Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Zimbabwe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Braýt Kupembadan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Taraplar, döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga, bu gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny berkitmäge hem-de parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga hemişe taýýardyklaryny beýan etdiler.