Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmenistanyň Kanuny
Ganyň donorlygy hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 102-madda)
Şu Kanun ganyň donorlygynyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) donoryň gany (mundan beýläk – gan) – resipiýente goýberilmegi, düzüm bölekleriniň öndürilmegi, şeýle hem başga bejeriş maksatlarynda ulanylmagy üçin donordan alnan gan;
2) donoryň ganynyň düzüm bölekleri – donordan alnan ýa-da donoryň ganyndan dürli usullar bilen öndürilen gany düzýän bölekler (eritrositler, leýkositler, trombositler, plazma, kriopresipitat);
3) ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň donorlygy (mundan beýläk – donorlyk) – donorlaryň gan ýa-da onuň düzüm böleklerini tabşyrmagy arkaly raýatlaryň saglygyny goramaga meýletin gatnaşmagyny guramaga we amala aşyrmaga, şeýle hem onuň (olaryň) taýýarlanylmagynyň, saklanylmagynyň we näsaga goýberilmeginiň üpjün edilmegine gönükdirilen çäreleriň toplumy;
4) ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň donory (mundan beýläk – donor) – öz ganyny ýa-da onuň düzüm böleklerini meýletin tabşyrýan adam;
5) ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň taýýarlanylmagy – donorlary saýlamagy, gany almagy, ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň barlagyny we gaýtadan işlenmegini özünde jemleýän çäreleriň toplumy;
6) ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň saklanylmagy – ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň bütewüliginiň, onuň (olaryň) elýeterliliginiň, şeýle hem ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň biologik häsiýetleriniň goralmagynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly lukmançylyk işi;
7) ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmegi – resipiýente saglygy goraýyş kömegini bermek arkaly onuň bedenine ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmegi amala aşyrylýan bejeriş usuly;
8) resipiýent – lukmançylyk görkezijileri boýunça ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmegine mätäç bolan ýa-da özüne gan ýa-da onuň düzüm bölekleri goýberilýän adam;
9) ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň howpsuz bolmagy – ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilýän mahalynda resipiýentiň janyna we saglygyna, onuň nesil yzarlaýjylygyna zyýan (zeper) ýetirmek töwekgelliginiň bolmazlygy kepillendirilýän bellenen talaplara laýyk gelýän alamatlarynyň we häsiýetleriniň jemi;
10) ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň hili – ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň resipiýentiň bedeniniň kadaly ýaşamagyny dikeltmek hem-de onuň kesel ýa-da şikes netijesinde bozulan işleme mümkinçilikleriniň öwezini dolmak ukybyny şertlendirýän alamatlarynyň we häsiýetleriniň jemi.
2-nji madda. Türkmenistanyň donorlyk hakynda
kanunçylygy
Türkmenistanyň donorlyk hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.
3-nji madda. Şu Kanunyň hereket ediş çygry
Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň raýatlaryna, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara degişlidir.
4-nji madda. Donorlygyň esasy ýörelgeleri
Donorlyk şu ýörelgelere esaslanýar:
1) ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň tabşyrylmagynyň meýletinligi;
2) donorlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegi;
3) ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň howpsuz bolmagynyň we hiliniň berjaý edilmegi;
4) donorlygyň durmuş taýdan goraglylygy;
5) donoryň, resipiýentiň janyna we saglygyna, olaryň nesil yzarlaýjylygyna zeper (zyýan) ýetirilendigi üçin jogapkärçilik.
5-nji madda. Donorlyk çygryndaky döwlet syýasatynyň
esasy ugurlary
Şular donorlyk çygryndaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar:
1) raýatlaryň saglygyny goramaga bolan hukuklarynyň goralmagy;
2) donoryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagynyň üpjün edilmegi, oňa durmuş taýdan goldawyň berilmegi;
3) resipiýentiň janynyň we saglygynyň howpsuzlygynyň, onuň nesil yzarlaýjylygynyň üpjün edilmegi;
4) donorlyk çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklaryň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň hukuk we guramaçylyk esaslarynyň kämilleşdirilmegi;
5) donorlygyň wagyz edilmegi;
6) ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň howpsuz bolmagynyň we hiliniň üpjün edilmegine gönükdirilen çäreleriň geçirilmegi;
7) bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň gana ýa-da onuň düzüm böleklerine bolan mätäçlikleriniň üpjün edilmegi;
8) donoryň janyna we saglygyna, onuň nesil yzarlaýjylylygyna ýetirilen zeperiň (zyýanyň) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde öweziniň dolunmagy;
9) donorlyk çygrynda halkara hyzmatdaşlygynyň goldanylmagy we ösdürilmegi.
