Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

TÜRKMENISTAN - bagtly çagalygyň mekany

Çagalar biziň durmuşymyzyň güli, ömrümiziň dowamatydyr. Olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlar bolup ýetişmekleri bolsa biziň öňde goýýan iň esasy maksatlarymyzyň biridir. Çünki biziň ýagty geljegimiz ýaş nesiller bilen aýrylmaz baglydyr. Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyzda ýaş nesillerimiziň asuda durmuşda ýaşamagy babatda giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda çagalaryň bilim almagyna, terbiýelenmegine gönükdirilen işler sanardan köp. Açylyp ulanmaga berilýän çagalar baglary, orta mekdepler dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan. Çagalarymyzyň kadaly dynç almaklary üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şeýle hem Awazada we Gökderede çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri gurlan. Olarda çagalar öz saglygyny berkidip, şadyýan dynç alýarlar.

Gün, howa, suw çagalaryň bedenini taplamakda, saglygyny berkitmekde tebigatyň beren iň peýdaly dermanlarydyr. Iş meýilnamasyna laýyklykda, çagalary tapgyrma-tapgyr arassa howada, suwda taplamaga degişli çäreler geçirilýär. Ýylyň dowamynda däl, hatda bir gije-gündiziň dowamynda hem howanyň derejesi üýtgäp durýar. Howanyň şeýle üýtgäp durmagyna çaganyň bedenini öwrenişdirmek onuň jan saglygyna örän peýdaly, şonuň üçin hem howadan, Gün şöhlesinden, suwdan hökman peýdalanmaly. Arassa howada çaga näçe köp gezelenç etse, onuň beden saglygy oňat, işdäsi açyk, ukusy kadaly bolýar. Çaganyň 3 ýaşdan 6 ýaşa çenli howanyň sowuk ýagdaýynda-da arassa howadan dem almagy örän zerurdyr. Gün bilen taplama çaganyň ýaşaýşynda beden saglygy üçin uly ähmiýete eýedir. Gün şöhlesi çaganyň bedenine köp peýda getirýär. Bellenen wagtlarda çagalary Günüň aşagynda gezelenç etdirmek olaryň bedeninde D witamininiň emele gelmegine ýardam edýär. Bu witamin bolsa çaganyň ösüşinde uly ähmiýetli bolmak bilen, onuň ukusynyň we işdäsiniň gowy, süňkleriniň berk bolmagyna peýdasy bar. Suw bilen taplamak çagalaryň sagdyn ösmegi üçin möhüm bolup durýar. Açyk howada suwa düşmek çagalaryň iň bir höwes edýän zatlarynyň biridir. Munuň özi ganyň aýlanyşyna uly täsir edýär. Açyk howada suwa düşmek bilen bir wagtyň özünde, howa, Gün hem-de suw çaganyň bedenine gowy täsir edýär. 

Ýurdumyzda çagalaryň sagdyn we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmeklerine gönükdirilen kanunlaryň, kadalaşdyryjy hukuknamalarynyň onlarçasy kabul edildi. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Bilim hakynda», «Hossarlyk we howandarlyk hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň kanunlary, Türkmenistanyň Maşgala kodeksi hereket edýär. Bu kanunlar we kodeksler çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

 

Enejan AMANÝAZOWA, 

Daşoguz şäherindäki 39-njy çagalar bakja-bagynyň 

müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

14.09.2023 Giňişleýin

DERWAÝYS WEZIPELER KESGITLENILDI

Türkmen ili Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basmak bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda bagtyýar geljeginiň binýadyny berkden tutýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan belent maksatlaryny Arkadagly Serdarymyz üstünlikli dowam etdirýär. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda amala aşyrylýan syýasy özgertmeler ykdysady ösüş-özgerişler bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Şeýlelikde, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 18-nji iýulynda paýtagtymyz Aşgabat  şäherindäki Maslahatlar merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Bu mejlis jemgyýetimiziň durmuşynda wajyp waka bolup, onda öňde durýan taryhy wakalar bilen bagly derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde Gahryman Arkadagymyz giňişleýin çykyş etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri taryhy çykyşynda, ilki bilen, agzybir türkmen halkynyň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň baş baýramy bolan beýik Garaşsyzlygymyzyň baýramyny buýsanç duýgusy bilen garşylaýandygyny belledi. Bu senäniň taryhy ähmiýetini, onuň il-günümizi belent maksatlara galkyndyrýandygyny nygtady. 

Şeýle hem mejlisde Milli Liderimiz baýramçylyk günleriniň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek bilen bagly guramaçylyk meseleleriniň üstünde durup geçdi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ösüş menzilleri, bolup geçen syýasy wakalar barada aýdyp, şu ýylyň sentýabrynda boljak taryhy wakalar bilen bagly öňde durýan wajyp wezipeleri kesgitledi. Şu wezipeleriň oňyn çözgüdi bolsa, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini, Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň baýramyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge mümkinçilik berer. 

Toýlary toýlara ulaşýan türkmen ili uly toýuna barýar. Möhüm taryhy wakanyň yz ýanynda toýy uludan tutuljak beýik Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygy halkymyzy belent sepgitlere ruhlandyrar. 

 

Döwran HAPBAÝEW. 

Wekilbazar etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň müdiri, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

14.09.2023 Giňişleýin

ELEKTROENERGETIKA PUDAGYNYŇ GADAMLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly ykdysady syýasatynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary netijeleriň gazanylmagyna itergi berýär. Öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi Garaşsyz döwletimiziň ykdysady ösüşine täze mümkinçilikleri açýar. 

Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagy milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy we iri pudaklarynyň biridir. Bu pudagyň çalt depginlerde we durnukly ösdürilmegi beýleki pudaklaryň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Şonuň üçinem ýurt Baştutanymyz elektroenergetika pudagynyň ösdürilmegine uly üns berip, bu babatda wajyp wezipeleri öňde goýýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň çar künjeginde kämil tehnologiýaly täze elektrik stansiýalarynyň birnäçesi gurlup, ulanmaga berildi. Şolaryň ikisi türkmen energetikasynyň öňbaşçysy bolan Mary DES-iniň senagat zolagynda işe girizildi. Olaryň biri kuwwaty 149,2 megawat bolan gaz turbina elektrik stansiýasydyr. Beýlekisi bolsa, kuwwaty 1574 megawata deň bolan utgaşykly dolandyrylýan elektrik stansiýasydyr. Soňky ýatlan elektrik stansiýamyz diňe bir sebitde iri elektrik stansiýasy bolmak bilen çäklenmän, onuň ykdysady tygşytlylygy, ekologiýa taýdan arassa önümçiligi bilen tapawutlanýandygyny ýatlamalydyrys. Bu desga innowasion, ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, onuň işe girizilmegi elektrik energiýasyna ýyl saýyn ösýän islegi has doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem institutymyzyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary üçin ýatdan çykmajak ýyl bolar. Sebäbi, şu okuw ýylynyň ilkinji günlerinde ýokary okuw mekdebimiziň ýanaşyk çäklerinde 2 müň orunlyk täze goşmaça döwrebap okuw binasynyň, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň, ýapyk görnüşli sport desgasynyň, şeýle hem aýlawly ýolda monumentiň gurluşygyna badalga berildi. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar barada edýän aladalarynyň anyk işlerde durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. 

Ösüşli-özgertmeleriň ýoly bilen öňe barýan pudak üçin ýaş hünärmenleri ýetişdirmek möhüm wezipe. Şu wezipeden ugur alnyp, institutymyzda geljekki energetikleri taýýarlamakda uly işler bitirilýär. Çylşyrymly tehnologiýaly önümçiligi dolandyrmaly, ýokary taýýarlykly hünärmenleri kemala getirmegiň bolsa, jogapkärçiligi ýokary bolýar. Biz şeýle wezipä hötde gelmäge-de çalyşýarys. 

 

Merdan ORAZMEREDOW. 

TDEI-niň mugallymy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

14.09.2023 Giňişleýin

EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY — MÖHÜM UGUR

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 14 – 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna iki günlük iş saparyny amala aşyrar. Iş saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyz Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň esaslandyryjylary bolan Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlary bilen duşuşar. Bulardan başga-da, iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda goňşy döwletler bilen dost-doganlykly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmekde birnäçe duşuşyklaryň bolmagyna garaşylýar.

Ýer ýüzünde ekologiýa meselesi üns merkezinde saklanylýar, çünki ol ýaşaýşa özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle bolansoň, daşky gurşawy goramak Garaşsyz döwletimizde durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlendi. Ykdysady we durmuş ulgamyndaky giň möçberli özgertmeler maksatnamalary ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr.

Ýer ýüzünde tehnikanyň we tehnologiýanyň ösmegi bilen milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda innowasion, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar, howanyň arassalygyna gurulýan zawodlaryň we fabrikleriň, beýleki desgalaryň ekologiýa standartlaryna we talaplaryna laýyklygyna gözegçiligiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, degişli çäreler görülýär. Olar daşky gurşaw üçin howpsuzlygy dogrusynda hökmany tertipde degişli seljermeden geçirilýär. Ata Watanymyz daşky gurşawy goramak meseleleriniň çözgüdine örän jogapkärli çemeleşýär. 

Ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra, Diýarymyzda, ylaýta-da, soňky on ýyldan gowrak döwürden bäri tebigaty goramak bilen baglanyşykly köp çäreler durmuşa geçirildi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, şeýle hem «Türkmenistanyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy»

«Türkmenistanyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Aral Milli maksatnamasy» we beýlekiler uly orun eýeleýär. Şeýlelikde, şu resminamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň çar künjeginde berjaý edilýän işler düýpli netijelere eýe bolýar. 

Döwletimizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, eziz Watanymyzy bagy-bossanlyga büremek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi döwlet ekologiýa syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr. 

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy», «Türkmenistanyň Aral boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy», «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň» rejelenen görnüşi, «Türkmenistanyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» tapgyrlaýyn amala aşyrylyp, ýurdumyzyň we sebitiň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. 

Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýyna yzygiderli üns berýän döwlet Baştutanymyz onuň baý ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goralyp saklanylmagynyň, geljekki nesillere ýetirilmeginiň, ekologiýa abadançylygynyň döwrebap amala aşyrylmagynyň wajypdygyny tekrarlaýar. Şol sanda çölleşmä garşy göreşmegi, ýer we suw serişdelerini peýdalanmagy, şorlaşan ýerleri dikeltmegi, oba hojalyk önümçiliginde aňrybaş täze tehnologiýalary ýerlikli ulanmagyň möhümdigini nygtaýar. 

Häzirki döwürde ýerleriň ýagdaýyny kadalaşdyrmak üçin energiýa netijeliligi üpjün edilip, beýleki bir tarapdan, suw sorujy enjamlaryň peýdalanylyşyny gözegçilikde saklamak birjik-de ünsden düşürilmeýär. Suwarymly ekerançylyk meýdanlarynda we boz meýdanlarda bag nahallarynyň köpeldilip, wagtly-wagtynda ideg edilmegine uly ähmiýet berilýär. 

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Pendi ýaýlasynda hem ekologiýa abadançylygy üns merkezinde saklanylýar, suwarymly ýerlere ýaş nahallaryň dürli görnüşleri ekilýär we idegi ýetirilýär. Şonuň bilen baglylykda, daglar bilen bäsleşýän baýyrlarymyzda, has takygy, etrabymyzyň merkezinde ýerleşýän Ýekegowagyň degre-daşyna we Tagtabazar pagta-egirme fabriginiň daş-töweregine pürli we saýaly baglar ekildi. Bu işler diňe bir tebigatymyzyň gözelligine gözellik goşman, eýsem, howanyň arassa saklanmagyna, ýurdumyzyň azyk bolçulygyny berkitmäge ýardam berer. 

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde müňlerçe bag nahallary oturdyldy. Bu ýaş nahallar tebigaty gözelleşdirýär we adamyň tebigat bilen ruhy sazlaşygyny döredýär, ynsan ömrüni uzaldýar. 

Ýurdumyzda tebigaty aýawly goramaga aýratyn ähmiýet berýän, bag ekmek ýaly sogaply, daşky gurşawy, ekologiýany goramak ýaly parz işlere badalga berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! 

