Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 71-nji madda)

 

(26.08.2017 ý. № 609-V, 13.07.2024 ý. № 116-VII Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen) 

 

Şu Kanun sportda dopinge garşy göreşmek babatda işiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny belleýär hem-de Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

Şu Kanunyň maksatlary üçin ulanylýan esasy düşünjeler aşakdaky manylary aňladýar:

1) bedenterbiýe we sport guramalary – işiniň esasy görnüşi hökmünde bedenterbiýe we sport babatda işi amala aşyrýan ýuridik şahslar;

2) doping ‒ dopinge garşy kadalaryň biriniň ýa-da birnäçesiniň bozulmagy; 

3) doping gözegçiligi – testleri geçirmegi meýilleşdirmekden başlap, gutarnykly kararyň we şikaýat  etmek boýunça netijäniň ýerine ýetirilmegi bilen, ol tamamlanýança, emma munuň bilen çäklenmeýän, ähli tapgyrlar we iş amallary, testirlemek, derňew, ýerleşýän ýeri barada maglumat bermek, terapewtiki peýdalanmak, nusgalyklary ýygnamak we işlemek, barlaghana barlaglary, netijeleri işläp taýýarlamak hem-de sport kwalifikasiýasyndan mahrum etme ýa-da wagtlaýyn çetleşdirme möhleti döwründe bozulmalar bilen baglanyşykly bolan derňewleri           ýa-da seljermeleri geçirmek;

4) Gadagan edilen sanaw ‒ gadagan edilen maddalaryň we gadagan edilen usullaryň sanawy;

5) gadagan edilen madda ‒ Gadagan edilen sanawda görkezilen madda ýa-da maddalaryň topary;

6) gadagan edilen usul ‒ Gadagan edilen sanawda görkezilen usul;

7) testirlemegiň bellige alynýan bileleşigi ‒ halkara derejede Halkara federasiýa we milli derejede Türkmenistanyň Dopinge garşy göreş barada milli agentligi tarapyndan aýratynlykda düzülýän sanaw. Bu sanaw Halkara federasiýanyň ýa-da Türkmenistanyň Dopinge garşy göreş baradamilli agentliginiň testleri paýlaýyş meýilnamasynyň çäginde ýaryş we ýaryşdan daşary testirlenmäge degişli Türkmenistanyň ýokary derejeli türgenlerini öz içine alýar we şunuň bilen baglylykda, olar Bütindünýä dopinge garşy kodekse (mundan beýläk – Kodeks),  Testirlemegiň we derňew geçirmegiň halkara standartlaryna laýyklykda, öz ýerleşýän ýeri barada maglumat bermäge borçludyrlar;

         8) KAS – Sport arbitraž kazyýeti;

9) Kodeks ‒ soňky girizilen üýtgetmeler bilen 2003-nji ýylyň 5-nji martynda Kopengagende Bütindünýä dopinge garşy agentlik tarapyndan kabul edilen Bütindünýä dopinge garşy kodeks; 

         10) dopinge garşy milli gurama ‒ her bir ýurt tarapyndan kesgitlenilen, milli derejede esasy ygtyýarlyklary bolan, dopinge garşy kadalaryň kabul edilmegi we doping gözegçiliginiň amala aşyrylmagy üçin jogapkär gurama;

         11) nusgalyk ‒ doping gözegçiligini geçirmek maksady bilen alnan biologik material; 

         12) sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar – agzalyk esasynda döredilen, sportuň bir ýa-da birnäçe görnüşlerini umumydöwlet derejesinde ösdürmek, umumydöwlet we halkara derejede sport çärelerini geçirmek hem-de sportuň görnüşleri boýunça türgenleri – Türkmenistanyň milli toparlarynyň agzalaryny taýýarlamak maksatlary bolup durýan hem-de döwlet akkreditasiýasyny geçen jemgyýetçilik guramalary; 

         13) testirleme  testleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegini, nusgalyklaryň alynmagyny, olar bilen işlenilmegini we olaryň barlaghana iberilmegini öz içine alýan doping-gözegçilik iş amalynyň bölegi;