6-njy madda. Donorlygyň wagyz edilmegi
1. Donorlygyň wagyz edilmegi ilata köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen, şeýle hem ylym, edebiýat eserleriniň we mahabat materiallarynyň neşir edilmegi hem ýaýradylmagy, mowzuklaýyn sergileriň, ylmy maslahatlaryň guralmagy we ilata habar bermegiň Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik başga usullaryň peýdalanylmagy arkaly donorlygyň durmuş taýdan ähmiýeti barada ilaty habarly etmek maksady bilen amala aşyrylýar.
2. Donorlyk çygryndaky işi amala aşyrýan saglygy goraýyş edaralary (mundan beýläk – gan gullugy edaralary) donorlygy wagyz etmek boýunça çäreleriň geçirilmegini üpjün edýärler.
3. Öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde başga ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem öz tertipnamalaryna laýyklykda jemgyýetçilik birleşikleri, lukmançylyk ylmy edaralary, bilim edaralary hem-de beýleki guramalar we edaralar gan gullugy edaralary bilen bilelikde donorlygyň wagyz edilmegine gatnaşýarlar.
7-nji madda. Donorlyk çygrynda maliýeleşdirmek
Donorlyk çygrynda maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
II BAP. DONORLYK ÇYGRYNDA DÖWLET
DÜZGÜNLEŞDIRMEGI WE GÖZEGÇILIGI
8-nji madda. Donorlyk çygrynda döwlet düzgünleşdirmegini
we gözegçiligini amala aşyrýan edaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarly edara), ygtyýarly edaranyň garamagynda durýan gan gullugy edaralary, öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary donorlyk çygrynda döwlet düzgünleşdirmegini we gözegçiligini amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.
9-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) donorlyk çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) donorlyk çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;
3) donorlyk çygrynda gözegçiligi amala aşyrýar;
4) donorlyk çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.
10-njy madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara:
1) donorlyk çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
2) donorlyk çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;
3) şulary tassyklaýar:
a) Gan gullugy edaralarynyň iş tertibini;
b) Donoryň lukmançylyk güwä geçilmesiniň gollanmasy;
ç) Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmeginiň gollanmasy;
4) gan ýa-da onuň düzüm bölekleri taýýarlanýan, saklanýan we goýberilýän mahalynda howpsuz we oňat hilli bolmagynyň üpjün edilmegi boýunça bildirilýän talaplary belleýär we olaryň berjaý edilmegi boýunça gözegçiligi amala aşyrýar;
5) adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň tabşyrylýan ýerleriniň gurnalmagyna ýardam berýär;
6) gan gullugy edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrýar;
7) gan gullugy edaralarynyň, beýleki döwlet edaralarynyň, döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň donorlyk çygryndaky işini utgaşdyrýar;
8) donorlyk çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;
9) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen donorlyk çygryndaky beýleki wezipeleri amala aşyrýar.
11-nji madda. Gan gullugy edaralarynyň ygtyýarlylygy
Gan gullugy edaralary:
1) donorlyk çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler;
2) şulary işläp düzýärler we ygtyýarly edaranyň tassyklamagyna berýärler;
a) Gan gullugy edaralarynyň iş tertibini;
b) Donoryň lukmançylyk güwä geçilmesiniň gollanmasyny;
ç) Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmeginiň gollanmasyny;
3) gan ýa-da onuň düzüm bölekleri taýýarlanýan, saklanylýan we goýberilýän mahalynda onuň (olaryň) howpsuz we hiliniň oňat bolmagynyň üpjün edilmegi boýunça bildirilýän talaplaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler;
4) donorlaryň lukmançylyk güwä geçilmesini amala aşyrýarlar;
5) ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň ýokanç keselleriň döredijileriniň barlygy babatdaky barlagyny geçirýärler, ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň bakteriologik gözegçiligini amala aşyrýarlar;
6) bejeriş-öňüni alyş edaralaryny gan ýa-da onuň düzüm bölekleri bilen üpjün edýärler;
7) donorlyk çygryndaky işi amala aşyrýan saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny we gaýtadan taýýarlanylmagyny amala aşyrýarlar;
8) saglygy goraýyş edaralaryna ilatyň arasynda donorlygy guramagyň we wagyz etmegiň meseleleri boýunça guramaçylyk-usulyýet we maslahat kömegini berýärler;
9) donorlyk çygryndaky iş amala aşyrylan mahalynda ygtyýarly edara, beýleki döwlet edaralary, döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen arkalaşykly hereket edýärler;
10) donorlyk çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýarlar;
11) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen donorlyk çygryndaky beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar.
