Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
2023-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşygy boldy.
Taraplar Türkmenistanyň sebit howpsuzlygyny goramak we parahatçylygy berkitmek üçin BMG-niň bu sebitleýin merkezi bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini bellediler. Şunuň bilen birlikde netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm gural bolup hyzmat edýän parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmäge, geljekde ýaş parlamentariler torynyň, zenanlar dialogynyň işini kämilleşdirmek boýunça duşuşyklary, maslahatlary guramak boýunça pikir alyşdylar.