Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

 

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýurdumy­zyň bi­lim ul­ga­my­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek we onuň kanunçylyk bin­ýa­dy­ny döw­re­baplaş­dyr­mak esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Arka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­galla­la­ry bi­len bi­lim ulgamy­ny kä­mil­leş­dirme­giň çäk­le­rin­de bi­lim eda­ra­la­ry hä­zir­ki za­man komp­ýu­ter­le­ri, mul­ti­me­di­a teh­nolo­gi­ýa­la­ry bi­len üp­jün edil­ýär. 

Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2021-nji ýy­lyň 5-nji iýu­nyn­da bi­lim ba­bat­da gat­na­şyk­la­ryň hu­kuk esas­la­ry­ny düz­gün­leş­dir­ýän we döw­let syýasatynyň ýö­rel­ge­le­ri­ni, şeýle hem bi­lim ul­ga­my­nyň mak­sat­la­ry­ny, we­zi­pe­le­ri­ni, ýe­ri­ne ýe­tir­ýän iş­le­ri­ni we onuň işi­ni do­lan­dyr­ma­gyň gurama­çy­lyk esas­la­ry­ny kes­git­le­ýän «Bi­lim ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi tas­syk­la­nyl­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Esa­sy Ka­nu­nyn­da —­ Kons­ti­tu­si­ýa­syn­da ýur­duň bi­lim ulga­my­nyň işi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýaş­la­ra ter­bi­ýe ber­mek, ola­ry dur­mu­şa taý­ýar­la­mak me­se­le­si Kons­ti­tu­si­ýa­my­zyň 40-njy maddasyn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. On­da: «Döw­let ýaş­la­ryň hu­kuk­la­ry­nyň we azat­lyk­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy üçin şert­le­ri dö­red­ýär we ola­ryň hem­me­tarap­la­ýyn ösü­şi­ne ýar­dam ed­ýär» diý­lip bel­le­nil­ýär. 

Hem­me­ta­rap­la­ýyn saz­la­şyk­ly ösen ýaş nes­li ke­ma­la ge­tir­mek wezipe­si­ni maş­gala­nyň, döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň bi­le­lik­dä­ki ut­ga­şyk­ly işi­niň ne­ti­je­sin­de üs­tün­lik­li ýeri­ne ýe­ti­rip bol­ar. 

Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de ýaş­la­ryň bi­lim almaklaryna, kä­mil hünär­men bolup ýe­tiş­mek­le­ri­ne äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Ýur­du­my­zyň dürli kün­jek­le­rin­de döwre­bap bi­lim ojak­la­ry gur­lup ulan­ylma­ga be­ril­ýär. Şeý­le hem or­ta mek­dep­le­r tä­ze komp­ýu­ter en­jam­la­ry, mul­ti­me­dia tagtalar bi­len üp­jün edil­ýär. Mu­nuň özi döw­let ta­ra­pyn­dan äh­li şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gini, ýaş ne­sil­le­r üçin giň müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny beýan ed­ýär. 

Mil­li bi­lim ul­ga­my­ny has-da ös­dürmek, özgert­me­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň mek­deple­rin­de hem­me­ta­rap­la­ýyn so­wat­ly, watan­sö­ýü­ji nes­li ter­bi­ýe­le­mä­ge bo­lan üns has-da ýo­kar­lan­ýar. Bu ugur in­tel­lek­tual jem­gy­ýe­tiň ke­ma­la gel­me­gi­niň esa­sy hök­mün­de saý­la­nyp alyn­ýar. 

Ýur­du­my­zyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy ýaş­lara döw­re­bap bi­lim we ter­bi­ýe ber­me­giň berk ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy bo­lup dur­ýar. Ýur­du­my­zyň bi­lim ulga­my­nyň hu­kuk bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak ba­bat­da ta­gal­la­la­ry ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za tüýs ýü­rek­den buý­san­jy­my­zy be­ýan ed­ýäris. Goý, Gah­ry­man Arkadagymyzyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň janla­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, il-ýurt bähbit­li be­ýik iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra beslensin! 