         14) Türkmenistanyň Dopinge garşy göreş barada milli agentligi (mundan beýläk – TDGMA) ‒ Türkmenistanda milli derejede dopinge garşy kadalaryň kabul edilmegi we ýerine ýetirilmegi, nusgalyklaryň ýygnalmagy, testirlemäniň netijeleriniň dolandyrylmagy, testirlemäniň netijeleriniň işlenilip taýýarlanylmagy boýunça esasy ygtyýarlyklary bolan jemgyýetçilik guramasy;

         15) türgen ‒ halkara derejede (her bir Halkara federasiýa tarapyndan kesgitlenilişine laýyklykda) ýa-da milli derejede (dopinge garşy her bir milli gurama tarapyndan kesgitlenilişine laýyklykda) sport bilen meşgullanýan şahs;

         16) türgeniň personaly ‒ sport ýaryşyna taýýarlyk görýän ýa-da gatnaşýan türgen bilen işleýän tälimçi, gözükdiriji, menejer, agent, toparyň tehniki personaly, wezipeli adam, şeýle hem lukmançylyk kömegini berýän lukmançylyk ýa-da paralukmançylyk personaly, ata-ene ýa-da beýleki islendik şahs;

         17) Bütindünýä dopinge garşy agentlik (mundan beýläk – BDGA) –1999-njy ýylyň 10-njy noýabrynda şweýsar kanunçylygyna laýyklykda şu at bilen döredilen gazna;

         18) Halkara standarty ‒ Kodeksi goldamak üçin BDGA tarapyndan tassyklanan standartlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminama, Halkara standartyna laýyklykda (başga alternatiw standarta, iş ýöredişe ýa-da önümçiligine gapma-garşylykda) halkara standartynda görkezilen önümçiligiň degişli derejede geçirilendigini kesgitlemäge ýeterlik esas bolan we Halkara standartlaryna laýyklykda neşir edilen standartlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalar;     

         19) doping gözegçiliginiň ygtyýarly toparlary ‒ halkara ýa-da milli dopinge garşy guramalaryň ýolbaşçylygynda hereket edýän doping-gözegçilik toparlary;

         20) ýaryş ‒ tutluşyk, oýun ýa-da gaýry sport bäsleşigi; 

         21) ýaryş döwri ‒ türgeniň gatnaşmagy üçin ýüz tutulan sport ýaryşynyň başlanmagyndan bir gün öň sagat 23:59-dan başlap, bu sport ýaryşy we bu sport ýaryşy bilen baglanyşykly nusgalyk ýygnamak işi tamamlanýança dowam edýän döwür. Eger Halkara federasiýa tarapyndan sportuň degişli görnüşi üçin başga kesgitlemäniň zerurdygynyň hakyky esaslandyrmasy berilse, BDGA sportuň aýry görnüşi üçin başga kesgitlemäni tassyklap biler;

         22) ýaryşdan daşary döwür ‒ ýaryş döwrüne degişli bolmadyk döwür;

23) ÝUNESKO-nyň sportda dopinge garşy göreşmek hakynda Halkara konwensiýasy ‒ Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş konferensiýasy tarapyndan 2005-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Parižde kabul edilen we 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan tassyklanylan konwensiýa.

Şu Kanunyň maksatlary üçin Kodeksde we ÝUNESKO-nyň sportda dopinge garşy göreşmek hakynda Halkara konwensiýasynda göz öňünde tutulan gaýry düşünjeler hem ulanylyp bilner.

 

2-nji madda. Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda

     Türkmenistanyň kanunçylygy

Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, ÝUNESKO-nyň sportda dopinge garşy göreşmek hakynda Halkara konwensiýasynda we Kodeksde beýan edilen  sportda dopinge garşy göreş babatda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagynyň ykrar edilmegine esaslanýar hem-de şu Kanundan we TDGMA-nyň dopinge garşy kadalaryndan ybaratdyr. 

