Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň çäklerinde galla oragynyň depgini bilen tanyşdy hem-de etrabyň Magtymguly daýhan birleşiginde bugdaý oragyna ak pata berdi. Munuň özi ýurdumyzda döwletli tutumlaryň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Häzirki wagtda Ahal welaýaty ýurdumyzda bereketli bugdaý hasylyny öndürýän welaýat bolmak bilen, bu ýerde daýhanlaryň bol hasyl ýetişdirmekleri we ekerançylygyň ylmy esasda ösdürilmegi ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Munuň özi oba hojalyk toplumynyň düzümlerinde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Ir bilen döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň ak ekin meýdanlaryna geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary, Magtymguly daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçisi mähirli garşyladylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak, oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek, bu ugurdaky işleri döwrebap usulda guramak we pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek işleri maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Bu bolsa toprakdan alynýan hasylyň ýokarlanmagyny, oba hojalyk ekinleriniň görnüşleriniň artdyrylmagyny, şeýlelikde, bazarlarda önüm bolçulygynyň üpjün edilmegini şertlendirýär.
Kärendeçi daýhan ekerançylaryň netijeli zähmet çekmegi ugrunda amatly şertleriň döredilýändigini, döwletimiziň bugdaýdan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda yzygiderli tagalla edilýändigini nygtap, hormatly Prezidentimizden öz yhlasly zähmeti bilen ýetişdiren bugdaý hasylyny ormaga ak pata bermegini haýyş etdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz kärendeçiniň haýyşy boýunça birkemsiz hasyl toplan bugdaýy orup, galla oragyna badalga berdi.
Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän we häzirki zamanyň telematik enjamlary bilen üpjün edilen kuwwatly tehnikalar hem bereketli hasylyň oragyna girişdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Magtymguly daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynda galla oragynyň alnyp barlyşyny synlady.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Obasenagat toplumynyň düzümleriniň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, bugdaý oragynda ulanylýan ýokary öndürijilikli häzirki zaman tehnikalarynyň satyn alynmagyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler hem pudagyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Şol bir wagtyň özünde oba zähmetkeşleriniň, gallaçy kärendeçileriň netijeli işiniň ýola goýulmagyna zerur üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, daýhanlar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary bilen doly üpjün edilýär we tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda amala aşyrylýar. Munuň özi daýhanlaryň işe bolan höwesini artdyrmak bilen, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Döwlet Baştutanymyz galla kombaýnlarynyň işini synlaýan pursatlarynda ýetişdirilen hasylyň kesgitlenen möhletlerde ýygnalyp alynmagy babatda wise-premýer T.Atahallyýewe birnäçe tabşyryklary berdi. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin dünýä meşhur kompaniýalaryň ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň we gurallarynyň satyn alynýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz oba hojalyk tehnikalarynyň örän netijeli ulanylmalydygyna ünsi çekdi.
Wise-premýer oba hojalyk toplumynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, häzirki zaman tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy babatda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işler, bugdaý oragynyň depginleri we hasyllylygyň derejesi bilen gyzyklandy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary tutuş ýurdumyz boýunça galla oragynyň batly depginlerde dowam edýändigini aýdyp, geçen hepde hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda, şu gün bolsa Balkan hem Daşoguz welaýatlarynda galla oragyna girişilendigi, oragy guramaçylykly geçirmek ugrunda ýokary derejeli taýýarlyk işleriniň alnyp barlandygy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk toplumynyň ösdürilmegine berýän goldawy netijesinde galla oragy möwsüminde “John Deere”, “СLAAS” ýaly meşhur kompaniýalaryň häzirki zaman galla orujy kombaýnlary netijeli ulanylýar. Gallaçylar üçin satyn alnan ýokary öndürijilikli täze tehnikalar gije-gündizleýin tertipde işledilip, ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyna degişli önümçilik kärhanalarynyň, şol sanda elewatorlaryň, gaýtadan işleýän düzümleriň, suw hojalyk toplumlarynyň netijeli işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde galla oragynyň ýokary hilli, öz wagtynda tamamlanmagynyň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşygy öz wagtynda geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi. Döwrebap tehnikalaryň netijeli ulanylmagy, önümçilige öňdebaryjy tejribeleriň giňden ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir. Bu işler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine, oba hojalygyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň döredilmegine giň ýol açýar. Oba hojalyk toplumyndaky özgertmeler ýerli önüm öndürijileri hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly strategiýanyň aýrylmaz bölegidir. Netijede, ýurdumyzyň daýhanlary täze ýerleri özleşdirmegiň, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň hasabyna oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Şeýlelikde, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi bilen bir hatarda, halkymyzyň we her bir maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş derejesi-de ýokarlanýar.
Şu möwsümde Diýarymyzyň ak ekin meýdanlaryna bugdaýyň bol hasyl berýän “Arkadag”, “Serdar”, “Pyragy” ýaly täze görnüşleri ekildi. Bellenilişi ýaly, bugdaýyň täze görnüşleri ýokary hasyllylygy, däneleriniň iriligi we köp suw talap etmeýändigi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa täze görnüşleriň bähbitlilik derejesiniň ýokarydygyny görkezýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde guralan gök-bakja we miwe önümleriniň, däneli ekinleriň görnüşleriniň, çörek we çörek önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Sergidäki çörek önümleriniň bugdaýyň şu ýylky ilkinji hasylyndan taýýarlanylandygy habar berildi. Şunda çörek önümleriniň ýokary hili önümçilige täze ornaşdyrylan görnüşleriniň has tapawutlydygyny nygtamak gerek.