 

Orazdurdy ABDYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar 

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy

09.10.2023 Giňişleýin

SAGDYN JEMGYÝETIŇ BERK BINÝADY

Türk­me­nis­tan­da be­den­ter­bi­ýe we sport ul­ga­my­ny ös­dür­mek boýun­ça giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Bu ugurda mil­li ka­nun­çy­ly­gy has-da döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan çä­re­ler hem oňyn ne­ti­je­le­ri ber­ýär. Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­bat­da­ky mil­li ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len çä­re­ler ýur­du­my­zyň ra­ýat­lary­nyň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­me­gi­ne gö­nük­di­ri­lip, «Be­den­ter­bi­ýe we sport ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýar.

 «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenis­ta­nyň Ka­nu­ny­na laýyk­lyk­da, be­den­ter­bi­ýe we sport ba­bat­da döw­let sy­ýa­sa­ty ra­ýat­la­ryň dur­mu­şy­nyň hi­li­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ke­ma­la ge­tir­mä­ge, hä­zir­ki za­man dur­muş şert­le­ri­ne uý­gun­laş­ma­ga ukyply, beden we ru­hy taý­dan ösen ýaş nes­li ter­bi­ýele­mä­ge, hal­ka­ra sport ýaryşla­ryn­da üs­tün­lik­li çy­kyş et­mek mak­sa­dy bi­len, spor­tuň gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça sport äti­ýaç­ly­gy­ny we Türk­me­nis­tanyň mil­li ýy­gyn­dy toparlary­ny taý­ýar­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. 

Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­myz­da at­çy­ly­gy, at­ly spor­ty ös­dür­me­giň hu­kuk, yk­dy­sa­dy we gu­ra­ma­çy­lyk esas­la­ry­ny kes­git­le­ýän hem-de Türkme­nis­tan­da aras­sa gan­ly to­hum at­la­ryň ge­no­fon­du­ny go­rap saklama­ga gö­nük­di­ri­len, şeý­le hem at­la­ryň ös­dü­rip ýe­tiş­di­ril­ýän, köpeldil­ýän we ula­nyl­ýan ma­ha­lyn­da ýü­ze çyk­ýan gat­na­şyk­la­ry düzgünleş­dir­ýän «At­çy­lyk we at­ly sport ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Kanu­ny ka­bul edil­di. Ka­nu­nyň 3-nji mad­da­syn­da bel­le­ni­li­şine laýyklykda, at­çy­lyk we at­ly sport ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň kanunçylygy­nyň mak­sat­la­ry at­çy­lyk­da to­hum­çy­lyk işi­ni gowulandyrmak, hal­ka­ra ge­no­fon­du­na gir­ýän at­la­ryň mil­li tohumlarynyň to­hum öze­ni­ni go­rap sak­la­mak, at­la­ryň to­hu­my­ny köpeltmek we kä­mil­leşdir­mek üçin hu­kuk ke­pil­lik­le­ri­ni dö­ret­mek ar­ka­ly at­çy­ly­gy ös­dür­mek, Türk­me­nis­tan­da at­ly spor­ty ös­dür­mek we ýaýratmak, şeý­le hem at­ly sport­da ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­mak bo­lup dur­ýar. 

Sport­da do­pin­ge gar­şy gö­reş­mek we adalat­ly bäs­deş­li­gi üp­jün etmek bi­len bag­la­ny­şyk­ly aý­dy­lan­da «Sport­da do­pin­ge gar­şy gö­reş­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň äh­miýe­ti ulu­dyr. Bu Ka­nun işiň hu­kuk, gu­ra­ma­çy­lyk we yk­dy­sa­dy esas­la­ry­ny bel­le­ýär hem-de Türkmenis­tan­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça döw­let sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. 

«Pro­fes­sio­nal sport ha­kyn­da» Türk­me­nista­nyň Ka­nu­nyn­da de­giş­li ugur­da jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­ny düz­gün­leş­dir­me­giň esas­la­ry bellenil­ýär hem-de pro­fes­sio­nal tür­gen­le­riň, pro­fes­sio­nal tä­lim­çi­le­riň, pro­fes­sio­nal sport emin­le­riň we pro­fes­sio­nal sport ba­bat­da işi ama­la aşyr­ýan beý­le­ki hü­när­men­le­riň hu­kuk ýag­da­ýy kes­git­le­nil­ýär.

 Sport bi­len bir ha­tar­da jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýörelgeleri­ni ber­ka­rar et­me­giň ka­nun­çy­lyk esas­la­ry hem pugtalandyrylýar. «Al­ko­go­lyň zy­ýan­ly tä­si­ri­niň öňü­ni al­mak ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň, «Türkme­nis­ta­ny tem­mä­ki­den azat ýur­da öwür­mek bo­ýun­ça 2022 – 2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma­nyň» ka­bul edil­me­gi hem hut şeý­le asyl­ly mak­sat­dan ugur alyp, berk be­den­li, sag­dyn ruh­ly ýaş­la­ry ke­ma­la ge­tir­mek we­zi­pesi­ni na­zar­la­ýar. 