 

3-nji madda. Sportda dopinge garşy göreşmek babatda

     döwlet syýasatynyň esasy ugurlary

Sportda dopinge garşy göreşmek babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary şulardyr:

1) sportda dopingiň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi;

2) halkara hukugynyň ýörelgelerine we kadalaryna laýyklykda sportda dopinge garşy göreşmek babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi;

3) bedenterbiýe we sport guramalary tarapyndan sportda dopinge garşy göreşde Kodekse laýyk gelýän özüňi alyp barmagyň kadalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna we amala aşyrylmagyna ýardam edilmegi;

4) sport hem-de bedenterbiýe we sport babatda işi amala aşyrýan beýleki guramalar tarapyndan dopinge garşy barlaglaryň geçirilmegine ýardam edilmegi; 

5) degişli halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň ylmy guramalary tarapyndan amala aşyrylýan sportda dopinge garşy göreşmek babatda ylmy barlaglary geçirmekde we ylmy-barlag binýadyny kemala getirmekde ýardam edilmegi;

6) sportda dopinge garşy göreşmek meseleleri boýunça bilim maksatnamalarynyň goldanylmagy; 

7) terapewtik taýdan peýdalanmaga rugsat berilmeginiň esasynda peýdalanmakdan başga halatlarda türgenler tarapyndan ulanylmagyny çäklendirmek maksady bilen, sportda peýdalanylmagy gadagan edilen maddalaryň we gadagan edilen usullaryň elýeterliliginiň öňüniň alynmagy we onuň çäklendirilmegi boýunça çäreleriň görülmegi. Olaryň hataryna gadagan edilen maddalaryň we gadagan edilen usullaryň türgenleriň arasynda ýaýradylmagyna garşy göreş çäreleri we degişlilikde olaryň öndürilmegine, geçirilmegine, getirilmegine, ýaýradylmagyna we satuwyna gözegçilik etmek boýunça çäreleriň görülmegi girýär;

8-nji bent 13.07.2024 ý. № 116-VII Türkmenistanyň Kanuny bilen güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

9) sport guramalary we dopinge garşy göreşýän guramalar tarapyndan dopinge garşy kadalary bozýan türgeniň personaly babatda çäreleriň görülmegine, şol sanda sanksiýalaryň ulanylmagyna ýa-da jerime salynmagyna ýardam edilmegi;

10) azyk goşundylaryny öndürijiler we ýaýradyjylar tarapyndan azyk goşundylaryny ýerlemek we ýaýratmak babatda, olaryň himiki düzümi we hiliniň kepillikleri hakyndaky maglumaty goşmak bilen öňde baryjy tejribäniň ornaşdyrylmagyna ýardam edilmegi;

11) TDGMA-nyň dopinge garşy göreş işiniň hem-de Kodekse laýyklykda doping gözegçiliginiň geçirilmeginiň maliýeleşdirilmegi üçin serişdeleriň bölünip berilmegi; 

12) dopinge garşy kadalary bozan aýry-aýry türgenleriň ýa-da olaryň personalynyň sport işi bilen baglanyşykly işini maliýe taýdan goldamagy olaryň çetleşdirilmeginiň bütin döwri üçin togtatmak boýunça çäreleriň görülmegi;

13) Kodeksi ýa-da oňa laýyklykda bellenilen hereket edýän dopinge garşy kadalary berjaý etmeýän islendik sport guramasynyň ýa-da dopinge garşy göreşýän guramanyň sport işi bilen baglanyşykly ýa-da başga işiniň maliýe taýdan goldanylmagyny bölekleýin ýa-da doly togtatmak boýunça çäreleriň görülmegi;

14) sport guramalary we dopinge garşy göreşýän guramalar tarapyndan olaryň gatnaşyjylaryna başga döwletleriň doping gözegçiliginiň ygtyýarly toparlary tarapyndan testirleme geçirmäge mümkinçilik berýän ylalaşyk baglaşylanda goldaw berilmegi;

15) ÝUNESKO-nyň sportda dopinge garşy göreşmek hakyndaky Halkara konwensiýasyna gatnaşyjy döwletler we sportda dopinge garşy göreşmek babatda öňde baryjy halkara guramalary bilen halkara hyzmatdaşlygyna, hususan-da, BDGA bilen hyzmatdaşlyga ýardam berilmegi;

16) BDGA onuň sportda dopinge garşy halkara göreş babatda möhüm wezipesini ýerine ýetirmekde goldaw berilmegi;

17) BDGA we Kodekse laýyklykda hereket edýän halkara dopinge garşy guramalara Türkmenistanyň çäginde daşary ýurtly türgenlere ýaryşa degişli we ýaryşdan daşary testirlemäni geçirmekde ýardam edilmegi;

