Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Harby gullukçylaryň maddy jogapkärçiligi hakynda

 

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

 

Harby gullukçylaryň maddy jogapkärçiligi

hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 100-nji madda)

 

(14.03.2020 ý. № 234-VI Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen) 

 

Şu Kanun harby gullukçylaryň hem-de harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlaryň harby gulluk borçlaryny ýerine ýetiren wagtynda olar tarapyndan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň emlägine ýetirilen zyýan üçin maddy jogapkärçilige çekmegiň we ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň tertibini kesgitleýär, şeýle hem maddy jogapkärçiligiň çäklerini we möçberlerini belleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunyň hereket ediş çygry

Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we harby edaralarynda hem-de kanun boýunça harby gulluk göz öňünde tutulan ministrliklerinde ýa-da pudak edaralarynda çagyryş we borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylara hem-de harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlara (mundan beýläk ‒ harby gullukçylara) degişlidir.

 

2-nji madda. Esasy düşünjeler

Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler   ulanylýar:

1) harby bölümler – harby dolandyryş edaralary (kanun boýunça harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikler ýa-da pudak edaralary), harby birikmeler, harby bölümler, harby okuw mekdepleri;

2) serkerdeler – harby bölümleriň serkerdeleri, olaryň orunbasarlary, harby bölümleriň düzüm birlikleriniň serkerdeleri we olaryň orunbasarlary;

 

3) harby bölümiň emlägi (mundan beýläk ‒ emläk) – ýaraglanyşyň we harby tehnikanyň ähli görnüşleri, ok-däriler, ýaglar, ýangyç serişdeler,azyk, goş emlägi we harby emlägiň beýleki görnüşleri, döwlet eýeçiliginde duran we harby bölümlere berkidilen ýer, binalar, desgalar, pul serişdeleri we gymmat bahaly kagyzlar, beýleki maddy serişdeler; 

4) hakyky zyýan – emlägiň ogurlanmagy, ýitirilmegi ýa-da zaýalanylmagy, emlägi dikeltmek üçin harby bölüm tarapyndan edilen ýa-da edilmäge degişli çykdajylar, ýitirilen ýa-da zaýalanan emlägiň satyn alynmagy, şeýle hem harby bölüm tarapyndan artykmaç tölenen pul serişdeleri.

 

3-nji madda. Ýetirilen zyýan üçin harby gullukçylary 

     maddy jogapkärçilige çekmegiň şertleri 

1. Eger şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, harby gullukçylaryň maddy jogapkärçiligi olaryň hukuga garşy günäli özüni alyp barmagy (hereketi ýa-da hereketsizligi) netijesinde ýetirilen zyýan üçin hem-de hukuga garşy günäli özüni alyp barmagy bilen we ýetirilen zyýanyň arasyndaky arabaglanyşygy netijesinde döreýär. 

2. Harby gullukçylar diňe özleriniň şahsy günäsi boýunça ýetirilen hakyky zyýan üçin maddy jogapkärçiligi çekýärler.

3. Harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly bolmadyk wagtynda ýetirilen zyýan üçin harby gullukçylar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda raýat-hukuk jogapkärçiligini çekýärler.

4. Ýetirilen zyýanyň ýüze çykarylan pursadyndan başlap üç ýylyň dowamynda harby gullukçylar şu Kanuna laýyklykda maddy jogapkärçilige çekilip bilnerler.

 

II BAP. HARBY GULLUKÇYLARYŇ ÝETIRILEN

ZYÝAN ÜÇIN MADDY JOGAPKÄRÇILIGI

 

4-nji madda. Harby gullukçylaryň maddy jogapkärçilige

     çekilmeginiň esaslary

Harby gullukçylar harby bölümine  olaryň günäsi boýunça ýetirilen hakyky zyýan üçin, şeýle hem harby bölümiň gaýry şahslara ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagy netijesinde ýüze çykan çykdajylar üçin maddy jogapkärçilik çekýärler.

5-nji madda. Harby gullukçylaryň çäklendirilen 

     maddy jogapkärçiligi

1. Harby gulluk borçlaryny ýerine ýetiren wagtynda seresapsyzlyk bilen ýetirilen zyýan sebäpli borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar maddy jogapkärçiligi özleri tarapyndan ýetirilen zyýanyň möçberinde, ýöne bir aýlyk pul hak-heşdeginden köp bolmadyk möçberinde çekýärler. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar bolsa, şu Kanunda hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda harby gullukçylar üçin maddy jogapkärçiligiň beýleki möçberleri göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda maddy jogapkärçiligi bir aýlyk pul hak-heşdeginden köp bolmadyk möçberinde çekýärler.