Sag­dyn jem­gy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mä­ge gö­nük­di­ri­len iş­le­re go­şant goş­mak her bir raýa­tyň bor­ju­dyr. Bu ýö­rel­ge ýur­du­myzyň bi­lim ojaklaryn­da, eda­ra-kär­ha­na­lar­da yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän wa­gyz-ne­si­hat çäre­le­rin­de, ýaş­lar bi­len du­şu­şyk­lar­da gi­ňiş­le­ýin dü­şün­di­ril­ýär. Asylly mak­sat­la­ryň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk taý­dan ber­ki­dil­me­gi bol­sa kä­mil jemgyýe­tiň bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ýar. 

Hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy, ýaş ne­sille­riň be­den we ru­hy taý­dan sagdyn ös­me­gi ug­run­da uly ta­gal­la­la­ry ed­ýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bolsun! 

 

Perman SAPAROW, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Dur­muş 

sy­ýa­sa­ty ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň

07.10.2023 Giňişleýin

SAGDYNLYK DURMUŞYŇ GÖZBAŞYDYR

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­myz­da «II sag­ly­gy­ - ýurt baý­ly­gy» di­ýen pä­him­den ugur al­nyp, Türk­menis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­da jemgy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy hökmün­de yg­lan edi­len adam sag­ly­gy­ny go­ra­mak ba­bat­da giň möç­ber­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ramak­da, ke­sel­le­riň öňü­ni almak­da we ola­ry ýok et­mek­de, sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty puda­gy­ny dün­ýä de­re­je­sin­de ös­dürmek­de ýur­du­myz­da uly ösüş­ler gazanyl­dy. 

Be­ýik akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň: «Sagly­gyň gad­ry­ny bil­gil, has­ta bol­mas­dan bu­run» diý­şi ýa­ly, ynsan saglygyny goramak, sag­ly­gyň ga­dy­ry­ny bil­mek hal­ky­my­zyň ga­dym­dan gelýän ýörel­ge­si­dir. Sag­lyk her bir ada­myň iň uly baý­ly­gy­dyr. Adam­la­ryň sagly­gy­ny go­ra­mak bol­sa döw­le­ti­mi­ziň baş ala­da­sydyr. Çün­ki her bir adam ha­kynda­ky ala­da, bu tu­tuş jem­gy­ýet ha­kyn­da­ky ala­da­dyr. Şun­dan ugur alnyp, halkymyza ýokary hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ryny et­mek, ra­ýat­la­ry­my­zyň ömür do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­mak döwlet sy­ýa­sa­ty­my­zyň ile­ri tu­tulýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. 

Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy, UNI­SEF we beýleki halkara guramalar bilen hyz­mat­daş­lyk­da ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­niň dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­ne tej­ri­be we hü­när kämil­leş­di­riş okuw sa­par­la­ry ama­la aşy­ryl­ýar. 

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2019-­njy ýy­lyň 30­-njy aw­gus­tynda gol çe­ken Per­ma­ny­na la­ýyklyk­da, her ýy­lyň 10­-njy okt­ýabryn­da Türkme­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­ni bel­le­nil­ýär. Bu bol­sa sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň tu­tan­ýer­li zäh­me­ti­ni, ila­tyň sag­dyn dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge goş­ýan uly go­şant­la­ry­ny has­-da da­ba­ra­lan­dyr­ýar. Sag­ly­gy go­raýyş eda­ra­la­ryn­da zäh­met çe­kip, hal­kyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da, sag­ly­gy go­ra­ýyş işi­ni ösdür­mekde go­şant go­şan ýo­ka­ry hü­när­li luk­man­la­ra «Türk­me­nis­ta­nyň halk luk­ma­ny» di­ýen hor­mat­ly at da­kyl­ýar. 

«Sag­lyk» Döw­let mak­satna­ma­sy­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, ýur­dumy­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my dün­ýä de­re­je­sin­de ösdü­ril­di. Ýur­du­myz­da adam öm­rü­niň or­ta­ça do­wam­ly­ly­gy art­dy. Gazany­lan bu aja­ýyp üs­tün­lik­ler­de sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man sena­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­niň uly pa­ýy bar. 