Görkezilýän önümleriň köpdürlüligi türkmen topragynyň rysgal-berekediniň aýdyň güwäsidir. Ak bugdaýyň gadymy mekany hökmünde ykrar edilen bu toprakda ösdürilip ýetişdirilen önümleriň, aýratyn-da, bugdaýyň ýokary hil derejesi bu künjegiň ýeriniň we suwunyň sahawatyndan habar berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde ata Watanymyzda ak bugdaýyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär hem-de halkymyzyň rysgaly, her bir maşgala ojagynyň berekedi bolup saçaklarymyza dolýar.
Döwlet Baştutanymyz sergide görkezilýän önümler bilen tanyşlygyň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän önümleriň, şol sanda galla önümleriniň ýokary hili, ýokumlylygy, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýandygyny nygtap, pudaga häzirki zamanyň täzeçil usullarynyň, sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmalydygyny aýtdy. Sanly tehnologiýalar ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere gözegçilik etmäge we pudagy dolandyrmakda ylmyň gazananlaryny peýdalanmaga, hojalyk işlerini talabalaýyk alyp barmaga mümkinçilik berýär.
Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen topragy ekerançylygyň gadymy ojagy hasaplanýar. Zähmetsöýer pederlerimiz müňýyllyklaryň dowamynda ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, bugdaýdan we beýleki ekinlerden bol hasyl almak ugrunda baý tejribe toplapdyrlar. Häzirki döwürde milli daýhançylyk däpleriniň döwrebap ylmyň gazananlary bilen utgaşdyrylmagy pudagyň işiniň ilerlemeginiň baş şertini emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň kärendeçileri bereketli hasyl ýetişdirmegiň döwrebap usullaryny işjeň özleşdirýärler. Şeýlelikde, Diýarymyzda halal zähmete bil baglaýan daýhanlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň sany yzygiderli artýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde pudaga täze gelip gowşan häzirki zaman tehnikalaryny synlady.
Oba hojalyk toplumyna gelip gowşan galla kombaýnlarynyň enjamlaşdyrylyş derejesi, olaryň öndürijilik kuwwaty ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýär. Bu kombaýnlar ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän derejede bolup, olaryň öndürijiligi ýokary görkezijilere eýedir. Sanly ulgam arkaly dolandyrylýan tehnikalarda mehanizatorlaryň öndürijilikli işiniň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi, ýetişdirilen hasylyň gysga wagtda we ýokary hilli ýygnalyp alynmagy ugrunda edýän yzygiderli tagallasynyň aýdyň netijesidir.
Mehanizator täze gelip gowşan kombaýna münüp, ony herekete girizdi. Ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy pudagyň işgärlerine hemmetaraplaýyn goldaw berilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we beýleki önüm öndürijileriň zerur tehnikalar, dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen bökdençsiz üpjün edilýändigini bellemek gerek. Oba hojalyk toplumynyň ähli düzümlerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, şol sanda içerki bazary özümizde öndürilýän önümler bilen doly üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülmegine giň ýol açýar.
Döwlet Baştutanymyz gallaçy kärendeçi I.Akmyradowyň alyp barýan işi, maşgala ýagdaýy bilen gyzyklanyp, onuň kärende ýerinde ýetişdirilen hasylyň derejesine üns berdi.
Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň kärendeçisi I.Akmyradow Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ýere gelip, alnyp barylýan işler bilen gyzyklanmagynyň özi üçin belent mertebedigini nygtady hem-de hormatly Prezidentimiziň Şa gadamynyň mübärek bolmagyny arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz kärendeçiniň alan ýeriniň ululygy, hasyllylygyň derejesi we kärendeçiligi netijeli alyp barmak ugrunda döredilýän şertler bilen gyzyklanyp, döwletimiziň daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşmegi, oba hojalykçylaryň iş we durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda yzygiderli alada etjekdigini belledi.
Kärendeçi hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döredýän mümkinçilikleriniň netijesinde tutanýerli zähmet çekmek üçin ähli şertleriň üpjün edilýändigini nygtady. Ol 2010-njy ýyldan bäri maşgala agzalary bilen kärendä alan ýerinde bugdaý we gowaça ösdürip ýetişdirýändigini aýtdy.
Şeýle hem ol özüniň 62 gektar kärende ýeriniň bardygyny, 2025-nji ýylyň hasyly üçin 42 gektara bugdaý, 20 gektara bolsa gowaça ekendigini, bugdaý meýdanynyň her gektaryndan 40 sentnere golaý hasyla garaşýandygyny habar berdi. Kärendeçi öz iş ýerine hormatly Prezidentimiziň gadamynyň düşmeginiň tutuş maşgalasy üçin uly hormatdygyny nygtap, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi netijesinde toprakdan bol hasyl alynýar we gowy girdeji gazanylýar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmäge uly üns berilýändigini, oba ýerlerinde adamlaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin ähli zerur işleriň geçirilýändigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halal zähmet çekip, ýerden bol hasyl alýan daýhanlara döwletimiziň hemişe goldaw berjekdigini aýdyp, kärendeçileriň asylly iş edýändiklerini, şeýle zähmetsöýer daýhanlaryň tagallasy bilen Diýarymyzda azyk bolçulygynyň berkidilýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerde yhlasly zähmeti bilen sahawatly toprakdan bol hasyl öndürýän kärendeçä öz sowgatlaryny gowşurdy.
Öz nobatynda, kärendeçi Şa serpaýy hem-de daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän ähli şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Ekerançylaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen bol hasyly ýygnamagyň ýokary depginleri ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek we ilatyň azyk önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak boýunça çäreleriň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň görkezijisidir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlik gazanmaklaryny arzuw etdi we bu ýerden ugrady.