2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» Kongresler merkeziniň mejlisler jaýynda guralan bu halkara maslahatynyň mejlisini Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Baýramgözel Myradowa alyp bardy.
Bu halkara maslahat durnukly ösüş strategiýalaryny durmuşa geçirmekde demografik ýagdaýlaryň ornuny ara alyp maslahatlaşmakdan, ilat ösüşi, maşgala gymmatlyklary, zähmet bazary we migrasiýa durnuklylygy ýaly ugurlarda häzirki zamanyň wezipelerini çözmegiň iň gowy halkara tejribelerini we netijeli ýollaryny ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi.
Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Baýramgözel Myradowanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygynyň orunbasary Gasymly Musanyň, BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzeniň, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň ylym, bilim we medeniýet boýunça komitetiniň başlygy Liliýa Gumerowanyň, Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Wekiller palatasynyň Zähmet we durmuş meseleler boýunça hemişelik komitetiniň başlygy Kostewiç Irina Anatolýewnanyň, Türkiýe Respublikasynyň Maşgala işleri we durmuş hyzmatlary ministriniň orunbasary Sewim Saýim Madakyň, Täjigistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Milli Majlisiniň Durmuş meseleleri, saglygy goraýyş, ylym, bilim, medeniýet hem ýaşlar we zenanlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary Nuriddin Muhiddin Dawlataliniň, Gazagystan Respublikasynyň Kurultaýynyň Halkara gatnaşyklar, goranmak we howpsuzlyk baradaky komitetiniň agzasy Tau Nurgulyň, Halkara Migrasiýa Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça direktorynyň orunbasary Dragan Aleksoskiniň, BMG-niň Ilat Gaznasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin edarasynyň ilatyň ösüşi boýunça hünärmeni Aýnur Kanafinanyň, Ermenistan Respublikasyndan «Ameriýa» ÝGPJ-niň hyzmatdaşy, dolandyryş konsaltingi boýunça direktory; Global telekeçilik barlaglary assosiasiýasynyň (GEM/GERA) Direktorlar geňeşiniň agzasy Tigran Jrbaşýanyň çykyşlary diňlenildi.
B.Myradowa demografiýa we ilat syýasatynyň Türkmenistanda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň hem-de ynsanperwerlige esaslanýan durmuş strategiýalarynyň iň möhüm bölegi bolup durýandygyny aýratyn belledi.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, köp çagaly eneleri we ýaş maşgalalary goldamak, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zähmet çekmegi we durmuş şertlerini gowulandyrylmagy bilen bagly kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edilýär. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Türkmenistan halkara guramalar, aýratyn hem, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleri bilen ýola goýlan köpýyllyk, netijeli we strategik hyzmatdaşlykda dürli taslamalary durmuşa geçirýär. Bu işler ýurdumyzda demografik seljermeleri kämilleşdirmäge, ilatyň saglygyny goramagyň iň öňdebaryjy dünýä tejribelerini milli derejede netijeli ornaşdyrmaga ýardam edýär.
Şeýle hem çykyşlarda demografiýa meseleleri babatda öňde durýan wezipeler, halkara derejesinde öňe sürülýän başlangyçlar barada aýratyn bellenilip geçildi. Adam maýasyny artdyrmakda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmakda hem-de bu ugurda kanunçylyk esaslary yzygiderli kämilleşdirmekde döwrebap milli tejribeler alşyldy.
Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge, dünýä döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlaryna, durmuşa geçirýän umumadamzat ähmiýetli işlerine ýokary baha berdiler.
Maslahatyň netijesi boýunça degişli ugurlar boýunça sebitara we halkara hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge we anyk maksatlara ýetmäge gönükdirilen Jemleýji resminama biragyzdan kabul edildi.
Geçirilen bu forum sebitde we dünýä derejesinde durnukly ösüşiň ykdysady, durmuş hem-de ynsanperwer ugurlaryny utgaşdyrmakda, şeýle hem täze çäreleri we çözgütleri işläp taýýarlamakda örän möhüm meýdança hökmünde uly ähmiýete eýe boldy.
Maslahatyň ahyrynda çärä gatnaşyjylar sebitara gatnaşyklary we ynsanperwer dialogy ösdürmäge goşýan ägirt uly goşantlary, şeýle hem forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine döredilen ähli mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur hoşallyk bildirip, köp sagbolsunlar aýtdylar.