Mähri­ban Luk­man Ar­ka­da­gy­my­zy, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymy­zy hem­-de bü­tin hal­ky­my­zy Türk­me­nis­tanyň Sag­ly­gy goraýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­ni my­nasy­bet­li gut­la­ýa­rys. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hem-de Gahry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň janla­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun! Alyp barýan tu­tum­ly iş­le­ri rowaçlykla­ra bes­len­sin! 

 

Annamuhammet SARJAÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň 

Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.

07.10.2023 Giňişleýin

DÖWLET SYLAGY — BELENTLIKLERE BADALGA

Hormatly Prezidentimiziň umumydöwlet we ählihalk bähbitleriniň ileri tutulmagyna gönükdirilen parasatly syýasaty milli kanunçylygy kämilleşdirmek babatyndaky işleriň aýdyň ýol görkezijisidir. Hukuk döwletimizde hereket edýän milli kanunçylygymyz Esasy Kanunymyza daýanmak bilen, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, jemgyýetimiziň has-da jebisleşmeginde ygtybarly esas bolup çykyş edýär. 

Täze taryhy eýýamymyzda kanunçylyk ulgamyny döwrebap kämilleşdirmek, olary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda baýlaşdyrmak döwlet işiniň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahaty geçirildi. Bu maslahatda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe Kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalaryndan, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde goýan wezipelerinden we gymmatly maslahatlaryndan ugur alnyp, şeýle hem degişli edaralardan gelen teklipler seljerilip, Mejlisiň bu maslahatynda «Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, teklipler bilen başga-da birnäçe Kanunlaryň taslamalary hödürlenildi hem-de deputatlaryň biragyzdan goldap, ses bermegi netijesinde kabul edildi. 

Güneşli diýarymyzda adamyň bähbitlerini ileri tutmak arkaly durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk ýörelgelerine laýyklykda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny goldamak hem-de bu ugurda uly hyzmatlary bitiren raýatlary sylaglamak maksady bilen, «Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi aýratyn bellärliklidir. 

Alym Arkadagymyzyň uly ähmiýetli syýasy, ylmy, döredijilik işleri halkara derejesinde ykrar edilip, ençeme abraýly halkara guramalaryň we dünýä döwletleriniň sylaglaryna mynasyp boldy. Dünýäde ykrar edilen Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň watansöýüjiligi, parasatlylygy, öňdengörüjiligi, akýürekliligi, zehini, pespälliligi, zähmetsöýerliligi bütin türkmen halkyna, dünýä jemgyýetçiligine we geljekki nesillere görelde alarlykdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň döredilmegi örän ýerliklidir. 

Bu ýokary döwlet sylagy bilen çagalaryň we ýaşlaryň iň gowy bähbitleriniň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary, bu işleriň halkara derejede ykrar edilmegine goşan goşantlary üçin ýokary ynsanperwer, adamkärçilikli, kärine, halkymyza, Garaşsyz hem Bitarap Watanymyza wepaly bolan lukmanlar, mugallymlar, terbiýeçiler, ylmy, döredijilik, döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki raýatlarynyň sylaglanylmagy döredijilikli zähmetiň has-da dabaralanmagyna ýardam eder. Ak ýürekli, döredijilikli zähmeti bilen halklaryň arasynda dost-doganlygy, ynsanperwerligi ilerletmäge ýardam eden daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň göreldeli zähmeti üçin hem bu sylaga mynasyp bolup bilýändigi onuň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. 

Türkmenistanyň «Arkadag» medalyna mynasyp bolanlaryň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sylaglanýandygy hemde bu medala mynasyp bolan adama Türkmenistanyň «Arkadag» medaly we şahadatnamasy, onuň ýany bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň nyşany ýerleşdirilen ýörite sowgadyň hem dabaraly ýagdaýda gowşurylýandygy ony aýratyn tapawutlandyrýar. 

Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Meňli DIWANOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Adam hukuklaryny 

we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiň agzasy

06.10.2023 Giňişleýin

IL-ÝURT BÄHBITLI ÇÖZGÜTLER

 

Watany söýmegiň, şan-şöhratyny belende galdyrmagyň nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi döwletimiziň berkararlygynyň, mähriban halkymyza täze üstünlikleriň garaşýandygynyň, belent sepgitlere ýetmegiň gözbaşynda bolsa il agzybirliginiň, ýurt parahatçylygynyň durandygynyň aýdyň mysaly boldy. Döwletli maslahatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň eden taryhy çykyşlary her bir raýatyň öz iş ýerinde halal zähmet çekmek bilen, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmaga bolan hyjuwyny artdyrdy. 