18) dopinge garşy dürli guramalar tarapyndan doping gözegçiligi boýunça geçirilýän çäreleriň halkara derejesinde utgaşdyrylmagyny üpjün etmekde BDGA bilen hyzmatdaşlyk edilmegi;

19) sportda dopinge garşy göreş babatda barlaglaryň netijeleriniň bilelikde peýdalanylmagyna gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynyň dürli görnüşleriniň höweslendirilmegi;

20) doping gözegçiligi boýunça çäreler geçirilende doping gözegçiliginiň ygtyýarly toparlarynyň Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üsti bilen öz wagtynda talaba laýyk hereket etmeklerini üpjün etmekde ýardam berilmegi;

21) alnan nusgalyklaryň howpsuzlygyny we abat saklanylmagyny üpjün eder ýaly olaryň öz wagtynda iberilmegine ýa-da Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçirilmegine ýardam edilmegi.

 

4-nji madda. Türkmenistanda sportda dopinge garşy

    göreşmek babatda subýektler

Türkmenistanda sportda dopinge garşy göreşmek babatda subýektlere şular degişlidir:

1) TDGMA;

2) bedenterbiýe we sport guramalary;

3) Türkmenistanda olimpiýa hereketiniň guramalary;

4) sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar;

5) sportda dopinge garşy göreşmek babatda işi amala aşyrýan bilim we saglygy goraýyş guramalary, ylmy guramalar;

6) türgenler, olaryň ýygyndylary (sport toparlary), sport     eminleri, tälimçiler, şeýle-de bedenterbiýe we sport babatda beýleki hünärmenler;

7) bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy we sportda dopinge garşy göreş babatda işi amala aşyrýan beýleki ygtyýarly döwlet edaralary. 

 

II BAP. TÜRKMENISTANYŇ DOPINGE GARŞY GÖREŞ BARADA MILLI AGENTLIGI

 

5-nji madda. TDGMA-ny döretmegiň 

    maksady we hukuk ýagdaýy

1. TDGMA Türkmenistanda sportda dopinge garşy göreşmek maksady bilen döredilýär.

2. TDGMA Türkmenistanda milli derejede esasy ygtyýarlyklary bolan we dopinge garşy kadalaryň kabul edilmegi hem-de durmuşa geçirilmegi, nusgalyklaryň ýygnalmagy, testirlemäniň netijeleriniň dolandyrylmagy, testirlemäniň netijeleriniň işlenilip taýýarlanylmagy üçin jogapkärçilik çekýän hökmünde kesgitlenilen dopinge garşy milli gurama bolup, öz işinde ÝUNESKO-nyň sportda dopinge garşy göreşmek hakyndaky Halkara konwensiýasyna, Kodekse we BDGA beýleki kararlaryna goldanýar, öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz Tertipnamasyna hem-de TDGMA-nyň dopinge garşy kadalaryna laýyklykda amala aşyrýar.

3. TDGMA-nyň işi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tassyklanylýan onuň Tertipnamasy we TDGMA-nyň dopinge garşy kadalary bilen düzgünleşdirilýär.

4. TDGMA garaşsyz agentlik bolup, maliýe taýdan özbaşdakdyr, onuň öz hususy býujeti bar we öz tertipnamalaýyn borçlaryny we wezipelerini ýerine ýetiren mahalynda hem-de öz tertipnamalaýyn ygtyýarlyklaryny amala aşyranda garaşsyz hereket edýär.

TDGMA-nyň düzümi we işiniň dolandyrylyş tertibi TDGMA-nyň Tertipnamasy we TDGMA-nyň dopinge garşy kadalary bilen kesgitlenilýär.

5. TDGMA Kodeksde beýan edilen testirlemäni, okatmagy, ylmy barlaglary we işiň beýleki görnüşlerini öz içine alýan dopinge garşy milli maksatnamany amala aşyrmak üçin ygtyýarlyklar berilýär.

6. Döwlet TDGMA öz tertipnamalaýyn maksatlaryny durmuşa geçirmekde ähli çäreler arkaly ýardam edýär.

7. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar, Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport guramalary, türgenler, türgenleriň personaly TDGMA-nyň aýratyn hukuk ygtyýarlyklaryny ygtyýar almazdan kabul edýärler we ykrar edýärler, TDGMA-nyň düzgünleri şol fiziki we ýuridik şahslaryň ählisi babatda ygtyýar almazdan ulanylýar hem-de olar barada hak isleýşi bildirmek güýjüne eýedir.

