Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Haýyr-sahawat işi hakynda

 

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

 

 

Haýyr-sahawat işi hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 101-madda)

 

(04.11.2017 ý. № 636-V Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun haýyr-sahawat işiniň hukuk taýdan düzgünleşdirilmeginiň esaslaryny belleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

Şu Kanunyň maksatlary üçin ulanylýan esasy düşünjeler şu aşakdakylary aňladýar:

1) haýyr-sahawat işi – haýyr-sahawatçylar tarapyndan haýyr-sahawat bagyş etmeleri görnüşinde haýyr-sahawaty kabul edijilere durmuş we başga goldawlary bermek maksatly meýletin amala aşyrylýan iş; 

2) haýyr-sahawatçylar – şu aşakdaky görnüşlerde akgöwünli haýyr-sahawaty kabul edijileriň bähbitlerine haýyr-sahawat bagyş etmelerini amala aşyrýan eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýuridik şahslar, şeýle hem fiziki şahslar:

a) emlägini, şol sanda pul serişdelerini we (ýa-da) intellektual eýeçiliginiň obýektlerini eýeçilige tölegsiz ýa-da ýeňillikli şertlerde geçirilmegi;

b) eýeçilik hukugynyň islendik obýektlerine eýelik etmek, peýdalanmak we ygtyýarlyk etmek hukuklarynyň tölegsiz ýa-da ýeňillikli şertlerde berilmegi;

ç) tölegsiz ýa-da ýeňillikli şertlerde işleriň ýerine ýetirilmegi, hyzmatlaryň edilmegi;

3) haýyr-sahawaty kabul edijiler – haýyr-sahawatçylardan haýyr-sahawat bagyş etmelerini kabul edýän fiziki we ýuridik şahslar;

4) haýyr-sahawat bagyş etmeleri – haýyr-sahawatyň maksatlaryna gönükdirilýän emläk, şol sanda pul serişdeleri, işler, hyzmatlar;

5) haýyr-sahawat gaznasy (mundan beýläk – gazna) – täjirçilik däl görnüşe eýe bolan jemgyýetçilik birleşiginiň agzalygy bolmadyk guramaçylyk-hukuk görnüşi bolup, onuň maksady esaslandyryjylaryň meýletin gatançlarynyň we gatnaşyjylaryň goýumlarynyň hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeleriň esasynda emlägi emele getirmek we şol emlägi haýyr-sahawat işiniň maksatlary üçin ulanmak bolup durýar; 

6) haýyr-sahawat maksatnamasy – haýyr-sahawat işiniň maksatlaryna laýyk gelýän wezipeleriň çözülmegine gönükdirilen haýyr-sahawatçy tarapyndan tassyklanan çäreleriň toplumy.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň haýyr-sahawat işi hakynda

     kanunçylygy

Türkmenistanyň haýyr-sahawat işi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we ol şu Kanundan     hem-de Türkmenistanyň haýyr-sahawat işi çygryndaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.

 

3-nji madda. Haýyr-sahawat işiniň maksatlary

Haýyr-sahawat işi şu maksatlar üçin amala aşyrylýar:

1) ilatyň durmuş taýdan goralmagyna gönükdirilen milli we halkara maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna ýardam etmek;

2) ýetim çagalara, ata-enesiniň hossarlygyndan galan çagalara, agyr durmuş ýagdaýynda bolýan çagalara, köp çagaly maşgalalara, gartaşan adamlara, pensionerlere, maýyplygy bolan adamlara, zähmete ukypsyzlara, işsizlere, şeýle hem durmuş taýdan goralmaga we durmuş goldawyna mätäç başga adamlara zerur bolan durmuş taýdan goralmagy we durmuş goldawyny amala aşyrmak; 

3) jemgyýetde maşgalanyň abraýynyň we ornunyň pugtalanmagyna ýardam etmek;

4) eneligiň, çagalygyň we atalygyň goralmagyna ýardam etmek;

5) bilim, ylym, medeniýet, bedenterbiýe we sport, sungat çygyrlaryndaky işe, şeýle hem şahsyýetiň ruhy taýdan ösmegine ýardam etmek;

6) raýatlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak işine, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine ýardam etmek; 

7) medeni mirasyň desgalarynyň, taryhy-medeni gurşawyň, taryhy we medeni ýadygärlikleriň, gonamçylyklaryň we beýleki ýerleriň goralmagyna we saklanyp galmagyna ýardam etmek;