Taryhy mejlisiň tutuş dowamynda ýurdumyzyň ösüşdir özgerişlerine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna, nurana ertirine dahylly, ajaýyp döwrümiziň iň bir möhüm ugurlaryna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda dürli ýaşdaky, dürli kärdäki bagtyýar adamlaryň pikir-garaýyşlary diňlenildi. Ýokary ruhubelentlikde geçen mejlis Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň mynasyp dowam etdirilýändigini, Arkadagly Serdarymyzyň ähli tagallalarynyň, aladalarynyň röwşen ykbally halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýändigini ýene bir gezek subut etdi. 

Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi bolan «Altyn Aý» altyn nyşanynyň gowşurylmagy bilen, Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy has-da guwandyryjy pursat boldy. Munuň özi bagtyýar halkymyzyň agzybirliginiň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, bir maksada gulluk edilýändiginiň aýdyň mysalydyr, halkymyzyň özboluşly milli demokratik ýörelgesiniň belent derejelere göterilýändiginiň güwäsidir. 

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka bolan Halk Maslahatynyň mejlisinde garalan meseleler we kabul edilen çözgütler, ilkinji nobatda, il-ýurt bähbidinden ugur alýandygy bilen has-da ähmiýetlidir. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmak, milli kanunçylygy berkitmek bilen bir hatarda, energetika, senagat, oba hojalygy pudaklaryny, ulag-logistika, saglygy goraýyş, bilim, sport we medeniýet ulgamlaryny sazlaşykly ösdürmek bilen baglanyşykly amala aşyrylan we aşyrylmaly işler barada aýdanlary geljekki gazanylmaly ösüşlere badalga berýär. Şunda Arkadagly Serdarymyzyň ähli pudaklarda işleri döwrebap guramak bilen bagly her bir başlangyjy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda örän uly ähmiýete eýedir. Halk Maslahatynyň mejlisinde garalan meseleler, kabul edilen çözgütler, öňde goýlan anyk wezipeler we aýdyň maksatlar ata Watanymyzyň mundan beýläk-de bedew batly ösüş-özgerişlere beslenjekdiginden habar berýär. Şeýle çözgütleriň geljegiň röwşen ýoluny aýdyň kesgitleýändigini bellemek gerek. 

 

Annabagt Ma­ýewa, 

welaýat Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

05.10.2023 Giňişleýin

TARYHY ÇÖZGÜTLER WAGYZ EDILDI

«Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikden

 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň çözgütlerini wagyz etmek, hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagyny dabaralandyrmak maksady bilen, golaýda «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň, welaýat halk maslahatynyň, welaýat kitaphanasynyň, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. 

Söhbetdeşlik Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, şäher halk maslahatynyň wekilleriniň, Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylaryň gatnaşmagynda welaýat kitaphanasynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty: taryhy ösüşlere badalga» atly şygar astynda geçirildi.Söhbetdeşligiň dowamynda Mejlisiň deputatlary — Boldumsaz etrabynyň Zähmetkeş geňeşliginiň Geňeşiniň hünärmeni Aşyr Toýlyýew, Akdepe etrap bilim bölüminiň hünärmeni Mähriban Kurambaýewa, welaýat halk maslahatynyň agzalary - TDP-niň Şabat etrap komitetiniň başlygy Täzebaý Şermetow, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Mähri Bekiýewa, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory, şäher halk maslahatynyň başlygy Allanazar Garajanow, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjy Sylap Atabaýew dagy çykyş edip, umumymilli forumyň çözgütleri barada pikir alyşdylar. 