 

Arslan HAÝYDOW, 

TDP-niň Tagtabazar etrap komitetiniň hünärmeni, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

13.09.2023 Giňişleýin

GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir güni beýik ösüşlere, şanly wakalara beslenýär. Konstitusiýanyň kadalary, Türkmenistanyň kanunlary arkaly adam hukuklary goralýan hem-de kepillendirilýän demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan ýurdumyzda ösüşiň täze tapgyrynda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. 

32 ýyl mundan ozal gadymy türkmen halkynyň erk-islegi amala aşyrylyp, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion kanun kabul edildi hem-de Türkmenistan garaşsyz döwlet diýlip yglan edildi. Öz Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri ýurdumyz ýyl saýyn ösüşlerden-ösüşlere tarap ynamly öňe barýar, durmuş-ykdysady maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda yzygiderli amala aşyrylan konstitusion özgertmeler adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramakda, ilatyň dürli gatlaklaryny döwletiň işlerini dolandyrmaga çekmekde möhüm ähmiýete eýedir. Garaşsyzlygyň 32 ýyllyk senesi türkmen halky üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar. Bu gün biz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şan-şöhrata we uly üstünliklere beslenýän döwründe Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen özgertmelere baha bermek bilen, özygtyýarly ösüşiň her gününiň, her aýynyň taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady, medeni wakalara beslenendigini uly ynam bilen aýdyp bileris.

 Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny öz halkynyň erk-islegine, arzuw-maksadyna laýyk guramagy başardy. Ýurdumyzda başy başlanan beýik özgertmeler halkara derejede ykrar edilen Milli Lideriň häzirki zamanyň görnükli döwlet ýolbaşçysyna mahsus bolan pähim-paýhasyny we öňdengörüjiligini tutuş dünýä açyp görkezdi. Türkmenistany senagat taýdan ösdürmek, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny daşarky bazarlara çykarmak, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň kosmosy özleşdirýän döwletleriň hataryna goşulmagy, obadyr şäherleriň keşbiniň tanalmaz derejede özgermegi, paýtagtymyzyň dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülmegi, geljegiň, ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy — bularyň hemmesiniň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli aladalary bardyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. 

Garaşsyzlyk bize ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berdi. Şu döwürde demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň berk binýady tutuldy. Halkymyzyň aňynda, medeni hem-de ruhy durmuşynda uly öwrülişikler bolup, düýp göter täze jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ulgamy kemala geldi. Döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän ynsanperwer däplerini dikeltmäge mümkinçilik berdi. Şu geçen ýyllarda ýurdumyzda azyk garaşsyzlygy we howpsuzlygy üpjün edildi, kämil döwlet dolandyryş edaralary döredildi. Döwlet, jemgyýetçilik durmuşyna demokratik ýörelgeler tapgyrma-tapgyr ornaşdyryldy. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzda şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýetliligi baradaky milli däpleri döwrebap derejede dowam etdirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda demokratik ýörelgelere täzeden itergi berildi. Halk häkimiýetliliginiň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk ulgamynda amala aşyrylan konstitusion özgertmeleriň netijesinde bir palataly parlamentiň döredilmegi adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygynyň döwlet tarapyndan kepillendirilmegini, jemgyýetiň ähli ugurlarynda demokratiýanyň, halk häkimiýetliliginiň ösdürilmeginiň üpjün edilmegi türkmen döwletiniň ähli taraplaýyn ösüşlere tarap ynamly gadam urýandygyny alamatlandyrýar. 

Ilatyň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň döwleti dolandyrmak işine işjeň gatnaşmaklarynyň kepillendirilmegi ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işiniň dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirilmegine hem giň mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Maslahatda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler bilen bir hatarda, özygtyýarly ösüşiň 32 ýylynyň içinde gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy, mejlisi geçirmegiň senesi kesgitlenildi. Şeýle-de Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibi tassyklanyldy. Hormatly Arkadagymyz degişli resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň Düzgünnamasyny hem-de onuň düzümini tassyklamak hakynda resminamalara gol çekmek bilen, umumy halk forumyny ýokary guramaçylykly geçirmek bilen bagly işlere badalga berdi. 

Islendik döwletiň durnukly we sazlaşykly ösüşiniň ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nazara almak bilen, ýurdumyzda bu möhüm ugurlarda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Asylly däbe görä, şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde hem Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda birnäçe täze bilim edaralary, şol sanda çagalar baglary, umumy bilim berýän orta mekdepler we okuw-terbiýeçilik toplumlary açylyp ulanmaga berildi, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň döwrebap binalar toplumynyň, Mary şäherinde Döwlet energetika institutynyň çäginde täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň we aýlawly ýolda monumentiň düýbüni tutmak dabaralary geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna, şeýle-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabaralaryna gatnaşmagy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaş nesillerde türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza sarpa goýmagy, Watanymyza, merdana halkymyza wepalylygy we watansöýüjiligi terbiýelemäge bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçmegi ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabarasyny hasda artdyrdy. 

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna sebitde we atly sport boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ilkinji halkara akademiýa bolan Halkara atçylyk akademiýasynyň Türkmenistanda döredilendigi üçin Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamasynyň, şeýle hem Aziýa atly sport federasiýasynyň «Sebitde atly sport boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleri we amatlyklary bolan halkara akademiýa» atly şahadatnamasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «DUISBURG ESSEN» uniwersitetiniň «Iň gowy binagärlik» şahadatnamasynyň, şol ýurduň Fraungofer Energetika ykdysadyýeti we energetika ulgamy tehnologiýasy institutynyň durnuklylyk we öňdebaryjy tehnologiýa baradaky şahadatnamasynyň, ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna goşulan umumy bilim berýän orta mekdepleriň birnäçesine degişli şahadatnamalaryň gowşurylmagy ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, şu ýylyň iýun aýynda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň tassyklanmagy» häzirki zaman jemgyýetinde ýaş türkmenistanlylaryň tutýan ornuny berkitmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň biri boldy. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna resmi taýdan kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny giňeltmekde bitirýän hyzmatlarynyň nobatdaky ykrarnamasy boldy. Şu ýylda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň mejlisiniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ÝUNESKO-nyň şanly seneler sanawyna goşmak barada teklibiň goldanylmagy, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasynyň uly üstünliklere beslenýändigini görkezýär. 

Ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak milli parlamentiň esasy wezipeleriniň biridir. Ýaşlar syýasaty bilen baglanyşykly kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler täze taryhy döwürde yzygiderli dowam etdirilýär. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmeginiň ägirt uly ähmiýeti bardyr. Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä laýyklykda, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler türkmen halkynyň parahat we abadan durmuşda ýaşamagyny gazanmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň baş wezipesi hem halk baradaky aladadyr. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ylmy-tejribe taýdan esaslandyrylan taglymatyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bu işleriň üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär. 

Şu ýylyň mart aýynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm çäre bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi. Açyklyk we aýanlyk, giň bäsdeşlik, demokratik ýörelgeler esasynda geçen saýlawlar halkymyzyň tutuş taryhynyň dowamynda ygrarly bolan halk häkimiýetlilik däplerini ösdürmegiň ýolunda täze ädim boldy. Mejlisiň täze düzüminde ýurdumyzda hereket edýän üç partiýanyň - Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Agrar partiýanyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň wekilleri bar. Mejlisiň düzümine saýlanan 125 deputatyň 32-si, ýagny deputatlaryň umumy sanynyň 26 göterimi zenanlar, 40 göterimine golaýy bolsa 40 ýaşa çenli bolan ýaşlardyr. Munuň özi ýaşlaryň we zenanlaryň türkmen jemgyýetinde tutýan ornunyň barha artýandygynyň güwäsidir. 

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen mähriban halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Mejlisiniň täze düzüminiň deputatlarynyň döredijilikli işlemekleri we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda şu ýyl Aşgabatda Mejlisiň deputatlary üçin ýaşaýyş jaýynyň gurlup ulanmaga berilmegi muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Häzirki wagtda halkyň saýlan wekilleri ýurdumyzy 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň kanunçylyk binýadyny üpjün etmek boýunça wajyp meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşýarlar. 

Şu günki günde adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, ykdysadyýeti, durmuş syýasaty ulgamyny, ylym, bilim, medeniýet hem-de ýaşlar syýasatynydyr sanly ulgamy, daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we oba senagat toplumy, Türkmenistanyň daşary syýasy işi, ýerli wekilçilikli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, saýlaw ulgamy ýaly ugurlarda kanunçylygy, onuň kadalaryny kämilleşdirmäge aýratyn orun berilýär. Döwrüň ruhuna laýyk gelýän kanun taslamalaryny taýýarlamak, milli kanunçykaryjylyk işini täze derejä çykarmak esasy wezipe bolup durýar. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň birinji maslahatynda, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 20-nji aprelinde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde goýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. 

Ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda», «Türk men halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunlary, «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda», «Brýussel şäherinde kabul edilen we Üýtgetme girizmek baradaky Teswirnama arkaly üýtgetme girizilen Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamy hakyndaky halkara Konwensiýa goşulmak hakynda», «Arkadag şäheri hakynda», «Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda kabul edilýän kanunlar ýurdumyzyň raýatlarynyň syýasy, ykdysady we durmuş hukuklarynyň iş ýüzünde üpjün edilmegine, her bir adamyň ýaşamaga, azat ömür sürmäge, maşgala gurmaga, ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga, işlemäge, dynç almaga, bilim almaga, ylym bilen meşgullanmaga bolan hukuklarynyň amala aşyrylmagy üçin giň şertleri döredýär. 

Ýurdumyzyň hukuk ulgamyny kämilleşdirmekde öňe sürülýän esasy maksat döwletiň we jemgyýetiň, her bir şahsyýetiň bähbitleriniň sazlaşygyna gönükdirilen kanunlary işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän syýasatyň baş maksady ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmekde, kanun çykaryjylygyň iň oňat dünýä tejribesini milli kanunçylyga ornaşdyrmakda, zerur çözgütler esasynda jemgyýetçilik we döwlet durmuşy bilen dahylly meselelerde ýardam bermekde, durnukly syýasy institutlary döretmekde jemlenýär. 

Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen iki taraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bilelikdäki iri halkara taslamalar, oňyn başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň halkara resminamalara goşulmagy we halkara hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň berkidilmegi, ilkinji nobatda, ähli gyzyklanýan taraplar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýär. Türkmenistanyň Mejlisi Parlamentara Bileleşigiň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň doly hukukly agzasy bolup durýar. Parlament diplomatiýasy ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine we Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň degişli Konsepsiýasyna laýyklykda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ol daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda gatnaşyklary ýola goýmak, halkara parlamentara guramalaryň we assambleýalaryň işine gatnaşmak, parlamentara dostluk toparlaryny döretmek, bilelikdäki parlament çärelerini guramak arkaly amala aşyrylýar. Munuň özi Bitarap döwletimiziň halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmakda, olaryň durmuşa geçirilmegini goldamakda möhüm gural bolup durýar. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog – parahatçylygyň  kepili» atly täze filosofiýasynyň işjeň ilerledilýändigini nygtamak zerurdyr. 

Türkmenistanyň Mejlisinde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmak, dünýä jemgyýetçiligini döwletimiziň içeri we daşary syýasaty, dürli ugurlarda gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak, kanun çykaryjylyk işiniň öňdebaryjy tejribesini alyşmak maksady bilen döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň 48-si niň hereket edýändigini bellemek gerek. Mundan başga-da, deputatlar parlamentara forumlara gatnaşyp, beýleki döwletlerdäki kärdeşlerine ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasy we ykdysady özgertmeler barada dogry we anyk maglumatlary berýärler, häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça ýurdumyzyň garaýyşlary bilen tanyşdyrýarlar. 

