Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
31.03.2026

«Mähirli zenan» hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy we direktory Aýna Durdylyýewanyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly: häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahatda eden çykyşy:

 Türkmen zenanlarynyň jemgyýetdäki mynasyp orny hakynda gürrüň edilende, ilki bilen, dürli kärdäki zenanlaryň müňlerçesini özüne birleşdirýän Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň bu babatda uly güýç bolup durýandygyny bellemeli. Şolaryň hatarynda telekeçi zenanlaryň bolmagy diýseň buýsandyrýar. Bu günki gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan işewür zenanlaryň sany barha artýar. Olaryň asylly zähmetini kiçi we orta telekeçiligiň ähli ugurlarynda — hyzmatlar ulgamynda, syýahatçylykda, ylymda, haryt önümçiliginde, çeper el hünärinde görmek bolýar. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan döredilýän ýeňillikli şertler, yzygiderli berilýän goldaw-hemaýatlar biz – telekeçi  zenanlaryň täzeçil, döredijilikli we ýokary öndürijilikli işläp, milli ykdysadyýetimiziň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşmagymyza ruhy güýç berýär.

Ýurdumyzyň hususy pudagynda milli keşdeçilik sungatynyň täze, döwrebap görnüşlerini döredip, çeper el işleriniň ajaýyp nusgalaryny diňe bir ýurdumyzyň çägine däl, eýsem, dünýä ýüzüne ýaýmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. 

Hormatly Prezidentimiziň peşgeş eden täze taryhy döwründe hususy kärhanamyzyň gelin-gyzlarynyň çeper elleri bilen döredýän ajaýyp senedi bu gün dünýä ýüzüne aýlanýar. 

Ajaýyp keşdeler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda, däp-dessurlarynda, urp-adatlarynda, ynanç-yrymlarynda asyrlarboýy ýaşap gelýär. Bu hakykata biz Gahryman Arkadagymyzyň eziz käbesi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban enesi Ogulabat ejäniň ýürek mährini siňdirip, sünnäläp bejeren ajaýyp kürtesiniň mysalynda hem göz ýetirýäris. Täsin nagyşlary, nepis örülen alajalary bilen ýaşlar üçin nusgalyk bolan owadan milli lybas häzirki wagtda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ajaýyp bezegine öwrüldi.

Bizi döredijilikli işlere ruhlandyryp, milli lybaslarymyzy dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn. 