Çykyşlarda bellenilip geçilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen umumymilli forum taryhy ähmiýetliligi taýdan ýokary derejä eýe boldy. Ol Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bir-birine utgaşýan belent tutumlarynyň üstüni ýetirdi we şol bir wagtyň özünde halk bilen hormatly Prezidentimiziň baky jebisligini tutuş aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşlaryndan gelip çykýan wezipeleriň ählisi döwlet syýasatynyň ugurlarynda ýerine ýetirilen işlere we öňde goýlan belent maksatlara gönükdirildi. Ol tutumlaryň ýurdumyzda uzak geljegi nazarlaýan maksatnamanyň esasynda amala aşyrylýandygy nukdaýnazaryndan, bellenilen sepgide maksat edilişine laýyk ýetiljekdigine doly kepil geçýär. Bu bolsa döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşiň täze menzillerini nazarlaýandygy, ýurduň ylmyň iň soňky gazananlaryna laýyk derejede kuwwatlanmagyna uly mümkinçilikleriň döredilýändigi, şol bir wagtyň özünde dünýä giňişliginde ornunyň çuňlaşýandygy häsiýetliligine uly esas döredýär. 

Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen taryhy çözgüt, ýagny merdana halkymyzyň ýürek arzuwlary, umumy milli foruma gatnaşan ýaşulularyň isleg-haýyşlary nazarda tutulyp, hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy baky bitewüligiň mizemez häsiýete eýedigini ýene bir ýola subut etdi. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji gününden Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, ýurdumyzy hem jemgyýetimizi ösdürmegiň baş ugruna öwrülen «Döwlet adam üçindir!» diýen belent şygaryň dowamatyna «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymaty bilen dowam berip, halkyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna beýik işleri amal edip gelýär. Täze taryhy döwrüň belent tutumlaryna şan berjek maksatnamany öňe sürüp, onuň tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirilmegini gazanmaga uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň her bir tutumy asylly işlere badalga bolup, durmuş hakykatynda öz beýanyny tapýar. Ol Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň umumymilli forumda eden çuň manyly çykyşynda döwletimiziň  Hökümetiniň ýerine ýetiren işleri we öňde duran wezipeleri barada belläp geçmeginde hem aýdyň görünýär. 

Şeýle hem çykyş edenler taryhy çözgütleriň öňde täze wezipeleri goýýandygy, oňa her bir raýatyň öz ornunda mynasyp iş bilen jogap bermelidigi dogrusynda nygtap geçdiler. Halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan, döwletimizi ösüşiň belent sepgitlerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atlaryna tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. 

 

«Daşoguz habarlary»

05.10.2023 Giňişleýin

ÄHLUMUMY BAŞLANGYÇLAR uly goldawa eýe bolýar

 

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan edilen 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz BMG-niň häzirki döwürde hem parahatçylygy saklamak, ählumumy hem-de hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklaryň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny gurama bolup çykyş edýändigine ünsi çekmek bilen, bu guramanyň işini kämilleşdirmek boýunça möhüm başlangyçlaryny beýan etdi. Hususan-da, dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlaryny hem-de meýillerini hasaba almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamak teklip edildi.

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022 - 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipelerde bellenilişi ýaly, Türkmenistan sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak, täze wehimlere hem-de howplara garşy bilelikde göreşmek wezipelerini durmuşa geçirmek babatda öňüni alyş diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşen sebit merkeziniň işine doly ýardam berýär. Sebit merkeziniň iňiniň çäklerinde sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, umumysebit wehimlerini we howplaryny duýdurmagyň syýasy-hukuk, diplomatik we ykdysady usullaryny emele getirmek we herekete geçirmek meselelerinde köptaraply geňeşdarlyk hem-de gepleşikler usulyny ýola goýmak ähmiýetli bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň esasy maksady Merkezi Aziýada ýüze çykyp biläýjek ýagdaýlaryň güýçlendirilen dialog arkaly öňüni almak bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — BMG» ugry boýunça inklýuziw, doly görnüşli we ulgamlaýyn dialogy ýola goýmagyň wagtynyň gelendigine ynam bildirip, Türkmenistanyň oňa girişmäge hyzmatdaşlary hormat bilen çagyrýandygyny nygtady. Türkmenistan Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan bilen iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümlerinde bolşy ýaly, «C5+1» diplomatik meýdançanyň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa we Hazar sebiti dünýäniň üns merkezinde durýar. Şu nukdaýnazardan, döwletara we hökümetara hyzmatdaşlygynda «Merkezi Aziýa+1» görnüşinde hyzmatdaşlygyň gerimi giňeýär. Şeýle-de ABŞ, Ýewropa Bileleşigi, Ýaponiýa, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Koreýa Respublikasy, Russiýa Federasiýasy ýaly dünýäniň iri ykdysadyýetleri bilen «C5+1» görnüşinde sammitler geçirilýär. Bu syýasy ýagdaý sebitde maýa goýum mümkinçilikleriniň, senagat kooperasiýasynyň täze derejelere çykmagyna syýasy goldawy üpjün edýär. 

