Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň birinji maslahatyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdylar.
Şol gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynda iki dostlukly ýurtlaryň arasyndaky özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we hoşniýetlilik ýörelgelerini ösdürmek hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda pikir alşyldy.
Geçirilen maslahatlarda parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi netijesinde ýurtlaryň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, sanly ulgam, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, şeýle hem bilelikde amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan iri maýa goýum taslamalaryny kanunçylyk taýdan üpjün etjekdigi beýan edildi.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýan parlamentara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga mümkinçilik döredýän iki ýurduň parlamentarileriniň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeň ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Maslahatyň dowamynda türkmen tarapy 2024-nji ýylda Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň ikinji maslahatyny Türkmenistanda geçirilmegi baradaky teklibi öňe sürdi hem-de bu teklip kabul edilen Bilelikdäki Jarnamada öz beýanyny tapdy.