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynda parlament diplomatiýasyny ösdürmegiň wezipeleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy parlamentara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegiň berk binýadynyň döredilýändigini görkezdi. Türkmen paýtagtynda hemişelik esasda hereket edýän meýdança hökmünde forumyň Sekretariatyny döretmek baradaky ylalaşygyň gazanylmagy, Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanda «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň geçirilmegi, onuň Jemleýji resminamasynyň kabul edilmegi bu ugurdaky gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2023-nji ýylda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde «ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly Merkezi Aziýa sebitleýin maslahatynyň geçirilmegi bu işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolýandygyny görkezdi. Şeýle-de parlamentara diplomatiýanyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak maksady bilen, dünýä ýurtlarynyň parlamentarileriniň arasynda duşuşyklar we geňeşmeler geçirilýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň sanly ulgam arkaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň «Ýaş parlamentariler - Arkalaşygyň geljegine garaýyş» atly şygar astynda geçen Ýaşlar parlamentara forumyna gatnaşmagy we çykyş etmegi parlamentarileriň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, oňyn döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin täze syýasy-hukuk binýadynyň döredilmegine ýardam berdi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça 2020-nji ýylyň dekabrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy döredildi. 2021-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirildi. Türkmenistan 2022-nji ýylda bu dialogda başlyklyk etdi we onuň çäklerinde birnäçe çäreler geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlarynyň dialogynyň Jarnamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi ýurdumyzyň bu ugurda alyp barýan işjeň tagallalarynyň beýanydyr. 

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bellenilip geçilýän şu ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary beýan ediler. Ýurdumyzyň täze başlangyçlary syýasy-diplomatik, energetika, ekologiýa we ynsanperwer häsiýetli meseleleri öz içine alýan ählumumy ösüşiň binýatlaýyn ugurlary boýunça netijeli dialogy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir. Şoňa görä-de, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň işini giňeltmek maksady bilen, türkmen tarapy bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek başlangyçlary bilen çykyş edýär. BMG-niň degişli edaralary bilen «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça zenanlaryň dialogynyň yzygiderli esasdaky geňeşmeleriniň gurallaryny döretmek, sebitara hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, maglumat we tejribe alyşmak üçin meýdançany döretmek, bilelikdäki çäreleridir forumlary geçirmek teklip edilýär. Sebitiň ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasyndaky köp taraplaýyn dialogyň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, şu ýyl Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň esaslandyryjy mejlisini geçirmek teklip edilýär. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde köp taraplaýyn hem-de iki taraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklaýar. 

 

D.GULMANOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy.

12.09.2023 Giňişleýin

MILLI DEMOKRATIÝANYŇ AÝDYŇ ÝOLY

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döwrün­de ýur­du­myz ösüş­le­riň be­lent sep­git­le­ri­ne ta­rap ynam­ly öňe bar­ýar. Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da giň möç­ber­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Bu öz­gert­me­ler hal­ky­my­zyň aba­dan, asu­da ýa­şa­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir. Şu jä­het­den, öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler, gel­je­gi na­zar­la­ýan mak­sat­lar has-da uly, has-da mö­hüm. Il bäh­bit­li iş­le­riň amal edil­me­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty wa­jyp or­na eýe­dir. Çün­ki döw­le­tiň iň mö­hüm me­se­le­le­ri Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­lis­le­rin­de mas­la­hat­la­şyl­ýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän döwlet syýasatymyzda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni taýdan kuwwatlanmagy, halkymyzyň eşretli, erkana durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan işler bimöçberdir. Bu ajaýyp özgertmeler Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan beýik işleriň miwesidir. 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalara beslenýändigini buýsançly bellemelidiris. Şu ýylyň 18-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi, onuň geçiriljek senesi kesgitlenildi hem-de düzümi tassyklanyldy. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäklerinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijileriniň içgin seljerilmelidigini belläp, Milli Liderimiz bu babatda aýratyn möhüm hasaplanýan esasy ugurlara ünsi çekdi. Şunda, ilkinji nobatda, şu günüň derwaýys meseleleriniň oňyn çözgütlerini tapmak, ýaşlara bilim bermegiň, hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullaryny ornaşdyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň ösüşini ilerletmek, oba özgertmelerini işjeň häsiýetde alyp barmak, daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak baradaky hasabatlary seljermek, aýdyň ösüşleri ýola goýjak täze teklipleri hödürlemek derwaýys işleriň biri bolup durýar. 

Halkymyzda «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen nakyl bar. Türkmençilikde her bir ediljek iş köpi gören, pähim-paýhasyň gönezligi bolan ýaşululara geňeşilipdir. Ýokarda agzalan mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi bilen bagly Karara gol çekmegi hem milli däplerimiziň dabaralanmasydyr. Munuň özi, ilkinji nobatda, ýaşululara aýratyn sarpa goýulýandygynyň, halkyň jebisligini pugtalandyrmakda hem-de döwlet ähmiýetli meseleleri parasatlylyk bilen, maslahatlaşyp çözmekde olaryň baý zähmet we durmuş tejribesine daýanylýandygynyň aýdyň güwäsidir. 

Uly toýuň — ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda il-günümiziň, halkymyzyň durmuşyna oňyn täsirini ýetirjek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Biz — Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary hem döwletimiziň barha ösmegine we kuwwatlanmagyna itergi berjek bu möhüm jemgyýetçilik wakany wagyz-nesihat etmäge mynasyp goşandymyzy goşarys. 

Halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun! 

 

Maral GARAGULOWA,

 Baýramaly etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň 

mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

12.09.2023 Giňişleýin

DURMUŞ GORAGLYLYGYNYŇ KANUNÇYLYK JÄHETLERI

Ýurdumyzda raýatlaryň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrýan özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Durmuş özgertmelerini döwrüň talabyna laýyk getirmek maksady bilen, milli parlament tarapyndan hem birnäçe möhüm işler amala aşyrylýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde durmuş goraglylygyna degişli birnäçe kanunçylyk namalary kabul edildi. Hereket edýänleri kämilleşdirildi. Raýatlaryň pensiýa, aýratyn toparlaryň döwlet kömek pullary bilen üpjünçiliginiň, şeýle hem weteranlaryň we maýyplygy bolan adamlaryň durmuş taýdan goralmagynyň döwlet kepillikleri Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksinde öz beýanyny tapýar. 

Ka­nun­çy­lyk namalarynyň taslamalary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň teklipleri esasynda, şeýle hem daşary ýurt tejribesi öwrenilip, Türkmenistanyň goşulyşan halkara konwensiýalarynyň düzgünleri göz öňünde tutulyp, işlenip düzülýär. Häzirki wagta çenli durmuş ulgamyna degişli kanunçylyk namalaryna birnäçe gezek döwrebap üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksinden başga-da, raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün edýän kanunçylyk namalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksini, Maşgala kodeksini, Zähmet kodeksini, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda, Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda, Durmuş hyzmatlary hakynda, Hossarlyk we howandarlyk hakynda, Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda Kanunlaryny görkezmek bolar. Şu we beýleki kanunçylyk namalary bilen zähmete ukypsyzlara, maýyplarа, çagaly maşgalalarа we beýleki adamlarа pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölenmegi hem-de durmuş ýeňillikleriniň berilmegi görnüşinde maddy üpjünçilik we durmuş hyzmatlary, iş we ýaşaýyş jaý üpjünçiligi amala aşyrylýar. 

Durmuş goraglylygy hakynda aýdylanda, köp çagaly maşgalalaryň döwlet tarapyndan goldanylmagy barada aýratyn gürrüň edesiň gelýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz her ýylky mejlislerde bu babatda kanunçylygyň kämilleşdirilip durulmagynyň wajypdygyny aýdýar. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine we «Ene mähri» diýen hormatly adyň Düzgünnamasyna köp çagaly eneleri goldamak boýunça birnäçe täze kadalar girizildi. Olara laýyklykda, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň möçberi ýokarlandyryldy. Suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan peýdalanmakda ýeňillikler göz öňünde tutuldy. 

Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksine laýyklykda, ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak babatda döwlet goldawyna mätäç raýatlaryň toparyna dört we şondan köp çagasy bolan adamlar girýär. Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli ýaşaýyş jaýyny ilkinji nobatda almaga hukuk Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylan enelere, dört we şondan-da köp çagaly maşgalalara degişli edilýär. Halkara tejribede köp çagaly maşgala diýip, üç we şondan köp, käbir ýurtlarda dört we şondan köp kämillik ýaşyna ýetmedik çaga bolan maşgala düşünilýär. 

Ilaty durmuş taýdan goramak kodeksine laýyklykda, çagalaryň sanyna görä aýal maşgalalara hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygyny hasaba almak bilen, ýaşy boýunça pensiýa hukuk berilýär. Mysal üçin, üç çaga dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren aýal maşgalalara 56 ýaş, dört çaga dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren aýal maşgalalara 55 ýaş, bäş, alty, ýedi çagany dogran ýa-da çagalygyndan maýyp çagasy bolan we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren aýal maşgalalara 54 ýaş, sekiz we şondan köp çagany dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren aýal maşgalalara 52 ýaş göz öňünde tutulan. 

«Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kämillik ýaşyna ýetmedik dört we şondan köp çagaly, ätiýaçlykda bolýan erkek raýatlaryň harby ýygnanyşyklardan boşadylmagy baradaky kada berkidilendir. Sekiz çagadan az bolmadyk köp çagaly maşgalalara degişli çagalaryň giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet hünär bilimi edaralaryna bäsleşiksiz kabul edilýändigi baradaky kada hem «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen düzgünleşdirilýär. Umumy bilim berýän edaralaryň köp çagaly we kömege mätäç maşgalalarda ýaşaýan okuwçy ýaşlary goldamak «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda öz beýanyny tapýar. 

Köp çagaly maşgalalara ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda-da döwlet kepillikleri berilýär. Kanunçylyga görä ýetim, ata-enesiniň hossarlygyndan galan çagalara, köp çagaly maşgalalara, maýyplygy bolanlara, zähmete ukypsyzlara we beýlekilere zerur durmuş goragyny we goldawyny amala aşyrmak maksady bilen, haýyr-sahawat işi geçirilip bilner. Hemmämize mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy netijeli işleri alyp barýar. Gazna tarapyndan howandarlyga mätäçlere lukmançylyk edaralarynda zerur operasiýalary geçirmek üçin yzygiderli pul serişdeleri bölünip berilýär. Gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşi dürli meseleleri netijeli çözmäge hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Bu Gahryman Arkadagymyzyň çagalary hemmetaraplaýyn alada we mähir bilen gurşap almak baradaky asylly ýörelgeden ugur alyp, olaryň abadan hem-de bagtyýar durmuşyna gönükdirilen tagallalarynyň netijesi bolup durýar. 

Durmuş goraglylygy çygrynda halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Hukuk ulgamynda kabul edilen «Durmuş hyzmatlary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary, şol sanda Çagalar gaznasy, Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy bilen alyp barýan ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň, kabul edilýän bilelikdäki maksatnamalaryň esasynda hereket edýän kanunçylyk namalary kämilleşdirilip, täze kanunlar kabul edilýär. Olaryň hatarynda Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek baradaky bilelikdäki maksatnamany görkezmek bolar. Onuň esasynda «Durmuş hyzmatlary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, häzirki wagtda ol üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

Köp çagaly maşgalalar döwletiň we hökümetiň hemişe üns merkezinde bolup, olaryň we beýleki raýatlarymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olara yzygiderli goldaw bermek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlar bilen geçen umumy sapagynda şeýle belledi: «Haýsy ýokary döwlet wezipesinde işlesem-de, meniň ähli oý-pikirlerim halkym bilen baglydyr. Men ömrümiň manysyny watandaşlarymyzyň asuda, bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmekde, mähriban halkyma gulluk etmekde görýärin». Ykbalyny halkyna bagyşlap iş tutýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tutumly işleri kalplary tükenmez buýsanja, alkyş-hoşallyga besleýär. 

 

Gurbangül BERKELIÝEWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni

09.09.2023 Giňişleýin

NETIJELI GÖRKEZIJILER

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 14­-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem ýurdumyzda Prezident maksatnamasynyň hem­-de Türkmenistanyň durmuş-­ykdysady ösüşiniň beýleki maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda gazanylýan ösüşleriň belent sepgitleri barada aýdyldy. 

