Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
17.03.2025

Türkmenistanyň Mejlisinde «Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi

В Меджлисе Туркменистана проведена конференция «Роль женщин в укреплении всеобщего мира и безопасности»

The conference entitled «The role of women in strengthening global peace and security» was held in the Mejlis of Turkmenistan

 

Häzirki wagtda Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hem-de Türkmen halknynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallary bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň belleniljek ýyly bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ýokary derejede geçirmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer döwlet syýasatyny dünýä ýaýmak, döwletimiziň halkara abraýyny artdyrmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär.

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek hem-de Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan durmuşa geçirilýän işleriň çäginde 2025-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisinde «Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi. 

Maslahata Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary hem-de ýurdumyzyň dürli pudaklaryndan işjeň zenanlar gatnaşdylar.

Maslahatda edilen çykyşlarda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygyndan ugur alyp, dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek babatda alnyp barylýan işleriň, parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek babatda döwletimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň, bu ugurda kabul edilen Kararnamalaryň ähmiýeti nygtaldy.

 

Maslahatda çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen döwletimizde köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde eneligi we çagalygy goldamak maksady bilen döredilýän mümkinçilikler, döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, bu babatda BMG-niň düzüm birlikleri bolan ÝUNESKO, ÝUNISEF we beýleki guramalar bilen durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ynsanperwer meseleleriň çözülmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan nusgalyk işleriniň halkara derejesinde ykrar edilýändigi bellenildi.

Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekilmegi hem ähmiýetli bolup durýar.

«Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde zenanlaryň orny» atly maslahata gatnaşyjylar maslahatyň döwletimiziň sebitde we dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde gazanan üstünliklerini we öňe sürýän başlangyçlaryny, parahatçylyksöýüjilikli içeri we ynsanperwer daşary syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmakda, wagyz etmekde uly ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar.

Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

В настоящее время под мудрым руководством глубокоуважаемого Президента и благодаря беспрецедентным усилиям Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Туркменистана Героя-Аркадага проводится большая деятельность по проведению на высшем уровне Международного года мира и доверия, который является годом празднования 30-летия постоянного нейтралитета Туркменистана,  пропаганде во всём мире миролюбивой, гуманной государственной политики нашей Независимой, постоянно Нейтральной страны, повышению международного авторитета нашего государства.

В рамках деятельности Меджлиса Туркменистана в соответствии с наименованием 2025 года «Международным годом мира и доверия» и проведением на высшем уровне мероприятий по случаю 30-летия постоянного нейтралитета Туркменистана,  а также Концепцией приоритетных направлений деятельности Туркменистана в течение Международного года мира и доверия, 17 марта 2025 года в Меджлисе Туркменистана проведена конференция «Роль женщин в укреплении всеобщего мира и безопасности».

В конференции приняли участие Ответственный секретарь Национальной комиссии Туркменистана по делам ЮНЕСКО, Герой Туркменистана Чинар Рустемова,  Постоянный представитель Программы Развития Организации Объединённых Наций в Туркменистане Нарине Саакян, глава Представительства Детского фонда Организации Объединённых Наций в Туркменистане Джалпа Ратна, Председатель Национального Центра профсоюзов Туркменистана, Центрального совета Союза женщин Туркменистана Огулдженнет Бердилиева, депутаты Меджлиса Туркменистана, счастливые, а также женщины, работающие в различных отраслях  нашего государства.

В выступлениях на конференции было подчёркнуто значение деятельности, проводимой по развитию и укреплению сотрудничества с государствами мира, авторитетными международными организациями, руководствуясь постоянным Нейтралитетом нашей страны, дважды признанным Организацией Объединённых Наций, международными инициативами по укреплению мира и доверия, выдвигаемыми нашим государством, Резолюциями, принятыми в этой области.

Участники конференции высказались о возможностях, создаваемых в нашем государстве благодаря  усилиям Героя- Аркадага и уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара в целях охраны материнства и детства в рамках многосторонних структур, а также о гуманной политике, проводимой  нашим государством, и обсудили вопросы повышения эффективности сотрудничества в этой области, реализуемого с ЮНЕСКО, ЮНИСЕФ, являющимися структурными единицами ООН,  в Международный год мира и доверия.

Было отмечено признание на международном уровне образцовой деятельности, проводимой Благотворительным фондом по оказанию помощи нуждающимся в опеке детям имени Гурбангулы Бердымухамедова, в решении гуманитарных вопросов.