8) tebigy gurşawyň we haýwanlary goramak;

9) zehinli dörediji ýaşlara kömek bermek;

10) tebigy we tehnogen heläkçilikler, betbagtçylykly ýagdaýlar netijesinde jebir çeken, şeýle hem agyr durmuş ýagdaýynda bolýan adamlara kömek bermek;

11) durmuş desgalarynyň (bilim, saglygy goraýyş, medeniýet desgalary, awtomobil ýollary, köprüler, ýol geçitleri, tonneller, estakadalar, ýerüsti we ýerasty pyýada geçelgeleri),  şeýle hem gorlar bilen üpjün ediş obýektleriniň (tebigy gaz, elektrik energiýasy, suw we  başga üpjünçilik) gurulmagyna  we durkunyň täzelenilmegine ýardam etmek;

12) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki maksatlar üçin.

 

4-nji madda. Haýyr-sahawat işiniň ýörelgeleri

Haýyr-sahawat işi kanunylyk, ynsanperwerlik, aýanlyk, meýletinlik, bähbitleriň umumylygy we oňa gatnaşyjylaryň hukuklarynyň deňligi ýörelgelerinde amala aşyrylýar.

 

5-nji madda. Haýyr-sahawat işini amala aşyrmagyň

     döwlet kepillikleri

1. Döwlet haýyr-sahawatçylaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny kepillendirýär we üpjün edýär.

2. Haýyr-sahawatçylaryň haýyr-sahawat işiniň maksatlaryny we ony amala aşyrmagyň görnüşlerini saýlap almakda erkinligiň çäklendirilmegine ýol berilmeýär.

 

6-njy madda. Haýyr-sahawat işiniň döwlet tarapyndan 

      goldanylmagy

Döwlet şu aşakdaky görnüşlerde haýyr-sahawat işini goldaýar:

1) haýyr-sahawatçylar tarapyndan işlenip düzülýän haýyr-sahawat taslamalarynyň we maksatnamalarynyň döwlet tarapyndan bäsleşik esasynda maliýeleşdirilmegi;

2) gümrük töleglerini, salgytlary we ýygymlary tölemek boýunça, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki ýeňillikleriň berilmegi;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde haýyr-sahawat işiniň amala aşyrylmagy üçin zerur bolan döwlet eýeçiliginde duran binalaryň, jaýlaryň we beýleki emläkleriň kärende töleginde ýeňillikleriň berilmegi;

4) gaznalaryň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berilmegi;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki görnüşlerde.

 

II BAP. HAÝYR-SAHAWAT IŞINIŇ AMALA

AŞYRYLMAGY

 

7-nji madda. Haýyr-sahawat işini amala aşyrmaga

     bolan hukuk

1. Haýyr-sahawatçylar meýletinlik esasynda özbaşdak ýa-da bileleşip, gaznany döredip ýa-da döretmän haýyr-sahawat işini amala aşyrmaga haklydyr. Olar haýyr-sahawat bagyş etmeleriniň maksatlaryny we görnüşlerini, şeýle hem olary peýdalanmagyň şertlerini özbaşdak kesgitlemäge haklydyr.

2. Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelýän islendik işiň haýyr-sahawat arkaly goldanylmagyna rugsat berilmeýär.

 

8-nji madda. Fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan

     haýyr-sahawat işiniň amala aşyrylmagy

1. Fiziki we ýuridik şahslaryň haýyr-sahawat işini haýyr-sahawatçy bilen haýyr-sahawaty kabul edijiniň arasynda dilden ýa-da ýazmaça görnüşinde şertnamanyň (ylalaşygyň) baglaşylmagy arkaly öz adyndan ýa-da ynanylan wekilleriniň üsti bilen haýyr-sahawat işini amala aşyrmaga hukuklary bardyr.

Haýyr-sahawat işiniň amala aşyrylmagy hakynda şertnamanyň mazmuny haýyr-sahawatçy we haýyr-sahawaty kabul ediji tarapyndan kesgitlenilýär. 

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen şertnamalarda haýyr-sahawatça, haýyr-sahawat işini amala aşyran mahalyndaky çykdajylarynyň öweziniň dolunmagy boýunça şertler (ýaşaýyş jaýynyň hakyna tutulmagy, ulag çykdajylary, iýmitlenmek) göz öňünde tutulyp bilner. Şu halatlarda şol şertnamalar ýazmaça görnüşde baglaşylmalydyr.

