Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
21.04.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň 2026-njy ýyldaky birinji mejlisine göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy

Председатель Меджлиса Туркменистана приняла участие в первом заседании Диалога женщин-лидеров государств Центральной Азии в режиме видеосвязи

The Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan participated via videoconference in the first meeting of the Dialogue of Women Leaders of Central Asian Countries

2026-njy ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Özbegistan Respublikasynyň Parlamentiniň ýolbaşçylygynda göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň «Merkezi Aziýanyň zenanlary: ileri tutulýan wezipeler we bilelikdäki hereketler» atly birinji mejlisine gatnaşdy.

Maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenan parlament  ýolbaşçylary hem-de Merkezi Aziýa boýunça «BMG-Zenanlar» sebit edarasynyň ýolbaşçysy gatnaşdy.

Bu mejlisde Özbegistan Respublikasynyň 2026-njy ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň Zenan ýolbaşçylarynyň dialogyna başlyklyk etmeginiň çäginde meýilleşdirilýän çäreleriň guramaçylyk işlerine, sebitde gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň döwlet dolandyryşdaky we ykdysadyýetdäki işjeňligini goldamak hem-de durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde bilelikdäki başlangyçlar, ýylyň dowamynda geçirilmeli çäreler barada pikir alşyldy.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy sebitiň ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde zenanlar dialogynyň hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça dürli çäreleri geçirmek üçin hemişelik hereket edýän meýdança öwrülendigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän gender deňligini üpjün etmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasynyň Dialogyň maksatnamalary bilen doly utgaşyp, zenanlaryň döwlet dolandyryşynda, milli ykdysadyýetde eýeleýän ornuny hukuk taýdan berkitmekde we bu ugurdaky kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirmekde, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolýandygyny belledi. 

Ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny, bähbitlerini, eneligi we çagalygy goramak, maşgalany goldamak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy hem-de bu ugurdaky tagallalara dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýändigi nygtaldy.

Şunuň bilen birlikde duşuşyga gatnaşyjylar zenanlar dialogynyň anyk başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirýän netijeli meýdança öwrülendigini bellediler. Aýratyn hem zenanlaryň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek üçin milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, zenanlaryň döwrebap tehnologiýalara elýeterliligini üpjün etmek, sanly tehnologiýalar we onlaýn meýdançalar arkaly sebitdäki zenanlaryň özara tejribe alyşmagyny ýola goýmak, zenan telekeçilere döredilýän ýeňillikler babatda durlup geçildi. 

Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan parlament ýolbaşçylarynyň Dialogynyň tagallalaryny abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň, Ýewropa Bileleşiginiň, Parlamentara Bileleşigiň alyp barýan işi bilen utgaşdyrmak meselesine aýratyn seredildi. 

21 апреля 2026 года Председатель Меджлиса Туркменистана Д.Гулманова приняла участие в первом заседании Диалога женщин-лидеров государств Центральной Азии «Женщины Центральной Азии: приоритетные задачи и совместные действия», которое проходило в режиме видеосвязи под руководством Парламента Республики Узбекистан.

В заседании приняли участие глава Регионального центра Организации Объединённых Наций по превентивной дипломатии для Центральной Азии, женщины-парламентарии стран Центральной Азии и Республики Азербайджан, а также глава Регионального отделения «ООН-Женщины» для Центральной Азии.

На заседании обсуждались организационная работа по мероприятиям, запланированным в рамках председательства Республики Узбекистан в 2026 году в Диалоге женщин-лидеров государств Центральной Азии, совместные инициативы по обеспечению гендерного равенства в регионе, поддержке участия женщин в государственном управлении и экономике, достижении Целей устойчивого развития, а также в мероприятиях, которые будут проводиться в течение года.

В ходе встречи Председатель Меджлиса Туркменистана отметила, что благодаря усилиям Глав государств региона Диалог женщин стал постоянно действующей платформой для проведения различных мероприятий по развитию сотрудничества. При этом отмечено, что успешно реализуемый в стране Национальный план действий по обеспечению гендерного равенства полностью соответствует программам Диалога и имеет важное значение в правовом укреплении роли женщин в государственном управлении и национальной экономике, совершенствовании законодательной базы в данной области и укреплении международного сотрудничества.

Было подчёркнуто, что в нашей стране проводится всесторонняя деятельность по защите прав и интересов женщин, материнства и детства, а также по поддержке семьи, и что усилия в этой области высоко оцениваются международным сообществом.

Кроме того, участницы встречи отметили, что женский диалог стал эффективной платформой для реализации конкретных инициатив и проектов. В частности, особое внимание было уделено совершенствованию национальной законодательной базы для расширения социально-экономических возможностей женщин, обеспечению доступа женщин к современным технологиям, налаживанию обмена опытом между женщинами региона посредством цифровых технологий и онлайн-платформ, а также предоставлению льгот женщинам-предпринимателям.

Также особое внимание было уделено вопросу координации усилий Диалога женщин-парламентариев государств Центральной Азии с деятельностью авторитетных международных организаций, в том числе Организации Объединённых Наций и её структурных подразделений, Европейского Союза и Межпарламентского союза.

On April 21, 2026, the Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan D. Gulmanova participated in the first meeting of the Dialogue of Women Leaders of Central Asian countries on the topic «Women of Central Asia: Priority Tasks and Joint Actions», which was held via videoconference chaired by the Parliament of the Republic of Uzbekistan.

The meeting was attended by the Head of the United Nations Regional Centre for Preventive Diplomacy for Central Asia, women parliamentarians from Central Asian countries and the Republic of Azerbaijan and the Head of the UN Women Regional Office for Central Asia.

During the meeting, participants discussed the organizational work for events planned under the Republic of Uzbekistan's chairmanship of the Dialogue of Women Leaders of Central Asian countries in 2026, joint initiatives to ensure gender equality in the region, support women's participation in public administration and the economy, and achieve the Sustainable Development Goals, as well as events to be held throughout the year.

During the meeting, the Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan noted that, thanks to the efforts of the Heads of Regional States, the Women's Dialogue has become a permanent platform for various events to enhance cooperation. It was also noted that the successful implementation of the National Action Plan for Gender Equality is fully consistent with the Dialogue's programs and is crucial for legally strengthening the role of women in public administration and the national economy, improving the legislative framework in this area, and consolidating international cooperation.

It was emphasized that our country is undertaking comprehensive activities to protect the rights and interests of women, motherhood and childhood, and to support families, and that these efforts are highly valued by the international community.

Furthermore, the meeting participants noted that the women's dialogue has become an effective platform for implementing specific initiatives and projects. Specifically, special attention was paid to improving the national legislative framework for expanding women's socioeconomic opportunities, ensuring women's access to modern technology, fostering the exchange of experiences among women in the region through digital technologies and online platforms, and providing benefits to women entrepreneurs.

Special attention was also given to coordinating the efforts of the Dialogue of Women Parliamentarians of Central Asian countries with the work of prestigious international organizations, including the United Nations and its agencies, the European Union, and the Inter-Parliamentary Union.