12-nji madda. Beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň, döwlet
häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň, ýerli
öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň
ygtyýarlylygy
Beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde:
1) donorlyk çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;
2) gan gullugy edaralarynyň netijeli işlemegi üçin şertleri döredýärler;
3) donorlygyň guralmagy we wagyz edilmegi boýunça çäreleri amala aşyrýarlar;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen donorlyk çygryndaky beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar.
III BAP. DONORLYGA HUKUK.
DONORYŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY.
DONORA BERILÝÄN ÝEŇILLIKLER
13-nji madda. Donorlyga hukuk
1. Milletine, ýaşaýan ýerine, durmuş ýagdaýyna garamazdan, ýaşy on sekizden altmyşa çenli, gany ýa-da onuň düzüm böleklerini tabşyrmagy üçin saglygy boýunça garşy görkezijileri bolmadyk kämillik ukyby bar bolan adamyň donor bolmaga hukugy bardyr.
2. Şular donor bolup bilmeýärler:
1) kanunda bellenen tertipde kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adamlar;
2) özlerinde resipiýentiň jany we saglygy üçin howply bolup durýan keseller ýüze çykarylan adamlar;
3) göwreli aýallar we çaga emdirýän eneler;
4) alkogoldan, neşe serişdesinden ýa-da zäherleýji maddalardan serhoş bolan adamlar.
14-nji madda. Donoryň hukuklary
Donoryň şulara hukugy bardyr:
1) gany ýa-da onuň düzüm böleklerini muzdly ýa-da muzdsuz esasda tabşyrmaga;
2) öz hukuklarynyň we saglygynyň goralmagyna;
3) islendik pursatda gany ýa-da onuň düzüm böleklerini tabşyrmakdan ýüz öwürmäge, muňa saglygy goraýyş işgäriniň gany ýa-da onuň düzüm böleklerini almaga girişen we ilkibaşdaky ýagdaýa dolanyp barmaga mümkinçiligiň bolmadyk halatlary degişli däldir;
4) ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň tabşyrylan gününde bellenilen tertipde işden (okuwdan, gullukdan) boşadylmagyna, şeýle hem Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda goşmaça dynç gününe;
5) ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň tabşyrylan gününde bellenen tertibe laýyklykda mugt naharlanmaga ýa-da öwezini dolma puluny almaga;
6) ganyny ýa-da onuň düzüm böleklerini tabşyrmagy bilen baglanyşykly özüniň janyna we saglygyna, nesil yzarlaýjylylygyna ýetirilen zeperiň (zyýanyň) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde öweziniň dolunmagyna;
7) şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda durmuş goldawyna;
8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki hukuklary bardyr.
15-nji madda. Donoryň borçlary
Donor şulara borçludyr:
1) öz saglygy barada alada etmäge;
2) ganyny ýa-da onuň düzüm böleklerini tabşyran mahalynda pasportyny ýa-da özüniň şahsyýetini tassyklaýan başga resminamasyny görkezmäge;
3) ganyny ýa-da onuň düzüm böleklerini tabşyrmazyndan öň, her gezek lukmançylyk güwä geçilmesine;
4) gan gullugy edarasynyň saglygy goraýyş işgärine özüne goýberilen waksinalar, özüniň geçiren operasiýalary, özüniň geçiren ýa-da özünde bar bolan ýokanç keselleri, ýokanç keselli näsaglar bilen gatnaşykda bolandygy, köpçülikleýin ýokanç keselleriň ýa-da epidemiýalaryň ýüze çykma we (ýa-da) ýaýrama howpy bar bolan çäklerde bolandygy, alkogolly içgileri, neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary we olaryň analoglaryny, neşe serişdelerini ýa-da psihotrop maddalaryny özünde saklaýan serişdeleri ulanandygy hakynda, zyýanly we (ýa-da) howply zähmet şertlerinde işländigi hakynda habar bermäge. Şunda ganyny ýa-da onuň düzüm böleklerini tabşyran mahalynda öz saglyk ýagdaýy barada nädogry maglumat beren donor Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýär;
5) azyndan iki iş gününden gijä galman (resipiýentiň janynyň we saglygynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, gyssagly tertipde gan ýa-da onuň düzüm bölekleri tabşyrylýan halatlary muňa degişli däldir) öz ganyny ýa-da onuň düzüm böleklerini tabşyrýan seneleri we dynç günlerinden peýdalanýandygy hakynda iş berijini habarly etmäge;
6) iş berijä üç iş gününiň dowamynda ganyny ýa-da onuň düzüm böleklerini tabşyrandygyny tassyklaýan resminamalary bermäge;
7) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.
