeri (üýtgän ýagdaýynda), doglan ýeri üýtgän ýagdaýynda dikeldilen (täze düzülen) dogluş hakynda nama ýazgysynyň düzülen wagty, belgisi we ýeri;
3) kakasynyň we ejesiniň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan wagty, doglan ýeri, raýatlygy, milleti;
4) perzentlige alýanlaryň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan wagty, doglan ýeri, raýatlygy, milleti, hemişelik ýaşaýan ýeri, perzentlige alýanlaryň çaganyň ata-enesi (kakasy, ejesi) hökmünde ýazylýandygy barada;
5) perzentlige alynmagyny döwlet belligine almaga esas;
6) perzentlige alýanlaryň (alýanyň) familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri we gollary (goly);
7) perzentlige alýanlaryň (alýanyň) nikada durýandygy barada maglumat: nama ýazgysynyň düzülen wagty we belgisi;
8) berlen şahadatnamanyň tapgyry we belgisi, berlen wagty;
9) gaýtadan berlen şahadatnamanyň tapgyry we belgisi, berlen wagty, sebäbi;
10) üýtgetme, goşmaça we (ýa-da) düzediş girizmäge bolan esas barada maglumat;
11) beýleki zerur maglumatlar;
12) nama ýazgysyny düzen işgäriň familiýasy, ady, atasynyň ady, goly;
13) RÝNÝ edarasynyň ýolbaşçysynyň familiýasy, ady, atasynyň ady, goly we RÝNÝ edarasynyň möhüri.
2. Eger çagany perzentlige almak hakynda häkimiň kararynyň ýa-da kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdiniň esasynda perzentlige alýanlar (alýan) çaganyň ata-enesi hökmünde ýazylýan bolsa, onda şeýle maglumatlar çaganyň perzentlige alynmagy hakyndaky nama ýazgysyna girizilýär.
59-njy madda. Perzentlige alnandygy hakynda şahadatnama
Perzentlige alnandygy hakynda şahadatnama şu maglumatlar girizilýär:
1) perzentlige alnanyň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan wagty, doglan ýeri;
2) perzentlige alnandan soň onuň familiýasy, ady, atasynyň ady;
3) perzentlige alýan adamlaryň familiýasy, ady, atasynyň ady, milleti, raýatlygy;
4) nama ýazgysynyň düzülen wagty we tertip belgisi;
5) perzentlige alnandygynyň döwlet belligine alnan ýeri (RÝNÝ edarasynyň ady we ýerleşýän ýeri);
6) şahadatnamanyň berlen wagty;
7) RÝNÝ edarasynyň ýolbaşçysynyň adynyň we atasynyň adynyň baş harplary, familiýasy, goly we RÝNÝ edarasynyň möhüri;
8) şahadatnamanyň tapgyry we belgisi.
Perzentlige alnandygy hakynda şahadatnama perzentlige alynmagy hakynda nama ýazgysynyň esasynda ýazylyp berilýär.
60-njy madda. Perzentlige alnan çaganyň ata-enesi (olaryň
biri) hakynda maglumatyň çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysynda saklanyp galmagy
Eger çagany perzentlige almak hakynda Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 119-njy maddasyna laýyklykda çykarylan çözgütde perzentlige alnan çaganyň ata-enesi bilen (olaryň biri bilen) emläk we şahsy emläk däl gatnaşyklaryny saklap galýandygy hakynda görkezilen bolsa, ata-enesi (olaryň biri) hakynda çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna girizilen maglumatlar üýtgedilmäge degişli däldir.
VII BAP. Atalygyň anyklanylmagyny DÖWLET BELLIGINE ALMAK
61-nji madda. Atalygyň anyklanylmagyny döwlet belligine
almak üçin esaslar
1. Atalygyň anyklanylmagyny döwlet belligine almak üçin esaslar:
1) çaganyň ata-enesiniň atalygy anyklamak hakynda bilelikdäki arzasy (çaganyň ejesi bilen nikada durmaýan adamyň çaga babatda atalygy anyklamaga isleg bildiren halatynda);
2) çaganyň atalygynyň anyklanylmagyny isleýän adamyň arzasy (çaganyň ejesiniň ölen ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen, ýa-da ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilen, ýa-da bolýan ýa-da ýaşaýan ýerini anyklamagyň mümkin bolmadyk halatlarynda) hossarlyk we howandarlyk edarasynyň razylygy bilen;
3) atalygy anyklamak ýa-da atalygyň ykrar edilendiginiňfaktyny takyklamak hakynda kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi.
2. Atalygyň anyklanylmagynyň döwlet belligine alynmagy notarial tertipde tassyklanan ynanç haty esasynda geçirilip bilner. Şunda wekiliň ygtyýarlyklary ynanç hatynda göz öňünde tutulan bolmalydyr.
62-nji madda. Atalygyň anyklanylmagynyň döwlet belligine
alynýan ýeri
Atalygyň anyklanylmagyny döwlet belligine almak ata-enesiniň biriniň ýaşaýan ýerindäki ýa-da çaganyň dogluşynyň döwlet belligine alnan ýerindäki, ýa-da atalygy anyklamak hakynda ýa-da atalygyň ykrar edilendiginiň faktyny takyklamak hakynda kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdiniň çykarylan ýerindäki RÝNÝ edarasynda geçirilýär.
63-nji madda. Nikada durmaýan ata-enäniň atalygy
anyklamak hakynda bilelikdäki arzasy
1. Çaganyň ejesi bilen nikada durmaýan adamyň çaga babatda atalygyny anyklamak bu adamyň we çaganyň ejesiniň RÝNÝ edarasyna atalygy anyklamak hakynda bilelikdäki arzasy esasynda geçirilýär.