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna üýtgewsiz eýerýän Garaşsyz Türkmenistan halkara giňişliginde parahatçylygy döretmekde, ýüze çykýan ýagdaýlara dialogyň üsti bilen çemeleşmegi ýola goýmakda işjeň orny eýeleýär. Häzirki döwürde biziň ýurdumyz bütin dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin Ýer ýüzüniň köp döwletleri bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de abraýly guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Halkara gatnaşyklary düzgünleşdirýän esasy edara hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň utgaşdyryjy ornuna ýurdumyz ýokary baha berýär we bu gurama bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Bu strategik hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň sebit we umumydünýä ähmiýetli möhüm başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde iri maksatnamalary bilelikde ýerine ýetirmekde amala aşyrylýar. 2023-nji ýylyň 27-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzda iş alyp barýan düzüm birlikleri bilen Türkmenistanyň degişli edaralarynyň arasynda 26 sany resminama gol çekildi. Bu resminamalar Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 - 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen işleriň toplumyny öz içine alýar. 

Ýer ýüzünde parahat durmuşy, adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda «Dialog – parahatçylygyň  kepili» filosofiýasyny dünýäde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun! 

 

Kerimguly GELDIÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy

05.10.2023 Giňişleýin

EZIZ DIÝAR GÜL AÇ ÝAR

 

Ynsan durmuşyny gözel tebigatsyz göz öňüne getirmek çetin. Adamlar tebigatyň döredýän gözelligine buýsanyp, oňa eýeçilik gözi bilen garap gelýärler. Olar ir döwürlerden bäri tebigat bilen dostlaşypdyrlar, ýaplaryň, salmalaryň boýuna saýalyk, miweli agaçlary oturdyp, tebigatyň gözelligine görk goşupdyrlar. Adam yhlasy bilen keremli topraga ekilen agaç nahallary kem-kemden kemala gelip, daşky gurşawy goramakda esasy çäreleriň biri bolupdyr. 

Tebigat bilen baglanyşykly şahyrana setirlerde: “Kim-de kim bir agaç ekse ýadygär, dünýäň kitabynda onuň ady bar” diýlen sözler beýan edilýär. Bu günki gün gök öwsüp oturan agaçlar türkmen tebigatyny görklendirýär. Keremli topragymyzda biten agaçlaryň özboluşly gözelligi bar. 

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramakda esasy çäreleriň biri hem şäherdir obalary bagy-bossanlyga öwürmekdir. Ýetişdirilen miweli hem-de saýalyk baglar ýeliň güýjüni saklaýar, ýylylygy sazlaşdyrýar, howany tozandan hem-de göze görünmeýän mikro bedenjiklerden goraýar. Ösümlikler howanyň arassalanmagyna 20 göterim täsir edýär. Bar bolan gök ösümlikleriň howanyň düzümine hem-de arassalygyna täsiri uludyr. Agaçlar howanyň düzümindäki kömür turşy gazyny özüne sorup, howany kislorod bilen baýlaşdyrýar. Bir gektardaky bar bolan baglar 1 sagadyň dowamynda 8 kilogram kömürturşy gazyny özüne siňdirip bilýär. Şeýle hem 1 gektardaky pürli agaçlaryň bir günüň dowamynda 4 kilogram, ýaprakly baglar bolsa 2 kilogram fitonsid häsiýetli organiki maddalary bölüp çykarýandygyny alymlar tassyklaýar. Hut şeýle bolansoň, ösümlikleriň täsiri bilen howadaky bar bolan zyýanly maddalaryň sanynyň günüň dowamynda 50 göterimden gowrak azalýandygy mälimdir. 

Ata Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýylyň-ýylyna ýurdumyzy bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwürmek maksady bilen obadyr şäherlerimizde saýalyk we miweli bag nahallarynyň millionlarça düýbi köpçülikleýin oturdylýar. Eziz Diýarymyz gün-günden gül açýar. 

 

Arslan HAÝYDOW. 