16-njy madda. «Türkmenistanyň hormatly donory» döşe
dakylýan nyşany bolan donora berilýän
ýeňillikler
1. Eger donor şu aşakdaky möçberlerde gan ýa-da onuň düzüm böleklerini tabşyrsa, oňa «Türkmenistanyň hormatly donory» döşe dakylýan nyşany berlip bilner:
1) muzdsuz esasda – azyndan 20 gezek gan, azyndan 40 gezek onuň düzüm böleklerini;
2) muzdly esasda ‒ azyndan 40 gezek gan, azyndan 80 gezek onuň düzüm böleklerini.
2. Türkmenistanyň hormatly donoryna ýeňillikleriň şu görnüşleri berilýär:
1) döwlet saglygy goraýyş edaralarynda nobatsyz lukmançylyk hyzmatyny almaga;
2) her ýylky esasy zähmet rugsadynyň tomus ýa-da özi üçin amatly başga wagtda berilmegine.
Türkmenistanyň hormatly donoryna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki ýeňillikler hem berlip bilner.
3. «Türkmenistanyň hormatly donory» döşe dakylýan nyşany hakyndaky Düzgünnama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.
IV BAP. DONORLYGYŇ GURALYŞY
17-nji madda. Donoryň lukmançylyk güwä geçmegi
1. Donor her gezek gan ýa-da onuň düzüm böleklerini tabşyrmazyndan öň lukmançylyk güwä geçirilmesine degişlidir.
2. Donoryň we resipiýentiň şahsy maglumatlary ýaýradylmaga degişli däldir.
3. Donoryň lukmançylyk güwä geçilmegi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen talaplara laýyklykda amala aşyrylýar.
18-nji madda. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň
alynmagy
1. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň alynmagy gan gullugy edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan görkezilen edaralaryň ýerleşýän ýeri boýunça, şeýle hem olaryň göçme toparynyň ýerleşýän ýeri boýunça amala aşyrylýar.
2. Şu şertler berjaý edilen mahalynda ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň alynmagyna rugsat berilýär:
1) donoryň ganyny ýa-da onuň düzüm böleklerini tabşyrmaga razylygy bar bolanda;
2) donoryň lukmançylyk güwä geçilmesini geçendigi hakynda resminamasy bar bolanda.
3. Donoryň ganyny ýa-da onuň düzüm böleklerini tabşyrmaga mejbur edilmegine ýol berilmeýär we ol Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.
4. Donorlaryň ganynyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň alynmagy ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanýan tertipde amala aşyrylýar.
19-njy madda. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň
resipiýente goýberilmeginiň şertleri
1. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmegi diňe resipiýentiň deslapky ýazmaça razylygy bar bolan şertinde geçirilip bilner. Şonda resipiýent ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmegi netijesinde onuň janyna we saglygyna zeper (zyýan) ýetirilip bilinjekdigi barada ýazmaça duýdurylmalydyr. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmegi baradaky karar lukmanlaryň saglygy bejeriji lukman, anesteziolog ýa-da reanimatolog ýa-da başga hünärmen, şeýle hem ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmegine jogapkär saglygy goraýyş işgäri düzümine girýän lukmanlaryň maslahaty (konsilium) tarapyndan kabul edilýär.
2. Kämillik ýaşyna ýetmedik adam resipiýent bolan halatynda oňa ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmegi onuň ata-enesiniň biriniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň ýazmaça razylygy bilen amala aşyrylýar.
3. Eger resipiýent kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adam bolan halatynda oňa ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmegi onuň hossarynyň ýazmaça razylygy bolan halatynda geçirilýär.