 

6-njy madda. TDGMA-nyň wezipeleri we borçlary

1. TDGMA-nyň wezipeleri şu aşakdakylardyr:

1) sportda dopingiň ulanylmak ýagdaýyny duýdurmak we dopinge garşy kadalary kabul etmek hem-de durmuşa geçirmek arkaly bu hadysa garşy umumydöwlet derejesinde göreşmek;

2) türgenleriň saglygyny goramak we sportda dogruçyl oýnamak ýörelgesini berjaý etmek maksady bilen arassa sporty höweslendirmek.

2. TDGMA öz wezipelerini durmuşa geçirmek üçin şu borçlary ýerine ýetirýär:

1) dopinge garşy milli maksatnamany işläp taýýarlaýar;

2) dopinge garşy halkara kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna üýtgetmeleri girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar;

3) sportda dopingiň ulanylmagynyň öňüni almak maksady bilen, sportda dopinge garşy göreş meseleleri boýunça jemgyýetçiligiň, aýratyn-da, sport jemgyýetçiliginiň habarlylyk derejesini ýokarlandyrýar;

4) Kodeksiň düzgünlerini durmuşa geçirýär we Türkmenistanyň sportda dopinge garşy göreş meselelerine gatnaşyjy bolup durýan degişli halkara ylalaşyklarynyň we şertnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýär; 

5) alnan nusgalyklaryň we beýleki zerur bolan nusgalaryň seljerişini geçirmek üçin BDGA tarapyndan akkreditirlenen barlaghanalary ulanýar;

6) Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryna dopinge garşy çärelere degişli bolan halkara standartlarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam edýär;

7) sportda dopinge degişli barlaglary geçirýär;

8) türgenlere we türgenleriň personalyna, şol sanda Kodekse we BDGA tarapyndan işlenip taýýarlanylan gaýry standartlara laýyklykda nusgalyklary toplamaga we testirlemäge degişli amallar we wakalar barada maglumatlary berýär;

9) BDGA tarapyndan tassyklanylan kadalara laýyklykda türgenlerden nusgalyklary almagy amala aşyrýar we testleri geçirmek üçin nusgalyklaryň BDGA tarapyndan akkreditirlenen barlaghanalara howpsuz iberilmegini üpjün edýär;

10) Gadagan edilen sanawa laýyklykda gadagan edilen maddalaryň we gadagan edilen usullaryň maglumatlar binýadyny alyp barýar; 

11) Gadagan edilen sanawa laýyklykda gadagan edilen maddalaryň we gadagan edilen usullaryň sanawyny her ýylda çap edýär;

12) Türkmenistanyň türgenleriniň arasynda dopingiň ulanylan halatlary hakynda BDGA-ny habardar edýär;

13) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda sportda dopinge garşy göreşmek babatda gaýry ygtyýarlyklary ýerine ýetirýär.

 

 

 

7-nji madda. TDGMA babatda bedenterbiýe we sport

                      guramalarynyň, sportuň görnüşleri boýunça milli

                    federasiýalaryň we türgenleriň borçlary

1. Bedenterbiýe we sport guramalary, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar şulara borçludyrlar:

1) TDGMA-nyň özbaşdaklygyny hormatlamaga we onuň işine gatyşmazlyga;

2) dopinge garşy kadalaryň bozulmalary bilen baglanyşykly islendik maglumaty özlerine hasabat berýän klublardan we beýleki sport düzümlerinden sorap almaga we TDGMA habar bermäge;

3) TDGMA bilen sportda dopinge barlaglary geçirmekde, şol sanda doping gözegçiligi üçin otaglary döretmekde hyzmatdaşlyk etmäge;

4) TDGMA-nyň testirlemegiň bellige alnan bileleşigine girizilen türgenleriň ýerleşýän ýeri barada maglumatlary TDGMA bermekligi üpjün etmäge;

5) dopinge garşy kadalaryň bozulmalarynyň, şol sanda türgeniň personalynyň ýa-da beýleki adamlaryň dopingiň ulanylmagynyň her bir halatyna goşulmagynyň derňelmegini hem goşmak bilen, ähli mümkin bolan bozulmalar babatda çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge, şeýle hem kämillik ýaşyna ýetmedik bilen baglanyşykly dopinge garşy bozulmalaryň ygtyýar almazdan derňelmegini amala aşyrmaga we bular babatda TDGMA habar bermäge;

6) TDGMA tarapyndan bellenilen dopinge garşy hereket edýän beýleki kadalary berjaý etmäge;

7) KAS tarapyndan çykarylan çözgütleri goşmak bilen,     TDGMA-nyň dopinge garşy kadalaryna laýyklykda çykarylan çözgütleri doly ýerine ýetirmäge.