2. Awtoulaglaryň, gämileriň, konteýnerleriň we wagonlaryň boş durandygy, ýerine ýetirilen işleriň möçberleriniň artdyrylandygy, salgytlaryň we beýleki hökmany tölegleriň öz wagtynda tölenilmändigi sebäpli, harby bölümlere zyýanyň ýetirilmegine günäli bolan borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar maddy jogapkärçiligi ýetiren zyýanyň möçberinde, ýöne bir aýlyk pul hak-heşdeginden köp bolmadyk möçberinde çekýärler.

3. Öz buýruklary esasynda emlägi hasaba almagyň, saklamagyň, ulanmagyň, harç etmegiň, daşamagyň bellenen tertibini bozan ýa-da onuň ogurlanmagynyň, ýok edilmeginiň, zaýalanmagynyň, pul serişdeleriniň artyk tölenmeginiň öňüni almak boýunça degişli çäreleri görmän, zyýanyň ýetirilmegine getiren ýa-da günäli adamlar tarapyndan harby bölüme ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagy boýunça zerur çäreleri görmedik serkerdeler ýetirilen zyýanyň möçberinde, ýöne bir aýlyk pul hak-heşdeginden köp bolmadyk möçberinde maddy jogapkärçiligi çekýärler.

4. Harby gullukçynyň (raýat işgäriň) harby gullukdan (işden) bikanun boşadylmagyna (çykarylmagyna), raýat işgäriň beýleki işe bikanun geçirilmegine, harby bölümiň düzüm gurluşynda göz öňünde tutulmadyk wezipä harby gullukçynyň (raýat işgäriň) bikanun bellenmegine günäli harby bölümleriň serkerdeleri harby gullukçynyň (raýat işgäriň) harby gullukdan (işden) bikanun boşadylmagy (çykarylmagy), raýat işgäriň beýleki işe bikanun geçirilmegi, harby bölümiň düzüminde (düzüm gurluşynda) göz öňünde tutulmadyk wezipä harby gullukçynyň (raýat işgäriň) bikanun bellenmegi netijesinde artykmaç tölenilen pul serişdeleri                     zerarly ýetirilen zyýanyň möçberinde, ýöne üç aýlyk pul                                  hak-heşdeginden köp bolmadyk möçberinde maddy jogapkärçiligi çekýärler.

 

6-njy madda. Harby gullukçylaryň doly maddy

      jogapkärçiligi

Harby gullukçylar şu halatlarda ýetirilen zyýan üçin doly möçberinde maddy jogapkärçilik çekýärler:

1) haçan-da saklamak, daşamak, paýlap bermek, ulanmak we beýleki maksatlar bilen emläk harby gullukça hasabatynda saklamak üçin berlen bolsa we olaryň üstüne doly möçberde maddy jogapkärçilik ýüklenilen bolsa;

2) Türkmenistanyň jenaýat kanunçylygynda göz öňünde tutulan jenaýatyň alamatlaryny özünde saklaýan harby gullukçynyň hereketleri (hereketsizligi) jenaýat işiň gozgalmagyna getiren bolsa;

3) administratiw hukuk bozulmasy netijesinde zyýan ýetirilende, eger bu degişli döwlet edarasy tarapyndan bellenilen bolsa;

4) harby gullukçynyň emlägi ogurlamagy, bilkastlaýyn ýok etmegi, zaýalamagy, bikanun harç etmegi ýa-da ulanmagy hem-de gaýry bilkastlaýyn hereketler (hereketsizlik) netijesinde bolsa;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda döwlet ýa-da kanun arkaly goralýan gaýry syry düzýän maglumatlaryň aýan edilmegi bilen bolsa;

6) harby gullukçynyň bilkastlaýyn hereketleri netijesinde ejir çeken harby gullukçylaryň saglygy goraýyş edaralarynda bejergi almak üçin çykdajylar etmegine getiren bolsa;

7) harby gullukçynyň harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmezligi bilen bolsa;

8) harby gullukçy serhoş ýagdaýda, neşe serişdelerini ýa-da seri dumanladyjy maddalary ulanan bolsa.