Ata-enäniň atalygy anyklamak hakynda bilelikdäki arzasynda şu aşakdaky maglumatlar görkezilýär:
1) atalygyň anyklanylmagy üçin ýüz tutan adamyň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan wagty, doglan ýeri, raýatlygy, milleti, ýaşaýan ýeri, pasporty (ýa-da onuň ornuny tutýan resminama) barada maglumatlar;
2) atalygy anyklanylýan çaganyň familiýasy, ady, atasynyň ady, jynsy, doglan wagty, doglan ýeri, dogluş hakynda nama ýazgysy we döwlet belligine alnan ýeri barada maglumatlar;
3) ejesiniň familiýasy, ady, atasynyň ady, çaganyň ejesiniň (familiýasy, ady, atasynyň ady) görkezilen adamyň (familiýasy, ady, atasynyň ady) çaganyň kakasydygyny tassyklaýandygy we atalygyň anyklanylmagynyň döwlet belligine alynmagyna razylyk berýändigi barada maglumatlar;
4) atalyk anyklanylandan soň çaga berlen familiýa, at, atasynyň ady;
5) atalygyň anyklanylandygyny döwlet belligine almak üçin ýüz tutan kakasy we ejesi barada maglumatlar, olaryň gollary (kakasynyň ýa-da ejesiniň goly), arzanyň berlen senesi;
6) arzany kabul eden işgäriň wezipesi, goly, adynyň, atasynyň adynyň baş harplary we familiýasy.
2. On sekiz ýaşa ýeten adamyň atalygynyň anyklanylmagy döwlet belligine alnanda arzada kämillik ýaşa ýeten adamyň doglan ýyly we onuň razylygy barada, eger ol kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen bolsa, onuň hossarynyň ýa-da hossarlyk we howandarlyk edarasynyň razylygy barada görkezilýär.
64-nji madda. Atalygyň anyklanylmagyny isleýän adamyň
arzasy
1. Atalygyň anyklanylmagyny döwlet belligine almak çaganyň ejesiniň ölen ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen, ýa-da ata-enelik hukugyndan mahrum edilen, ýa-da bolýan ýa-da ýaşaýan ýerini anyklamak mümkin bolmadyk halatlarynda çaganyň atalygynyň anyklanylmagyny isleýän adamyň arzasynyň esasynda, eger çaga on sekiz ýaşa ýetmedik bolsa, hossarlyk we howandarlyk edarasynyň razylygy bilen, şeýle razylyk bolmadyk halatynda bolsa – kazyýetiň çözgüdi esasynda geçirilýär.
2. Atalygy anyklamak hakynda arzada şu aşakdaky maglumatlar görkezilýär:
1) atalygyň anyklanylmagy üçin ýüz tutan adamyň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan wagty, doglan ýeri, raýatlygy, milleti, ýaşaýan ýeri, pasporty (ýa-da onuň ornuny tutýan resminama) barada maglumatlar;
2) atalygy anyklanylýan çaganyň familiýasy, ady, atasynyň ady, jynsy, doglan wagty, doglan ýeri, dogluş hakynda nama ýazgysy we döwlet belligine alnan ýeri barada maglumatlarlar;
3) atalyk anyklanylandan soň çaga berlen familiýa, at, atasynyň ady;
4) nika baglaşylandygy hakyndaky nama ýazgysy we döwlet belligine alnan ýeri barada maglumatlar (eger nika baglaşylan bolsa);
5) atalygyň anyklanylandygyny döwlet belligine almak üçin ýüz tutan adam barada maglumat, onuň goly, arzanyň berlen senesi;
6) arzany kabul eden işgäriň wezipesi, goly, adynyň, atasynyň adynyň baş harplary we familiýasy.
3. Ejesiniň bolýan ýa-da ýaşaýan ýerini anyklamak mümkin bolmadyk halatlarynda, atalygynyň anyklanylmagyny isleýän adamyň arzasynyň ýanyna çaganyň ýaşaýan ýeri boýunça içeri işler edarasynyň çaganyň ejesiniň bolýan ýa-da ýaşaýan ýerini anyklamagyň mümkin bolmaýandygy barada kepilnamasy, bilim edarasynyň wekiliniň gatnaşmagynda düzülen hossarlyk we howandarlyk edarasynyň ýa-da ýerli öz-özüni dolandyryş edarasynyň çaganyň terbiýesine gatnaşmaýan ejesiniň bolýan ýa-da ýaşaýan ýerini anyklamagyň mümkin bolmaýandygy barada kepilnamasy ýa-da RÝNÝ edarasy tarapyndan soragnama esasynda migrasiýa gullugyndan alnan, çaganyň ejesiniň Türkmenistanyň çäginden gidip, yzyna gelmändigini tassyklaýan resminama ýa-da çaganyň ejesiniň bolýan ýa-da ýaşaýan ýerini anyklamagyň mümkin bolmaýandygyny tassyklaýan beýleki subutnamalar goşulýar.
Atalygynyň anyklanylmagyny isleýän adamyň görkezilen kepilnamalary (resminamalary) almaga mümkinçiligi bolmadyk halatynda, RÝNÝ edarasy görkezilen kepilnamalary (resminamalary) almakda ýardam bermelidir.
4. On sekiz ýaşa ýeten adamyň atalygynyň anyklanylmagy şu madda laýyklykda döwlet belligine alnanda, arzada şu Kanunyň 63-nji maddasynyň ikinji böleginde gö