2. Bedenterbiýe we sport guramalary hem-de sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar tarapyndan dopinge garşy kadalar, şeýle hem Gadagan edilen sanawa girizilen gadagan edilen maddalar we gadagan edilen usullar barada bilimiň ýeterliksiz bolmagy olaryň jogapkärçilikden boşadylmagy üçin esas hasap edilmeýär. 

3. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar türgen ýa-da türgeniň personaly babatda sanksiýalar ulanylan halatynda şu Kanunyň düzgünlerini hem-de TDGMA-nyň kadalaryny berjaý etmelidirler.

Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar içerki we halkara sport senenamasy, onuň geçiriljek ýerini we wagtyny görkezmek bilen, öz toparlarynyň we türgenleriniň taýýarlygy baradaky meýilnamalar barada giňişleýin maglumaty, şeýle hem TDGMA-nyň testirlemegiň bellige alnan bileleşigine girizilen türgenleriň olaryň öý salgylary bilen bilelikde sanawyny bellenilen möhletlerde TDGMA bermäge borçludyrlar.

Bedenterbiýe we sport guramalary hem-de sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar tarapyndan görkezilen borçlaryň ýerine ýetirilmezligi düzgün bozulma bolup durýar, munuň üçin olar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler, şeýle hem olaryň Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýe taýdan goldawynyň ýatyrylmagyna getirýär.

4. Türgenler dopinge garşy TDGMA tarapyndan kabul edilen kadalary bilmäge we berjaý etmäge borçludyrlar.

 

8-nji madda. TDGMA bilen döwletiň özara gatnaşyklary

1. Döwlet TDGMA-nyň hukuklarynyň berjaý edilmegini, garaşsyzlygyny we kanuny bähbitlerini üpjün edýär.

2. TDGMA döwletiň borçnamalary boýunça jogap bermeýär we döwlet TDGMA-nyň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýär, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda olar tarapyndan öz üstüne şeýle borçnamalary alan halatlary muňa degişli däldir.

3. Döwlet TDGMA bilen özara gatnaşyklarynda bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy bolup durýar we «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we şu Kanunyň düzgünlerine laýyklykda sportda dopinge garşy göreşmäge degişli böleginde ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

III BAP. DOPING GÖZEGÇILIGINI GEÇIRMEK.

TÜRGENLERE LUKMANÇYLYK

HYZMATYNY ETMEK

 

9-njy madda. TDGMA tarapyndan geçirilýän testirleme

1. TDGMA beýleki milli dopinge garşy guramalarynyň, uly sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça guramalaryň, şeýle hem halkara federasiýalarynyň ýüz tutmagy boýunça ýaryşa degişli ýa-da ýaryşdan daşary testirlemegi amala aşyryp biler.

2. TDGMA tarapyndan ýaryşa degişli ýa-da ýaryşdan daşary testirlemek BDGA tarapyndan kabul edilen degişli testirlemek boýunça Halkara standartyny berjaý etmek bilen geçirilýär. 

3. TDGMA sportuň görnüşleri boýunça sport ýaryşlaryna gatnaşýan haýwanlar babatynda testirlemäni amala aşyryp biler, haýwanlaryň gatnaşmagynda ol ýaryşlar sportuň şol görnüşine gatnaşýan haýwanlar babatynda dopinge garşy kadalara laýyklykda geçirilýär, dopinge garşy kadalar sportuň şol görnüşi haýsy halkara federasiýasynyň hukuk ygtyýarlygyna degişli bolsa, şol tarapyndan tassyklanylýar.

