Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
2023-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi bilen Beata Peksa bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň parlamentleri we abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ýylsaýyn giňeldilýändigi bellenildi.
Taraplar netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm gural bolup hyzmat edýän «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» parlamentara Dialogy görnüşinde geçirilýän gepleşikleriň ähmiýetini nygtamak bilen, geljekde ÝB-niň ýaş parlamentariler tory bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirdiler.