The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

HALK MASLAHATY — AGZYBIRLIGIŇ BERK BINÝADY

 

Şu gün­ler ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy ­jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da­ky möhüm wa­ka —­Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne uly taýýar­lyk gö­rül­ýär. Türkme­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň äh­mi­ýe­ti barada ge­çi­ril­ýän wa­gyz­-ne­si­hat çä­re­lerin­de we du­şu­şyk­lar­da bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­my­zyň Di­ýa­ry­my­zyň gel­jek­ki ösüş­le­ri­ni kes­git­le­jek bu uly waka sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýan­dyk­la­ry be­ýan edil­ýär. 

Her bir gü­ni şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýän Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eýýamy­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ag­zy­bir hem je­bis türk­men hal­ky mukad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­lyk baý­ra­my­na uly zäh­met üs­tün­lik­le­ri bi­len bar­ýar. Şöh­rat­ly ta­ry­hy bo­lan hal­ky­myz äh­li zamanlarda­-da il ýurt bäh­bit­li me­se­le­le­ri da­na ýa­şu­lu­la­ryň gatnaşmagynda ag­zy­bir­lik­de ge­ňeş edip çö­züp­dir­ler, hal­kyň, döw­le­tiň me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­lahat­la­şyp­dyr­lar. Bu ýö­rel­gä­niň aja­ýyp döwrümiz­de has­-da ro­waçlan­ýan­dy­gy buý­san­jy­my­zy art­dyr­ýar. 

Ýa­kyn­ gün­ler­de ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de hem il­-ýurt bäh­bit­li tä­ze-­tä­ze çöz­güt­ler öz be­ýa­ny­ny ta­pyp, ol türk­men de­mok­ra­ti­ýa­sy­nyň no­bat­da­ky ge­zek da­ba­ra­lanma­sy bo­lar. Halk Mas­la­ha­ty hal­ky­my­zyň mil­li de­mok­ra­ti­ýa­sy­dyr, asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň rowaç­ly­gy­dyr. Şo­nuň üçin hem bu umu­mymil­li fo­rum hal­ky­myz­da uly buý­sanç­ dö­red­ýär, uly üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­ýar. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan pa­ra­sat­ly sy­ýa­sa­ty netijesinde, ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi, hal­kyň hal­-ýag­da­ýy­ny gowu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler bar­ha giň ge­rim al­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tandyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen şy­ga­ry­na esas­la­nyp, il­kin­ji no­bat­da, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş­-dur­mu­şy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet beril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň ta­gal­la­la­ry bi­len äh­li ul­gam­lar­da düýp­li öz­gert­me­ler geçiril­ýär. 

«Mas­la­hat­ly bi­çi­len don gys­ga bol­maz» di­ýen halk pä­hi­mi­ne hem­de ata­-ba­ba­la­ry­my­zyň ta­ry­hy tej­ri­be­si­ne esas­la­nyp ge­çi­ril­ýän Halk Masla­ha­ty­nyň hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni ber­kit­mek­de, ýurdu­my­zy ösüşle­re bes­le­mek­de äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň işi de­mok­ra­tik, açyk­lyk, ada­lat­ly­lyk, ka­nu­nyň hökmürowan­ly­gy, hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň umu­my yk­rar edi­len kada­la­ry­nyň ile­ri tu­tul­ma­gy, ra­ýa­tyň ka­nun öňün­de deň­li­gi, adam hu­kuk­la­ry­ny hem­-de azat­lyk­la­ry­ny hor­mat­la­mak, çöz­güt­le­ri er­kin ara alyp mas­la­hat­laş­mak we ka­bul et­mek, jem­gy­ýet­çi­lik pi­ki­ri­ni na­za­ra al­mak ka­da­la­ry­na esaslanýar. Be­ýik ösüş­le­re bes­len­ýän eziz ­Di­ýa­ry­myz­da äh­li ul­gam­lar­da ägirt uly üs­tün­lik­ler ga­za­nylýar. Hal­ky­my­zyň röw­şen we eş­ret­li durmuşda ýa­şa­ma­gy, ýur­dumy­zyň ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne çyk­ma­gy ug­run­da be­ýik iş­le­re ba­dal­ga be­ril­ýär. «Pä­him­ paý­has um­ma­ny Magtymgu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da ata Wata­ny­my­zyň mu­kad­des Garaşsyzlygy­nyň 33 ýyl­lyk to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­jek Türkmenista­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne türk­men hal­ky sabyrsyzlyk bi­len ga­raş­ýar. Halk Mas­la­ha­tyn­da ata Wa­ta­ny­my­zy mundan beý­läk­-de ös­dür­mek, hal­ky­my­zyň hal-­ýag­da­ýy­ny ýokarlandyrmak, ola­ryň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny, zäh­met çekme­gi­ni üp­jün et­mek ýa­ly il-ýurt bäh­bit­li, döw­let äh­mi­ýet­li meseleleriň bir­nä­çe­si ara al­nyp mas­la­hat­laşy­lar, hal­kyň ýa­şa­ýyş-­dur­muş de­re­je­si­ni go­wu­lan­dyr­mak­da, Di­ýa­ry­my­zy dur­muş­-yk­dy­sa­dy taý­dan ösdür­mek­de ka­bul edil­jek döw­let­li çöz­güt­ler uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lar. 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş 

syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

09.09.2024 Details

HALK BILEN HÄKIMIÝETI JEBISLEŞDIRIJI GÜÝÇ

 

«Ge­ňeş­li bi­çi­len don gys­ga bol­maz», «Ge­ňeş­li sa­la­mat bo­lar» diýen pä­him­le­ri mi­ras gal­dy­ran, her bir işi il-gün bi­len mas­la­hat­la­şyp eden ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eýýamy­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de do­wa­mat-do­wam bol­ýar. Şeý­le asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­ny açyk-aý­dyň gör­kez­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mejli­si hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni, ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny, asu­da­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. 

Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2023-nji ýy­lyň ýan­wa­ryn­da Türk­me­nista­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň, ýur­dumy­zyň jem­gy­ýet­çi­lik we­kil­le­riniň bi­le­lik­dä­ki mej­li­si ge­çi­ril­di. Tä­ze ta­ry­hy eý­ýa­myň mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy wa­ka­synda ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ga­za­nan­la­ry­ny has-da ber­kit­mek, döw­le­ti­mi­zi ösü­şiň has ýo­ka­ry de­re­je­leri­ne çy­kar­mak üçin äh­li­halk he­re­ke­ti­ni ýaý­baň­lan­dyr­mak, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy, dur­muş-ykdy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­perwer we ka­nun­çy­lyk-hu­kuk ul­gam­la­ryn­da täze sep­git­le­re ýet­mek, iň tä­ze ta­ry­hy­myz­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri wagyz et­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­menis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty dö­redil­di hem-de «Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­on ka­nu­ny ka­bul edil­di. Hal­ky­myzyň döw­let gur­lu­şy ba­bat­da köp asyr­lyk ta­ry­hyn­da top­lan tej­ri­be­si­ni hem­me­ta­rap­la­ýyn na­za­ra al­mak bi­len, ata-baba­la­ry­my­zyň yg­ty­ýar­ly jem­gyýet­çi­lik we­kil­le­ri bi­len ählihalk ýyg­nak­la­ry­ny ge­çi­rip, iň wa­jyp sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, dur­muş mese­le­le­ri­ni çöz­mek ba­ra­da­ky asyl­ly däp­le­rin­den ugur al­ýan Türkmenista­nyň Halk Mas­laha­ty­nyň işi­niň ro­waç­lyk­la­ra beslenýändigine her bi­ri­miz şa­ýat­dy­rys. 

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türk­menis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­on ka­nunyn­da belle­ni­li­şi ýa­ly, Türkme­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty Türk­me­nis­ta­nyň halkynyň bäh­bit­le­ri­ni na­zar­la­ýan ýo­kary we­kil­çi­lik­li eda­ra­dyr. Halk bilen hä­ki­mi­ýe­tiň mi­ze­mez je­bis­li­gi bi­ziň äh­li iş­le­ri­mi­zi rowaç­lan­dyr­ýan güýç­dür. Türkme­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­tynyň hem esa­sy we­zi­pe­le­ri halk bi­len hä­ki­mi­ýe­ti je­bis­leş­di­ri­ji güýç hök­mün­de hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry­nyň äh­li­si­ni il-ýurt bäh­bit­li iş­ler­de jem­le­mä­ge gönük­di­ri­len­dir» di­ýip, nygtaýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bu dür­dä­ne söz­le­ri Halk Mas­la­ha­tynyň işi­niň äh­mi­ýe­ti­niň örän ulu­dy­gy­ny bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len gör­kez­ýär. Halk bilen hä­ki­mi­ýet mi­ze­mez je­bis­li­ge eýe bo­lan ýag­da­ýyn­da bol­sa ýetilmejek men­zil, ga­za­nyl­majak sep­git ýok­dur. 

 

Perman SAPAROW, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň dur­muş sy­ýa­sa­ty

 ba­ra­da­ky komitetiniňbaş hünärmeni.

07.09.2024 Details

DEMOKRATIÝANYŇ BELENT NUSGASY

 

Agzybirlik we jebislik biziň jemgyýetimiziň esasy gymmatlyklary, döwlet berkararlygymyzyň synmaz sütünleri bolup, ýurdumyzda uly ösüşleriň gazanylmagynda, halkymyzyň bähbitlerine, röwşen geljegine gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Döwletimiziň binýatlaýyn esaslaryny has-da berkitmekde beýik işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyz durnukly ösüşe eýe bolup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu ugurdaky işler üstünlikli dowam etdirilýär.

Bil­şi­miz ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulyndaky Ministrler Kabinetiniň gi­ňişleýin mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmegi möhüm wezipeleriň hatarynda belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi. Oňa laýyklykda, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. 

Gahryman Arkadagymyzyň: «Şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däplerine, hakyky halk demokratiýasyna daýanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretdik» diýen sözlerinde bu wekilçilikli edaranyň döredilmeginiň esasy maksady şöhlelenýär. Halkymyzyň döwlet gurluşy babatda köpasyrlyk taryhynda toplan tejribesinden, iň wajyp meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alnyp, umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerilip, ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanun kabul edildi. Kanunyň 1-nji maddasynda kesgitlenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şu Konstitusion kanuna laýyklykda hereket edýän we Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Şunda döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna halk köpçüligini giň­den çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek, hyzmat etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. 

Ýeri gelende bellesek, şu ýyl meýilnama laýyklykda, Halk Maslahatynyň kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukugy esasynda kanunçylygy kämilleşdirmek işleri guramaçylykly dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyçlaryny, tabşyryklaryny hem-de kabul eden çözgütlerini kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça çäreler görülýär. Kanun çykaryjylyk işiniň nazary we amaly meseleleri boýunça alymlaryň, hünärmenleriň, bilermenleriň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary bilen duşuşyklary guralýar. Halk Maslahatynyň geçen mejlisinde kabul edilen çözgütleriň, berlen tabşyryklaryň, döwlet Baştutanymyzyň 2024-nji ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlaryna degişli kabul eden Kararlarynyň, tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzy ösdürmegiň orta we uzak möhletli maksatnamalarynyň belent maksatlary, ileri tutulýan ugurlary barada maslahatlar geçirilýär. 

Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk demokratiýasynyň belent nusgasydyr. Onda ýurduň ýakyn we uzak geljegini nazarlaýan dürli meseleleriň oňyn çözgüdi ara alnyp maslahatlaşylýar. Mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde geçiriljek döwletli ge­ňeşde hem Watanymyzyň dürli kärdäki, hünärdäki raýatlarynyň, jemgyýetçiligiň dürli ugurlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda il-günüň bähbitlerine gönükdirilen, durnukly ösüşiň ähli ugurlaryny öz içine alýan, milletiň ykbalyna oňyn täsir edýän wajyp çözgütler kabul ediler. 

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman şertlerine kybapdaş senagatlaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny üpjün etmek babatda netijeli işler alnyp barylýar, düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Täze taryhy döwürde ýurdumyzda giň­den ýaýbaň­landyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde we demokratik başlangyçlary mundan beýläk-de ösdürmekde bu taryhy maslahatyň ägirt uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýarys. 

 

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş 

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy

06.09.2024 Details

ПРОДУКЦИЯ ВЫСОКОГО КАЧЕСТВА

 

Обеспечение продовольственного изобилия на внутренних потребительских рынках, поддержка и создание благоприятных условий для развития малого и среднего бизнеса – приоритетное направление государственной политики, осуществляемое в рамках Программы «Возрождение новой эпохи могущественного государства: Национальная программа социально-экономического развития Туркменистана в 20222052 годах». 

На основе применения современных технологий ведётся переработка плодов, ягод и овощей в производственном цехе хо «Aýly ýaz» и «Teri», расположенных в городе Дашогуз. Основателем этих брэндов – торговых марок со знаком «Сделано в Туркменистане» является предприниматель Нурмухаммет Балджаев. Всего здесь трудятся тридцать человек. На полную мощность задействованы автоматизированные поточные линии, передовое специализированное оборудование от известных компаний Турецкой Республики и Италии. 

Экологически чистая плодоовощная продукция закупается у местных товаропроизводителей. Здесь изготовляются и отправляются потребителям крупными партиями томатная паста, соки, маринованные помидоры, чеснок, острый перец, салаты, солёная капуста, острый и сладкий кетчуп, аджика, а также разные виды джемов, сладкие компоты, фруктовые соки, варенье из вишни. Эти ценные продукты питания, насыщенные натуральными витаминами, вырабатываются без добавления концентратов и реализуются покупателям по доступным ценам в удобных пластиковых и вакуумных упаковках с указанием даты выпуска продукта через магазины и торговые точки всех регионов страны. Для производства консервированной продукции используется чистая питьевая вода. С этой целью на предприятии установлен опреснитель. Продукция сертифицирована и соответствует установленным высоким государственным и международным стандартам. 

Мощность производственного цеха, которым руководит опытный специалист-технолог Шекер Нарджиева – около одного миллиона условных банок плодоовощной консервированной продукции в год. Всего за семь месяцев нынешнего года изготовлено плодовоовощной консервированной продукции в денежном выражении на общую сумму свыше 89 тысяч 668 манатов. Ценные  продукты производственного цеха хозяйственных обществ «Aýly ýaz» и «Teri», отличающиеся высоким качеством и пищевой ценностью, также были экспортированы крупными партиями в Российскую Федерацию и Грузию. Продукция неоднократно выставлялась на традиционных выставках, проводимых ежегодно в городе Ашхабад. 

Предприниматели производственного цеха хозяйственных обществ «Aýly ýaz» и «Teri» выражают глубокую благодарность Президенту Аркадаглы Герою Сердару и Национальному Лидеру туркменского народа, Председателю Халк Маслахаты Гурбангулы Бердымухамедову за огромную поддержку отечественных товаропроизводителей, что сегодня является прочной основой процветания современного общества и государства. 

Работать ещё более производительно и качественно предпринимателей побуждает Программа «Возрождение новой эпохи могущественного государства: Национальная программа социально-экономического развития Туркменистана в 20222052 годах». Членами Дашогузского велаятского комитета Партии промышленников и предпринимателей Туркменистана и депутатами Меджлиса Туркменистана ведётся активная работа по широкому разъяснению населению и отечественым товаропроизводителям важнейших аспектов проводимой уважаемым Президентом Сердаром Бердымухамедовым государственной политики, одним из основных направлений которой является создание всех возможностей для устойчивого развития малого и среднего бизнеса. Единство  целей, тесное партнёрство частного сектора и государства служат главным фактором в поступательном развитии предпринимательства, дальнейшем укреплении экономической мощи нашей суверенной Отчизны. 

 

Расул Садуллаев, 

депутат Меджлиса Туркменистана

 

05.09.2024 Details

MENZILLERI MERTEBELEÝÄN MAKSATLAR

 

Halka sala salmak, geňeşmek, ilatyň tekliplerini seljermek, şolaryň esasynda oňyn çözgütleri çykarmak ýaly asylly däpleriň kepili bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýlaryny kesgitleýän Konstitusion kanunyň kadalary aýanlyk, demokratiýa, kanunyň hökmürowanlygy, adalatlylyk, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak bilen beýan edilýär. 

Ata-babalarymyzdan bize miras galan döwletlilik ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň milli kanunçylygy bilen berkidilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň Konstitusiýamyza esaslanýan «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda hereket edýän ýokary wekilçilikli edarasydyr. 

Halk Maslahaty milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň we jemgyýetdäki bähbitlerini sazlaşdyrmak bilen, döwlet derejesinde bilelikdäki hereketlendiriji güýç hökmünde çykyş edýär. Bu wekilçilikli edaranyň hemaýaty bilen her bir adamyň döredijilikli, halal zähmetiniň döwlet derejesinde goldanylýandygyny, ýokary baha mynasyp bolýandygyny görmek bolýar. Şeýle goldaw bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baý durmuş we syýasy tejribesi bilen halkymyzyň gurujylyk, döredijilik pähim-paýhasynyň bitewüliginiň netijesidir. «Döwlet adam üçindir!» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeden ugur alýan hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy, halkymyzy beýgeltmek ugrunda edýän aladasynyň netijesinde bu gün Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýeti dolandyrmagyň iň kämil institutlarynyň birine öwrüldi. 

Halk Maslahatynyň geçirilmegi ýaşulular bilen ýaş nesilleriň arasyndaky baglanyşygy has aýdyň ýüze çykarýar. Bu baglanyşyk türkmen halkynyň milli garaýyşlary esasynda döwrebap şertlerde, täzeçe çemeleşmeler arkaly, milli ýörelgelere daýanyp has-da berkeýär. Täze taryhy döwürde il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleriň, çözgütleriň gönüden-göni halk bilen maslahatlaşylyp çözülýändigini Halk Maslahatynda aýdyň görmek bolýar. 

Halka daýanyp, halkyň hatyrasyna beýik işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýet bilen döwletiň arasyndaky jebislik köprüsi bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli döwletlilik ýörelgelerimizi barha giňden dabaralandyrýar. Konstitusiýasynda adamy jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy hökmünde kesgitleýän häzirki taryhy döwür köp düşünjelere, garaýyşlara, hereketlere täze many-mazmun berýär, olara täzeçe röwüş çaýýar. Häzir ýurdumyzda raýatlaryň kanuny bähbitlerini, azatlyklaryny, zähmet çekmäge, eýeçilige, öz pikirini erkin beýan etmäge we goramaga bolan konstitusion hukuklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirýän jemgyýetçilik gurluşy kemala gelýär. Jemgyýet ykdysady ösüşi gazanmak bilen, durmuş maksatnamalaryny giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlara tarap ugur alýar. 

Häzirki döwürde jemgyýetiň wekilleriniň başlangyçlaryna, pikirlerine ýokary derejede hormat goýulýar. 2024-nji ýylyň şygarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden dabaralandyrylýan Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň mertebesi, hut şonuň ýaly-da Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy bilen bagly bolmagy buýsandyryjydyr. 

Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garaljak meseleler, kabul ediljek çözgütler halkymyzy bir maksada gönükdirer. Täze ýylyň dowamynda gazanylmaly zähmet ýeňişlerini, ýetilmeli menzilleri mertebeleýän üstünlikleriň belent maksatlar aýdyňlaşdyrylar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirlikde etmeli işlerini kesgitläp, adamlaryň döredijilik ukyplarynyň artmagyna täze esaslary döredýär. 

Biziň her birimiz şeýle beýik döwürde ýaşaýandygymyza guwanmaga, buýsanmaga haklydyrys. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletiniň binýadyny pugtalandyryp, il-halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ýurt, halk, umumadamzat bähbitli alyp barýan beýik işleri rowaç bolsun! 

 

Nepes ROZYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar 

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy

30.08.2024 Details

НЕЗАВИСИМОСТЬ – ИСТОЧНИК НАШЕЙ СИЛЫ, ОСНОВА БЛАГОПОЛУЧНОЙ ЖИЗНИ

 

В этом году исполняется 33 года нашей независимости. Эта важная веха знаменует собой обретение туркменским народом свободы и создание своего независимого государства, мечты о котором лелеяли многие поколения наших предков, а всей силой своего слова выразил великий туркменский поэт и мыслитель Махтумкули Фраги. 

Символичное совпадение 33-й годовщины нашей священной независимости с 300-летием со дня рождения поэта-гуманиста, поэта патриота наполняет все праздничные мероприятия особо глубоким смыслом. Сегодня наступила та эпоха, о которой мечтал поэт, связавший свою судьбу с судьбой народа. Об этом написал в своём стихотворении «Кладезь разума Махтумкули Фраги» Национальный Лидер туркменского народа, Председатель Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедов. 

Тридцать три года назад трудно даже было представить, каких высот достигнет наша страна, каким огромным авторитетом будет пользоваться независимый нейтральный Туркменистан в мировом сообществе. Оглядываясь назад, понимаешь, что чуть более три десятка лет вместили в себя целые столетия, наполненные масштабными достижениями во всех сферах жизни туркменского общества. Каждый день, месяц, год, десятилетие независимости были насыщены значимыми политическими, экономическими и общественно-культурными событиями. Многие из нас были очевидцами тех событий, принимали в них активное участие. 

Каждый этап в становлении и развитии нашего государства имеет своё историческое значение. Важными вехами для независимого Туркменского государства стали принятие Конституции, которая определила государственное устройство, вобрав в себя мировой и национальный демократический опыт в соответствии с общепризнанными нормами и принципами международного права, и утверждение государственных символов – Флага, Герба, Гимна, ставших своеобразным олицетворением истории, духовно-культурного наследия туркменского народа. 

В кратчайшие сроки были сформированы системы современной государственности, законодательной, исполнительной и судебной ветвей власти. Важным этапом в развитии национальной экономики стало введение национальной валюты – маната. Также были созданы Вооружённые Силы Туркменистана, способные надёжно защитить государственный суверенитет страны, неприкосновенность и священность наших границ, мирную и спокойную жизнь народа. Туркменистан установил и стал развивать дипломатические отношения с зарубежными государствами, был принят в члены Организации Объединённых Наций и других авторитетных международных организаций. Событием особой значимости стало признание Сообществом Наций за независимым Туркменистаном статуса нейтрального государства. 

Рубежным этапом для развития страны, безусловно, стало время, когда государство по воле народа возглавил Национальный Лидер туркменского народа Гурбангулы Бердымухамедов. Герой-Аркадаг предложил народу новую целостно оформленную стратегию развития в соответствии с происходящими глобальными процессами. Коренные реформы Героя-Аркадага вывели Туркменистан на качественно новые рубежи развития. 

Так, значительно упрочились демократические нормы и правовые основы государства и общества. И здесь особо надо отметить инициативу Национального Лидера о создании Халк Маслахаты Туркменистана как высшего представительного органа народовластия. Несоизмеримо по сравнению с прошлым вырос экономический потенциал страны. Важной вехой в развитии негосударственного сектора экономики Туркменистана стал март 2008 года, когда по инициативе Национального Лидера туркменского народа Гурбангулы Бердымухамедова был создан Союз промышленников и предпринимателей Туркменистана. Сплотив бизнес-сообщество, Союз является на сегодняшний день крупной общественной организацией, эффективно поддерживающей инициативных и предприимчивых людей, активно участвующих в реализации масштабных преобразований в стране. При этом отрадно отметить, что среди предпринимателей сегодня много молодёжи. 

Под руководством Национального Лидера были запущены и реализованы такие крупные инфраструктурные проекты, как создание Национальной туристической зоны «Аваза», строительство Международного морского порта Туркменбаши, новых воздушных гаваней в столице и во всех регионах страны, новых посёлков. Огромной гордостью сердца туркменистанцев наполнило строительство и открытие первого в нашей стране и во всём Центральноазиатском регионе «умного» города Аркадаг. И здесь важно отметить, что все строительные работы на первом этапе были выполнены отечественными компаниями – членами Союза промышленников и предпринимателей Туркменистана. А это 336 современных объектов, в числе которых двух- и многоэтажные комфортабельные жилые дома, коттеджи, общественные, образовательные, медицинские, культурные, спортивные и другие сооружения. Все здания построены из экологически чистых материалов и оснащены цифровыми технологиями. В облике нового города нашли гармоничное сочетание лучшие традиции национального зодчества и современные тенденции в области архитектуры и дизайна. 

Огромным достижением нашей независимости стало развитие культурной жизни, возрождение исконных духовных ценностей туркменского народа. Бесценный вклад в изучение, сохранение и широкую популяризацию в мире бесценного историко-культурного наследия туркменского народа внесли труды Национального Лидера Гурбангулы Бердымухамедова. 

Кроме того, именно благодаря Герою-Аркадагу, его личным высоким духовным качествам в современном обществе воплощены в жизнь передававшиеся от поколения к поколению такие гуманистические принципы нашего народа, как милосердие. По инициативе Национального Лидера был создан Благотворительный фонд по оказанию помощи нуждающимся в опеке детям, и этому Фонду по праву присвоено имя Гурбангулы Бердымухамедова. 

За счёт средств Фонда сотни детей из разных велаятов страны получили медицинскую помощь, которая вернула их к полноценной жизни. Также было приобретено высокотехнологичное оборудование и машины скорой помощи для детских больниц. Большую роль в благотворительной деятельности играет Детский оздоровительно-реабилитационный центр имени Гурбангулы Бердымухамедова в городе Аркадаг. За оказание медицинских услуг нуждающимся в восстановлении здоровья детям и вклад в укрепление их надежд на светлое будущее Представительство ЮНИСЕФ в Туркменистане удостоило Благотворительный фонд по оказанию помощи нуждающимся в опеке детям имени Гурбангулы Бердымухамедова Сертификатом. С большой благодарностью люди обращаются к Национальному Лидеру Гурбангулы Бердымухамедову, который регулярно перечислял в фонд часть своей заработной платы, подавая тем самым личный пример милосердия и заботы о нуждающихся. Благотворительный фонд также оказал помощь детям других стран, в том числе пострадавшим от разрушительного землетрясения в Турции, масштабного наводнения в Приморском крае Российской Федерации, а также испытывающим трудности детям Палестины, Афганистана и Украины. Адресный гуманитарный груз был отправлен и детям Таджикистана. 

Туркменистан по праву снискал огромное уважение и авторитет на мировой арене как государство, последовательно выступающее за мир и конструктивное сотрудничество со всеми странами. Все эти достижения стали возможны благодаря стратегически выверенному государственному курсу Героя-Аркадага и единству нашего трудолюбивого народа. 

Сейчас наступило время, когда под руководством Аркадаглы Героя Сердара продолжаются экономические реформы с учётом перехода к цифровой экономике. Ориентиром служит долгосрочная стратегия страны на период до 2052 года, которая изложена в Программе «Возрождение новой эпохи могущественного государства: Национальная программа социально-экономического развития Туркменистана в 2022–2052 годах». Этот документ определяет генеральную линию кардинальных реформ, начатых Национальным Лидером туркменского народа, Председателем Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедовым и успешно продолжаемых под руководством Президента Сердара Бердымухамедова. Главная цель долгосрочной стратегии развития нашей страны в эру Возрождения новой эпохи могущественного государства состоит в поддержании экономического роста на фоне ускоренного прогресса, преобразования и трансформации мировой экономики. На основе долгосрочной программы на 2022–2052 годы и семилетней программы на 2022–2028 годы была разработана «Программа социально-экономического развития Туркменистана и инвестиций в 2024 году». 

В Программе предусмотрены меры по поддержанию устойчивого экономического и социального роста страны путём развития отраслей и регионов, задействования по максимуму внутреннего потенциала государства, создания новых рабочих мест и основательного обеспечения социальной защищённости населения, широкое внедрение передовых технологий, цифровой системы, создание благоприятной бизнес-среды, развитие негосударственного сектора. 

На состоявшемся 12 июля расширенном заседании Кабинета Министров Туркменистана были подведены итоги реализации программных задач в первом полугодии текущего года. Главным показателем является высокий темп роста ВВП, который составил 6,3 процента. Также высокими темпами продолжается рост промышленности, сельского хозяйства и других отраслей. По Союзу промышленников и предпринимателей рост объёмов производства сельскохозяйственной и продовольственной продукции за шесть месяцев текущего года равен 112,1 процента, промышленной – 103,2 процента. Рост благосостояния народа характеризуют показатели роста розничного товарооборота, увеличение объёмов ипотечных кредитов для приобретения комфортабельного жилья. 

На предстоящем 24 сентября заседании Халк Маслахаты будут подведены итоги работы за год и определены новые приоритетные задачи. В соответствии с указаниями Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедова комитеты Партии промышленников и предпринимателей Туркменистана, используя различные формы, активно проводят разъяснительную работу об общественно-политической важности заседаний Халк Маслахаты Туркменистана, раскрывают суть и значение масштабных инициатив Президента страны для развития общества и государства, обеспечения благополучной жизни народа. 

Современный облик независимого нейтрального Туркменистана формируют ровесники независимости. Они возглавляют предприятия, где с использованием инновационных технологий выпускается конкурентоспособная на мировых рынках продукция, развивают науку, культуру, представляют нашу страну на международных олимпиадах, спортивных соревнованиях. В стране растёт число высококвалифицированных и хорошо образованных молодых людей, которые открывают свой бизнес. Молодёжь во все времена является генератором новых идей, движущей силой позитивных изменений. В этом плане непреходящее значение имеет молодёжная политика, которую активно реализует уважаемый Президент Сердар Бердымухамедов. А это значит, что независимый нейтральный Туркменистан продолжит своё движение вперёд, к новым вершинам прогресса. 

Тридцать три года независимости заложили фундамент государства с современной экономикой, воспитали поколение с прочными духовно-нравственными устоями, патриотов своей страны, преданных национальным интересам. Наглядным примером является наш уважаемый Президент Аркадаглы Герой Сердар. 

Отмечая великий праздник – День независимости, наш народ по праву гордится своими достижениями. Священная независимость была и останется источником нашей силы и вдохновения, основой процветания страны и благополучной жизни народа. 

 

САПАРМЫРАТ ОВГАНОВ, 

председатель Партии промышленников и предпринимателей Туркменистана,

депутат Меджлиса Туркменистана.

30.08.2024 Details

BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY

 

Ýaş nesil baradaky alada hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Onuň çäginde çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek ugrunda beýik özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň sagdyn, ruhy taýdan kämil, intellektual taýdan ösen şahsyýetleri kemala getirmekde, ýaşlaryň döwrebap bilim we netijeli dynç alşyny sazlaşykly guramakda başyny başlan başlangyçlarynyň oňyn netijelerini her ädimde diýen ýaly görmek bolýar. 

Ýurdumyzda kämil enjamlar bilen üpjün edilen okuw we terbiýeçilik edaralarynyň, saglygy goraýyş we sport toplumlarynyň, çagalar üçin dynç alyş merkezleriniň döwrebap binalarynyň gurlup, ýaş türkmenistanlylaryň hyzmatyna berilmegi ata Watanymyza buýsanjymyzy artdyrýar. Paýtagtymyzdaky, Arkadag şäherindäki we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlaryndadyr saglygy goraýyş merkezlerinde ýaş nesliň nurana ertirlerini berkarar etmek ugrunda aýratyn alada edilýär. Şeýle hem her ýylyň tomsunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky we ýurdumyzyň beýleki sapaly ýerlerindäki sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde bagtyýar çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna Hazaryň şypaly kenary gujagyny giňden açdy. Bu tomus olara russiýaly çagalaryň hem goşulmagy we deňiz kenarynda dürli medeni çäreleriň guralmagy halklaryň dostlugyny, döredijilik gatnaşyklaryny berkitmek bilen birlikde türkmen medeniýetini we sungatyny dünýä ýaýmakda nobatdaky ädim boldy. 

Arkadag şäherinde geçirilen halkara matematika olimpiadasynda ýeňiji bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylarynyň bu dynç alşynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna guralmagy halkymyzyň ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýörelgeleriniň dowamatyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary bilen bu gaznanyň döredilmegi netijesinde ýaş raýatlaryň saglygyny goramakda we dikeltmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Bu hemaýat golunyň dünýä döwletleriniň çagalaryna-da uzaýandygy aýratyn buýsançlydyr. Haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Türkiýe Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Owganystanyň, Ukrainanyň, Palestinanyň, Täjigistanyň çagalaryna-da ynsanperwerlik kömekleri ugradyldy. 

Ýurdumyzda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, saglygy hem-de abadançylygy ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin! 

 

Amangeldi HEZZIÝEW, 

welaýat häkimliginiň baş hünärmeni, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

29.08.2024 Details

HALK MASLAHATY — AGZYBIRLIGIŇ BERK BINÝADY

 

Beýik ösüşlere we özgertmelere beslenýän ýurdumyzda durmuş syýasatyny, ykdysady-medeni özgerişleri, halkyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen wezipeler baş maksat bolup durýar. Munuň özi her bir işiň netijeli ýerine ýetirilmegini şertlendirýär. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek, ýangyç-energetika toplumyny, oba hojalygyny, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny ösdürmek boýunça ýokary depginde nusgalyk işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, döwrebap şäherçelerdir obalary, dürli maksatly desgalary gurmak boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmäge goşýan goşandyny, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryny halkara derejesinde giňden ýaýmaga mümkinçilik berýär. Milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge, döwrebap derejede kämilleşdirmäge hem-de dünýä ýaýmaga mümkinçilik döredýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyzyň özbaşdak ösüş ýolunda gazanan üstünlikleri has giň gerime eýedir. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ösüşini üpjün edýär we belent özgertmeleri rowaçlandyrýar. 

Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljekdigi ähli halkymyzy buýsandyrýar. Bu döwletli maslahatda ýurdumyzyň mundan buýana hem ösüşleri, halkymyzyň abadan durmuşy babatda taryhy çözgütler kabul ediler. Bu bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň uly ähmiýetiniň bardygyny aýdyň beýan edýär. Çünki Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň baş maksadyna öwrülýän wezipeleri öňe sürmekde hem-de degişli çözgütleri kabul etmekde halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolup durýar. 

Jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly ynsanperwer ýörelgeler esasynda geçiriljek döwletli maslahatyň mejlisi jemgyýetimizde demokratik başlangyçlaryň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrülmek bilen, türkmen jemgyýetinde agzybirligiň höküm sürýändigini, halkymyzyň ruhy-medeni, taryhy mirasyna, däp-dessurlaryna sarpa goýulýandygyny we olaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda alada edilýändigini görkezýär. 

Döwlet ähmiýetli, halk bähbitli işleri amala aşyrmakda asylly däpleriň, şeýle hem il-halk bilen maslahatlaşmagyň netijelidigine Garaşsyzlyk ýyllarynda has-da aýdyň göz ýetirdik. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda bolup geçjek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň taryhyna ýazyljak möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka bolar. Häzirki ajaýyp döwrümizde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz demokratik ýörelgelere pugta eýerip, belent ösüşleriň ýolundan barýar. 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

 

26.08.2024 Details

GARAŞSYZLYK – ŞÖHRATYMYZ-ŞANYMYZ

 

«Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir. Garaşsyzlyk biziň dünýä dolan belent at-abraýymyzdyr hem-de şan-şöhratymyzdyr. Şoňa görä-de, biziň mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan hormatymyz, söýgimiz, wepalylygymyz ebedidir we egsilmezdir» diýip, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynyň iň özgerişli zamanasynda – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy taryhy ösüşlere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň şu dürdäne sözlerinden hem görnüşi ýaly, geçmişimizi, şu günümizi, geljegimizi özünde jemleýän mukaddes Garaşsyzlygymyz at-abraýymyzyň we şan-şöhratymyzyň dünýä dolandygynyň kepilidir. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni Garaşsyzlyk ýyllarynyň iň ösüşli zamanasy hökmünde buýsanç bilen häsiýetlendirmek bolar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren bu ajaýyp zamanasynda taryhy jähetden alanyňda, örän gysga döwürde ykdysadyýetimiziň güýçli depginde ösmegi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, ýurdumyzyň ynsanperwer daşary syýasatynyň halkara derejede dabaralanmasy ata Watanymyzyň Ýer ýüzündäki şan-şöhratyny täze belentliklere göterdi. Dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda ýurdumyzyň öňe süren oňyn başlangyçlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda işlenip düzülen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilip, şolaryň netijesinde hem obalarymyz, şäherçelerimiz, şäherlerimiz tanalmaz derejede gözelleşdi, täze-täze obalar, şäherçeler döredi. Häzirki döwürde ikinji tapgyrynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan Arkadag şäheri bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny dünýä ýaýan gudrat boldy. 

Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda, esasan-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda yzygiderli ösüş gazanýan döwletleriň hataryna goşuldy. Tebigy baýlyklara örän baý bolan ýurdumyz bu günki gün ykdysady taýdan hem, syýasy we beýleki ugurlar boýunça-da özboluşly ösüş ýoluna düşen ýurt hökmünde uly meşhurlyga eýedir. Amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň we uly tutumlaryň netijesinde türkmen halky asuda, abadan, eşretli durmuşyň hözirini görýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmakda, sporty ösüşlere beslemekde ýurdumyzda durmuşa geçirilen işler bolsa dünýä nusgalykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmenistanyň sport döwleti diýlip ykrar edilmegi Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň gazanan iň uly üstünligimizdir» diýen dürdäne jümlesi hem muny aýdyň subut edýär. 

Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň ýurdy hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň uly ykrarnamasyna eýe bolan eziz Diýarymyzda şu günler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýuna giňden taýýarlyk görülýär, baş baýramymyz mynasybetli dabaraly çäreler geçirilýär. Goý, sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň ýurdunda toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşsyn! 

 

Per­man SA­PA­ROW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

24.08.2024 Details
1 ... 55 56 57 58 59 ... 109