Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Türkmenistanyň çägini
operatiw enjamlaşdyrmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 99-madda)
Şu Kanun goranmak maksady bilen Türkmenistanyň çägini operatiw enjamlaşdyrmak hakynda (mundan beýläk – ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak) umumy düzgünleri we bu çygyrda işiň hukuk esaslaryny kesgitleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) ýurduň infrastrukturasy – döwlet institutlarynyň wezipesini ýerine ýetirmegini we raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş işjeňligini üpjün edýän, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän desgalaryň jemi;
2) desga – tehnologik we tehniki taýdan özara baglanyşykly bolan jaýlaryň, binalaryň we ulgamlaryň toplumy ýa-da aýratyn jaý (bina);
3) goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura – Türkmenistanyň, onuň çäginiň bitewüligini we eldegrilmesizligini üpjün etmäge gönükdirilen ýaragly goragy taýýarlamaga we amala aşyrmaga esas bolup durýan harby infrastrukturanyň we infrastrukturanyň iki maksatly desgalar ulgamy;
4) harby infrastruktura – parahatçylyk we harby döwürde goşunlaryň, harby düzümleriň we edaralaryň gündelik işini we olaryň öz wezipelerini ýerine ýetirmegini üpjün etmäge niýetlenen, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň, harby düzümleriniň we harby edaralarynyň infrastrukturasynyň desgalarynyň jemi. Öz niýetlenilişi boýunça harby infrastrukturanyň desgalary harby infrastrukturanyň ýörite maksatly desgalaryna we harby infrastrukturanyň umumy maksatly desgalaryna bölünýär;
5) harby infrastrukturanyň ýörite maksatly desgalary – goşunlaryň, harby düzümleriň we edaralaryň niýetlenilişi boýunça wezipelerini ýerine ýetirmeklerini üpjün etmek üçin niýetlenen desgalar;
6) harby infrastrukturanyň umumy maksatly desgalary – goşunlaryň, harby düzümleriň we edaralaryň gündelik durmuşyny üpjün etmek üçin niýetlenen desgalar;
7) infrastrukturanyň iki maksatly desgalary – ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň ýurduň ykdysady we durmuş-syýasy ösüşini üpjün etmek maksady üçin ulanylyşy ýaly, goranmak bähbitleri üçin hem ulanylýan desgalary. Infrastrukturanyň iki maksatly desgalary ulanylýan, ulanmaklyga meýilleşdirilýän hem-de goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin özüniň gönümel funksional niýetlenilişi boýunça ulanyp boljak desgalara bölünýärler;
8) goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturanyň aýratyn wajyp desgalary – Türkmenistany goramagy guramakda strategiki ähmiýeti bolan, harby infrastrukturanyň we infrastrukturanyň iki maksatly desgalary;
9) goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturanyň howply desgalary – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda howply önümçilik desgalaryň toparyna degişli edilen, harby infrastrukturanyň we infrastrukturanyň iki maksatly desgalary;
10) goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturanyň ýeke-täk maglumatlar banky – ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygryndaky işini amala aşyrmak üçin zerur bolan maglumatlaryň ýöriteleşdirilen döwlet habar ulgamy;
11) gorag zolaklary – harby infrastrukturanyň we infrastrukturanyň iki maksatly desgalarynyň niýetlenilişine laýyklykda abatlygyny, berkligini, durnuklylygyny, gizlinlik düzgünini we işlemegini üpjün etmek üçin zerur bolan ýer (suw) bölekleri, ýerasty bölekleri we olaryň üstündäki howa giňişligi;
12) harby dolandyryş edaralary – Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkezi, operatiw serkerdelikleriň serkerdeligi we dolandyryşy, goşunlary, harby düzümleri we edaralary dolandyrmak üçin hemişelik (düzüm boýunça) we wagtlaýyn (düzümden daşary) döredilýän beýleki edaralar.
2-nji madda. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagyň
niýetlenilişi
1. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak diýlip, Türkmenistanyň goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturasyny döretmek, saklamak, ösdürmek we peýdalanmak boýunça çäreleriň ulgamyna düşünilýär.
2. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak Türkmenistany goramagy guramagyň bähbitlerine amala aşyrylýar, onyň düzüm bölegi bolup durýar we parahatçylyk, şeýle-de harby döwürde geçirilýär.
3. Harby ýagdaý döwründe we harby döwürde ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagy amala aşyrmagyň aýratynlyklary goranmak maksady bilen Türkmenistanyň çägini operatiw enjamlaşdyrmak hakynda Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.
3-nji madda. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagyň
esasy maksady, wezipeleri we ýörelgeleri
1.Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagyň esasy maksady goşunlaryň, harby düzümleriň, edaralaryň ýaşaýyş-durmuşy we olaryň goranmak çygryndaky wezipeleri ýerine ýetirmegi üçin zerur şertleri döretmek bolup durýar.
2. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagyň esasy wezipeleri şular bolup durýar:
1) goranmak çygrynda döwletiň wezipelerine we maksatlaryna laýyk gelýän, harby infrastrukturanyň we infrastrukturanyň iki maksatly desgalarynyň ýeke-täk ulgamyny döretmek;
2) goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän, infrastrukturanyň desgalaryny netijeli ýerleşdirmek we ulanmak;
3) Türkmenistanyň howpsuzlygyna we goranmak bähbitlerine laýyk gelýän, infrastrukturanyň iki maksatly desgalarynyň parahatçylyk döwründe ösdürilmegine şertleri döretmek.
3. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagyň esasy ýörelgeleri şular bolup durýar:
1) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagyň ýeke-täk umumydöwlet meýilleşdirmesi;
2) harby infrastrukturanyň we infrastrukturanyň iki maksatly desgalar ulgamynyň goşunlaryň, harby düzümleriň we edaralaryň operatiw-strategiki wezipelerine, olary ulanmagyň şertlerine laýyklygy;
3) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çäreleriniň öz wagtynda we maksada gönükdirilip geçirilmegi;
4) goranmak çygryndaky wezipeleri çözmekligi üpjün edýän, infrastrukturanyň toplumlaýyn we ylalaşykly ösdürilmegi;
5) Türkmenistanyň harby howpsuzlygynyň wehimlerine baha bermekden gelip çykýan, ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çärelerini geçirmegiň ileri tutulmagy;
6) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çäreleri gurnalan mahalynda merkezleşdirmegiň onuň çäreleri geçirilende merkezleşdirmegi gowşatmak bilen utgaşdyrylmagy.
4-nji madda. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagyň
mazmuny
Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak şulary göz öňünde tutýar:
1) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda kadalaşdyryjy hukuk düzgünleşdirmegi;
2) Türkmenistanyň goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgalaryna bolan zerurlygyny kesgitlemegi;
3) goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgalaryna bolan talaplary, olaryň ulanyşa ýaramlylyk kadasyny we parahatçylyk hem-de harby döwürde ulanmagyň tertibini kesgitlemegi;
4) goranmak çygryndaky wezipeleri ýerine ýetirmekligi üpjün edýän, infrastrukturanyň ýeke-täk maglumatlar bankyny döretmegi we ýöretmegi;
5) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagy meýilleşdirmegi we çäreleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi;
6) harby infrastrukturanyň we infrastrukturanyň iki maksatly desgalaryny döretmegi, saklamagy, ösdürmegi we hereket etmegini üpjün etmegi;
7) harby ýagdaý döwründe we harby döwürde goranmak zerurlyklary üçin ulanmaga ýuridik we fiziki şahslardan alnan ýa-da wagtlaýyn çekilen infrastruktura desgalaryny ösdürmegi we ulanmagy;
8) goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän, infrastruktura desgalaryny döretmek, ösdürmek we ulanmak çygrynda halkara hyzmatdaşlygy;
9) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagyň ylmy we usulyýet üpjünçiligi;
10) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda hünärmenleri taýýarlamagy we olaryň hünärini ýokarlandyrmagy.
5-nji madda. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagyň
hukuk esaslary
Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda kanunçylyk Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna esaslanýar we «Goranmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan, şu Kanundan, Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan ybaratdyr.
II BAP. ÝURDUŇ ÇÄGINI OPERATIW ENJAMLAŞDYRMAK
ÇYGRYNDA DÖWLET HÄKIMIÝET EDARALARYNYŇ WE
ÝERLI ÖZ-ÖZÜŇI DOLANDYRYŞ EDARALARYNYŇ
YGTYÝARLYKLARY, KÄRHANALARYŇ, EDARALARYŇ,
GURAMALARYŇ WEZIPELERI, RAÝATLARYŇ
HUKUKLARY WE BORÇLARY
6-njy madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň çägini
operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda
ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Prezidenti:
1) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär;
2) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda döwlet maksatnamasyny tassyklaýar;
3) goranmak maksady bilen Türkmenistanyň çägini operatiw enjamlaşdyrmak hakynda Düzgünnamany tassyklaýar;
4) goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturanyň aýratyn wajyp desgalaryny ýerleşdirmek we gurmak barada çözgüt kabul edýär;
5) goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturanyň desgalaryny döretmek, ösdürmek we ulanmak çygrynda hyzmatdaşlyk barada gepleşikleri geçirýär we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna gol çekýär;
6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
7-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak
çygrynda ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagyň meseleleri boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň işine ýolbaşçylyk edýär;
2) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagyň meseleleri boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bilen ylalaşykly işlemegini we özara hereket etmeklerini üpjün edýär;
3) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamagy guraýar we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň geçirilmegini üpjün edýär;
4) goranmak bähbitleri bilen Türkmenistanyň çägini operatiw enjamlaşdyrmagyň meselelerine garamak boýunça Pudagara toparynyň işine ýolbaşçylyk edýär;
5) goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturanyň ýeke-täk maglumatlar bankyny döretmegi we ýöretmegi guraýar;
6) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny baglaşýar;
7) goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturanyň mysaly desgalarynyň sanawyny tassyklaýar;
8) goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturanyň desgalaryna ýeke-täk operatiw-tehniki talaplaryny we olaryň ulanyşa ýaramlylyk kadalaryny tassyklaýar;
9) harby infrastrukturanyň umumy maksatly desgalaryny bermegiň, olary kärendesine bermegiň tertibini we möhletlerini belleýär;
10) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagy guramak üçin ýerine ýetiriji häkimiýet edaralaryna, harby dolandyryş edaralaryna ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak boýunça maglumatlary bermegiň tertibini belleýär;
11) goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturanyň ýangyç-energetika gorlary bilen üpjünçiliginiň çäklendirilmegi ýa-da bes edilmegi gadagan edilýän desgalarynyň sanawyny kesgitleýär;
12) resminamalaryň ätiýaçlyk gaznasy döredilýän, goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturanyň desgalarynyň sanawyny belleýär;
13) goranmak zerurlyklary üçin kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we Türkmenistanyň raýatlarynyň emläkleriniň (binalaryň, desgalaryň, kommunikasiýalaryň, ýerleriň) ulanylandygy bilen baglylykda olaryň çykdajylarynyň öwezini dolmagyň tertibini belleýär;
14) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
8-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi
edaralarynyň ýurduň çägini operatiw
enjamlaşdyrmak çygrynda ygtyýarlyklary
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralary öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde:
1) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilmegini guraýarlar we üpjün edýärler;
2) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagy dolandyryş edaralaryny döredýärler;
3) Türkmenistanyň goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgalaryna bolan zerurlyklaryny kesgitlemäge gatnaşýarlar;
4) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamaga gatnaşýarlar we ony durmuşa geçirmegiň çärelerini ýerine ýetirmekligi ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bilen bilelikde üpjün edýärler;
5) Türkmenistanyň çägini operatiw enjamlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşýarlar, ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagyň meselelerine degişli maksatnamalaryň (meýilnamalaryň) we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny harby dolandyryş edaralary bilen ylalaşýarlar;
6) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak boýunça işleriň döwlet buýrujysynyň wezipelerini bellenilen tertipde amala aşyrýarlar;
7) goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturanyň desgalaryny gurmagy harby dolandyryş edaralary bilen ylalaşýarlar;
8) goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturanyň desgalaryny bellenilen tertipde kabul etmegi, ulanyşa girizmegi, saklamagy we işletmegi üpjün edýärler;
9) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çäreleriniň garamagyndaky edaralar tarapyndan ýerine ýetirilmegini usuly taýdan üpjün edýärler;
10) goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturanyň ýeke-täk maglumatlar bankyny döretmäge we alyp barmaga gatnaşýarlar;
11) goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgalarynyň bellenen tertipde goragyny guraýarlar;
12) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak meseleleri boýunça beýleki ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, harby dolandyryş edaralary bilen özara hereketleri amala aşyrýarlar we olara ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagy guramak üçin zerur bolan maglumatlary bellenilen tertipde muzdsuz berýärler;
13) goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgalaryny saklamak, ösdürmek we ulanmak çygrynda halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrýarlar;
14) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
9-njy madda. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş
dolandyryş merkeziniň ýurduň çägini operatiw
enjamlaşdyrmak çygrynda ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkezi:
1) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagyň umumy meýilleşdirilmegini amala aşyrýar;
2) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň işini utgaşdyrýar;
3) Türkmenistanyň goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgalaryna bolan zerurlyklaryny kesgitlemek boýunça işleri ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralary bilen bilelikde guraýar;
4) Türkmenistanyň gyzyklanýan ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň gatnaşmagynda ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda döwlet maksatnamasyny, goranmak maksady bilen Türkmenistanyň çägini operatiw enjamlaşdyrmak hakynda Düzgünnamany, goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturanyň birkysmy desgalarynyň sanawyny, şeýle hem goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgalaryna ýeke-täk operatiw-tehniki talaplary we olaryň ulanyşa ýaramlylygynyň kadalaryny işläp taýýarlaýar;
5) Goranmak bähbitleri bilen Türkmenistanyň çägini operatiw enjamlaşdyrmak meselelerine garamak boýunça Pudagara toparynyň işini üpjün edýär;
6) Türkmenistanyň ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň gatnaşmagynda goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturanyň ýeke-täk maglumatlar bankyny döredýär we alyp barýar, şeýle hem ony alyp barmagyň tertibini işläp taýýarlaýar;
7) harby infrastrukturanyň desgalaryny bermegiň tertibini, olary kärendesine bermegiň tertibini we möhletini, goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän, ýangyç-energetika gorlarynyň berilmeginiň çäklendirilmegi ýa-da bes edilmegi gadagan edilýän infrastruktura desgalarynyň sanawyny, şeýle hem goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän, resminamalaryň ätiýaçlyk gaznasy döredilýän infrastruktura desgalarynyň sanawyny kesgitlemek boýunça işleri guraýar;
8) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagy guramak üçin Türkmenistanyň ýerine ýetiriji häkimiýet edaralaryna we harby dolandyryş edaralaryna ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak boýunça maglumatlary bermegiň tertibini işläp taýýarlaýar;
9) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagyň tejribesini umumylaşdyrýar we onuň guralyşyny gowulandyrmak üçin teklipleri taýýarlaýar;
10) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagy guramagyň umumy usuly üpjünçiligini amala aşyrýar;
11) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
10-njy madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň
we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň
ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak
çygrynda ygtyýarlyklary
1. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde:
1) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilişini guraýarlar we üpjün edýärler;
2) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamaga gatnaşýarlar we öz çäklerinde ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleri ýerine ýetirmegi üpjün edýärler;
3) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak boýunça işleriň buýrujysynyň wezipelerini bellenen tertipde amala aşyrýarlar;
4) infrastrukturanyň iki maksatly desgalaryny gurmagy harby dolandyryş edaralary bilen ylalaşýarlar;
5) infrastrukturanyň iki maksatly desgalarynyň saklanylmagyny we işlemegini bellenen tertipde üpjün edýärler;
6) goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturanyň ýeke-täk maglumatlar bankyny döretmäge we alyp barmaga gatnaşýarlar;
7) infrastrukturanyň iki maksatly desgalaryny goramagy bellenen tertipde guraýarlar;
8) Türkmenistanyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň merkezi edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, harby dolandyryş edaralary bilen ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak meseleleri boýunça bilelikdäki hereketleri amala aşyrýarlar we olara ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagy guramak üçin zerur bolan maglumatlary bellenen tertipde muzdsuz berýärler;
9) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde öz ýerlerinde ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we beýleki kärhanalar, edaralar, guramalar tarapyndan ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak boýunça çäreleriň geçirilişini utgaşdyrýarlar we gözegçilik edýärler, şeýle hem bu çäreleri ýerine ýetirmegiň usuly üpjünçiligini amala aşyrýarlar.
3. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, olary amala aşyrmak üçin maddy we maliýe serişdeleriniň bölünip berilmegi bilen aýry-aýry döwlet ygtyýarlyklary berlip bilner.
11-nji madda. Kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň
ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak
çygrynda wezipeleri
Kärhanalar, edaralar we guramalar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde:
1) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak boýunça işleri ýerine ýetirmek barada baglaşylan şertnamasynda (ylalaşygynda) göz öňünde tutulan şertnamalaýyn borçlaryny ýerine ýetirýärler;
2) döwlet goranyş buýurmasynyň baş ýerine ýetirijisiniň (baş potratçynyň) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çärelerini ýerine ýetirmek boýunça wezipelerini amala aşyrýarlar;
3) infrastrukturanyň iki maksatly desgalaryny bellenen tertipde kabul etmegi, ulanyşa girizmegi, saklamagy we işlemegini üpjün etmegi amala aşyrýarlar;
4) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagy guramak üçin zerur bolan maglumatlaryň degişli böleklerini ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralaryna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna, harby dolandyryş edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna bellenen tertipde muzdsuz berýärler;
5) öz eýeçiligindäki infrastrukturanyň iki maksatly desgalarynyň goragyny bellenen tertipde üpjün edýärler;
6) öz eýeçiligindäki binalary, desgalary, kommunikasiýalary we beýleki emläkleri goranmak zerurlyklary üçin bellenen tertipde berýärler;
7) harby ýagdaý döwründe we harby döwürde harby-jaý borçlaryny ýerine ýetirýärler.
12-nji madda. Raýatlaryň ýurduň çägini operatiw
enjamlaşdyrmak çygrynda hukuklary we
borçlary
Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda:
1) ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak işine bellenen tertipde gatnaşyp bilýärler;
2) harby ýagdaý döwründe we harby döwürde öz eýeçiligindäki binalary, desgalary we beýleki emläkleri goranmak zerurlyklary üçin berýärler, şeýle hem harby-jaý borçlaryny ýerine ýetirýärler;
3) harby ýagdaý döwründe we harby döwürde goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän, zeper ýeten infrastruktura desgalaryny dikeltmäge, şeýle hem ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagyň beýleki çärelerini ýerine ýetirmäge çekilýärler.
III BAP. ÝURDUŇ ÇÄGINI OPERATIW ENJAMLAŞDYRMAGYŇ GURAMAÇYLYK ESASLARY
13-nji madda. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagy
dolandyryş edaralary
1. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmaga umumy ýolbaşçylygy Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň üsti bilen amala aşyrýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çärelerini meýilleşdirmegi we ýerine ýetirmegi guraýar.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkezi ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagyň umumy meýilleşdirilmegini we çäreleriň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar.
Ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çärelerini meýilleşdirýär we ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.
2. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň bilelikdäki hereketlerini durmuşa geçirmek goranmak bähbidi bilen Türkmenistanyň çägini operatiw enjamlaşdyrmagyň meselelerine garamak boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda döredilýän Pudagara topary tarapyndan amala aşyrylýar.
Goranmak bähbidi bilen Türkmenistanyň çägini operatiw enjamlaşdyrmagyň meselelerine garamak boýunça Pudagara toparyň iş tertibi we onuň düzümi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.
3. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmaga gatnaşýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralary, ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagyň çärelerini guramak we gözegçilik etmek üçin kesgitlenen düzüm sanynyň çäklerinde, ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagy dolandyryş edaralaryny döredýärler.
4. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagy dolandyryş edaralarynyň gurluşy we düzümi, ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagyň häsiýetine we wezipeleriň göwrümine görä kesgitlenýär. Wezipeleriň göwrümine baglylykda, ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagy dolandyryş edaralarynyň ýerine ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak meselelerine jogap berýän aýratyn işgärler bellenip bilner.
5. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynda döredilýän ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagy dolandyryş edaralary hakynda düzgünnama şol edaralaryň ýolbaşçylary tarapyndan tassyklanýar.
6. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň işini gönüden-göni utgaşdyrmak şol edaralar öz jogapkärçiliginiň çäklerinde ýerleşýän operatiw serkerdeligiň serkerdeligi tarapyndan amala aşyrylýar.
14-nji madda. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagy
meýilleşdirmek
1. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak, ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda döwlet maksatnamasy, ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak meselelerine degişli maksatnamalary, şeýle hem ýurduň infrastrukturasyny döretmek we ösdürmek boýunça beýleki maýa goýum taslamalary esasynda amala aşyrylýar.
Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda döwlet maksatnamasy ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagyň ähli maksatnama çäreleriniň we olary durmuşa geçirmegiň yzygiderliliginiň meýilleşdirilýän maliýe gorlary bilen arabaglanyşygyny üpjün edýän ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak boýunça esasy meýilleşdiriş resminamasy bolup durýar.
2. Ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak meselelerine degişli maksatnamalarynyň (meýilnamalarynyň) taslamasy Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkezi bilen ylalaşylýar.
3. Öz düzüminde goşunlary, harby düzümleri bolmadyk ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we kärhanalar, edaralar, guramalar tarapyndan ýurduň infrastrukturasyny döretmek boýunça maýa goýum taslamalary işlenilip taýýarlanylanda hökmany tertipde infrastrukturanyň iki maksatly desgalaryny ösdürmek göz öňünde tutulmalydyr.
15-nji madda. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagyň
maglumat üpjünçiligi
1. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagy maglumat taýdan üpjün etmek maksady bilen, goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturanyň ýeke-täk maglumatlar banky döredilýär we ýöredilýär.
2. Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturanyň ýeke-täk maglumatlar bankyny ýöretmek, ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda kabul edilýän çözgütleriň maglumat we matematiki-hasaplamak esaslandyrmasy üçin niýetlenen ýeke-täk awtomatlaşdyrylan maglumat-hasaplaşyk toplumyny ulanmak arkaly, ýeke-täk usulyýet we maksatnama-tehnologiki ýörelgelerde amala aşyrylýar.
Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturanyň ýeke-täk maglumatlar bankynyň maglumatlar düzümi, gurluşy we ýöretmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
3. Harby infrastrukturanyň we infrastrukturanyň iki maksatly desgalarynyň monitoringini şular amala aşyrýar:
1) harby infrastrukturanyň desgalaryny – düzüminde goşun, harby düzümler we edaralar bolan ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde;
2) infrastrukturanyň iki maksatly desgalaryny – Türkmenistanyň ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary şähergurluşyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde.
Harby infrastrukturanyň we infrastrukturanyň iki maksatly desgalarynyň monitoring maglumatlary goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturanyň ýeke-täk maglumatlar bankyna girizilmäge degişlidir.
4. Ýerine ýetiriji häkimiýet edaralaryna, harby dolandyryş edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagy guramakda zerur bolan maglumatlary bermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
16-njy madda. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagyň
maliýeleşdirilmegi
1. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmagy maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
2. Umumydöwlet ähmiýeti bolan ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak boýunça işleri maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
3. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň eýeçilik hukugyna degişli infrastrukturanyň iki maksatly desgalaryny döretmek, saklamak we ösdürmek boýunça işleri maliýeleşdirmek ýerli býujetiň serişdeleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
4. Ýerli öz-özini dolandyryş edaralaryň eýeçiligine degişli infrastrukturanyň iki maksatly desgalaryny döretmek, saklamak we ösdürmek boýunça işleri maliýeleşdirmek ýerli býujetiň serişdeleriniň, şeýle-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
5. Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturanyň desgalaryny döretmek, saklamak we ösdürmek boýunça işleri bilelikde maliýeleşdirmek, şu desgalary ulanmaga paýlaýyn gatnaşýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, kärhanalar, edaralar, guramalar tarapyndan amala aşyrylyp bilner.
6. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak boýunça çykdajy böleginiň ýerine ýetirilmegine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gözegçilik edilýär.
7. Harby infrastrukturanyň we infrastrukturanyň iki maksatly desgalaryny döretmek, saklamak we ösdürmek çygryndaky daşary ýurt maýa goýumlary daşary ýurt maýa goýumlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kepillendirilýär.
IV BAP. ÝURDUŇ ÇÄGINI OPERATIW
ENJAMLAŞDYRMAK ÇYGRYNDA IŞIŇ ESASLARY
17-nji madda. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak
boýunça çäreleri geçirmek
1. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmaga goşunlar, harby düzümler we edaralar, ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň garamagyndaky kärhanalar, edaralar, guramalar we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde çekilýär.
Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda aýry-aýry wezipeleri ýerine ýetirmäge bellenilen tertipde beýleki kärhanalar, edaralar, guramalar hem çekilip bilner.
2. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak boýunça çäreleriň sanawy we olary geçirmegiň tertibi goranmak maksady bilen Türkmenistanyň çägini operatiw enjamlaşdyrmak hakynda Düzgünnama we goranmak maksady bilen ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda döwlet maksatnamasy bilen kesgitlenýär.
18-nji madda. Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine
ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura
desgalarynyň taslamasyny düzmek we gurmak
1. Harby infrastrukturanyň we infrastrukturanyň iki maksatly desgalarynyň taslamasyny düzmek we gurmak goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturanyň desgalaryna ýeke-täk operatiw-tehniki talaplary we olaryň ulanyşa ýaramlylyk kadalaryny hasaba almak bilen amala aşyrylýar.
Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän aýratyn wajyp infrastruktura desgalarynyň taslamasyny düzmek we gurmak Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkezi bilen ylalaşylýar we Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdi esasynda amala aşyrylýar.
Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän aýratyn wajyp infrastruktura desgalarynyň sanawy goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgalarynyň sanawynda kesgitlenilýär.
2. Infrastrukturanyň iki maksatly desgalaryny döretmek we ösdürmek boýunça çäreler Türkmenistanyň ilatyny ýerleşdirmegiň baş çyzgysyna we şähergurluşygyny meýilleşdirmegiň konsolidirlenen (birleşdirilen) çyzgysyna aýratyn bölümler görnüşinde girizilýär.
3. Taslama işini geçirmäge hukukly, işiň bu çygrynda döwlet ygtyýarnamasy bolan taslama kärhanalary, edaralary we guramalary tarapyndan ýerine ýetirilen taslama-smeta resminamalary ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli edaralary (ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çärelerini guramak boýunça jogapkär – öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde) tarapyndan tassyklanmadyk harby infrastrukturanyň we infrastrukturanyň iki maksatly desgalaryny gurmak gadagan edilýär.
Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgalaryny gurmaga rugsatnama şähergurluşyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde berilýär.
4. Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgalaryny gurmaga (durkuny täzelemäge) degişli ygtyýarnamasy bolan kärhanalar, edaralar we guramalar çekilýär, harby infrastrukturanyň ýörite maksatly desgalary muňa degişli däldir.
Harby infrastrukturanyň ýörite maksatly desgalaryny gurmak (durkuny täzelemek) şoňa ygtyýarly bolan ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
5. Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgalary bilelikde gurlanda (durky täzelenende), uly paýy bolan ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we kärhanalar, edaralar, guramalar şol işleriň buýrujylary bolup durýar.
6. Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgalarynyň guruljak ýerleri hökmany tertipde harby dolandyryş edaralary bilen ylalaşylýar:
1) ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň çözgüdi bilen döredilýän, harby infrastrukturanyň we infrastrukturanyň iki maksatly desgalarynyň ýeri – Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkezi bilen ylalaşylýar;
2) operatiw serkerdeligiň jogapkärçiliginiň çäginde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň çözgüdi bilen döredilýän, infrastrukturanyň iki maksatly desgalarynyň ýeri – degişli operatiw serkerdeligiň dolandyryş bölümi bilen ylalaşylýar.
7. Goranmak çygryndaky wezipeleri ýerine ýetirmekligi üpjün edýän, serhetýaka çägindäki infrastruktura desgalarynyň gurluşygy mundan başga-da, döwlet serhet syýasatyny durmuşa geçirmekligi üpjün edýän ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edarasy bilen ylalaşylýar.
19-njy madda. Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine
ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturany
döretmek we ösdürmek boýunça işler
geçirilende ýerleriň peýdalanylyşy
1. Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgalarynyň gurluşygy (durkunyň täzelenmegi) üçin ýer böleklerini bermegiň, gorag zolaklaryny bellemegiň, olary ulanmagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy esasynda kesgitlenilýär.
2. Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgalarynyň ulanylyşy bes edilende, ýer bölegine hukugy bes etmek ýer we şähergurluşyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen esaslar boýunça we tertipde amala aşyrylýar.
3. Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgalarynyň gurluşygy (durkunyň täzelenmegi) üçin ýer bölekleriniň (şol sanda gorag zolaklarynyň) möçberi şu işler üçin bellenen tertipde tassyklanan ýer bölekleriniň möçberlerine, şäher gurluşyk taslama-meýilleşdiriş we taslama-tehniki resminamalara laýyklykda kesgitlenýär, ýer böleklerini bermek olary özleşdirmegiň yzygiderliligini hasaba almak bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
4. Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgalary üçin bölünip berlen ýerler ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan bellenen şähergurluşyk we ekologiki talaplara, şeýle hem arassaçylyk we beýleki kadalara laýyk gelmelidir.
5. Harby infrastrukturanyň desgalarynyň, goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän, bellenilen tertipde aýratyn wajyp infrastruktura desgalaryna degişli edilen infrastrukturanyň iki maksatly desgalarynyň ýerleşen ýer bölekleri (şol sanda, gorag zolaklary) we olara barýan ýollar döwlet eýeçiligi bolup durýar hem-de hususylaşdyrmaga, eýeçiligiň görnüşini üýtgedýän beýleki çärelere degişli däldir.
20-nji madda. Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine
ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura
desgalarynyň işi
1. Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgalaryny ulanmak olaryň üznüksiz we durnukly işlemegini üpjün etmelidir.
2. Döwlet eýeçiligindäki we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň eýeçiligindäki harby infrastrukturanyň we infrastrukturanyň iki maksatly desgalarynyň eýeçilik görnüşini üýtgetmek harby dolandyryş edaralary bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar:
1) harby infrastrukturanyň desgalary, şeýle hem ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň infrastrukturasynyň iki maksatly desgalary – Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkezi bilen;
2) operatiw serkerdeligiň jogapkärçiliginiň çäklerindäki ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň infrastrukturasynyň iki maksatly desgalary – degişli operatiw serkerdeligiň dolandyryş bölümi bilen.
3. Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgalaryny gurmak (durkuny täzelemek) we ulanmak desgalarda wezipeleri ýerine ýetirmek üçin bolýan şahsy düzümiň, daşky gurşawyň we ilatyň ekologiýa, epizootiýa we tehnogen howpsuzlygyny üpjün etmegi hasaba almak bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
4. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan sanawy kesgitlenen harby infrastrukturanyň we infrastrukturanyň iki maksatly desgalaryna ýangyç-energiýa gorlaryny (Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan şu döwür üçin kesgitlenen elektrik we ýylylyk energiýasynyň, gazyň we suwuň möçberleri boýunça) bermegi, aragatnaşyk we jemagat hyzmatlary ýerine ýetirmegi çäklendirmek ýa-da bes etmek gadagan edilýär.
5. Ilatly nokatlaryň, aýratyn binalaryň, ýollaryň, köprüleriň täze gurluşygy, giňeldilmegi, durkunyň täzelenmegi, harby bölümleriň göçürilmegi, täze ýerleriň özleşdirilmegi, gazylyp alynýan peýdaly serişdeleriň gaýtadan işlenilmegi sebäpli harby infrastrukturanyň we infrastrukturanyň iki maksatly desgalaryny göçürmek ýa-da täzeden gurmak işleri gurluşygyň buýrujysy tarapyndan öz hasabyna, desgalaryň eýeleriniň ýa-da ulanyjylarynyň ölçeglerine we tehniki şertlerine laýyklykda, Türkmenistanyň ýer hakyndaky kanunçylygynda we şu Kanunyň 18-nji maddasynyň altynjy böleginde göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar.
6. Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturanyň desgasyny ulanmak tamamlanandan soň, şol desganyň eýesi (ulanyjy) ony we onuň ýerleşen ýer bölegini ilkibaşdaky ýagdaýyna getirmäge ýa-da eýesine, ýerden peýdalanyja ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga borçludyr. Desga sökülip aýrylýar ýa-da desgada mobilizasiýa tabşyrygynyň saklanyp galmagy bilen, ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, kärhanalara, edaralara we guramalara berlip bilner.
Şeýle desgalary bermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
21-nji madda. Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine
ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura
desgalarynyň tehniki penalanmagy
Harby infrastrukturanyň we infrastrukturanyň iki maksatly desgalarynyň tehniki penalanmagy olaryň işlemegini we zeper ýeten ýagdaýynda tiz dikeldilmegini üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýar.
Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturanyň desgalaryny tehniki penalamak şulary öz içine alýar:
1) abatlaýyş-dikeldiş materiallarynyň we konstruksiýalaryň ätiýajyny döretmek, toplamak, saklamak we täzelemek;
2) goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgalarynyň goralmagyny we gorap saklamaklygy guramak;
3) goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgalarynda dikeldiş işlerini geçirmek;
4) beýleki çäreler.
Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgalaryny tehniki penalamagyň tertibi goranmak maksady bilen Türkmenistanyň çägini operatiw enjamlaşdyrmak hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň bu çygyrdaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.
22-nji madda. Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine
ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura
desgalarynda adatdan daşary ýagdaýlaryň
netijelerini ýok etmek
1. Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgalarynda adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerini ýok etmek desgalara hyzmat ediji işgärleriň, şeýle hem zerurlyk ýüze çykanda harby bölümleriň (bölümçeleriň), harby düzümleriň we edaralaryň gatnaşmagynda ygtyýarly döwlet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgalarynyň ýolbaşçylygyna şol infrastruktura desgalarynda adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerini ýok etmekde ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary haýal etmän ýardam berýärler, zerurlyk ýüze çykanda soňra infrastruktura desgalary garamagynda bolan degişli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň serişdeleriniň hasabyna töleg geçirmek bilen, gerek bolan adam we maddy-tehniki gorlary berýärler.
3. Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgalarynda adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerini ýok etmek boýunça işleriň geçirilmeginde desgalaryň ýolbaşçylygynyň razylygy talap edilmeýär, muňa harby infrastrukturanyň ýörite maksatly desgalary degişli däldir.
4. Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgasy tarapyndan daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň öwezi onuň garamagynda duran degişli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň hasabyna dolunmaga degişlidir. Zyýanyň öwezini dolan şol infrastruktura desgasynyň ýolbaşçylygy zelel ýetiren şahsa regres (gaýdymlaýyn) talap bildirmäge haklydyr.
Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastrukturanyň howply desgalary howply desgalarda heläkçilikleriň bolmagy netijesinde beýleki adamlaryň janyna, saglygyna ýa-da emlägine we daşky gurşawa ýetirilen zelel üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçiligiň hökmany ätiýaçlandyrylmagyna degişlidir.
Harby infrastrukturanyň we iki maksatly infrastrukturanyň howply desgalarynyň sanawy goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgalarynyň sanawynda kesgitlenilýär.
5. Goranmak çygryndaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän infrastruktura desgalaryndaky adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerini ýok etmek boýunça işler adatdan daşary ýagdaýlar netijesinde zyýan çeken infrastruktura desgalaryny dikeltmegi we durkuny täzelemegi, şeýle hem zerur bolan tebigaty goraýyş işleriň geçirilmegini öz içine alýar.
6. Harby infrastruktura we iki maksatly infrastruktura desgalaryna hyzmat edýän işgärlere infrastruktura desgalaryndaky adatdan daşary ýagdaýlaryň netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak ätiýaçlandyryş gaznasynyň serişdeleriniň ýa-da zeleli ýetiren şahsyň hasabyna amala aşyrylýar.
Infrastruktura desgalarynda adatdan daşary ýagdaýlaryň netijesinde harby infrastrukturanyň we infrastrukturanyň iki maksatly desgalaryna hyzmat edýän işgärlere ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň çözgüdi boýunça, degişli býujet serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylyp bilner.
23-nji madda. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak
çärelerini geçirmegiň düzgüni
Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda işleri guramak we maglumatlaryň goragy «Döwlet syrlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
24-nji madda. Harby-jaý borçlulyk
1. Harby ýagdaý döwründe we harby döwürde harby bölümleri, goşunlaryň, harby düzümleriň we edaralaryň guramalaryny ýerleşdirmek üçin Türkmenistanda harby-jaý borçlulyk bellenilýär.
2. Harby-jaý borçlulyk ýerine ýetiriji häkimiýet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, kärhanalara, edaralara, guramalara we raýatlara - ýaşaýyş jaý gaznasynyň eýelerine degişlidir.
3. Kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we raýatlaryň eýeçiligindäki ýaşaýyş jaý gaznasynyň harby bölümleri we guramalary jaýlara ýerleşdirmek üçin berilmegi bilen bagly olara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän tertipde amala aşyrylýar.
4. Harby-jaý borçlulygy ýerine ýetirmegiň tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan harby-jaý borçlulygy hakynda Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.
V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
25-nji madda. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak
çygrynda jedelleri çözmek
Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.
26-njy madda. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak
çygrynda işleri höweslendirmek
Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmaga gatnaşýan fiziki we ýuridik şahslara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde kepillikler, ýeňillikli karzlar, salgyt we beýleki ýeňillikler berlip bilner.
27-nji madda. Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak
çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň
bozulandygy üçin jogapkärçilik
Ýurduň çägini operatiw enjamlaşdyrmak boýunça üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirmezlikde günäkär ýa-da şol wezipeleri ýerine ýetirmeklige päsgel berýän ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň wezipeli adamlary we raýatlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
28-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2017-nji ýylyň 26-njy awgusty.
№ 592-V.