Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
11.12.2025

Türkmenistanyň Mejlisinde Latwiýa Respublikasynyň Ilçisi Ynanç hatyny gowşurdy

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Girts Ýaunzemsden Ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barjak jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.  

Diplomat  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. 

Myhman Türkmenistanyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha bermek bilen, öz ýurdunyň adyndan Türkmenistanyň halkara bileleşiginde öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryny geljekde-de goldajakdygyny belledi hem-de şu ýyl giňden bellenilýän Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi. 

Şeýle-de Ilçi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatyň jemgyýetiň we döwletiň durmuşynda zenanlaryň eýeleýän ornuny berkitmekdäki örän uly ähmiýetini nygtady hem-de bu iri foruma hut özüniň hem gatnaşandygyny bellemek bilen, bu mümkinçilik üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. 

Taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, iki döwletiň hyzmatdaşlyga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Girts Ýaunzems sebitde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna goldaw berýän Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny belledi.   