2022­-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberiniň 24,6 göterim artandygy we jemi içerki önümiň 16 göterimine deň bolandygy bellenildi. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,4 göterimi önümçilik, 50,6 göterimi durmuş we medeni maksatl binalaryň gurluşygyna gönükdirilendigini görmek bolýar. Geçen ýylyň dekabr aýynda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdan tutma ýazuwy geçirildi. Onuň netijeleri boýunça 2022-­nji ýylyň 17-­nji dekabry ýagdaýyna görä, ýaşaýyş jaýlarynyň sany 1 million 344 müň 268-­e deň bolup, 13,6 göterim, olaryň umumy meýdanynyň 165 million 167 müň 523 inedördül metr, ýagny 24,5 göterim artandygy anyklanyldy. 

Dur­muş işi bo­ýun­ça hü­när­me­niň işi­ni or­naş­dyr­ma­gy sy­nag et­mek üçin ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň de­giş­li şä­her­le­ri we et­rap­la­ry saý­la­nyp alyn­dy. Bu et­rap­lar­da we şä­her­ler­de dur­muş işi bo­ýun­ça 45 sa­ny hü­när­men ­işe alnyp, ola­ryň aý­lyk zäh­met hak­la­ry döwlet býu­je­ti­niň ha­sa­by­na ma­li­ýe­leş­di­ril­di.

Milli derejede meýilnamalaýyn ýerine ýetirilýän çäreleriň hatarynda durmuş taýdan hyzmat edýän edaralaryň we guramalaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ilatyň durmuş taýdan goldawa mätäçlik çekýän gatlagyna edilýän hyzmatlaryň gerimi giňeldilýär. Olary maddy taýdan berkitmek boýunça çäreler döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. 

Ýurdumyzda ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynda adamlaryň mynasyp ýaşaýşy babatynda netijeli durmuş goldawyny we onuň hukuk kepilliklerini döretmäge gönükdirilen çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Olaryň hatarynda çagalaryň saglygyny berkitmekde, aýratyn hemaýata mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmekde alnyp barylýan işler hem­-de täze gurlup, ulanmaga berilýän hassahanalaryň şertleri we amatlyklary aýratyn ünsde saklanylýar. Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-­dikeldiş merkeziniň edara binasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-­sahawat gaznasynyň ştab­kwartirasy ýerleşýär. Gaznanyň işiniň baş maksady ene­-atasyndan jyda düşen, ýörite durmuş goldawyna mätäç ýaşajyk raýatlarymyz baradaky aladadyr. Tutuş ýurt derejesinde şeýle sahawatly işleri amal etmekde bu gazna goldawa mätäç çagalaryň bagtly geljegini kepillendirýän esasy serişde çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bu asylly işler döwlet derejesinde dowam etdirilip, onda hormatly ýaşulularymyzyň milli däplerimize, ýörelgelerimize esaslanýan garaýyşlaryna, maslahatlaryna aýratyn ähmiýet berilýär. 

Hoşmeýillilik, ynsanperwerlik we agzybirlik halkymyzyň we jemgyýetimiziň durmuş kadasy we bagtyýarlygynyň girewi bolup durýar. Eziz Watana, halka hyzmat etmek we her bir maşgalanyň abadançylygyny gazanmak halkymyzyň müňýyllyklardan gaýdýan parasatly ýörelgeleridir. Halkymyz, ylaýta­da, ýaşlar üçin okamaga, öwrenmäge, saglygyny berkitmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň hem­-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwletimiziň şan­-şöhraty has-­da belende galsyn!

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni.

09.09.2023 Giňişleýin

Arkadag — bagtyň hem söýginiň şäheri

«Akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp gurlan, sebitde deňsiz­ taýsyz Arkadag şäheri bilen tanyşlygymyzyň «Bagt köşgi» toý­ dabaralar merkezinden başlanmagy ýöne ýerden däl. Çünki ýaşamak, okamak, işlemek üçin ähli amatlyklar we şertler döredilen ýaşlaryň hem geljegiň şäherinde bagt hem söýgi gaýnap joşýar. Şäheriň ajaýyp ýerinde, tanymal sahna ussadymyz Sabyr Ataýewanyň adyny göterýän köçäniň ugrunda ýerleşýän Arkadag şäheriniň häkimliginiň «Bagt köşgi» toý­ dabaralar merkezi bolsa durmuşa gadam basýan ýaşlary söýginiň hem bagtyň ak ýollaryna atarýar. Päk söýgüden öý-­ojak, maşgala döräp, nesil daragty gol ýaýýar, dowamata­-dowam bolýar. Arkadag şäheriniň häkimliginiň «Bagt köşgi» toý­-dabaralar merkeziniň direktory, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ogulmaral HOJAÝEWA bilen söhbetdeşligimiz hem şol mukaddeslikler dogrusynda boldy.

— Ogulmaral, halkymyzda täze jaýa göçülip barlanda: «Ýurduňyz garşy alsyn!» diýilýär. Tüweleme, size­-de gojaman Köpetdagyň eteginde kemala gelen ak şäherden köşk ýaly ajaýyp binada işlemek bagty miýesser etdi. Biziň üçin iş ýerimiz ikinji öýümiz ýaly. Şonuň üçin size: «Ýurduňyz garşy alsyn!» diýýäris. 