 

7-nji madda. Harby gullukçynyň maddy jogapkärçiligini

     aradan aýyrýan ýagdaýlar

Ýeňip geçip bolmajak güýjüň, kadaly hojalyk töwekgelçiliginiň, bialaç zerurlygyň we zerur goranyşyň ýa-da harby gullukça ynanylan emlägi saklamak üçin degişli şertleri üpjün etmek boýunça harby bölümiň serkerdesiniň borçlarynyň ýerine ýetirilmezligi netijesinde zyýan ýüze çykan halatlarynda harby gullukçynyň maddy jogapkärçiligi aýrylýar.

 

III BAP. ÝETIRILEN ZYÝANYŇ MÖÇBERINIŇ

HASAPLANYLYŞY WE ONUŇ ÖWEZINI

DOLMAGYŇ TERTIBI

 

8-nji madda. Harby gullukçylaryň maddy 

     jogapkärçiliginiň çäkleri

1. Harby gulluk borçlary ýerine ýetirilende harby bölümine ýetirilen zyýan üçin maddy jogapkärçilik harby gullukçynyň üstüne ýüklenilýär we ol ýetirilen zyýanyň doly möçberinden ýokary geçmeli däldir, eger zyýan onuň günäsi bilen ýetirilen halatynda, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

2. Ýetirilen zyýanyň möçberi kesgitlenende diňe hakyky zyýan nazara alynýar.

 

9-njy madda. Ýetirilen zyýanyň möçberini

      hasaplamak

1. Ýetirilen zyýanyň möçberi harby bölümiň emlägini hasaba alnyşy esasynda, bellenilen ölçegler boýunça sandan çykanlaryny hasaplaşykdan aýyrmak bilen zyýanyň ýüze çykarylan pursadyndaky hereket edýän bazar nyrhlaryndan ugur alnyp hakyky ýitgiler boýunça kesgitlenilýär. Emläk ogurlananda, kem gelende, bilkastlaýyn ýok edilende ýa-da bilkastlaýyn zaýalananda zyýan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen düzgünler boýunça kesgitlenilýär. Ýaraglanyş, harby tehnika, ok-däriler we merkezleşdirilen tertipde harby bölümlere bölünip berilýän beýleki emläk boýunça zyýanyň möçberi ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan kesgitlenilýär.

2. Emlägiň we beýleki gymmatlyklaryň aýry-aýry görnüşleriniň ogurlanmagy, kem çykmagy ýa-da ýitirilmegi arkaly zyýan ýetirilen bolsa, haçan-da onuň hakyky möçberi olaryň başlangyç möçberinden geçýän bolsa, zyýanyň möçberini, şol sanda birnäçe esse artdyryp kesgitlemegiň aýratyn tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

3. Harby bölümiň düzüminde (düzüm gurluşynda) göz öňünde tutulmadyk wezipä harby gullukçynyň (raýat işgäriň) bikanun bellenilen halatynda ýetirilen zyýanyň möçberi harby gullukça (raýat işgäre) tölenen pul hak-heşdeginiň (aýlyk zähmet hakynyň) möçberi bilen kesgitlenilýär.

 

4. Şu Kanunyň 6-njy maddasynyň altynjy bendinde göz öňünde tutulan halatynda ýetirilen zyýanyň möçberi beýleki harby gullukçylaryň bilkastlaýyn hereketleri netijesinde ejir çeken harby gullukçylary saglygy goraýyş edaralarynda bejermek üçin hakyky edilen çykdajylar bilen kesgitlenilýär.

5. Birnäçe harby gullukçylaryň günäsi boýunça ýetirilen zyýanyň öweziniň möçberi, günäniň derejesi we maddy jogapkärçiligiň görnüşi göz öňünde tutulyp, olaryň her biri üçin kesgitlenilýär.

 

10-njy madda. Zyýan ýüze çykarylanda gulluk 

        barlagynyň geçirilişi

1. Zyýan ýüze çykarylanda harby bölümiň serkerdesi zyýanyň sebäplerini, onuň möçberini we günäkär şahslary anyklamak üçin gulluk barlagyny bellemäge borçludyr. Gulluk barlagyny bellemek bilen bir wagtda maddy gymmatlyklary esasy hasap kitaplaryndan hasapdan öçürmek we olary ýetmezçilikleri hasaba alyş kitabyna girizmek barada buýruk çykarylýar. Gulluk barlagy zyýanyň ýüze çykarylan pursadyndan başlap bir aý möhletde tamamlanmalydyr.

