Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi, abraýly halkara we sebit guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Şunda Türki Döwletleriň Guramasyna uly orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyzyň TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammitine gatnaşmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.
Türki Döwletleriň Guramasy halklary taryhy, medeni we dil umumylygy bilen baglanyşan ýurtlaryň birleşigidir. 2009-njy ýylda döredilen bu gurama türki ýurtlaryň arasynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýär. TDG durnukly ösüşe gönükdirilen dialog hem-de hyzmatdaşlyk üçin meýdança bolup, häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Özbegistan onuň düzümine doly hukukly agza hökmünde girýär. Türkmenistan we Wengriýa bu düzümde synçy döwlet derejesine eýedir.
Gurama ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda anyk taslamalary amala aşyrmak arkaly türki halklaryň medeniýetini ösdürmäge ýardam berýär. Şeýle hem ol Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk edýär. 2022-nji ýylda Türki Döwletleriň Guramasy BMG-de synçy derejesine eýe boldy. Bu bolsa onuň halkara abraýyny has-da pugtalandyrdy. Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynda synçy agza hökmünde aýratyn orny eýeleýär. Bu dereje ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan syýasatynyň beýany bolup, Türkmenistana sebit başlangyçlaryna işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýär.
...Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ugur alan Gahryman Arkadagymyzyň uçary birnäçe wagtdan soňra, sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Gabala şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Günüň ikinji ýarymynda Gahryman Arkadagymyz sammitiň geçýän ýerine — Geýdar Aliýew kongres merkezine geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan wekiliýet Baştutanlarynyň resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Prezident Ilham Aliýew sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendikleri üçin hoşallyk bildirdi hem-de umumy taryhy, dili, medeniýeti, ruhy-ahlak gymmatlyklary bolan halklaryň arasynda raýdaşlygy pugtalandyrmakda Türki Döwletleriň Guramasynyň ähmiýetini belledi. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň şu günki ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmaga çakylygy hem-de myhmansöýerlik üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu guramanyň umumy taryha, medeniýete, ruhy mirasa we dile esaslanýan dostlukly halklarymyzyň halkara guramasy bolup durýandygyny nygtady.
Bellenilişi ýaly, guramanyň baş maksady türki döwletleriň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy pugtalandyrmaga, sebitleýin we halkara derejede bilelikdäki tagallalardyr hereketleri utgaşdyrmaga gönükdirilendir. Häzirki günde dünýä jemgyýetçiligi öz ösüşiniň örän çylşyrymly döwrüni başdan geçirýär. Şeýle ýagdaýda döwletlerimiziň halkara giňişlikde utgaşykly hereket etmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Biziň öňümizde duran esasy wezipeleriň biri hem halkara derejede parahatçylygy, durnuklylygy we ynanyşmagy berkitmekdir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini belledi hem-de sammite gatnaşyjylary bu şanly sene we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy.
Biz hemişe bir meseläni aýratyn nygtap geçýäris: biziň medeniýetimiz, dilimiz we däp-dessurlarymyz birdir. Bu umumylyk taryhy hakykata esaslanýar. Biziň ata-babalarymyz dünýä taryhynda uly yz galdyran döwletleri döretdiler. Medeniýetiň, söwdanyň, dolandyryş tejribesiniň ösüşine ägirt uly goşant goşdular. Olaryň arasynda oguzlaryň neslinden gelip çykan türkmenleriň syýasy mirasy hem möhüm ähmiýete eýedir. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda beýleki doganlyk halklar bilen birlikde uly taryhy ýoly geçdi. Ol diňe bir döwletlilik kadalaryny we däp-dessurlaryny ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş Ýewraziýa giňişliginde özara gatnaşyklaryň, medeni alyşmalaryň ösmegine, dürli söwda ýollarynyň döredilmegine wajyp goşant goşdy diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen birlikde, biziň döwletlerimizde ýaşaýan halklaryň asyrlaryň dowamynda birek-birek bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary saklandygyny bellemek gerek. Munuň mysaly hökmünde Beýik Ýüpek ýoluny görkezmek bolar. Hytaýdan başlanýan bu ýoluň esasy ugurlary doganlyk ýurtlarymyzyň üstünden geçip, Ýewropa döwletleriniň çäklerine çenli uzapdyr. Beýik Ýüpek ýoly dürli medeniýetleri, dünýägaraýyşlary we ykdysady şertleri özara birleşdiripdir. Aziýa, Ýakyn Gündogar, Ýewropa halklarynyň arasynda ylym-bilimiň, däp-dessurlaryň, ruhy gymmatlyklaryň alyş-çalyş edilmegine mümkinçilik döredipdir.
Gahryman Arkadagymyz çykyşynda Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ýurtlar bilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Ýurdumyz özara bähbitli gatnaşyklary berkitmek, ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrmak ugrunda tutanýerli tagalla edýär. Bu gatnaşyklaryň binýady deňhukuklylyga, birek-birege hormat goýmaga, strategik hyzmatdaşlyga esaslanýar. Türkmenistan şunuň ýaly asylly we uzak möhletleýin maksatlary amala aşyrmak üçin energetika, ulag-logistika, aragatnaşyk we beýleki strategik ugurlarda sebit hem-de halkara ähmiýetli iri taslamalary öňe sürýär, olary durmuşa geçirmek üçin has-da işjeň işleri alyp barýar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we türki döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýratyn ornuna ünsi çekdi.
Bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk halklarymyzyň özboluşly milli aýratynlyklaryny we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ony kämilleşdirmekde, dünýä tanatmakda uly ähmiýete eýedir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we bilelikdäki medeni-köpçülik çärelerini guramak boýunça işleri güýçlendirmegi teklip etdi. Şunda, hususan-da, Medeniýet günlerini, teatr çykyşlaryny, dürli sergileri, kino günlerini geçirmek boýunça uly we köp işleriň durmuşa geçirilýändigi bellenilip, ýurtlarymyzyň bu ugurda gazanan baý tejribesini dowam etdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyna üns çekildi.
Ýakyn wagtda biz Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegi meýilleşdirýäris. Şeýle hem iki halkyň halyçylyk we haly dokamak däplerini ösdürmek babatda tagalla edýäris. Şol bir wagtda bedew atlary, hususan-da, ahalteke we garabag atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça gadymy sungaty gaýtadan dikeltmek babatda işleşmegi göz öňünde tutýarys. Bu çäreleriň medeni gatnaşyklarymyzy has-da kämilleşdirmäge ýardam berjekdigine berk ynanýarys. Şunuň ýaly çäreleri beýleki doganlyk ýurtlar bilen hem guramagy maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Nygtalyşy ýaly, ylym we bilim ulgamynda akademiki alyşmalary giňeltmäge, talyp haky maksatnamalaryny ýola goýmaga, halklarymyzyň taryhyny we medeni mirasyny öwrenmek boýunça bilelikdäki işleri alyp barmaga hem aýratyn ähmiýet berilmegi zerurdyr. Sport we bedenterbiýe babatda bolsa ýurtlarymyzyň arasynda halkara ýaryşlary, türgenleşik çärelerini geçirmegi, ýaşlaryň arasynda fiziki işjeňligi wagyz edýän maksatnamalary amala aşyrmagy ýerlikli hasaplaýarys diýip, Milli Liderimiz aýtdy we ýokarda beýan edilen asylly maksatlara ýetmek, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky wesýetlerine eýerip, öňde duran möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ähli döwletler bilen has önjeýli we ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýýardygyny tassyklady.
Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sammite gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri, türki döwletleriň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş, asuda we bagtyýar durmuşy arzuw etdi.
Prezident Ilham Aliýew çuň manyly çykyşy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, çykyşyň dowamynda beýan edilen teklipleriň türki döwletleriň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmekde uly ähmiýetini belledi.
Sammit tamamlanandan soňra, wekiliýet Baştutanlary sanly ulgam arkaly Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar. Prezident Ilham Aliýew Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde metjidiň gurulýandygy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi. Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, bu günüň taryhy wakadygyny, halkymyzda ýol gurmagyň, köpri gurmagyň, metjit gurmagyň sogap iş hasaplanýandygyny belledi. “Metjit — “Allanyň öýi”. Şonuň üçin bu metjitde geljekde öten-geçenler ýatlanylar, ýurtlarymyzyň asudalygy we abadançylygy üçin doga-dilegler ediler. Bu ýerde ediljek doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, Milli Liderimiz sözüni jemledi.

Soňra metjidiň düýbüniň tutuljak ýerinden sanly ulgam arkaly iki ýurduň müftülerine söz berildi. Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň müftüleri Gurhandan aýat-doga okap, ýagşy dilegleri etdiler. Soňra wekiliýet Baştutanlarynyň ählisi bir wagtda ekrana basmak arkaly metjidiň gurluşygyna badalga berdiler. Şol pursatda dabaraly el çarpyşmalar astynda metjidiň binýadyna ýadygärlik ýazgy goýlan guty goýberildi hem-de beton garyndysy guýulmaga başlandy. Dabaranyň dowamynda metjit barada taýýarlanan wideoşekiller görkezildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň görkezmesi boýunça bu metjit Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna “Aga-gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan bina ediler. Fizuli şäherinde guruljak metjit ynsanperwerligiň belent nusgasyna, agzybirligi, jebisligi we asylly işlere bolan ygrarlylygy baş ýörelge edinýän halklarymyzyň haýyr işleri uly ruhubelentlik bilen amal edýändiginiň nyşanyna öwrüler. Türkmen halkynyň azerbaýjan halkyna sowgady bolan bu metjit köňül tämizliginiň binasy bolar. Bu ýerde gadymdan gelýän asylly däp-dessurlar berjaý ediler. Ol ruhy päkligiň aýdyň nyşany bolup, geljek nesillere hyzmat eder.
Azerbaýjan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz Gabala şäheriniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.
Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmagy Türkmenistanyň gurama agza ýurtlaryň işjeň hyzmatdaşy bolup durýandygyny we umumy taryhy kökleri, medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklary bolan doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýändigini nobatdaky gezek subut etdi.