4. Testirlemäniň amaly TDGMA tarapyndan Kodeksiň we testirlemek üçin degişli Halkara standartynyň berjaý edilmegi bilen işlenip taýýarlanylan testirlemäni guramagyň we geçirmegiň usulyýet kadalarynda resmileşdirilýär.

5. Testirleme, eger-de ol TDGMA bolmasa, testi geçirmäge ýüz tutmany iberýän tarapyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

6. TDGMA Türkmenistanda testirlemäge we beýleki dopinge garşy işe bolan aýratyn hukuk ygtyýarlygyna eýedir, haçan-da Kodekse laýyklykda, onuň uly sport ýaryşlaryny geçirmek barada halkara federasiýalarynyň we guramalarynyň talaplary boýunça amala aşyrylmagy muňa degişli däldir.

 

10-njy madda. Doping gözegçiliginiň hökmanylygy we

        ony geçirmegiň şertleri

1. Şu Kanunyň düzgünlerine laýyklykda haýsydyr bir ýaryşa gatnaşýan türgen doping gözegçiligini geçmek hakyndaky talaba tabyn bolmaga borçludyr.

2. Milli rekord diňe türgene rekord goýlandan soň gös-göni  amala aşyrylýan testirleme geçirilenden soň ykrar edilýär we bellige alynýar.

3. TDGMA türgenden, şol sanda ýaryşa gatnaşmakdan mahrum etme möhletde bolýan türgenden islendik wagtda we islendik ýerde  nusgalyk berilmegini talap edip biler. Türgen testirleme geçirmek baradaky talaba boýun bolmaga borçludyr.

Dördünji bölek 13.07.2024 ý. № 116-VII Türkmenistanyň Kanuny bilen güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

5. Sport bazalarynyň ýolbaşçylary TDGMA tarapyndan bellenilen talaplara laýyklykda testirleme geçirmek üçin jaýlary abzallaşdyrmaga borçludyrlar.

6. Testirleme TDGMA tarapyndan guralan hünär taýýarlygy we hünäri ýokarlandyryş okuwlaryny geçen adamlar tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

 

11-nji madda. Terapewtik taýdan ulanmaga rugsat

1. TDGMA milli derejesindäki türgenlere olaryň ýazmaça buýurmalary boýunça terapewtik taýdan ulanmak boýunça Halkara standartynda BDGA tarapyndan beýan edilen terapewtik taýdan ulanmaga degişli amaly peýdalanmagy üpjün edýär.

2. TDGMA özüniň testirlemek üçin bellige alynýan bileleşigine girizilen milli derejesindäki türgenlere terapewtik taýdan ulanmaga berlen rugsatlar hakynda BDGA habar berýär.

 

12-nji madda. Türgenlere lukmançylyk hyzmatyny

       etmegiň kadalary

Lukmanlar we lukmanlaryň komekçi personaly türgenleri bejerenlerinde aşakdaky kadalary berjaý etmelidirler:

1) düzüminde gadagan edilen maddalar bolan preparatlary maslahat bermeli däl, ýazyp bermeli däl, peýdalanmaly däl, haçan-da, olar düzüminde şunuň ýaly gadagan edilen maddalar bolmadyk preparatlar bilen çalşyrylyp bilinmedik aýratyn halatlary muňa degişli däldir;

2) Gadagan edilen sanawa girizilen gadagan edilen usullary maslahat bermeli däl, ýazyp bermeli däl we ulanylmagyna ýardam etmeli däl;

3) gadagan edilen maddalaryň we gadagan edilen usullaryň türgenler tarapyndan ulanylmagynyň öňüni almaly;

4) türgenleri we sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalary terapewtik maksatlar üçin ulanylan lukmançylyk preparatlary, olaryň düzümi we türgeniň bedenine ýetirýän täsiri hakynda habardar etmeli;

5) güman edilýän türgeni maksatlaýyn testirlemeden geçirmek üçin gadagan edilen maddalary we gadagan edilen usullary ulanmakda güman edilmeginiň ähli halatlary hakynda sportuň görnüşleri boýunça degişli milli federasiýa we TDGMA habar bermeli.