 

9-njy madda. Halkara haýyr-sahawat işiniň amala

      aşyrylmagy

1. Haýyr-sahawatçylaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda bellenilen tertipde halkara haýyr-sahawat işini amala aşyrmaga hukugy bardyr.

2. Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, halkara guramalary we daşary ýurt döwletleriniň guramalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň çäginde haýyr-sahawat işini amala aşyryp, haýyr-sahawatçylar hökmünde çykyş edip bilerler.

 

III BAP. GAZNANYŇ DÖREDILMEGINIŇ TERTIBI,

ONUŇ IŞINI AMALA AŞYRMAGYNYŇ

ŞERTLERI

 

10-njy madda. Gaznanyň dörediliş tertibi

1. Gazna Türkmenistanyň raýatlary bolan esaslandyryjylaryň başlangyjy boýunça döredilip bilner, şonda olaryň sany bäş adamdan az bolup bilmez. 

2. Gaznany döretmek hakynda karar onuň esaslandyryjylarynyň umumy ýygnagynda kabul edilýär.

3. Gaznanyň ýuridik şahs hökmünde hukuklylygy Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alnan we ol baradaky maglumatlar Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizilen pursadyndan soň ýüze çykýar. 

4. Gazna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda wekilhanalaryny we şahamçalaryny döretmäge haklydyr. 

 

11-nji madda. Gaznanyň esaslandyryjylary we

       gatnaşyjylary

1. On sekiz ýaşyny dolduran fiziki şahslar we (ýa-da) ýuridik şahslar gaznanyň esaslandyryjylary bolup bilerler, muňa şu maddanyň  3-nji böleginde görkezilen ýuridik şahslar degişli däldir.

2. Gaznanyň esaslandyryjylaryndan başga-da, gaznanyň Tertipnamasynda bellenen tertipde onuň düzümine girýän gatnaşyjylary hem bolup biler. Gaznanyň gatnaşyjylary diýip, onuň maksatlaryny ykrar edýän we gaznanyň işine öz emlägi we şol sanda pul serişdeleri bilen öz goşandyny goşýan fiziki we ýuridik şahslara düşünilýär.

3. Döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, şeýle hem döwlet kärhanalary, edaralary we guramalary gaznanyň esaslandyryjylary we gatnaşyjylary bolup bilmeýärler.

 

12-nji madda. Gaznanyň Tertipnamasy

1. Gaznanyň Tertipnamasy onuň esaslandyryjylarynyň umumy ýygnagynda tassyklanylýar.

2. Gaznanyň Tertipnamasynda şular bolmalydyr:

1) gaznanyň ady we ýerleşýän ýeri, onuň ýolbaşçy we gözegçilik-derňew guramalary;

2) haýyr-sahawat işiniň maksatlary we çygyrlary;

3) gaznanyň pul serişdeleriniň we başga emläginiň emele geliş çeşmeleri, gaznanyň emlägini dolandyrmak boýunça hukuklary;

4) gaznanyň gatnaşyjylarynyň düzümine kabul etmegiň şertleri we tertibi, gatnaşyjylaryň hukuklary we borçlary, şeýle hem olaryň gaznanyň gatnaşyjylarynyň düzüminden çykarylmagynyň şertleri we tertibi; 

5) gaznanyň ýolbaşçy guramasyny döretmegiň tertibi we ygtyýarlyklary, olaryň ygtyýarlylyk möhletleri;

6) gaznanyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň tertibi;

7) gaznany üýtgedip gurmagyň, ýapmagyň tertibi, şeýle hem ol ýapylandan soň galan emlägi paýlamagyň tertibi.

Şeýle-de, gaznanyň Tertipnamasynda haýyr-sahawat işine degişli bolan, Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän başga düzgünler hem bolup biler.

 

13-nji madda. Gaznanyň döwlet tarapyndan bellige

       alynmagy

1. Gaznanyň döwlet belligine alynmagy Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär.

2. Gazna Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizilen pursadyndan ýuridik şahs hukugyna eýe bolýar. 

3. Gaznany bellige almak üçin Türkmenistanyň Adalat ministrligine şu aşakdakylar tabşyrylýar.

1) esaslandyryjylar tarapyndan gol çekilen arza (olaryň familýasyny, adyny, atasynyň adyny görkezmek bilen);

2) gaznanyň Tertipnamasy (iki nusgada);

3) gaznany döretmek, onuň Tertipnamasyny tassyklamak we ýolbaşçy guramasyny we gözegçilik-derňew guramasyny döretmek, şeýle hem möçberi esaslandyryjy gazna tarapyndan kesgitlenilýän emlägiň goýulmagy hakynda maglumatlary özünde jemleýän esaslandyryjylaryň ýygnagynyň beýany; 

4) esaslandyryjylar hakynda maglumatlar;

5) bellige alnyş ýygymyny töländigi hakynda resminama;

6) gazna ýuridik salgynyň berlendigi hakynda resminama.