Zerur halatlarda şol möhlet tabynlyk tertibinde ýokarda duran harby bölümiň serkerdesi tarapyndan bir aýdan köp bolmadyk möhlete uzaldylyp bilner.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Düzgün-nyzam tertipnamasyna laýyklykda, harby bölümiň serkerdesi zyýanyň ýetirilmeginde günäkär harby gullukçyny wezipesinden çetleşdirmäge hukugy bardyr.

2. Zyýanyň sebäpleri, onuň möçberi, şeýle-de günäkär şahslar barlagyň ýa-da derňewiň netijesinde ýa-da kazyýet tarapyndan anyklanan halatynda gulluk barlagy geçirilmän bilner.

 

11-nji madda. Harby gullukçylar tarapyndan 

       zyýanyň öweziniň dolunmagy

1. Möçberi bir aýlyk pul hak-heşdeginden köp bolmadyk zyýanyň öweziniň dolunmagy harby bölümiň serkerdesiniň buýrugy boýunça zyýan ýetiren harby gullukçynyň pul hak-heşdeginden tutumlary alyp galmak arkaly amala aşyrylýar.

Harby bölümiň serkerdesi tarapyndan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky buýruk tabynlyk tertibinde ýokarda duran harby bölümiň serkerdesi tarapyndan çykarylýar.

 

Şu maddanyň 6-njy böleginde görkezilen halatlardan başga, möçberi bir aýlyk pul hak-heşdeginden ýokary bolan zyýanyň öwezini dolmak baradaky mesele harby bölümiň serkerdesiniň hak isleýiş arzasy boýunça kazyýet tarapyndan çözülýär. Harby bölümiň serkerdesi tarapyndan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky hak isleýiş arzasy ýokarda duran harby bölümiň serkerdesi tarapyndan bildirilýär.

2. Zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky harby bölümiň                   degişli serkerdesiniň buýrugy gulluk barlagynyň tamamlanan, kazyýetiň çözgüdiniň, barlagyň ýa-da derňewiň materiallarynyň gelip gowşan gününden başlap, iki hepdäniň dowamynda çykarylmalydyr hem-de harby gullukça gol çekdirilip, yglan edilmelidir.

Eger zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky buýruk iki hepdäniň dowamynda çykarylmadyk halatynda, harby gullukçyny maddy jogapkärçilige çekmek baradaky mesele harby bölümiň degişli serkerdesiniň hak isleýiş arzasy esasynda kazyýet tarapyndan çözülýär. 

3. Zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky harby bölümiň serkerdesiniň buýrugynyň üstünden harby gullukçy ýokarda duran serkerdesine we (ýa-da) kazyýete şikaýat edip biler. Zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky buýrugyň üstünden şikaýat edilmegi harby gullukçynyň pul hak-heşdeginden pul serişdeleriniň tutup alyp galmagyny togtatmaýar. Zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky buýruk ýatyrylan halatynda tutup alyp galynan pul serişdeler harby gullukça gaýtarylyp berilmelidir.

4. Harby gullukçy öz hereketleri (hereketsizligi) bilen               ýetirilen zyýan üçin düzgün-nyzam, administratiw ýa-da jenaýat jogapkärçiligine çekilendigine garamazdan, zyýanyň öwezi dolunmaga degişlidir.

5. Harby gullukçy ýetirilen zyýanyň öwezini pul görnüşinde ýa-da hakyky görnüşde meýletin dolup biler.

6. Ýetirilen zyýanyň öwezi dolulygyna dolunan halatynda prokuratura ýa-da derňew edaralary ýa-da kazyýet tarapyndan harby gullukçyny jenaýat jogapkärçiliginden boşatmak hakyndaky çözgüt çykarylyp bilner.

 

 

 

12-nji madda. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde,

        beýleki goşunlarynda we harby 

        edaralarynda guramaçylyk-düzüm 

        çäreleri amala aşyrylanda harby 

        gullukçy tarapyndan ýetirilen 

        zyýanyň öweziniň dolunmagy

1. Maddy jogapkärçilige çekilen harby gullukçy harby gullukdan boşadylan gününe çenli ýetirilen zyýanyň öwezini dolmadyk halatynda, ondan galan bergi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen ýerine ýetiriş önümçiligiň düzgünleri boýunça tutulýar.

2. Zyýan ýetiren harby gullukçy harby gullukdan boşadylan we maddy jogapkärçilige çekilmedik bolsa, zyýanyň öweziniň dolunmagy şu Kanunda bellenen möçberde harby bölümiň serkerdesiniň bildiren hak isleýiş arzasy esasynda kazyýet tarapyndan amala aşyrylýar. 

