Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çao Letzi bilen giňişleýin düzümdäki duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalarynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy hem-de Türkmenistanyň bu başlangyjyny Hytaý Halk Respublikasynyň goldandygy üçin türkmen tarapy hoşallyk sözlerini aýtdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň meýdançasynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň birek-biregiň öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandyklary we ýokary derejedäki ýola goýlan dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýeti aýratyn nygtalyp geçildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň dowamynda iki ýurduň Baştutanlarynyň duşuşygynda dürli ugurlarda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň netijelerine aýratyn ähmiýet berildi. Şunda «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda parlamentler derejesinde hyzmatdaşlyk etmegiň, şeýle hem geljekde «Merkezi Aziýa – Hytaý» parlamentara geňeşini döretmegiň hem-de «Türkmenistan – Hytaý: zenanlar we ýaşlar» bilelikdäki forumyny geçirmegiň meselelerine seredildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berjek Parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň hem-de parlamentler derejesinde duşuşyklaryň we maslahatlaryň geçirilmegine gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň ähmiýeti bellenilip geçildi.
Duşuşykda hytaý tarapy Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylym-bilim, saglygy goraýyş, oba hojalygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.