Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow awgust aýynyň başynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary derejede geçirmek babatda guramaçylyk döwlet toparynyň alyp barýan taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde yzygiderli ösdürilýär. Bu ýerde göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler döredilendir. Soňky ýyllarda Awaza iri forumlaryň, halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna gelýän myhmanlar, ilki bilen, Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň ýokary amatlyklary bilen tanyşýarlar. Häzirki wagtda bu howa menzili ýolagçy gatnatmak we üstaşyr ýükleri geçirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Türkmenbaşy Halkara howa menziline geldi we bu ýerde döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdy.
Bu günki gün pederlerimiziň “Myhman ataňdan uly”, “Gelen — döwlet” diýen paýhasly jümlelerine eýermek bilen, ýurdumyza gelýän wekiller myhmansöýerlik däpleri esasynda garşylanylýar. Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde hem bu ugurda ähli mümkinçilikler döredilipdir. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza geljek myhmanlaryň howa menzilinde türkmen myhmansöýerliginiň däplerine laýyklykda garşylanylmagy babatda hem zerur tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy we iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi bu ugurda durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasy bu ulgamda innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütleri, dünýäniň iň gowy tejribesini peýdalanmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawlary esasynda paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap howa menzilleri gurlup ulanmaga berilýär, öňdebaryjy öndürijileriň täze awiatehnikalarynyň satyn alynmagynyň hasabyna milli howa flotumyzyň uçarlarynyň üsti ýetirilýär. Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň halkara gatnawlaryň ýolagçy terminalynda-da kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan pasportlary resmileşdirmek we gözegçilik nokatlary hereket edýär. Döwlet migrasiýa gullugynyň işini kämilleşdirmek we onuň işine sanly ulgamy yzygiderli ornaşdyrmak, migrasiýa babatda ýokary hilli hyzmatlary amala aşyrmak boýunça zerur çäreler amala aşyrylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ulag-kommunikasiýa pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça başyny başlan işleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Demir ýol, awtomobil, deňiz we derýa, howa ulaglaryny ösdürmek, geljegi uly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça uzak möhletleýin strategiýa amala aşyrylyp, durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň bähbidine ulag diplomatiýasy ilerledilýär. Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen özara gatnaşyklary ýola goýup, halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze ugurlaryny işläp taýýarlamak babatda gymmatly tejribeleri toplady. Ýurdumyzyň ulag-logistika ýaly geljegi uly ugurda BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi dünýä ykdysadyýetine ählumumy goşulyşmak ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr.
...Milli Liderimiz howa menzili bilen tanyşlygyň dowamynda bu ýerde ýerleşýän söwda nokatlarynda hyzmatlaryň ýokary hiliniň üpjün edilmelidigini, myhmanlar üçin ýörite sowgatlyklaryň taýýarlanylmalydygyny belläp, öz maslahatlaryny berdi. Howa menziliniň söwda nokatlarynda türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilýän önümleriň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Ekologik taýdan arassa, ýokary hil görkezijilerine eýe bolan bu önümlere diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä bazarlarynda hem uly isleg bildirilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýalar infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi üstaşyr ýükleri dürli akymlar boýunça geçirmekde amatly şertleri döredýär. Munuň özi Türkmenistanyň halkara ähmiýetli ulag ýollarynyň çatrygy hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar.
Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, ýaşyl zolaklaryň sanyny artdyrmak esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Bu ugurda Türkmenistan umumadamzat bähbitli başlangyçlar bilen çykyş edip, sebitde we dünýäde ekologik abadançylygyň üpjün edilmegi babatda möhüm wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirýär.
Şu günler ýurdumyzda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylykly geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu maslahatyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmegi hem möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä, Gahryman Arkadagymyz foruma gatnaşmaga geljek myhmanlara howa menzilinde ýokary hilli hyzmatlaryň üpjün edilmegi boýunça ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Häzirki wagtda myhmanlaryň Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň pasportlary resmileşdirmek hem-de gümrük nokatlaryndan gysga wagtyň içinde geçmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek babatda möhüm işler amala aşyrylýar.
Milli Liderimiz howa menziliniň halkara gatnawlaryň ýolagçy terminalyna geldi we pasportlary resmileşdirmek nokadyndan geçdi. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gümrük geçiş nokadyndan geçdi we bu ýerde döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdy.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň gümrük nokatlarynda ygtybarly gümrük gözegçiligini amala aşyrmak we olaryň işini kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenbaşy Halkara howa menziline gelip gowşan täze tehnikalaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Hojalyk ugrunda ulanyljak döwrebap tehnikalar ýurdumyzyň ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha berkidilýändigini görkezýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri tehnikalary synlap, olaryň ulanylyşyna, abatlygyna aýratyn ünsi çekdi we bu ugurda öz maslahatlaryny berdi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şeýle tehnikalar ýurdumyzyň ulag ulgamyna yzygiderli gelip gowuşýar. Olaryň halkymyza ýokary hilli hyzmatlary etmekde uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek gerek.