Gaznanyň Tertipnamasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi Tertipnamanyň bellige alnandakysy ýaly tertipde we möhletde bellige alynmaga degişlidir.

4. Türkmenistanyň jemgyýetçilik birleşikleri hakynda kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça gaznany bellige almakdan ýüz dönderilip bilner. 

5. Gaznany döwlet belligine almakdan ýüz döndermek hakyndaky çözgüt kazyýete şikaýat edilip bilner.

 

14-nji madda. Gaznanyň eýeçiligi

1. Gazna özüniň Tertipnamasynda bellenilen işini maddy taýdan üpjün etmek üçin zerur bolan jaýlary, binalary, desgalary, ýaşaýyş jaý gaznasyny, ulaglary, enjamlary, gurallary, medeni aň-bilim we sagaldyş maksatly emlägi, pul serişdelerini, paýnamalary, beýleki gymmatly kagyzlary we başga emlägi eýeçiligine edinip biler.

2. Gazna özünde bar bolan emlägi babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän islendik geleşikleri amala aşyrmaga haklydyr.

3. Gazna maliýe ýylynda harç edýän pul serişdeleriniň                        20 göteriminden köp bolmadyk möçberini özüniň saklanylmagy üçin (özüniň işi bilen baglanyşykly çykdajylary hem goşmak bilen) peýdalanmaga haklydyr.

4. Gazna gaznanyň işine  gatnaşýan şahslaryň çykdajylaryny (iş sapar, ulag we beýleki çykdajylary) tölemäge haklydyr.

5. Gazna öz borçnamalary boýunça kanunda bellenilen tertipde jerime salnyp bilinjek emlägi bilen jogap berýär.

6. Gaznanyň emlägi onuň esaslandyryjylaryna, gatnaşyjylaryna harytlary, işleri, hyzmatlary tölemek, satmak görnüşlerinde we beýleki görnüşlerde başgalara garanyňda olar üçin has amatly şertlerde berlip bilinmez.

 

15-nji madda. Gaznanyň emläginiň emele geliş çeşmeleri 

Şular gaznanyň emläginiň emele geliş çeşmeleri bolup durýar:

1) esaslandyryjylarynyň meýletin gatançlary, onuň gatnaşyjylarynyň goýumlary;

2) fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan pul ýa-da özlük görnüşinde berilýän haýyr-sahawat bagyş etmeleri;

3) güýmenjeli, medeni, sport we beýleki köpçülikleýin çäreleri guramak boýunça işden, haýyr-sahawat bagyş etmelerini toplamak çäreleriniň geçirilmeginden, haýyr-sahawatçylardan gelip gowuşýan emlägiň satylmagyndan gelýän düşewüntler;

4) gazna tarapyndan esaslandyrylan kärhanalaryň işinden gelýän girdejiler;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik başga girdejiler.

 

16-njy madda. Gaznanyň ýolbaşçy dolandyryş guramalary 

1. Gaznanyň esaslandyryjylarynyň umumy ýygnagy we onuň Müdiriýeti gaznanyň ýolbaşçy dolandyryş guramalary bolup durýar.

2. Gaznanyň esaslandyryjylarynyň umumy ýygnagy gaznanyň ýokary ýolbaşçy dolandyryş guramasy bolup durýar.

3. Gaznanyň Müdiriýeti gaznanyň esaslandyryjylarynyň umumy ýygnagynda azyndan üç adamdan ybarat düzümde gaznanyň esaslandyryjylarynyň hataryndan saýlanylýar. Gaznanyň Müdiriýeti gaznanyň esaslandyryjylarynyň hemişelik hereket edýän ýolbaşçy guramasy bolup durýar hem-de ol gaznanyň esaslandyryjylarynyň umumy ýygnagyna hasabat berýär.