TDP-niň Tagtabazar etrap komitetiniň 

sanly ulgamy dolandyrmak boýunça elektron

 hasaplaýyş maşynynyň operatory, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

05.10.2023 Giňişleýin

SANLY BANK HYZMATLARY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan, täzeçil ýörelgeleri maksat edinýän ykdysady syýasatynyň netijesinde döwletimiz sebitde syýasy durnuklylygy saklamakda we oňa goldaw bermekde, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde daşary ýurtly maliýe we bank edaralarynyň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşyna öwrülýär. Şonuň ýaly-da ýurdumyz tarapyndan Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýleki halkara maliýe guramalary we bank edaralary bilen netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn üns berilýär.

 Halkara maliýe guramalary we bank edaralary bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ýola goýulmagy netijesinde gazanylýan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi hünärmenleriň halkara derejesinde iş tejribelerine eýe bolmaklaryna we deňhukukly maliýe gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna getirýär. Halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde we umumadamzat ösüşine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda ýurdumyzyň alyp barýan kämil syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldaw tapýar. 

Häzirkizaman innowasion ösüşiniň kämil sanly önümleri bolan maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň maliýe-bank edaralaryna ornaşdyrylmagy olaryň işiniň döwrebaplaşdyrylmagyna, banklaryň iş gurallarynyň kämilleşmegine, müşderiler bilen aragatnaşyk usullarynyň döwrebaplaşmagyna oňyn şert döredýär. Bazar ykdysadyýetiniň dabaralanýan häzirki şertlerinde bank işini innowasion tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Sebäbi bank hyzmatlarynyň hilini kesgitleýän täze önümler bank işjeňliginiň esasy görkezijileriniň biri bolup durýar. Ýurdumyzda milli sanly ulgamyň döredilmegi-de, ilkinji nobatda, ilatyň maddy-hal ýagdaýynyň has-da ýokarlanmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Nagt däl görnüşli tölegleriň amala aşyrylmagy bolsa ykjamlylyk we amatlylyk ýaly häsiýetleri özünde jemleýän häzirki zaman amatly we howpsuz gurallary hödürlemäge mümkinçilik berýär. Dünýä ykdysadyýetiniň ösen bäsleşikli bazarynda bank müşderileri bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak, täze müşderileriň ünsüni çekmek üçin innowasion tehnologiýalary ulanmak wajyp hasaplanylýar. Şeýle-de ýerine ýetirilýän tölegleriň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen gorag üpjünçiligi has-da kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň bank ulgamlarynda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi giňeldilip, töleg hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandyrylýar. Muňa mysal edip, nagt däl görnüşinde dürli salgytlaryň we ýygymlaryň, ätiýaçlandyryş tölegleriniň, jemagat hyzmatlary we beýleki tölegleriniň sanly ulgam arkaly hasaplaşyklarynyň ýola goýulmagyny bellemek bolar. 

Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça çuňňur oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan Maksatnamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi diňe bir berkarar Watanymyzyň esasy ykdysady görkezijileriniň ýokarlanmagyna, içerki önümleriň artmagyna hem-de bank-maliýe amallarynyň töwekgelçiliksiz gysga möhletlerde ygtybarly geçirilmegine ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, milli ykdysadyýetimizi ähli derejede hil taýdan täze belentliklere çykarmaga mümkinçilik berýär. Çünki sanly ykdysadyýet häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň has möhüm bölegine öwrülmek bilen harytlaryň we hyzmatlaryň önümçiliginiň dolandyrylyşyny döwrebap intellektual tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly milli ykdysadyýetleri ösüşler ýolunda kämilleşdirmegiň täze tapgyryny aňladýar. 

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatlarynyň her birinde bagtyýar watandaşlarymyzyň hukuklaryny goraýan kanunçylyk namalarynyň uly toplumyna seredil ýär. Milli parlamentimiziň ýedinji çagyrylyşynyň ýakynda geçirilen üçünji maslahatynda hem şeýle boldy. Onda «Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem maslahatyň barşynda ýurdumyzyň dostluga we ygtybarlylyga daýanýan daşary syýasatyny ösdürmek, döwlet sylaglary, kazyýet, gümrük kodeksi, puluň kadalaşdyrylmagy we beýleki ugurlar boýunça ozal kabul edilen kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmegiň meselelerine seredildi. Bu hukuk resminamalarynyň kabul edilmegi bolsa milli kanunçylygymyzyň kämillik ýolunda täze sahypa öwrüler. 

 

Laçyn HAÝDAROWA, 

Dänew etrabyndaky 22-nji çagalar bakja-bagynyň 

müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

05.10.2023 Giňişleýin
1 ... 51 52 53 54 55 ... 59