В этом направлении является значимым подписание рабочего плана Меджлиса Туркменистана и представительства ЮНИСЕФ в Туркменистане на 2025 год по реализации Программы Детского фонда Организации Объединённых Наций (ЮНИСЕФ) по Туркменистану на 2021-2025 годы. 

Участники конференции «Роль женщин в укреплении всеобщего мира и безопасности» отметили важное значение конференции в пропаганде, разъяснении через парламентскую дипломатию миролюбивой и гуманной внешней политики Туркменистана, успехах, достигнутых в укреплении международного сотрудничества, и выдвигаемых инициативах нашего государства с целью обеспечения мира, доверия и устойчивого развития в регионе и во всём мире.

Участники конференции пожелали уважаемому Президенту Аркадаглы Герою Сердару и Национальному Лидеру туркменского народа, Председателю Халк Маслахаты Туркменистана Герою-Аркадагу дальнейших успехов в реализации внешней политики нашей страны, основанной на принципах доброжелательности, миролюбия, а также крепкого здоровья, долгих лет жизни, успехов в деятельности во имя интересов народа и страны, в великих делах общечеловеческого значения.

 

Currently, under the wise leadership of the highly Esteemed President and thanks to the unprecedented efforts of the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Hero-Arkadag, a lot of work is being done to hold the International Year of Peace and Trust at the highest level, which is the year of celebrating the 30th anniversary of Turkmenistan's permanent neutrality, promoting throughout the world the peace-loving, humane state policy of our Independent, permanently Neutral country, increasing the international authority of our state.

As part of the activities of the Mejlis of Turkmenistan in accordance with the name of 2025 as the «International Year of Peace and Trust» and the holding of high-level events on the occasion of the 30th anniversary of permanent neutrality of Turkmenistan, as well as the Concept of priority areas of Turkmenistan's activities during the International Year of Peace and Trust, on March 17, 2025, the Mejlis of Turkmenistan held a conference on the «The role of women in strengthening global peace and security».

The conference was attended by the Executive Secretary of the National Commission of Turkmenistan for UNESCO, Hero of Turkmenistan Chinar Rustemova, Permanent Representative of the United Nations Development Program in Turkmenistan Narine Saakyan, Head of the United Nations Children's Fund Representative Office in Turkmenistan Jalpa Ratna, Chairperson of the National Center of Trade Unions of Turkmenistan, the Central Council of the Women's Union of Turkmenistan Oguljennet Berdiliyeva, deputies of the Mejlis of Turkmenistan, as well as women working in various sectors of our state.

The speeches at the conference was emphasized the importance of the activities carried out to develop and strengthen cooperation with countries of the world, authoritative international organizations, guided by the permanent Neutrality of our country, twice recognized by the United Nations, international initiatives to strengthen peace and trust, put forward by our state, and Resolutions adopted in this area.

The conference participants spoke about the opportunities created in our country thanks to the efforts of the Hero Arkadag and the Esteemed President Arkadagly Hero Serdar for the protection of motherhood and childhood within the framework of multilateral structures, as well as the humane policy pursued by our state, and discussed issues of increasing the effectiveness of cooperation in this area, implemented with UNESCO, UNICEF, which are structural units of the UN, in the International Year of Peace and Trust. The recognition at the international level of the exemplary activities carried out by the Gurbanguly Berdimuhamedov Charitable Foundation for Assistance to Children in Need of Guardianship in solving humanitarian issues was noted.

In this direction, the signing of the work plan of the Mejlis of Turkmenistan and the UNICEF Representative Office in Turkmenistan for 2025 for the implementation of the United Nations Children's Fund (UNICEF) Program for Turkmenistan for 2021-2025 is significant.

Participants of the conference «The role of women in strengthening global peace and security» noted the importance of the conference in promoting, explaining through parliamentary diplomacy the peaceful and humane foreign policy of Turkmenistan, the successes achieved in strengthening international cooperation, and the initiatives put forward by our state to ensure peace, trust and sustainable development in the region and throughout the world.

The conference participants wished the Esteemed President Arkadagly Hero Serdar and the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Hero Arkadag further success in implementing the foreign policy of our country, based on the principles of goodwill, peacefulness, as well as good health, long life, success in activities in the name of the interests of the people and the country, in great deeds of universal significance.