3. Maddy jogapkärçilige çekilen we zyýanyň öwezini dolmadyk harby gullukçynyň harby gullugyň täze geçilýän ýerine geçirilende zyýanyň öweziniň dolunmagy onuň bellenen hasaplaşyk resminamalardaky ýazgylar esasynda harby gullugyň täze geçilýän ýerinde amala aşyrylýar.

Eger zyýan ýetiren harby gullukçyny maddy jogapkärçilige çekmek hakyndaky çözgüt harby gullukçynyň harby gullugyň täze geçilýän ýerine geçirilmegine çenli kabul edilmedik halatynda, harby bölümiň serkerdesi gulluk barlagyň, barlagyň tamamlanan ýa-da derňewiň materiallarynyň ýa-da kazyýetiň çözgüdiniň gelip gowşan gününden başlap, bäş günüň dowamynda zerur bolan materiallary harby gullukçynyň harby gullugy täze geçýän ýerine ibermäge borçludyr.

Şu ýagdaýda zyýanyň öweziniň dolunmagy harby gullukçynyň täze harby gullugyň geçilýän ýeri boýunça, şu Kanunyň 10-njy maddasynda göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar. Şu bölekde görkezilen materiallaryň harby gullukçynyň ozalky harby gullugy geçen ýerinden gelip gowuşan pursadyndan başlap, iki hepdäniň dowamynda zyýanyň öwezini dolmak barada harby bölümiň serkerdesiniň buýrugy çykarylýar.

 

13-nji madda. Harby gullukçylar tarapyndan üçünji 

       şahslara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak

Harby gullukçylar tarapyndan üçünji şahslara zyýan ýetirilip we şol zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda harby bölüm tarapyndan dolunan halatynda, harby gullukçylar, Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göz öňünde tutulan tertipde harby bölüme ýetirilen zyýanyň öwezini  dolmaga borçlydyrlar.

 

14-nji madda. Öwezi dolunmaga degişli zyýanyň 

       möçberiniň azaldylmagy

Ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin harby gullukçydan tutulmaga degişli pul serişdeleriniň möçberi, şu Kanunyň 6-njy maddasynyň 6-njy bendinde göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda, kazyýet tarapyndan anyk ýagdaýlar, harby gullukçynyň günäsiniň derejesi we maddy ýagdaýy göz öňünde tutulyp azaldylyp bilner.

 

15-nji madda. Pul serişdeleriniň tutulmagynyň tertibi

1. Harby gullukçy tarapyndan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak boýunça her aýdaky pul tutumlary onuň her aýdaky pul hak-heşdeginden 20 göterim möçberinde, şu Kanunyň 6-njy maddasynyň 6-njy bendinde göz öňünde tutulan halatlarda ýetirilen zyýanyň öwezi bolsa, harby gullukçynyň her aýdaky pul hak-heşdeginiň 50 göteriminden ýokary bolmadyk möçberinde alynýar.

2. Eger harby gullukçynyň pul hak-heşdeginden Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki tutumlar alynýan                       bolsa, onda tutumlaryň umumy möçberi harby gullukçynyň her aýda alýan pul hak-heşdeginiň 50 göteriminden ýokary bolup bilmez,               şunda olaryň nobatlylygy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

Maddy gymmatlyklaryň ýetmezçiligi, olaryň ogurlanandygy, ýitirilendigi üçin gelen pul serişdeleri Türkmenistanyň döwlet býujetine geçirilmäge degişlidir. 

3. Kazyýetiň çözgüdi boýunça harby gullukçynyň pul hak-heşdeginden tutumlar kazyýet tarapyndan berlen ýerine ýetiriş namasy esasynda amala aşyrylýar.

4. Ýetirilen zyýanyň möçberi bilen kazyýetiň çözgüdi bilen kesgitlenen harby gullukçynyň pul hak-heşdeginden tutulýan  tutumlaryň möçberiniň aratapawudy oňa berlen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde harby bölümiň serkerdesiniň çözgüdi bilen hasapdan öçürilýär.

 

 

IV BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

16-njy madda. Şu Kanunyň berjaý edilişine gözegçilik

Şu Kanunyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Baş prokurory hem-de oňa tabyn  prokurorlar amala aşyrýarlar.

 

17-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                  Gurbanguly

     Prezidenti                                                    Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 26-njy awgusty.

№ 593-V.