— Sag boluň. Düýşde görlende ynanyljak hakykatmy bu. Heniz görlüp-­eşidilmedik täsin şähere gelip, ertekiler dünýäsine düşen ýaly bolduk. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň, «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän Arkadagly Serdarymyzyň türkmen halkynyň bol elin durmuşy, bagtyýar ýaşaýşy baradaky taýsyz tagallalarynyň miwesi. Ak şäheriň milli binagärligimiziň nusgalyk keşbi siňdirilen medeni-­durmuş, saglyk maksatly desgalary, ylym­-bilim ojaklary, dynç alyş seýilgähleri, «akylly» öý hyzmatlary ornaşdyrylan döwrebap ýaşaýyş jaýlary halkymyzyň hyzmatynda. «Bagt köşgi» toý­-dabaralar merkezi hem halkymyzyň toý tutmak, nika baglaşmak dabaralaryny ýokary derejede, döwrebap röwüşde geçirmek maksady bilen gurlan ajaýyp binalaryň biri. Üns beren bolsaňyz, binanyň daş keşbinde gelin­-gyzlarymyzyň bezegi bolan milli şaý-­seplerimizden owadan gülýakanyň şekili bardyr. Merkeziň içki bezeglerinde hem millilige aýratyn üns berlipdir, ýagny diwarlaryň ýüzüne milli şaý-­seplerimiziň şekilleri çekilipdir. Haly gölli tutular, toý dabaralaryndan alnan suratlar ol bezegleriň üstüni ýetirip, merkeze aýratyn görk berýär. Umumy meýdany 3,96 gektar bolan merkezde milli bezegler, owadan öwüşginli çyralar bilen bezelen 500 we 200 orunlyk toý zallary bar. Milli lybaslaryň we şaý­-sepleriň dükanlary, gözellik salonlary, dellekhanalar, surata düşmek, toý dabarasyndan ýadygärlik wideo ýazgylaryny we fotoalbomlary taýýarlamak üçin studiýalar işleýär. Bu merkezde ilkinji bolup toý tutmak, nika baglaşmak bagty Gökdepe etrabynyň Ahal obasynyň ýaşaýjylary Arslan Agageldiýew bilen Aýjeren Atagylyjowanyň paýyna düşdi. Ýaş çatynjalar özlerini iň bagtyýar maşgala saýyp bilerler. Çünki Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda täze şäherde ilkinji bolup nika toýuny tutmak bagtlylykdan nyşan.

— Maşgala diýmek, kiçijik döwlet diýmekdir. Çünki maşgalanyň hem öz gurluşy, tutumy, maksady bar. Ondan dörän nesillerden täze maşgala kemala gelýär. Täze maşgala bolsa hemme zady täzeden başlamaly bolýar. Söhbedimizi maşgala mukaddesligi baradaky pikirleriňiz bilen dowam etdirsek. 

— «Döwlet maşgaladan başlanýar» diýilýär. Maşgala döwletimiziň goşa ganaty, esasy sütünleriniň biri. Döwletiň, jemgyýetiň ösüşi maşgalanyň abadançylygy bilen ölçenilýär. Bagtyýar maşgalalaryň sany köpeldigiçe, döwletiň ösüşi hem artmak bilendir. Ol döwletiň ykdysady, bilim, ruhy we maddy derejesiniň görkezijisidir. Garaşsyz Watanymyzda türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň öýi hasaplanýar. Halkymyz maşgalany mukaddeslik saýyp, saçak, ojak bilen deňeýär. Ýurdumyzda maşgala mukaddesligine uly sarpa goýulýar we ol hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alynýar. Ýurdumyzda täze maşgala gurýan ýaş çatynjalara öý goşlaryny, hojalyk harytlaryny satyn almaga ýardam bermek üçin ýeňillikli karz pullary berilýär. Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaşlary 3 ýyllyk möhlet bilen 1 göterime 20 müň manada çenli karz pul alyp bilýärler. Bu ýaş maşgala üçin uly kömek. 

— Ogulmaral, edeplilik, asyllylyk, wepalylyk, agzybirlik, zähmetsöýerlik türkmen maşgalasyna mahsus ýörelgeler. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty hökmünde şol asylly ýörelgelerimiziň milli kanunçylyk ulgamyndaky beýany barada hem durup geçseňiz!

 — Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýilýär. Şu jähetden, adam baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy orunda durýar. Garaşsyz Watanymyz ähli babatda dünýäde adam hakda bimöçber alada edýän ýurt hökmünde tanalýar. Türkmenistanyň milli kanunçylyk ulgamy ata-babalarymyzdan dowam bolup gelýän däp-­dessurlar, edim­-gylymlar, urp-­adatlar esasynda düzülip, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmekden ybaratdyr. Döwlet berkararlygymyzyň binýadyny berkidýän milli kanunçylygymyzyň ösüşinde aýal-­gyzlaryň erkekler bilen deň derejede hukuklarynyň, azatlyklarynyň we olary durmuşa geçirmekde deň mümkinçilikleriň üpjün edilmegi ileri tutulýar. Ýurdumyzda eneler we çagalar, maşgala gymmatlyklaryny, hukuklaryny gorap saklamak babatda kanunçylyk ulgamy barha kämilleşdirilýär. Olaryň saglygyny goramaga, köp çagaly maşgalalara ýardam bermäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Zenanlaryň ýokary jemgyýetçilik­ syýasy mertebä eýe bolmagy, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna deň derejede işjeň gatnaşmagy, kemally nesilleri terbiýelemegi üçin oňaýly şertleriň üpjün edilmegini nazarlaýan kadalar Esasy Kanunymyzda hem-­de Maşgala kodeksinde berkidilendir. «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 - 2025­-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» tassyklanylmagy, ýurdumyzyň BMG-­niň gender deňligi hem­-de aýal­-gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň düzümine birnäçe gezek saýlanmagy aýal-­gyzlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-­syýasy, durmuş­ykdysady we medeni­-ynsanperwer durmuşyna işjeň gatnaşýandyklaryny alamatlandyrýar. Bu gün türkmen zenanlary özlerini iň bagtyýar ynsanlar hasaplaýarlar. Dünýä halklary olaryň başarjaňlygyna, ugurtapyjylygyna, zähmet söýerligine, wepalylygyna, çeper el hünärine aýratyn uly baha berýärler. Nesil terbiýesinde mährem enelerimiz milli jemgyýetimizde ähli döwürlerde-­de esasy orny eýeläpdirler. Bu babatdan, Gahryman Arkadagymyzyň eziz käbesi Ogulabat ejäniň manyly ömür we durmuş ýoly, baý terbiýeçilik mekdebi her birimiz üçin nusgalykdyr. Türkmeniň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Arkadag şäherinde gurlan binalarda zenanlarymyzyň öňküden­-de yhlasly zähmet çekmekleri, sagdyn bedenli, belent ruhly nesilleri kemala getirmekleri üçin aňrybaş şertler döredilen. Bize şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys.

08.09.2023 Giňişleýin