4. Eger resipiýent saglyk ýagdaýy boýunça aňly-düşünjeli karara gelmäge ukyby bolmadyk adam bolan halatynda oňa ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmegi äriniň (aýalynyň), ol bolmadyk mahalynda bolsa, onuň ýakyn garyndaşlarynyň biriniň ýazmaça razylygy bilen geçirilýär.
5. Şu maddanyň 2‒4-nji böleklerinde görkezilen resipiýentlere ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň gyssagly goýberilmeginiň zerurlygy ýüze çykan halatlarynda we eger oňa ýazmaça razylyk bermeli adamlar bolmasa ýa-da olaryň bolýan ýerini kesgitläp bolmasa, onda saglygy bejeriji lukman gany ýa-da onuň düzüm böleklerini goýbermek barada karara gelip biler. Bu karar saglygy goraýyş resminamalarynda ýazgy edilmegi bilen resmileşdirilýär. Şonda bejeriji lukman ýigrimi dört sagadyň dowamynda bu karar barada ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmegi amala aşyrylan bejeriş-öňüni alyş edarasynyň ýolbaşçysyna habar bermäge borçludyr.
20-nji madda. Gan ýa-da onuň düzüm bölekleri
goýberilýän mahalynda resipiýentiň
janynyň we saglygynyň, onuň nesil
yzarlaýjylylygynyň howpsuzlygynyň
üpjün edilmeginiň kepillikleri
1. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmegini üpjün edýän saglygy goraýyş işgärleri, olaryň howpsuz we oňat hilli bolmagyny üpjün etmek boýunça talaplary berjaý etmäge borçludyrlar. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň howpsuz we oňat hilli bolmagyny üpjün etmek boýunça talaplaryň sanawy ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.
2. Resipiýentiň janynyň we saglygynyň, nesil yzarlaýjylylygynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen oňa gan ýa-da onuň düzüm bölekleri goýberilmezden öň saglygy goraýyş işgäri tarapyndan resipiýentiň ganynyň topary, rezus-faktory (eritrositlerde bolýan antigeni) kesgitlenilmelidir, şeýle hem donoryň we resipiýentiň ganynyň gabat gelşiniň barlagy geçirilmelidir.
3. Ýokanç keselleriň döredijileri babatda deslapdan barlagy geçirilmedik ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmegine rugsat berilmeýär.
21-nji madda. Iş berijileriň donorlygy amala aşyrmak
üçin şertleriň döredilmegi boýunça
borçlary
Iş berijiler şulara borçludyr:
1) işgärleri donorlygy amala aşyrmaklyga çekmekde gan gullugy edaralaryna ýardam bermeklige;
2) donorlardan gany ýa-da onuň düzüm böleklerini almagy amala aşyrýan gan gullugy edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleriniň göçme topary üçin şertleri döretmäge, şol sanda muzdsuz esasda zerur jaýlary, ýörite we başga awtoulag serişdeleriniň ýerleşdirilmegi üçin ýer bermäge;
3) donor bolup durýan işgäri lukmançylyk güwä geçýän we ganyny ýa-da onuň düzüm böleklerini tabşyrýan güni päsgelçiliksiz işden boşatmaga, önümçilik zerurlyklary boýunça işgäri onuň görkezen güni boşatmak mümkin bolmadyk halatynda - işgär bilen ylalaşmak arkaly saýlanyp alnan başga güni teklip etmäge (resipiýentiň janynyň we saglygynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň gyssagly tertipde tabşyrylýan halatlary muňa degişli däldir);
4) donor bolup durýan işgäre şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenen ýeňillikleri bermäge;
5) donorlyk çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.
V BAP. GAN ÝA-DA ONUŇ DÜZÜM BÖLEKLERI
BILEN ÜPJÜN ETMEK
22-nji madda. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň
taýýarlanylyşy, saklanylyşy, goýberilişi
1. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň taýýarlanylyşy we saklanylyşy diňe gan gullugy edaralary tarapyndan amala aşyrylyp bilner.
2. Diňe bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň hem-de ylmy-kliniki merkezleriň ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň näsaga goýberilmegini amala aşyrmaga haky bardyr.
3. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň taýýarlanylmagy, saklanylmagy we näsaga goýberilmegi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen talaplara laýyklykda amala aşyrylýar.
