Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda milli hem-de halkara tejribeler öwrenilip, Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak bilen baglanyşykly hem-de başga-da hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmek boýunça işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde Mejlisiň agzalary Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren iş duşuşyklaryna gatnaşdylar. Mundan başga-da, milli parlamentiň wekili BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan geçirilen okuw maslahatyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Türküstan şäherinde iş saparynda boldy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, milli kanunçylygymyzy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryny bermek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ynsanperwer döwlet syýasatyna laýyklykda, mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza hormat goýmak däbini dowam etdirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň zenan-gyzlaryna gowşuryljak pul serişdeleriniň möçberi kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Diýarymyzda mähriban enelerimize we zenanlarymyza uly hormat goýulýandygyny, olar üçin ähli döwrebap şertleriň döredilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny bermek hakynda Buýruga gol çekendigini aýdyp, wise-premýere baýramçylyk mynasybetli pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler konserniň kärhanalarynyň önümçilik-tehnologik desgalarynyň bökdençsiz, sazlaşykly we ygtybarly işlemegini üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän awtomobil ýollaryny, köprüleri gurmak boýunça Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işlerde ýurdumyzyň ýol-ulag düzümini döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmäge, Türkmenistanyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini artdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýolgurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, pudagyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ýük awtoulag we ýolagçy gatnawlaryny üstaşyr geçirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak maksady bilen, Daşoguz welaýatyny paýtagtymyz Aşgabat şäheri bilen baglanyşdyrjak Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek hem-de bu ýoluň ugrunda täze köprini gurmak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň ýurdumyzyň esasy ýollarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýoluň durkuny täzelemek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu kärhanalaryň has-da netijeli işlemegini üpjün etmek, olaryň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak, işgärleriň zähmet çekmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek babatda degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary hilli dokma önümlerini öndürýän kärhanalaryň öndürijilikli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Dokma senagaty ministrliginiň edara-kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny berkitmek bilen bagly taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, mart aýynyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy mynasybetli dürli çäreleriň we dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň, şol sanda “Talyp gözeli”, “Iň eýjejik gyzjagaz”, “Zenan — Zeminiň zynaty”, “Ýaşlygymyň bahary” atly bäsleşikleriň jemlerini jemlemek meýilleşdirilýär. Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralarynyň, welaýatlarda, Aşgabat, Arkadag şäherlerinde baýramçylyk çäreleriniň, konsertleriň, suratkeşleriň sergisiniň, teatrlarda sahna oýunlarynyň görkezilişiniň guralmagy hem-de Mukamlar köşgünde baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Şu ýylyň mart aýynda welaýatlardaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda”, Arkadag şäherindäki baýramçylyk meýdançasynda Milli bahar baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabaralaryň, Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylaryň gatnaşmagynda “Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!” atly festiwalyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Tertibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar bilen bagly şu ýylyň mart aýynda geçiriljek çäreleri giňden beýan etmek üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow 2026-2027-nji okuw ýylynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer türkmen ýaşlarynyň dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerine maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika ylymlary, oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýalar we tehniki ylymlar, matematika we tebigy ylymlar ýaly ugurlar boýunça iberilmeginiň maksadalaýyk hasaplanýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaşlaryň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, munuň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmäge ýardam berýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň bu gurama bilen gatnaşyklary syýasy, ykdysady, daşky gurşaw, ynsanperwer ugurlar boýunça alnyp barylýar. Bu meýilnama howpsuzlygy, parahatçylygy berkitmäge, durnukly ösüşi gazanmaga we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, gümrük, serhet, kiberhowpsuzlygy ýokarlandyrmaga, ykdysadyýeti we sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ekologik howpsuzlygy berkitmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly möhüm meseleleriň çözülmegine, bilim-ylym ulgamlarynda, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda, ýurdumyzyň demokratik institutlarynyň binýadyny pugtalandyrmakda, gender deňligini üpjün etmekde, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ösdürmekde degişli çäreleriň geçirilmegine gönükdirilen birnäçe işleri öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda halkara guramalar, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew pudaklara innowasion sanly çözgütleri we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunda dünýäniň tehnologik taýdan ösen ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi sanly ulgamy ösdürmek boýunça degişli konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Aragatnaşyk ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen teklipleri goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.