Hormatly Arkadagymyz ýokary tizlikli sport awtoulagynda howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň tekizligini, uçarlaryň uçmagy we gonmagy üçin amatlylyk ýagdaýyny hem synagdan geçirdi.
Uçuş-gonuş zolaklarynyň durkuny täzelemek işlerinde innowasion çemeleşmelerden, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden peýdalanylýar. Munuň özi uçarlaryň howpsuz uçuş-gonuşlarynyň amala aşyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sport awtoulagyny örän ýokary tizlikde dolandyrmak bilen, uçuş-gonuş zolagynyň meýdançasyndan geçdi we ýoluň tekizligini, abatlygyny, hilini gözden geçirdi. Kuwwatlylyk güýji depginli bolan sport awtoulagynyň badyny barha ýokarlandyryp, Gahryman Arkadagymyz uçuş-gonuş zolagynyň başlangyç menzilinden ahyrky menziline tiz wagtda bardy.
Diýarymyzda sport bilen meşgullanmak, aýratyn-da, awtoulag sportuny ösdürmek babatda giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, sportuň bu görnüşi bilen gyzyklanýanlaryň, awtoulag sporty boýunça türgenleriň sany barha artýar. Olar awtomobil sporty boýunça halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.
Milli Liderimiz sport awtoulagynyň tizligini artdyryp, çylşyrymly öwrümleriň birnäçesini ýerine ýetirdi. Ýokary tizlikde barýan sport awtoulagy sürüjiden erjelligi, ugurtapyjylygy, sowukganlylygy, tiz çözgüt kabul etmegi, umuman, ähli babatda taýýarlygy talap edýär. Bu ugurda ussat Arkadagymyzyň göreldesi ýaşlar, esasan-da, awtoulag sporty bilen meşgullanýan türgenler üçin özboluşly mekdepdir.
Döwletimiz sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine möhüm ähmiýet berýär. Adamlaryň saglygyny goramak, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatda ileri tutulýan wezipelerdir. Şol syýasatyň özeninde bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi durýar.
Dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini rowaçlandyrýan, halklaryň jebisligini pugtalandyrýan döwlet syýasatynyň netijesinde Türkmenistan halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmegine-de uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, sportuň bu ugruna ýaşlary işjeň çekmek, türkmen türgenleriniň ussatlygyny artdyrmak meselesi üns merkezinde saklanýar. Soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi bilen, milli awtomobil sporty uly ösüşlere eýe bolýar. Munuň özi ilatyň, ilkinji nobatda, ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn bolup ýetişmeklerine hem öz täsirini ýetirýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport ýaş nesillerde maksada okgunlylygy, erki hem-de işjeň hereketi terbiýeleýär.
Sport diplomatiýasyny we onuň mümkinçiliklerini herekete getirmegiň ýollary Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda hem öz beýanyny tapdy. Konsepsiýa laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän şu ýylda sport ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça çäreleri alyp barmak, halkara sport ýaryşlaryny, şol sanda ýurdumyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen BMG-niň oýunlaryny guramak göz öňünde tutulýar.
...Gahryman Arkadagymyz ýolugra howa menziline barýan ýoluň özboluşly aýratynlyklaryny synlady. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän dabaraly medeni çäreleriň geçirilýän ýerine geldi hem-de bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.
Hazaryň sapaly kenarynda ýerleşýän bu ýerde wekilçilikli forumyň dowamynda dürli medeni çäreleriň guralmagy meýilleşdirilýär. Soňky ýyllarda Awazada halkara derejeli duşuşyklardyr forumlar, konsertler we festiwallar yzygiderli geçirilip, olar dünýä döwletleriniň arasynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejelere çykarmakda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde bu ýerde abadanlaşdyryş we enjamlaşdyryş işleri ýokary depginde dowam edýär. Dürli medeni çäreleriň, aýratyn-da, konsertleriň şowhunly geçirilmegi üçin ähli şertler döredilýär. LED ekranlar, köpöwüşginli interaktiw suw çüwdürimleri medeni çäreleriň guralýan pursatlarynda bir bitewi sazlaşygy emele getirip, olaryň şowhunyny has-da artdyrar. “Bu ýerde guraljak dabaralar ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dostlukly halklaryň medeniýetinde we sungatynda gazanylan üstünlikler bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berer” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Parahatçylyga, dost-doganlyga söýgi döretmekde medeniýete we sungata aýratyn orun degişlidir. Sungatyň güýji ynsan kalbynda hoşniýetli arzuwlary kemala getirýär, adamlary biri-birine ýakynlaşdyrýar, dostlaşdyrýar.
Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işlere ylmy taýdan çemeleşilmelidigini hem-de türkmen halkynyň “Ýedi ölçäp, bir kes” diýlen pähiminden ugur alynmalydygyny belledi we öz maslahatlaryny berdi. Geçiriljek dabaralar foruma gatnaşmaga gelen myhmanlara ýatda galyjy pursatlary bagyşlamalydyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy maslahatyň ähmiýeti barada aýdyp, bu ýerde ýerine ýetirilýän işlere toplumlaýyn çemeleşmegiň, hususan-da, awtoduralgalaryň göz öňünde tutulmalydygyny nygtady. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz milli tagamlaryň sergisine gowy taýýarlyk görmegiň we ony ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýtdy. Dabaraly çäreler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda özara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, olary dünýä ýaýmaga, giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. Halkara forumyň dowamynda guraljak konsertler we ýerine ýetiriljek joşgunly çykyşlar hem parahatçylygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň waspnamasy bolar.
Gahryman Arkadagymyz jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
***
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňzinde gämili ýüzüşi amala aşyrdy.
Hazaryň türkmen kenaryna bezeg berip oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Deňiz kenaryndaky bu täsin tebigy dynç alyş zolagynda ajaýyp şypahanalar, bejeriş-sagaldyş bölümlerini öz içine alýan myhmanhanalar, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, maşgala bolup dynç almak üçin niýetlenen kottejler, sport toplumlary guruldy. Amatly howa şertleri, Hazar deňziniň kenar ýakasynyň baý şypahana kuwwaty, iň döwrebap tehnologiýalardan, innowasiýalardan, öňdebaryjy binagärlik hem-de inženerçilik-tehniki çözgütlerden ugur alynmagy Diýarymyzy halkara syýahatçylygyň, şypahana-dynç alşyň we sportuň ykrar edilen merkezine öwürýär.
Awazada dynç alýanlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny, olaryň saglygyny berkitmekleri üçin ýokary derejede hyzmat edilýändigini bellemek gerek. Bu ýerde göwnejaý dynç almak babatda döredilen şertler hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanydyr. Şol syýasatyň esasy maksady Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösüşini, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Bu ýerde her ýylda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi esasynda deňziň kenarynda tokaý zolaklarynyň çägi giňedi we seýilgähleriň sany artdy. Adamlaryň gezelenç etmegi, oňaýly dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemleýän dynç alyş zolagynyň şertleri häzirki zamanyň ösen talaplaryna, halkara görkezijilere doly laýyk gelýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek, Diýarymyzyň gözel tebigatyny, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, biodürlüligini baýlaşdyrmak, olary ylmy taýdan düýpli öwrenmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Awazanyň çäginde döredilen seýilgäh zolaklary, suw çüwdürimleri, bu künjegiň ýol-ulag düzümine degişli desgalar Hazaryň kenarynyň esasy bezegine öwrülen belent başly binalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň hem-de beýleki iri forumlaryň münberinden beýan eden, daşky gurşawy goramak, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmäge, Hazar deňziniň ekologiýasyny goramagyň ygtybarly ulgamyny döretmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolýar.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurdumyzyň deňiz çäklerinde, aýratyn-da, halkara forumyň geçiriljek döwründe tertip-düzgüniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrjak dürli görnüşli gämileriň aýratynlyklary barada maglumat berdi.
Gahryman Arkadagymyz gämi arkaly ýüzüşiniň dowamynda deňiz giňişliginde tertip-düzgüniň berjaý edilişini gözegçilikde saklaýan gämileri synlap, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Soňra Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi. Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň 4-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekendigini we onda bu forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň bellenilendigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki wagtda maslahata taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan degişli işleriň alnyp barylýandygyna ünsi çekdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň degişli Karary esasynda, ýakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar babatda Ylalaşyga gol çekilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu resminamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigi aýdyldy.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerini abadanlaşdyrmak we arassaçylyk işlerini ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirmäge zerur üns berilmelidigini nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, myhmanhanalarda daşary ýurtly myhmanlara ýokary derejede hyzmat etmek üçin zerur şertleri döretmegiň, olarda lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmagyň, hususan-da, «Tiz kömek» awtoulaglarynyň, söwda nokatlarynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmegiň wajypdygy aýdyldy.
Hormatly Arkadagymyz çäreleriň geçirilýän döwründe Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň, howpsuzlygyň berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy forumyň çäklerinde guraljak medeni-ynsanperwer çäreleriň, aýratyn-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleriniň hormatyna guraljak dostluk konsertiniň, milli tagamlaryň festiwalynyň guramaçylyk derejesine ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Şunuň bilen bir hatarda, maslahaty we onuň çäklerinde geçiriljek çäreleri giňden beýan etmek üçin internet serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna aýratyn üns berilmelidir.
Soňra iş maslahatyna gatnaşyjylar halkara forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Gahryman Arkadagymyz maslahaty jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Milli Liderimiz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, paýtagtymyza ugrady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde resmi adamlar garşyladylar.
Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna amala aşyran iş sapary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň nyşany boldy.