23-nji madda. Donorlaryň ýeke-täk sanawy
1. Donorlaryň hasabyny ýöretmek, ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň howpsuz we oňat hilli bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, Donorlaryň ýeke-täk sanawy döredilýär.
2. Donorlaryň ýeke-täk sanawynda donor barada şu maglumatlar bolmalydyr:
1) familiýasy, ady, atasynyň ady;
2) pasportynyň maglumatlary;
3) doglan senesi;
4) jynsy;
5) hemişe ýa-da köplenç ýaşaýan ýa-da bolýan ýeri hakynda maglumat;
6) Donorlaryň ýeke-täk sanawyna goşulan senesi;
7) gan topary, rezus-faktory (eritrositlerdäki antigeni), barlanan antigenler barada we immun antitelolaryň bardygy hakynda maglumatlar;
8) gan ýa-da onuň düzüm böleklerini öňki gezek tabşyryşy baradaky maglumatlar;
9) «Türkmenistanyň hormatly donory» döşe dakylýan nyşan bilen sylaglanandygy hakynda maglumat.
3. Donorlaryň ýeke-täk sanawyndaky maglumatlar döwletiň maglumat gory bolup durýar.
4. Donorlaryň ýeke-täk sanawynyň ýöredilmegi ygtyýarly edara tarapyndan bellenen talaplara laýyklykda amala aşyrylýar.
VI BAP. GANYŇ ÝA-DA ONUŇ DÜZÜM
BÖLEKLERINIŇ ÝERLENILMEGINIŇ,
TÜRKMENISTANA GETIRILMEGINIŇ,
TÜRKMENISTANDAN ÇYKARYLMAGYNYŇ
ŞERTLERI
24-nji madda. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň
Türkmenistanyň çäginde ýerlenilmeginiň
şertleri
1. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň Türkmenistanyň çäginde ýerlenilmegine diňe olar bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň gana ýa-da onuň düzüm böleklerine bolan mätäçliginiň hökmany üpjün edilmeginiň bellenen möçberlerinden artyk taýýarlanan halatynda rugsat berilýär.
2. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň girdeji almak maksady bilen ýerlenilmegine rugsat berilmeýär (ganyň ýa-da onuň düzüm böleklerini taýýarlamak üçin peýdalanylýan sarp ediş materiallarynyň tölegi muňa degişli däldir).
25-nji madda. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň
Türkmenistana getirilmeginiň we
Türkmenistandan çykarylmagynyň
şertleri
1. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň Türkmenistana getirilmegine derman serişdeleri öndürilýän, epidemik keselleriň netijeleri ýok edilýän halatlarda, resipiýentleriň aýratyn toparyna, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlaryň netijesinde heläkçilik çeken şahslara saglygy goraýyş kömegi berilýän halatlarda ýol berilýär.
2. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň Türkmenistandan çykarylmagyna şu halatlarda ýol berilýär:
1) Türkmenistanyň çäklerinden daşarda bolýan Türkmenistanyň raýatlaryna gyssagly saglygy goraýyş kömegi berilýän halatynda;
2) Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerine ynsanperwer saglygy goraýyş kömegini berýän halatynda.
3. Şu maddanyň 1-nji we 2-nji böleklerinde görkezilen esaslar boýunça ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň getirilmegine, çykarylmagyna rugsady Türkmenistanyň Ministrler Kabineti berýär.
VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
26-njy madda. Donoryň, resipiýentiň özleriniň janyna we
saglygyna, olaryň nesil yzarlaýjylylygyna
ýetirilen zyýanyň (zeperiň) öweziniň
dolunmagyna hukugy
1. Donoryň, resipiýentiň özleriniň janyna we saglygyna, nesil yzarlaýjylylygyna ýetirilen zyýanyň (zeperiň) öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr.
2. Gan ýa-da onuň düzüm bölekleri taýýarlanylýan, saklanylýan we näsaga goýberilýän mahalynda bildirilýän talaplaryň saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan bozulmagy netijesinde donoryň, resipiýentiň janyna we saglygyna, olaryň nesil yzarlaýjylylygyna ýetirilen zeperiň (zyýanyň) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde öwezi dolunýar.
27-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin
jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilige eltýär.
28-nji madda. Jedelleriň çözülişi
Donorlyk çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.
29-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.
2. Şu Kanunyň güýje girmegine çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabineti şu Kanunyň düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamaly we kabul etmeli.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2017-nji ýylyň 26-njy awgusty.
№ 595-V.