 

 

 

 

 

 

 

IV BAP. DOPINGE GARŞY KADALARYŇ

BOZULMALARYNYŇ HALATLARY. DOPINGE GARŞY

KADALARY BOZANDYKLARY ÜÇIN TÜRGENLERE

ULANYLÝAN SANKSIÝALAR

 

13-nji madda. Dopinge garşy kadalaryň bozulmagynyň

       halatlary

Dopinge garşy kadalaryň bozulmagynyň halatlaryna şu aşakdakylar degişlidir:

         1) türgenden alnan nusgalykda gadagan edilen maddanyň ýa-da onuň metabolitleriniň ýa-da markerleriniň bolmagy;

         2) gadagan edilen maddalaryň ýa-da gadagan edilen usullaryň türgen tarapyndan peýdalanylmagy ýa-da peýdalanylmaga synanyşyk edilmegi;

         3) türgeniň nusgalyk tabşyrmakdan boýun gaçyrmagy, nusgalyk tabşyrmaga barmakdan ýüz döndermegi ýa-da barmazlygy; 

         4) bolýan ýeri barada maglumat bermek boýunça tertibiň türgen tarapyndan bozulmagy;

         5) doping gözegçiliginiň islendik düzüm böleginiň türgen ýa-da başga bir adam tarapyndan galplaşdyrylmagy ýa-da galplaşdyrmaga synanyşyk edilmegi;

         6) gadagan edilen madda ýa-da gadagan edilen usula türgen ýa-da türgeniň personaly tarapyndan eýe bolunmagy; 

7) gadagan edilen maddanyň ýa-da gadagan edilen usulyň türgen ýa-da başga bir adam tarapyndan ýaýradylmagy ýa-da ýaýradylmaga synanyşyk edilmegi;

8) gadagan edilen maddanyň ýa-da gadagan edilen usulyň türgene bellenilmegi ýa-da bellenilmäge synanyşyk edilmegi;

9) dopinge garşy kadalaryň bozulmagyna türgen ýa-da başga bir adam tarapyndan şärikli  gatnaşylmagy ýa-da şärikli gatnaşylmaga  synanyşyk edilmegi; 

         10) gadagan edilen hyzmatdaşlykda türgen ýa-da başga bir adam tarapyndan bolunmagy;

         11) dopinge garşy kadalaryň bozulmalary barada degişli edaralara maglumat berilmegine türgen ýa-da başga bir adam tarapyndan päsgel berilmegi ýa-da maglumat berlendigi üçin ar almak maksady bilen hereket edilmegi.

 

 

14-nji madda. Dopinge garşy kadalaryň bozulmagynda

       türgenlere ulanylýan sanksiýalar

TDGMA tarapyndan kabul edilen we BDGA-nyň hem-de Kodeksiň talaplaryna laýyk gelýän dopinge garşy kadalaryň bozulandygy üçin türgenlere we beýleki adamlaraTDGMA-nyň dopinge garşy kadalaryna laýyklykda bellenilen sanksiýalar ulanylýar.

 

15-nji madda. Barlagyň netijesi oňyn bolmadyk halatynda

                      türgeniň hukuklary   

Barlagyň netijesi oňyn bolmadyk halatynda türgeniň ýa-da onuň wekiliniň şulara hukugy bardyr:

         1) «B» nusgalygynyň barlagynyň geçirilmegini talap etmäge;

         2) gaýragoýmazdan düşündiriş bermäge;

         3) eger zerur bolsa, «B» nusgalygynyň gaýtadan barlagynda bolmagyna;

         4) «A» nusgalygynyň barlagynyň netijeleri boýunça barlaghanalar üçin Halkara standartynda göz öňünde tutulan maglumatlary saklaýan resminamalaryň göçürmesini almaga;

         5) TDGMA-nyň dopinge garşy kadalaryna laýyklykda öz wagtynda, adalatly we tarapgöýsüz diňlenilmäge;   

  6) Halkara dopinge garşy topara TDGMA-nyň dopinge garşy kadalaryna laýyklykda, birinji basgançakly guramanyň çözgüdine şikaýat etmäge.

 

V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

16-njy madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin

       jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

17-nji madda. Jedelleriň çözülişi

Dopinge garşy kadalaryň bozulmagy bilen baglanyşykly jedeller TDGMA-nyň dopinge garşy kadalaryna laýyklykda çözülýär.

 

 

 

 

 

18-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                   Gurbanguly

     Prezidenti                                                    Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 3-nji iýuny.

№ 568-V.