4. Gaznanyň esaslandyryjylarynyň umumy ýygnagy şular barada karar kabul edýär:

1) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gaznany döretmek, işini bes etmek ýa-da üýtgedip guramak hakynda;

2) gaznanyň Tertipnamasyny tassyklamak hakynda;

3) gaznanyň Tertipnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda;

4) gaznanyň Müdiriýetiniň agzalaryny, şeýle hem gözegçilik-derňew toparyny saýlamak hakynda;

Gaznanyň esaslandyryjylarynyň ýygnagynda gaznanyň döredilmegi we işi bilen baglanyşykly başga meselelere hem seredilip bilner.

5. Gaznanyň Müdiriýetiniň maslahaty zerurlyga görä geçirilýär, ýöne ýylda bir gezekden az bolmaly däldir.

6. Gaznanyň Müdiriýeti:

1) gaznanyň işiniň esasy ugurlaryny kesgitleýär;

2) gaznanyň Müdiriýetiniň başlygyny saýlaýar;

3) gaznanyň Müdiriýetiniň başlygynyň we gözegçilik-derňew toparynyň hasabatlaryna seredýär;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda bellenilen tertipde haýyr-sahawat işini amala aşyrýan halkara guramalarynyň, daşary ýurt döwletleriniň guramalarynyň gatnaşmagyndaky haýyr-sahawat işiniň meselelerine seredýär;

5) haýyr-sahawat maksatnamalaryny tassyklaýar we ony maliýeleşdirmegiň çeşmelerini kesgitleýär;

6) Türkmenistanyň kanunçylygyna we gaznanyň Tertipnamasyna laýyklykda başga işleri amala aşyrýar.

7. Gaznanyň Müdiriýeti birinji ýygnagynda gaznanyň Tertipnamasynda bellenen möhlete onuň başlygyny saýlaýar, ol gaznanyň Müdiriýetiniň nobatdaky ýygnagyny çagyrýar we oňa başlyklyk edýär.

8. Gaznanyň umumy ýygnagynda maliýe-hojalyk işiniň gözegçiliginiň amala aşyrylmagy üçin gaznany esaslandyryjylaryň hataryndan gözegçilik-derňew topary saýlanylýar. Gözegçilik-derňew toparynyň işiniň tertibi we onuň san düzümi gaznanyň esaslandyryjylarynyň umumy ýygnagynda tassyklanýar.

 

17-nji madda. Gaznanyň hukuklary we borçlary

1. Gaznanyň şulara hukugy bardyr:

1) döwlet häkimiýet edaralarynda, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda gaznanyň adyndan wekilçilik etmäge, onuň hukuklaryny goramaga, şeýle hem esaslandyryjylaryň we gatnaşyjylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga;

2) bellenen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişli öz nyşanlaryny edinmäge;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz bölümlerini, şahamçalaryny, wekilhanalaryny döretmäge;

4) tertipnamalaýyn maksatlary amala aşyrmak üçin telekeçilik işini amala aşyrmaga we ony amala aşyrmaga niýetlenen emlägi edinmäge;

5) haýyr-sahawaty kabul edijilere haýyr-sahawat bagyş etmeleriniň berilmegi baradaky meseläni özbaşdak çözmäge;

6) tertipnamalaýyn wezipeleriniň ýerine ýetirilmegine ýardam etmek maksady bilen meýletinlik esasynda döredilýän birleşmelere, assosiasiýalara we beýleki birleşiklere birleşmäge; 

7) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini döretmäge we neşirýat işini amala aşyrmaga;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň çözgütlerini işläp taýýarlamaga gatnaşmaga;

9) haýyr-sahawat bagyş etmelerini we gatançlary toplamagy guramaga;

10) karz edaralarynda (milli we daşary ýurt pullarynda) bank hasaplaryny açmaga;

11) habar beriş işini amala aşyrmaga;

12) başga haýyr-sahawat gaznalarynyň gatnaşyjylary bolmaga;

13) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda haýyr-sahawat işiniň çygryndaky başga hukuklary amala aşyrmaga.

2. Gazna şulara borçludyr:

         1) Türkmenistanyň kanunçylygyny, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerini we kadalaryny, şeýle hem onuň Tertipnamasynda we başga esaslandyryjy resminamalarynda göz öňünde tutulan kadalary berjaý etmäge;

2) haýyr-sahawat işini tertipnamalaýyn maksatlaryna laýyklykda amala aşyrmaga;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde buhgalterçilik hasaba alnyşyny we hasabatlylygy ýöretmäge;

4) öz esaslandyryjylaryny we gatnaşyjylary girdejiler we emlägiň, şol sanda pul serişdeleriniň harç edilişi barada habarly etmäge;

5) öz esaslandyryjylaryny we gatnaşyjylary olaryň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine degişli resminamalar we çözgütler bilen tanyşmaga mümkinçiligi üpjün etmäge;

6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda haýyr-sahawat işiniň çygryndaky beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.

3. Telekeçilik işinden gelýän girdejiler tertipnamalaýyn maksatlara ýetilmegi üçin peýdalanylmalydyr we olar gaznanyň esaslandyryjylarynyň we gatnaşyjylarynyň arasynda paýlanyp bilinmez.

4. Gaznanyň işgärleriniň zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

 

18-nji madda. Gaznanyň haýyr-sahawat işi hakynda

       hasabatlylygy

1. Gaznanyň hemişelik işleýän ýolbaşçy edarasynyň hakyky ýerleşýän ýerini, onuň adyny we gaznanyň ýolbaşçylary baradaky maglumatlary Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizilýän maglumatlaryň möçberinde görkezmek bilen, öz işi barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine maglumaty bellenilen möhletlerde bermäge borçludyr.

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň soramagy boýunça gazna özüniň ýolbaşçy guramalarynyň we wezipeli adamlarynyň çözgütlerini, şeýle hem öz işi barada hasabatlary salgyt we Türkmenistanyň pensiýa gaznasynyň edaralaryna berilýän maglumatlaryň möçberinde bermäge borçludyr.

         2. Öz emlägini, şol sanda pul serişdelerini gazna beren haýyr-sahawatçylar, özleriniň talap etmegi boýunça olaryň ulanylyşy barada hasabat almaga haklydyr. Eger emläk maksatlaýyn niýetlenilişine görä berlen bolsa, gazna haýyr-sahawatça onuň ulanylyşy barada hasabat bermäge borçludyr.

3. Haýyr-sahawat bagyş etmelerini alan haýyr-sahawaty kabul edijiler haýyr-sahawatça onuň ulanylyşy barada hasabat bermäge borçludyr.

4. Gaznanyň girdejileriniň we çykdajylarynyň möçberi, onuň emlägi, işgärleriniň sany, olaryň zähmet haky we başga işgärleriň çekilmegi barada maglumatlar täjirçilik syry diýlip hasap edilmeýär.

 

19-njy madda. Gaznanyň işiniň bes edilmegi. Gaznany

                          üýtgedip gurmak we ýatyrmak

1. Gaznanyň işiniň bes edilmegi gaznanyň Tertipnamasyna laýyklykda esaslandyryjylarynyň ýa-da umumy ýygnagyň karary boýunça amala aşyrylýar.

2. Gaznany üýtgedip gurmak we ýatyrmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

3. Gazna ýatyrylan mahalynda onuň algydarlarynyň talaplary kanagatlandyrylandan soň, galan emlägi gaznanyň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde haýyr-sahawat maksatlary üçin ýa-da, eger gaznanyň emläginiň ulanylmagynyň tertibi onuň Tertipnamasynda göz öňünde tutulmadyk bolsa, ýatyryjy toparyň karary boýunça ulanylýar.

 

20-nji madda. Gaznanyň işine gözegçilik etmek

1. Türkmenistanyň Adalat ministrligi öz ygtyýarlygynyň çäklerinde gaznanyň işiniň esaslandyryjy Tertipnamasyna laýyk gelşine gözegçiligi amala aşyrýar.

2. Gaznanyň maliýeleşdirilmeginiň çeşmelerine we      girdejilerine, salgytlaryň, ýygymlaryň we beýleki hökmany tölegleriň tölenilişine döwlet gözegçiligini maliýe, salgyt edaralary we beýleki döwlet edaralary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýarlar.

3. Öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gözegçiligi amala aşyrýan döwlet edaralarynyň haýyr-sahawatçylardan we gaznanyň dolandyryş ýolbaşçy guramalaryndan özlerine zerur bolan resminamalary we düşündirişleri talap edip almaga hukuklary bardyr.

 

IV BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

21-nji madda. Jedelleriň çözülişi

Haýyr-sahawat işiniň çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

22-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilige eltýär.

 

23-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                    Gurbanguly

     Prezidenti                                                    Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 26-njy awgusty.

№ 594-V.